17:36 Şygşygyny öldürmek -10/ romanyñ dowamy | |
ŞYGŞYGYNY ÖLDÜRMEK
Romanlar
Jenap Teýt basgançakdan böküp düşdi-de, Redlileriň jaýyna garşy ylgady. Ol itiň gapdalynda togtady, çommalyp oturdy, yzyna gaňrylyp, barmagy bilen çep gözüniň ýokarysyndan maňlaýyna dürtdi. - Siz, birazajyk saga gyşarypsyňyz, jenap Finç! - Hemişe şundanam ezýet çekýärdim-diýip Attikus jogap berdi:-Eger-de meniň saýlamaga mümkinçiligim bolan bolsady men jysmykdan atardym. Ol eglip, äýnegini göterdi, onuň aýnasynyň döwüklerini köwşüniň ökjesi bilen basyp, kül-uşak edip, guma gardy, soňra jenap Teýtiň ýanyna bardy-da, säginip, Tim Jonsona seretdi. Biri-biriniň yzyndan gapylar açylyşyp, köçamize assajadan jan girýärdi. Hanym Modi bilen hanym Stiweni öýden çykdylar. Jim doňup galdy. Men ony ýerinden gozgamak çümmükledim, emma barybir Attikus bizi gördi we bize gygyrdy: -Bärik gelmäň! Soňra jenap Teýt Attikus bilen bilelikde biziň howlumyza dolandylar. Jenap Teýt ýylgyrýardy. Ol: -Men Zibo ony aýyrmagy tabşyraryn,-diýdi:-Siziň ýadyňyzdan çykaran zadyňyz beýlebir köpem däl ýaly-la, jenap Finç. Aýdyşlaryna görä, muny undup bolmaýan bolmaly. Attikus dymýardy. -Attikus...-diýip Jim söze başlady. -Näme? -Hiç zat. -Saňa seretmegem bir eşret ahyry, Finç Sowa Geçmeýän! Attikus zarp bilen yzyna öwrüldi. Onuň öňünde hanym Modi durdy. Olar seslerini çykarman biri-birine seredişdiler, onsoň Attikus şerifiň ulagyna mündi. -Bärik gel,-diýip ol Jimi çagyrdy:-Bu itiň ýanyna barmaga het edäýmäň, düşündiňmi? Onuň ýanyna barmaga milt edäýmäň, ölikä-de ol diriliginden beter howply. Jim: -Hawa, jenap,-diýdi:-Attikus... -Näme, ogul? -Hiç zat. -Saňa näme bolýar, dostum, näme seniň diliň doňup galaýdymy?-diýip jenap Teýt gülümsiredi:-Heýem bir sen bilmeýärdiňmi, öz kakaň... -Bes ediňsene, Gek,-diýip Attikus onuň sözüni böldi:-Biz şähere gitmeli. Olar gitdiler, Jim ikimiz bolsa hanym Stiweniniň jaýyna tarap ýöneldik. Onuň eýwanynyň basgançagynda oturdyk-da, Zibonyň öz ulagy bilen gelerine garaşyp başladyk. Jim haýrany-serasyma halda otyrdy. Hanym Stiweni bolsa ýetişibildiginden gepleýärdi: -Hüm-hüm, fewralda guduzlan it boldy diýseň kim ynanar...kim muny ýadyna-oýuna düşürip biler? Belki-de ol hiç hili guduzlan hem däldir-de, diňe aklyndan azaşandyr? Ýöne men Garri Jonson Mobilden yzyna dolanyp gelip, Attikus Finçiň öz itini atandygyny eşidenden soň onuň ýüz-keşbini göresim-ä gelýär. Jedel edeýin, it diňe niredendir bir ýerden büre baryny üstüne üýşürendir-de, şondanam aňkasy aşandyr. Hanym Modi; „Eger-de Tim Jonson entegem biziň köçämizde ygyp ýören bolsady, onda hanym Stiweni başgaça aýdym aýdardy, itiň nähilidigi bolsa bahym anyklanar, sebäbi onuň kellesini Montgomerä barlaga ugradarlar“ diýdi. Ahbetin Jim hem dil ýardy: -Attikusy gördüňmi, Gözlüje? Ýok, sen gördüňmi, ol nähili durdy?...Birdenkä edil onuň kirşi üzülen ýaly boldy we birdenkä edil tüpeň ondan aýry hem däl-de, edil onuň öz eli ýaly boldy...özem ähli zat şeýlebir çalt, bir-bir... a men bolsa haýsydyr bir nyşana degräýýänçäm on minutlap dagy nyşanamy maýajyma alýaryn... Hanym Modi ýeserje ýylgyrdy-da: -Ýeri, hanym Jin Luiza,-diýdi:-sen henizem öz kakaň hiç zady başarmaýar diýip pikir edýärsiňmi? Sen entegem onuň üçin utanýarsyňmy? -Ýo-o-o...-diýip men süýkdürip pyşyrdadym. -Öňki sapar men saňa aýtmagy undupdyryn, Attikus Finç diňe bir jürlewükde saz çalyp oňmaýardy, ol öz wagtynda tutuş Meýkomb okrugynda iň mergen atyjy bolupdy. -Iň mergen atyjy...-diýip Jim ýaň ýaly bolup gaýtalady. -Aňryýany bilen dogry, Jim Finç. Men güman edýän, indi senem kakaň barada başgaça aýdymjagaza hiňlenip başlarmykaň diýýän. Görüň-ä bulary, siz hatda öz kakaňyza heniz oglanjykka Finç Sowa Geçmeýän diýip lakam dakanlaryny hem bilmeýärsiňizmi? Baý-bu-u-uw, ol döwürler dagy, ol kämahal „Duralgada“, eger-de atan on bäş oky bilen on dört gögerçini awlasa: „wah, men güllelerimi bihuda sarp edäýýärin-dä!“ diýip gaýga batardy ahyry. -Ol bu barada bize bir gezejigem ýeke sözem aýtmady-diýip Jim hümürdedi. -O nähili? Ýeke gezegem, ýeke sözemmi? -Hawa, hanym. -Onda näme üçin ol hiç haçan aw etmeýär?-diýip men geň galdym. Hanym Modi: -Görýän welin, men muny saňa düşündirip biläýjek ýaly-diýdi:-Nämäniň nähilidigini-hä bilemok welin, seniň kakaň ähli zatdan öňünçäsi akgöwünli adam. Mergenlik hem elbetde Hudaýyň beren zehini...Ýöne, elbetde, ony hemişe kämilleşdirmeli, türgenleşmeli, ýogsa nyşana atmak mysal üçin fortepýana çalmak hem däl ahbetin. Men şeýle pikir edýän, günlerde bir gün ol Hudaýyň özüne beýleki janly jandarlar babatda adalatsyz artykmaçlyk berendigine düşünen bolmaly, şondan soňam ol tüpeňini taşlandyr. Megerem öz ýanyndan diňe öte zerurlyk ýüze çykanda ol elime alaryn diýip kesgitlän bolmaly, bu gün bolsa şeýle zerurlyk döredi, onsoň ol hem atdy. Men: -Meniň pikirimçe ol öz eden işine buýsanmaly-diýdim. Hanym Modi: -Diňe akmaklar özlerine berlen zehine buýsanýarlar-diýdi. Birsellemden zibilçi Zibo geldi. Ol ulagyndan çarşagyny aldy-da, seresaplyk bilen Tim Jonsona göterdi. Ony ulagyň yzyna zyňdy, soňra taňňyrdaky nämedir bir zat bilen Timiň ýatan ýeriniň we daş-töwereginiň topragyna sepeledi. -Häzire çenli, hiç haýsyňyz bu ýere gelmejek boluň!-diýip ol gygyrdy. Bize öýmüze gaýtdyk. Men Jime: „Ine indi duşenbe güni bize mekdebe aýdara-öwünere zat bar“ diýdim welin, Jim birdenkä meniň üstüme heňkirip goýberdi: -Dil ýaryjy bolaýma, eşidýäňmi?! -Ýene näme! Hökman aýdyp bererin! Hemmeleriň kakasy tutuş jelegaýda iň mergen atyjy däl ahyry! Jim: -Meniň pikirimçe,-diýdi:-eger-de ol biziň bu zatlar barada bilmegimizi islän bolsady, onuň özi bize gürrüň bererdi. Eger-de ol muňa buýsanýan bolsady, şeýle diýibem aýdardy. Men: -Belki-de ol aýtmagy huşundan çykarandyr-diýdim. -Ýo-o-ok, Gözlüje, sen muňa düşünmersiň. Dogry, Attikus garry, ýöne maňa welin onuň nämedir bir zatlary başarmaýandygynyň tapawudy ýok, goý hatda ol ýeriň ýüzünde hiç zady hem başarmasyn. Jim ýerde ýatan daşy göterdi-de, ony dabara bilen ulaghana tarap zyňyp goýberdi. Soňra onuň yzyndan ylgady, ylgap barşyna-da ýeňsesine-de gaňrylman gygyrdy: -Attikus – hakyky erkek kişi! Edil men ýaly! xxxxx Jim ikimiz kiçijikkäk biz öýmüzden uzaga daşlaşmaýardyk, ýöne haçan-da men ikinji klasda okaýarkam, biz eýýäm birmahal Betnyşan Redlä azar bermegimizi bes edipdik we bizi şäheriň merkezine tarap dartyp başlapdy. Şol tarapa barýan ýol bolsa hanym Genri Lafaýet Dýubozlaryň deňesinden geçýärdi. Eger-de tutuş bir mil uzaga ýöräýmeseň, onuň öýüniň daşyndan aýlanybam geçer ýaly däldi. Hanym Dýuboz ikimiziň aramyzda öňem ownuk-uşak çaknyşmalar bolupdy, şonuň üçinem men onuň bilen has ýakynrak tanyşmagy düýbünden islemeýärdim, ýöne Jim: „Haçanam bolsa ahyry ulalmak gerek ahyry“ diýdi-dä. Hanym Dýuboz garaýagyz hyzmatkär zenany bilen bizden iki jaý aňyrda, ikinji gatynda üsti açyk meýdançasy bolan jaýjagazda ýaşaýardy, onuň ikinji gatyna-da beýikden-beýik, dik basgançaklar bilen çykmalydy. Hanym Dýuboz garryňam-garrysydy, ol uzakly gününi düşekde ýa-da tigirçekli kürsüde geçirýärdi. Aýdyşlaryna görä, ol özüniň çolanan tükeniksiz gyňaçlarynyň hem-de ýapynjalarynyň aşagynda sapança bukýarmyş, şol sapança bilen bolsa onuň ýakynlaryndan kimdir biri Günorta goşunda söweşenmiş. Jim ikimiz ony görsek aňrymyz bärimize gelýärdi. Ine deňelerinden ötüp barýansyň, ol bolsa ikinji gatdaky meýdançada oturan ýerinden rehimsiz nazary bilen içiňi deşip gelýändir, özem hökman ýapyşak sakyrtga ýaly ýapyşar, hamana biz özümizi nähili alyp barýarys? Soňam garga ýaly gagyldap ugrar, ulalanymyzdan soň bizden kim çykar, elbetde gowulykdan başga ähli zat çykar! Onuň öýüniň deňesinden öteniňde köçäniň aňry tarapyna geçmegiň hem manysy ýokdy, ol tutuş toplumy ýaňlandyryp, bagyryp başlaýardy. Oňa ýaranmaga-da hiç hili mümkinçilik ýokdy. Şadyýan ses bilen oňa: „Salam, hanym Dýuboz!“ diýersiň, ol bolsa jogap deregine: „Maňa „salam“ diýmäge het edäýme, bolgusyzja gyzjagaz! Sen: „Ertiriňiz haýyrly bolsun, hanym Dýuboz!“ diýmäge borçly“ diýip heňkirip goýberer. Ol zalymyňam barypýatanydy. Bir gezek ol Jimiň kakamyň ýöne adyny tutýandygyny eşitdi, onuň tas şol ýerde ýuregi çat açypdy. Bir başlady-ow, bir başlady...Hamana biz ýaly bihaýa, gödek töňňeleri entege bu güne çenli jahan gören dälmiş, hamana kakamyzyň ejemiz aradan çykandan soň ikinji sapar öýlenmändigine juda gynanýarmyş! Biziň ejemiz örän a-ja-ý-y-p aýal bolanmyş, Attikus Finçiň biziň ejemiziň çagalaryny şeýle başyna goýberenini görübem onuň ýüregine ganlar öýýärmiş! Men ejemi bilmeýärdim, ýöne Jim welin bilýärdi, ol kämahal maňa ejem barada gürrüňem berýärdi, şol sebäpli-de hanym Dýubozyň sözlerinden ýaňa ol üç ýuwlan ak esgä dönüpdi. Betnyşan Redli, guduz it we beýleki şoňa meňzeş elhençlikleri başyndan geçirenden soň Jim özüçe: „hanym Reýçeliň jaýynyň deňesinde doňup galmak besdir, näme biz şol derejede züwwetdinmi näme!“ diýen netijä geldi. Şondan soň biz her gün agşam Attikusy garşy almak üçin poçtanyň ýerleşýän künjegine çenli ylgamagy ýüregimize düwdük. Sebäbi eýýäm ençeme gezek hanym Dýuboz biz öýüniň deňesinden geçip barýarkak agzyna gelenini diýipdi, şol sebäpli Jim her gezek Attikusy gahar-gazapdan ýaňa hum ýaly çişip garşylaýardy. -Parahadrak, ogul, parahadrak,-diýip Attikus şonda oňa aýdýardy:-Ol keselbent hem garry aýal. Sen bolsa özüňe berk bol-da, başyňy belent tutup, hakyky erkek kişi bol. Ol saňa näme diýse-de seniň işiň erkiňi eliňden bermezlik. Jim: „ol beýlebir keselli hem däl, sebäbi hassalar beýle çirkin bagyrmaýarlar. Soňra biz üç bolup hanym Dýubozyň öýüniň öňüne barýardyk, Attikus edep bilen sypal başgabyny çykarýardy-da, oňa baş egip: -Gündiziňiz haýyrly bolsun, hanym Dýuboz! Siz bu gün edil surat ýaly görünýärsiňiz-diýýärdi. Ýöne ol hiç haçan nähili suratdygyny aýtmaýardy. Ol hanym Dýuboza her hili kazyýet täzeliklerini habar berýärdi we onuň özüni ertir mundanam gowy duýmagyna umyt bildirýärdi. Soňra sypal başgabyny geýýärdi-de, hanym Dýubozyň gözüniň alnynda meni egnine mündürýärdi, onsoň biz agşamaranyň alagaraňkylygynda öýümize tarap gadam urýardyk. Ine şeýle agşamlarda-da men: „kakam ýarag görse aňyrsy bärisine gelýän hem bolsa, ol hiç haçan urşa gatnaşmadyk hem bolsa-da, ol ýeriň ýüzünde iň batyr adam“ diýip pikir edýärdim. Haçan-da Jimiň on iki ýaşy dolanda oňa pul sowgat berdiler, bada-badam puly onuň kisesini ýakyp başlady. Şonuň üçinem biz ertesi gün şähere gaýtdyk. Jim puly özi üçin bug hereketlendirijisiniň kinniwanja nusgasyny we meniň üçin harby baş sazandalaryň owadan hasasyny satyn almaga ýeter öýdüp çaklaýardy. Men şol hasany her gezek görenimde aňk bolup galýardym, ol Elmoryň dükanynyň görnüş aýnasynda goýulgydy, ol owadan şaý-sepler hem zerli sapaklar bilen bezelendi, özüniňem on ýedi sent bahasy bardy. Wah, men ony her görenimde bahymrak ulalyp, Meýkomb okrugynyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň Sazandalar toparyna dirižýorlyk etmegi şeýlebir küýseýärdim, şeýlebir küýseýärdim! Men öňden bäri sazandalar toparyna ýolbaşçylyk etmek sungatynda öňden bäri türgenleşýärdim we hatda taýagy ýokaryk oklap gapmagy tas öwreniberipdim diýen ýalydy. Hatda soňabaka Kelpurniýa meni elim taýakly gördügi öýe hem goýbermän başlapdy. Ýöne men bilýärdim, eger-de meniň hakyky sazandalyk hasajygym bolsady, onda men ony hiç haçanam ýere gaçyrmaryn. Maňa şeýle arzyly sowgady etmegem Jimiň tarapyndan örän uly sahawatlylykdy. Haçan-da biz hanym Dýubozyň jaýynyň deňesinden geçip barýarkak, ol ýene-de öýüniň ikinji gatyndaky meýdançada otyrdy. -Bu bimahal çak siz nirä şaýlanyp barýarsyňyz?-diýip ol gygyrdy:-Bikär entäp ýörsüňiz gerek, şeýlemi? Ine, häzir men mekdebiň direktoryna jaň ederin! Özüniňem ýüzi şeýlebir birhili boldy, edil ýöne biz nähilidir bir aýylganç hokga goparan ýaly, özi-de eýýäm kürsüsini telefona tarap sürmäge hyýallandy. Jim: -Bu gün şenbe ahyry, hanym Dýuboz-diýdi. -Ýeri şenbe bolsa bolupdyr-da,-diýip ol düşnüksiz jogap berdi:-Ýogsa-da siziň kakaňyz siziň nirelerde ygyp ýörendigiňizi bir bilýärmikä? -Hanym Dýuboz, biz şähere ine şunuň ýalykak hem özbaşdak gidýärdik-diýip Jim aýasy bilen ýerden iki fut beýikligi görkezdi. -Maňa ýalan sözleme!-diýip ol wawwaly ýarasyna basylan ýaly çirkin gygyrdy:-Jeremi Finç. Modi Etkinson maňa seniň şu gün onuň üzüminiň şahasyny döwendigiňi aýtdy. Ol seniň kakaňa arz eder welin, onsoň sen dünýä ineniňe puşman edersiň! Onsoňam meniň men bolmadygym, eger-de seni ýene-de bir hepdeden düzediş öýüne ugratmasalar. Jim tomusdan bäri hanym Modiniň üzümlerine ýakynam barmaýardy, onsoňam eger-de ol üzümiň şahasyny döwäýen bolanlygynda-da ol bilýärdi, hanym Modi hiç wagtam Attikusa arz etmez, muny şeýle diýibem aýtdy: -Bu aýdýanlaryňyzyň bary galat! -Meniň tersimden tutmaga het etme!-diýip hanym Dýuboz şaňňy sesi bilen hasam çirkin gygyrdy:-A sen bolsa,-diýip ol meniň tarapyma egrerlip çeňňegiň ujuna dönen barmagy bilen dürtdi:-sen näme beýden bolup oglanjyk ýaly jalbarly sümsünip ýörsüň? Ýaş hanymlar uzyn köýnekli, ýasy guşakly gezmeli. Eger-de kimdir biri saňa terbiýe bermeklige çynlakaý girişmese senden bary-ýogy hyzmatçy çory çykar. Gör-ä muny, Finçleriň gyzy köçe meýhanasynda çorylyk edip ýörse, ha-ha! Men gorkudan ýaňa buz ýaly boldum. Köçe meýhanasy – bu şäheriň demirgazyk çetindäki syrly ymaratdy. Men Jimiň eline ýapyşdym, ýöne ol bir dyzanda elimden sypdy. -Ýeri, ýeri, Gözlüje!-diýip ol pyşyrdady:-Oňa üns berme, başyňy belent tut-da, hakyky erkek kişi bol! Ýöne hanym Dýuboz bize ýöne şeýle geçip gidibermäge maý bermedi. -Gör Finçler nähili pese düşdüler! Olaryň biri köçe meýhanasynda çorylyk edýäni hem az ýaly, ýene-de beýlekisi hem kazyýetde garakirlileri goraglaýar! Jim gös-göni boldy-da, doňup galdy. Hanym Dýuboz biziň iň agyryly ýerimizden urupdy, onuň özem muny bilýärdi. -Hawa, hawa, ine näme çenli barlyp ýetildi, Finç maşgalanyň däp-dessurlarynyň ählisiniň garşysyna sürünýär!-diýip ol elini agzyna eltdi-de, soňam yzyna çekdi welin, eliniň yzyndan uzyn sülekeýden sapajyk süýnüp gaýtdy:-Ine men saňa näme aýdaýyn: seniň kakaň özi-de özüniň hyzmatyny edip berýän garakirlilerinden we beýleki dürli-dümen näkes akýagyzlaryndan jinnek ýaly-da tapawutlanmaýar! Jim gaýnadylan leňňeje dönüp gyzardy. Emma men onuň ýeňinden çekdim welin, ol sesini çykarman öňe ýöräberdi, biziň ýeňsämizden bolsa hanym Dýuboz ýyldyrym çakdyryp gök gümmürdetmegini dowam etdirdi. Hamana biziň maşgalamyz sandan çykyp, şeýle bir pese düşüpdir welin, indi mundan aşak gaçmaga-da ýer ýokmuş, hamana Finçleriň ýarysyndanam köpüsi dälihanadamyş, ýöne eger-de biziň ejemiz diri bolan bolsady, onda biz beýle edip başymyza gitmezdik. Men bilmeýärin, hanym Dýubozyň sözlerinden haýsysynyň Jimiň has çetine degendigini, ýöne meniň özüm-ä hanym Dýubozdan öler ýaly gaty gördüm. Ol ňäme üçin biziň hemmämizi däli diýip hasaplaýarka? Attikusa hemmeler tükeniksiz käýinýärdiler, muňa men eýýäm öwrenişibem başlapdym. Ýöne meniň ýanymda ilkinji gezek kakamy uly ýaşly adam masgaralapdy. Eger-de ol Attikusa sögünip başlamadyk bolsady, biz onuň bolşuna beýlebir geň galybam durmazdyk, onuň beýle bolşy ilkinji gezek däldi. Howadan tomsuň ysy gelip ugrapdy, kölegede heniz sowugrakdy, ýöne Gün mazaly gyzdyrýardy, diýmek gowy döwür ýakynlap gelýärdi, okuw tamamlanar, Dill geler. Jim bug hereketlendirijisiniň oýnawaç nusgasyny satyn aldy, onsoň biziň Elmoryň dükanyna, meniň sazandalyk hasajygymyň yzyndan gitdik. Täze satyn alan hereketlendirijisi Jime hiç hili şatlyk getirmedi, ol ony jübüsine dykdy-da, jyňkyny çykarman meniň gapdalym bilen öýümize tarap mytdyldap ugrady. Ýolda barýarkak men tasdanam hasajygymy jenap Link Diziň depesinden gaçyrýardym, zordanjyk ony gapyp ýetişäýdim, jenap Link Diz bolsa maňa: -Seresabrak bolaweri, Gözlüje!-diýdi. Biz hanym Dýubozyň öýüniň deňesine golaýlanymyzda meniň hasajygym çyr-çyrşak boldy, men eýýäm ony ençeme gezek hapanyň içinden alypdym. Jaýyň ikinji gatyndaky açyk meýdançada hanym Dýuboz ýokdy. Men soň özümden: „şol gezek Jimi kakamyň „hakyky erkek kişi bol, ogul“ diýen öwüdiniň undup, özüniň ýakyn wagtlardan bäri yhlas bilen gyşarnyksyz berjaý edýän uýaljaň asyllylygynyň düzgünlerini bozmaga näme mejbur etdikä?“ diýip ençeme sapar sorapdym. Megerem Jim hem Attikusy, onuň garakirlileriň arkasyny alýandygy üçin masgaralaýan şalpar dillerden mendenem artygrak ezýet çeken bolara çemeli, ýöne men doganymyň hemişe sowukganlylygyny saklaýandygyna öwrenişipdim, ol hemişe asuda häsiýetlidi we birjigem gyzma däldi. Ýöne men pikir edýän, şol gezek bolup geçen zadyň welin, diňe ýeke-täk düşündirişi bolmaly – Jim şol pursat hut dälirän bolmaly. Şonda Jimiň eden işini men, eger-de Attikusyň tabşyrygy bolmadyk bolsady, ýöne, hiç hili gypynçsyz beýlekisiz, ýüzugruna edip goýbererdim. Bize, elbetde, ýürekbulanjy kempirler bilen söweşmek bolmaýardy. Ine, onsoň, biz hanym Dýubozyň derwezesiniň deňesine ýeten badymyza Jim meniň elimden hasajygymy garbap aldy-da, ony dälirän ýaly depesiniň üstünde bulaýlap, howlynyň içine topuldy, ol Attikusyň ähli öwüt-nesihatlaryny-da, hanym Dýubozyň gyňajynyň astynda sapança saklaýandygyny-da, eger-de onuň özi atan okuny pys geçiräýse-de çorusy Jessiniň megerem okuny sowa geçirmejekdigini-de undupdy. Ol diňe hanym Dýubozyň ähli gülleriniň depesini ýenjip-ýenjip ýere gaçyryp, bütin howlyny mynjyran gunçlardan hem ýaşyl gül ýapraklaryndan doldurandan soňra az-maz köşeşdi. Şondan soň ol meniň sazandalyk hasajygymy dyzyna urup döwdi-de, böleklerini ýere zyňyp goýberdi. Oňa çenli menem sesimde baryny edip çygyryp ugradym. Jim meniň saçymdan çekdi-de, özüne indi barynyň birdigini, çemesini tapyp ýene-de edil şeýle etjekdigini, eger-de men sesimi kesmesem bolsa meniň saçlarymy ütüm-ütüm etjekdigini aýtdy. Emma men sesimi kesmedim welin, ol aýaklary bilenem meniň mazalyja eýimi ýetirdi. Men onuň urgusyna aýak üstünde durup bilmän, burnum bilen pyýada ýodasyny süsdüm. Jim zarp meni aýaga galdyrdy, ýöne göwnüme bolmasa onuň maňa rehimi indi. Degmedi. Ikimizde-de gepläre söz ýokdy. Şol gün biz iň gowusy diýip, Attikusy garşy almaga çykmadyk. Biz tä Kelpurniýa kowýança aşhanadan çykmadyk. Ol edil haýsydyr bir ertekilerdäki jadygöý aýal ýaly eýýäm ähli zady bilipdi. Elbetde ol göwünlik bermegiň beýlebir ussady däldi, ýöne şonda-da mazaly gyzardylan çöregiň esli böleginiň üstüne mesge çalyp Jime tutdurdy, Jim bolsa ony ikä böldi-de ýarysyny maňa berdi. Men iň gowy görýän höregimiň hiç hili tagamyny duýmadym. Biz myhman otagyna geçdik. Men futbol žurnalyny aldym-da, Diksi Houelliň suratyny tapyp, Jime görkezdim: -Saňa juda meňzeýär! Meniň pikirimçe onuň üçin şundan ýakymly zady oýlap tapybam boljak däldi. Ýöne bu hem kömek etmedi. Ol penjiräniň öňündäki kürsüde küýkerilip oturyşyna, gaşlaryny çytýardy we garaşýardy. Iňrik garalyp barýardy. Göwnüme bolmasa, geologiýa eýýamlarynyň bir-iki sanysy geçenden soňra daşarda Attikusyň aýak sesi eşidildi. Gapy açylyp-ýapyldy, birsalym ähli zat ümsümlige beslendi, Attikus daşky otagdaky geýim asylýanyň ýanyna bardy, soňra ol çagyrdy: -Jim! Onuň sesi edil gyşyň çapgyn ýeli ýalydy. Attikus myhman otagynyň çyrasyny ýakdy-da, bizi boýdan-başa birlaý synlady, biz bolsa doňup galyşymyza mizäýinem diýmeýärdik. Onuň bir elinde meniň hasajygym bardy, onuň hapalanan sary sapy halynyň ýüzünden süýrenýärdi. Attikus beýleki elini uzatdy welin, onuň aýasynda gülleriň pökgüje gunçalarynyň ýatandygyny gördük. Attikus: -Jim,-diýdi:-bu seniň işiňmi? -Hawa, jenap. -Sen näme üçin beýle etdiň? Jim zordan eşidiler ýaly pessaý jogap berdi: -Ol sen garakirlileri hem-de näkesleri goraglaýaň diýdi. -Şonuň üçinem sen şeýle hereket etdiňmi? Jimiň dodaklary sessiz gymyldady, bu „hawa jenap“ diýildigidi. Attikus: -Men düşünýän, ogul, seniň deň-duşlaryň seniň aýdyşyň ýaly meniň „garakirlileri goraglaýanym üçin“ seniň ýüregiňe öte düşýändirler, ýöne garry hem keselbent garry zenana beýle çemeleşmek bagyşlap bolmajak hata. Men saňa gidip hanym Dýuboz bilen gepleşip gaýtmagy örän maslahat berýärin. Şondan soňam dessine öýe dolan-diýdi. Jim ýerindenem butnamady. -Men saňa: „Bar git“ diýýän. Men myhman otagyndan çykyp Jimiň yzyna düşüp ugradym. Ýöne Attikus maňa: -Bärde gal-diýdi. Menem galdym. Attikus gazeti aldy-da, ýaňy Jimiň oturan kürsüsine geçdi. Meni şu duranja ýerimde öldüräýiň, men oňa düşünmeýärdim, öz-ä ap-arkaýyn otyr-da, okan bolup otyr, onuň ýalňyz ogluny bolsa häzir elbetde posly sapança bilen atyp goýbererler. Dogry, elbetde, kämahal Jim meni şeýlebir gižželäp gaharymy getirýär welin, ony duranja ýerinde özümiňem tary-mar edäýesim hem gelýär, ýöne eger-de gowuja pikir edip otursaň ondan başga meniň hiç kimim ýok ahyry. Attikus bolsa megerem muňa düybünden düşünmeýän bolmaly ýa-da oňa barybir bolmaly. Bu kakamyň tarapyndan juda peslikdi. Ýöne haçan-da seniň başyňdan betbagtlyk inse sen örän tiz ýadaýarsyň, şonuň üçinem men örän çalt onuň dyzyna mündüm-de gujagynda güýlündim welin, ol meni gujaklady. Kakam: -Sen indi ep-esli bolupsyň, şol sebäpli-de men seni gujagymda huwwalap bilmeýärin-diýdi. Men: -Oňa näme boljagy seniň azaryňa-da däl,-diýdim:-Ony dogry ölüme ugratdyň, ol bolsa seniň arkaňy alyp şeýle hereket etdi. Attikus meni has berkräk bagryna basdy welin, men onuň ýüzüni görüp bilmedim. Ol: -Tolgunmaga howlukma,-diýdi:-Gör-ä muny, men asyl şujagaz zat üçin Jim gahar-gazaba erkini elinden aldyrar diýip asla-da pikir etmeýärdim...Men gaýta sen maňa has köp biynjalyklyk döredersiň öýdýärdim. Men ondan: „Näme üçin-ä bu beýleki oglanlara gahar-gazaba erkini ellerinden aldyrmak bolýar, diňe Jim ikimize bolsa bolmaýar?“diýip soradym. Attikus: -Diňle, Gözlüje,-diýdi:-bahym tomus gelýär, şonda-da sen bu eşidýänleriňden has çökderräk zatlara döz gelip, gahar-gazaba erkiňi eliňden aldyrmazlyk gerek bolar...Men bilýän, siziň ikiňiziň başyňyzdan munuň ýaly erbetlikleri geçirmeli bolýandygyňyzyň adalatsyzdygyny, ýöne käteler öz bolanja güýç-gaýratyňy bir ýere jemelemeli bolýan ýagdaýlary hem bolýar, biziň kyn pursatlarda özümizi nähili alyp barýandygymyza-da bagly...umuman men saňa bir zady aýdaýyn: Jim ikiňiz uly adam bolanyňyzdan soň, belki-de siz bu zatlaryň ählisini gowulykda ýatlarsyňyz-da meniň size dönüklik etmändigime düşünersiňiz. Bu iş, Tom Robinsonyň işi biziň wyždanymyza çagyrýar...Eger-de men ol adama kömek etmäge dyrjaşmasam, Gözlüjäm, men onda mundan buýana ybadathana baryp, Hudaýa mynajat edip bilmerin. -Attikus, megerem, seniňki ýalňyş öýdýän. -O nähili? -Neme-dä, ine hemmeler özleriniňkini dogry hasaplaýarlar, sen bolsa olaryňkyny ýalňyş hasaplap diňe özüňkini dogrudyr öýdýärsiň... Attikus: -Olaryň şeýle pikirlenmäge haklary bar, olaryň pikiri-de hökmany ýagdaýda hormatlanmaga degişli,-diýdi:-Ýöne meniň adamlar bilen mundan beýlägem bir jemgyýetde agzybir ýaşap bilmegim üçin, meniň ilkinji nobatda öz-özüm bilen agzybir ýaşap bilmegim gerek. Ynsanda bolsa köpçülige tabyn bolmaýan şeýlebir bir zat bar – oňa ynsap diýýärler. Jim dolanyp gelende men entegem Attikusyň dyzynda otyrdym. -Ýeri, nähili ogul?-diýip Attikus sorady. Ol meni dyzyndan düşürende men Jimi gabak astyndan ogrynça synladym. Ol diridi hem-de aman-esendi, ýöne ýüzi birhili geňdi. Belki, hanym Dýuboz ony içiňi sürýän ajy derman içmäge mejbur edendir?! -Men onuň howlusynda ähli zady aýryşdyrdym hem-de ötünç soradym, ýöne men barybir günäkär däl. Men her şenbede onuň bagynda işlärin we özümiň zaýalan güllerimiň ýene-de ösmegi üçin elimden gelenini ederin. Attikus: -Eger-de özüňi günäli duýmaýan bolsaň ötünç soramagam gerek däl ekeni,-diýdi:-Jim, ol syrkaw, özi-de garry. Ol hemişe öz sözlerine hem-de eden işlerine jogap berip bilmeýär. Elbetde men onuň gündizki aýdan sözlerini Gözlüje ikiňize däl-de maňa aýtmagyny isleýärin, ýöne durmuşda ähli zat biziň isleýşimiz ýaly bolmaýar-da. Jim halynyň ýüzündäki bägülden hiç gözüni aýryp bilmeýärdi. Ol: -Attikus,-diýdi:-ol meniň özüne her gün kitap okap bermegimi isleýär. -Kitap okap bermegiňi? -Hawa, jenap. Meniň her gün mekdepden soň öýüne gelip, iki sagatlap daşymdan kitap okap bermegimi isleýär. Attikus, bu hökman gerekmikä? -Elbetde. -Ýöne ol meniň öýlerine tutuş bir aýlap gatnamagymy isleýär ahyry. -Diýmek bir aýlabam gatnarsyň. Jim usullyk bilen köwşüniň burnuny halynyň ýüzündäki bägüliň şekiliniň edil ortarasyna diredi-de, aýagyny basdy. Birsellem dymandan soňam: -Bilýäňmi, Attikus, eger-de onuň öýüne köçeden seretseň, beýlebir erbedem däl, ýöne içinden welin...hemme ýerde tümlük...hatda birhili ýüregiňi-de howladyberýär. Ähli ýerde-de kölegeler, hatda otaglaryň ýokarysynda-da... Attikus tutuksy ýylgyrdy. -Saňa bu hökman ýaraýmaly, seniň hyýalbentligiň öte güýçli ösen ahyry. Sen olara baranyňda özüňi Redlileriň jaýynda diý-de göz öňüňe getir-äý. Duşenbe güni biz Jim bilen hanym Dýubozyň öýüniň ikinji gatyna belent basgançakdan galdyk, Jim „Aýwengonyň“ bir jildi bilen ýaraglanyp, özüniň eýýäm bärde ähli zada beletligine buýsanyp barşyna, çepden ikinji gapyny kakdy. -Hanym Dýuboz!-diýip ol gygyrdy. Jessi daşky gapyny açdy-da, ikinji gözenekli işigiň kildini ýazdyryp: -Bu sizmi, Jim Finç?-diýdi:-Uýaňyzy hem getirdiňizmi? Men-ä dogrusy bilmedim welin... Hanym Dýuboz: -Ikisinem goýber-diýdi. Jessi bizi içerik goýberdi-de, aşhana gitdi. Biz bosagadan ätlän badymyza adatça nebit çyra ýakylýan, suwy susak bilen setilden susup alynýan hem-de aklanmadyk kendirden düşekdaşylarda ýatylýan, köne, çyglylykdan ýaňa çüýrük jaýlarda bolýan agyr, dymyljak ys ýüzümize haplap urdy. Bu ys hemişe-de meniň ýüregime wehim salýardy we meni howsala düşürýärdi. Otagyň çüňkünde misden ýatyş sekisi durdy, sekiniň üstünde hanym Dýuboz ýatyrdy. Belki, Jim zerarly onuň haly teň bolandyr? Hatda bir pursatlyk men oňa gynanybam ugradym. Onuň üsti ýumşak ýorganlaryň uly depesi bilen basyrylgydy, özem göwnüme bolmasa azak-tenek mähirli garaýan ýalydy. Sekiniň gapdalynda mermerden çaklaňja tekjejik durdy, onuň üstünde bolsa çaý çemçeli bulgur, gyzyl rezinden gulaga derman damdyrylýan, içi pamykly guty hem-de polatdan, üç aýakly tow berilýän sagat bardy. -Görýän welin, sen öz çyr-çyrşak uýaňy hem yzyňa düşürip alyp geläýen ýaly-la, hä? Hanym Dýuboz Jim bilen şeýle diýip salamlaşdy. -Meniň uýam çyr-çyrşak däl, özümem sizden birjigem gorkamok,-diýip Jim asuda jogap berdi, özüniň welin dyzlary sazanaklap durdy, men görýärdim. Men pikir etdim kempir gaharlanyp sögünip başlar öýtdüm, emma ol diňe: -Başlap bilersiň, Jeremi-diýdi. Jim çybykdan örülen kürsüde oturdy-da, „Aýwengony“ açdy. Men ikinji kürsüni oňa ýakynrak süýşürip, gapdalynda oturdym. -Golaýrak otur,-diýip hanym Dýuboz Jime aýtdy:-Ine şu ýerde, sekiniň ýanjagazynda. Biz golaýraga süýşdük. Men mundan öň hiç haçan ony şeýle golaý görmändim, şonuň üçinem meniň dünýäde hemme zatdan beter ondan daşraga süýşesim geldi. Ol öte eýmençdi. Ýüzi edil hapa ýassyk daşy ýaly çap-çaldy, dodaklarynyň çetlerinde sülekeýi ýylpyldap, edil dagdan eňaşak gaýdýan buzluk ýaly, onuň eňeginiň iki tarapyndan aşaklygyna assajadan syrygýardy. Ýaňaklarynda garrylykdan ýaňa goňur tegmiller bardy, reňksiz gözlerinde kinniwanja ýiti garaçyklary edil iňňe ýaly sereden tarapyna çümüp barýardy. Elleri damar-damardy, dyrnaklary bolsa ösüp gidipdir. Ol ýasama dişini ýerine oturtmandygy üçin ýokarky dodagy öňe çykyp durdy, ol wagtal-wagtal aşaky dodagyny yza çekýärdi-de, onuň bilen ýokarky oturtma dişine galtaşýardy. Şeýle edende onuň eňegi süýrelip öňe çykýardy we hyllygy has çalt syrygýardy. Men oňa seretmezlige çalyşýardym. Jim Aýwengony açandan soň ony okap başlady. Men onuň yzyndan gözüm bilen yzarlamaga synanyşdym, ýöne ol öte çalt okaýardy. Eger-de okap barýarka düşnüksiz söz gabat gelse Jim onuň üstünden böküp geçýärdi, ýöne hanym Dýuboz ony säwliginiň üstünde tutýardy-da, ony şol sözi harplap okamaga mejbur edýärdi. Jim megerem, eýýäm ýigrimi minut çemesi dagy okap otyrdy, men bolsa birden-ä gurumdan ýaňa kakap giden diwar pejine, birdenem penjirä, umuman hanym Dýubozy görmezlik üçin başga islendik ýere seredýärdim. Ol soňabaka Jime barha we barha az düzediş berip ugrady, bir gezek bolsa ol jümläni ahyryna çenli okamasa-da muňa aň salmady. Ol indi Jimi diňlemeýärdi. Men sekä garadym. Hanym Dýuboza nämedir bir zat bolýardy. Ol arkanlygyna, eňegine çenli ýorgan bilen basyrylgy ýatyrdy. Diňe kellesi bilen eginleri görünýärdi. Kellesi bolsa çalajadan kä saga, käte-de çepe gyşarýardy. Arasynda-da hanym Dýuboz agzyny giňden açýardy welin, onuň diliniň nähili gymyldaýandygy bildirýärdi. Onuň dodaklarynda sülekeýi ýygnanýardy welin, hanym Dýuboz ony agzyna çekýärdi-de ýene-de agzyny açýardy. Göwnüňe bolmasa onuň agzy bedeninden aýry durmuşda ýaşap, edil gaýtgyn wagtynda iki gatly balykgulak ýaly açylýardy we ýapylýardy. Birden-birdenem ol agyz içinde şüle gaýnaýan ýaly „Pt...“ diýýärdi. Men Jimiň ýeňinden çekdim. Ol ilki maňa, soňra ýatyş sekisine äňetdi. Kelle ýene-de bize tarap öwrüldi welin Jim: -Hanym Dýuboz siziň ýagdaýyňyz ýaramazlaşdymy?-diýdi. Ol eşitmeýärdi. Birdenem sagat jyňňyrdady welin, biz gorkudan ýaňa doňup galdyk. Birhaýukdan soň bolsa biz henizem özümizi dürsäp bilmän, sermisal halda öýümize garşy mytdyldap barýardyk. Biz gaçyp gaýtmandyk, bizi öýden Jessi çykarypdy, entek sagat jyňňyrdamagyny bes etmänkä, ol eýýäm otagda desbi-dähil bolup bizi daşaryk itekläpdi. Ol: -Gidiberiň, gidiberiň,-diýipdi:-Siziň öýňüze gaýdar wagtyňyz boldy. Jim işikde biraz säginjek boldy. Jessi: -Onuň dermanyny işmeli wagty boldy-diýdi. Gapy biziň yzymyzdan ýapyldy, ýöne men işigiň yşyndan Jessiniň haýdan-haý ýatyş sekisine tarap ýönelendigini görüp galdym. Biz öýümize dolanyp geldik, ýaňybir dörde ýigrimi bäş minut bar ekeni, şonuň üçinem biz tä Attikusy garşy almaga çykmagyň wagty gelýänçä howlymyzyň ýeňse tarapynda top oýnadyk. Ol maňa iki sany sary galam, Jime bolsa futbol žurnalyny getirdi, ol bize sowgatlary barada hiç zat aýtmady, ýöne meniň pikirimçe bu biziň hanym Dýubozyň ýanynda oturandygymyz üçin bermit bolmalydy. Jim Attikusa ähli zadyň nähili bolandygyny gürrüň berdi. -Ol sizi gorkuzdymy?-diýip Attikus sorady. Jim: -Ýok, jenap,-diýdi:-ýöne ol şeýlebir ýürekbulanjy. Birhili onuň nähilidir bir tutgaýy bar ýaly. Özem hemişe hyllygyny akdyryp dur. -Ol günäkär däl. Haçan-da adam kesellikä oňa seretmek hemişe ýakymly bolup durmaýar. Men: -Ol örän eýmenç-diýdim. Attikus maňa äýneginiň üstaşyr seretdi. -Saňa Jim bilen gatnamak hökmanam däl. Ertesi günem, soňkusy günem hanym Dýubozyňkyda şol bir zatlar gaýtalandy, şoňa görä-de biz dura-bara öwrenişdik, hemme zat öz akymyna akýar, ilki hanym Dýuboz öz gülleri, biziň kakamyzyň garakirlilere aşyk bolandygy baradaky gürrüň bilen Jimiň ýüregine-bagryna düşýär, soňabaka onuň dili barha we barha haýal aýlanyp başlaýar, ol dymýar, soňra bolsa bizi düýbünden unudýar. Sagat jyňňyrdaýar, Jessi gyssanmaçlyk bilen bizi işikden çykarýar, şondan soňam biz islän zadymyz bilen meşgullanyp bilýäris. -Attikus,-diýip men bir gezek agşam soradym:-garakirlileri söýýänçi diýmek näme? Attikus örän çynlakaý keşbe girdi: -Seni kimdir biri şeýle diýip atlandyrýarmy? -Ýok jenap, ýöne hanym Dýuboz seni şeýle atlandyrýar. Ol her gün saňa „garakirlileri söýýänçi“ diýip sögünýär hem-de gaharlanýar. Maňa bolsa täze ýylyň öňisyrasynda Frensis şeýle sögündi, men öň bu sözi ýeke sapar eşidibem görmändim. -Şonuň üçinem sen şonda Frensisiň eýini ýetirdiňmi?-diýip Attikus sorady. -Hawa, jenap... -Onda näme üçin sen ol sözüň manysyny soraýarsyň? Men düşündirip ugradym, şonda meni bu söz däl-de Frensisiň ony aýdyş äheňi guduzlana dönderipdi. -Ol edil maňa „sümgüriji“ ýa-da şoňa meňzeş bir zat diýip sögen ýaly boldy. -Bilýäňmi, Gözlüje,-diýip Attikus aýtdy:-„garakirlileri söýýänçi“ edil „sümgüriji“ diýen söz ýaly manysyz söz. Saňa nädip düşündirsemkäm...Biderek, nadan adamlar özlerine garanyňda garaýagyz adamlara artykmaç gowy garaýan adamlara garakirlileri söýýänçi diýýärler. Haçan-da has gödegräk, ynjylyrak lakamy oýlap tapmakçy bolanlarynda şol söz bilen biziň ýaly adamlary atlandyrýarlar. Dowamy bar. | |
|
√ Köne mülk -13: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Dirilik suwy -18: romanyň dowamy - 18.05.2024 |
√ Atbaýrak: Galtamanlar - 10.09.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -11: romanyñ dowamy - 12.05.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -9: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -18: romanyň dowamy - 28.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |