00:27 Soltanbendi näçe gezek ýykdylar? | |
SOLTANBENDI NÄÇE GEZEK ÝYKDYLAR?
Taryhy makalalar
Gadymy Troýa urşunyň gahrymany Ahillesi öldürjek bolsaň, diňe ökjesiniň aşagyny nyşana almaly ekeni, bedeniniň galan ýerinden ok geçmändir. Garşydaşy Paris onuň ýeke-täk ejiz ýerini nyşana alyp, ony öldürmegi başarypdyr. Murgabyň üstünden salnan Soltanbendi Mary şäheri babatda Ahillesiň ökjesine deňese bolar. Maryny güýç bilen alyp bilmedik duşman gidip Soltanbendi ýykypdyr, suwsuz galan şähere boýun synmakdan başga alaç galmandyr. W.A.Žukowskiý: “Soltanbent köne Merwiň taryhy bilen berk baglydyr... Bendiň taryhy Merwiň taryhydyr, onuň gülläp ösüşiniň, bolçulygynyň hem tozuşynyň, ýumrulyşynyň taryhydyr” diýip ýazýar. Bendi ýumran basybalyjylar soňra ony dikeltmek üçin görgi ýamanyny görüpdirler. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Nedir şa bilen bagly birje fakta ýüzlenmek hem ýeterlikdir. Ol hakda şanyň terjimehalyny ýazan taryhçy Muhammet Kazymynyň “Älemiň bezegi Nedir şa barada nama” atly üç tomdan ybarat kitabynda jikme-jik durlup geçilýär. Bu taryhçynyň ömrüni gysgaça beýan eden rus alymy P.I.Petrowyň maglumatynda onuň 1721-nji ýylda Merwde emeldaryň maşgalasynda doglandygy habar berilýär. Muhammet Kazymynyň maglumatyna salgylanyp aýtsak, 1727-nji ýylda Merwiň töwereginde ýaşaýan ýomutlaryň tatar taýpasy häkimlik edýän gajarlaryň garşysyna baş göterýär. Olary toba getirmek maksady bilen Nedir Ybragym hanyň baştutanlygynda goşun iberýär. Han Soltanbendi ýykýar. Soňra bendi galdyrmak üçin Nediriň eden tagallasy üç gezek netije bermeýär. Ahyry otuz üçünji ýylda bütin Horasandan on müň adam bende sürülýär. Bu sapar ony dikeltmek başardýar. Nedire Merwiň mes toprakly ýerinden önýän baýlyk lazym. Onuň öňünde ençeme harby ýörüşler, basybalyjylykly maksatlar dur. Munuň üçin Merwiň daýhanlarynyň maňlaý deriniň miwesi gerekdi. Akademik Bartoldyň ýazmagyna görä, Merw pürsiýanlaryň ýüpekçiliginiň başlanan ýeri bolmaly, soňra bu gymmatly pudak Hazar deňziniň ýakalaryna ýaýradylypdyr. Soltanbende Mübärekbent hem diýipdirler, ony Mälik şa gurdurypdyr. Bentden Merwe gaýdýan bol suwly Soltanýap häzirem özüniň taryhy adyny göterýär. Soltan Sanjar mahalynda bent iňňän ygtybarly goragda bolupdyr. 1200 adam oňa gözegçilik edipdir. Sanjar ölýär. Bir ýyl derýa joşýar, bendi goparyp taşlaýar. Bu mahal Merw eýýäm horezmşalaryň häkimligine geçipdi. Bendi galdyrýarlar. Sonda ony mongollar ýykýar. Olaryň ýykan bendini Emir Temiriň ogly Şahruh dikeltdirýär. Merwiň gaýtadan dikeldilmeginde, abadanlaşmagynda timurlardan bolan Mürze Sanjar köp hyzmatlar bitirýär. Muny beýik Nowaýy hem belläp geçipdir. Ol Soltan Sanjaryň Merwini, onuň gapdalyndan Mürze Sanjaryň bina etdiren täze şäherini iki ýürege deňeýär. Biri gojanyň, beýlekisi ýigidiň ýüregi. Iki ýüregi hem Sanjarlara mahsus söýgi ganatlandyrýar diýipdir. Täze şähere soňra ýalňyşlyk bilen Abdyllahan gala diýip at beripdirler. Hakykatda welin, Buharanyň häkimi Abdylla han Soltanbendi ýykdyranlaryň biri hökmünde taryha adyny ýazypdyr. Ol XVI asyryň ortasynda Merwi gyzylbaşlardan almakçy bolup gelse-de bir bada başarmaýar, gidip Soltanbendi syndyrýar, ýeňiş bilen Buhara gaýdyp barýar. XVIII asyryň ahyrlarynda Buhara emiri Şamyrat bendi iki öwrä ýykdyrýar. Onuň ornuna geçen Emir Haýdar hem kakasynyň göreldesine eýerip, Soltanbendi XIX asyryň başynda weýran edýär. Muny bendiň adamlar tarapyndan iň soňky gezek ýykylyşy diýip ýazýarlar. 1822-nji ýylda Buhara bilen Hywanyň arasyndaky bolan uruşdan peýdalanyp, türkmenler emiriň zulmundan dynmak maksady bilen Hywa hanyna gol ýapýarlar. Ýigrimi üçünji ýylda hanyň dogany Gutlymyrat perman esasynda Soltanbendi dikeltmäge gelýär. Iki gezek synanyşýar, şowsuzlyga uçuraýar. Soňra Egrigüzeriň golaýynda gala saldyrýar, şol ýylam agyr syrkawlap, Hywa ýetmän jan berýär. Onuň saldyran galasy häzirki Mary şäheriniň düýbüdir. Mahal-mahal derýanyň özi hem güýjüni görkezipdir. Geçen asyryň aýagynda bendi galdyrmaga inžener Osip Iwanowiç Krauze gatnaşypdyr. Onuň bina eden desgasy suwuň zarbyna çydamandyr. Namysjaň inžener özüni atypdyr. Ony bendiň gapdalynda jaýlap, guburynyň üstüne ýadygärlik galdyrypdyrlar. Suw babatda Soltanbent Merwiň bokurdagy bolan. Görüň, näçe gezek onuň bokurdagyndan tutan ekeniler. Teşnilikde tebsiräp galan beýik şäher tozupdyr. Murgabyň gerşinden salnan bent häzirem işläp dur. Emma onuň gabarasy taryha ýaň salan şäheriň başyndan geçen äpet wakalaryň ýanynda ejiz görünýär. Zuluma, zorluga, kem- sitmä çydamadyk çaga ýaly göýdügipdir. Köne Merwiň töweregi indi bentden gaýdýan suwa mätäçlik çekenok. Oňa gelýän bol suwuň sakasy has uzakda, Amyderýanyň boýunda. Bentleriň ýumurlanyny görmek türkmeniň indiki nesillerine bir miýesser etmäwersin! Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |