17:37 Şygşygyny öldürmek -11/ romanyñ dowamy | |
ŞYGŞYGYNY ÖLDÜRMEK
Romanlar
- Ýöne hakykatda sen garakirlileri söýýänçi däl ahyry? - Elbetde men garaýagyzlary söýýärin. Men hatda ähli adamlary söýmäge çalyşýaryn... Käwagtlar men barada örän erbet zatlary-da aýdýarlar... Düşünýäňmi körpejäm, eger-de kimdir biri seni onuň özüne paýyş sögünç bolup görünýän söz bilen atlandyrýan bolsa-da, bu düýbünden mertebäňe degildigi däl. Bu göwnedegiji hem däl, diňe şol adamyň näderejede ejizdigini görkezýär. Şonuň üçinem sen haçan-da hanym Dýuboz sögünýärkä gynanma. Onuň özüniňem betbagtlyklary ýetikdir. Bir gezek, takmynan bir aý geçenden soňra, Jim jenap Walter Skauty (ol ony şeýle atlandyrýardy) tamamlap barýarka, hanym Dýuboz bolsa onuň her bir sözüne aslyşyp, düzediş berip ýatyrka, birdenkä gapy kakyldy. - Giriberiň!-diýip ol çirkin sesi bilen gygyrdy. Bu Attikusdy. Ol ýatyş sekisine ýakynlady-da, seresaplyk bilen hanym Dýubozyň elini gysyp: - Men işden gelýärdim-de, görsem, çagalarym meni garşylamaýarlar,-diýdi: - Men şeýle-de pikir etdim, olar megerem bärde bolsalar gerek diýip. Hanym Dýuboz oňa ýylgyrdy. Men ugur-utgamy ýitirdim, nädip hanym Dýuboz kakam bilen beýle parahat gepleşip bilýärkä, onuň ony jyny almaýar ahyry?! Hanym Dýuboz: -Sagadyň näçe bolandygyny bilýärsiňizmi, Attikus?-diýdi:-Ylaýyk altydan on dört minut işleýär, sagat bolsa altyň ýaryna gurulgy. Şuny göz öňünde tutaýyň. Men birdenkä düşündim, ýogsa-da her gün biz hanym Dýubozyň ýanynda geçen günden köpräk eglenýäris ahyry, her günem sagat öň ýanyndaky günden bäş minut giç jyňňyrdaýar, şoňa çenli bolsa hemişe onuň tutgaýy tutup başlaýar. Bu gün bolsa ol tutuş iki sagatlap diýen ýaly Jimiň aňkasyny aşyrdy, tutgaýy bolsa henizem tutmaýar, gör biz nähili elhenç duzaga düşüpdiris ahbetin! Birdenkä, şeýlebir gün gelägetdin, sagat düýbünden jyňňyrdamasa näme, şonda biz näme etmeli bolarys-a?! Attikus: -Meniň göwnüme bolmasa Jim takyk bir aýlap size kitap okap bermelidi öýdýän?-diýdi. Hanym Dýuboz: -Ýene-de bir hepde bolaýsa kem bolmaýjak ýaly,-diýdi:-has mäkäm bolmagy üçin... Jim ýerinden böküp turdy. -Ýöne... Attikus elini galdyrdy welin, Jim lam-jim boldy. Öýmüze gaýdyp barýarkak ol ylaýjak bir aý kitap okap bermek barada şertleşilendigini, bir aýyňam geçendigini, munuň jyzmak bolýandygyny aýtdy. Attikus: -Ýene-de bary-ýogy birje hepde, ogul!-diýdi. Jim: -Ýok!-diýdi. Attikus: -Hawa!-diýdi. Indiki hepde biz ýene-de hanym Dýubozyň öýüne gatnadyk. Sagat mundan beýläk jyrlamaýardy, hanym Dýubozyň özi: „Besdir!“ diýýärdi-de, bizi goýberýärdi, biz öýmüze gaýdyp baranymyzda-da Attikus eýýäm öz kürsüsinde oturyp gazet okaýardy. Hanym Dýubozyň tutgaýynyň tutmagy kesilen bolsa-da ol öňküsi ýaly çydar dagy eder ýaly däldi. Haçan-da jenap Walter Skott galalary hem-de garymlary tükeniksiz şekillendirmeklige başlanda ony tukatlyk basmarlap ugraýardy we ol bizi igelemäge oturýardy: -Men saňa aýtdymmy, Jeremi Finç, sen meniň güllerimi mynjyradanyňa müň gezek puşeýman eýlärsiň diýip? Indi bir ökünýärsiňmi, hä? Jim: „onda-da nähili ökünýärin“ diýip jogap gaýtarýardy. -Sen pikir etdiň, meniň „dag garjagazymy“ müdimilik ýok edensiň öýdüp, hä? Ine onda saňa, Jessi ol gülümiň ýene-de gunçalara beslenendigini aýtdy. Sen indiki sapar bu işe nädip has ykjam çemeleşmelidigini bilersiň gerek, hä? Gülümi köki-söki bilen gopararsyň gerek, hä? Jim jogap berýärdi: „Hawa hökman“. -Burnuňa salyp myňňyldama! Meniň göni gözüme seret-de: „Hawa, hanym!“ diýip jogap ber. Äý ýogsa-da, şeýle kakaň barka sen nireden adamlaryň göni garaçygyna dikilip bilersiň diýsene! Jim kellesini dikeldip, nazaryny hanym Dýubozyň nazary bilen çaknyşdyrýardy, onuň ýüzündenem gaharynyň gelýändigi düýbünden bildirmeýärdi. Geçen hepdeleriň dowamynda ol hanym Dýubozyň iň gorkunç hem göz öňüne getirip bolmajak ajy sözlerini ine şeýle parahat we sypaýy keşpde diňlemägi öwrenipdi. Ine-de ahbetin şol köp garaşylan gün gelip ýetdi. Bir gezek hanym Dýuboz aýtdy: -Besdir,-diýdi-de üstüne goşdy:-Indi boldy. Ýene-de görüşýänçäk hoş sag boluň. Gerşimizden dag aýrylan ýaly bolaýdy! Biz aýagaldygyna öýümize ylgadyk, ylgap barşymyza-da şatlykdan ýaňa bökjekläp gygyryşýardyk. Bu bahar ajaýypdy, günler günsaýyn uzaýardy we biziň oýun üçin wagtymyz günbe-günden köpelýärdi. Jim çensiz-çaksyz möhümligi bolan hasaplamalar bilen yzygiderli meşgullanýardy, ol tutuş Amerikanyň talyplar toparlaryndaky ähli pökgüçileri ýatdan bilýärdi. Her gün agşam Attikus bize gazetleriň sporta bagyşlanan sahypalaryny daşyndan okap berýärdi. Çak edilýän düzüme görä (biz hatda ol oýunçylaryň atlaryny-da aýdyp bilmeýärdik), Alabama ştatynyň topary, göwnümize bolmasa, bu tomusda Bägül baýragy gazanaýjak ýaly. Bir gezek agşam, Attikus Uindi Sitonyň maglumatynyň ýarysyna çenli okanda, bize jaň geldi. Attikus telefonda gepleşdi-de, daşky otaga çykyp, geýim asylýandan sypal başgabyny aldy-da: -Men hanym Dýubozyň ýanyna barýaryn,-diýdi:-Tiz dolanaryn. Ol gitdi. Men eýýäm birmahal düşegime geçmelidim, ol bolsa heniz bolup dolanyp gelemýärdi. Haçan-da dolanyp gelende bolsa onuň elinde kemput gutusy bardy. Ol myhman otagyna geçdi, oturdy, gutuny öz kürsüsiniň ýanynda ýerde goýdy. -Oňa näme gerek boldy?-diýip Jim sorady. Biz hanym Dýubozy bir aýdan gowrak wagt bäri görmeýärdik. Biz olaryň deňesinden näçe gezek geçsegem ol indi jaýynyň ikinji gatyndaky açyk meýdançada oturmaýardy. Attikus: -Ol aradan çykdy, ogul!-diýdi:-Ýap-ýaňyja. Jim: -Hä...-diýdi:-Gowy-da. Attikus: -Sen hak aýdýarsyň, bu örän gowy,-diýdi:-Ol mundan beýläk jebir çekmeýär. Ol juda uzak wagtlap hassa ýatdy. Bilýärsiňmi, onuň tutgaýlarynyň näme sebäpli tutandygyny? Jim başyny ýaýkady. Attikus: -Hanym Dýuboz morfiý neşekeşidi,-diýdi:-Köp ýyllaryň dowamynda ol endamynyň agyrysyny az-owlak köşeşdirmek üçin morfiý sanjym edýärdi. Oňa bu melhemi lukman ýazyp beren ekeni. Ol tä ömrüniň soňky günlerine çenli morfiý ulanyp bilerdi hem-de jan berende-de beýle jebir-jepa çekmän bilerdi, emma onuň öte erkin hem garaşsyz häsiýeti bardy... -O nähili?-diýip Jim sowal berdi. Attikus aýtdy: -Seniň goparan hokgaňdan biraz önräk ol menden wesýetnama düzüp bermegi haýyş etdi. Lukman Reýnolds oňa bary-ýogy iki-üç aý ömrüniň galandygyny aýdan ekeni. Onuň ähli maddy işleri aňrybaşy tertiplidi, ýöne ol diýdi: „Ýekeje kemçilik bar“. -Nähili kemçilik?-diýip Jim düşünmän sorady. -Ol dünýäden hiç kime we hiç zada hiç hili borçsuz-bergisiz gitmek isleýändigini aýtdy. Haçan-da adam, agyr kesellikä, Jim, ol öz çekýän jebir-jepasyny azda-kände ýeňletmek üçin islendik serişdäni ulanmaga hakly, ýöne hanym Dýuboz welin, başgaça netijä geldi. Ol amanadyny tabşyrmazyndan öňünçäsi özüniň bu endigini taşlajakdygyny aýtdy, taşlady hem. Jim aýtdy: -Diýmek, onuň tutgaýy şol sebäpli tutýan ekeni-dä? -Hawa, şol sebäpli. Haçan-da sen oňa daşyňdan okaýarkaň, ol köplenç ýeke sözüňi hem eşitmeýärdi. Ol tutuş durky-düýrmegi bilen sagadyň jyňňyrdaryna garaşýardy. Eger-de sen onuň girisine düşmedik bolsaňam, men barybir seni hanym Dýuboza kitap okap bermäge mejbur ederdim. Belki-de bu her niçik-de bolsa azda-kände onuň ünsüni sowandyr. Onsoňam ýene-de bir sebäp bardy... -Şeýdibem ol erkin halda aradan çykdymy?-diýip Jim sorady. Attikus: -Edil şemal ýaly,-diýdi:-Özem tä demi sogrulýança huşundan gitmedi. Ol ýylgyrdy: -Özem arasyny üzmän käýindi ýatdy. Meni her hili edip ýazgardy we meniň elimde seniň jenaýatçy bolup ýetişjekdigiň, özümiňem ömrümiň ahyryna çenli seni zamuna alyp ýaşamaly boljakdygym barada welilik satdy ýatdy. Ol Jessä seniň üçin şu gutyny taýýarlamagy tabşyrdy... Attikus eglip, kemput gutusyny galdyrdy-da, ony Jime uzatdy. Jim gutyny açdy. Onuň içinde, çyg pamygyň üstünde, gar ýaly ap-ak, aňyrsy görnüp duran dup-dury güljagaz „dag gary“ ýatyrdy. Jimiň tas gözleri hanasyndan çykýardy. Ol güli zyňanyny duýman galdy. -Garry melgun!-diýip ol gygyryp goýberdi:-Ýeri, ol näme üçin meni günüme goýmaýar ahyry? Attikus çaltlyk bilen ýerinden turdy-da, onuň üstüne egildi, Jim onuň kükregine ýüzüni berdi. -Hüş-ş, ýuwaş,-diýip Attikus onuň başyny sypady:-Meniň pikirimçe ol munuň bilen saňa: „Hemme zat gowy, Jim, indi hemme zat gowy“ diýmek islän ýaly. Bilýäňmi, ol hakykatdanam hakyky hanymdy. -Hanymdy?-diýip Jim başyny galdyrdy. Ol edil gaýnadylan leňňeç ýaly çym-gyzyldy:-Ol sen barada şeýlebir erbet zatlary diýýärdi, şondan soňam ol seniň pikiriňçe hakyky hanymmydy? -Hawa. Ol, belki-de edil meniňki ýaly dälem bolsa, köp zatlara özüçe garaýardy...Ogul, men saňa ýaňam aýtdym, eger-de şonda sen gahar-gazaba erkiňi eliňden aldyrmadyk bolsaň-da men barybir seni hanym Dýuboza kitap okap bermek üçin onuň ýanyna ugradardym. Men seniň onda bar bolan käbir häsiýetlere akyl ýetirmegiňi, seniň hakyky mertligi görmegiňi we mertligiň diňe haçan-da adamyň elinde ýarag barlygy bilen ölçelmeýändigine göz ýetirmegiňi isläpdim. Mertlik – bu haçan-da utulandygyňy öňünden bilýänem bolsaň, onda-da barybir, jahanyň ähli bela-beterleriniň garşysyna gidip, soňy ýeňliş bilen tamamlanýan işe ýapyşyp, ahyryna çenli gidişmekdir. Şeýle ýagdaýda örän seýrek, juda seýrek halatlarda ýeňäýýän ýagdaýlaryň hem bolýar. Hanym Dýuboz bolsa ýeňdi. Onuň öz ynanjyna görä, ol hiç kime we hiç zada hiç hili bergisiz ýogaldy. Men şeýle mert adama şundan öň hiç haçan duşup görmändim. Jim ýerden gutyny göterdi-de, ojaga oklady. Güljagazy-da galdyrdy, haçan-da men ýatmak üçin öz otagyma gidenimde ol şol bir oturan ýerinden gülüň açylan ýaprajyklaryny seresaplyk bilen sypalap otyrdy. Attikus bolsa gazet okaýardy. IKINJI BÖLÜM Jim indi on iki ýaşapdy. Indi onuň bilen oňuşmak juda kyndy, ol birden-ä gaharlanýardy, birdenem hum ýaly çişip öýkeleýärdi, onuň keýpi günde on bäş gezek üýtgeýärdi. Özi-de açgözlük bilen şeýlebir köp iýýärdi welin, oňa seretmegem gorkunçdy, hemişe-de maňa: „Meniň ýüregime düşme!“ diýip jabjynýardy. Şol zerarly-da men ahyry bir gün çydaman Attikusdan soradym: -Belki, onuň içine gaharjaň gürji güjük girendir? Attikus jogap berdi: -Ýok, Jim ýöne ulalýar, şonuň üçinem biraz sabyr-kanagatly bolmaly we oňa azrak azar bermeli. Özi-de, Jim bary-ýogy bir aýyň dowamynda şeýle özgerdi. Hanym Dýubozy golaýda jaýlapdylar, Jim oňa daşyndan kitap okap bermäge gatnaýarka bolsa ol meniňem özi bilen hanym Dýubozlara gatnaýandygymdan örän hoşal ýalydy. Birdenem, tas bir gijede diýen ýaly onuň nähilidir birhili täze, düşnüksiz ynançlary peýda bolup, Jim olary meniň boýnuma-da dakyp ugrady, käbir ýagdaýlarda bolsa ol hatda maňa öwüt-nesihat hem berip başlady: „Şuny eýt, muny beýtme!“. Bir gezek biz jedelleşip ugradyk welin, Jim ulyili bilen gygyryp ugrady: -Özüňi gyzjagazlara mahsus alyp barmagy öwren ahyry, senem! Indi bir çen boldy, saňa-da! Men möňňürip goýberdim-de, Kelpurniýanyň ýanyna ylgadym. -Sen jenap Jim zerarly beýlebir gaty bozulma-da!-diýip ol başlady. -J-e-n-a-p-p?! -Hawa, ol eýýäm jenap bolup barýar ahbetin. Men: -Jenap bolmak üçin heniz onuň boýy ýetmeýär,-diýdim:-Oňa diňe oňatja edip şekerlije şapbat dadyrmaly, meniň bolsa beýtmäge güýjüm ýetmeýär, sebäbi men entek beýlebir uly däl. Kelpurniýa: -Jenap Jim günsaýyn ulalýar, bu ýerde-de körpejäm, edip biljek zadyň ýok,-diýdi:-Indi onuň özbaşyna gezesi geler, onuň öz ýaşyrynja işleri ýüze çykyp başlar, ähli oglanjyklaryň bolşy şeýle. Sen bolsa, haçan-da ýüregiň gysyp ugrasa, bärik gel-äý. Biziň ikimize şu ýerde-de näçe isleseň iş tapylar. Tomus juda erbedem bolmaýjak ýalydy, Jim bolsa, goý islänini edibersin, Dill gelýänçä men Kelpurniýa bilenem eýdip-beýdip günümi görerin. Ol hatda men aşhana baranymda begenäýýänem ýalydy, men bolsa onuň aşhanada gydyrdanyp ýörşüne seredip oýlanýardym: „Görýän welin, gyzjagaz bolmak beýlebir aňsadam däl ýaly“. Ine-de tomus geldi, Dill bolsa henizem gelmeýär, gelmeýär. Diňe hat bilen suratjyk ugratdy. Ol täze kaka edinipdir, surat şonuňky ekeni. Dill tomus Meridianda galmaly boljakmyş, sebäbi kakasy ikisi balyk tutmak üçin gaýyk ýasanmagy ýüreklerine düwenmişler. Dilliň täze kakasy Attikus ýaly aklawjymyş, ýöne garry dälmiş. Suratda Dilliň kakasy örän ajaýyp bolup görünýärdi, Dilliň ony edineni örän gowy bolaýypdyr, ýöne meni welin bu habarlar zerarly lapykeçlik basmarlaýardy. Hatynyň ahyrynda Dill meni ebedi söýjekdigini, meniň gynanmaly däldigimi, özüniň birneme pul toplanyndan soň gelip maňa öýlenjekdigini, şonuň üçinem özüne hat ýazmagymy haýyş edýändigini ýazýardy. Elbetde, men barybir onuň gelinligi bolmagyma galýaryn, ýöne eger-de Dill bu ýerde bolmasa munuň şatlygy az. Öň men näme üçindir üns bermändirin, tomus asyl, haçan-da Dill köljagazyň kenarynda, ýüp owradylyp ýasalan çilimi çekip oturanda başlaýan eken-ä! Şeýle otyrka onuň gözleri ýyldyrap ugradygy hem onuň Betnyşan Redlini öýünden aldap çykarmak babatda ýene-de bir hokgany oýlap tapandygy mese-mälim düşnükli bolýardy. Ondan başga-da tomus – bu Jim ýaňybir başga ugra ünsüni sowan dessine Dilliň meniň ýaňagymdan howlukmaç şapbyldatmagydy. Käte-käteler biz onuň bilen biri-birimizden aýrylykda ýeke pursadam ýaşap bilmeýärdik. Dill bilen bilelikdäki durmuş ýönekeý hem düşnüklidi, onsuz bolsa hatda ýaşasyň hem gelmeýärdi, gussany çekip-çydar ýaly däldi. Şol sebäpli-de men tutuş iki günläp dagy betbagt boldum. „Durnanyň üstüne urna“, ştatyň kanunçykaryjy ýygnagy hem haýsydyr bir nobatdan daşary maslahatyna ýygnandy welin, Attikusam iki hepdelik gitmeli boldy. Gubernatoryň kellesine arassaçylyk işlerini geçirmek hakynda duýdansyz pikir gelip, ol döwlet gämisiniň astyna ýelmeşen käbir balykgulaklardan saplanmak isläpmiş, Birmingemde bolsa işçileriň oturyp iş taşlaýyşlary başlanypdyr, şäherlerde bolsa mugt çorba bilen bir bölek çörege nobata durýan işsizleriň hatarlary barha uzalýardy, mülkdar daýhanlar bolsa barha beter gedaý düşýärdiler . Ýöne bu hadysalaryň ählisi-de Jim ikimizden juda daşdaky dünýäde bolup geçýärdi. Günlerde bir günem biziň aklymyzy haýran edip, „Montgomeri edwertaýzer“ gazetinde ýaňsyly, kemsidiji surat peýda boldy, onuň aşagynda-da „Meýkombyň Finçi“ diýen ýazgy bardy. Suratda Attikus aýakýalaň, gysga jalbarçada, zynjyr bilen parta çatylan halda, grifel tagtanyň ýüzüne nämedir bir zatlar ýazýan görnüşde şekillendirilipdir, haýsydyr bir ýeňilkelle gyzgajazlar bolsa gygyryşyp ony kemsidýärdiler hem-de wejera edýärdiler. -Bu waspnama,-diýip Jim düşündirdi:-Ol hemişe başga hiç kimiň boýun almaýan işlerinde aklawjy bolup çykyş edýär. -O nähili? Özüniň ähli täze tapynan häsiýetleriniň üstesine Jim edil ýeriň ýüzünde tenha özi akylly dek, şeýlebir çakdan aşa epeýsiräp başlapdy welin, edil ýöne içiň tütäberýärdi. -Bu bar-a, Gözlüje, edil okrugda salgyt ulgamyny üýtgedip guramak we şuňa meňzeşler ýaly bir zat-da. Adamlaryň aglaba köpüsi munuň bilen düýbünden gyzyklanmaýarlar. -A sen nireden bilýärsiň? -Ýeri, bes etsene, ýüregime düşme, görmeýärsiňmi, men gazet okaýaryn ahyry. Ýeri bolýar, goý, seniň diýeniň bolsun. Men onuň ýanyndan aşhana gitdim. Kelpurniýa nohudyň daşyny arassalap otyrdy, birdenem ol diýdi: -Ýeri, indi dynç güni men sizi näme ederin, siz ybadathana nädip giderkäňiz? -Örän ýönekeý gideris. Attikus bize ybadathanada sadaka bermek üçin pul goýup gitdi ahyry. Kelpurniýa gözlerini süzdi welin, men bada-bat onuň pikirlerini ýordum. Men: -Kel,-diýdim:-sen bilýärsiň ahyry, biz özümizi örän oňat alyp bararys. Biz eýýäm nijeme ýyllar bäri ybadathanada garagolluk etmeýäris ahbetin. Megerem, Kelpurniýa şol ýagyşly ýekşenbe gününi ýadyna salan bolara çemeli, biz şol gün ýeke özümiz galypdyk, ýanymyzda ne kakamyz, ne-de mugallymamyz bardy. Biz bütin klas bolup klasdaşymyz Ýunis Enn Simpsony äpet bug gazany ýerleşýän jaýa eltipdik we ony oturgyja daňyp goýupdyk. Soňra bolsa ony şeýle halda goýup gaýdandygymyzy undup, ýokarky gata galypdyk-da melul bolup wagyz diňläpdik. Birdenem aşakdan gulagyňy kamata getirip gelýän goh-galmagal, gümmürdi ýaňlanyp başlapdy, ybadathananyň ýerzemininiň niresindedir bir ýerinde nämedir bir zat bilen ýyladyş ulgamynyň demir tokurtgalary ýenjilýärdi. Şol pille kimdir biri bu gohuň sebäbini bilmäge gidipdi we Haktagalanyň döreden ýagty ýalançysyna Ýunis Enni çykarypdy. Şonda ol özüniň mundan beýläk güzap çekýän ýagşyzada bolup oýnamak islemeýändigini yglan edip, Jim Finçiň eger-de ynanjyň päk hem köp bolsa, hatda oda-da ýanmajakdygyňy aýdandygyny, özüniň ynanjynyň gereginden artygam kändigini, ýöne ýerzeminde juda yssydygyny aýdypdy. -Onsoňam, Kel, Attikus bizi ilkinji gezek ýeke galdyrmaýar ahyry!-diýip men garşylyk görkezmegimi dowam etdirdim. -Hawa, ýöne ol her gezek siziň mugallymaňyzyň ybadathanada boljakdygyny anyk bilýärdi ahyry. Bu gezek bolsa ol hiç zat aýtmady, megerem ýadyndan çykaran bolsa gerek. Kelpurniýa alada bilen ýeňsesini gaşady. Birdenem ýylgyrdy. -Belki-de, siz ertir jenap Jim ikiňiz meniň bilen ybadathana gidersiňiz? -Çyndanammy? -Görýän welin, sen garşy däl ýaly-la?-diýip Kelpurniýa güldi. Her şenbe güni, agşam Kel meni yhlas bilen gazalap-gazalap ýuwýardy, emma bu gün welin, ol öz-özündenem ozdurdy. Tutuşlygyna iki sapar meni gaýym sabynlady, her gezegem meniň sabynymy ýuwmak üçin suwuny çalşyrdy, meniň kellämi legene sokup, müşki-anbar ysly saçýuwluk bilen ýuwdy. Ol eýýäm birnäçe ýyl bäri Jimiň suwa düşende öz-özüni oňarýandygyna bil baglaýardy, ýöne bu agşam welin ony-da barlamaga gitdi. Jim muňa edil ot alana dönäýdi: -Görüň-ä muny, indi bu öýde arkaýyn ýuwunmaga-da goýmaýarlar, hökmany ýagdaýda hemmeleriň hammama burnuny sokmagy gerekdir-ow! Ertesi gün Kelpurniýa adatdakysyndan has ir „biziň dabaraly lybaslarymyz bilen meşgullanyp“ başlady. Öň ol biziň öýmüzde ýatanda hemişe aşhanada, ýygnama ýatyş sekisinde ýatýardy, şol gün bolsa onuň ýatyş sekisiniň üsti biziň ýekşenbede geýjek geýim-gejimlerimizden münderlenipdi. Meniň köýnegimi Kelpurniýa şeýlebir oňat edip petläp, ütükledi welin, ol ýerde dikeltseň gazyk ýaly dim-dik bolup durdy. Ol meni içki köýnekçäni geýmäge mejbur etdi we guşagyň deregine bägül zolak matany mäkäm edip bilime daňdy. Meniň ýaldyrawuk köwşümi ol gaty çörek bilen şeýlebir uzak sürtedi welin, onuň burnunda hatda aýnadaky ýaly ýüzüňi göübermeli boldy. Jim: -Biz edil baýramçylyk dabarasyna şaýlanýan ýaly-la,-diýdi:-Bu nämä gerek, Kel? -Goý, kimdir biri men öz çagalaryma erbet seredýär diýip aýtmaga synanyşyp göräýsin,-diýip Kelpurniýa hümürdedi:-Jenap Jim, siza bu boýunbagy şu penjek bilen dakynmak hiç bir kada-kowahata sygjak zat däl. Ol ýaşyl ahyry. -Ýeri bolanda näme? -Penjek bolsa gök. Siz näme muny görmeýärsiňizmi? -Wä-ä muny!-diýip men gyjalatly gygyryp goýberdim:-Jim reňkleri-de saýgaryp bilmeýän ekeni! Jim gaharly gyzardy, ýöne Kelpurniýa ony bada-bat köşeşdirdi: -Hany besdir! Eger-de siz „Ilkinji söwda“ gidip barýan bolsaňyz, diýmek onda öýkeläp çişmeli däl-de, şadyýan ýylgyryp gezmeli. „Ilkinji söwda“ – garaýagyz metodistleriň ybadathanajygy, şäheriň günorta künjünde, garaýagyzlaryň ýaşaýyş toplumynda, köne agaç kesilýän kärhana tarap gidýän ýoluň aňyrsynda ýerleşýärdi. Bu köne agaç ymaratyň daşynyň ähli reňki gopup gidipdi we ol tutuş Meýkombda ýeke-täk jaňhana diňli ybadathanady, onuň beýle atlandyrylmagynyň sebäbi bolsa ol erkinlige goýberilen gullaryň ilkinji aýlyklarynyň hasabyna gurlanlygy üçindi. Ýekşenbe günleri ol ýerde garaýagyzlar çokunýardylar, adaty günler ol ýere akýagyzlar jemlenýärdiler-de humar oýnaýardylar. Ybadathananyň howlusynda we gonamçylygyň ýanynda toprak edil daş ýaly gatydy. Eger-de kimdir biri yssy wagtlary aradan çyksa onuň jesedini tä ýagyşlyk möwsüm gelip, ýer ýumşaýança buzda saklaýardylar. Gonamçylykda, her bir mazaryň başynda mazardaşy hem ýokdy, bolanlary-da öz-özünden pytrap barýardy, ýakynda peýda bolan mazarlaryň daş-töweregine bolsa ýiti reňkli aýna bölejikleri hem-de koka-kola çüýşeleriniň döwükleri aýlanandy. Mazarlaryň käbiriniň başynda bolsa ýyldyrymsowguç garawulçylyk edýärdi, megerem şeýle mazarda ýatan bende dirikä öte bimaza häsiýetli bolan bolara çemeli. Çagalaryň mazarlarynda ýanyp gutaran şem galyndylary somalyp durdy. Göwnüme bolmasa bu gonamçylyk örän bezemen hem jalaýdy. Biz howla girdik welin, geýnip bilenlerini geýnen garaýagyzlaryň, saça çalynýan hynanyň, salgyjyň, ysgalýan temmäkiniň, arzanjak atyryň, sabynyň, benewşe reňkli bezeg talhanynyň hem-de narpyzly pampyzanyň garym-gatym ýyly, turşumtyk-süýji ysy hapylap burnumyza urdy. Kelpurniýanyň ýanynda Jim ikimizi görüp erkek kişiler-ä öňümizden çekildiler-de sypal başgaplaryny çykardylar, zenanlaram hemişe adaty günlerde hormat bilen üns berýändiklerini görkezmek üçin edişleri ýaly garynlarynyň üstünde ellerini çilşirdiler. Hemmeler iki ýana serpilip bize ýol berdiler. Kelpurniýa Jim ikimiziň aramyzdan ýöräp barşyna baýramçylyk lybaslaryna beslenen goňşularynyň hem tanyşlarynyň salamlaryna jogap hökmünde saga hem çepe baş atýardy. -Sen nähili hokga goparýarsyň-a, hanym Kel?-diýip biziň ýeňsämizden ses geldi. Kelpurniýa biziň egnimize elini goýdy welin, biz sägindik-de, yzyma öwrüldik. Adamlaryň iki hatarynyň arasyndaky darajyk ötükde boýy uzyn garaýagyz zenan durdy. Ol bir aýagyny öňe çykaryp, çep eliniň tirsegini böwrüne diräp durşuna ýokary göterilen aýasy bilen bizi görkezýärdi. Onuň kellesi hyýarpisintdi, täsin badamkybap gözleri, gös-göni burny we bir çyzyk agzy bardy. Maňa ol edil pilmahmyt-hatyn ýaly äpet bolup göründi. Kelpurniýanyň eli meniň egnimi has berkräk gysdy: -Saňa näme gerek, Lula?-diýip ol sorady. Men öň hiç haçan Kelpurniýanyň beýle sesini eşidip görmändim. Ol pessaýdan äsgermezçilikli gepleýärdi. -Garaýagyzlaryň ybadathanasyna akja çagalary getirmek seniň nämäňe derkar, hä? Kelpurniýa; -Olar meniň myhmanlarym,-diýdi welin men ýene-de onuň sesiniň birhili üýtgeşik ýakymsyz bolandygy hakynda oýlandym, ol edil beýleki garaýagyzlar ýaly gepleýärdi. -Hawa-la, tutuş hepdäniň galan günlerinde bolsa megerem sen Finçleriňki-de myhmançylykdasyň-da, şeýlemi? Köpçüligiň içinde hüňürdi artyp ugrady. -Gorkma körpäm,-diýip Kelpurniýa meniň gulagyma pyşyrdady, onuň sypal başgabyna dürtülen bägüljikler bolsa gahar bilen tolkun atyp gitdiler. Tomaşaçylaryň iki hatarynyň arasy bilen Lula bize tarap ýönelmäge çemeleşdi welin, Kelpurniýa: -Garagäz, golaýlamaga het edäýme!-diýdi. Lula doňup galdy-da: -Bärik akja jüýjejikleri süýräp getirmegiň geregi ýok,-diýdi:-Olaryň öz ybadathanasy bar, biziňem özümiziňki. Bu bolsa biziň ybadathanamyz, şu dogrumy, hanym Kel? Kelpurniýa: -Hudaýymyz bolsa bir dälmi, şu dogrumy, hä? Jim: -Ýör, öýmüze gaýdaly, Kel,-diýdi:-bu ýerde biz olaryň derkaryna däl ýaly. Menem görüp durdum, bu ýerde biz olara gerek däldik. Men duýýardym, köpçülik biziň üstümize tarap dyzamaga taýýarlanýan ýalydy. Biziň daşymyzy barha jebis gallaýardylar, ýöne men Kelpurniýa garanymda onuň gözleriniň gülüp durandygyny gördüm. Men ýene-de adamlaryň iki hatarynyň arasyndaky ýodajyga seretdim welin, ol ýerde eýýäm Lula ýokdy. Onuň duran ýerinde başga garaýagyzlar durdylar. Olaryň biri öňe saýlandy. Bu Zibody, şäherimiziň zibilçisi. Ol: -Jenap Jim,-diýdi:-biz siziň geleniňize örän şat. Bu bolgusyz Lula bolsa gulak gabartmaň, onuň içi ýanyp dur, sebäbi hormatly Saýks oňa tutuş halkyň arasynda ybadathananyň münberinden käýejekdigini aýdyp haýbat atypdy. Ol hemmelere belli jenjelçi hem tekepbir, hemişe-de ýok zatlary oýlap tapyp ýör, biz bolsa siziň hemmäňiziň geleniňize tüýs ýürekden begenýäris. Kelpurniýa bizi ybadathananyň mynajathanasyna alyp girdi, gapynyň agzynda bizi hormatly ata Saýks garşy alyp, öňümize düşüp, ilkinji hatardaky oturgyçlarda oturtdy. «Ilkinji söwda“ içinden suwalmadykdy hem-de reňklenmedikdi. Onuň diwarlarynda mis gaňyrçaklardan ýakylmadyk nebit çyralar asylgydy, hakyky ybadathana oturgyçlarynyň deregine sosnadan gödek oturgyçlar durdy. Ýönekeý dub münberiň aňyrsyndan „Hudaý söýgüdir“ diýen ýazgyly solan bägül reňk ýüpekden zolak sallanýardy, ondan başga-da mynajathanany Hantyň „Jahanyň enweri“ atly suratynyň basma nusgasy bezeýärdi. Men daş-töweregime garanjakladym, ýöne hany fortepýano ýa-da organ, aýdym edip aýdylýan dogalaryň ýygyndylary hem-de Hudaýa mynajat etmegiň maksatnamajyklary – umuman biziň her ýekşenbede ybadathanada görmäge endik eden ähli zatlarymyz? – ýöne bu zatlaryň hiç biri-de ýokdy. Ybadathananyň içi alagaraňkydy, sowukdy hem-de çygdy, ýöne assa-ýuwaşjadan adamlar köpelýärdi, içeri hem ýylaýardy. Oturgyçlarda her bir gatnaşyjy üçin ýüzüne Gefsiman çarbagynyň şekili çyrşalan arzanjak kagyz ýelpewaç – Tindeliň ownuk demir haryt önümleri Kompaniýasynyň („Ähli islegler üçin harytlaryň ähli görnüşleri“) sowgady goýulgydy. Kelpurniýa Jim ikimizi hataryň çetine itekledi-de biziň aramyzda oturdy. Gapjygyndan elýaglyk çykaryp, onuň bir burçundaky berk düwüni çözdi. Jim ikimiziň her haýsymyza on sentlik teňňäni uzatdy. -Biziň özümiziňki bar,-diýip Jim pyşyrdady. Kelpurniýa: -Alyň,-diýdi:-Siz meniň myhmanlarym. Jim megerem, Kelpurniýanyň şaýylaryny almagyň gowudygy ýa-da erbetdigi babatda iňkise giden bolara çemeli, emma göz açyp-ýumasy salymyň içinde onuň dogabitdi salyhatlylygy göwnündäki müňkürlikden üstün çykdy, ol berlen teňňäni kisesine saldy. Men bolsa sähelçe-de wyždan azabyny çekmezden onuň hereketini gaýtaladym. -Kel,-diýip men pyşyrdap ugradym:-Bu aýdym edilip aýdylýan dogalaryň ýygyndylary hany? -Olar bärde ýok,-diýip ol jogap berdi. -O nähili? Kelpurniýa: -Hüş-ş-ş...-diýdi. Münberde belent mertebeli Saýks durdy, ol öz talapkär garaýşy bilen diňleýjileri ümsümlige çagyrýardy. Onuň boýy gysgajykdy, gara penjegi, ak köýnegi hem-de gara boýunbagy dykyzja göwresine şapylaşýardy, gyzgylt aýnalardan syzylýan ýagtylyga onuň sagadynyň altyn zynjyrjygy ýylpyldaýardy. Ol: -Doganlar we uýalar,-diýdi:-biz şu gün irden biziňkä jenap we hanym Finçleriň myhmançylyga gelendiklerine örän şat. Siz olaryň kakasyny tanaýarsyňyz. Men wagza başlamazymdan öňünçäsi size birnäçe habarlary okap bermekçi. Hormatly ata Saýks nähilidir bir kagyzjyklary dörüşdirdi-de, olaryň arasyndan birini saýlady, ony gözünden ep-esli daşlykda saklap okady: “Dini haýyr-sahawat jemgyýetiniň ýygnagy sişenbe güni Ennet Riwz uýanyň öýünde geçiriler. Ýanyňyz bilen tikin-çatynyňyzy hem getiriň”. Soňra başga bir kagyzjykdan okady: “Siziň ähliňiz Tom Robinson doganymyzyň başyndan inen bela-beter barada bilýärsiňiz. Ol çagalykdan “Ilkinji söwdanyň” iň takwa gatnaşyjysydy. Şu günki hem-de gelýän üç ýekşenbede toplanjak ähli sadakalar onuň aýaly Elene, onuň çagalary ekläp-saklap bilmegi üçin berler”. Men Jimiň böwrüne hürsekledim: -Bu şol Tommy, Attikus şony goraja... -Hüş-ş-ş! Men Kelpurniýa tarap öwrüldim, ýöne agzymy açmaga-da ýetişmänkäm ol ýene-de maňa “hüşşüldedi”. Men nalaç dymmaga mejbur boldum-da, belent mertebeli Saýksa seredip ugradym, ol göwnüme bolmasa meniň parahat oturmagyma garaşýan ýalydy. -Biziň wekilimizden ilkinji doga aýdymy aýdyp başlamagy haýyş edeliň. Zibo öz ornundan turdy-da, hatarlaryň arasyndan geçip, biziň öňümize gelip saklandy, ýüzüni oturanlara tarap öwürdi. Onuň elinde doga aýdymlaryň sary giden ýygyndyjygy bardy. Zibo ony açdy-da: -Biz iki ýüz ýetmiş üçünji belgidäki aýdym dogany aýdarys-diýdi. Muňa welin men çydap biljek däldim. -Eger-de biz doganyň sözleri bolmasa biz ony nädip aýdym edip aýdyp bileris, hä? Kelpurniýa ýylgyrdy. -Ýuwaş, körpeje,-diýip ol pyşyrdady:-häzir görersiň. Zibo bogazyny arçady-da, edil uzakdan-uzakda toplar gümpüldedýän ýaly ses bilen hiňlenip okap ugrady: -Şol ýerde, derýanyň aňyrsynda, bir gözel ülke bar... Şol bada-da edil nähilidir birhili gudrat bilen sazlaşykly bolan ýüzden gowrak seslerden ybarat topar Zibonyň yzyndan bu sözleri aýdym edip gaýtalady. Uzyn hüňňüldi bolup doga aýdymyň iň soňky bogny doňup galan dessine Zibo ýene-de bir jümläni aýdyp goýberdi: -Asyrlardan-asyrlara arzyly ol bize... Ýene-de biziň daş-töweregimizde bat bilen aýdym toparynyň owazy ýaňlanyp gitdi. Aýdymyň iň soňky heňi örän uzak dowam etdi, heniz ol ýitip gitmänkä-de Zibo indiki setiri okady: -Bizi diňe ynanjymyz şol arzuwly kenara ýetirer... Bu gezek diňleýjiler az-kem sägindiler. Emma Zibo ýaňky setirini hetjikläp gaýtalady welin toparam ony alyp göterdi. Topar öz sözlerini gaýtalap ugran dessine Zibo kitapçasyny ýapýardy, bu onuň ähli ýygnananlara öz kömegi bolmazdan dowam etmek barada yşarat etdigidi. Toparyň owazy peselip ugran dessine-de Zibo ýene-de çekdirip goýberdi: -Şol röwşen arzyly derýadan aňyrda rahatlyk garaşýar. Topar onuň yzyndan setirme-setir gaýtalap, ýönekeý mukamjygy ýaňlandyryp durşuna, ahyry doga aýdym çala eşidilýän gussaly hem uzyn heň bilen tamamlandy. Men Jime tarap gözümi aýladym welin, onuň gabak astyndan Zibony synlaýandygyny gördüm. Meniň özümem haýran galmakdan ýaňa aňkaryp otyrdym, gör-ä muny, biz asyl şu ajaýyplygy öz gulagymyz bilen eşitdik ahyry! Soňra hormatly ata Saýks mätäçlik çekýänler hem-de hassalar babatda doga-dileg edip ugrady, biziň ybadathanamyzda-da edil şonuň ýaly mynajat edýärdiler, ýöne jenap Saýks Hak Biribardan kesellileriň käbiri barada aýratyn gowy alada etmegi haýyş edýärdi. Ol özüniň wagzynda günä işleri etmegiň näderejede erbetdigini aýan edip, özüniň ýeňsesindäki diwara ýazylan zatlary örän mäkäm gaýtalady, diňleýjileri serhoş ediji içgileri içmekden, humar oýunlaryny oýnamakdan hem-de kesekileriň zenanlary bilen zyna etmekden saklanmaklyga çagyrdy. Arak-şerabyň gizlin söwdasy garaýagyzlaryň başyna inen musallatdy, ýöne azgyn aýallar olar üçin ähli zatdan beterdi! Men ýene-de edil öz ybadathanamyzdaky ýaly aýallaryň günägaby hem hapadygy barada eşitdim, megerem ähli ruhanylar bu mesele babatda birmeňzeş pikir edýän bolara çemeli. Şoňa meňzeş zatlary men Jim bilen her ýekşenbede diňleýärdim, diňe ýekeje üýtgeşiklik bardy, hormatly ata Saýks ybadathananyň münberinden her bir ýazykly bende hakda aýratynlykdaky pikirini has erkinräk aýdýardy: mysal üçin, Jim Hardi eýýäm yzly-yzyna bäş ýekşenbe bäri ybadathanada görünmeýärdi, özi bolsa syrkawam däl hiç zadam. Kontens Jeksona biraz seresabrak bolmak gerek, sebäbi onuň birden öz ýakynlarynyň ählisi bilen tersleşip çykmagy mümkin, bu zenandan öň goňşusynyň içini ýakmak üçin haýat gurmak garaýagyzlaryň ýaşaýyş toplumynda hiç kimiň kellesine gelmändi. Wagyz tamamlandy. Hormatly ata Saýks münberiň öňünde durdy-da, hemmeleri sadaka bermeklige çagyrdy, beýle edilýänini Jim ikimiz ilkinji gezek görýärdik. Gatnaşyjylar ýeke-ýekeden öňe çykýardylar-da kofeden boşan gara, syrçalanan galaýy gutujyga bäş ýa-da on sent atýardy. Jim ikimiz hem ol ýere bardyk, biziň şaýylarymyz galaýy gutujygyň düýbünde şyňňyrdady, hemmelere diýlişi dek, bize-de: -Sag boluň, sag boluň-diýildi. Bizi ýene-de bir haýran galdyran zat, hormatly ata Saýks toplanan pullary tekjäniň üstüne dökdi-de sanady. Soňra dikelip, aýtdy: -Bu ýeterlik däl. Bize on dollar ýygnamak zerur. Gatnaşyjylar tolgunyşyp ugradylar. -Munuň näme üçin gerekdigini siz bilýärsiňiz, Tom türmedekä Elen çagalarynyň ýeke özlerini öýde goýup işlemäge çykyp bilmeýär. Eger-de her kim ýene-de on sentden berse ýeterlik bolar…- diýdi-de hormatly ata Saýks kimdir birine elini salgap, bütin mynajathanany dolduryp oturan adamlaryň üstaşyr gygyrdy:-Gapyny ýap, Alek. Biz on dollar toplaýançak hiç kim şu ýerden çykmaz. Kelpurniýa öz sebetjigini dörjeledi-de, sary giden gaýyş gapjygyny çykaryp, Jime ýalpyldawuk çärýeklik şaýyny uzatdy. -Ýok, Kel,-diýip Jim pyşyrdady:-biziň özümiz. Seniň on sentiň nirede, Gözlüje? Ybadathananyň içi dymykdy, men onsoň içimden pikir öwürdim, megerem jenap Saýks öz yzyna eýerijileri surnukdyryp almakçy bolýar öýdýän. Ýelpewaçlar şatyrdaýardy, aýaklar tapyrdaýardy, temmäki çeýnemäge endik edenler üçin bolsa çydar dagy eder ýaly däldi. Hormatly ata Saýks birdenkä talapedijilik bilen gygyryp goýberdi welin, men duýdansyzlykdan ýaňa tisginip gitdim: -Karlou Riçardson, men seni heniz şu tekjäniň ýanynda görmändim. Çal-sary reňkli jalbarly arryk adam öňe çykdy-da, galaýy gutujyga teňňe taşlady. Gatnaşyjylar makullaýjy hüňürdeşdiler. Soňra hormatly ata Saýks: -Goý kimiň çagasy ýok bolsa ýene-de on sent sadaka bersin. Şonda biziňki ýeterlik bolar. Haýallyk bilenem bolsa garaz on dollar jemlendi. Gapy açylan dessine içerik ýyljajyk şemal çaldy, biz ýeňilräk dem alyp ugradyk. Zibo ýene-de setirme-setir “Iordanyň gaýly kenarlaryndany” okady we şonluk bilen ýekşenbe mynajaty tamamlandy. Men ol ýerde galyp galan ähli zady mazalyja synlamak isledim, ýöne Kelpurniýa meni çykalga tarap dartyp ugrady. Işikde ol Zibo hem-de onuň maşgalasy bilen gepleşmek üçin biraz eglendi, Jim ikimiz bolsa jenap Saýks bilen warsaky urmaga başladyk. Azyndan ýüz sowal dagy meniň dilimiň ujunda aýlanyp durdy, ýöne men öz ýanymdan soň Kelpurniýadan soraryn-da diýdim-de, goýaýdym. Hormatly ata Saýks: -Biz siziň bu gün biziňkä geleniňize örän şat,-diýdi:-Siziň kakaňyz biziň ybadathanamyzyň iň oňat dosty. Şunça saklanjak bolup jan etsem-de bilesigelijilik ahbetin meni alyp ýatdy. -A siz näme üçin Tom Robinsonyň aýaly üçin pul ýygnadyňyz-a? -Siz näme eşitmediňizmi?-diýip hormatly ata Saýks sorady:-Eleniň üç sany çülpejesi bar, özi-de işläp bilmeýär. -Ol näme üçin işe gidende çülpelerini ýany bilen alyp gitmeýärkä, hormatly ata?-diýip men onuň özüne sowal berdim. Pagta mülklerinde işleýän garaýagyz zenanlar hemişe-de öz körpelerini ýanlaryna alýardylar-da, olary haýsydyr bir kölege ýerlerde, adatça, baglaryň iki hatarynyň arasynda oturdýardylar. Heniz oturmagy başarmaýanlaryny bolsa ejeleri ýabany hindileriňki ýaly arkalaryna daňýardylar ýa-da pagtadan boş halta dolap ýerde goýýardylar. Hormatly ata Saýks biraz özüni ýitirdi. -Dogrusyny aýtsam, hanym Jin Luiza, häzirki wagtda Elene iş tapmak beýlebir aňsadam däl…Haçan-da pagta ýygym möwsümi gelse meniň pikirimçe ony jenap Link Diz işe alarmyka diýip çak edýärin. Dowamy bar. | |
|
√ Gala -10: Höküm / romanyň soňy - 16.02.2024 |
√ Duman daganda: Egriler egri bilen, dogrular kim bilen?! - 08.06.2024 |
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Dirilik suwy -11: romanyñ dowamy - 12.05.2024 |
√ Dirilik suwy -22: romanyň dowamy - 22.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -10: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: “Garakçylar kerwen görse begener” - 02.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -15: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek -11: romanyñ dowamy - 04.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -12: romanyň dowamy - 16.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |