11:59 Seret, Gazagystana, gör, halyny! | |
SERET GAZAGYSTANA, GÖR, HALYNY!
Publisistika
Gazagystanda bahalaryñ gymmatlamagyndan, korrupsiýadan, ýeke-täk adamyñ hökmürowanlygyndan bizar-peteñi çykan halk köçelere döküldi. Biziñ teleýaýlymlarymyzda "lakgy topar" Gazagystandaky halk nägileligine "daşarky güýçler küşgürýär" diýip başladylar. Adanada boş gürleýän, patarraky otarýan kişä "lakgyldamañy goý" (“bırak mavrayı”) diýilýär. Lakgyldylary gysyp bolmaz. Goý, lakgylaram gürlesin. Islän diñlesin. Islän filtrlesin. Seret, Gazagystana! Gör, halyny. Ekrem Haýri Peker - himiýa inženeri. Ol şol bir wagtyñ özünde anyk barlaglara esaslanýan kitaplary-da ýazýar. "Özbek hatlary" (“Özbek Mektupları”), "Anadoludan Kawkaza çenli Zekeriýa ependi" (“Anadolu'dan Kafkasya'ya Zekeriya Efendi”), "Ýeşim daşy. Irki türkler we türk taryhyndan parçalar" (“Yeşim Taşı Ön Türkler ve Türk Tarihinden Kesitler”) ýaly kitaplaryñam awtory. Ondan gowrak kitaby bar. Tekstil we konfeksiýa senagaty pudaklary boýunça žurnallarda makalalary çykýar. Gazagystan-Özbegistan -Türküstanda dört ýyl ýaşady. Sebitde himiýa fabrigini gurmaga gatnaşdy. Gazagystanda haý-haýly wakalar ýüze çykdy welin, dört ýyllap syn eden zatlaryny we geçiren seljermelerini jemläp ugratdy. Menem öz gezegimde ony siziñ dykgatyñyza ýetireýin. ★★★ “Añzakly sowuk. Argynlyk. We Gazagystan. Siz 20-30° sowukda gazsyz we toksuz oturyp gördüñizmi? Her gün birnäçe sagatlap buz ýaly öýde, dükanda ýaşamak ýaly kyn ýagdaýa düşdüñizmi? Birem nijeme ýyllap ýeke sesiñ, ýeke partiýanyñ, ýeke adamyñ hökmürowanlygynda dolandyrylyp gördüñizmi? Dünýäde köp seslilik ýaýylýarka, diñe senzuradan eleginden geçen žurnallara we birmeñzeş sözbaşylar bilen çykýan gazetlere idin berilýän hem-de döwlet girdejileriniñ az sanly toparyñ jübüsine akýan ýurduñ raýaty bolduñyzmy? Nämüçin şu üç sorag? Gazagystan bulaşdy we adatça bolşy ýaly daşarky güýçler bahana edildi. Hamana ýokarda sanan sebäplerim ýok ýaly. Adamlar jennetde ýaşap ýörkä, bulagaýlar gelip halka meçew berenmiş we imisala oturan halk köçä dökülenmiş. 2007-2008-nji ýylyñ gyşynda Özbegistanyñ Fergana jülgesinde zawod gurýardyk. Şondan bir ýyl öñ himiki önümleri satmak üçin sebite gelipdim. Bir söwda nokadynyñ türk müdiri gyş aýlarynda bäş aýa golaý zawody ýapýandyklaryny, çünki gaz we tok zol kesilip duransoñ, işläp bolmaýandygyny aýdypdy. Sebitde ýaşaýan türk tehnikleri-de gyşda gaz kesilip duransoñ, halkyñ aýaga galandygyny we ýollara dökülendigini aýdýarlardy. Bulary türk başlygymyñ ogluna "goýum howpy" (“yatırım riski”) hökmünde aýdyp berdim. Ol maña "Kiçijik ýerli şärikdeşiñ oblast deputatydygyny, gazyñ we toguñ kepillendirilendigini" aýtdy. Men oña "Ýok zadyñ kepilligini bermeli däldigini" aýtdym. Soñra türkçäni gowy bilýän we bize dilmaçlyk edýän işgäri çagyrdym. Aramyzda şeýle gürrüñ bolup geçdi: - Bärde tok kesilýärmi? - Ýok, agam? - Nirede kesilýär? - Gyşlagda kesilýär. - Biziñ zawodymyz nirede? - Gyşlagda, agam. Ýeke-täk adamyñ, ýeke-täk partiýanyñ häkimiýetinde hiç kim ýaman görünmejek bolup, "kemçilik bar" diýmeýär. Ýokardan aşaklygyna "kemçilik barmy?" diýip soralýar, aşakdan ýokarlygyna-da "ýok, hemme zat gowluk" jogaby gaýdyp gelýär. Kemçilik ýok diýlensoñam, oña çözgüt gözleýänem ýok. Noýabr aýynda işgärlerimiz montaž işlerini taşlap, Türkiýä gaýdyp geldiler. Sebäbi-de şertleriñ pesligi we sowuklygydy. Çünki tok we gaz sagatlap kesilýärdi. Şol sebäpli zawodyñ ýerleşýän ýerine golaýdaky ilatly punktlarda ýaşaýan halk ýollary kesdi, protest çykyşlaryny etdiler. Gazagystanda sapak alara zat kän. Düşünene... Ekrem Haýri Peker.” ★★★ Otuz ýyla golaý wagtlap ýurdy dolandyran ýolbaşçy Nursultan Nazarbaýew 2019-njy ýylda prezidentlik kürsüsinden aýryldy. Ýerine onuñ öz adamy Kasym-Jomart Tokaýew saýlandy. Gazagystanda şondan üç gün öñ "bahalaryñ gymmatlamagyna nägilelik bildirip" köçeler dolansoñ we adam pidalary ýüze çykansoñ, K.Tokaýew demonstrasiýaçylary "terrorist" yglan etdi we "duýdurmazdan ot açma" buýrugyny berdi. Gazagystan! Tebigy baýlyklara baý mekan. Halk köpçüligi garyp. Az sanly topar baý. Soragsyz-sowalsyz, habar-hatyrsyz. Ýeke söz bilen ýöredilýär. Düýpli korrupsiýa bar. Seret, Gazagystana! Gör, halyny. • TARYH BILEN REPORTAŽ (Undaññaçlyga garşy derman) Deñizde tupan! Portda talañ! Port işletmegiñ esasy işi: gelýän-gidýän gämiler we ýükler. Porty döwletiñ eýeçiliginde bolup, girdejilerinem döwlet toplaýar. Port işletme ygtyýarlygy bu häkimiýet döwründe çaltlyk bilen hususy eýeçilige satyldy. Häkimiýet döwletiñ port işletme ygtyýarlygyny nagt pula satyp, aslynda daşarky bergini köpeltdi. On sekiz döwlet portunyñ iş ygtyýarlygyny alan şereketler daşardan bergi edip, iş hukugyny edinendigi üçin bu aslynda "daşardan gelen pul bilen bergä batma" ýoly boldy. On sekiz portuñ iş ygtyýarlygynyñ iñ ir tamamlanýany 2027-nji ýylda, ýagny ýene bäş ýyl bar. Muña garamazdan şertnamalaryñ 49 ýyllygyna uzaldylmagy üçin nämüçin häzirden herekete geçildi? Soralýar, jogap berýär. Walýuta gutardy! Deñizde tupan! Portda talañ! Nejati DOGRU. "SÖZCÜ" gazeti, 09.01.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |