20:22 Şol kartanyñ aýdýanlary | |
ŞOL KARTANYÑ AÝDÝANLARY
Taryhy makalalar
Erdogan Ysraýylyñ ýer giñeltme syýasatyny görkezýän jedelli palestin kartasyna ýene ünsi çekdi. Karta mende şu soragy döredýär: "Dünýäde Gazze ýaly näçe sany garamañlaý şäher barka?" Şu günler dilden düşürilmeýän "Gazze" hakynda näme bilýäris? Oturymly taryhy bäş müñ ýyldanam owalyna baryp direýän şäheriñ gürrüñi gidýär. Gazzäniñ ady b.e.öñki XV asyrda Müsüriñ patyşasy Tutmos III-niñ harby ýazuwlarynda geçýär. Şäher 350 ýyllap Müsüriñ golastynda boldy. Bu ýerleden kimler gelip-geçmändir?.. Mysal üçin, müsür agalygyny soñlandyran asly aziýaly kengan giksoslary... Palestinalaryñ b.e.öñki XII asyrda Kritden sebite göçüp gelendigi çak edilýär. Olar Anadolyny, Kipri, Siriýany ýer bilen ýegsan edenden soñ Müsüri basyp aldylar. Müsürliler tarapyndan yza serpikdirilenden soñ Palestinanyñ günorta kenaryndaky Tel-Awiw bilen Ýafanyñ arasyndaky zolaga ýerleşdiler. Biri Gazze bolan bäş şäherden ybarat konfederasiýany - Pentapolisi gurdular. Palestinalylar sebitde ornaşmaga başlady welin, goñşulary - asly şumer gelip çykyşly ysraýylogullary bilen uruşdy. Hemişe ýeñildiler. B.e.öñki X asyrda bolup geçen Ýehuda we Ysraýyl patyşalygy bölünenden soñ palestinalylar täzeden garaşsyzlyklaryny gazandylar. Iki patyşalyk gaýtadan uruşmaga başlady. Gürrüñimizi şu ýerde kesip, biz Gazzäniñ taryhyna dolanyp geleliñ... * * * Yzyndan Gazzä persler geldi. Aleksandr Makedonskiý Müsüre barýan ýolda boýun egmän goranan iñ soñky şäher Gazzäni zordan basyp aldy. Şäheriñ ýaşaýjylary öldürildi, diri galanlary ýesir alyndy. Makedonskiý Gazzä çölde ýaşaýan ýerli arap beduinleri getirdi. Soñra bularam ençeme ýyllap özara çaknyşyp geldiler. Gazze Hasmon jöhit döwletiniñ patyşasy Aleksandr Ýannaý tarapyndan basylyp alyndy. Apollon ybadathanasyna gaçan 500 senator öldürildi... Soñra rimlileriñ sebite aralaşmagy bilen palestin-ysraýylogullary çaknyşygy soñlandy. Gazzä parahatçylyk aralaşdy. Rim imperiýasynyñ dargamagynyñ yzyndan Gazzet Gündogar Rimiñ, onuñam yzyndan Wizantiýanyñ golastyna girdi. Hristian ýepiskoplygy guruldy. Paganistik ynanja eýe Gazzede 396-njy ýyl bilen 490-njy ýyl aralykda apostol Porfiriý döwründe hristianlyga geçmeler artdy. (Ysraýylyñ soñku bombalamalaryda bu ady göterýän buthana-da ýykyldy). 635-nji ýylda musulmanlar "Raşidin" goşuny bilen Gazzäni eýeledi. Gazze bu goşunyñ basyp alan şäherleriniñ biridi. Şäherde Hezreti Muhammet pygamberiñ (s.a.w) atasynyñ mazarynyñ bardygy rowaýat edilýärdi). Yzyndan... Abbasylar geldi, fatimiler geldi... (Fatimi döwründe Gazzede şaýyçylyk höküm sürýärdi, Selahaddin Eýýuby şäheri eýeländen soñ sünni ynanja girildi). Gazze haçparazlaryñ, ybadathana rysarlarynyñ san-sajaksyz çozuşlaryna uçrady, her gezegem haraba öwrüldi. Gazze mongol çozuşlaryna-da uçrady... Yzyndan musulman gullar - mamlýuklar geldi. Olar haçparazlaryñ sürgün eden jöhitleriniñ şähere dolanyp gelmegine rugsat berdi. Diñe basybalyjykly ýörişleri däl, Gazze şol döwür ýer yranmalaryny, sil joşgunlaryny, çekirtge çozuşlaryny, garrahassa keselini hem başdan geçirýärdi. 1516-njy ýylda Osmanly Gazzäni düzümine birikdirdi. * * * Osmanly döwründe Gazze altyn döwrüni ýaşady. Munda şäher häkimi Ridwan paşa dinastiýasynyñ köp hyzmaty bar. Osmanlynyñ çagşama döwrüne girmegi bilen XIX asyryñ birinji ýarymyndan başlap Gazze Kawalaly Mämmedaly paşanyñ basyp almagynda Müsüriñ golastyna girdi. Birinji jahan urşundan soñ Gazze 1917-nji ýylda iñlis güýçleriniñ eline geçdi. 1948-nji ýylyñ Arap-Ysraýyl urşunyñ yzyndan Müsür tarapyndan basylyp alyndy. 1967-nji ýyldaky "Alty günlik uruşda" Ysraýylyñ eline geçdi. Gazze 1993-nji ýyldaky Oslo gepleşikleriniñ yzyndan Palestin hökümetine berildi. 2006-njy ýylyñ saýlawlaryndan son "El-Fetih" bilen "Hamasyñ" arasynda ýaragly çaknyşyk bolup geçdi, "Hamas" Gazzede häkimiýeti ýarag ulanmak arkaly ele saldy. Müsür we Ysraýyl garşy blokada girizdi. "Hamas" bilen Ysraýylyñ arasyndaky uruş şugünkisi ýaly mydama-da dowam edip geldi... Erdoganyñ elindäki karta meñ ýadyma şulary düşürdi. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 13.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||