17:01 Şygşygyny öldürmek / roman | |
ŞYGŞYGYNY ÖLDÜRMEK
Romanlar
“Belki hukukçylar hem birmahal çaga bolandyrlar” Çarlz Lem BIRINJI BÖLÜM On üç ýaşy dolmazyndan biraz öň, doganym Jimiň eli döwüldi. Haçan-da Jim futbol oýnap bilmerin öýdüp gorkup ýörmegini bes edenden we eli bitenden soň, ol eliniň şeýlediginden utanmagynam taşlady diýen ýaly. Onuň çep eli sagyndan az-owlak gysgalypdy. Jim duranda ýa-da ýörände aýasy böwrüne tarap gyralygyna gyşaryp durýardy. Ýöne onuň üçin munuň parhy ýokdy – diňe ylgamaga we pökgi kowalamaga päsgel bermese bolýardy. Birnäçe ýyldan soň, bu waka geçmişe öwrülende, biz bir gezek munuň şeýle bolmagyna getiren hadysalar barada jedelleşdik. Men: “hemme zat Ýuellerden başlady” diýdim, ýöne Jim – ol bolsa menden dört ýaş uly – hemme zadyň ondan has öň başlanandygyny aýtdy. Ol: “biziňkä Dilliň gelen tomsunda başlandy” diýdi – Dill ilkinji bolup Betnyşan Redlini aldap öýünden çykarmagy oýlap tapypdy. Men bolsa, eger-de köküni gözlejek bolsaň, onda ähli zat Endrýu Jeksondan gözbaşyny alyp gaýdýar diýdim. Eger-de general Jekson Derýajyk taýpasynyň hindilerini derýajykdan ýokarylygyna kowmadyk bolsady, Saýmon Finç öz gaýygynda Alabamadan ýokarylygyna ýüzüp gelmezdi – şonda bize nämeler bolardy? Uly adamlara jedeli ýumruk bilen çözmek gelişmeýär, şonuň üçinem biz gitdik-de Attikusdan soradyk. Kakam ikiziňki hem dogry diýdi. Biziň aslymyz günortaly. Bize belli bolşuna görä, ata-babalarymyzyň hiç biri-de Gastingsde söweşmändir (1066-njy ýylda, Gastingsde iňlis-sakson koroly Garoldyň goşunlary ýeňlişe sezewar bolupdyr, şondan soň norman gersogy Wilgelm I ýurdy çalt basyp alyp, Angliýanyň koroly bolupdyr. Finçleriň ata-babalary şol söweşe gatnaşmandyrlar, şoňa görä-de olar köne iňlis asylzadalaryna (aristokratiýasyna) degişli däl). Dogrusyny aýtsaň, biziň maşgalamyzda käbirleri munuň şeýlediginden utanýardy hem. Biziň şejere daragtymyz bary-ýogy Saýmon Finçden başlanýar, ol asly Kornuelden bolan tebip hem ölemen awçy, çaksyz takwa, iň esasy zadam ýerinden gelme husyt bolupdyr. Angliýada özlerini metodistler diýip atlandyrýan adamlara, olaryň has erkin pikirli doganlarynyň öte azar berýändikleri Saýmona ýaramaýar eken. Ol hem özüni metodist diýip atlandyrýan ekeni, şonuň üçinem ol Atlantik ummanynyň üsti bilen Filadelfiýa, ondan Ýamaýka, ondan Mobile we ondan has uzagraga, Sent-Stiwense tarap, alys ýola rowana bolupdyr. Jon Uesliniň almak-satmakda köp ýaňramagy neneňsi zabun ýazgarýandygyny ýadynda saklaýan Saýmon assyrynlyk bilen lukmançylyga-da baş goşup, ep-eslije baýlyk gazanypdyr, ýöne şol bir wagtda-da ol özüniň Hudaýyň halamajak maýyl ediji zatlarynyň öňünde durup bilmezliginden – mysal üçin, altyna we beýleki suwjuklyklara beslenip başlamagyndan hem howatyr edipdir. Ine-de ol özüniň mugallymynyň adamlara gurallar ýaly eýelik edýänler hakynda ýazgaryjy garaýyşlaryny undup, üç sany guly satyn alypdyr we Alabamanyň kenarynda, Sent-Stiwensden kyrk mil ýokarda, olaryň kömegi bilen mülk gurupdyr. Soň Sent-Stiwense ol diňe birje gezek dolanypdyr we şol ýerde-de özüne aýal tapynypdyr, şolardan hem Finçleriň nesli gaýdypdyr, özi-de olardan köplenç gyz dünýä inýär ekeni. Saýmon gaty garraýança ýaşapdyr we tütjar baý bolup aradan çykypdyr. Biziň maşgalamyzda erkekler, adatça Saýmonyň “Finçiň duralgasy” atly mülkünde galypdyrlar we pagta ekip ýetişdiripdirler. “Duralga” daş-töweregini gurşaýan, hatda korollyk ýaýlaglaryna-da gaýra dur diýdirjek mülkleriň arasynda juda horaşaja görünse-de, ol garaşsyz ýaşaýyş üçin zerur zatlaryň ählisini beripdir, diňe buz, un, geýimlerdir-aýakgaplar bug gämisi bilen Mobilden getirilipdir. Demirgazyk bilen Günortanyň arasyndaky dawa, belki Saýmonyň güýçsüz gazabynyň tutaşmagyna getirse-de getirerdi, sebäbi ol onuň nebereleriniň ýerden galan ähli zadyny gaňryp aldy. Ýöne olar ýer eýeleri bolup galdylar we diňe ýigriminji asyrda maşgala dessury bozuldy, meniň kakam Attikus Finç hukugy öwrenmek üçin Montgomerä, onuň jigisi bolsa Bostona lukmançylygy öwrenmäge gidipdir. “Finçiň duralgasynda” diňe olaryň uýasy Aleksandranyň ýeke özi galypdyr, ol hem uzak günläp, derýanyň ýakasyndaky sallançakda, öz çeňňegine balyk eýýäm düşdümikä ýa düşmedimikä diýip, pal atyp ýatan bir ýuwaşja bendä durmuşa çykypdyr. Okuwyny tamamlap meniň kakam Meýkomba dolanyp gelipdir we aklawjylyk işi bilen meşgullanyp başlapdyr. Meýkomb – bu “Finçiň duralgasyndan” gündogarlygyna ýigrimi millikdäki okrug merkezi. Kazyýetiň ymaratynda Attikusyň, eger-de başgaplar üçin asgyjy, tüfdany, küşt tagtasynydyr Alabama ştatynyň täp-täzeje Kanunlar ýygyndysyny hasaba almasaň, düýbünden boş edarasy bardy. Attikusyň ilkinji iki müşderisi meýkombyň okrug türmesinde asylan iň soňky adamlar bolupdyr. Attikus olary seresapsyzlyk boýunça adam öldürendiklerini boýun almaga yrjak bolup çytraşypdyr, şonda rehimdar kanun olary ölüm jezasyna höküm etjek däl ekeni. Ýöne olar Heýwerfordlardy, Meýkomb okrugynda bolsa Heýwerfordlaryň eşek ýaly hötjetdiklerini kim bilmeýär. Şol ikisi bilen meýkombyň iň gowy demirçisiniň arasynda kesekiniň otluk meýdançasyna giren baýtal babatda jedel ýüze çykypdyr, onsoň olar demirçini o dünýä ugradypdyrlar, üstesine-de bu işi üç sany şaýadyň gözüniň alnynda etmäge akyllary çatypdyr. Soňam: “ol köpeý ogluna geregi-de şol” diýip hemmeleri ynandyrmaga çalşyp, bu delil özlerini doly aklaýar diýip hasaplapdyrlar. Olar özleriniň bilkastlaýyn niýetli ganhorlukda günäkär däldiklerini tekrarlapdyrlar, şonuň üçinem Attikus olara jeza berlişine gatnaşmakdan başga hiç hili kömek edip bilmändir. Ähtimal şondan soňam jenaýat işleri onuň aňyrsyny bärsine getirip başlandyr. Meýkombdaky durmuşynyň ilkinji bäş ýylynda Attikus esasan aklawjylyk tejribesi bilen däl-de, her bir gara şaýyny tapylgysyz hazyna ýaly edip ulanmakda ýüze çykýan juda berk tygşytlylyk babatda tejribe gazanmak bilen meşgullanypdyr, özüniň ähli gazanjyny ol inisiniň bilim almagyna siňdiripdir. Jon Heýl Finç meniň kakamdan on ýaş kiçi bolup, ylaýyk, pagtanyň bahasy ony ekmek zerurlygyny aradan aýyrýan derejede aşak gaçanda lukman bolmak üçin okamagy niýet edinipdir. Soň Attikus, Jek kakamy aýaga galdyryp, biraz erkinräk dem alyp başlapdyr. Ol Meýkomby söýýärdi, Meýkomb okrugy bilen bir jan bir tendi, ýerli ýaşaýjylaryň ählisini tanaýardy, olaram ony tanaýardylar. Saýmon Finçiň tagallalary bilen bolsa Attikus, şäheriň hemme maşgalalary bilen gandüşer bolmasa-da daşgynrak garyndaşlykdady. Meýkomb – garry şäher, men ony tanap başlanymda-da ol eýýäm özüniň uzak ömründen öte ýadapdy. Ýagyş ýagsa onuň köçeleri läbik bolýardy we aýagyň astynda sary toýun palçyk bolup şalpyldaýardy, pyýada ýodalary ot basandy, baş meýdançasyndaky kazyýetiň ymaraty aşak çöküp, gyşarypdy. Näme üçindir şol döwürler häzirkisinden yssydy, gara itlere kyn bolýardy, meýdançada wirgin dubynyň kölegesi jöwzadan halas etmeýärdi, arabalara goşulan arryk gatyrlar hem guýruklary bilen siňeklerden gazaply goranýardylar. Erkek kişileriň krahmal ýakajyklary eýýäm irden sagat dokuza çenli öl-myžžyk bolýardy. Zenanlar ilki günortana ýakyn, soňra gündizki ukydan soň, sagat üçde suwa düşünýärdiler, emma barybir agşama çenli pudra hem der bilen örtülen, ýumşajyk, pökgüje, süýji kökejiklere çalym edýärdiler. Şol ýyllarda adamlar salyhatly hem haýal hereket edýärdiler. Meýdançada gezmeleýärdiler, bir dükandan çykyp beýleki dükana aýlanýardylar, ähli zady arasyna dyngy berip, howlukman edýärdiler. Gije-gündizde şol bir ýigrimi dört sagat bardy, emma göwnüňe bolmasa, olar has köp ýalydy. Hiç kim hiç ýere gyssanmaýardy, sebäbi gidere ýer ýokdy, satyn alara zat ýokdy, gara şaýy pul hem ýokdy we hiç kimi hiç zat Meýkomb okrugynyň çäginden daşaryk dartmaýardy. Ýöne käbirleri üçin şol döwür düşnüksiz umytlaryň döwrüdi, sebäbi şondan biraz öň Meýkomb okrugyna gorkudan başga hiç zatdan gorkmaly däldigini düşündiripdiler (ABŞ-nyň prezidenti Franklin Delano Ruzweltiň (1882-1945) sözlän sözünden). Biziň jaýymyz şäheriň ýaşalýan böleginiň baş köçesinde ýerleşýärdi, biz dört sanydyk – Attikus, Jim, men we biziň aşpezimiz Kelpurniýa. Biz Jim bilen kakamyzy erbet däl diýip hasaplaýardyk, ol biziň bilen oýnaýardy, kitap okap berýärdi we hemişe sypaýy hem adalatlydy. Kelpurniýa bolsa düýbünden başgady. Diňe süňk-saňk bolup duran, şowakör we gympaýgöz bolan onuň eli ýap-ýasy pil ýaly uludy hem-de örän agyrdy. Kelpurniýa hemişe meni aşhanadan kowýardy we meniň näme üçin özümi Jim ýaly oňat alyp barmaýandygymy gaýta-gaýta hetjikläp sorap durýardy. Ýogsa onuň özi Jimiň menden uludygyny-da bilýärdi ahyry. Hemişe-de ol men ýene-de gezmeläsim gelýärkä öýe çagyrýardy. Biziň söweşlerimiz juda uludan tutulýardy we elmydama birmeňzeş tamamlanýardy. Kelpurniýa üýtgewsiz ýeňýärdi, bu esasan hem Attikusyň mydama onuň tarapyny çalýanlygy üçin şeýle bolýardy. Ol bizde Jim dünýä ineli bäri ýaşaýardy we men hemişe onuň diýdimzorlugynyň labyryny öz gerdenimde duýup gelýärdim. Ejem men iki ýaşymdakam aradan çykypdy, şonuň üçinem men ýitginiň ajysyny duýmaýardym. Ejem Montgomeri şäherinden, Gremleriň maşgalasyndan ekeni. Attikus onuň bilen özüni birinji gezek ştatyň kanunçykaryjy ýygnagyna saýlanlarynda tanşypdyr. Eýýäm şol wagt ol gartaşan ekeni we ejemden on bäş ýaş uly ekeni. Olaryň toýundan soň ilkinji ýylda Jim dünýä inipdir, ondan dört ýyl soň bolsa – men, ýene-de iki ýyldan soň bolsa ejem birdenkä ýüregi çat açyp aradan çykypdyr. Bu barada munuň Gremleriň neberesine mahsusdygyny aýdýardylar. Men ejem barada gussa çekmeýärdim, ýöne Jimiň welin ýüregi gysýardy. Ol ejemi örän oňat bilýärdi we käwagt, oýnuň ortarasynda birdenkä uzyn-uzyn dem alýardy-da, ulaghananyň arka ýüzüne gidip, şol ýerde ýeke özi oýnaýardy. Ol şeýle ýagdaýdaka iň gowusy oňa azar bermeli däldigini men eýýäm bilýärdim. Haçan-da meniň alty ýaşym, Jimiň bolsa on ýaşy doluberende, tomus bize öýmüzden Kelpurniýa çagyranda eşidiler ýaly uzaklyga gitmäge, eger-de şowlasa demirgazyga – hanym Genri Lafaýet Dýubozyň derwezesine çenli (bizden iki jaý aňyrlygyna), günorta bolsa – üç jaý aňyrlygyna, Redlilere çenli gitmäge rugsat berilýärdi. Biz hiç wagt şol çäklerden geçmäge döwtalap däldik. Redlileriň öýünde nämälim bir gorkunç betnyşan ýaşaýardy, ol barada diňe ýatlamak ýeterlikdi – biz uzakly gün suwdan sus, otdan pes gezýärdik. Hanym Dýuboz bolsa hut aýjyn kempiriň özüdi. Şol tomus biziňkä Dill geldi. Günlerde bir gün, ir ertir, biz Jim bilen howlymyzyň ýeňse ýüzüne çykdyk, birdenem goňşymyz hanym Reýçel Heýwerfordyň melleginde, kelemli joýalaryň arasynda, nämedir bir zat gymyldady. Biz bu güjük bolaýmasyn diýen pikir bilen sim haýadyň ýanyna bardyk – sebäbi hanym Reýçeliň foksterýeri güjüklemelidi. Görsek, ol ýerde kimdir kelteje biri otyrdy we özem bize seredýärdi. Kelemleriň arasyndan onuň diňe süýr depesi görünýärdi. Biz oňa seretdik durdyk. Onsoň ol: -Salam!-diýdi. -Özüňe salam!-diýip Jim sypaýyçylyk bilen jogap berdi. Kelteje: - Men Çarlz Beýker Harris-diýdi:-Men okap bilýän. Men: -Bileňde näme?-diýdim. - Men özümiň okap bilýändigim size gyzykly bolar öýdüp pikir etdim. Belki, size bir zat okap bermelidir, men okap berip bil… -Sen näçe ýaşyňda?-diýip Jim sorady:-Dört ýarymmy? -Bahym ýedi. -Onda näme öwünýärsiň?-diýdi-de Jim başam barmagy bilen meni görkezdi:-Ine, Gözlüje dogabitdi okap bilýär, ýogsa heniz mekdebe-de gitmeýär. Sen ýöne, ýedi ýaş üçin öte kiçijik ýaly-la. -Men kiçijik, ýöne eýýäm uly. Jim ony oňatja synlamak üçin maňlaýyndan saçyny gaňtardy. -Hany bärik gel, Çarlz Beýker Harris. Eý Hudaý, at bolaýşyny! -Seniňkiden gülkünç däl-le. Reýçel daýza seniň adyň Jeremi Attikus Finç diýip aýdýar. Jim ýüzüni bürüşdirdi. -Men ullakan, maňa meniň adym laýyk gelýär. Seniň adyň bolsa özüňden uzyn. Tutuşlygyna bir fut. -Meniň adym, ýöne Dill!-diýdi-de Dill simiň aşagyna sümlüp ugrady. Men: -Ýokarysyndan geçseň gowy bolardy-diýdim:- Sen nireden emele geldiň? Dill Meridiandan, Missisipi ştatyndan emele gelipdir ekeni, ol tomsy geçirmek üçin öz daýzasy hanym Reýçeliňkä gelipdir we indem hemişe tomusda Meýkombda ýaşamalydy. Onuň ähli garyndaşlary meýkomblydy, ejesi Meridianda fotografiýada işleýärdi, ol Dilliň suratyny owadan çagalaryň bäsleşigine ugradypdyr we bäş dollar baýrak alypdyr. Ejesi ol pullary Dille beripdir, ol bolsa şol pullara tutuşlygyna ýigrimi gezek dagy kino gidipdir. Jim: -Bizde, bärde kino görkezmeýärler, diňe kämahal kazyýetde Isa barada görkezäýmeseler-diýdi:-A sen nähilidir bir gowy zat gördüňmi? Dill “Drakula” atly kinony gören ekeni. Bu açyş Jimi oňa tas hormat bilen diýen ýaly garamaga mejbur etdi. -Gürrüň bersene-diýip ol haýyş etdi. Dill bir töwrady. Gök reňkli, nah jalbary ilikler bilen köýnegine ildirilgi, saçlary ap-ak we ördek çagasynyň peri ýaly ýumşajyk, ol menden bir ýaş uludy, ýöne boýy meniňkiden ep-esli kiçidi. Ol bize Drakula barada gürrüň berip başlady, onuň mawy gözleri birden-ä lowurdap, birdenem garalyp gidýärdiler, birdenem ol bogazyna sygdygyndan hahahaýlap başlaýardy, bir çogdum saçy onuň maňlaýyna düşýärdi, ol ony hemişe gaňtaryp ýörýärdi. Haçan-da Dill, Drakula bilen bellisini edenden soň Jim: “görýän welin, kino, kitapjyklardan has gyzykly ýaly-la” diýdi, men bolsa Dilliň kakasynyň nirededigini soradym. -Sen ol barada hiç zat aýtmadyň. -Meniň kakam ýok. -Ol ýogaldymy? -Ýok… -O nähili beýle bolýar? Eger-de ol ýogalmadyk bolsa, onda ol bar bolmaly. Dill gyzardy, Jim maňa sem bolmagy buýurdy – bu onuň Dilli öwrenendiginiň hem-de ony biziň aramyza goşmagy ýüregine düwendiginiň anyk alamatydy. Şondan soň bütin tomus biziň öz gün tertibimiz emele geldi. Tertip bolsa şeýledi: biz özümiziň agajyň üstündäki öýjagazymyzy – howlymyzyň arka ýüzündäki äpet çynaryň şahalarynda guran höwürtgämizi täzeden düzedýärdik, jedelleşýärdik, Oliwer Optigiň, Wiktor Epltonyň we Edgar Rais Berrouzyň ähli eserlerini bir ujundan keşplerde oýnaýardyk. Bu işde Dill biziň üçin tapylgysyz hazyna boldy. Ol öň meniň oýnamaga mejbur bolýan ähli häsiýetli keşplerimi oýnaýardy, “Tarzanda” maýmyny, jenap Krebtrini “Doganlar Rouwerlerde”, jenap Deýmony “Tom Swiftde”. Dura-bara biz Dilliň edil jadygöý Merlin ýaly garaşylmadyk hokgalaryň, oslagsyz oýunlaryň we täsinden-täsin hyýalbentlikleriň beýik ussadydygyna göz ýetirdik. Awgustyň soňuna çenli şol bir oýunlary täzeden we täzeden oýnamak biziň ýüregimize düşdi, şonda-da Dill Betnyşan Redlini aldap öýünden çykarmagy oýlap tapdy. Redlileriň öýi Dilli jadylapdy. Biz oňa her näçe duýdursagam, her näçe düşündirsegem ony bu jaý, edil aýyň deňzi dartyşy ýaly özüne çekýärdi, ýöne diňe Redlileriň derwezesinden howpsuz daşlykdaky burçda duran çyra sütünine çenli çekýärdi. Şol ýerde-de Dill doňup galýardy – ýogyn sütüni eli bilen gujaklar-da, gözlerini tegeläp sereder durar hem pikirlener. Redlileriň jaýy köçäniň bizden günortalygyna birden egrelýän ýerinde ýerleşýärdi. Eger-de şol tarapa gitseň, göwnüňe bolmasa, olaryň eýwanyna baryp diräýjek ýaly bolup dursuň. Ýöne şu ýerde pyýada ýodasy öwrülýär we olaryň melleginiň daşyndan aýlanyp geçýär. Olaryň jaýy pessejikdi, uly eýwanly we penjire gabsalary ýaşyl, ýöne birwagtlar reňki dökülen we bütin howly dek hapa-çal bolan hem-de haçanam bolsa bir mahallar hek bilen aklanan jaýdy. Üçegiň çüýrük erňegi eýwanyň ýokarysyndan sallanyp durdy, dublaryň gür ýapraklary günüň şöhlelerini geçirmeýärdi. Haýatyň galak-gaçak gazyklary serhoş ýaly yrgyldap, jaýyň öňündäki howlynyň – hiç haçan sübse çalynmadyk we tutuşlygyna haşal ot tutan “arassa” howlynyň daşyna aýlanandy. Ine, şu jaýda-da yzgytsyz ruh ýaşaýardy. Hemmeler şeýle diýýärdiler, ýöne biz Jim bilen ony hiç wagt görmändik. Aýtmaklaryna görä, ol gijelerine, asmanda aý ýok wagty, daşary çykýarmyş we kesekileriň penjirelerinden jyklaýarmyş. Eger-de birdenkä sowuk düşüp, kimdir biriniň bagynda azaliýalar doňsa, diýmek olara şol ruh üflän bolmaly. Meýkombda amala aşyrylýan ähli ownuk gizlin jenaýatjyklar onuň elleriniň işidi. Bir gezek şäheriň üstüne bir-biriniň yzyndan düşnüksiz we gorkunç hadysalaryň bir topary döküldi, towuklary, pişikleri we itleri her gün irden erbet ýenjilen ýagdaýda tapyp başladylar. Ol etmişleriň günäkäri, soňra özüni derýanyň buljum ýerine oklap gark bolan, ýarym däli Eddi bolup çyksa-da, hemmeler, edil ilkibaşky müňkürliklerinden ýüz döndermek islemeýän dek, öňküleri ýaly Redlileriň jaýyna alarylyp seredýärdiler. Ýekeje garaýagyz (negr) hem gije ol jaýyň gabadyndan ötmäge het etmeýärdi – hökman garşydaky pyýada ýodasyna geçer we öz-özüne gaýrat bermek üçin sykylyk atan bolup başlar. Meýkomb mekdebiniň oýun meýdançasy Redlileriň howlularynyň arka ýüzüne direýärdi. Redlileriň towuk keteginiň ýanynda belent hoz agaçlary ösüp otyrdy, mazaly bişen hozlar şahalardan mekdebiň howlusyna dökülýärdi, ýöne hiç kim olara barmagyny hem batyrmaýardy. Redlileriň hozy awulydy! Redlileriňkä tötänden uçup baran beýsbol pökgüjigi müdimilik ýitýärdi, hiç kim ol barada dil ýarmaýardy. Jim bilen meniň dünýä inmezimizden kän öň bu jaýyň daşyny syr gabsap alypdyr. Redlileriň maşgalasynyň öňünde şäheriň ähli gapylary açykdy, ýöne olar ile goşulmaýardylar – bu bolsa Meýkombda bagyşlap bolmajak ýazykdy. Redliler ybadathana barman Hudaýa öýlerinde mynajat edýärdiler, ýogsa Meýkombda bu iň esasy güýmenjedi. Hanym Redliniň goňşy aýallar bilen bir pyýalajyk kofe içmek üçin gündiz öýünden çykan gezeklerini barmak basyp sanap boljakdy, dini wagyz-nesihat (missioner) jemgyýetiniň ýygnaklarynda bolsa ony ýeke sapar hem görmändiler. Jenap Redli her gün irden, on ikiniň ýarynda şähere ugraýardy we eýýäm ýarym sagatdan soň, käwagt eli kagyz düwünçekli yzyna dolanýardy. Ol düwünçek iýmit harytlary dükanyndan satyn alnan zatlar bilen diýip goňşular çaklaýardylar. Men goja Redliniň gündelik çöregini nädip gazanýandygyna häzir hem düşünip bilmeýärin. Jim: “ol “pagta satyn alýar”(bikärligi aňladýan sypaýy söz düzümi)” diýip aýdýardy, ýöne jenap Redli aýaly hem iki ogly bilen biziň şäherimizde atam döwründen bäri ýaşaýardylar. Ýekşenbe günleri Redlileriň gapylary hem penjire gabsalary ýapyk bolýardy – bu hem meýkombyň dessurlaryna garşy gelýärdi, biziň şäherimizde gapylar diňe sowuk düşende ýa-da öýde kimdir bir ýaramasa ýapylýardy. Ýekşenbe günleri bolsa myhmançylyga gitmek hökmany hasaplanýardy: aýallar gaty bilguşakly (korsetli), erkek kişiler penjekli, çagalar bolsa köwüşli gezmelidiler. Ýöne goňşularyň hiç biri-de ýekşenbe güni Redlileriň eýwanyna barmaz. Olaryň gapylary bolsa bütewidi. Men bir gezek Attikusdan haçanam bolsa bir mahal olaryň çybynlara garşy torly gapylary boldumy diýip soradym welin, Attikus – hawa diýdi, meniň dogulmazymdan öň bolupdyr ekeni. Aýdyşlaryna görä, Redliniň kiçi ogly ýetginjek mahalynda, Köne Saremli Kaningemler – biziň okrugymyzyň demirgazygynda ýaşaýan, köp adamly, syrly taýpa bilen dost bolupdyr we olar Meýkombyň taryhynda ilkinji gezek talaňçylaryň toparyna çalymdaş bir zady döredipdirler. Olar beýle bir kän bulagaýlyk hem etmändirler, ýöne şol hem olar barada bütin şäheriň gep-gürrüň etmegi we üç sany ruhanynyň üç ybadathananyň münberinden olara öwüt-nesihat bermekleri üçin ýeterlik bolupdyr. Olar köplenç dellekhananyň töwereginde ygýan ekenler, dynç günleri awtobus bilen Ebbotswile kino görmäge gidipdirler, Alabamanyň kenarynda ýerleşen, bütin okruga belli humarbazlyk mesgeni – “Säher çygynyň damjasy we balykçynyň düşelgesi” atly myhmanhana tans etmäge gatnapdyrlar, hatda şerap (wiski) hem dadyp görüpdirler. Meýkombda ýekeje adam hem jenap Redlä onuň oglunyň ýaramaz ýigitler bilen tirkeşýändigini aýtmaga het etmändir. Bir günem agşamara hemişekilerinden has artygrak kelleleri gyzan oglanjyklar, kimdir birinden karzyna alnan çagşan ulagjykda şäheriň baş meýdançasyna yzlygyna götinläp gelipdirler, özlerini saklamaga çalşan hormatly ybadathana kethudasy jenap Konnere garşylyk görkezipdirler, ony kazyýetiň howlusyndaky oturdaşlar üçin niýetlenen jaýjagaza gabap, daşyndan temmeläpdirler. Bütin şäher şonda olaryň dişinde et galdyrmaly däl diýen netijä gelipdir. Jenap Konner olaryň hemmesini ýüzünden tanandygyny we muny beýle goýmajagyny aýdypdyr – ine şeýle edibem oglanjyklar bozgakçylykda, jemgyýetçilik asudalygyny we tertibini bozmakda, aýallaryň ýanynda hereket bilen masgaralamakda we paýyş sögünmekde aýyplanyp, kazyýetiň öňünde kelle ýalaňaçmaly bolupdyrlar. Kazy jenap Konnerden soňky aýyplamanyň nireden çykandygyny sorapdyr welin, jenap Konner oglanlar şeýlebir çasly sögündiler welin, olary Meýkombdaky ähli aýallar hökmany ýagdaýda eşiden bolmaly diýip aýdypdyr. Kazy oglanjyklaryň ählisini käbir ýagdaýlarda ýetginjekleriň depesinde penalanar ýaly üçeginiň hem bir döwüm çöreginiň bolmagy üçin ugradylýan ýeri bolan, ştatyň ýörite senetçilik mekdebine ibermek barada netijä gelipdir. Bu türme däl, ýöne ol ýere ýerleşdirilmek masgaraçylyk diýlip hasaplanýar. Jenap Redli bolsa başgaça pikir edýär ekeni. Eger-de kazy Artury goýberse, onda ol Arturyň mundan beýläk hiç kimi biynjalyk etmezligini üpjün ederin diýip aýdypdyr. Jenap Redliniň sözüniň iki çykmaýandygyny bilýän kazy höwes bilen ogluny oňa beripdir. Beýleki oglanjyklar senetçilik mekdebine giripdirler we biziň ştatymyzyň çäklerinde alyp boljak iň gowy orta bilimi alypdyrlar, olaryň biri bolsa, soň hatda Oberndäki ýokary tehniki mekdebi hem tamamlapdyr. Redlileriň jaýynyň gapylary dynç günleri-de, adaty günlerem mäkäm ýapykdy we şol wakadan soň tutuşlygyna on bäş ýyllap hiç kim jenap Redliniň kiçi ogluny ýeke sapar hem görmändir. Soňra bolsa Jimiň çalak-çulak ýadyna düşýän güni gelip ýetipdir, şonda käbir adamlar Betnyşan Redlini görüpdirler we ol barada gybat gaýtadan örç alypdyr. Jimiň aýtmagyna görä, Attikus Redliler barada söz açmagy halamaýar we haçan-da Jim olar barada soranda, Attikus diňe bir zat diýip jogap beripdir: “Öz işiň bilen bol, Redlileriň işine bolsa burnuňy sokma, olar saňa degişli däl”. “Ýöne şol wakadan soň…” diýip Jim hekaýatyny dowam edýärdi, Attikus başyny ýaýkapdyr we “Hüm-hüm” diýipdir. Galan maglumatlaryň ählisini diýen ýaly Jim biziň goňşumyz hanym Stiweni Krouforddan alypdyr, barypýatan gybatçy bolan ol bolsa hemme zady jikme-jik bilýärdi. Hanymyň sözlerine görä, günlerde bir gün Betnyşan myhman otagynda oturyp, “Meýkomb tribýundan” haýsydyr bir habarlary gyrkyp alyp, olary alboma ýelmeýär ekeni. Otaga jenap Redli-ulusy giripdir. Haçan-da kakasy gapdalyndan geçip barýarka Betnyşan gaýçysyny onuň aýagyna sünjüpdir, soňra gaýçyny çykaryp, ondaky gany jalbaryna süpüripdir we hiç zat bolmadyk ýaly ýene-de nämedir bir zatlary gyrkmagyny dowam etdiripdir. Hanym Redli köçä ylgap çykypdyr we Artur olaryň barysyny häzir öldürýär diýip gygyrypdyr, ýöne haçan-da şerif gelende Betnyşan şol bir ýagdaýda myhman otagynda oturyp, gazetden nämedir bir zatlary gyrkyp oturan ekeni. Şol wagt ol otuz üç ýaşynda eken. Hanym Stiweni şonda jenap Redlä Betnyşany wagtlaýynça Taskaluza ugratmagy teklip edendiklerini, oňa munuň peýdaly boljakdygyny aýdandyklaryny gürrüň berdi. Ýöne goja: “Ýok, Redlileriň ýekejesi-de dälihanada oturmandy, indem oturmaz” diýipdir. Betnyşan däli däl, ýöne ol käwagt juda gaharjaň bolýar. Ony gulp astynda biraz saklamak bolar, ýöne oňa iş kesmek üçin welin, hiç hili esas ýok, ol birjigem jenaýatçy däl. Şerif Betnyşany garaýagyzlar bilen bilelikde türmä salmaga het etmändir we ony kazyýetiň ymaratynyň ýerzeminine salyp, daşyndan gulplapdyrlar. Betnyşany nädip gaýtadan öýüne getirendikleri Jimiň ýadyna örän bulaşyk düşýärdi. Hanym Stiweni Krouford şäher häkimliginiň käbir agzalarynyň jenap Redlä, eger-de ol Betnyşany ýerzeminden alyp gitmese, ol çyglylykdan ýaňa heňlär we amanadyny tabşyrar diýendiklerini aýdyp berýärdi. Onsoňam Betnyşan ummasyz wagtlap okrugyň serişdeleriniň hasabyna ýaşap bilmez ahbetin. Jenap Redliniň nädip Betnyşany adamlaryň gözüne görünmez ýaly derejede gorkuzmagy başarandygyny hiç kim bilmeýärdi. Jim Betnyşan hemişe zynjyr bilen ýatyş sekisine bagly ýagdaýda oturandyr diýip pikir edýärdi. Ýöne Attikus: “Ýok” diýdi, hemme zat mundan ybarat däl, başga usullar bilenem adamy salgyma öwrüp bolýar. Ýadyma düşýär, kämahal men hanym Redliniň öýleriniň baş gapysyny açyp, eýwanyň germewiniň ýanyna baryp, güllerini suwaryp ugraýandygyny görýärdim. Jenap Redlini bolsa ol şähere barýarka we ondan gelýärkä biz Jim bilen her gün görýärdik. Ol arrykdy, agajetdi, gözleri nähilidir birhili öçügsidi welin, olaryň haýsy reňkdedigini hem bilip bolmaýardy. Çüri eňegi öňe çykyp duran, agzy uly, ýokarky dodagy inçe, aşakysy bolsa ýogyndy. Hanym Stiweni Krouford ol şeýlebir dogry we göni adam bolandygy üçin diňe Hudaýy diňleýär diýip aýdýardy. Biz hem oňa ynanýardyk, sebäbi jenap Redli edil ýyldyrym sowujy ýaly gönüdi. Ol biziň bilen gepleşmeýärdi. Haçan-da ol deňämizden geçip barýarka biz ýere bakýardyk-da, “Ertiriňiz haýyrly bolsun, jenap” diýýärdik, ol bolsa jogap hökmünde çalaja üsgürinjireýärdi. Onuň uly ogly Pensakolda ýaşaýardy we diňe täze ýylda öýlerine gelýärdi, ol biziň gözümiziň alnynda şol jaýa girip-çykýan seýrek adamlaryň biridi. Adamlar jenap Redli Artury ýerzeminden öýüne alandan soňra olaryň öýleriniň jany çykyp gidene döndi diýişýärdiler. Soňra bolsa günlerde bir gün Attikus bize eger-de biz howluda goh-galmagal turuzsak biziň eýimizi ýetirjekdigini aýtdy we Kelpurniýa özi öýe dolanýança biziň jyňkymyzy hem çykarmaga het etmezligimizi tabşyrdy. Jenap Redli amanadyny tabşyrýardy. Dowamy bar. | |
|
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -7: romanyň dowamy - 16.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -11: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -20: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -18: romanyň soňy - 22.07.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -17: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Türkmen aty - 16.08.2024 |
√ Ojak -1-nji kitap -8: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 6 | |||||
| |||||