23:04 Sopuçylyk edebiýatynda «toba» düşünjesi | |
SOPUÇYLYK EDEBIÝATYNDA "TOBA" DÜŞÜNJESI
Edebi makalalar
Türkmen edebiýatynyň taryhyna nazar aýlasaň, geçmişimizden şu günümize çenli ençeme şahyrlaryň, ýazyjylaryň ylmy we çeper eserleri gelip ýetipdir. Şol edebi we ylmy eserlerde bolsa durmuşyň dürli ugurlary bilen bir hatarda halallyk, päklik, iman, toba we nebis barada hem gürrüň edilipdir. Şeýle eserleri döreden şahyrlaryň hataryna Mahmyt Pälwan bilen Mähri Hatyny hem goşmak bolar. Mahmyt Pälwan XIII asyryň ortalarynda we XIV asyryň başlarynda Horezmiň Ürgenç şäherinde ýaşap geçen türkmen şahyrlarynyň biridir. Ol özüniň çeper rubagylary bilen diňe bir pars dilli türkmen edebiýatynyň däl, eýsem, tutuş gündogar edebiýatynyň ösmegine hem uly itergi beripdir. Şahyryň rubagylary dürli temada ýazylypdyr. Olaryň arasynda sopuçylyga degişlileri hem bar. Sebäbi, Mahmydyň ýaşan zamanasy sopuçylygyň giň ýaýran we ösen döwürlerine gabat gelipdir. Ýaşan döwri mongol basybalyjylarynyň talaňçylykly hereketlerine gabat gelen bu şahyryň iki ýüzden gowrak rubagysy biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Muňa şahyryň şygyrlarynyň hemmesi diýip bolmaz. Çünki ýowuz uruş şahyryň eserleriniň köpüsiniň ýitip ýok bolup gitmegine sebäp bolupdyr. Mahmyt öz rubagylaryny dürli temalar boýunça ýazypdyr. Onuň rubagylary özüniň öňe sürýän ynsanperwerçilikli pikirleri bilen soňraky türkmen şahyrlaryna hem uly täsirini ýetiripdir. Şolaryň biri hem Mähri Hatyndyr. Mähri Hatyn XV asyrda osmanly türk soltanlygynda ýaşap geçen türkmen zenan şahyrlarynyň biridir. Mähri Hatynyň ýaşan zamanasy mongollaryň tutuş derbi-dagyn edilen döwürlerine gabat gelýär. Bu döwürde medeniýet, sungat we edebiýat ösüpdir. Edebiýatda täzeden galkynyş emele gelipdir. Ruhy ösüş has kämilleşipdir. Türkmen şahyrlarynyň köpüsi öz eserlerini ene dillerinde ýazypdyrlar. Alyşir Nowaýynyň türki-türkmen dilde ýazan eserleri diňe bir Orta Aziýa däl, eýsem, tutuş Gündogara öz oňaýly täsirini ýetiripdir. Şol sanda Mähri Hatyna hem täsir edipdir. Mähri Hatyn öz gazallaryny ene dilinde ýazypdyr. Ol gazallar dürli temada bolup, arasynda sopuçylyga degişlileri hem az bolmandyr. Aslynda Mahmyt Pälwan-da, Mähri Hatyn hem türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň hatarynda durýar. Olaryň çuň yşka ýugrulan şygyrlarynda dünýewi, watan, ýurduň ykdysady-syýasy ýagdaýlary, jemgyýetçilik durmuşy, söýgi ýaly ugurlary bilen bir hatarda ynsap, ynam, ynanç, nebis, iman sabyr, kanagat we toba ýaly sopuçylyk garaýyşlar dogrusynda hem gürrüň edilipdir. Sopuçylyk akymynyň birnäçe ugurlary, ýollary bolupdyr. Bu akymlar orta asyrda Gündogar we türkmen edebiýatynda giňden işlenilipdir. Orta asyrlarda birnäçe sopular, sopy alymlar we şahyrlar bolupdyr. Olardan Abdylla Büreýde, Abdylla Mübärek, Muhammet Merwezi, Abdyrahym Semgany, Muhammet Sarahsy, Burhaneddin Nesewi, Abu Aly Dakkak, Abu Bekr Wasyty, Hoja Ahmet Ýasawy, Jelaleddin Rumy, Ýunus Emre we ş.m. mysal getirmek bolar. Sopuçylyk akymynyň esasy ýörelgeleriniň biri-de toba etmek bilen baglanyşykly bolupdyr. Sopuçylykda toba etmekligiň ýörite öz ýollary, ugurlary we düzgünleri bolupdyr. Sebäbi toba etmekligiň özi günäden saplanmagyň esasy tärleriniň biri hasaplanypdyr. Şonuň üçinem sopuçylyk akymyna uýýan sopular we sopy şahyrlar bu ugruň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda toba etmekligiň ýollary barada hem giňişleýin maglumatlar, düşünjeler beripdirler. Toba etmekligiň ýollary baradaky ilkinji çeşmeler Gurhandan gaýdypdyr. Gurhanda ýörite «Toba» süresi bolup, ol 129 aýatdan ybarat. Gurhanyň beýleki käbir sürelerinde hem toba etmekligiň tärleri hakynda gürrüň edilýär. Mysal üçin «Bakara» süresiniň 222-nji aýatynda bu barada şeýle diýlipdir: «Elbetde, Allatagala toba edenleri we özlerini mydam päk tutýanlary söýýär» [1]. Orta asyr edebiýatynda toba bilen baglanyşykly ýazylan şygyrlardyr eserleriň köpüsinde toba bilen baglanyşykly ýörite baplar, bölümler berlipdir. Mysal üçin «Ajaýyplyklaryň düri» («Dürr-el ajaýyp») atly kitabyň on birinji baby: «Toba etmekligiň sogaplarynyň beýany» diýlip atlandyrylan bolsa, Abu Zekeriýa Ýahýa ibn Şeref En-Newewiniň «Ýagşyzadalaryň bossany» («Ryýazus-salyhun») atly eseriniň ikinji babyna «Toba baby» («Baby el toba») diýlipdir. Nejmeddin Kubranyň «Nejmeddiniň ylmy eseri» («Risalaýy-Nejmeddin») atly eserinde hem toba etmegiň düzgünleri, tobanyň görnüşleri, onuň nebis bilen baglanyşykly taraplary barada giňişleýin maglumatlar berlipdir. «Toba» etmek bilen baglanyşykly eserleriň sany bir ýa-da iki däl. Bu hakynda ençeme ylmy çeşmeler hem bar. Biz olaryň hemmesi barasynda gürrüň edip oturmakçy däl. Şeýlelikde, tasawwuf alymlary bu akymyň bir ýörelgesi bolan toba düşünjesine uly üns beripdirler. Şonuň üçinem sopy alymlar toba meselesine giňişleýin düşündiriş beripdirler. Bu barada olar her bir günä üçin toba etmeklik wajypdyr diýipdirler. Mahmyt Pälwan bilen Mähri Hatynyň şygyrlarynda hem sopuçylyk akymynyň nebis, päklik, halallyk, iman, sabyr-kanagat ýaly görnüşleri bilen bir hatarda toba ýörelgesi hakyndaky meseleler gozgalýar. Sebäbi, döwrüň jemgyýetçilik gurluşy şu zatlara ýüzlenmäge we wagyz etmäge itergi beripdir. Şonuň üçinem, Mahmydyň rubagylarynda hem, Mähriniň gazallarynda hem bu hakynda ýöriteleýin gürrüň edilipdir. Mysal üçin Mahmyt Pälwan: Ýa Rep, eger günä-ýu hata kyldym, Anyk bilýän özüme jepa kyldym, Hoşlugyň unudyp eden pişämden, Toba kyldym, bet kyldym, hata kyldym [2] – diýip, tobany günäden saplanmagyň bir görnüşi hasaplaýan bolsa, Mähri Hatyn: Bolmak isleseň jenana destres, Tobany dilden giderme her nepes [3] – diýip, diliň elmydama tobaly bolmaklygyny ündäpdir. Toba hakynda Nejmeddin Kubranyň «Risalaýy-Nejmeddin» atly eserinde giň düşünje berlipdir. Onda bu barada şeýle diýilýär: Ýagny Sehi ibn Abdylla: «Tobada esasy zat erbet hereketleriňden ýagşy we ajap işlere ýönelmeli, halal iýmeli, agzalary erbetliklerden, haramylyklardan goramaly we bularyň ählisini berjaý etmek üçin Allatagaladan kömek, ýardam soramaly» diýipdir [4]. Elbetde, tobanyň peýdaly taraplary barada mundan artyk düşündirip hem bolmasa gerek. Alym ony sadadan düşnükli beýan edipdir. Diýmek, toba etmeklik adamlaryň erbet häsiýetlerden, erbet gylyklardan saplanmagy üçin peýdaly, ähmiýetli bolupdyr. Aslyýetinde, sopy şahyrlar toba hakyndaky düşünjäniň üsti bilen erbet hereketlerden saplanyp, halal ýaşamaklygyň, halal iýmekligiň ýollaryny agtarypdyrlar. Şonuň üçinem tobanyň görnüşleri barada giň düşünje beripdirler. Mysal üçin Nejmeddin Kubra özüniň «Risalaýy-Nejmeddin» eserinde tobanyň dört görnüşiniň bardygy we olaryň manysy hakynda şeýle diýipdir: «Tobanyň birinjisi günäň üçin puşman etmek, ikinjisi bu günäni gaýdyp etmezlige kesgitli netijä gelmek, üçünjisi terk edilen parzlary kaza edip ýerine ýetirmek, dördünjisi bolsa nebsiň günäniň lezzetinden dadyşy ýaly oňa göreşmegiň tagamyny hem dadyrmak» [5]. Nejmeddin Kubranyň toba hakyndaky bu garaýyşlaryny Mahmyt Pälwanyň rubagylarynda hem görmek bolýar. Şahyr öz rubagylarynda bu pikiri tutuşlygyna diýen ýaly tekrarlaýar: Hoşlugyň unudyp eden pişämden, Toba kyldym, bet kyldym, hata kyldym [2]. Görşümiz ýaly, Mahmyt Pälwan «Risalaýy-Nejmeddin» eserindäki ýalňyşlyk bilen edilen işe ökünip, toba edilmelidigi hakyndaky ýokarky pikiri şygyr beýtlerine salyp, özboluşly beýan edipdir. Munuň özi toba hakyndaky düşünjede öňe sürlen pikiriň özboluşly gaýtalanmasydyr. Sebäbi, toba hakyndaky düşünjäniň asyl köki, düýbi, manysy bir bolup, ol günäden saplanmak we gaýtalap günä işleri etmezlikdir. Mähri Hatyn hem öz şygyrlarynda tobany erbet gylyk-häsiýetlerden saplanmagyň bir görnüşi hasaplapdyr. Ol: «Tobany dilden giderme her nepes» [3] diýip, tobaly adamlaryň erbet işlerden gaça durjakdyklaryny we durýandyklaryny nygtamak isläpdir. Şonuň üçinem ol hiç wagt tobany ýatdan çykarman tobaly, şükürli, sabyrly we kanagatly bolmaklygy ündäpdir. Sebäbi, Mahmyt Pälwanam, Mähri Hatynam döwrüň, jemgyýetiň ýetmez taraplaryny duýup, görüp bilipdirler. Şonuň üçinem tobaly adamlaryň köpelmegi jemgyýetiň sagdynlaşmagyna ýardam berer diýip düşünipdirler. Şeýlelikde, ussat şahyrlar durmuşyň dürli ugurlary boýunça jemgyýetiň ýetmezçilikli taraplary baradaky pikirlerini sopuçylygyň üsti bilen beýan edipdirler. Sebäbi, şeýle pikirleri sopuçylygyň üsti bilen aýtmak ýeňil hem-de aňsat bolupdyr. Ýogsam jemgyýetçilik gapma-garşylyklarynyň höküm sürýän döwründe şol jemgyýetiň ýetmez taraplary barada gürrüň etmek, anyk mesele gozgamak we oňa gapma-garşy bolan pikirleri ündemek aňsat bolmandyr. Şonuň üçin Mahmyt Pälwan-da, Mähri Hatyn-da sopuçylygyň toba baradaky ýörelgelerinden ugur alyp, bu baradaky garaýyşlaryny aňsatlyk bilen beýan edipdirler, ýagny jemgyýetiň ýetmezçiligini görkezip bilipdirler. Sopuçylygyň toba ýörelgelerinde bar bolan maglumatlara görä, adamyň her bir agzasynyň tobasy bolupdyr. Bu barada Zunnuny-Müsri şeýle diýipdir: «Her agzanyň öz tobasy bardyr. Kalbyň tobasy günäleri terk etmek babatynda eserdeň bolmak, gözüň tobasy haramlara seretmezlik, eliň tobasy özüňe degişli bolmadyk zady almazlyk, gulagyň tobasy erbet zatlary diňlemezlik, garnyň tobasy halal iýmek, edep tobasy erbet işlerden gaça durmak» [4]. Diýmek, toba düşünjesiniň aňyrsynda umman ýaly many, mazmun we edep kadalary, düzgünleri bolupdyr. Eger-de gözüň erbet zady görmekden gaça dursa, eliň iliň zadyny almasa, gulagyň erbet zady eşitmese, halal iýip, halal içseň, halal ýaşasaň munuň özi tobanyň adamzat nesli üçin iň oňaýly we bähbitli tarapydyr. Toba bilen baglanyşykly Ibn Ata şeýle diýipdir: «Tobany diňe dil bilen etmän, eýsem işi bilen-de toba edendigini tassyklaýan adamyň tobasy kabul bolýandyr» [5]. Bu, dogrudan hem, şeýle. Çünki erbet gylyk-häsiýetlerden saplanmak hakynda diňe dil bilen aýdyp oňman, eýsem şol erbet gylyk-häsiýetleri kalbyňdan, göwräňden tutuş zyňyp taşlamak we şol zatlardan gaça durmak, oňa gaýdyp dolanmazlyk hakyky toba hasaplanypdyr. Bu barada Mahmyt Pälwan rubagylarynyň birinde şeýle diýipdir: Ýa, Rep, Senden gaýry bar zatdan toba, Ýatlamaňdan gaýry perýatdan toba, Ýüz gez toba etdim, şonça syndyrdym, Ýüz gezek syndyran tobamdan toba [2]. Diýmek, Haka uýan we ondan ýardam dilän ussat şahyr elmydama tobaly bolupdyr, hatda toba edip ony syndyran bolsa şonuň üçinem toba edipdir. Munuň özi Mahmyt Pälwanyň sada, kiçigöwünli, päk, halal, pespäl adam bolandygyndan habar berýär. Şeýle pikir-duýgyny Mähri Hatynyň gazallarynda hem görmek bolýar. Ol: Bu dilimden zemm ile telbisi kes, Toba-ýu towfyka ergür her nepes [3] diýmek bilen «Meniň dilimden ýaman sözi we töhmeti aýyr, meni her demde toba we Hakyň goldawyna duçar et» diýýär. Şahyr zenan: Gerçe eýlär asylar müň-müň günäh, Ýene Sen-Sen bulara puşty-penah [3]. diýip, toba etmek bilen Alla tarapyn günäleriň geçilýändigini şonuň üçinem tobany dilden goýmazlygy ündäpdir. Aslyýetinde, sopuçylyk taglymatynda toba etmekligiň üç görnüşi bolupdyr. Ýagny, dowzahyň azabyndan gorkup, eden günäleriňe puşman etmek hakyky toba hasaplanypdyr. Emma jennetdäki nygmatlara gowuşmak umydy bilen günäleriňe puşman etmeklige «inabe» diýlipdir. Allatagalanyň emr edeni üçin günäleriňe puşman edip, toba etmeklige «ewbe» diýip, at beripdirler[4]. Maglumatlardan görnüşi ýaly, tobanyň bu görnüşleri gönüden-göni sopuçylyk ýörelgeleri bilen baglanyşykly bolup durýar. Şeýlelikde, toba etmeklik bilen ahyrky netije günä işleri etmekden saklanmak, ondan gaça durmak we asla etmezlik hakyndaky meseleler bolup durýar. Munuň bir tarapy sopuçylyk bilen baglanyşykly bolmak bilen, onuň jemgyýetçilik ähmiýeti, bähbitli taraplary bolupdyr. Şonuň üçinem bu ýörelgeden habarly bolan Mahmyt Pälwan hem, Mähri Hatyn hem öz şygyrlarynda toba barada giňişleýin düşünje beripdirler. Muny Mahmyt Pälwanyň: Towhyt miwesinden doly daragt biz, Geçen daş atsa hem bize bolmaz ar [2] diýen setirleri-de tassyk edýär. Diýmek, Mahmyt Pälwan towhyt daragtynyň miwesinden dadypdyr, ýagny ondan habarly bolupdyr. Tobanyň bir tarapy nebis bilen baglanyşykly bolupdyr. Bu barada Şeref Newewiniň «Ýagşyzadalaryň bossany» («Ryýaz us salyhun») atly eserinde şeýle diýilýär: «Ýagny, tobanyň dört görnüşi bolup, onuň dördünjisi «Nebsiň günä lezzetinden dadyşy ýaly oňa göreşmegiň tagamyny hem dadyrmaly» [5] diýlipdir. Diýmek, tobanyň bir manysy nebis bilen baglanyşykly ýüze çykypdyr. Nebis barada Baýezit Bestamy: «Tasawwuf nebsi zyňmakdyr» diýse, Hoja Ahmet Ýasawy: «Ol nebsi diňe bir zyňmak hem däl, eýsem ähli erbet gylyk-häsiýetlerden saplanmagyň guralydygyny sahabalar aýdypdyrlar» diýip, düşündiripdir. Ibn Аbbаsyň ве Enes ibn Mäligiň aýtmagyna görä, nebis barada Muhammet alaýhyssalam: «Adam oglunyň bir dere doly altyny bolsa, ol ýene iki dere bolmagyny islär. Onuň gözüni toprakdan başga zat doldurmaz» [5] diýipdir. Nebis barada beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem: «Kyrk şähri gyzyldan dolduran Karun, gözi gumdan doldy, puldan dolmady» [6] diýip, nebsine haý diýip bilmedik kişiniň gözüni diňe toprak dolduryp biler diýen düşünjäni öňe sürüpdir. Şeýdip hem ussat şahyr Muhammet pygamberiň ýokarky jümlelerini şygyr beýtlerine salyp ony Karunyň mysaly bilen delillendiripdir. Nebse uýmaklygyň zyýanly taraplary barada Baýezit Bestamynyň, Abu Aly Dakkakyň, Abu Bekr Wasytynyň, Jüneýdi Bagdadynyň, Sufýan Söwriniň, Abu Zeýt Merweziniň, Bişr Hafynyň eserlerinde we aýdan hadyslarynda giň düşünje berlipdir. Sopuçylyk ýörelgelerinden habarly bolan Mahmyt Pälwan bilen Mähri Hatyn hem şygyrlarynda nebis barada gürrüň edipdir we ony sopuçylyk ýollary arkaly düşündiripdir. Mysal üçin, Mahmyt Pälwan: Ýaman, ýeg arasy säheljik ýoldur, Başarsaň nebsiňi ýamandan gaýtar [5] diýse, Mähri Hatyn: Nebsiňi ten hanasynda çek kanagat genjini, Kim seni esrary-gaýba ergüre bu açlyk [3] diýip, nebis baradaky ýokarky pikire täzeçe öwüşgin beripdir. Munuň özi ylmy we edebi pikirdäki bitewilik bolup, ruhy älemiň dowamydyr. Diýmek, Mähri Hatyn özünden öňki sopuçylyk garaýyşlary öz döwrüne gabat getiripdir, ösdüripdir we kämilleşdiripdir. Şygyrlardan görnüşi ýaly, ýokarky şahyrlaryň ikisinde hem pikir birligi bar, ol hem nebse garşy göreşmek, ony kalbyňdan dep etmek. Baýlykdan gaça durup halallyk bilen zähmet çekmek. Şonuň üçinem Mahmyt Pälwandyr, Mähri Hatyn hem baýlyk üçin bar zatdan geçýän, nebsine haý diýip bilmeýän adamlary berk ýazgarypdyrlar. Şeýdip hem haram bilen halalyň, haýyr bilen şeriň, ejiz bilen zalymyň, açgözlülik bilen sabryň, nebis bilen kanagatyň arasyndaky göreşiň inkär edip bolmajak edebi-pelsepewi akymyny döredipdirler. Munuň özi Mahmydyň rubagylaryndaky baýlyga garşy göreşiji pikirleriň Mähri Hatynda dowam etmesidir. Sebäbi, kämil bolmadyk jemgyýetden Mahmyt-da, Mähri Hatyn-da razy däl. Hut şu sebäbe görä hem diňe bir Mahmydyň pelsepewi pikirleri däl, eýsem, tutuş orta asyr jemgyýetçilik aňynyň jemgyýetçilik gurluşyna bolan garaýyşlarydyr. Şonuň üçinem şol garaýyşlar, pikirler diňe bir Mahmyt Pälwana däl, eýsem, Mähri Hatyna hem öz täsirini ýetiripdir. Diýmek, bu bitewilikleriň jemgyýetde bolan gapma-garşylyklary açmakda, olary beýan etmekde we halka düşündirmekde belli bir derejede täsiri uly bolupdyr. Şonuň üçin Mahmyt Pälwan: Serde kine-kitüw bar bolsa pessiň, Nebse – butparaza eýerseň messiň, Arzuw çüýşesi deý jahan gamyndan, Darka döwülseň sen azada kessiň [2] diýse, Mähri Hatyn: Niçe bir nähak ýere ganlar döker sen zulm ile, Bar ise aklyň gel eýle nebsiňe hajjaçlyk [3] – diýipdir. Mahmyt Pälwanyň we Mähri Hatynyň toba, nebis hakyndaky pikir umumylyklary hakynda näçe gürrüň etseň edip oturmaly. Mähri Hatynyň edebi döredijiligi hem Mahmyt Pälwanyň rubagylary ýaly jemgyýetiň durmuşy pikirlerinden üzňe däl. Bu şygyrlar gönüden-göni durmuşyň gapma-garşylyklary bilen bagly bolup, şol gapma-garşylyklar sopuçylyk garaýyşlarynyň üsti bilen beýan edilipdir. Munuň özi asyrlaryň ara düşmegine garamazdan Mähri Hatyny belli bir derejede Mahmyt Pälwana ýakynlaşdyrýar. Sebäbi Mahmyt Pälwanyň rubagysyndaky: Ýa Rep, pazlyň bilen kalbym şat eýle, Günäm harap kyldy, Sen abat eýle, Dergähiňden gaçdym, gör niçe wagt men, Bet kyldym, dolandym, Sen azat eýle [2] diýen pikir-düşünjeleri, Mähri Hatynyň: Dergähiňe geldim, uş bimary-jürmem, ýa Hekim, Rehmetiňden kyl dowa derdime dermanym medet» [3] diýen setirlerinde görmek bolýar. Munuň özi Mahmyt Pälwanyň rubagylarynyň bellibir derejede Mähri Hatynyň gazallaryna täsir edendiginiň alamatydyr. Umuman, bütin ömürlerini edebi döredijilige bagyş eden Mahmyt Pälwan we Mähri Hatyn öz şygyrlarynda adamkärçiligiň belent nusgalary hakynda giňişleýin maglumatlar beripdirler. Olaryň ahlak, päklik, halallyk, nebis we toba hakyndaky ynsanperwer pikirleri biziň şu günki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri üçin hem nusgalyk mekdepdir. Muny Mahmyt Pälwanyň rubagylary-da, Mähri Hatynyň gazallary-da doly tassyklaýar. Sebäbi, Hakdan ylhamlanan bu söz ussatlarynyň eserleri ylahy zehin önümidir. Şonuň üçinem bu ajaýyp şygyrlar birnäçe ýüzýyllyklaryň ara düşendigine garamazdan halkyň ruhy genji-hazynasy hökmünde bu günki gün hem ýaşap ýör we mundan buýana hem ol öz gymmatyny diňe artdyrar. EDEBIÝATLAR: 1. Gurhan. Aşgabat, 1994, 27sah. 2. R.Godarow. Mahmyt Pälwanyň ömri we döredijiligi. Golýazma. 3. Mähri Hatyn. Diwan. Aşgabat, 2004,123, 193, 205, 208 sah. 4. Mahdym Serajeddin. Türkmenistandaky öwlüýäler. Istanbul, 2000, 212, 213, 102 sah. 5. Ymam Abu Zekeriýa Ýahýa ibn Şeref Newewi. Ryýaz us Salyhun.(Ýagşyzadalaryň bossany). Beýrut, 2001 (محيي الدين أبي زكريا يحيى بن شرف النووي الدمشقي . رياض الصالحين .بيروت 2001 ). 6. Magtymguly. Saýlanan goşgular. Aşgabat, 1976,495sah. Gurbangül GUZUÇYÝEWA, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty. «MIRAS» žurnaly, 2013, №3. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |