09:14 Sowallarym bar | |
SOWALLARYM BAR
Publisistika
Siz pikir edýänsiñiz: Ukraina-Russiýa urşy turdy welin, Şwesiýa we Finlandiýa gorkusyna NATO-nyñ düzümine girmek isledi! Mesele şular ýaly kitçikdir öýdýäñizmi? Mundan on ýyl öñ Günorta Kipriñ NATO-nyñ düzümine alynmagy üns merkezindedi. Gündogar Ortaýer deñziniñ "soñky daýanç nokadynyñ" howpsuzlugynyñ juda möhümdigine garamazdan NATO birnäçe ýyllap nämüçin Günorta Kipri esasy meselesi edip almady? Hem näme sebäpli on ýyl birdenkä-birden Günorta Kiprde harby bazalar gurup, ygtybarly ýagdaýa getirilmek islendi? Günorta Kipr 2000-nji ýyllaryñ başynda iki möhüm "şärikdeşlige" gadam basdy: Ýewropa bileleşigine girdi, ABŞ bilenem gatnaşyklaryny pugtalandyrdy. "Annan meýilnamasy" şol döwür orta atyldy... Şol bir wagtyñ özünde: 2012-nji ýylda Günorta Kipr maliýe krizisine uçrady. "Laiki Bank", "Bank of Cyprus", "Hellenic Bank" ýaly Günorta Kipriñ banklary kyn ýagdaýa düşdüler. Ýewropa Bileleşiginiñ Merkezi banky, IMF dagy Günorta Kipri halas etmek üçin ýeñlerini çyzgady. Çünki olaryñ asyl gorkuzýan zat adada barha agramynh görkezýän rus kapitalydy. Ada Russiýanyñ täsiri astyna girýärdi! Hany, şugun Şwesiýa bilen Finlandiýa hakda gürrüñ edýäñiz-ä... Ine... On ýyl öñ üns merkezinde Günorta Kipriñ NATO alynmasy bardy. Hem mesele edil häzirki bolşy ýaly Russiýa bäsdeşligidi... Ýeri, Günorta Kipriñ NATO alynmagyna kim böwet boldy: Türkiýe! Edil şu günki bolşy ýaly... • NÄMÜÇIN HÄZIR? Ikinji jahan urşunda 60 million adam öldi. Dünýä agdar-düñder boldy. SSSR Polşa, Wengeriýa, Çehoslowakiýa, Rumyniýa, Bolgariýa, Albaniýa, Estoniýa, Latwiýa, Litwa, Moldawiýa, Ukraina ýaly ýurtlary basyp alyp, ýa düzümine birikdirdi ýa-da dikme hökümetler gurdy. Yzyndan "Sowuk uruş" başlady. 1949-njy ýylda NATO guruldy. 1955-nji ýylda Warşawa pakty guruldy. Şular ýaly sowuk döwürde Şwesiýa we Finlandiýa tarapsyz galmagy saýlady. Geçmişe ser salanyñda, isleseñ islemeseñ bir zady pikir edýäñ. Meselem Finlandiýa: Finlandiýa 1808-1917-nji ýyllary Russiýanyñ golastynda geçirdi. Bolşewistik rewolýusiýanyñ täsiri bilen Finlandiýada gyzyllaryñ we aklaryñ arasynda uruş turdy. Ýurduñ ilatynyñ bäşden bir bölegi bu uruşda wepat boldy. Ilki Gitlerçi Germaniýanyñ, soñ ABŞ-nyñ goldaýan aklary Finlandiýada häkimiýeti ele aldy. 1940-njy ýylda Sowet Soýuzy bilen Finlandiýa ýene uruşdy, hernä gysga wagtyñ içinde ýaraşyk şertnamasyna gol çekildi. Ýeri, goñşusy bilen ýyllar boýy şeýdip gelen Finlandiýa düýn NATO-nyñ agzasy edilmedi-de, indi näme üçin beýle höweslikä? Goñşusyny gižželemezlik üçin düýn ABŞ-nyñ "Marşal kömegini" almakdan ýüz öwren Finlandiýä şindi NATO girmek üçin näme sebäpli beýle çyrpynýar? Sowet Soýuzy bilen eden söwda gatnaşyklary arkaly Ýewropanyñ baý ýurtlarynyñ hataryna giren Finlandiýa näme üçin şu gün Russiýa bilen söwda dolanşygynyñ gerimini daraldýan ädimleri ädýär? Geçen hepde Russiýanyñ iñ uly elektrik toguny öndüriji we paýlaýjy "Inter RAO" mundan beýläk Finlandiýa berilýän elektrik togunyñ kesiljekdigini mälim etdi. • BU MEÝIL NÄMÄNIÑ HATYRASYNA? Dünýäde nämeler bolup geçýär? Hytaý-Russiýa liderligindäki Ýewraziýa güýçleriniñ garşysynda ejizlän ABŞ Ýewropany oda atjak bolýarmy? Ýewraziýanyñ ösüşini uruş bilen togtatmak isleýärmi? 1814-nji ýyldan bäri - 208 ýyllap hiç döwlete garşy ýeke ok atmazdan, iki jahan uruşynda we "Sowuk uruşda" hiç tarapa goşulmazdan gününi gören asudalygyñ ýurdy Şwesiýa nämüçin şindi NATO-nyñ agzasy boljak bolup jan edýär? Jogap hökmünde "gorkuzyldy" ýa-da "Putin endişesi" diýip bilersiñiz. Emma: jahan uruşlary we "Sowuk uruş" döwri bilen şu günki bolup geçýänleri deñeşdirip bolmaz. Gorky düýn has uludy! Düýn gorkmadyk Şwesiýa bu gün näme üçin gorkmaly? Meselem, 1952-nji ýyl. ABŞ-nyñ Şwesiýa beren "DC-3" uçary sowet istrebitel awlaýjysy "MIG-15" uçary tarapyndan urlup düşürildi. "DC-3"-iñ NATO üçin maglumat toplaýandygy ýüze çykdy! Ýagny... Şular ýaly konfliktlerem iki ýurduñ arasyna tow düşürip bilmedi, gel-gel şu gün Şwesiýanyñ NATO girme höwesini nähili düşündirse bolar? Parahatçylygyñ simwoly Ulof Palmeniñ ýurdunyñ harby pakta girjek bolup bular ýaly tagalla etmegine düşünmek kyn. Hiç "gorag galkany" pylan-pysmydan diýjek bolmañ. Iki NATO agzasy ýurt Türkiýe bilen Gresiýa özara uruşanda bu harby pakt näme etdi? Görnüşi ýaly täze "Sowuk uruş" döwri getirilýär. ABŞ Baltika deñizini NATO-nyñ kontrolyna almak üçin dünýäni howp astyna iterýär... Türkiýäniñ häzirki parahatçylykly syýasaty jümle-jahana göreldedir. Ol bu ugurda ýeke-de däl: Wengeriýa hem kabul edenok iki täze agzalyga talaşgäri! Günbatar metbugatynyñ şu günlerde näme diýýänini bilýäñizmi: "Türkiýäni we Wengeriýany azatlyk missiýasy NATO-nyñ hataryndan çykaralyñ!" Gopbamsylygyñyza bogulyp öläýesiñiz-dä, hernä! Soner ÝALÇYN. syalcin@sozcu.com.tr "SÖZCÜ" gazeti, 18.05.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |