06:05 Soltan Abdylhamyt nämüçin dini kitaplary ýygnatdy? | |
SOLTAN ABDYLHAMYT NÄMÜÇIN KÄBIR DINI KITAPLARY ÝYGNATDY?
Taryhy makalalar
Ihsan Eliaçygyñ düşündirişli Kurany-Keriminiñ ýygnadylmagy Soltan Abdylhamydyñ Kurany-Kerimi we käbir dini kitaplary ýygnatmagyny ýada düşürdi Ylahyýetçi R.Ihsan Eliaçygyñ terjime eden düşündirişli Kurany-Kerimini suduñ üsti bilen yzyna "ýygnamak" kararyna gelindi. Köp adamy geñ galdyran kararyñ üsti diýseñ jedelli boldy. Şuña meñzeş herekete öñ kim näme sebäpli ýüz urdyka diýip, arhiwlere seredýäris welin, garşymyza Soltan Abdylhamyt II çykýar. Üstesine Soltan Abdylhamydy tagtdan düşürenler ony ähli ygtyýarlyklaryndan mahrum etme fetwasynyñ tutaryklarynda soltanyñ Kurany-Kerim ýaly mukaddes kitaplary ýygnadyp ýok edendigini tutaryk hökmünde agzap geçipdirler. Soltan Abdylhamyt ýaly dindar soltan nämüçin Kurany-Kerimi ýygnadyp, ýok etdikä? Geliñ, ýakyndan yzarlalyñ. • Bir döwrüñ soñy Soltan Abdylhamydyñ 1909-njy ýylyñ 31-nji martynda (milady kalendarynda 1909-njy ýylyñ 13-nji aprelinde) bolup geçen wakalara hiç hili dahyly ýokdy. Ol wakalaryñ öñüni almak üçin elinden gelenini etdi, emma gozgalañçylar ony diñlemedi. 1909-njy ýylyñ 27-nji aprel güni gelip ýetende Ikinji Meşrutyýeti (Konstitusionalizmi) yglan edenler tarapyndan basylyp alynan "Ýyldyz" köşgüne garşy edip boljak iñ soñky iş galypdy: Abdylhamydy tagtdan indirmek. Soltan Abdylhamydy tagtdan indirmek üçin ilkinji nobatda fetwa taýýarlamaly bolýardy. Fetwany has soñra respublika döwründe Dini işler ministrliginde möhüm wezipelerde işlän "Ittihat we Terakki"-niñ mebusy (deputaty) Elmalyly Hamdi Ýazyryñ hut özi ýazdy. Elmalyly Hamdi Ýazyr Fetwanyñ teksti Emini Hajy Nury ependiniñ öñüne gelende añk bolup galan Nury ependi teksti oñlamagyñ ýerine dessine işden gitmek üçin arzasyny ýazdy. Fetwada Abdylhamyt tagtdan indirilmek üçin üç uly jenaýat edipdi: 31-nji mart wakalaryna sebäp bolmak, Kuran ýakdyrmak, isripçilik (döwletiñ puluny soñuny saýman sowmak). Soltany tagtdan indiren fetwada şeýle ýazylypdy: "Imamül-Müslimin olan Zeýd, bazy mesail-i mühime-i şeriýýeýi, kütüb-i şer'iýýeden taýý ü ihraj we kütüb-i mazkureýi men' ü hark ü ihrak we beýtül-malda tebrir ü israfla müsewwek-i şer'i hilafynda tasarruf we bila-sebeb-i şer'i katl ü habs tağrib-i raiýý we sair guna mezalimi itiýad eýledikten soñra salaha rüju' etmek üzere ahd ü kasem etmişken, ýemininde hanis olarak ahwal ü umur-u müslimini bi'l-külliýe buhtel kylajak fitneýi azime ihdasynda ysrar we mukatele ika etmekle men'a-i Müslimin Zeýd-i mezburun tagallübünü izale etdiklerinde bilad-ı Islamiýeniñ jewanib-i kesiresinden mezburu mahlu' tanydyklaryna dair ahbar-ı mütewaliýe würud edüb mezburun bekasynda zarar-ı muhakkak we zewalinde salah melhuz olmağyn Zeýd-i mezbure imamet we saltanatdan feragat teklif etmek weýa hal' etmek suretlerinden hangisi erbab-ı hall ü akd we ewliýaýy umur tarapyndan erwah görülür ise ijrası wajyp olurmu? El-Jewap: Olur. Ketebehu el-fakir es-Seýýid Muhammed Ziýaeddin ufiýe anhu". (Asyl nusgasy). Terjime edilende: "Musulmanlaryñ ymamy bolan biri käbir möhüm gaýragoýulmasyz meseleleri şerigat kitaplaryndan çykarsa we bu kitaplary gadagan etse, ýaksa, ýyrtsa, döwlet gaznasyny isrip edip, şerigata ters gelýän görnüşde harçlasa, tabynlygyndaky adamlary ýörite sebäp bolmazdan öldürse, tussag etse, sürgüne ýollasa, başga hili zulumlary-da adata öwrenden soñra, dogry ýoldan ýörejekdigine ant içenden soñ sözünden dänse, musulmanlaryñ ýaşaýşyny doly bozup biljek görnüşde pitne çykaryp, olary biri-birine öldürtse, muña päsgel berip biljek ýagdaýdaky musulmanlar onuñ diýdimzorluga goldanýan tutumyny aradan aýryp, yslam ýurtlarynyñ köp ýerinden tabynlygy kabul etmeýändikleri barada habarlar gelip, ýerinde oturmagynda zyýan we aýrylmagynda gowulyk boljagy pikir edilse, oña ymamlykdan we soltanlykdan el çekmegi teklip etmek ýa-da gyraklatmak görnüşlerinden haýsysy kethudalarymyz tarapyndan amatly görülse, bu karary ýerine ýetirip bolarmy?" Soltan Abdylhamyda tagtdan gyrakladylýandygyny mälim eden topar Ermeni Aramdan, Laz Arif Hikmetden, Selanik mebusy jöhit Karasudan, Draç mebusy alban Esad Toptaniden ybaratdy. Topardakylaryñ birem türk däldi. Soltan Abdylhamydyñ tagtdan gyrakladylmagy Karary gynanç bilen diñlän Soltan Abdylhamydyñ "Çyragan" köşgünde galmak islegi-de ret edilip, ýakynyndaky 38 adam bilen birlikde şol günüñ gijesi Stambuldan Selanige ugradyldy. Şeýlelikde onuñ 33 ýyla çeken häkimiýeti soñlandy, Osmanly döwleti bolsa soñky demini sanajak başdan geçirmelere iterildi. Fetwadaky iñ täsin we bizi geñ galdyrýan ýeri, gürrüñsiz "musulmanlaryñ ymamy käbir möhüm gaýragoýulmasyz meseleleri şerigat kitaplarından çykarsa we bu kitaplary gadagan etse" diýen sözleridi. Soltan Abdylhamyda ýöñkelen günäler ynandyryjy däldi. Soltanyñ 31-nji mart wakalarynyñ öñüni almak üçin eden tagallasyny-da ittihatçylaryñ hemmesi bilýärdi. Kuran ýakandygy baradaky aýyplamalar dogrydy, ýöne bärden gaýdýardy. Soltan nemes dilinden türk diline terjime edilen Kuranlary ýygnadypdy. Bu kitaplar juda ýaramaz terjime edilipdi we ýalñyş maglumatlar bilen doludy. Soltan Kurany-Kerimleriñ derñelmegi üçin "Teftiş-i Mesahif-i Şerife Mejlisi" atly topar düzüpdi. Elbetde, bul aýdylanlara seredip, Soltan Abdylhamydy kitaba dost bolan patyşadyr öýtmeli däl. Aşakda dürli bahanalar bilen gadagan edilen kitaplaryñ üstünde durup geçeris: emma dini meselelerde soltanyñ ýygnadan kitaplarynyñ esasy bölegi ýazuw taýdan we hili pes terjimeler bolmak bilen bir hatarda çaphana problemalaryndan hem gelip çykýardy. • Abdylhamydyñ gadagan eden käbir kitaplary Abdylhak Hamyt Tarhan "Içli gyz": Drama eserinde nikalaşýanlaryñ ýaş tapawudy tankyt edilýär. Pýesa şol wagtky jemgyýetiñ ahlak kadalaryna edilen hüjüm hasaplanyp gadagan edilipdi. Ahmet Jewdet paşa "Kysasyl-Enbiýa": Döwrüniñ görnükli taryhçysy Jewdet paşanyñ bu kitaby birugsat çap edilendigi we gadagan edilen sözleri ulanýandygy üçin ýygnadylypdyr. Düzgüniñ barha çagşamagynyñ iñ esasy sebäbi-de Soltan Abdylhamydyñ ötüşen kesel derejesine ýeten ipohondriýasyndan gelip çykýardy. Hawa, Soltan Abdylhamyt şu sözlerden öler ýaly gorkýardy: bomba, ýyldyz, ihtilal (rewolýusiýa), dinamit... Şeýle-de Soltan Myrat üçin Mirat, Reşat sözleriniñ ýerine Neşet sözüniñ ulanylmagyny makul bilýärdi. Sanaw bular bilenem çäklenenokdy, biri-birinden täsin sözler gadagan edilipdi. Gadagan edilen sözlerden käbirleri şular: Arsenik (мышьяк), anarhiýa, ihtilal, spiritizm (ruh çagyrma), istibdat (diýdimzorlyk), infilak (partlama), ynkylap, inkyraz (çöküş), parlament, gynama (sütem), oporrtunist, azatlyk, respublika, jumhuriýet, jemgyýet, hafiye, darwinizm, dissiplina, zäher, avam, gozgalañ, sosializm, diktator, şuraýy-döwlet, demokrat, radikal, humbara (bomba) mejlis-i umumi, weto, nigilist, randewu, irtiýab (şübhe), oligarhiýa, päsgel bermek… (Magaryf ministrliginiñ Tedkik-i Müellefat Enjümeni tarapyndan gadagan edilen bu sözleri 1911-nji ýylda Aly Seýdi beý 58-e ýetirip, "Suratly osmanly sözlügi"-niñ ("Resimli Kamus-i Osmani") 1131-1132-nji sahypalarynyñ çykgydynda berýär). Ahmet Mithat ependi "Albanlar, solýotlar": Osmanlynyñ gaý-tupanly soñky asyrynyñ "ýazuw maşynkasy" adyny alan Ahmet Mithat ependi 1928-nji ýylyñ 28-nji dekabrynda sessiz-sedasyz bakyýete göç edipdir. Ol türk metbugatynyñ naýbaşy žurnalisti hasaplanýardy. Belki-de ol, hökümetiñ goldawyndaky metbugat akymynyñam birinji nusgasydy. "Ýyldyz" köşgüne şolar ýaly ýakyn adamyñ kitabynyñ birigsat çap edilendigi bahana edilip ýygnaldy. Ahmet Wefik paşa "Fezleke-i Tarih-i Osmanî": Döwrüniñ möhüm döwlet işgärlerinden we türk nasionalizminiñ düýbüni tutujylardan Wefik paşanyñ eseri-de gadagan edilenleriñ sanawyna giripdi. Ali Suawi "Hywa": Ali Suawiniñ ömrü-de, döwlet agdarlyşygyna eden şowsuz synanşygy-da san-sajaksyz çaklamalaryñ baş temasy bolup geldi. Uzak wagtlap "watan dönügi" hasaplanyp gelinen Ali Suawi Soltan Abdylhamyda garşy güýjän oppozisiýanyñ täsiri bilen rewolýusioner we gahryman saýyldy. "Muzırr şahs" diýip at berilen Suawiniñ gadagan edilenleriñ sanawyna girmegi geñ galdyranok. "Görogly" eposy: "Görogly" eposynyñ halk döredijiliginiñ naýbaşy nusgasydygyna garamazdan, merkezi hökümete garşy öwüsýän howasy sebäpli gadagan edilmegine şol döwürde düşünmez ýaly däldi. Ziýa paşa, Namyk Kemal ýaly ýene nijeme ýazyjy-şahyrlaryñ eserleri gadagan edildi, çap edilensoñ yzyna ýygnaldy. Bolu begi Körogly (Görogly) Mahlasy, Ihsan Eliaçygyñ düşündirişli Kurany-Keriminiñ ýygnadylmagy Soltan Abdylhamydyñ Kurany-Kerimi we käbir dini kitaplary ýygnatmagyny ýada düşürdi. Hatda soltanyñ tagtdan agdarylanda ony degişli ygtyýarlyklardan mahrum etme fetwasyna şeýle tutaryklar giriziliodi, emma Soltan Abdylhamydy şu meselede günäkärläp bolmaýar. Onuñ ýygnadan dini kitaplary ýa-ha ýazuw ýa-da terjime ýalñyşlygy bilen doludy. Elbetde, bu ýagdaý Soltan Abdylhamydyñ kitap gadagançylygy meselesinde "ak jüýjedigini" añlatmaýar. Ol öz döwründe sanardan köp kitaby, gazet-žurnaly gadagan edipdi. Täsin ýeri, şol eserleriñ köpüsi şindizem okalmagyny we okyjysyna gowuşmagyny dowam etdirýär. Mehmet MAZLUM ÇELIK. celikmehmedmazlum@gmail.com Penşenbe 23.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||