02:24 Surat / hekaýa | |
SURAT
Hekaýalar
Seni iň soňky ýoluňa ugradan günüm özümem seň bilen giderin öýütdim. Ýöne gitmesemem-ä gitmedim weli, indi bu dünýäde gezip serim bolar öýdemok. Men bu zatlaryň şeýle bolanyna hiç çydap bilemok. Oturyp-turup ýüregime sygdyryp bilemok. Sen gideliň bäri boşap galan dünýämi göresim gelenok, özümi bir çukura atyp, şol ýerden çykman ýatsam diýýän. Başyma ahyrzaman bolup inen şol gün nämesindendigini bilmedim weli, Jeren jan seni saklajak bolup, kän azara galypdy. – Kaka jan sen bu gün işe gitme! Men ýaramok, meň ýanymda oturaý-da! – diýip özelendi. Sen onuň saçlaryny sypadyň-da, haraý gözleýän ýaly maňa bakdyň! Meňem göwnüme zat gelenok, gaýta Jerene basalyk boldum. – Balam, kelläň agyrsa, men ýanyňda bolaýaryn. Kakaň işden galyp bilmez ahyry! Senem indi çagajyk däl-ä. Tüweleme,ulugyz çykypsyň. Jeren jan has beter özelendi: – Senem bolsaň gowy welin, kakam şu gün ýekeje gezek işe gitmän, ýanymda bolaýmaly-da. Men ýaramok ahyry! – A gyz, sen halys eljiräýýäňmi kakam, ejem diýip. – Eje jan, kakama diýäý-dä, gitmesin-dä işe. Kakasy öýden çykyp barýarka, Jereniň gözünden görnen dünýä meni hopukdyrdy. Birdenem göýä onuň aladasy, howsalasy meň ýüregime dolan ýaly boldy. Ony köşeşdirmek üçin derman-däri berenem bolsam, indi öz içimi it ýyrtyp barýardy. Jeren-ä birsellemden uklady. Men weli, janyma jaý tapmadym. Bir uklap ýatan Jerene, birem seniň diwardaky suratyňa seredýärdim. Onsoň ýene öz-özüme basalyk bolýardym. “ýeri, men nämä howsala düşýärkäm?! Ýurt abat, il abat. Şeýle döwletde ýaşap ýörkäň, Garaşsyz iliň barka, näme alada galýaň! Toba-toba, özüň gowusyny edeweri, Alla jan!” diýip, ýakama tüýkürdim. Birdenem başga-başga pikirler kelläme dolýardy. Şonda öz-özüme düşünmejek bolýardym. Elewräp ýörşüme, telefonyň sesine ziňkildäp gitdim. Näme üçindir, göýä ýylan ellejek ýaly, birbada trupka elimi urup bilmän, kürtdürip durdum-da, soň ýuwaşlyk bilen göterdim. Aňyrdan çykýan ses juda aljyraňňydy! – Alo, gelneje, Durnabat gelneje, men Geldimyrat, Annanyň dosty, Anna ýaňy.., neme.., ol ... Meniň ýüregim agzyma geldi. – Geldimyrat, Anna näme boldy? Ol nirede? Eýgilikmi beri? – Gelneje, “Ol.., ol.., nemele... Siz gyssagly keselhana gelmeli, taýyn boluň, men häzir yzyňyzdan barýan... Trubkany goýup, Jeren janyň ýanyna ylgadym. Ol başyny basyrnyp ýatyrdy. Onuň üstüni açyp, ýüz-gözünden ogşamaga durdum. Ol gözlerini açalak, ýumalak edip, äm-säm ýagdaýda maňa seretdi. Şol aralykda Jereniň ýassygynyň aňyrsynda ýatan surata gözüm kaklyşdy. Şol bada hem dünýä başyma ýumrulan ýaly bolup, doňup galdym. Çaga elleri bilen çekilen surat. Bir gyzjagaz bilen ejesi mazaryň başujunda durlar. Ondaky ýazgyny okap, hasam özümi ýitirdim. Suratyň aşagynda Jeren janyň elleri bilen ýazylan: “Men hm ejemdir kakamyň ýanynda” diýen ýazgy bardy. Ulilim aglasym geldi. Ýöne heniz ukudan açylmadyk çagamy gorkuzaryn öýdüp, hyrçymy dişledim. Oňa çenli Geldimyrat ýüzüne sallap, gapydan girdi. Men ony görenimden sorag baryny ýagdyrdym. – Anna näme boldy? Özi nirede? Aýtsana, näme diliňi ýuwudan ýaly bolup dursuň?! Ol zordan: – Gelneje, mert bol, bu zatlar maňlaýda bardyr-da – diýdi. Dünýä daşymda aýlanyp ugrady. – Näme bardyr maňlaýda? Aýt ahyry? Oňa çenli Jeren jan ýanymyza geldi. – Eje, kakam, kakam – diýdi-de, yzyny aýdyp bilmedi. Men indi has beter gygyryp başladym. – Aýdyň ahyry, aýdyň ahyry! Oňa çenli Annanyň ýoldaşlary güpürdeşip öýe girdiler. Men henizem hiç zada düşünemokdym. Asla düşünmegem islämokdym. Öýe gelenleriň bary töweregime halkalaýyn aýlandylar weli, men özümi lampa ýere goýberdim. Saçymy ýaýyp, ses edip başladym. Jeren jan gelip, gujagyma doldy. Annaň dostlary ýerli ýerden göwünlik berip başladylar. – Gelneje, mert bol, agydan peýda ýok indi ... Ýör hany, daşaryk çykaly. Oňa çenli dogan-garyndaşlar ses edip gelip ugradylar, ýaman habar eýýäm olara ýeten borly.indi men dünýäni duýamokdym, huşum başymdan uçdy... Şeýdibem, Anna bizi taşlap, ýurduny täzedi oturyberdi. Meň weli, bu jahandan tutuşlygyna üzülen ýüregim Anna bilen bile giden ýalydy. Daşymy gallap duran çagajyklarymam gözüme görünenokdy. Anna bir säw bilen degen okuň nireden çawup gelendigini biljek bolup, özümi kötekleýärdim. “Heý, beýle-de zat bormy? Abadan ýurtda, abadan ilde gülleden ölmek bormy?” diýip, bar-bar bagyrýardym. Şonda Annanyň ýoldaşlary ýerli ýerden meni köşeşdirýärdiler. – “Azdyrmasyn, azana duçar etmesin” siýleni-dä, gelneje! Wah, biz nireden bileli ogruda ýaragyň bardygyny. Bir gelin: “Dat-bidat gyzylymy sypyrdylar” diýip, gygyryp ugrandan, mündük ýaňkyň söbügine. Anna hemmämizden öňe gitdi. Ogryň yzyndan ýetir barýarka-da, boldy bir gümpüldi, bar bolany, ogram gitdi, Anna-da. Biz şo ýeri elek edip eledik weli, arman ogryň yzyny tapmadyk. Edil guýa gaçan iňňe ýaly bolaýdy. Wagtal-wagtal kalbymy gaplaýan pikirleri çym-pytrak edip, şo-ol ajy aýralyk oduny ýakan güne dolanmak isleýärdim. Şol günki wakalary aýyl-saýyl edesim gelýärdi. Şeýle pursatlaryň birinde Jeren janyň ýassygynyň ýanyndaky surat ýadyma düşdi-de, onuň ýanyna bardym. Şol günden bäri men ony ikinji gezek içgin synlaýardym. Çagajygym saralyp-solupdyr. Aglamakdan ýaňa gözleriniň nury öçene meňzeýär. Onuň bolşuna nebsim agyrdy. Nädibem bolsa, onuň derdini ýeňletmek isledim. Kyrk günüň içinde ilkinji gezek özüne zor salyp, hoşamaý sözleri aýtdym. – Jeren jan, balam, öleniň yzynda ölüp bolanok. Kakaňa-da berlen ömürdir-dä... Elbet, başymyzda bardyr bu zatlar... Ol gujagyma dolup, horkuldap-horkuldap aglap başlady. – Men bilýärdim, eje jan, bilýärdim. Şoň üçinem gitme diýip ýalbardym, şo gün kakama. Men aglap oturşyma, onuň gözýaşlaryny syldym: – Sen nädip bilýärdiň balam, nireden blýärdiň? – Bilmedim, ýöne bir zat ýadymda. Şol agşam men şo-ol birmahalky çeken suratymy tapdym. Kagyzlarymy dörüp otyrkam, öňümden çykdy. Elime aldym weli, kelläme bir zat bilen urlan ýaly boldu-da, birden sanjyp ugrady. Onsoň men şo-ol surata seredip, aýylganç pursadyň ýakynlaşýandygyny syzan ýaly boldum. Men zordan aýgyt etdim: – Ol nä, surat, gyzym? – Ol, şo surat-da! Birinjä gatnap başlamda çeken suratym. Ony ýyrtman ekenim. Şol gün bir ýerden çykaýdy. – Hany, göreýin, gyzym! Jeren jan ol suraty getirip elime berende, ýer-gök gapyşandyr öýtdüm. Hut şol surat. Men henizem nämäniň-nämedigine akyl ýetirip bilemokdym. Bu surat nireden çykdy? Ony kim çekdi? Näme üçin gyzjagaz bilen ejesi mazaryň başynda ýüzlerini aşak salyp durlar? Meniň içki dünýämdäki hasraty duýýan ýaly Jeren jan ýuwaşjadan gepläp başlady: – Eje, eje jan, özüň-ä maňa: “Aglama!” diýýäň. Menden beterem özüň aglaýaň. Bilýäňmi näme? Bu suraty çekenim ýadymda. Surat sapagynda “Meniň maşgalam” diýen suraty çekmelidik. Näme üçindigini özümem bilemok. Menem şuny çekdim. Mugallym hemmeleriň çeken suratyny gowy gördi. meniňkini synlap ýüzüme seretdi-de: – Jeren, seň kakaň bar ahyry! – diýdi. Menem ýuwaşjadan: – Hawa – diýdim. Ol maňa soragly seretdi: – Onda näme üçin beýle surat çekdiň? – Bilmedim. – Men suratyňa baha goýjak däl. Sen ony hiç kime görkezme-de, ýyrt! Taşla, ho-ol hapa atylýana. Suraty ýyrtmadym. Hiç kime-de görkezmedim. Köne depderimiň arasynda goýdum. Şol durşuna-da galypdyr. Men ony ýatdan çykarypdym. Asla bardyram öýdemokdym. Ýöne şol gije ol birden öňümden çykaýdy. Men suratyň manysyna şonda düşünip, ýylan gysymlan ýaly boldum. Ýöne şonda-da ony ýyrtyp zyňmandyryn. Kelläm agyryp ugrady. Ysgynym gaçdy. Birhili, üýtgeşik duýgular ýüregimi ezmerläp başlady. Men öz bolşumdan, kelläme dolan pikirlerden gorkdum. Şonuň üçinem, kakamy goýberesim gelmedi. Suraty elime aldym. Bir könelişip giden sary kagyzda çaga eli bilen çekilen surata, birem gapdalymda gözünden monjuk-monjuk döküp duran gyzyma seretdim. Hudaýyň gudraty bilen bolýan zatlaryň aňyrsyna göz ýetirjek bolup durmadym-da, balamy köşeşdirmek isledim. – Gyzym ertir irden eneň bilen kakaň ýanyna gideli. Gubruny görsek, teselli tapaýmagymyz ahmal. Ýogsa, bu gözýaşlar ony gark etjege meňzeýär. – Gideli eje! Ýöne diňe ikimiz, ikijigimiz... – Ol bolmaz, gyzym! Eneň ýa-da Maşat kakaň ýanymyzda bolmaly bolar. – Maşat kakam bizi öwlüýä äkitsin. Soň kakamyň ýanynda diňe ikimiz galaly. Diňe ikimiz... Amanyň başujundanda durkak, meniň aňymda ýene şol surat janlandy. Mundan ýedi-sekiz ýyl ozalky surat - bu gün durmuş, hakykat. Hudaýyň gudratyna seret ahyry!.. bu zatlary çaga kalbynyň duýşuny gör ahyry! Ogulgerek USSAÝEWA. | |
|
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |