SUW BEDEWI, DAG BEDEWI
Görogly kibi bedewiň gadryny bilen barmy diý! Ol: “Bedewiň asly behiştden” diýýär. Dana Omar Haýýam “Nowruznamasynda” at hakynda aýdylanlary getirýär. Dört aýaklylaryň arasynda atdan zyýa- dyny tapmak müşgül işdir. Rumlular atyň aýagy ýelden ýasalandyr diýseler, parslar tutuş süňňi ýelden ýasalan bolsa nätjek diýýärler. Türkler üçin atyň mynasybeti diňe ýüwrükliginde däl, ol adama bagt paýyny berýär. Hindiler onda uçýan tagtyň nusgasyny görüpdirler. Araplar ata zemindäki Byrag diýýärler.
Indi Seýdi şahyryň setirini ýatlalyň:
“Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň”. Meniň ýazgylaryma esasy ylmy çeşmäniň biri bolan “Mif we simwol” kitabynda adamzadyň ata bolan gatnaşygynyň örän ir zamanlarda başlanandygy aýdylýar. Paleolit zamanynda jaýrykly zadyň ýüzüne atyň, erkek adamyň, ýa-da onuň ujydynyň (fall) şekilini çekipdirler. Jaýryk aýalyň jyns organyny aňladýan bolsa gerek. Bu ýere atyň şekiliniň çekilmegini onuň erkeklik başlangyjyň simwolyna öwrülendigi bilen düşündirse bolar.
Şol kitapda atyň gadymy ynançlarda oýnan roly hakynda täsin faktlar getiilýär. At biziň eýýämimizden ozal dört müňünji ýyllaryň ahyrlarynda Hazarýaka sähralarda ellekileşdirilipdir. Şol döwürde bu sebitlerde ýaşan ilatlar bilen häzirki Ýewropada hindiýewropa halklarynyň gelip çykyşlarynda baglanyşyk bar. Bu medeni giňişlige häsiýetli bolan mifologiýada başda atyň obrazy ilkinji orunlarda bolmandyr, onuň soňky meşhurlygyna delil getirmekden ötri, iki ýagdaýa üns berse bolar. Birinjisi, eşek bilen bagly mifologik kultuň ata geçirilmegi. Häzirki kada görä, eşek halanmaýan haýwanlaryň hatarynda durýar, emma bu ýagdaý eşegiň haýsydyr bir ýaramaz häsiýetiniň sebäbine döräpdir diýip bolmaz. Bu babatda eşek artygam däl, kemem däl. Onuň adama hyzmat edişini taryp etse-de bolardy, ýöne tarypdan-a geçen, ol görgüsiýaman “janawar” diýilmäge mynasyp görülýän haýwanlaryň arasyna-da girenok. Ýeke gezek eşegiň yzyna tirkeleni üçin düýe eýesinden gaty nägile bolupdyr.
Geçmişde eşek şer araýan, soňam düýbünden inkär edilen hudaýyň mifiki obrazynda görlüpdir. Antik zamanynda eşek hem-ä hudaý, hemem melgun saýylypdyr. Gadymy Eýranda ýazyň gelmegi, tebigatyň oýanmagy bilen bagly baýramlarda eşek sarpalanypdyr. Babilonda ölen adamy “merhumlaryň ýurduna” eşek bilen ugradylypdyr. Wedleriň (arylaryň Hindistandaky şahasy) meşhur “Regwedasynda” apy-tupanyň hudaýy eşek sypatynda göz öňüne getirilýär. Hindi miflerinde eşegiň gudraty bilen ähli zat altyna öwrülýär.
Türkmenlerde gargyşa, nälete uçranlary eşege ters oturdyp ilden kowmaly diýen düşünje bolupdyr. Bu ýerde eşegiň şer hudaýy- nyň simwoly bolandygy bilen baglanyşyk bar bolmasyn? Elbetde, eşek bilen bagly diňe položitel ynançlaryň ata geçirlendigi düşnükli.
Ikinji, sugun bilen bagly mifologik kultuň ata geçirilmegi. Altaý- da meşhur Pazryk depesiniň tapyndylarynda gölegçilige ugradylan arabalara goşulan atlar belli edildi. Arhaik däplere görä olara şahly sugunlaryň altyn maskalary geýdirilipdir. Sugun şahly atlaryň şekili bürünç eýýämine degişli käbir kawkaz tapyndylarynda-da duşýar.
Sugunyň obrazy skifleriň sungatyna-da giň ýaýrapdyr. Skifleriň etnonimi säka-saklardan, sugun diýmek. Suguna adamlaryň penakäri, kömekçisi maslahatçysy hökmünde garalypdyr.
Folklorda sugun bilen at guşa golaý durýar. Altyn şahly sugunyň asmandan çapdyrylyp geçýändigine ynanylypdyr, soňra sugunyň ornuny mifiki at eýeläpdir. Grek mifologiýasynda oňa Pegas diýýärler. Ganatly at “Pegas” adyny okeanyň gözbaşynda doglany üçin alypdyr. Pegas grekçe “çeşme” diýen manyny berýär. Şonuň üçinem döredijilikde ol ylhamyň çeşmesi, simwoly derejesine göterilipdir. Pegas zemin astyndaky suwdan çykyp asmana galýar, Olimp daglaryna çykýar, Zews hudaýa gümmürdini, ýyldyrymy eltip berýär. Ganatly at hakyndaky mif diňe greklere däl, Eýranyň, Kawkazyň, Rossiýanyň halklaryna-da mälim. Eýranlylar atda göze görünmeýän ganat bolýar diýipdirler. Göroglynyň Gyratynyň ganatam görnenok, ýöne ol uçup bilýär.
Eýranyň halk ynançlarynda ata hudaýyň simwolynda garap, oňa gurbanlyk-sadaka berlipdir, onuň hormatyna şemler ýakypdyrlar, atyň höregine ýaraýan tagamlar bişirilipdir.
Oguzlar at etini iýip, baýtalyň süýdüni içipdirler, emma wagtyň geçmegi bilen türkmenler, türkler, azerbaýjanlar ýabynyň etini iýmekden ýüz öwrüpdirler. Belki, beýle üýtgeşmäniň bolmagyna oguz taýpalarynyň Eýrana golaýlaşyp, ata keramatly jandaryň obrazynda garap başlamaklary sebäp bolandyr?
Ahmet Bekmyradow “Göroglynyň yzlary” kitabynda Oguz hanyň söýgüli atynyň bolandygyna, onuň buzly daglaryň arasyna gaçyp gidýändigine ünsi çekip, soňra şeýle ýazýar: “Hekaýatda atyň buzlara basyrynyp oturan daglara gaçyp gitmeginiň aýratyn manysy bar. Öňi bilen Oguzyň atynyň dag bilen baglanyşdyrylmagy hakynda. Gadymy hunlarda ata uly gadyr goýulypdyr. Hytaý çeşmeleri hunlaryň durmuşy bilen bagly şeýle maglumat berýär: “Dawan welaýatynda beýik bir dag bar. Bu dagyň üstünde ele salyp bolmaýan bedewler ýaşaýar. Ilat şol bedewlerden nesil almak üçin gyr baýtallary dagyň eteginde goýýar. Şol atlardan bolan taýlardan der ýerine gan çykýar Şonuň üçinem şol atlardan bolan taýlara asman atyndan bolan taýlar diýilýär”. Gadymy hunlaryň at bilen bagly bu düşünjesi eposda hem şöhlelenipdir. Görogly Gyratyny Üçgümmez dagynda seýisläp ýetişdirýär. Edil ýokarky maglumatdaky ýaly, öz baýtalyny bu dagda Reýhan Arabyň tohum atyna höwre goýýar. Görogly häli-şindi öz atyny “argamak” diýip atlandyrýar. Gadymy hunlar dag atlaryna argamak diýipdirler”.
Gadymy oguzlara mahsus bu faktyň grekleriň Pegasy bilen galtaşýandygy äşgär. Dag atlary, ganatly atlar hakyndaky rowaýatlaryň döreýişi düşnükli bolsa gerek. Indi suw bedewini anyklaşdyralyň.
“Görogly” eposyndan bir mysal: “Jygaly beg: “Bolýar, tagsyr!” diýip ýelmaýa münüp, Arabystan ilatyny üç aýlap gezdi. Ilde ýok at tapylmady. Bir gün Derýaýy-şoruň boýunda ikindi namazyny okap otyrdy Bu derýanyň boýunda Hüňkäriň ýylkysy elkin ýatyrdy. Bir mahaldan derýadan bir at çykyp, bir baýtala üç mertebe aşyp, ýene derýa girip gidiberdi. Jygaly beg: “Alla, suw aty bolýar diýip eşidýärdim, çyn boldy-ow” diýip, ýaňky baýtaly belläp gaýdyberdi. Geldi Hüňkäriň gaşyna. “Tagsyr, ilde ýok at gerek bolsa, geljek ýyl şu wagta çenli howlukma” diýdi.
Bu baýtal aý-sähedi dolup, bir gün tazynyň çagasy ýaly bir zat taşlady. Esewan etseler, özi gysyrak. Çopanlar taýy Jygaly begiň ýanyna getirdiler: “Şol baýtaldan bolan taý şu” diýdiler”.
Hawa, soňra gysyrakdan Göroglynyň Gyraty dogýar. Edil şunuň ýaly äheňi başga halklaryň döredijiligindenem tapsa bolýar. “Marýa Morewna” diýen rus halk ertekisinde Iwanyň algyr bedewi ilki bedroý taý görnüşinde dogulýar, soňra ol täsin at bolup ýetişýär. Göroglynyň Gyrat münüp duşmandan rüstem çykyşy ýaly, Iwanam bedew münüp söýgülisi Marýany Kaşeýden halas edýär, at Kaşeýi depip öldürýär.
Indi söhbetimizi “Mif we simwol” kitabyna salgylanyp dowam etdireliň. Biz ýokarda at mifiki sugunyň ýerini tutýar diýdik, suguna berlen pol tutuşlygy bilen ata geçýär. At Älemiň üstüni-astyny birleşdirýän jandara öwrülýär. Älemiň asty diýlende deňizleriň, derýalaryň düýbi diýip düşünse bolar. Ermeni eposyndaky ganatly at hem deňiziň düýbünden çykarylýar. Litwa aýdymynda suwdan çykan jadyly at hakynda aýdylýar. Hindi mifologiýasynda esasy hudaýlaryň biri Indranyň aty-da deňizden çykýar. Altaý eposynda “suwuň ruhundan” ýasalan at bar.
1947-nji ýylda arheologlar Altaýyň Pazryk depesinden bir tire serdarynyň abat saklanan görüni tapdylar. Ondan çykarlan tapyndylar Sankt Peterburgda saklanýar, olary synlamak kyrk ýyl ozal maňa-da miýesser edipdi. Eksponatlaryň arasyndan iki zat has-da ünsüňi çekýär. Serdar jaýlananda onuň gabryna goýlan at bilen haly. Bilermenler şol halynyň türkmen halysyna, atyň hem ahal-teke atlaryna juda golaýdygyny aýdýarlar. Men bu ýerde atyň öldürilip, eýesiniň gabrynda goýlandygyna ünsi çekmekçi bolýaryn. At sugunyň ornuny alandan soň, merhumy ol dünýä ugratmak aladasy-da onuň paýyna düşýär. Skiflerde öleniň gapdaly bilen atynyň-da gurban edilendigi giňden belli. Bu däp gadymy germanlarda-da, fransuzlarda-da bar.
Eýranda atyň şekiline Gün hudaýy Mitranyň simwoly hökmünde düşünipdirler. Grek taryhçysy Gerodotyň ýazmagyna görä, biziň eýýamymyzdan öňki birinji müňýyllykda massagetler Günüň ýoluna atlary gurban beripdirler. Munuň ýaly adat Gadymy Gresiýada-da, Eýranda-da bolupdyr. Gadymy Hindi, litwa miflerinde atlaryň Günden ýasalandygy aýdylýar.
Gerodot massagetleriň atlary gurban etmek däbini habar berip, ony şeýle düşündirýär: “Hudaýlaryň arasynda iň ýyndam hudaý hasap edilýän Güne iň ýyndam jandary bagş edýärler”. Emma “Mif we simwol” kitabynyň awtory A.Golan beýik taryhçynyň sözlerini şeýle düzetmegi makul bilýär: “At Gün hudaýyna hudaýlaryň arasynda iň ýyndamlygy üçin bagş edilmän, onuň şol ýyndamlygy Ata münüp gazanýandygy üçin bagş edilýär”.
J.Frezer “Altyn şaha” kitabynda gadymy Rimde her ýylyň 15-nji oktýabrynda Mars meýdanynda uruş arabalaryna goşulan atlaryň öňbaýraga goýberilendigi hakynda ýazýar. Baýrak alan jübüt atyň sag tarapkysy naýza bilen öldürlip, bol hasylyň dilegi bilen ol Marsa gurban berlipdir.
* * *
Moskwanyň Gyzyl meýdanynda Beýik Watançylyk urşunyň ýeňiş paradyna marşal Konstantin Žukow ak at münüp çykypdy. Türkmenler Gökdepe galasyny alan general Skobolewe “ak atly, gözi ganly general” diýipdirler. Ol Balkan urşunda-da, Gökdepede-de ak at münmegi halapdyr. Belki, keseden garanlaryň gözüne ak atyň üs- tünde oturan general has haýbatly, dabaraly görnendir? Belki, general yrym edip ak at münendir?
Ak at seýrek duşýar. Mifiki atyň ýerasty dünýäden asmana göterlendigini aýdypdyk. Adamyň ata münmegi bilen atlynyň mifiki obrazy-da döredilýär. Zemin astyndan çykan Asman hudaýynyň atyny ak reňkde göz öňüne getiripdirler. Hindi-ýewropa we kawkaş mifologiýasynda ýagşylygyň, rowaçlygyň hudaýyna berilýän degerli nyşanlaryň biri ak atdyr. Gadymy germanlarda mukaddes görülýän ak atlar bolupdyr, olaryň kişňeýän sesinden ruhanylar hudaýlaryň erk-islegini bilipdirler.
Biziň eýýämimizden öňki döwürde Eýran, Orta Aziýa sebitlerinde öz hökümini ýöreden otparazlyk dininiň ynançlarynda Güne hudaý hökmüne esasy orun berlipdir. A.Öräýewiň “Adat” kitabynda ýazmagyna görä: “Gün hudaýyny Altyn sopbaşly, ak at münen daýaw görnüşde şekillendiripdirler”.
Hindistanda arylaryň meşhur eseri “Rigwedada” hem ak at Gün bilen deňeşdirilýär. Serbler Gün asmanda ak atly gezýär diýipdirler. Horwatlar Güni ak ata atlanan ýaş nökeriň sypatynda göz öňüne getiripdirler. Ak at şeriň tutumyna kül-peýekun ediji zarba urýan hudaýdan degerli nyşan bolany üçin, aýratyn hormaty, ýeňiş dabara- syny küýseýän adamlar ak at münüp çykmagy özlerine belent mertebe bilipdirler.
* * *
Birgiden halkda, şol sanda türkmenlerde-de, bosaga nal kakmak däbi bar, muňa nähili many berse bolar?
Haýwanyň aýak yzy awçy üçin işiň şowly boljakdygyndan bir nyşan. Yzlaryň şekiline soňabaka şowlulygyň simwoly hökmünde ga- rapdyrlar. Şu ýerdenem atyň nalyna üstünligiň, rowaçlygyň alamaty dyýen ynanç döräpdir. Dagystanda naly keşdä salypdyrlar. Nalyň görnüşini ýada salýan nagyşlar türkmenleriň bezeg sungatynda-da gabat gelýär. Ýewropa halklarynda-da bosaga ýa-da gapa nal kakmak bilen öýde hemişe bagtyň, rowaçlygyň bolmagyny küýseýändiklerini duýdurypdyrlar.
Tirkiş JUMAGELDI.
Edebi makalalar