21:20 Söýgi hakda kyssa / hekaýa | |
SÖÝGI HAKDA KYSSA
Hekaýalar
Men saňa hat ýazmaga başladym. Näme ýazsamkam? “Men seni söýýän, sensiz ýaşap bilemok” diýsemmikäm! Hawa, men seni söýýän. Sensiz ýaşap bilemok. Sen bolmasaň dünýäň, durmuşyň gyzygy ýok. Sen ony mendaen näçinji gezek eşidýärkäň? Birine göwün berip, bu sözleri gaýtalamadyk, diýmedik adam barmyka? Ýöne bu sözleri her kim özüçe, öz ýüreginiň sesine görä dile getirýär. Ol eşidýän üçinem, diýýän üçinem ýakymly. Şonuň üçinem näçe gaýtalansa-da ol öz şirinligini, ýakymyny ýitirenok. Asyrlar aýlanyp, müňýyllyklar dolansa-da “söýgi” sözüniň gymmatam, gadyry-da gaçanok. Gaýta her döwürde ol bir hili röwüşe girýär-de, ynsan kalbyna nur çaýýar. Onsoň ynsan şol sözüň gudraty bilen diňe ýagşylyk döredýär, ýagşylyga ýaran bolýar. Öten agşam men bir geň düýş görüpdirin. Töwerek-daş şeýle bir owadan weli, söz bilen beýan eder ýaly däl. Men bir depäniň üstüne çykyp, şol gözelligi synlaýan. Birdenem gül-çemenli sähranyň o başynda sen göründiň. Göýä, şol ajaýyp gülleri basgylamaga dözmän duran ýaly bolup durşuňa maňa tarap eliňi galgytdyň. Men saňa tarap ylgajak boldum... Şo pursat tisginip oýandym... Ýüregiň küýsäni bilen hyýalyňda duşuşmak bagtmyka ýa-da öz-özüňi köşeşdirmek ýaly bir zatmyka? Käte şular hakda saňa gürrüň bereýin diýýän. Ýene-de meni bir zatlar saklaýar. Sen hakda söz açmaly bolsa, duran ýerim. Dilimi Gara molla baglan ýaly bolaýýan. Belki, şu zatlary saňa şu çaka çenli duýdurmajak bolup ýörşüm hem şonuň üçindir? Belki-de, şol üýtgeşik duýgyň kalbyma salan şuglasy zehinimiň gözüni gamaşdyrýandyr. Ýogsam beýle bolmaly däl ahyry... Ine, men ýene-de saňa garaşýan. Indi düýşümde däl-de, huşumda. Özem ol meniň hyýalymda döreden öýümde. Onuň töwerek-daşy edil düýşümdäki ýaly çemenzarlyga bürenipdirmika diýýän. Edil şu pursat ýumşajyk düşekden çykasym gelenok. Ýogsam eýýäm daň tilkiguýruk bolupdyr. Hä diýmän, altyn güneş tegelenip ýerden galar. Ýagtylyk hemme zady görmäge, aýyl-saýyl etmäge mümkinçilik berýär. Şu pursatyň ynsan durmuşyna aýratyn bir many berýän bolmagy ahmal. Beýik Tagala adamlary aýak üstüne galdyrmak üçin ýörite daň atyrýar, Gün dogýar. Hol-ha, açyk penjireden görünýän gök asmanyň düýbi durnaň gözi ýaly dury. Kä ýerde, kä ýerde gaýmalaşýan akja bulutlar näzenin gelniň boýnuna dakylan dür monjuk ýaly lowurdaýar. Dem salym şol bulutlara çykyp, bu gözel dünýäni hezil edip synlasym gelýär. Aňňat-aňňat gum depeleri, belent-belent daglar, ak ýol ýaly bolup akyp ýatan derýalar, düýbünde älem syryny gizleýän ummanlar, baglar... güller... ak ýollar... Bu gözelligi synlamagyň, onuň mährinden ganmagyň kalba neneňsi ýakymly duýgulary guýýandygyny aýdyp otyrmaýyn. Çünki ynsan tebigatyň perzendi. Onsoň onuň perzendi bolup, ene topragyň mährinden ganmak bolarmy? Ýöne edil şuş-şu pursat kalbymda ýene bir inçejik duýgy öz bardygyny duýdurdy. Olam seň bilen baglanyşykly şirinlik. Ine, häzirem men saňa garaşýan. Geleniňden seni hyýalymda guran dünýämiň törümde oturdyp, daşyňda hozanak bolaryn. Men şeýdip seni hana-soltana deňeýän. Senem meni mähriň bilen guçup, nazaryňdan otly uçgunlary syçradýaň. Şol pursat dünýäde ikimizden bagtly adam ýok ýaly görünýä maňa. Töwerek-daş gözellik, diňe ikimiz. Sen hem men. Şu pursatyň ömürlik ýadymda, hakydamda galmagy üçin gözümi ýumdum. Seniň ýumşajyk elleriň ýylysy birbaş meniň ýüregime ýetdi. Men seniň elleriň sazandanyňky ýaly ýumşaklygyna haýran galýan. Şol eller elime kaklyşanda, edil häzirki ýaly duýgulary başdan geçirýän. Edil häzirem şol mähre eräp barýan göwräm elendi. Gözümi açsam, ne sen bar, ne-de hyýalymda guran şol mukaddes öýüm. Durun indi serhowzuň başynda serimsal bolup. Men hyýalymda guran öýümi şäheriň ak binalarynyň arasyndan gözläp başladym. Ýöne men onuň salgysyny unudaýypdyryn. Indi şol ikimizi bir göwrä öwren öýi gözläp, beýnä dolan pikirleri ýazga geçirip otyryn. Men bu haty saňa niýetläp ýazdym. Men onuň adyna “Söýgi hakda kyssa” diýip goýdum. Hawa, söýgi hakda kyssa. Bu kyssanyň haçan başlanyp, haçan gutarýandygyny bilýän ýok. Ony hiç kim, hiç haçan bilmezem. Diňe adam öz kalbynda şol duýgy dörän pursaty bu kyssany okap biler. Oňa çenli ol kyssa tutuş dünýäni gursagyna gysyp, adamlary şol mähre imrindirer. Onuň mähriniň, süýjüliginiň neneňsi şirinligine her kim öz ykbalyna görä, şol duýga, şol kyssa düşünişine görä baha berer. Çünki ýüregi aldap bolanok. Söýgi kyssasy bolsa diňe hakykaty sözleýär. Dogrusy, men bu kyssany öz ýüregimiň duýuşyça beýan etdim. Belki, seniň ýüregiň ony başgaça kabul eder. Onuň mährini, süýjüligini başgaça duýar? Kim bilýär? Belki-de, bu kyssa ikimizi şol hyýalymda guran öýümde duşurar? Men şoňa ynanýan. Durkum-düýrmegim bilen ynanýanam, garaşýanam. Sebäp ýürek bilen uýup garaşan zadyň hökmün wysal bolýarmyş. Men seýilgärlere seýle çykamda tötänden saňa duşasym gelýär. Sebäbi tötänlik bagt getirýämiş. Onsoňam men şol ýerde seni gözläp, seni yzlap diňe gözelliklere sataşýan. Şolam bir uly bagt. Gözelligi görmek, ondan ylham almak ýürege joşgun berýär. Ýüregiň ylhamdan, söýgüden dolup duran putsaty tutuş dünýä aşyk bolýaň. Durmuşy, adamlary hasam beter söýýäň. Şonda töweregiňde gezim edip ýörenleriň dünýäsine düşünesiň, söýgi bolup kalplara dolasyň gelýär. Öz söýgiňi dünýä ýaýasyň gelýär. Ömür tiz geçýär, wagt tiz dolanýar. Heniz gijä galmankaň, bu dünýäniň iň gowy zatlaryny özüňe siňdirip, özüňdäki bar zatlaryň ýagşysyny ile ýaýmaly. Munuň üçin ýagşylyk, gözellik, söýgi ýüregiňden turmaly. Sebäbi dünýä adam bilen bir göwre, adam ynjasa, dünýä ynjaýa. Şonuň üçinem kalbyň, gursagyň mydama ýagşylykdan dolup durmaly. Şonda göwräň kuwwatlanan ýaly üýtgeşik bir duýgyny başdan geçirýäň. Meň ünsüm ýene başga zatlara sowulandyr öýdäýme! Meni söýgi ody aldym-berdime salyp barýar. Ol duýgy bu dünýäň özi ýaly garry, ter bägül ýaly ýakymly, ýaňy dogan bäbek ýaly ýaşajyk söýgi kalbyňy heýjana salanda ne-hä aýtjak zadyňy aýdyp bilýäň, ne-de sözleme nokat goýup bilýäň. Onsoň köňül köşgüňe girip, onuň tylla tagtynda ýerleşen şazadaň bilen ikiçäk galanyňy kem göreňok... Söýgi hakda kyssa ... Gör, olar näçekä? Şol kyssany ýazanlaram, ony ýürekleriniň üstünden geçirenlerem onuň şirinliginden dadandyrlar. Allatagala biziň kalbymyza söýgi guýup, bu dünýäniň iň süýji dadyny dadyrdy. Şol tagamdan binesip bolmagy Alla görkezmesin. Kalbyňda söýgi ody tutaşmasa, bu ýagty jahanyň hem gyzygy bolmajak ýaly. Diňe söýgi, hawa, diňe söýgi dünýä düşünmäge ýardam edýär. Ýaşamaga ruhy güýç berýär. Kä birleri güýz pasly kalbyňda gussa döredýär diýip hasaplaýar. Ýöne meň üçin-ä beýle däl. Altyn güýz dünýä rahatlyk berýär. Daragtlar saralan ýapraklary ýere gaçanda indiki baharda hökman ýaşajyk ýapraklaryň çykjakdygyna ynanýarlar. Şol ynamy döredýän güýze gudrat bar. Sebäp ynam ynsan ýüregini aýratyn hyjuw bilen gurşaýar. ýaňy otlar ýaňy örüp başlanda kalbyňda gopýan harasady diňläp gördüňmi? Adaja şemala gaýyp, gaçýan tylla ýapraklaryň ýerde çekýän keşdesini synladyňmy? Ana, şoňa meň özüm-ä söýgi hakda kyssa diýmek isleýän. Her urgusynda söýgi hakdaky kyssany durşy-düýrmegi bilen gaýtalap duran toprak onuň soňlanmajak mukamyny çalýar. Ýene bir zat aýtmakçy men saňa. Adam oglunyň ömri ýylyň dört pasly ýaly böleklere bölünýän bolsa, men tylla güýzi ilkinji orunda goýardym. Güýzde dünýä täzelenen ýaly bolýar. Edil biri-birini halaýan juwanlaryň nikadan geçişleri ýaly, ol pasyl seniň kalbyňdaky duýgularyňy dolulygy bilen dünýäňe geçirýär. Galany seniň şol duýgyny näderejede gorap bilýändigiňe, näderejede belende göterip bilýändigiňe bagly. Ine, men saňa şu hakykaty ýetirmekçi bolýan. Söýgi hakda kyssa... Bu meniň ýüregimden, tutuş süňňümden syzylyp çykan hakykat. Şol hakykata özüm-ä ömürboýy tagzym etmäge taýyn. Sen nähili görýäň? Eger sen ýanymda bolsaň, söýgüniň ajysynam, süýjüsinem deň çekişip, oňa kalbyň töründe baky orun berseň, onda bu kyssamyň hakykata öwrüldigi bolardy. Ogulgerek USSAÝEWA. | |
|
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |