14:21 Süleýman pygamberiñ ýüzügi we legendar güýçler | |
SÜLEÝMAN PYGAMBERIÑ ÝÜZÜGI we LEGENDAR GÜÝÇLERI
Geň-taňsy wakalar
Hezreti Süleýman pygamberiñ kyssalary Töwratda-da, Gurhanda-da gürrüñ berilýär. Aslynda üç uly ylahy dinde-de Süleýman pygambere giñden orun berilýär. Ony beýle arşa göterenem Allanyñ ýer ýüzünde adam ogluna bagyş etmedik güýçlere eýe bolmagydyr. Süleýman pygamberiñ ýüzügi-de onuñ güýjüniñ simwolydyr. Ähli güýçleriñ bu ýüzükden gelýändigi rowaýat edilýär. Hezreti Süleýman Allatagalanyñ pygamberi we ýer ýüzüniñ patyşasydyr. Kakasy-da özi ýaly pygamber we patyşa bolan Süleýman saýlama maşgalada kemala gelipdir. Ýer ýüzüniñ adalat bilen dolup-daşan ýyllary onuñ hökümdarlygynda bolup geçipdir. Eýsem-de bolsa, Süleýman pygamberiñ ýüzügi nämä ýarapdyr? Ýüzük ähli güýçleri öz içine alýarmydy? Ýa bolmasa ol ýöne bir simwolmydy? Legendar güýçleri bolan bu ýüzügi we Hezreti Süleýmanyñ ömrüni ýakyndan öwrenmäge synanyşalyñ. Süleýman pygamberiñ ýüzügi • Ýüzük kimde bolsa, Süleýman hem şodur Süleýman pygamberiñ ýüzügi ençeme ýyllar bäri gözlenip gelinýär. Birnäçe adam Süleýmanyñ döwründen galan mukaddes goş-golamlaryñ haçly ýörişleri döwründe Ierusalimden ogurlanandygyny öñe sürýär. Ogurlanan zatlaryñ içinde Süleýmanyñ möhürli ýüzüginiñ bardygyny ýa ýokdugyny bilýän ýok, ýöne mukaddes emläkleriñ talanandygy welin hakykat. Süleýman pygamberiñ ýüzügini tapan we barmagyna daoan adamyñ onuñ güýçlerine erk edip biljekdigine ynanylýar. Süleýman pygamber özünden öñ hiç kimsä berilmedik we özünden soñam hiç kime berilmejek hökmürowanlyk diläpdir. Allatagala hem onuñ bu dogasyna jogap edip, Süleýman pygamberiñ daşyny adatdan daşary güýçler bilen berkidipdi. Hezreti Süleýmanyñ hökümdarlygynyñ dowam eden döwründe ýele, jynlara, guşlara we adamlara hökmüni ýöredipdir. Oña suw deýin akýan metallary islän ugruna gönükdirme güýji berlipdir. Süleýman pygamber bu güýçler arkaly duşmanlaryny ýekän-ýekän ýok edipdir. Dünýäde dagy-duwara özünden başganyñ ýola goýup bilmejek adalatly düzgün-tertibi ýola goýupdyr. Jynlara höküm edip, äpet-äpet binalary gurdurypdyr we olary-da işçi deregine ulanypdyr. Onuñ döwründe birgiden şäherler gurlupdyr we halk asudalykda ýaşapdyr. Süleýman pygamberiñ ähli güýjüni ýüzükden alýandygy baradaky rowaýatda ýüzügiñ Alla tarapyn oña sowgat edilendigi aýdylýar. Bu ýüzük bary-ýogy birküç sany adamyñ bilýän "Ismi-Agzam" dogasyny özünde saklaýar. Ýüzügi barmagyna dakan adam hiç bir ötegçiniñ eýe bolmadyk güýçlerine ýetýärmiş. Hezreti Süleýmanyñ ýüzügi şeýlekin dereje rowaýatlaşypdyr we legendar güýçlere eýe bolup bolýandygyny görkezipdir. Şonuñ üçinem ony ele salmak isleýän adamlar az bolmandyr. Ýüzük ýüzlerçe ýyl bäri gözlenip gelinýär, onuñ şindizem Ysraýyl tarapyndan gözlenýändigi aýdylýar. Mesjid-i Aksa • Süleýman pygamberiñ ýüzügi Möhri-Süleýman, ýagny Süleýman pygamberiñ ýüzügi iki üçburçlugyñ kesişmesinden dörän simwola eýedir. Simwol aslynda bäş burçly ýyldyzdyr. Şonuñ üçinem günbatarlylar bu ýüzüge "Süleýmanyñ ýyldyzy" adyny-da beripdirler. Ýüzükdäki simwolyñ ýer bilen gögüñ bileleşmesini añladýandygy aýdylýar. Simwoly manylandyrýan birnäçe pikir bar. Üçburçlyklardan biri adamyñ bedenini añlatsa, beýlekisi ruhuny añladýar. Beýleji bir garaýyşda bolsa üçburçluklar aýal-erkej tapawudyny we bitewiligini alamatlandyrýar. Süleýmanyñ ýüzügi hemme döwürde dilden düşmändir. Taryhda gurlan rkmen döwletlerinde ýaşan meşhur serkerdeler hem ýüzügiñ simwolyny ulanypdyrlar. Aýratynam seljuk türkmenleriniñ döwrüniñ pullarynda köp duş gelinýär. Süleýman pygamber bu ýüzük arkaly ählu ynsa-jynsa - ýagny, adamzada, haýwanlara we jynlara hökmüni ýöredipdir. Ol haýwanlar bilen gürleşip, olardan gerekli maglumatyny alyp bilipdir. Bu ygtyýarlyklaryñ barsy Süleýman pygamberiñ ölümi bilen soñlanypdyr. Ýüzüge näme bolandygy belli däl, emma ýüzügiñ Allatagala tarapyndan arşa galdyrylandygy rowaýat edilýär. Ýüzük arşa bir galanyñ içinde saklanýarmyş we dowzah odundan ýaradylan aždarha tarapyndan goralýarmyş. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||