13:55 Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy – Gepbaşy | |
ŞYGRYÝET MELEKLERI / MAKALAJYKLAR TOPLUMY – GEPBAŞY
Şygryýet melekleri
Sorag: “Şygryýet melekleri” atly bujagaz taslamany näme üçin başladym?! Jogap: Haktagala Älemleň hemmesini ýaradanda, her bir owunjak zada-da many-mazmun çaýypdyr. Şol manylaň käbirlerine aklymyz ýetýär. Galan tükeniksiz ymgyrlygy bolsa çözgütsiz tapmaçalygyna galýar. Ynsanam – matal. Şol matalyň açaram ikä bölünen. Ýarysy erkekde. Ýarysy zenanda. “Paýhasyň jöwher özenem (kwintessensiýasy) döredijilik” diýip hasaplaýarlar. Onsoň pikir etdim: Belki häzirkizamanyň ýörgünli şahyra-hanymlarynyň döredijiligini başarymyza, elimizden gelşine, ukyp-bilimlermiziň mümkinçilik berşine görä öwrensek, özümize düşünmäge tarap ýene-de birki ädim äderis. Hanymlar, bizem, daşymyzy gurşaýan dünýänem nähili görýärler?! Belki, şonuň üsti bilenem dünýä-de, özümize-de, diňe erkekler üçin däl, hatda özleri üçinem müňýyllyklaryň dowamynda düşnüksiz syr bolmaklaryna galýan zenanlara-da azajygam bolsa düşünmegimiz artar... Sorag: Näme üçin taslama “Şygryýet melekleri” diýip at goýmagy makul bildim? Bü badyhowalyk dälmi?! Jogap: Ýok. Gedemlikden ýa-da güwlempaçlykdan däl. Zenan hemişe-de hormata-ha mynasyp, mähre-de mätäç. Pygamberimiz Muhammet Alaýyhssalamyň hadyslarynyň birinde: “Jennet – eneleň dabanynyň astyndadyr” diýilýär. Ene ýüreginiň, hatyn söýgüsiniň özi aň ýetirip bolmaýan gudrat. Türkmen halk döredijiliginden ýadyňyza düşýän bolsa, ir döwürler birine ok degip, peýkamyň ujy (soň-soňlar gülle) onuň ýarasynda galyp, iriňlese, şo ýaraly synaň üstünden bigäne erkek kişi hakda gümürtik pikirem edip görmedik, ýüzi açylmadyk gyz ätlese, şol azarly demriň ýaradan öz-özünden zompuldap çykýandygyna, şiberläp duran ýaraňam gaty bahym bitýändigine ynanylypdyr. Ýa-da “Gorkut ata” dessanynda ölüm halynda ýatan ýaradar ýigide enesiniň süýdüne garylan melhem içirilenden soň onuň göni gelen ajalyň deminden sypyşy hakda hekaýat. Ýa-da haýwan-u-ynsana owuz süýdüniň ýetirýän üýtgeşik täsiri... Galyberse-de, biziň halkymyzda-da, beýleki halklaryň aglaba köpüsinde-de, üýtgeşik gözel keşpli, hoşnut sypatly-syratly ýa-da haýsydyr bir ajaýyp gowulyklary gaýyrýan hatynlar hemişe melege (hüýr-peri, peýker, feýa, muza, perişde we ş.m.) deňelipdir. Döredijilik bilen meşgullanýan hatyn bolsa, göwnüňe bolmasa, hasam päk jadyny emele getirmäge ymtylýan ýaly. Üstesine-de hakyky şygryň doga, sena, mynajat bilen deňeşdirilýän ýerlerine kän gabat gelmek bolýar. Diýmek, şygyr sena bolsa, ony düzýän jenany-da jadyly melek diýip hasaplasaň bolarmyka diýýän. Sorag: Näme üçin, taslama bada-bat rus şahyra-hanymlaryndan başlanyldy?! Jogap: Ýazybermeli. Maglumat üçin aýdylanda, taslamany teklip edýän, ene dili bilen rus dilinden başga dili bilmeýär (azajygam suahilini, ýöne olam Gugl-transleýtden padderžka bolmasa, wapşe ýabygorly (-:). Häzirki döwrüň ýaş türkmen şahyra-hanymlary barada suwytly maglumat bolsa, internetde az. Onsoňam, ol hanymlaň özlerinden ygtyýar alman, olar hakda makala ýazybermegem, adam ýok ýerinde öz ýanyňdan, her niçik edermensireseň-de, birtüýslek sähel-mähel üýşendirmänem durmaýar. Sebäp diýseň, garaşman durkaň, birdenkä, daş-töweregiň: “Sen-haw, o näme-haw, soraşman, zat etmän-haw, biziň-haw (gyzymyz, gelnimiz, uýamyz, ýegençimiz, agtygymyz, çowlugymyz, ýuwlugymyz, geňligimiz, taňlygymyz, doganoglan-dolanan, garyndaş-babadaş, obadaş-ildeş, köçedeş-klasdaşymyz we ş.m.) barada-haw, kelläňe gelen ony-muny-haw, ýazan bo:p ýöň-aý-haw?!” diýşip, ýumruga tüýküräge-de, hemle urup duran daýaw-daýaw daýylardan, daýylaň degresem, olardan takmynan iki ýarty esseräk daýaw daýzalardan dolaýmagy gaty ähtimal. Şu nukdaýnazardan ugur alybam, ilki bilen häzirki döwürde meşhur rus şahyra-hanymlary hakdaky makalajyklar toplumyny saýtda goýmak müwessa kylyndy. Kim, nähili makala, terjime bilen bujagaz taslama gatnaşmak islese (esasanam ýaltanmasa) baş üstüne! Hudaýa şükür, Kitapçy.kom platformasy, düzgüni bozman näçe makala goýsaňam, goýan makalaň bilen kümpüjiňi paçaklajak bo:p ýatanýok ýaly (-:! Diňe, geljekde haýsy halkyňkam bolsa, häzirki döwrüň ýaş, meşhur, halanyp okalýan şahyra-hanymy barada maglumat goýjak awtorlardan haýyşym, makalaň adynyň öňünden onuň şu taslama degişlidigi hakynda bellik goýulsa, bu hereket bu taslamajygy teklip edeniň şahsy şöhratparazlygyny gandyrmaga däl-de, şahyra-hanymlar hakdaky ähli materiallara ulgamlaýyn garamaga ýardam berjekdigine ünsüňizi çekýärin. Şonuň ýaly-da meniň pikirimçe, beýleki ýurtlardaky döwürdeş şahyra-zenanlaň döredijiligi, terjimehaly bilen tanyşmak, öz halkymyzyň – lap edip aýtdygym däl – hakykatdanam zehinli hanymlaryna öz döredijiliklerini mundan beýlägem kämilleşdirmäge, döwrebaplaşdyrmaga goldaw berermikä diýýärin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||