23:39 Serkerde Oguzhan | |
SERKERDE OGUZHAN
Edebi makalalar
Taryhda serkerde kän, eýsem-de bolsa, harby tärlerini nesillere husga hökmünde galdyran serkerdeler san taýdan köplük edýän däldir. Oguz hanam saýlantgylaryň hataryna girýär. On altynjy asyrlaryň ortalarynda Awanyş hanyň kiçi ogly Aly soltan Ürgenje han bolýar. Horasanyň bir bölegi, şol sanda häzirki Durun obasynyň töwereklerem onuň garamagynda ekeni. Aly soltanyň höküm süren ýyllary gyzylbaşlar dinastiýasynyň ikinji şasy, ýagny Ysmaýyl Hataýynyň ogly Tahmaspyň döwrüne gabat gelipdir. Abul Gazynyň “Türkleriň nesil daragty” kitabyndaky maglumata görä, Aly soltan hijri ýyl hasabyndan 976-njy ýylda (1568-nji ýyl) kyrk ýaşynda aradan çykýar. Nazar Halymow “Gadymy Ürgenje syýahat” atly işinde: ol ebjet hasabyndan alanyňda 981-nji hijri ýylynda ölüpdir diýýär. Aly soltany Köneürgençde jaýlapdyrlar. Onuň biziň günlerimize çenli saklanan mawzoleýi bar. Bu Ürgenç häkiminiň ady türkmen taryhy bilen bagly. Ol on sekiz ýyl gyzylbaşlaryň garşysyna göreş alyp baran Aba serdara hemaýat beripdir. Ahmet Bekmyradowyň “Andalyp hem oguznamaçylyk däbi” diýen kitabynyň on dokuzynjy sahypasynda şeýle sözler bar: “Ýerligi Nusaýdan bolup, XVI asyrda ýaşan türkmen taryhçysy Salyr Baba Gulaly ogly 1555-1556-njy ýyllarda Ürgenç hany Aly soltanyň tabşyrygy bilen “Taryhy Salyr Baba” ady bilen uly kitap ýazyp, Gündogar halklaryň taryhyny beýan edýän bu işinde “Oguznama” sýužetini-de peýdalanypdyr. Salyr Babanyň destnamasy bize gelip ýetipdir”. Nazar Halymow “Ürgenjiň ýadygärlikleri” ady bilen rus dilinde neşir edilen kitabynda biraz başgarak maglumat berýär: “Soltan Aly nusaýly Salyr baba Gulaly Salyr Haridara taryhçy Reşideddiniň “Ýyl ýaýgylarynyň toplumyny” parsçadan türki diline terjime etmegi tabşyrandygy bilen hem türkmen medeniýetiniň taryhynda bellidir. Onuň tabşyrygy 1555-nji ýylda berjaý edilýär”. Meniň maksadym bu meselede alymlaryň haýsy biriniň taryhy hakykata has golaýdygyny takyklamak däl. Men başga bir ýagdaýa siziň ünsüňizi çekmekçi bolýan. Aly soltan Oguz han babatda nähili zerurlyk duýduka? Aly soltanyň pars dilini gowy bilendigine şübhämiz ýok. Ol türküçe gepleýän raýatlarynyň Oguz han hakynda önjeýli bir zat bilmeklerini isländir. Munuň hem sebäbi bolmaly. Fazlallah Reşideddiniň “Oguznama” kitabyny okap otyryn. Oguz han Hindistany boýun egdirip, öz watany Türküstana gaýdyp gelýärkä, baknalykdan boýun towlan Inalhan bilen garpyşmaly bolýar. Bu söweşiň taryhy gysgaça beýan edilipdir: “Oguz bu ýerde 14 gün boldy. Bu ýurduň patyşasy Inalhan Oguz bilen söweşmek üçin goşun jemledi. Iki goşun garpyşdy. Söweş sekiz güne çekdi, iki tarapdanam ýitgi köp boldy. Ahyry sekizinji gün Oguzyň nökerleri düýeleri öküzler bilen çatyp, goşunyň öňünde hatara düzdüler. Çadyrlary, öýleri, gaýry goşlary-da şol hatara basdylar, päsgelçilige bukulyp duşma- nyň üstüne ok ýagdyryp başladylar.Oguz şeýdip ýeňiş gazandy, Inalhany öldürdi, onuň ýurduny eýeledi”. Muňa Oguz hanyň harby usuly diýse bolar. Hijri ýyl hasabyndan 965-nji ýylda (1557-58 ý) Aba serdar Astrabada çozýar. Tahmasp şanyň permany bilen Bedr hanyň öňbaşçylygynda gyzylbaşlaryň agyr goşuny onuň garşysyna ugradylýar. Aly soltan Aba serdara kömege ýetişýär. Tomus aýynda Gürgen derýasynyň boýunda bolan söweşlerde gyzylbaşlardan üstün çykylýar. Ýagdaýyň juda kyn, aldym-berdimli pillesi Aly soltan bilen Aba serdar Oguz hanyň ýokarda aýdylan emelini ulanýarlar. Belki, Ürgenç hanynyň serkerde Oguz hakyndaky ýazgylar bilen gyzyklanmagyny belli bir derejede şu faktam düşündirse gerek. Magtymguly aýtmyşlaýyn: "Hile-de bir batyrlykdyr ýerinde, Ony başarmaga kişi gerekdir." Harby işde duşmana hile salyp bilmek serkerdelik zehininden bir nyşan. Oguz hanyň hiläni başarandygyndan ýene-de bir mysal. Ol pereňlileriň ýurduna ýöriş edýär, olary boýun egdirýär. Ýeňlen tarapyň wekilleri goşundan ýeňsede goş tutan Oguzyň ýanyna ugraýarlar, onuň pajyny berjekler, hemem aşaklyk bilen güýjüni hasaba aljaklar. Oguz muny aňýar. Bir bölek leşgerini ahjaýyn ýaraglandyryp, ilçileriň öňünden çykmaga ugradýar. Ilçiler görýär. Garaz, Oguzyň çadyryna ýetýänçäler telim gezek leşger görýärler. Duşuşyk mahaly Oguz han ilçilere: siziň gören goşunyňyz meniň güýjümiň bir bölegidir, esasy güýç öz ýanymda, meýliňiz bolsa, olary-da görkezip biljek diýýär. Ilçiler ony tükeniksiz goşuna baş bolup gelendir öýdýärler, onuň aýdan şertlerine mejbury razy bolýarlar. Gelip-gelip, on sekizinji asyryň ortalarynda Eýran hany Keýmir körüň leşgerini takyklamak islände, Keýmir Oguz hanyň şol hilesini ussatlyk bilen ulanyp, bary-ýogy ýigrimi atlysyny uly bir ýygyn ýaly edip görkezmegi başarypdyr. Hakyky serkerdeler her bir nökeriň güýjüne, pikirine sarpa goýupdyr, diňe men diýip oturman, peýdaly ýerinde olaryň emellerine-de gol ýapmagy başarypdyrlar. Bu bolsa goşunyň, onuň serdarlarynyň öňünde baş serkerdäniň mertebesini arşa göteripdir. Şu babatda-da Oguz handa nusga alarlyk görelde bar. Oguz han Ispyhan şäherine hüjüm edýär. Galanyň agyr derwezesiniň öňünde on müň goşun goýup, yspyhanlylaryň leşgeri çykaýsa söweşe giriň diýýär. Söweş ýedi gün dowam edýär, ýöne şähere girmek başartmaýar. Oguzyň Garasülük atly juda jan ynanýan ada- my bar ekeni. Ol kakasynyň ýanyna baryp, ýagdaýyň öwerlik däldigini beýan edýär, maslahat soraýar. Kakasy: “Siz galanyň diwary bilen söweş edýärsiňiz, ondan netije bolmaz” diýýär. Soňra öz teklibini aýan edýär. Goý goşunyň ýarysy bilinmez, duýulmaz ýerde gizlenip ýatsyn. Galan ýarysy bolsa, öňküsi ýaly derwezäniň öňünde söweş alyp barsyn. Eger yspyhanlylar galadan çykmasalar, siz galanyň daşyndaky jaýlary, baglary ýykyp, ýumrup, ýok edip başlaň. Muny görseler olar takat edip oturyp bilmezler, galadan çykarlar. Siz der- bi-dagyn edilen goşun mysaly gaçyp ugrarsyňyz, olar kowalap başlarlar. Şeýdip, olary şäherden uzaga alyp çykyň. Soňra yza dönüp söweşe girişiň. Gizlenip ýatan goşunam ýeňseden urar. Gabalan leşger uzak garşylyk görkezip bilmez, dowula düşer, gaçmak bilen bolar, ýöne olaryň gala dolanmaklaryna ýol bermäň. Şu diýleni berjaý edip bilseňiz, ýeňiş siziň tarapyňyzda bolar. Garasülük kakasynyň pikirini Oguz hana ýetirýär. Oguz ony unaýar. Goşun iki bölýnýär. Bir bölege Oguz hanyň ogullary, beýleki bölege Garasülük serdarlyk edýär, ýeňiş gazanylýar, şäher eýelenýär. 1510-njy ýylyň noýabrynda sefewiler, ýagny gyzylbaşlar dinastiýasynyň birinji şasy Ysmaýyl Hataýy Hyratdan Muhammet Şeýbanyny yzarlap gelşine ony Merwde gabaýarlar. Güýjüniň ýeterlikdigine, şäheri zabt edip almaga mümkinçiliginiň bardygyna garamazdan Ysmaýyl şa Oguz hanyň goşunynyň Ispyhanda ulanan taktikasyna ýüz urýar, ony iňňän sünnäläp gaýtalamagy başarýar, netijede Şeýbanynyň aldanan goşuny şäherden çykýar, şanyň yza çakilýän goşunyny kowup, üç farsah ýol geçýär, Talhatan babanyň golaýynda gyzylbaşlaryň gabawyna düşýär, ýok edilýär. Oguz hanyň neneňsi serkerde bolandygyny, onuň harby sungatynyň asyrlardan aşandygyny tekrarlamak üçin, ýokarda nygtalyp geçilen üç mysalam ýeterlik bolsun gerek. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |