01:29 Sowgat | |
SOWGAT
Goşgular
Ýadyñdamy? Äht edipdiñ birmahal, Aýrylmarys diýip ölýänem bolsak. Bize näme garaşýanyn takdyrda, Bilmeýänem bolsak, bilýänem bolsak. Bu şeýle-de bolmalydy aslynda, Aýralyga pursat bermekçi däldik. Emma bimahal çag mañlaýdan öwsen, Hijranyñ ýeline añalyp galdyk. Sen gitdiñ, bilemok ölümi diri, Men welin her günde ölüp direlýän. Eýesiz señsildäp köçede ölen, Itiñ maslygy deý gyra süýrelýän. Çynym bilen öldüm öýdýän şu gezek, Indi direlmäge galmady rowgat. Meýdim-ä ýer guçar, şeýtan almanka ~ Al, ruhumam saña berýärin sowgat... Has TÜRKMEN. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |