17:38 Şygşygyny öldürmek -12/ romanyñ dowamy | |
ŞYGŞYGYNY ÖLDÜRMEK
Romanlar
- A näme üçin ol häzir iş tapyp bilmeýär? Hormatly ata Saýks jogap bermäge ýetişmedi, Kelpurniýa elini meniň egnime goýdy welin, men gulakasyjylyk bilen: - Bize bärik gelmäge rugsat bereniňiz üçin, sag boluň-diýdim. Jimem meniň diýenimi gaýtalady we biz öýümize gaýtdyk. - Kel, men bilýän, Rom Robinsony türmä basdylar, ol nähilidir bir juda erbet iş edipmişin, ýöne näme üçin Eleni işe almaýarlar ahyryn?-diýip men soradym. Gara-gök ýüpek köýnekli hem-de beýik sypal başgaply Kelpurniýa Jim ikimiziň aramyzdan ýöräp barýardy. Ol: - Sebäbi adamlar Tom örän erbet iş etdi diýýärler,-diýdi:-Şonuň üçinem hiç kim islemeýär…hiç kimiň onuň maşgalasy bilen iş salşasy gelmeýär. -Kel, ol beýle mojuk näme etd-ä? Kelpurniýa uludan demini aldy. -Garry jenap Bob Ýuel Tomuň öz gyzyny zorlajak bolandygy barada arza beripdir, şonuň üçinem Tomy tussag etdiler we türmä basdylar. -Jenap Ýuel?-Nämedir bir zatlar meniň ýadyma düşmäge başlady:-Şeýle Ýueller bar, olar her okuw ýylynyň ilkinji gününde mekdebe gelýärler, soňam gatnamaýarlar. Ol şolardanmy, hä, hawamy? Attikusam olar barada: “olar eneden dogma näkesler” diýdi…Öň Attikus hiç kim barada hiç haçan beýle zatlary diýmeýärdi. Ol aýtdy… -Ine şolar hem hut şolaryň özi. -Onda näme, eger-de bütin Meýkombda hemmeler ol Ýuelleriň nähili jemendediklerini bilýänem bolsalar, näme üçin Eleni ilgeziklik bilen işe almaýarlarka…Kel, ýogsa-da bu zorlajak bolupdyr diýýäniň näm-ä? -Jenap Finçden sora, ol saňa has gowy düşündirer. Sen megerem aç bolsaň gerek? Hormatly ata, bu gün näme üçindir birhili öte uzyn wagyz okan ýaly, hemiş-ä ol beýle içgysgynç geplemeýärdi. Jim: -Ol edil biziň wagyzçymyz ýaly,-diýdi:-A siz näme üçin aýdym dogalary beýdip geň aýdýarsyňyz-a? -Sen gaýtalaýanymyza diýýärmiň?-diýip Kelpurniýa sorady. -Bu edişiňize “gaýtalamak” diýilýärmi? -Hawa, biz şeýle diýip atlandyrýarys. Bu men özümi bilelim bäri hemişe şeýle-de edilýärdi. Jim: “ybadathana ýygymlaryny bir ýyllap süýşürip hemmelere ýeterlik aýdym doga ýygyndyjyklaryny satyn alaýmaly eken-dä” diýdi. Kelpurniýa gülüp goýberdi. -Olardan näme peýda? Barybir hiç kim okap bilmeýär ahyry. -O nähili beýle?-diýip men soradym:-Şunça adam bolup hiç kim okap bilmeýärmi? Kelpurniýa baş atdy. -Hawa-la. “Ilkinji söwdada” bolaýsa, megerem dört adam okap bilýändir…menem şol dördüň içinde… -Sen haýsy mekdepde okadyň, Kel?-diýip Jim sorady. -Hiç haýsynda. Allajanlarym, hany bir ýatlajak bolup göreýin, maňa hat-sowat öwreden kimkä? Hä, hawa, ol garry hanym Býuford bolmaly, biziň hanym Modi Etkinsonymyzyň daýzasy. -Näme sen şeýle garrymy? -Men hatda jenap Finçdenem uly,-diýip Kelpurniýa gülümsiredi:-Ýöne bilemok, köp ýaşmy ýa-da azmy. Bir gezek biz onuň bilen meniň ýaşymyň näçedigini ýatlap, hasaplap başladyk…men ondan biraz öňräkde bolan zatlary bilýärin, diýmek men ondan sähel-mähel uly bolmaly, äý onsoňam aýalyň ýady erkegiňkiden az-owlak gowurakmyka diýýärin. -A seniň doglan günüň haçan, Kel? -Men ony her ýyl täze ýylyň öňisyrasynda belleýärin, şeýtseň ýadyňda saklamak aňsat bolýar…dogrusy mende hakyky doglan gün hem ýok ýaly. -Ýöne daş keşbiňden-ä sen Attikus ýaly beýlebir garry hem görünmeýärsiň-diýip Jim oňa garşy çykmaga alňasady. -Garareňkliler edil akýagyzlar ýaly çalt garramaýarlar, olara aralaşan gojalyk hem gatybir bildirip durmaýar-diýip Kelpurniýa aýtdy. -Bu belki-de olaryň okap bilmeýändikleri üçin şeýledir. Kel, Zibo sen hat-sowat öwretdiňmi? -Hawa, jenap Jim. Haçan-da ol oglanjykka bärde mekdebem ýokdy, asyl. Men bolsa ony ahbetin okamaga mejbur etdim. -Zibo Kelpurniýanyň uly ogludy. Eger-de men oň bu zatlar barada pikirlenip gören bolsamdym, onda men biziň Kelimiziň eýýäm esli ýaşandygyny aňardym, sebäbi Zibonyň özüniň çagalary eýýäm ulalyp gidipdiler, ýöne men näme üçin bu zatlar barada öň pikirlenmändirin ekenim. -Sen oňa sowady harplykdan öwretdiňmi?-diýip men soradym. -Ýok, men oňa her gün mukaddes kitabyň bir sahypasyny ýat tutmagy buýurýardym, onsoňam mende hanym Býufordyň maňa sowat öwreden kitapçasy bardy. Siz bar-a ol kitaby meniň nireden alandygymy hiç haçanam bilip bilmersiňiz. Biz hakykatdanam bilip bilmedik welin, Kelpurniýanyň özi aýtmaly boldy: -Ony maňa siziň ataňyz Finç berdi. -Sen näme “Finçleriň duralgasyndanmy”?-diýip Jim geň galdy:-Sen bu barada bize hiç wagt aýtmandyň. -Elbetde men “Duralgadan”, jenap Jim. Men şol ýerde, “Duralga” hem-de Býufordlaryň mülki ikaralykda önüp hem ösdüm. Ýylboýy kä Býufordlaryň käte bolsa Finçleriň mülkünde işlärdim, soň siziň ejeňiz bilen kakaňyz durmuş gurdular welin, men Meýkomba göçüp gaýtdym. -Ol diýýäniň haýsy kitapçady, Kel?-diýip men ýene-de sowal bermän saklanyp bilmedim. -Blekstounyň “Düşündirişleri”. Jim aňk bolup galdy. -Şol kitap boýunça-da sen Zibo hat-sowat öwretdiňmi? -Hawa-da, jenap, jenap Jim-diýip Kelpurniýa uýaljaňlyk bilen agzyny eli bilen ýapdy:-Mende başga kitap ýokdy ahyry. Siziň ataňyz jenap Blekstoun örän ajaýyp dilde ýazýardy diýip aýdardy… Jim: -Diýmek, sen şonuň üçin beýlekiler ýaly geplemeýärsiň-dä,-diýdi. -Kim ol beýlekiler? -Beýleki garaýagyzlar. Kel, ýöne sen ybadathanada edil şolar ýaly geplediň ahyry… Biziň Kelpurniýamyzyň başga-da durmuşynyň bardygy hiç wagt meniň kelläme gelmeýärdi. Görüp otursak, ol asyl biziň öýümizden başga ýerde-de özbaşyna, aýratyn ýaşaýan eken-ä, üstesine-de ol ýene-de iki sany dilem bilýän ekeni! Men: -Kel!-diýdim:-sen näme üçin özüňkiler bilen edil garaýagyzlaryň gepleýişleri ýaly gürleşýärsiň, sen beýle geplemegiň ýalňyşdygyny bilýärsiň ahyry? -Hymm, ilki bilen-ä meniň özümem garaýagyz… -Munuň ähmiýeti ýok, sen dürs gepläp bilýärkäň, diliňi döwüp ters geplemek näme gerek?-diýip Jim sorady. Kelpurniýa sypal başgapjygyny biraz gyşartdy-da, ýeňsesini gaşady, soňra yhlas bilen başgapjygyny düzetdi. -Beh, size muny nädip düşündirsemkäm,-diýip ol hümürdedi:-Ine siz Gözlüje ikiňiz öýňüzde garaýagyzlar ýaly gepleşip başlasaňyz nähili bolardy, birhili ýerliksiz bolardy gerek?! Men bolsa eger-de ybadathanada ýa-da öz goňşularym bilen akýagyzlaryň gepleýişleri ýaly gepleşip ugrasam nähili bolar, edil şonuň ýaly bolmazmy? Adamlar men hondanbärsi bolup başlandyryn öýdüp pikir ederler. Men: -Ýöne sen nähili dürs geplemelidigini bilýärsiň ahyry!-diýdim. -Her bir bilýän zadyňy sereşläp, görene göz edip ýörmegiň kän bir geregi-de ýok. Aýal maşgala bolsa beýle hereket has hem gelişmeýär. Ikinjidenem, adamlar sen olardan akyllyrak bolsaň halap hem barmaýarlar. Ol gaharlanyp ugraýarlar. Özüň näçe dürs gepleseň gepläber, barybir olary üýtgedip bilmersiň, sebäbi munuň üçin olaryň özleri okamaly, zähmet çekmeli, olar bolsa özlerine agram salmagy düýbünden islemeýärler, şeýle ýagdaý bilenem edip biljek zadyň ýok. Şoňa görä-da ýa diliňi dişiň aňyrsynda sakla, ýa-da hemmeler ýaly boljak bol. -Kel, a maňa seniň bilen aram-aram görüşmek bolarmy? Kelpurniýa maňa geňirgenmek bilen garady. -Görüşmek diýýäňmi, körpejäm? Biz seniň bilen her gün ertirden agşama çenli bir öýde ahyry. -Ýok, maňa seniň öýüňe myhmançylyga barmak bolarmy? Haçanam bolsa bir gün, işden soň? Attikusam meni ugradar. Kelpurniýa: -Baş üstüne, haçan isleseň,-diýdi:-Biz hemişe saňa şat bolarys. Biz pyýada ýodasynyň ugry bilen Redlileriň jaýynyň deňesinden ötüp barýardyk. Jim: -Eýwana bir serediň hany,-diýdi. Men Redlileriň jaýyna tarap garanjakladym, birdenkä hakykatdan onuň syrly ýaşaýjysy daşaryk, arassa howadan dem almaga çykan bolaýsa?! Ýöne eýwanda yns-jyns ýokdy. Jim: -Ýok-la, öz eýwanymyza seretsene,-diýdi. Men seretdim. Eýwandaky kürsüde, gös-göni, tutuksy hem tekepbir keşpde, edil bütin ömrüne şu ýerde ýaşan ýaly bolup, Aleksandra ejemiz otyrdy. xxxxx -Meniň ýolsebedimi penjireleri köçä bakýan otaga äkit, Kelpurniýa,-diýen jümle Aleksandra ejemiň ilkinji sözleri boldy:-Jin Luiza, ýeňsäňi gazamagyňy bes et,-diýen sözler bolsa onuň ikinji jümlesi boldy. Kelpurniýa Aleksandra ejemiň agyr ýolsebedini göterdi-de, işigi açdy. -Meniň özüm äkiderin-diýip Jim onuň elinden ýolsebedi aldy. Azsalymdan ýolsebediň ýatylýan otagyň astyna gülçüldäp gaçany eşidildi. Soňra ýene-de ep-esli wagtlap şol gülçüldiniň boguk sarsgyny öýmüzde ýaňlandy durdy. -Siz myhmançylyga geldiňizmi, ejeke?-diýip men soradym. Aleksandra ejem “Duralgadan” beýlebir kän çykyp durmaýardy, ýöne ýola çykanda welin, mazaly deňli-derejeli, uly dabara bilen syýahat edýärdi. Onuň özüniň ýiti-ýaşyl, epeý “býuik” ulagy hem-de garaýagyz sürüjisi bardy, olaryň ikisi-de hemişe şeýlebir tämiz arassalyk bilen lowurdap durýardylar welin, seretseň ýüregiň bulanyberýärdi, ýöne häzir welin, olaryň ikisi-de göz ýeter gözýetimde gözüňe ilmeýärdiler. -Näme, kakaňyz size hiç zat aýtmadymy?-diýip ejekem soragyma sowal bilen jogap berdi. Jim ikimiz biri-birimizden öňürti kellelerimizi talawlatmaga alňasadyk. -Megerem huşundan çykaran bolsa gerek. Ol häzir öýde dälmi? Jim: -Ýok, ol adatça diňe agşamara dolanyp gelýär-diýdi. -Onda şeýle, siziň kakaňyz ikimiz özara geňeşdik we meniň sizde az-owlak ýaşamagyma wagt ýetdi diýen netijä geldik. Meýkombda “az-owlak” diýen düşünje üç güni-de, otuz üç ýyly-da aňladyp bilýärdi. Jim ikimiz gabak astyndan birek-birege garanjaklaşdyk. Aleksandra ejem: -Jim indi ulalýar, senem ösýärsiň,-diýdi:-Biz saňa zenanyň täsiri peýdaly bolar diýen pikire geldik. Ine, ýene-de birküç ýyl geçer, Jin Luiza, onsoň sen bezemen lybaslar hem-de ýaş ýigitler bilen gyzyklanyp ugrarsyň… Men bu aýdylanlara örän köp, juda kän zatlar bilen gaty gowy jogap gaýtaryp biljekdim, mysal üçin: Kelpurniýa-da zenan ahyry, men ýaş ýigitler bilen gyzyklanyp başlaýançam ýene-de biçak köp ýyl geçer, bezemen lybaslar bilen bolsa men hijem haçanam gyzyklanmaryn…we ş.m….we ş.m…emma men näme üçindir dymyp oňaýdym. -A Jimmi kakam näme?-diýip Jim sorady:-Olam bize gelermi? -Wah ýok-la, goýaweriň, ol “Duralgada” galar. Oňa mülkümize göz-gulak bolmak gerek ahyry. -A siziň onsuz ýüregiňiz gysmazmy?-diýdimem-de men dessine-de dilimi dişledim, bu beýlebir sypaýyçylykly sowal däldi. Onsoňam Jimmi kakam bärde bolsun, aňyrda bolsun, kän bir tapawudy ýokdy, barybir ondan ýeke söz eşitjek gümanyň ýok ahyry. Aleksandra ejem meniň sowalymy gulagynyň duşundan geçirip goýberdi. Men kelläme şunça agram salsam-da onuň bilen indi näme hakda gepleşjekdigimi hiç oýlap tapyp bilmeýärdim. Dogrusyny aýtsam, men hiç wagtam onuň bilen näme hakda gepleşmelidigini bilmändim, häzir bolsa oturan ýerimden ikimiziň öten-geçen agyrdan-agyr söhbetdeşliklerimizi hakydama getirýärdim: “Ýeri, ýagdaýlaryň nähili, Jin Luiza?”, “Örän gowy, soranyňyz üçin minnetdar, hanym. A siziň öz ýagdaýlaryňyz nähili?”, “Oňat, sag bol. A sen soňky görüşelimiz bäri nämeler bilen meşgullandyň?”, “Hiç zat bilen”, “O nähili, sen näme hakykatdan hem şunça wagtlap bikär gezip ýörsüňmi?” “Hawa, hiç zat”, “Ýöne seniň elbetde dostlaryň bardyr ahyry?”, “Hawa, hanym”, “Ýeri, onda sen olar bilen näme edýärsiňiz?”, “Hiç zat”. Ejekem, elbetde meni barypýatan akmajyk hasaplaýan bolmaly, men hatda bir gezek onuň Attikus men barada: “Ol akyl taýdan yzagalak” diýenini hem eşidipdim. Biziň öýmüzde nähilidir bir düşnüksiz bulaşyklyk bardy, ýöne ol barada soraşdyryp anygyna ýetesiň welin gelmeýärdi, onsoňam adatça ýekşenbe günleri Aleksandra ejemiň ýüzünden-gözünden gara gyşyň hazanly ýeli öwsüp durýardy. Bu megerem, onuň gaty bilguşagy zerarly bolsa gerek. Ol çişik däldi, emma özüne ýetik derejede etli-ganly daýaw zenandy, ol gaty bilguşagyny şeýlebir berk çekýärdi welin, döşi edil çapyljak atyňky ýaly belentdenem beýikde dim-dik bolup durdy, edil ýöne oňa tarap çala gözüňi aýlasaňam elheder alyberýärdiň. Bili dagysam bir gysym, yzyndan-a asyl örän kaşaň bolup güpbe-güberçekläp dur. Bu ajap kaddy-kamaty demiň tutulyp synlap durşuňa biygtyýar oýlanýarsyň, megerem mundan öňki ýaşaýşynda Aleksandra ejemiz gumsagat bolan bolara çemeli. Umuman ony haýsy tarapyndan synlasaň synlaý, barybir öte epeý görünýärdi. Günüň galan-gaçan bölegi pessaý tukatlykda geçdi, ýakyn garyndaşlaryň myhmançylyga gelse hemişe-de şeýle bolýardy, soňra ulagyň sesi gulagymyza ildi welin, bize jan girip ugrady. Bu Montgomeriden Attikusyň dolanyp gelýändigini aňladýardy. Jim özüniň indiden beýläk uly adamlar ýaly salyhatly hem epeý bolmalydygyny undup, meniň bilen bilelikde kakamy garşy almaga ylgady. Jim gelşine Attikusyň elinden çemodanyny hem-de sebedini garbap aldy, men barşyma onuň boýnundan asyldym, ol meni howada gapyp aldy-da taýly gezek öpdi. Dessine meniň sowal haltamyň düýbi deşildi: -Sen maňa kitapça getirdiňmi, hä? A sen bilýäňmi, ejekem geldi! Attikus: “getirdim, bilýän” diýdi. -Ejekeň indi bizde ýaşar. Sen muňa begenýäňmi? Men: “örän begenýän” diýdim, bu ýalandy, ýöne kämahallar şeýlebir ýagdaýlar bolýar, şonuň ýaly ýagdaýlarda-da aldamaga mejbur bolýarsyň, sebäbi barybir eliňden gelýän zat ýok-da. Attikus: -Biz…netijä geldik… wagty geldi diýip…haçan-da çagalara hökmany zerur…umuman, ine şuny aýtmakçy bolýan Gözlüje,-diýdi:-ejekeňiz bize gelmek bilen maňa-da, siziň ikiňize-de örän uly goldaw berýär. Men siziň bilen uzakly günläp öýde oturyp bilmeýärin ahyry, üstesine-de şu tomus biziň hemmämiz üçin biraz kynrak bolarmyka diýýärin. Men: -Hawa, jenap-diýdim. Men hiç zada düşünmedim. Diňe meniň göwnüme bolmasa Attikus Aleksandra ejemi öýmüze beýlebir janygyp çagyrmadygam ýaly, onuň öýmüzde ýaşamalydygy hakyndaky hokgany bolsa ejekemiň özi oýlap tapan ýaly bolup göründi. Onuň asyl şeýle edäheti-de bardy, ol birdenkä, gaýa ýok gopuz ýok ýerinden: “şeýle edilse maşgalamyz üçin gowy bolar” diýip morta aýdyp goýberýärdi. Megerem bu gezegem ol şeýle diýäkgetdin bize “az-owlak” ýaşamak üçin ymykly göçüp gelen bolmaly. Meýkomb Aleksandra ejemi örän hoşgylaw garşy aldy. Hanym Modi Etkinson özüniň iň gowy görýän süýji gatlamasyny bişirdi, ol gatlama miwe şeraby bilen şeýlebir oňat edilip eýlenendi welin, men garnymy gözänimden soň hut serhoş bolaýdym. Hanym Stiweni Krouford bolsa biziňkä myhmançylyga gelip, sagatlap gaýtmaýardy, özi-de şol wagtyň köp böleginde esasan başyny ýaýkaşdyryp: “hm-hm” diýip oturýardy. Hanym Reýçel gündizlerine ejekemizi kofe içmäge çagyrýardy, hatda jenap Natan Redli hem bir gezek biziň howlymyza kellesini uzadyp, ony görýändigine örän şat bolandygyny habar berip gidipdi. Soňra Aleksandra ejem biziň öýmüzde ykjam ornaşdy welin, ähli zat öz akymyna girip, nobatma-nobat akyp ugrady. Şondan soň birhili göwnüme bolmasa ol asyl, ömürboýy bizde ýaşap ýören ýaly bolaýdy. Ejekemiň aňrybaşy öý bikesidigi hakynda at-awazasyny onuň dini wagyz-nesihat hem haýyr-sahawat jemgyýetiniň ýygnaklaryna eltýän tagamlary hasam berkitdi (ejekem Hristiançylygy Gündogarda ýaýratmak jemgyýetiniň uzyndan-uzyn nutuklary okalýan wagtynda diňleýjilere sabyr-kanagat bilen birlikde güýç-kuwwat bermeli dürli-dümenleri bişirmekligi hem taýýarlamaklygy Kelpurniýa ynanmaýardy). Ol gele-gelmäşe Meýkombyň zenanlar birleşmesine girdi-de, giren dessine-de onuň kätibi boldy. Meýkombyň ýokary gatlagynyň gözüne Aleksandra ejem asylzadalygyň iň soňky wekili bolup görünýärdi. Onuň özüni alyp barşy asylzada nepisligiň iň ýokary nusgasydy, beýle nepislik diňe iň aňrybaşy ýapyk zenanlar mekdeplerinde we terbiýeçilik öýlerinde edinilýärdi. Ejekem ahlak bilen bagly soraglarda hemmeler üçin iň soňky basgançakda ýerleşýän çirksiz kazy we göreldelik nusgady. Ol ýaňzytmak sungatyna ussatlyk bilen erk edýärdi, gep-gybat meselesinde-de ähli meýkomb zenanlary üçin deňsiz-taýsyz halypady. Haçan-da ol mekdepde okaýarka, ýekeje okuw kitabynda-da içki şübhelenmeler barada hiç zat aýdylmandyr ekeni, şonuň üçinem Aleksandra ejemde ol zadyň jinnek ýaly düşnügi-de ýokdy. Onuň hiç haçan içi gysmaýardy we ol haýsydyr bir jedeliň ýa-da sene-menäniň araçysy bolmak mümkinçiligini ýeke saparam sypdyrmandy, hemişe çar-töwerekde tertip-düzgüni ýola goýup, hemmelere öwüt-nesihat berip, düşündirip we duýduryp, utandyryp hem müýnürgedip gezip ýördi. Onsoňam ol Finçleriň şan-şarafatly kowmunyň at-abraýyny has-da belende götermekden ötri, özge kowumlaryň hem uruglaryň ejiz ýerlerini hemişe ýatlap ýörmegi hiç wagt unutmaýardy. Bu endik kähalatlarda Jimiň içini ýakýardy, ýöne köplenç onuň gülküsini tutdurýardy. -Ejekem özgeler babatda bir zatlar diýmekçi bolanda öz sözlerine biraz seresabrak çemeleşmelimikä diýýän. Ol meýkomblylaryň tas hemmesini diýen ýaly uçdantutma tankytlaýar, şäheriň ilatyň gylla ýarysyndan gowragy bolsa biziň bilen ýakyn garyndaşlykda durýar ahyry. Ýaş Sem Merriuzer öz janyna kast edipmi, Aleksandra ejem öwüt beriji äheňde: “öz janlaryna kast etmäge ýykgyn etmeklik olaryň tohumynda bar” diýýärdi. Haýsydyr on bäş-on alty ýaşlyja gögeleje gyzjagaz ybadathanada doga aýdymyny aýdýan toparda duran wagty ýekeje sapar pyňkyrdymy, Aleksandra ejem: -Ine görýäňizmi, Penfildleriň tohumynda ähli aýallar ine şunuň ýaly ýeňilkelle ahyry!-diýip bellik edýärdi. Ejekemi diňleseň göwnüňe bolmasa, Meýkombyň biziňkiden galan ähli maşgalalarynda haýsydyr bir pes pişelere: arakhorluga, humarbazlyga, husytlyga, dälişgelige, akmaklyga ýykgyn etmek bar ýaly bolup durdy. Bir gezek bolsa ejekem kesekileriň işlerine burnuna sokup ýörmek edäheti hanym Stiweni Kroufordyň ganynda bardygyna bizi ynandyrmaga başlady welin, Attikus: -A sen bilýäňmi, uýam, eger-de içginräk pikirlenip görsek, bizden öň Finçleriň kowmunda doganoglan uýalaryna öýlenip, doganoglanlaryna durmuşa çykmak endigi bolupdyr. Diýmek onda sen bu barada-da Finçleriň birhili gan garmaklyga höwesi bar diýip aýtmagyň ähtimal-da? Ejekem bu jümlä dynnym ýalyjagam aljyramady, gaýta piňine-de alman: -Ýok,-diýdi:-bu zerarly diňe biziň maşgalamyzyň agzalarynyň elleri hem-de aýaklary kiçijek. Onsoňam, ýeri ejekemi bu nesilden-nesle geçýän aýratynlyklar näme üçin beýle azara goýýarka diýsene? Näme üçindir men hemişe şeýle pikir edýärdim: asylzada adamlar – bu akylyndan hem-de zehininden hemmelere has köp peýda gelýänler bolmalydy. Aleksandra ejemiň ynanjy boýunça bolsa, ol şeýle diýip göni aýtmaýan bolsa-da, birhili haýsydyr bir maşgala şol bir ýerde näçe uzak ýaşasa şonça-da asylzadalaşýan ýalydy. Jim bu babatda: -Onda Ýueller hem asylzada-diýdi. Barris Ýueliň hem-de onuň doganlarynyň degişli bolan maşgalasy eýýäm üçünji arkada, şäheriň zibilhanasynyň aňry tarapyndaky şol bir ýer bölejiginde ýaşap we şäherimiziň haýyr-sahawatynyň hasabyna eklenip gelýärdi. Ýöne her näme-de bolsa Aleksandra ejemiň taglymatynda azda-kände hakykat bardy. Meýkomb gadymy şäher. Ol “Finçleriň duralgasynyň” ýigrimi mil gündogarragynda, derýadan öte uzakda ýerleşýär, bu ýagdaý bolsa şeýle gadymy şäher üçin juda geň we oňaýsyz. Dogrusy, ol eger-de Sinkfild familiýaly ýeser adam bolmadyk bolsa megerem, derýanyň edil kenarynda-da ýerleşip bilerdi. Zamanalaryň başlanýan döwründe iki ýoluň çatrygynda şol Sinkfildiň myhmanhanasy bar ekeni, özi-de ol tutuş jelegaýda ýeke-täk kerwensaraý bolupdyr. Sinkfild zany boýunça watansöýer däl eken, ol hindilere-de, akýagyz ýaşaýjylara-da birmeňzeş hyzmat edip, iki tarapa-da ok-däri satyp, öz myhmanhanasynyň Alabamanyň çägindemi ýa-da Derýajyk taýpasynyň çägindemi ýerleşýändigi hakynda birjigem kellesini agyrtman diňe öz işiniň girdeji getirip durmagy babatda alada edipdir. Onuň işi bolsa gülläp ösüpdir, ine onuň üçin şol gülläp ösüş döwründe-de gubernator Uilýam Uýaýt Bibb täze döredilen okrugda abadançylygy we rahatlygy has-da mäkämleşdirmek maksady bilen hem-de şol ýerde ýerli häkimiýetleri gaýym ornaşdyrmak üçin ýer ölçeýjileri onuň merkeziniň nirede ýerleşýändigini anyk kesgitlemäge gönderipdir. Ýer ölçeýjiler Sinkfildiň myhmanhanasynda düşläp, onuň düşleghanasynyň hem Meýkomb okrugynyň çägine girýändigini, özleriniň çak uruşlaryna görä okrugyň dolandyryş merkeziniň nirede ýerleşjekdigini habar beripdirler. Eger-de öz myhmanhanasynyň gelim-gidimli ýerde galmagyny gazanmak üçin Sinkfild ýeser hereket etmedik bolsady, onda şol dolandyryş merkezi hiç zat bilen ünsüňi çekmeýän, tukat Uinston batgalyklarynyň orruk-ortarasynda ýerleşmeli boljak ekeni. Munuň deregine bolsa daş-töwereginde Meýkomb okrugy ösüp-örňäp ulalyp barýan merkez hökmünde Sinkfildiň howlusy diýip kesgitlenipdir, sebäbi üşükli telekeçi ajaýyp gijeleriň birinde öz myhmanlaryny olaryň gözleriniň öňünde ähli zat bulaşyp, eräp, ýitip gitmek derejesine çenli lül-gammar edip, olary öz dozen kartalaryny hem-de meýilnamalaryny sebetlerinden çykarmaga we olarda şekillendirilen ýerleriň bir ýerinden azajyk bozup aýyrmaga, beýleki bir ýerine bolsa sähelçe ýelmemäge, şeýle edibem okrugyň merkezini sähelçe, aý känem däl-de, sähelçejik Sinkfild üçin amatly bolan ýere süýşürmäge yrypdyr. Ertesi gün bolsa ýer ölçeýjiler öz ýeserligi bilen hatda ýeriň şekilini üýtgedip bilýän jadygöýüň ýanyndan ýeňselerini el ýaly edipdirler, olaryň eýerlerine bökderilgi horjunlarynda bolsa kartalardan başga-da bäş golça aňrybaşy şerap bar ekeni – her haýsyna iki golça, bir golçasy bolsa gubernatora. Jenap Sinkfildiň sowgat-salamy. Meýkombyň dolandyryş merkezi hökmünde esaslandyrylandygy sebäpli ol Alabama ştatynyň özüne meňzeş beýleki şäherleri ýaly harsal gurulmandy. Ilkibaşdan başlap şäheriň jaýlary düýpli hem uludan gurlupdy, kazyýetiň binasy bolsa hasam ägirt bolup görünýärdi, köçeleri dagysam gip-giňdi. Meýkombyň ýaşaýjylarynyň arasynda dürli ugurlardan hünärmenler az däldi, bu şähere alyslardan hem gelýärdiler, kim agyrýan dişini sogurtmak üçin, kim ýürek urgusyna arz etmek üçin, kim paýtunyny bejertmek üçin, kim banka pul goýmaga, kimseler kalplaryny günälerden päklemäge, kim gatyryny mal lukmanyna görkezmäge we ş.m. Ýöne şu ýerde ýene-de bir sowal hemişe örboýuna galyp dur. Sinkfild beýle etmek bilen akylly hereket etdimikä? Onuň goparan hokgasy zerarly ýaş şäher şol döwürde ýeke-täk jemgyýetçilik aragatnaşyk serişdesi bolan derýa gämileriniň gatnawly ýolundan daşa düşüpdir, şol sebäpli-de okrugyň demirgazyk böleginiň ýaşaýjysy zerur zatlaryny satyn almak üçin Meýkomb şäherine gelip-gitmäge tutuş iki gününi sarp etmäge mejbur bolupdyr. Ine şonuň üçinem geçen ýüz ýylyň dowamynda şäher ösüp-ulalyp gidibermän, henizem pagta meýdanlarynyň alabeder deňziniň we sümme tokaýlaryň arasyndaky adajyk bolmagyna galyp gelýär. Demirgazyk bilen Günortanyň arasyndaku uruş Meýkombdan sowa geçipdi, ýöne Günortany “gaýtadan gurnamak” hakynda kanun we ykdysadyýetiň çökmegi barybir şäheriň geriminiň giňemegine getiripdir. Ýöne ol giňelse-de ýaýrap gidibermeýärdi. Şäherde täze adamlar örän seýrek peýda bolýardylar, nikalar bolsa esasan şol bir maşgalalaryň wekilleriniň arasynda baglaşylýardy, şoňa görä-de assa-ýuwaşdan ähli meýkomblylar birek-birege azda-kände çalym edip, ekiztaýy ýaly birmeňzeş bolup gidip barýardylar. Setanda-seýranda kimdir biri yzyna, dogduk depesine dolanyp gelende ýany bilen aýalyny – Montgomeriniň ýa-da Mobiliň ýaşaýjysyny getirerdi, ýöne ojagaz üýtgeşmeler hem şäherimiziň ählumumy kybapdaşlygynyň deňziniň ýüzünden assaja tolkun kimin bildirer-bildirmez yrgyldap geçip giderdi. Öňem aýdyşym ýaly, meniň çagalyk ýyllarymda durmuş hiç hili üýtgewsiz diýen ýaly endigan akyp durardy. Elbetde Meýkombyň ýaşaýjylary dürli synpy gatlaklara bölünýärdiler, ýöne bu bölünişik maňa şeýle görünýärdi: ulular, meýkombyň raýatlarynyň häzirki zaman nesilleri, nijeme ýyllaryň dowamynda birek-biregiň alkymynda ýaşandyklary sebäpli biri-biri barada ähli zady diýen ýaly ýatdan bilýärler we biri-birini hiç bir zat bilen haýran galdyryp bilmeýärler, biri-birleriniň özlerini alyp baryşlaryny, häsiýetlerini, saçlarynyň reňkini, hatda endikli yşaratlaryny hem olar öz-özünden bolaýmaly, nesilden-nesle geçip, wagtyň geçmegi bilen kämilleşýän adaty bir zat hökmünde kabul edýärler. Gündelik durmuşda-da olar üçin: “Ähli Kroufordlar kesekileriň işlerine burunlaryny sokýarlar”, “Merriuzerleriň her üçünjisi – melanholik”, “Delafildler hemişe-de hakykat bilen oňuşman gelýärler”, “Ähli Býufordlaryň ýöreýşy şeýle ahyry” diýen ýaly ýazylmadyk hakykatlar iň ygtybarly gollanma bolup hyzmat edýär. Çünki olaryň pikiriçe, eger-de sen Delafildleriň haýsy-da bolsa birinden töleg hatyny almakçy bolsaň, ilkinji nobatda assyrynlyk bilen bankdan olar barada sorag-ideg et, hanym Modi Etkinsonyň küýkerilip ýöremegi bolsa onuň Býufordlaryň maşgalasyna degişliligi üçin bolmaly, eger-de hanym Greýs Merriuzer toşapdan boşan çüýşä şerap guýup, hiç kese bildirmediksiräp içip ýören bolsa, onda bu ýerde geň galara hiç zat ýokdy, onuň ejesi hem şeýle edýärdi. Meýkomb Aleksandra ejemiň bu meselelerde ozone göwündeş gopýandygyny bada-bat syzdy. Meýkomb üçin ol köňüldeşdi, ýöne Jim ikimiz üçin welin tersinedi. Aleksandra ejeme seredip men haýrany-serasyma bolup ýördüm, ol hakykatdanam Attikusyň we Jek kakamyň süýtdeş uýasymyka? Bu pikirlerden ýaňa men hatda Jimiň meni gadym döwürlerde gorkuzýan, bäbekhanada çagalaryň çalşylýandygy we selmelegiň köki hakynda köne ertekilerini hem ýatlap ugraberdim. Onuň biziňkide ýaşan durmuşynyň ilkinji aýynda ýokarda görkezilenleriň ählisi howaýy pikir ýöretmeler boldy, Aleksandra ejem Jim ikimiz bilen düýbünden gepleşmeýärdi diýen ýalydy, biz ony diňe nahar iýenimizde we agşam düşegimize geçmezimizden öňünçäsi görýärdik. Sebäbi tomus bolandygy üçin biz uzakly günümizi köçede geçirýärdik diýen ýalydy. Elbetde käte bir günün dowamynda suw içmek üçin öýe kürsäp girersiň welin, myhman otagy meýkombly zenanlardan dos-doludyr, özlerem şirpildeden bolup çaý içip oturyşlaryna ýelpewaçlary bilen ýelpenişip, pyşyrdaşýandyrlar, şonda-da meniň gulagyma ilýärdi: -Jin Luiza, hany bärik gel-de biziň myhmanlarymyz bilen salamlaş. Men girýärdim welinem, ejekemiň ýüzi edil meni çagyrandygyna müň-de bir gezek puşeýmanlar eýläp, ahmyrlar kylýana dönýärdi, çünki meniň üsti-başym hemişe diýen ýaly gum-gumursydan ýaňa çalaryp durardy. -Dolananymyz Lili bilen salamlaş,-diýip bir gezek Aleksandra ejem meni daşky otagda gapyp aldy. -Kim bilen?-diýip men düşünmän soradym. -Öz dolananyň Lili Bruk bilen. -Ol näme biziň dolananymyzmy? Men-ä asyl beýledigini bilmändirinem. Aleksandra ejem şeýlebir birhili ýylgyrdy welin, onuň sypaýyçylyk bilen dolananymyz Liliden ötünç soraýandygy, meni bolsa juda erbet ýazgarýandygy dessine düşnükli boldy. Haçan-da dolananymyz Lili Bruk gidenden soň bolsa men mazalyja eýimiň ýetiriljekdigine-de düşündim. Elbetde bu zatlaryň barysy kakamyzyň maňa Finçleriň şejere daragty barada hiç zat gürrüň bermezligi we öz çagalarynyň gursagyna öz neberesine bolan buýsanjy guýmazlygy ýaly öte gynandyryjy ýagdaý zerarlydy. Şondan soň Aleksandra ejem Jimi hem ýanyna çagyrdy we ol gelip meniň ýanyma, kürsä geçip oturdy-da, ejekeme garşy howatyrly nazar oklamaga başlady. Ejekem öz otagyndan eline gara-gyzyl daşly kitap alyp çykdy, onuň ýüzünde zerli harplar bilen “Joşua Sent-Kler. Oýlanmalar” diýip ýazylgydy. Aleksandra ejem: -Bu kitaby siziň dolananyňyz ýazdy,-diýdi:-Ol örän ajaýyp adamdy. Jim kitapçany üns bilen synlady. -Bu şunça ýyllap dälihanada oturan dolananymyz Joşuamy? -Sen bu zatlary nireden bilýärsiň?-diýip Aleksandra ejem sorady. -Dolananymyz Joşuanyň talyp bolandygyny we köp okandygy zerarly ony ylym urandygy barada Attikus aýdýar ahyry. Ýene-de Attikus onuň rectory atmaga synanyşyk edendigini hem gürrüň beripdi. Dolananymyz Joşuanyň rektoryň hiç zatdan başy çykmaýan nadandygy barada aýdyp, ony atam döwründen galan gadymy sapança bilen atmaga synanyşandygyny, sapançanyň bolsa onuň elinde partlandygy barada-da Attikus aýdýardy. Onsoňam ony aman-esen alyp çykmak üçin hossarlary bäş ýüz dollary sanap orta oklamaly boldular diýibem Attikus gürrüň beripdi… Aleksandra ejem gös-göni boldy-da, edil üçege gonan leglek ýaly doňup galyp: -Besdir,-diýdi:-Biz bu gürrüňe ýene-de gaýdyp geleris. Ýatmazymyzdan öň men Jimiň otagyna ondan nämedir bir zatlary okap bermegi haýyş etmäge geldim, şol wagtam onuň gapysyny Attikus kakdy. Ol içerik girdi-de, ýatyş sekisiniň gyrasynda oturdy, parahatlyk bizi birlaý gözden geçirdi, birdenem ýylgyrdy. -Ühüm-m,-diýip ol başlady. Soňky döwür ol söze başlamazyndan öň birhili üsgürinjiremäni çykarypdy, onuň bu täze tapynan endigi sebäpli men hatda, “daşyndan bildirmese-de ol ahyrsoňy gojalyp ugraýar-ow” diýibem oýlanyp başlapdym. -Nädip aýtjagymy hem bilmeýärin, birhili… -Edil bolşy bolşy ýaly aýdybersene,-diýip Jim maslahat berdi:-Biz nähilidir bir bezzatlyk edipdirismi? Kakamyň birhili oňaýsyz ýagdaýdadygy mese-mälimdi. -Ýok-la, men ýöne size düşündirmek isledim…Aleksandra ejeňiz menden haýyş etdi…Ogul, sen özüňiň Finçdigiňi bilýärsiň ahyry, şeýlemi? -Maňa şeýle diýib-ä aýdýardylar öz-ä…-diýip Jim gabak astyndan kakama göz aýlap goýberdi, birdenem sesini gataldanyny özem duýman galdy:-Attikus, näme bolýar-a? Attikus aýagyny aýagynyň üstüne atyp, ellerini çilşirdi. -Men sizi öz gelip çykyşyňyzyň ýagdaýlary bilen tanyşdyrmaga çytraşýaryn. Jim has beter bäş deşigini bir ýere üýşürdi-de: -Bu bolgusyzlyklary men ozalam bilýärin-le-diýdi. Attikus birden çynlakaý keşbe girdi. Ol özüniň resmi-hukuk äheňinde gepläp başlady: -Siziň ejekeňiz seniň we Jin Luizanyň aňyna, siziň haýsydyr bir köksüz-kowumsyz ykmanda däldigiňizi, siziň arkaňyzda çirksiz terbiýe alan ençeme nesilleriň bardygyny mümkin boldugyndan ýetirmegi haýyş etdi… Şu ýerde meniň aýagymyň üstünde garynja gyrmyldady we men ony tutmaga başladym. Attikus dymdy. Men garynjanyň dişlän ýerini gaşadym. -…hawa, çirksiz terbiýe alan ençeme nesiller,-diýip Attikus gaýtalady:-şonuň üçinem siz öz adyňyza hem kowmuňyza mynasyp bolar ýaly derejede ýaşamaly. Aleksandra ejeňiz menden siziň kiçijik asylly hanyma we asylly erkek kişä gelşer ýaly derejede özüňizi alyp barmalydygyňyzy aýtmagy haýyş etdi. Ol siziň bilen biziň maşgalamyz we Finçleriň uzak ýyllaryň dowamynda Meýkomb okrugynyň durmuşynda nähili ähmiýetli işleri bitirendikleri barada söhbet etmek isleýär, şondan soň siz özüňiziň kimdigiňize doly göz ýetirersiňiz we belki-de özüňizi mynasyp derejede alyp bararsyňyz.-diýip ol çalt-çalt gepläp sözüni tamamlady. Jim ikimiz aňk bolup galdyk, agzymyzy öweldip durşumyza ilk-ä biri-birimize, soňam Attikusa seretdik, göwnüme bolmasa biziň nazarymyzyň öňünde onuň köýneginiň ýakasy darlyk edip ugran ýaly boldy. Biz kakama hiç zat jogap bermedik. Men dagy näme etjegimi bilmän, birhaýukdan soň tekjeden Jimiň darajygyny aldym-da, onuň dişlerini tekjäniň gyrasyndan ýöretdim. Attikus: -Jygyrdatmagyňy bes et!-diýdi. Özem birhili gödek hem kesgin diýdi. Men daragy ýere zyňyp goýberdim, näme üçin beýle edýändigimiň sebäbine-de düşünmän aglap başladym, wagty bilen bilen diňip bilmedim. Ýaňky sözleri aýdýan meniň kakam däldi. Meniň kakam hiç haçan beýle pikir etmeýärdi. Hiç wagtam beýle sözleri aýtmaýardy. Ony şeýle oýlanmaga Aleksandra ejem mejbur eden bolmaly. Men gözýaşlarymyň arasyndan Jimiň gaýgyly hem ýalňyz halda kellesini bir gapdala gyşardyp, ýere bakyp durandygyny gördüm. Meniň gidere ýerim ýokdy, ýöne onda-da men bu ýerden gitmek üçin öwrüldim welin, meniň öňümde Attikusyň içki penjekçesi peýda boldy. Men oňa ýüzümi berdim welin, açyk-gök matanyň aňyrsyndan özüme öňden tanyş bolan pessaýja owazlary eşitdim, bu sagat jykgyldaýardy, mazaly ütüklenen köýnek assaja şytyrdaýardy, eşidiler-eşidilmez çalajadan endiganlyk bilen ýürek urýardy. Men: -Seniň garnyň jugurdaýar,-diýdim. -Bilýän,-diýip Attikus pyşyrdady. -Sen bar-a hamyrturşy garylan suw içseň aýrylar. -Içerin. -Attikus, indi biz nähili ýaşarkak? Indi ähli zat başgaça bolarmy, senemmi? Ol meniň ýeňsämi sypalady-da: -Tolgunma,-diýdi:-Tolgunmaga howlukma, biraz garaş. Ine şu ýerde-de men düşündim, kakam ýene-de biziň ýanymyzdady. Meniň aýaklarym keseki biriniň aýaklary ýaly bolmasyny bes etdiler. Men başymy galdyrdym. -Sen hakykatdanam biziň ýaňky aýdyşyň ýaly bolmagymyzy isleýärmiň? Men bu Finçlere özüňi nähili beýle ilden üýtgeşik alyp barmagyň mahsusdygy barada hiç zady ýadyma salyp bilmeýärin ahyry… -Ýadyňa saljak bolyp dyrjaşmagam gerek däl. Şuny goýaly-la… Ol çykyp gitdi. Kellesiniň gyzgynyna ol tasdanam gapyny jarkyldadyp goýberýärdi, hernä soňky pursatda ony tutup ýetişdi-de, ýuwaşjadan ýapdy. Biz Jim bilen onuň yzyndan seredip durduk, birdenkä işik ýene-de açyldy-da, aňyrsyndan Attikusyň kellesi göründi. Ol gaşlaryny ýokaryk gerdi welin, äýnegi burnunyň üstüne gaçdy: -Göwnüme bolmasa men barha we barha dolananymyz Joşua meňzäp barýan ýaly? Siziň bu barada pikiriňiz nähili, belki-de menem biziň maşgalamyz üçin bäş ýüz dollar möçberinde gymmada düşerin? Men dogrusy indi düşünýärin, şol pursat Attikusyň bizden näme isländigine, ýöne ol bary-ýogy erkek kişi ahyry. Çagalara terbiýe bermegiň şeýle inçe syrlaryna bolsa diňe zenanlar belet bolýarlar ahbetin. Biz şol günden soň Aleksandra ejemizden Finçleriň maşgalasy barada hiç zat eşitmedik, ýöne şäherde welin, adamlarda şondan başga gybat edere zat galmadyga döndi. Şenbe günleri Jim meni öz ýany bilen alyp gidýärdi (soňky döwür ol men özi bilen bilelikde adamlaryň arasynda görnäýsem edil jynlana dönüberýärdi), ikimiz bäş sentlik şaýylarymyzy alýardyk-da, köçeleriň ugruny dolduryp duran mähelläniň arasy bilen ýöräp barýandyrys welin, birdenkä kimdir biri gygyryp goýberer: -Hanha onuň çagalary! Ýa-da: -Finçleri görýäňmi? Yzyňa gaňrylarsyňam welin, hiç kimi görmersiň, diňe haýsydyr bir mülkdar daýhan aýaly bilen dermanhananyň görnüş aýnasyndaky iç ýuwmak üçin serişdeleri synlan bolup durandyr ýa-da iki sany agajet daýhan aýaly sypal başgaplaryny güjeňläp iki tekerli paýtunjykda oturandyrlar. Haýsydyr bir arryklygyndan ýaňa hatda geýiminiň daşyndanam süňkleri somalyşyp bildirip duran nätanyş adam bolsa bir gezek bize dikanlap seretdi-de, düýbünden düşnüksiz sözleri suňşuryp goýberdi: -Biziň okrugymyzy dolandyrýanlar üçin hatda hemmeleri zorlap çyksaňam gara şaýy azary ýok, munuň üçin olar hatda gaşynmazlar hem. Ine şol sözler sebäpli-de Attikusa öňden bäri bermek isläp ýören sowalym ýadyma düşdi. Şol gün agşam hem men ondan soradym. -Zorlamak diýmek näme? Attikus gazetiň aňyrsyndan kellesini çykardy. Ol penjiräniň öňündäki kürsüde otyrdy. Soňky döwür biz ulalymyz bäri Jim ikimiz öz ýanymyzdan oňa agşamlyk naharyndan soň ýarym sagatlap azar bermezlik barada keremli netijä geldik, goý biraz dynç alsyn. Attikus uludan demini aldy-da: “zorlamak – bu aýal maşgalany onuň öz islegi bolmazdan güýç ulanyp beden taýdan ulanmakdyr” diýdi. -Bary hem şujagazmy? Onda näme men Kelpurniýadan bu barada soranymda ol maňa jogap bermejek bolup sapalak atdy? Attikus maňa üns bilen seretdi. -Sen näme hakda aýdýarsyň-a? -Neme-le, biz ybadathanadan gaýdyp gelýärkäk men Kelpurniýadan ýaňky sözüň manysyny soradym, ol bolsa senden sora diýdi, menem şeýle etmegi undupdyryn, ine häzir bolsa soradym. Attikus gazetini dyzynyň üstünde goýdy-da: -Hany ýene-de bir gezek düşündirsene-diýdi. Onsoň men oňa Kelpurniýa bilen ybadathana gidişimizi gürrüň berdim. Meniň pikirimçe bu Attikusa örän ýarady öýdýän, ýöne Aleksandra ejem şoňa çenli öz künjünde parahatlyk bilen tikin-çatynyna güýmenip otyrdy, emma meniň gürrüňimi eşiden dessine işini bir gyra goýdy-da, gözlerini tegeläp bize seredip ugrady. -Diýmek onda, şol ýekşenbe güni siz Kelpurniýa bilen bilelikde mynajathanadan gelýär ekeniňiz-dä? Jim: -Hawa, hanym,-diýdi:-Ol bizi ýany bilen alyp gitdi. Şol wagt men ýene-de käbir zatlary ýadyma saldym. -Hawa, hanym, onsoňam Kelpurniýa ýene-de maňa haçanam bolsa bir gün meni öz öýüne myhmançylyga çagyrdy. Attikus, men olara gelýän ýekşenbede gidäýeýin-le, bolýarmy? Kel maňa eger-de sen bir ýere gitmeli bolsaň onuň özi meniň yzymdan geljekdigini aýtdy. -Bu hiç haçan bolmaz! Bu zarply jümläni Aleksandra ejem diýipdi. Men oslagsyzlykdan ýaňa hatda tisginip gitdim, çaltlyk bilen oňa tarap öwrüldim, soňra ýene-de Attikusa tarap seredenimde onuň nädip ejekeme nämedir bir zatlar diýmek isleýän ýaly ümlänini gördüm, emma eýýäm giçdi, men nädip gaýtargy berenimi duýman galdym: -Men muny sizden soramadym! Attikus örän uludy, emma kürsüsinden şeýlebir çalt böküp turýan ekeni welin, edil ýöne haýran galaýmaly. Men gözümi ýeke sapar gyrpýançam ýaňyja-da kürsüde oturan Attikus eýýäm äpet bolup örboýuna galyp üstüme abanyp durdy. Ol: -Ejekeňden ötünç sora!-diýdi. -Men ondan rugsat soramadym ahyry, men senden soradym-a… Dowamy bar. | |
|
√ Duman daganda: Aç garny doýrup bolar, aç gözi kim doýrar?! - 05.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -32: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Duman daganda: Egriler egri bilen, dogrular kim bilen?! - 08.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -2: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ädikçi bilen atbakar - 21.12.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -2: romanyň dowamy - 12.09.2024 |
√ Duman daganda: Ýolbars bilen towşanyň duşuşygy - 30.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -3: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Gara garga bolsaňam, akja kepderi bolup görün - 24.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |