01:42 Şu alamatlara üns beriñ!!! Töweregiñizden gara sudurlar geçýän bolsa... ukudaka ýykylan ýaly bolsañyz... | |
ŞU ALAMATLARA ÜNS BERIÑ!!! TÖWEREGIÑIZDEN GARA SUDURLAR GEÇÝÄN BOLSA... UKUDAKA ÝYKYLAN ÝALY BOLSAÑYZ...
Eger şular ýaly zatlar başyñyzdan geçýän bolsa, jyn urandygynyñ alamaty bolup biler. Bu barada Kady Abdyljabbar el-Hemezany şeýle diýipdir: "Jisimleriñ açyk-aýdyñlygy we howa ýalydygy barada orta atan delilleriñiz sahyh bolsa, öwsen şemalyñ eşigiñ ýyrtygyndan tenimize girişi ýaly jynlaram bedenimize girip biler. Bu jöwherleri bir çarçuwada toplap bolmaz. Çünki olar diñe ýerleşme ýoly bilen däl, ýakynlyk ýoly bilenem bir ýere jemlenýärler. Açyk-aýdyñ jisimiñ gaba girişi ýaly, olaram biziñ endamymyzyñ içine girip bilýärler". Şeýhulyslam Ibn Teýmiýe bolsa şeýle diýipdir: "Jynyñ adam bedenine girip bilýändigine ehli-sünnet ymamlary biragyzdan güwä geçýärler. Munuñ özi bu boýunça düýpli gyzyklanyp öwrenen adamlaryñ şaýatlyk eden we duýan zadydyr. Ol garaguşlynyñ, ýagny tutgaý keselliniñ (epilepsiýalynyñ) içine girýär, onuñ bilmeýän, hatda özüniñem bilmeýän görnüşinde gürleýär. Hatda bir düýäni ursa, öler ýaly edip urýar. Muny garaguşly duýmaýaram. Beýik Allatagala "Şeýtanyñ galtaşyp uran kimsesi ýaly..." diýýär". • Jynlar endamyñ haýsy ýerinden urýar? "Uran ruhlaryñ, urýan esasy üç ýeri bar: beýniñ ýady, saçyñ düýbüniñ gün gören ýerleri, jynsy organlara agalyk edýän merkez". • Adamlary urma sebäpleri näme? "Erkek jynyñ adamlardan aýala, aýal jynyñam adamlardan erkege aşyk bolmagy. Adamyñ gaýnag suw dökmegi, belent ýerden üstüne bökülmegi ýaly sebäpler bilen jynyñ göwnüne degilmegi, erbetlik edesiniñ gelmegi we jynyñ sebäpsiz ýere adamy urup, oña zulum etmegi. Jynlar adamlardan diñe şu dört ýagdaýda hoşal bolýar: çakdanaşa gahar-gazaba münülende, çakdanaşa gorkulanda, nebsiñ çakdanaşa isleg-meýilleriniñ ýesiri bolunanda, çakdanaşa gaflat". • Jyn urmasynyñ alamatlary nähili bolýar? Wahid Abdysalam Baliniñ eserinde jynyñ adamy urmagynyñ beýleki keseller ýaly özboluşly alamatlary bar. Bu alamatlar (simptomlar) iki topara bölünýär: ukudaky alamatlar, oýalykdaky alamatlar. 1. Ukudaky alamatlar şulardyr: Ukusuzlyk. Ýagny adamyñ kellesini ýassyga goýandan soñ kän wagty geçirip uklap bilmegi. Gijelerine uklap bilmezlik. Garabasmalar. Adamlaryñ uklanda özüne azar berýän zady görmegi. Ol ukudaka gygyryp, kömek sorajak bolýar. Emma nämüçindir gygyryp bilmeýär. Gorkunç düýşler. Uklanda it-pişik, ýylan, ýolbars, tilki, syçan ýaly haýwanlary görmek. Dişleriñi gyjyrdatmak. Uklanda gülmek, aglamak, dady-perýat etmek, iñlemek, galkyp saga-sola zowzuldamak, özüñi belent ýerden ýykylandyr öýtmek. Aşa uzynlyklaryna ýa-da aşa kelteliklerine ünsli seredilen, täsin aýratynlyklary bolan adamlary we garaýagyz adamlary görýändirin öýtmek. Uklanda käbir gara sudurlary görmek. 2. Oýa wagtyñdaky alamatlar Dowamly kelleagyry, emma munuñ şerti bar. Bu agyrynyñ sebäbi göz, gulak, burun ýa-da aşgazanfaky keselden bolmaly däl. Ýüz öwürmek. Bu Hudaýa zikirden we namaz, oraza ýaly parz ybadatlardan ýüz öwürmek. Pytraññylyk. Mundan maksat pikiriñ dagynyklygy. Ýaltalyk. Bu ýagdaýdaky adam hiç zat edesi gelmeýär. Garaguş keseli añ bürüşmesine berilen atdyr. Synalardan birinde medisinanyñ bejerip bilmejek agyrysy. • Jynyñ ömrüniñ uzynlygy näçe? Jynlar tüssesiz otdan ýaradylan mahluklar bolandygy üçin olaryñ ýanynda tizlik we wagt hiç zat añlatmaýar. Köp keşpli hereket edýän we ýaşaýan jandarlar bolandygy sebäpli adamlaryñ wagtyna görä hasaplananda, takmynan 800-100 ýyl çemesi ýaşaýandyklaryny çaklap bolýar. Allatagala şeýle diýýär: "Jyn barada aýdanda, ony-da gowrujy otdan ýaratdyk". Biz adamlar palçykdan ýaradylan jandarlar. Jynlar bolsa tüssesiz otdan ýaradylypdyr we şonuñ üçijem olaryñ ömürleri-de otdan. Otdan öler ýaly gorkýarlar we ýanyp ölýärler. Elbetde, kimiñ näçe ýaşajagyny, ömür müddetini Allatagalanyñ özi gowy bilýär. Biz diñe olaryñ ýaşyny ortaça hasaplaýarys. • Dünýädäki jynlaryñ sany näçeräk? Jynlaryñ ýer ýüzündäki sanlary barada aýdanda bolsa, ýene-de çak bilen aýdýarys: dünýäde bäş milliard adam bar bolsa, jynlar alty milliarddyr. Käbir adamlar jynlary adamlardan ýokardadyr, iñ güýçli jandarlardyr öýdýärler. Bu pikir ýalñyş. Çünki iñ ajaýyp we birkemsiz jandar adamdyr. Ýöne jynlaryñam alymlyk derejesine ýetenleri bar. Elbetde ylymly jynlar sowatsyz-nadan jynlardan ýokarda bolýar. • Jynlar nähili ýaşaýar? Adamlar ýaly ýaşaýarlar. Jynlaryñ birnäçe görnüşi bar. Jynlary üç görnüşe bölüp bilýäris. Käbiri ganatly bolup, howada uçýar. Käbiri ýylandyr içýanyñ keşbindedir. Dürli hili haýwanlaryñ keşbine-de girip bilýärler. Ýene bir görnüşi bolsa dürli ýerlerde ýaşamagy halaýan adamlaryñ içinde ýerleşip, ömür sürýär. Jynlar umuman alanda adamlaryñ ýok ýerinde ýaşanyny gowy görýärler. Şeýtany jynlar çola, hapa, kir suwlarynyñ dökülýän we zir-zibillik ýerlerde, dağlarda ýaşamagy halaýar. Umuman alanda jyn kowumlary adamlar bilen garym-gatym bolup ýaşaslary gelmeýär, emma häzir adamlar dag-dereleri, tokaýlary, düzlükleri, bar ýeri doldurdy. Şol sebäpden jynlar adamlar bilen garym-gatym bolup ýaşar ýaly ýagdaýa geldiler. Munuñ bilen birlikde arassa şertlerde ýaşaýan jynlaram bar. Bu diñe jyn kowumlarynyñ medeni derejesi bilen baglanyşykly bolýae. Olaryñ hapysasy-da bar, arassasy-da. Öñler jynlaryñ biynjalyk edýän adamlarynyñ sany häzirkiler ýaly köp bolmandyr. Häzir şeýtany jynlaryñ biynjalyk eden adamlarynyñ sany-sajagy ýok. Jynlaryñam mazarlary bolýar. Hatda olar mazarystanlyklarda bolmagy halaýarlar we aýratynam şol ýerleri mesgen tutunýarlar. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |