12:53 Söýgi näme? | |
SÖÝGI NÄME?
Hekaýalar
(Çagalaryñ düşünjesine görä) :) Söýgi – bu haçan-da gyzjagaz-a ejesiniň atyryny, oglanjygam kakasynyň atyryny sepinip, bilelikde gezmelemäge çykmaklary we ýöräp barýarkalar biri-birini ysgap görmekleri. (5 ýaşlyja Wepa); Söýgi – bu meniň kakamyň ejem bäbekhanadan jigim bilen geleninden soň bolşy ýaly, seniň biçak ýadaw bolsaňam näme üçindir ýylgyryp ýörmegiňdir (4 ýaşlyja Sülgün); Söýgi – bu haçan-da meniň ejemiň, irden kakam işe gitjek bolanda oňa bir bulgur kofe ýasap berende, ilki onuň tagamyny barlap görmek üçin ondan bir gezek owurtlap kakama bermegidir (6 ýaşlyja Bägül); Söýgi – bu hemişe ogşaşyp ýörmekdir. Haçan-da ýadanyňdan soň bolsa, barybir biri-biriňden irmän ýene-de gepleşmegiňi dowam etmäge ýaramagyňdyr. Ejem bilen kakam ine şeýle. Olar men görmeýändir öýden ýerlerinde hemişe boluşlary şonuň ýaly (5 ýaşlyja Juma); Söýgi – bu seniň kakaň saňa doglan günüňe sowgat beren güjüjegi sen ýanyna baranyňda eliňi ýalamagydyr (5 ýaşlyja Gülnar); Söýgi – bu... Umuman, haçan-da sen kimdir birini çynyň bilen söýýän bolsaň, onda seniň kirpikleriň birden-ä ýokaryk göterilýärler, birdenem aşak gaýdýarlar, şonda-da seniň gözleriňden kiçijekge ýyldyzjyklar daş-töwerege syçrap gidýärler (4 ýaşlyja Oraz); Söýgi – bu...Biýemok men-ä... (3 ýaşlyja Janmyrat); Söýgi – bu...goňşumyz Anna keýtigiň gyzy Keýikjemal (7 ýaşlyja Hanmyrat); Söýgi – bu...diňe kakaň ýeke özi däl-de, öýňüzde ejeňem bolsa... Ejemi göresim gelýä... (6 ýaşlyja Mergen); Söýgi – bu...Şü partadaşym Jally bir akyllyja bolsa, saçymdan çekmese...Ine bir bahymrak ulalaýyn, onsoň oňa öýlenerin-de onuň işini görerin...Kakam ejeme mydama şeýle diýýär: “Eňek bermeýädiň welin, öýlendim-de seniň işiňi göräýdim” diýýä, ol... (7 ýaşlyja Jemal); Söýgi – bu...hol klasdaşym Jümmiňki ýaly bet tigriň bolsa... Kakam: “indiki aýlykda äberjeg-ä” diýdi, ýohham ony ejem igeläp goýmaýamyş... (7 ýaşlyja Sary); Söýgi – bu kelläňde ýekeje-de saç galman düşmegi bolaýmasa...Kakam ejeme hemişe: “şü seni söýüp-söýüp depämde gyl galman gaçdy” diýýä... Men-ä ýöne, söýüşjekgä...Sebäp diýseň saçsyz bolanyňdan saçly bolsaň gowy (6 ýaşlyja Geldi). Çeşmesi: http://prikol.i.ua/view/500260/. Üýtgedilip alyndy. | |
|
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |