SOWGAT
Ol zergäriň ussahanasyna girenden, rejelenip goýlan bilezikleri, ýüzükleri, gulakhalkalary, gülýakalary görüp, aňalyp galdy. Olaryň her biriniň ýanynda mähri ganýança saklandy. Olar biri-birinden nepis, biri beýlekisinden owadanlygy bilen Gunçany bendi etdi. Ol ahyry törde öz işi bilen gümra bolup oturan ussanyň ýanyna bardy:
- Salam, armaweriň.
- Bar boluň. Geliň, geçiň. Heý, bir zat göwnüňizden turdumy? Näme saýladyňyz?
Zergär başyny galdyranda, Gunça gözlerine ynanmajak boldy. Onuň garşysynda öňräkki sergide gören görmegeý ýigdi otyrdy. Gunça onuň soragyna umumy ähäňde jogap berdi:
- Hemmesem ajaýyp. Birini alyp, beýlekisini goýar ýaly däl. Ýöne men, eger mümkin bolsa, gadymy usulda däl-de, başgarak, has hepis hem inçeden gelen owadan ýüzük ýasatmakçy. Özem sap altyndan bolup, başga bir nusgasy döredilmeli däl.
- Onuň gürrüňi bolmaz weli, şertiňiz kynrak eken. Sizde görüp, başga biri hem şony islese, ana, gepem şonda. Çünki biz il adamsy.
- Bir gezeklikçe diňe meňki bolaýyň.
Hydyr gyzyň ýüzüne dikanlap seretdi. Onuň gözüne gözi düşenden, Hydyry ýyldyrym uran ýaly boldy-da, gyzyň oýun edýändigine-de, çyny bilen aýdýandygyna-da düşünmedi.
Gunça öz sözlerine zergäriň başgaça düşünendiigini duýdy:
- Ýokary mekdebi tamamlap, ilkinji aýlyk hakymdan ussat zergäre ýasadan ýüzügimiň nusgasynyň başga birinde bolmagyny islämok. Bu meň üçin ömürlik ýadygär.
- Onda hany, eliňizi uzadyň, barmagyňyzyň ölçegini alaýyn.
Gunça ýaýdandy.
- Barmagymyň ölçegi 15. Şoňa laýyk edip ýasaýyň.
Öz hyýalyna gyzyň düşünendigini aňan zergär sypaýçylyk etdi:
-Has takyklyk üçin aýdaýdym. Göwnüňize hiç zat getirmäweriň. Kyn görmeseňiz, adyňyzy aýdyň, üýtgeşik eseri kim üçin döredýändigimi bir bileýin.
- Men Gunça. Doglan günüme çenli ýetişdirersiňizmi?
-Şeýle owadan gyzy doglan gününde sowgatsyz goýup bolmaz ahyry. Ýöne gitmänkäňiz, ýa telefon belgiňizi, ýa-da salgyňyzy aýdyň. Birden gerek bolsa, habarlaşaýar ýaly.
- Onda gaýrat ediň, ine-de işleýän edaramyň salgysy.
Bölejik kagyzy almak için elini uzadandan, Hydyryň üstünden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Ol birbada özüne näme bolýandygyna düşünip bilmedi. Kalbynda gopan harasat oňa uzak pikirlenmäge maý bermedi. “Söýgi ýyldyrym ýaly bolup, duýman durkaň, ýüregiň has çuň ýerinde çakýa diýýäler weli, şol çyn öýdýän. Bu gyzyň sesini eşiden badyma çakan ýyldyrym tutuş bedeni kül etdi . Ýagdaýymy duýmak üçin onuň enaýyja barmaklaryndan tutasym geldi. Elim eline galtaşsa, öz halyma düşünerin öýtdüm. Çünki, nazarlarlaryň sataşmagyny ýüregiň aýnasy hasaplaýan bilermenler teniň galtaşmasyny kalbyň duýgusy diýýärler. Belki, elinden tutan bolsam, Gunça-da meniň ýüregimiň gürsüldisini eşiderdi.”
Şol dem Hydyr öz-özüne garşy çykdy. “Meniň arzuw edýän zadymy. Şeýle owadan, sypaýy gyzyň ýüregini bir bakyşda ersdirip bilmek üçin ägirt söýgi gerekdir. Men bolsa, edil, ýap-ýaňyja körän inçejik umydyň ýesiiri. Indi henize çenli görülmedik ýüzük ýasap, öz elim bilen Gunçanyň barmagyna dakmaly. Belki, şonda ol meniň bir bakyşda dörän söýgimi aňar. Onuň degşip aýdan sözüniň aňyrsynda hakykatyň ýatan bolmagy ahmal. Belki, ol meniň ýanyma tötänden gelen däldir. Şäherde zergär kän. Ala-böle meniň ýanyma gelip, “Bir gezeklikçe ýeke meňki bolaýyň” diýmegi hem tötänden däldir. Tötänligiň aňyrsynda hakykat ýatyr diýilýäni belki, çyndyr. Onuň hol, aradaky sergide töweregimde kän aýlanan gyzlaryň biri bolaýmagy hem ahmal.”
Hydyr oýalndygyça, Gunçanyň öz ýanyna gelmegini diňe gowulyga ýordy. Ol ýüzügiň taslamasyny hyýalyna getirmek isläp, kän oýlandy. Ýöne ak kagyzyň ýüzünde galamy näçe ýöretdigiçe, pikiri şonça-da bulaşdy. Ol her gezek beýnisine agram berýän oýlaryň diňe ýüzük däldigini aň edensoň, hyýallaryň ummanyna özüni oklaýardy. “Bu çak beýnini Gunçanyň düýpsüz umman ýaly gözleri, galam bilen çyzylan ýaly gaşlary, ak maňlaýa dökülip duran alyn saçlary, al ýaňagy, ýylgyryp duran keşbi tutuşlygyna eýelän pillesi zehin üýtgeşik zat döredip bilmez. Gowusy, özümi ele alaýyn, salgyma çapmaýyn. Onuň gepiň gerdişigine görä aýdan ýekeje jümlesine imrinmäýin. Şeýle gözel gyzyň hyrydary kändir...”
Hydyryň gün-günden ynjalygy gaçdy. Çünki dostana döwletde geçiriljek sergä öz işleri bilen gatnaşmaly pursaty ýetip gelýärdi, sanalgy gün hem salymyny bermän, geçip barýardy. Çunçanyň doglan güni ýakynlaşsa-da, henize çenli belli bir taslamany unap bilmedik zergär köneden galan nusgalary ýene bir gezek gözden geçirdi. Şobada-da Gynçanyň “Maňa köne nusgada ýasalan däl-de, täze usulda, juda üýtgeşik ýüzük gerek. Özem ol ýeke-täk nusgada bolmaly” diýen sözleri beýnisinde ýaňlandy.
Ahyry ukysyz gijeler, irginsiz gözlegler netije berdi. Işim-işim inçejik altyn tarlardan ýüzügiň suduryny taslan zergär begenjine ýuwaşjadan hiňlendi:
Ýüwrük ýetmez uzagyna,
Düşdüm pelek duzagyna,
Meňli gyzyň ýüzügine,
Gaşlar goýsam kümüş bile...
- Danalaryň danasy Magtymguly atamyz Meňli gyzyň ýüzügine gaşy kümüş bilen goýan bolsa, men Gynça gyzyň ýüzügine göwher gaş goýaryn. Ol şeýle bir nepis hem owadan bolup, göreni haýrana goýar. Arman, men sowgady öz elim bilen gowşuryp biljek däl-dä. Onuň sülük ýaly barmagynda bu ýüzük hasam owadan görner. Gunçanyň arzuwlap ýeten pursatyny görüp bilmejegime gyýylýan.
Sergä gatnaşmak üçin zatlaryny taýýarlap ýören Hydyry ýüzügi Gunça nädip gowşurmalydygy baradaky alada az iňkise goýmady. Ol ahyyry sowgady inisinden ibermegi ýüregine düwdi.
- Indiki aýyň 17-sine irden şü edara baryp, Gunçany sorarsyň. Ýüzügi berip, bahasyny bilmeýändigiňi, meňem sergä gidendigimi aýdarsyň. Men gelen çagym oň bilen özüm habarlaşaryn.
- Oňa çenli özi gelse näme?
- Gelende ussahana ýapyk bolar, biz ertir irden uçýas.
***
Gunça zergäri biynjalyk etmezlik üçin sargydyndan häli-şindi habar tutup durmagy özüne uslyp bilmese-de, ertir doglan güni diýlende ussahana bardy. Onuň gapysynyň ýapykdygyny görüp, jany ýanan Gubça näme etjegini bilmän, iki ýana elewredi. Zergär bir iş bilen çykyp gidendir diýip güman edip, esli mahallap garaşdy. “Juda ökde zergär diýensoňlar, ýüz tutdum weli, bulam allap uran ýaly etdi meni. Hany, ýene birsellem garaşaýyn, bolmasa, irden ýene aýlanaryn-da.”
Arzuwyna ýetip bilmedik Gunça näçe arkaýynlyga salaýyn diýse-de bolmady. Öz-özüni rahatlandyrmaga çalyşýan gyza içinden turýan injejik alada ynjalyk berenokdy. Beýnisinde aýlanýan pikirler biri-birine garşy çykýardy. “ Daşyndan göräýmäge ýalan sözlejege meňzemeýän ýalydy weli, bü näme etdigi bolduka onuň. Ýögsa men oňa işleýän edaramyň salygyny hem aýtdym, el telefonyň belgisini berdim. ”
Irden gelende-de ussahananyň gapysynyň ýene ýapyklygy Gunçany halys aljyratdy. Ol göwünli- göwünsiz işe bardy. Iş otagyna baranda Gunça gözlerine ynanmady. Otagyň içinda dürli güllerden ýaňa aýlanara ýer ýokdy. Işderş joralarynyň ýanynda ýylgyryp duran Annanury görenden Gunça nämäniň nämedigine düşündi. Çünki bu ýere işe geleli bäri Annanur Gunçanyň daşynda hozanak ýaly pyrlanýardy. Ynha, indem ol duýgusyny gülleriň üsti bilen beýan etmäge çalyşýar. Gyzlardyr Annanur Gunçany doglan güni bilen gutlap, süýji-süýji arzuw etdiler. Ýöne bu çak Gunçanyň bar küýi-küçesi zergär ýigitdedi. Annanur-da, onuň ter bägüllerden baglanan ajaýyp çemenleri-de gözüne görnenokdy. Ol arzuwly ýüzügi barmagyna dakmadygyna ökünýärdi. Şol aralykda Gunçany bir ýigidiň soraýandygyny aýtdylar. Gunça onuň zergär ýigitdigine ynanjyna begenjinden otagdan nädip çykanynam bilmedi. Sebäbi bu wagt onuň ýüregi diňe bir adamy-zergäri küýseýärdi. Ol gapydan çykyp-çykman, gözi bilen Hydyry gözledi. Tanyş ýüze gözi düşmänsoň, duran ýerinde doňup galdy. Agasynyň salgyndan Gunçany tanan ýaş ýigit oňa golaýlady.
- Salam, siz Gunçamy?
- Hawa, men Gunça.
- Şuny size elin gowşurmaly, hemem doglan günüňiz bilen gutlamaly diýdiler. Alyň, muny size Hydyr iberdi.
Enaýyja gutujykdaky ýüzüge gözi düşen Gunça duran ýerinde diriň-diriň bökdi.
- Sag bol, taňyrýalkasyn. Men ussahana düýnem bardym, şu günem irden habar tutdum weli, zergäri tapmadym.
- Ol daşary ýurtda guralýan sergä gatnaşmaga gitdi.
- Muň bahasyny biz ozal gepleşmändik weli, näçe bermelikä?
- Onçasyny özi gelenden soň biläýmeseňiz, maňa hiç zat diýmedi. Ine, meniň el telefonymyň belgisi, jaň edip, habar tutup bilersiiňiz. Adym Aýhan.
Tylla ýüzügi barmagyna ildiren Gunça begenjinden uçaýjak boldy. Ol gele-gelmäne joralaryna ýüzügini güjeňledi. Uşajyk göwher gaşlar bilen bezelen ýüzügiň görnüşi-de, öwşün atyşy-da üýtgeşikdi. Gyzlar biri-birinden öň Gunçadan zergäriň salgyny almaga howlukdylar.
- Salgy bermeg-ä kyn däl weli, indi ol edil şunuň ýaly ikinji ýüzügi ýasamajakdygyna söz berdi.
- Näme o zergäriň zehini bir ýüzükde gutaraýdymy, ýa başga bir emmasy barmy?
- Emmasyny aýdyp bilerin öýdemok. Ýöne men şü ýüzügiň diňe mende bolmalydygyny haýyş edemde zergäriň uly höwes bilen ylalaşandygyny aýdaýyn.
- Diýmek...
- Şeýleräk ýaly.
Gunçanyň köp manyly jogaby Annanura ýaramady. Ol muny bildirmezlik üçin sypaýçylyk etdi:
- Owadan ýüzük, nesip etsin...
Gunça ýüzügi wagtynda alandygyna begense-de, zergär ýigidi görüp bilmändigine gynandy. Çünki bu ýüzügiň çyn yhlas, söýgi siňdirilip ýasalandygy görnüp durdy. Gunça daşary ýurtdaky sergide Hydyryň işleriniň öwgä mynasyp bolandygyna çaga ýaly begendi. Ýöne Aýhanyň aýdanlary ony ýaýdandyrdy. “Şol ýurduň ýokary okuw mekdebiniň talyplaryna türkmen zergärçiliginiň gadymy däplerinden sapak bermek üçin Hydyry şertnama esasynda alyp galypdyrlar.”
Gunça her daýym Aýhan bilen gepleşip, Hydyryň haçan geljekdigi bilen gyzyklanýardy. Her gezek şol bir jogaby eşitmek onuň üçin agyr jezady. Ahyry Aýhan Hydyryň telefon belgisini aýdyp, ol ýurda nädip jaň etmelidigini düşündirdi. Günça tanyş sesi eşidenden çaga ýaly begendi.
- Gynça, jaň edeniň gowy bolaýdy. Doglan günüň bilen gutlap bilmedigime gynanyp ýördüm. Bü ýeriň wagt tapawudy uly bolansoň, haçan jaň etmelidigine hem düşünmek kyn. Sowgat göwnüňe ýaradymy?
- Ýüzügiň kemi ýok. Meň isleýşimden hem nepis çykypdyr. Ýöne muzduny tölemämsoň, birhili amanat ýaly bolup dur.
- Birhilisi bolmaz. Nesip etsin. Galan zady baranymdan soň gürleşeris. Sen kyn görmeseň, käte jaň edip dur. Sesiňi eşidenimden, Watana dolanan ýaly boldum.
Gunça indi Hydyr bilen aram-aram gürleşip duransoň, birneme ynjaldy. Ýüzügini elinden aýyrman dakynýardy. Her gezek ýüzüge gözi düşende Hydyryň mähirden doly gözlerini ýatlaýardy. Onuň daşary ýurtdan tizräk gelmegini arzuwlaýardy. Şonda ol kalbynda dörän bu inçejik umydyň köklerini yzarlamaga çekinýärdi. Çünki duýdansyz dörän duýgynyň ýüregiň haýsy damaryndan gaýdýandygyny aňşyrmak üçin wagtyň gerek bolşy ýaly, ony takyklamagyň zerurdygyna düşünýän Gunçany başga bir pikir alada goýýardy. “Meň Hydyra göwnümiň gidendigini boýun alanym bilen hiç zat üýtgänok. Ol daşary ýurtda, men bolsa bärde. Onuň mende göwni barmy-ýokmy onam bilemok. Gepinden-sözünden hem aňşyrmak kyn, haçan geljegi hem näbelli. Öz ýanymdan oňa bil baglap, Annanuruň yhlasyny ýere çalsam, soň ökünäýmegim hem ahmal. O nerese daşymda hozanak. Ýöne meňki öňde biriniň “Biz söýmedigi söýüp, azara galýas” diýşi ýaly bolýar.”
Gapma-garşylykly pikirler onuň dünýäsini oýmagyň içinde aýlandyrýardy. Ol hyýalynda bir pursat dünýäniň aňry ujunda ýören Hydyr bilen ýüzbe-ýüz bolsa, ýene bir pursatda Annanuruň keşbi göz öňünde janlanýardy. Şonda ol ogulhajatyndaky tylla ýüzük barmagyny gysyp-gowrup barýan ýalyy duýýardy. Gunça munuň sebäbini aňşyrmakçy bolup, barmagyndaky ýüzügi pyrlap goýberdi. Ýüzük inçejik barmakda borram-boş aýlandy. “Bu meň göwnüme eken. Gep ýüzükde däl, ony ýasanda. Onuň nä hyýaldadygyny bilman, öz ýanymdan halap, başagaýlap ýeren bolmagym hem ahmal. Ýeri, bir gezek göreniňde şeýdip, göwnüň gidäýmelimi diýsene. Ýöne olam yhlas bilen ýasan ýüzüginiň muzduny almady. Şeýle gymmat ýüzügi doglan günüme sowgat etdi. Bu ýerde bir alamat bar ýaly, ol, megerem, söýgi alamatydyr. Onuň şo gezekki garaýşynda soňsuz mähri duýupdym. Ýeri, mähirli garaýyşdan söýgi bolýarmy diýsene? Adam ýöne bir göwnüniň giden zadyna-da şeýle garalýar ahyryn. Men bolsa öz ýanymdan ony eziz duýga deňeýän. Özüme şol duýgyny bagyşlaýan Annanury weli, görmedik bolýan. Hany, şu gezegem doglan günými belläýin, bular barada soň pikir ederin...”
“Soň oýlanaryn” diýse-de, bu pikirler Gunçany gününe goýanokdy. Doglan güni irden işe gelende edaranyň gapysynda Aýhanyň durmagyny nämä ýorjagyny bilmedi. Sypaýçylyk bilen sorandy:
-Aýhan, irläpsiň-le?
- Hydyr sizi doglan günüňiz bilen gutlamagy hem-de şujagaz sowgady gowşurmagy haýyş etdi. Alyň, bular size.
- Hydyr geldimi, ol nirede?
- Ýok gelenok, ol näler geljek weli, şertnamasyny ýene bir ýyl uzaldypdyrlar
- Aýhan, gaty görmäň, men bu sowgatlary kabul edip biljek däl. Taňryýalkasyn.
- Munyňyz boplanok. Hydyr gynanar. Watandan daşdaky adamy ynjytmak gowulygykdan däl diýýäler.
- Belki, şeýledir ýöne meni bagyşlaň,özüni görmän, ikinji gezek ondan sowgat alyp biljek däl.
- Gaýrat edip, alyň, özi gelensoň, yzyna gaýtaryp bilersiňiz.
Gunça sowgady alaçsyz kabul etdi. Iş otagyna girende Annanur oňa garaşyp durdy. Ol gujagyndaky bägülleri Gunça uzatdy:
- Gunça, seňem edil şü bägüller ýaly mydama gözel bolmagyňy, bagtyýar durmuşda ýaşamagyňy arzuwlaýaryn.
Gunça gülleri bir tarapa goýdy-da, getiren süýjüliklerini orta goýdy.
- Gyzlar, alyň süjülikden dadyň.
Soňam ol ýuwaşlyk bilen gyra çeklildi-de, gutyny açdy. Çyranyň ýagtysyna ýüzügiň göwher gaşlarynyň göz gamaşdyryjy suglasy ýüzüne düşdi. Ol ýüzügi gutudan çykarjagyny-çykarmajagyny bilmän ýaýdandy. Ýüzügi görüp, Annanuruň ýüzi boz-ýaz boldy, näme diýjegini bilman, esli salym ýaýdanyp durdy. Işdeş joralary Gunçanyň daşyny galladylar:
- Ýaşyň gutly bolsun, myradyňa ýet!
Näme etjegini bilmän duran Gunça ýene-de şol öňki oýlaryna dolandy. Hyýalynda Hydyr bilen Annanury deňeşdirip durşuna Annanuruň çykyp gideninem duýmady. “...Hydyryň men barada ýyly duýgusy bolmasa, dünýäniň aňry ujunda gezip ýören ýerinden bir gören gyzyna ýene bir gymmat ýüzügi sowgat etmezdi. Belki ol, käbir halklaryň öz duýgusyny ýüzük arkaly subut edýänligi üçin şeýdendir. Ýa men salgyma çapýarmykam? Göwnünde-ýüreginde bir duýgy bar bolsa, şü çaka çenli ýüze çykaraýjak ýaly weli, elbet, özüne ynamy ýok bolmagy hem ahmal. Annanuruň yhlasy weli, bü görlen däl. Neresse göwnümden turjak bolup, başagaý. Onuň sowgat edýän mahmal bägülleri ýürejigini açyp dur-da...”
Gunçanyň pikire batandygyny gören boýdaşlary ýerli-ýerden sowal ýagdyrdylar:
- A gyz, birden ümsüm bolaýdyň-la, hany, totry kes, agzymyzy süçjüdeli.
- Torty günortan çaý başynda iýeris. Häzir agzymyza bir kemput atyp, işli-işimiz bilen bolmasak, aýyň ahyryna çenli hasabaty gutaryp bilmeris.
Bar ünsüni jemläp, işe başladymmykam diýse-de, Gunçanyň hiç zat bilen seri ýokdy. Ol gutujygy gaýtadan açdy. Ýüzügiň lowurdap duran göwher gaşlary ony imrindirdi. Ol ýüzügi barmagyna ildirdi. Ýüzük juda owadandy. Altyn halka onuň sülük ýaly barmaklaryna gelşip durdy. Gunçanyň gabat garşysynda oturan Jemile ýüzügi görenden tarsa ýerinden galdy.
- Ýüzügi täze aldyňmy? Öz-ä üýtgeşik zat eken.
Gunça birbada näme diýjegini bilmän ikirjiňledi. Soňam ýüregindäkini dile getirdi:
- Muny öňki ýüzügi ýasan zergär ýigit iberipdir. Menem nätjegimi bilemok. Almajak bolsamam jigisi kes-kelläm etmedi. Sowgadyny kabul etsem, men oňa borçly ýaly bolýan.
- Belki, ol seni halaýandyr, şoň üçinem ýüzük sowgat iberýändir. Özüň bilýäň, ýüzük bilen söz aýdýan ýigitler kän ahyry.
- Ýüzük sowgat bereniň bilen ýüregiň syry açylanokmyka diýýän. Onuň üçin ýyly söz, mähirli garaýyş gerek.
- Ýürekden halaňda söz hökmän däl, şol sözi dile getirmänem duýgyňy duýdursaň bolýa. Ana, Annanura seredäý, onuň getirýän mahmal bägülleri seniň duýgyňa täsir edenokmy? Bilermänler gyrmyzy bägüller ýanyp duran söýgiň alamaty diýýäler. Sem weli ony duýaňok.
- Men duýýan, ýöne ýüregime düşünemok. Ol birden-ä Hydyra ymtylýan ýaly, birdenem Annanura. Käte oturyp-oturyp olaryň hiç haýsy üçinem ýüregimiň üzülip barmaýandygyna gynanýan. Ýogsam Hydyry ilkinji gezek göremde nähilidir bir üýtgeşik duýgy kalbyma dolan ýalam boldy. Olam näme gözden giden zadyň ýürekden hem gidýänligi üçin dura-bara gidendir-dä. Annanuruň yhlasynam duýýan. Ýöne oňa-da imriniberemok. Belki, meň ýüregim sňügi üçin ýapykdyr. Annanurlar gudaçylyga geleli bäri ejemem günüme goýanok. “Ölümden başga zadyň iri ýagşy, saňa-da durmuş gurmaga wagt boldy” diýip, gulak etimi guradýar. Häzir ol baradaky pikiri ertä goýaýyn diýsemem, kalbymyň çuň erinden dörjeläp dur. Käte-käte şol ünji bütin durkum bilen gaplap alýar-da,durşum-düýrmegim bilen bendi edýär. Dogrusyny diýsem Annanura-da nebsim agyrýa, şonda-da oňa ýüregim edenok. Bir zat çig ýaly bolup dur.Ýogsam onuň meni jany-teni bilen halaýandygyny bilýän, ýöne ýaňky aýdyşym ýaly, öz ýüregime düşünemok, onuň haýsy tarapa agýandygyny aňşyryp bilemok. Sen aýt, men näme etmeli?
- Ýüregiňi diňle diýsem-ä oňa özüňem düşüneňok. Wagt hemme zady öz ýerinde goýar diýäýmesem...
- Öňde bir gyzyň ertir toýy diýlen güni: “Gelen ýyllar geläsi, ertir haçan bolasy” diýşi ýaly, şol wagtyň haçan geljekdini bir bilsedim.
- Onda ejeňe sawçylaň habaryny alyberiň diýäýmeseň.
- Heniz garrap baramok, bü gürrüňi soňa goýsagam bolman duranok, Jemile jan.
- Özüň bil, soňa goýsaň, ökünäýmeseň.
- Ýazgytdan çykyp bolmaz.
Şol gün işden gelende Annanurlaryň habarynyň alnandygyny eşidende Gunça näme diýjegini bilmedi. Gyzynyň bü habary sowuk-sala kabul etmegi enäni ynjalykdan gaçyrdy:
- Başga halaýanyň bolmasa, şolardan gowa duşaryn öýütme. Ogullary seň bilen bir edarada işleýärmiş, özem sen diýip kökenekmiş. Saňa başga näme gerek?
- Eje jan, şu çak maňa durmuşa çyk diýme. Ýene bir ýyljyk gezeýin, onsoň görübereris...
- Ýeri, bir ýyl saňa näme berýä, eýýäm ýigrimi dört ýaşadyň. Türkmençilikde gyz maşgalanyň ýeňsesi näçe ir ýapylsa, şonça gowy görülýär. Senem kejeňekligiňe tutup durma-da ylalaşaý. Men saňa ertir toý diýemok, güýze çenli wagt kän. Oýlan, ölçer. Göwnüň başgada bolsa-da ony aýt.
Ejesine belli jogap berip bilmedik Gunça uzakly gijäni çirim etmän geçirdi. Beýnisinde at çapýan gapma-garşylykly oýalar ony dälilik hetdine ýetirdi. Ol bu bulam-bujar pikirlere çydap bilmän, düşekden syçrap galdy. Ylgap aýnanyň öňünde duran gutujyklary açdy. Ýüzükleri ýeke-ýekeden barmagyna dakyp gördi. Soňam olary emaý bilen ýerinde goýup, ullakan sebedi dolduryp duran mähmal bägülleriň gapdalynda saklandy. Ýaňy açylyp barýan gyrmyzy gülleriň hoşnut ysy beýnä doldy. Şol pursat onuň gözüniň öňünde Annanuruň mähirden doly nazary peýda boldy-da, güllere tarap nähili egleninem duýmady...
Ogulgerek Ussaýewa.
Hekaýalar