17:46 Şygşygyny öldürmek -13/ romanyñ dowamy | |
ŞYGŞYGYNY ÖLDÜRMEK
Romanlar
Attikus kellesini çala gyşartdy-da, abat gözi bilen maňa şeýlebir seretdi welin, hatda meniň aýaklarym hem jaýyň astyna ýelmeşip galaýdylar. Kakam rehim-şepagatsyz ses bilen: - Ilkinji nobatda ejekeňden ötünç sora!-diýdi. - Meni bagyşlaň, Aleksandra eje!-diýip men eşidiler-eşidilmez hümürdedim. Attikus: - Onsoňam,-diýdi:-Şu gezek we mundan beýlägem hemişelik berk belle, sen Kelpurniýa gulak asmaly, sen maňa gulak asmaly, şeýle-de bizde ýaşaýan döwründe sen ejekeňe-de gulak asmaly. Düşündiňmi? Men düşünipdim, şonuň üçinem men ýeke pursatlyk pikirlenip durdum-da, bu ýerden mundan has beter masgara bolman garamy saýlamagyň ýeke-täk usulyny tapdym, jyňkymy çykarman hajathana garşy ýeňsämi el ýaly etdim. Ol ýerdenem wagty bilen çykmadym, goý olar maňa hakykatdanam şol ýere gitmek zerur bolandyrlar öýtsünler. Haçan-da ahbetin yzyma garşy dähedem-dessemläp ugranymda bolsa däliziň ugrundan barşyma myhman otagynda sene-mene edilýändigini eşitdim, özem şeýlebir gaty welin, edil ýöne hoşuňa geläýsin. Çala açyk gapynyň yşyndan uzyn kürsi görünýärdi, onda Jim otyrdy. Ol futbol žurnaly bilen ýüzüni ýapyp kellesini saga-çepe şeýlebir çalt aýlaýardy welin, göwnüňe bolmasa onuň okaýan sahypalaryna gözeilmez çaltlykda tennis oýnaýan ýalydylar. -Sen onuň bilen näme-de bolsa bir zatlar etmeli,-diýip ejekem aýdýardy:-Sen örän uzak wagtlap ähli zady özbaşyna goýberdiň, Attikus, örän uzak wagtlap. -Ony ol ýere goýbermek bolar, bu ýerde men hiç hili betbagtlyk görmeýärin. Kel ol ýerde oňa bärdäkisinden gowy bolmasa erbet seretmez. Olaryň “ol” diýýänleri kimkä, olar kim barada gepleşýärkäler? Meniň ýüregim böküp agzymdan çykaýjak boldy: men barada! Men eýýäm gaty bägülreňk matanyň endamymy daraw-daraw edýändigini duýup gitdim, men öň bir gezek görüpdim, şeýle köynekleri düzediş öýünde saklanýan gyzjagazlara geýdirýärdiler. Bada-badam men öz ömrümde ikinji gezek oýlandym – bärden bahymrak gaçmaly, başyňy gutarmaly, ýogsa bägülreňk nah matadan köýnek geýdiriljekdigiň ikuçsyz! Dem salym hem säginmeli däl! -Attikus, seniň ýukaýürekli hem-de ýumşak häsiýetli adamdygyň örän gowy zat, ýöne sen öz gyzyň barada pikirlenmeli. Ol eýýäm ýetişip gelýär. -Hut gyzym barada-da oýlanýaryn-da. -Bu çözgütden sowlup geçip gitjek bolma. Ir-u-giç şeýle netijä gelmeli bolarsyň, onsoň näme üçin şu bu meseläni çöp döwen ýaly etmeli dälmişiň? Ol indiden beýläk bize gerek däl. Attikus reňksiz, deňagramly äheňde jogap gaýtardy: -Kelpurniýa tä özi isleýänçä biziň öýümizden gitmez. Sen başga pikirde bolup bilersiň, Aleksandra, ýöne onsuz men şunça ýyllap bu hojalygy dolandyrmagyň hötdesinden gelip bilmezdim. Ol biziň maşgalamyzyň wepaly agzasy, senem bar bolan bu ýagdaý bilen oňuşmaly bolarsyň. Onsoňam, uýam, men seniň biz zerarly garabaşyňagaý bolup, elden-aýakdan çykyp ýörmegiňi islemeýärin, munuň üçin hiç hili sebäp ýok. Biz häzirem Kelpurniýasyz oňup bilmeris. -Ýöne, Attikus… -Onsoňam men onuň berýän terbiýesi çagalar nähili-de bolsa birhili zelel ýetirýändir öýdüp düýbünden pikir etmeýärin. Ol olara öz ejelerindenem beter talapkär çemeleşýär…Ol hiç wagt olary adatça garaýagyz enekeleriň edişi ýaly ugruna kowup läliksiretmändi. Ol hemişe-de olary öz başarnygyna hem güýç-gaýratyna laýyklykda terbiýelemäge çytraşypdy, onuň bu ugurdan başarnygy bolsa beýlebir erbedem däl…onsoňam ýene-de bir zat, çagalar ony söýýärler. Men uludan bir demimi aldym. Olar asyl men barada däl-de Kelpurniýa barada dawalaşýan ekenler. Rahatlanyp men myhman otagyna dolanyp bardym. Attikus ýüzüni gazetiň aňyrsynda gizledi, Aleksandra ejem bolsa tikin-çatynyna sütem etmegini güýçlendirdi. Şyt, şyt, şyt…Iňňe tegelege berk dartylan matany batly ses bilen deşýärdi. Aleksandra ejem ýeke pursatlyk sägindi-de matany has mäkäm çekdirdi. Ýene-de şyt, şyt, şyt…Ejekem gahar-gazapdan ýaňa ýarylaýjak bolýardy. Jim ýerinden turdy-da halynyň her ýerinden bir basyp meniň öňümden çykdy. Meniň yzyna düşmegimi ümläp baş atdy. Meni yzyna düşürip öz otagyna eltdi-de işigi ýapdy. Onuň ýüz-keşbi çynlakaýlykdan dolup durdy. -Olar sögüşdiler, Gözlüje. Şol mahallar biz Jim bilen ýygy-ýygydan sögüşýärdik, ýöne Attikusyň kimdir biri bilen sögüşendigini welin, men hiç haçan görmändimem, eşitmändimem. Beýle adatdan daşary hadysa syn etmek oňaýsyzdy hem howsalalydy. -Ejekemiziň gaharyny getirmejek bol, Gözlüje, eşidýäňmi? Attikus käýýäninden soň henizem meniň içimi it ýyrtyp gelýärdi, üstesine-de men Jimiň äheňinde özümden haýyş edilýändigini eşitmedim. Muňa meniň janym dagy ýanaýdy. Edil gyzma kirpijik ýaly bolanja tikenlerimi syh-syh etdim: -Belki indi senem maňa akyl berip ugrarsyň? -Ýok-la, men diňe…şu mahallar onuň bar-a bizsizem aladasy-derdi ýetik. -O nähili? Men Attikusyň beýlebir agyr gaýgy-aladasynyň bardygyny asla görmeýärdim. -Tom Robinsonyň şol işi zerarly ol halys öz etini özi iýýär… Men Attikusyň hiç haçan hiç bir zat üçin öz etini özüniň iýmeýändigini aýtdym. Kazyýetde seljerilýän işler sebäpli bolsa, biziň özümde bary-ýogy ýekeje gün birahatlyk ýüze çykýar, soňam ol yzsyz-tozsuz geçip gidýär. Jim: -Diňe sen ähli zady örän tiz unudýarsyň,-diýdi:-Ulularda bolsa başgaça, biz… Öňem aýdyşym ýaly, ol soňky döwür çekip-çydap bolmajak derejede temegini şeýlebir dik göge tutup ugrady welin, edil ýöne içiň-bagryň tütäberýärdi. Hiç kimi hasaba alman, hemişe kitaplaryna gümra bolup ýeke özi nirelerdedir bir ýerlerde aýlanjyrap ýörýär. Dogry, elbetde öňküsi ýaly onuň kitaplary okap bolanyndan soň maňa geçýärdi, ýöne öň ol maňa kitaplaryny berende olary okamak maňa-da gyzyklydyr öýdüp pikir edýärdi, indi bolsa ol meni terbiýelemäge we maňa akyl bermäge çalyşýardy ahyry! -Goý meni şu duranja ýerimde ýer hopsun, Jim! Sen bu özüňi nämedirin öýdýärsiň-ä? -Ýeri, ýeri! Ine meniň ahyrky sözüm, Gözlüje, men saňa çynym bilen aýdýan, eger-de sen ejekemiziň gaharyny getirseň men…men seni ýenjerin. Ine şu ýerde-de men ýaryldym: -Wah sen al kakmyş mofroditjik! Men häzir seniň kelläňi gopararyn! Jim ýatyş sekisiniň üstünde otyrdy, şonuň üçinem men aňsatlyk bilen onuň alyn saçyndan penjeledim-de ýumrugym bilen dişiniň üstüne hütüledip goýberdim. Ol hem dek durmady, ýaňagyma şarpyldadyp goýberdi, oňa çenli men çep elimi-de salgadym, şol pille-de ol ýumrugy bilen garnyma hürsekledi welin, men zyňlyp gitdim-de şarpyldap ýerde süýndüm. Jimiň urgusyndan ýaňa meniň tas demim içimde gapyşypdy, ýöne bu hiçdi, esasy zat ol meniň bilen uruşýardy, maňa gaýtargy berýärdi! Diýmek, onda Jim hem uly adam däl-de, biz häzirem deň bolýarys-da! -Ä-hä! Özüň-ä özüňe “uly adam” diýen bolýarsyň, özüňem meniň bilen uruşýarsyňmy?-diýip men çirkin sesim bilen gygyrdym-da, ýene-de onuň üstüne topuldym. Ol henizem ýatyş sekisiniň üstünde otyrdy, meniň aýagymy diräre ýerim ýokdy şol zerarly-da men güýjümde baryny edip onuň üstüne bökdüm-de onuň çem gelen ýerine urup, çekip, çümmükläp, elime ilen zat bilen ony ýençmäge başladym. Arassa ýumruk göreşi adaty üteleşmä ýazdy. Attikus girip, bizi aralaşdyrmaga başlanynda-da biz tüýtmeleşip ýatyrdyk. Ol: -Besdir,-diýdi:-Ikiňem düşegiňize geçiň bejit boluň. -Wä-ä!-edip men Jime dilimi çykardym, ony hem meniň bilen bir wagtda ýatmaga ugradýardylar. -Kim başlady?-diýip Attikus argyn boýunalyklyk bilen sorady. -Ählisi Jimden. Ol maňa akyl satyp ugrady. Näme indi men oňa-da gulak asmalymy? Attikus ýylgyrdy. -Gel, şeýle gepleşeli, Jim seni her gezek özüne gulak asmaga mejbur etmegiň hötdesinden gelende sen oňa gulak asarsyň. Bu adalatlymy? Aleksandra ejem bize sessiz-üýnsüz seredip durdy, ýöne haçan-da Attikus ikisi dälize çykanlaryndan onuň sözleri üzlem-saplam eşidildi: -…men saňa aýtdym ahyry, ine saňa ýene-de bir mysal… Şundan soň Jim ikimiz ýene-de öňkümiz ýaly ylalaşdyk. Bizi otaglarymyz ýanaşyk durdy. Men otagymyň gapysyny açanymda Jim: -Gijäň rahat bolsun, Gözlüje!-diýdi. -Gijäň rahat bolsun!-diýip hümürdedim-de men çyra ýakylýany sermeläp gözläp ugradym. Öz ýatýan sekimiň gyrasynda men nähilidir bir ýyly, maýyşgak hem ýylmanak zadyň üstünden basdym. Ol az-owlak gaty rezine hem meňzemän durmaýardy, özi-de meniň göwnüme bolmasa janly ýalydy. Men onuň gymyldaýandygyny duýdum. Men çyrany ýakdym-da sekiniň gapdalyna, ýere seretdim. Ol ýerde eýýäm hiç zat ýokdy. Men çykdym-da Jimiň gapysyny kakdym. -Saňa näme gerek?-diýip ol sorady. -Elläp görseň ýylanlar nähili bolýar? -Gaty bolýarlar. Üstesine-de sowuk hem tozanly. A saňa näme? -Göwnüme bolmasa biri meniň sekimiň aşagyna giren ýaly. Belki sen seredip görersiň? -Sen näme oýun edýärsiňmi?-diýip gapysyny açdy. Ol ýatanda geýýän jalbaryndady. Agzy hem güp ýaly çişdi. Diýseň-diýmeseň men ony ykjamja ýelmäpdirin-ow, edil ýöne hoşuňa geläýsin! Ol meniň çynymy aýdýanyma dessine düşündi:-Eger-de sen meni ýylanyň ýanyna burnumy sokaryn diýip pikir edýän bolsaň, onda örän ýalňyşýarsyň. Hany biraz garaş. Ol aşhana ylgap gitdi-de, düşektaýagy alyp gelip: -Hany sekiniň üstüne mün bakaly,-diýdi. -Sen hakykatdanam ol ýerde ýylan bardyr öýdýärsiňmi?-diýip men soradym. Gör nähili geň waka! Biziň jaýlarymyzda ýerzemin ýokdy, olaryň ähli ýerden birnäçe fut belentlikde daşdan sütünleriň üstünde durdylar, şoňa görä-de ýylanlar käwagt öýe girýänem bolsalar, beýle zat setanda-seýranda bir gezek bolýardy. Her gün irden bir bulgurjyk arassa şerap içýän hanym Reýçel Heýwerford hem özüni aklamak üçin öň başyndan geçiren gorkusyndan hiç aýňalyp bilmeýändigini aýdýardy, bir wagt bir gezek ol öz ýatylýan otagynda içki geýimlerini goýýan tekjesini açyp, haladyny asmakçy bolanda, ýuwmaklyk üçin aýrylyp goýlan geýim-gejimleriň üstünde tegelenip ýatan ýylany görenmiş! Jim barlap görmek üçin düşektaýagyny ýatyş sekisiniň astyna galgadyp goýberdi. Men aşak eglip, ýylanyň süýrenip çykyşyny görmekçi boldum. Emma ýylan çykmady. Jim düşektaýagyny has aňyrraga uzatdy. Ýatyş sekisiniň aşagyndan hyňranma eşidildi. -Näme ýylanlar hyňranýarammy?-diýip men soradym. Jim: -Bu ýylan däl,-diýdi:-Bu adam. Birdenem ýatyş sekisiniň aşagyndan nähilidir bir garagäz bolan düwünçek zyňlyp gitdi. Oslagsyzlykdan ýaňa Jim düşektaýagyny galdyryp, tasdanam Dilliň kellesine ýelmeýärdi. -Eý Hudaý jan-eý!-diýip Jim hormat bilen pyşyrdady. Dill zordan ýatyş sekisiniň aşagyndan çykdy. Onuň ol ýere sygşy düşnüksiz. Ol aýaküstüne galdy, eginlerini ýazdy-da, ýerinden çykan bolaýmasyn diýýän ýaly injiklerini oýnaşdyrdy, boýnuny owkalady. Ahbetin onuň gurşan aýaklaryna we ellerine gan aýlanyp başlan bolara çemeli, ol ýeňillik bilen dem aldy-da: -Salam!-diýdi. Jim ýene-de Perwerdigäri çagyrdy. Meniň bolsa haýran galmakdan ýaňa dilim lal açana döndi. Dill: -Häzir ölýän,-diýdi:-Bokurdakdan ötürere bir zadyňyz ýokmy? Men edil alasarmyk düýş görýän ýaly aşhana gidip, agşamlyk nahardan galan mekgejöwen kökesiniň ýarsyny hem-de süýt getirdim. Dill olary göz açyp-ýumasy salymda lak-luk atdy, ol nahar iýende edil öňküleri ýaly alyn dişleri bilen çeýneýärdi. Birhaýukdan soň maňa geplemek ukyby gaýdyp geldi. -Sen bu ýere nädip düşdüň? Dill biraz ýürekselik edindi-de gürrüň berip başlady. Onuň täze kakasy ony ilkibaşdan halamanmyş we ony ýerzeminde temmeläp, (Meridianda ähli jaýlaryň ýerzemini barmyş) açlykdan ölüme sezewar etmegi ýüregine düwenmiş, ýöne ony şol wagt öýleriniň deňinden geçip barýarka onuň kömege çagyrýan sesini eşiden daýhan gizlinlikde halas edenmiş, şol rehimdar adam oňa howa girýän ötükden ýerzemine ýekeje-ýekeje kösükden tutuş bir halta nohudy geçirenmiş, Dill bolsa çig nohut bilen iýmitlenip, soňabaka assa-ýuwaşdan diwardan zynjyryň berkidilen halkasyny çekip-çekip çykaryp, erkinlige gaçanmyş. Soňra ol elleri gandally şäherden daşyna gaçanmyş we iki mil dagy pyýada ýöränmiş, şol barmaşa-da ýolda kiçijik sergezdan haýwanat bagyna sataşanmyş, bada-badam ony şol ýere düýe ýuwmak üçin hakyna tutanmyşlar. Şol haýwanat bagy bilenem ol tutuş Missisipi ştatynda entänmiş, ahbetinem hatasyz duýgusy oňa özleriniň Alabama ştatynyň Ebbot okrugyna gelendiklerini, Meýkomb şäherine barmak üçinem oňa bary-ýogy derýadan ýüzüp geçmegiň gerekdigini duýduranmyş. Ýoluň galan bölegini bolsa ol pyýada geçenmiş. -Sen bu ýere nädip düşdüň?-diýip Jim sorady. Ol ejesiniň gapjygyndan rugsatsyz on üç dollar alypdyr, Meridianda sagat dokuzdaky otla münübem Meýkomb demirýol menzilinde düşüpdir. Demirýol menzilinden Meýkomba çenli bolan on dört miliň on-on bir milini pyýada geçipdir, özem uly ýoluň ugry bilen däl-de ot-çöplere bukulyp, çarkandaklykdan ýöräpdir, sebäbi birdenkä özüni polisiýa gözleýän bolaýmasyn diýip howatyr edipdir. Ýoluň galan bölegini bolsa üsti pagta ýükli ýük ulagynyň yzyndan aslyşyp geçipdir. Meniň ýatyş sekimiň aşagynda bolsa ol tas iki sagada golaý wagtlap ýatypdyr, şol ýatyşyna-da biziň agşamlyk nahar iýşimizi eşidip, gap-gaçlaryň şakyrdysyndan ýaňa açlygyndan tas aňkasy aşan ekeni. Ol Jim ikimiz hiç haçan ýatmak üçin ýerimize geçmeris öýdüp pikir edipdir. Ol hatda bukusyndan çykyp maňa Jimi ýençmäge kömek etmegi hem niýet edinipdir, sebäbi Jim menden göz-görtele uly hem-de boýy uzyn ahyry, ýöne onuň üçin jenap Finçiň olary, ýagny bizi aralaşdyrmaga geljekdigi süýde sereden ýaly düşnükli ekeni, şonuň üçinem ol gizlenen ýerinden çykmandyr. Ol aýylganç derejede ýadaw, göz öňüne getirip bolmajak dereje kirli ekeni, özi-de indi ahbetin özüni öýünde duýýan ekeni. Jim: -Ýakynlaryň bolsa elbetde seniň bärdedigiňi bilýän däldirler,-diýdi:-Eger-de seni gözleýän bolsalar biz muny eýýäm bilerdik… -Olar megerem, meni Meridianda ähli kino görkezilýän ýerlerden hazier çenli-de agtaryp ýörendirler-diýip Dill ýyrşardy. Jim: -Ejeňe özüň nirededigiňi hökman habar ber,-diýdi:-Oňa seniň bärdedigiňi bilmek gerek… Dill çaltlyk bilen oňa tarap dikanlady welin, Jim gabaklaryny aşak sallady. Soňra ýerinden turdy-da, biziň çagalykda mukaddeslik derejesinde berjaý edýän ar-namyslylygyň iň soňky kanunyny bozdy. Ol otagdan çykdy. -Attikus!-diýip dälizden onuň sesi eşidildi:-sen ýekeje pursatlyk bärik gelip bilmersiňmi? Dilliň çaň-kirşenden hem-de derden ýaňa çyr-çyrşak ýüzi üç ýuwlan ak esgä döndi. Meniň bolsa aňrym-bärime geldi. Bosagada Attikus peýda boldy. Ol otagyň ortarasyna geçdi, ellerem kisesinde, togtady, Dille ýokarda aşaklyga seretdi. Oňa çenli men özümi dürsedim, maňa geplemek ukyby gaýdyp geldi. -Bu hiç, Dill. Eger-de ol sen babatda haýsy-da bolsa bir netijä gelse ol muny saňa gypynçsyz aýdar. Dill jyňkyny çykarman maňa garady. Men: -Hawa, hawa, bu hiç,-diýdim:-Sen bilýärsiň ahyry, Attikus saňa erjeşip durmaz, ondan gorkmagyň geregi ýok. -Men gorkmaýarynam-diýip Dill myňňyldady. -Jedel edýän, sen aç bolmaly,-diýip Attikus hemişekisi ýaly guraksy ýöne mylaýym gepledi:-Näme bizde sowuk mekgejöwen kökesinden başga has gowurak zat tapylmadymy, Gözlüje? Hany bu batyr ýigdi doýa garna doýur, soň men gelerin, onsoň biz görübereris. -Jenap Finç, Reýçel daýzama hiç zat aýtmaň haýyş edýän, meni yzyma ugratmaň, gaýrat ediň jenap! Men ýene-de gaçaryn!... Attikus: -Ýuwaş, ýuwaş, oglum,-diýdi:-Seni tizräk düşege bolaýmasa hiç kim başga hiç ýere ugratmaz. Men diňe giderin-de hanym Reýçele seniň bärdedigiňi aýdaryn we seniň gije bizde galmagyňa rugsat soraryn, sen muňa garşy dälsiň-ä, şeýlemi? Onsoňam haýyş edýän, bize rehimiň insin, okrugyň çägine degişli topragyň iň bolmanda az-owlak bölegini bir degişliligi boýunça yzyna gaýtarsana, ýogsa topragyň şorlap zaýalanmagy sensizem hakyky betbagtçylyga öwrülip barýar. Dill agzyny öweldip onuň yzyndan garap galdy. -Bu diýdigi onuň degişdigi,-diýip men oňa düşündirdim:-Ol şeýle diýmek bilen saňa: “suwa düşünäýseň erbet bolmaýjak ýaly” diýmekçi bolýar. Görýäňmi, men saňa aýtdym ahyry ol saňa azar berip durmaz diýip. Jim bir künçde müýnli hem ümsüm ýagdaýda durdy. Oňa geregem şol, dönük! -Men oňa aýtman bilmedim, Dill,-diýip ol eşidiler-eşidilmez hümürdedi:-Üç ýüz mil daşlyga gaçyp, ejeňem bu barada hiç zat bilmese gowy däl ahyry. Biz oňa kelam agyz jogap bermän otagdan çykdyk. Soňra Dill iýdi oturdy, iýdi oturdy…Düýn agşamdan bäri onuň agzyna çöregiň owuntygy-da degmändir. Ol özüniň ähli puluna petek satyn alyp otla münüpdir (ýeri gelende, aýtsa ol otla öňem nijeme gezek münüp görüpdir), soňam ýolda ýolbelet bile nap-arkaýynja lakgyldaşyp oturypdyr (sebäbi ýolbelet ony öňden bäri tanaýan ekeni), ýöne onuň çagalar üçin hereket edýän düzgünden peýdalanmaga bogny ysmandyr. Ol düzgüne laýyklykda bolsa haçan-da çagalar alysa ýeke özleri barýan bolsa ýa-da eger-de sen ýeke özüň otla müneniňden soň puluňy ýitirseň ýolbelet saňa naharyň puluny bermelimiş, otludan düşeniňde bolsa kakaň şol ýolbelede gaýtaryp bermelimiş. Dill biziň agşamlyk naharymyzdan galan ähli zady ýalmady, soňra gaýnadylan noýbanyň gutusyny almak üçin tekjä kellesini sokdy, şol pille-de daşky otagdan hanym Reýçeliň sesi eşidildi: -Eý Hudaý jan-eý! Dill duzaga düşen towşan ýaly galdyrap ugrady. Ol: “Hany garaş bakaly, ine seni bir öýňüze alyp giderin welin! Ene-ataň tolgunyp, alada edip aklyndan azaşaýjak bolýar!” diýip gök gümmürdeýärkä mertlik bilen çekip-çydady, soňra: “Bu hereketiň bar-a, sendäki Harrisleriň gany zerarly bolmaly!” diýlenini boýunalykly bilen diňledi, soňra: “Ýeri bolýar-da, hany şu gün bir şu ýerde ýatsaň ýataý, Dill!” diýlenine göwnühoş ýylgyrdy, ahbetin ony gujaklap öpmäge mynasyp görleninde bolsa ol hem edil şonuň ýaly hereket bilen jogap berdi. Attikus äýnegini maňlaýyna süýsürdi-de, aýasy bilen ýüzüni ykjam owkalady. -Siziň kakaňyz ýadady-diýip Aleksandra ejem dil ýardy (göwnüme bolmasa ol tutuş bir asyrlap ýekeje agzam geplemedik ýalydy. Ol hälden bäri-de şu ýerdedi, ýöne megerem geň galmakdan ýaňa lam-jim bolan bolara çemeli):-Siziň ýatar wagtyňyz boldy, çagalar! Biz otagymyza gaýtdyk, olar bolsa aşhanada galdylar. Biz gidip barýarkagam Attikus elýaglygy bilen ýaňaklaryny hem-de maňlaýyny süpürip otyrdy. -Zorluk, uruşlar, gaçgaklar,-diýip biz ýöräp barşymyza kakamyň gülýän sesini eşitdik:-Şu gidişine gitse ýene-de bir sagatdan gör bize nämeler garaşýar… Görýän welin ähli zat garaşyşymyzdan hem gowy boldy öýdýän, şonuň üçinem Dill ikimiz öz ýanymyzdan Jim bilen sypaýyçylygy saklamaly diýen netijä geldik. Onsoňam Dill onuň otagynda ýatmaly boljakdy ahyry, şol sebäpli-de onuň bilen ymykly jetleşigi yglan etmek gerek dälmikä diýdik. Men ýatanymda geýýän eşigimi geýdim, soňra biraz kitap okadym, birden meniň gözlerim öz-özünden ýumlup barýana dönäýdi. Dill bilen Jimiň sesi eşidilmeýärdi, men tekjede duran çyramy öçürdim welin, Jimiň gapysynyň aşagyndaky yşdanam yşyk zolagynyň görünmeýändigini gördüm. Men megerem örän uzak wagtlap uklap ýatan bolmaly, sebäbi haçan-da meniň böwrüme hürseklänlerinde otagymdaky ähli zady ýaşyp barýan aýyň şöhleleri çala ýagtyldýardylar. -Süýşsene, Gözlüje. -Ol özi sen barada aýtman bilmez öýdüp pikir eden ekeni-diýip men hümürdedim:-Şonuň üçinem sen oňa gaharlanmaweri. Dill meniň ýorganyma girdi: -Men gaharlanmaýaryn-diýdi:-Men ýöne, şu ýerde seniň ýanyňda ýatmak isleýärin. Sen oýandyňmy? Oňa çenli men azyndan ýarpy-ýalta-ha oýanmaga ýetişipdim. -Sen muny näme üçin beýtdiň?-diýip men ýaltalyk bilen soradym. Hiç-hili jogap bolmady. -Men aýdýan, sen näme üçin öýňüzden gaçyp gaýtdyň? Näme ol hakykatdanam şeýle zalymmy? -Ýo-o-k! -A seniň ýadyňa düşýärmi, sen özüňiziň gaýyk ýasamakçy bolýandygyňyz barada ýazypdyň? Ýasadyňyzmy? -Hiç zadam ýasamadyk. Ol diňe wada berdi-de goýaýdy. Men tirsegime galdym-da, alagaraňkylykda Dille seretdim. -Şujagaz zat öýüňden gaçanyňa degmeýär. Ulular hemişe-de köp zatlary söz berselerem, köplenç beren sözlerinde tapylmaýarlar… -Ýok-la, men onuň üçinem däl-le…ýöne…ýöne olaryň maňa ellerem degmeýän ýaly. Men öýüňden şunuň ýaly üýtgeşik bahana zerarly gaçylýandygyny hiç haçanam eşitmändim. -O nähili? -Äý, olar elmydama nirädir bir ýerlere gidýärler, haçan-da öýe dolanyp gelenlerinde bolsa öz otaglaryna diňe ýeke özleri oturýarlar. -Ýeri onsoň, olar ol ýerde näme işleýärler? -Äý hiç-le, ýöne boş oturýarlar ýa-da kitap okaýarlar…Men bolsa olara düybünden geregem däl. Men ýassygymy ýatyş sekisiniň arkasyna diredim-de dik oturdym. -Bilýäňmi näme, Dill? Şu gün meniň özümem öýmüzden gaçmak isledim, sebäbi biziňkileriň hemmesi şu ýere jemlenipdi. Ýogsa olar bize elmydama geregem däl welin… Dill ýadawlyk bilen uludan demini aldy. -Gijäň rahat bolsun…a bilýäňmi, Attikus uzakly günläp öýde bolmaýar, agşamlaryna-da ol köplenç ol ýa kanunçykaryjy ýygnakda ýa-da men bilemok başga nirededir bir ýerde…olar hem bize hemişe gerek däl, Dill, eger-de olar elmydama şu ýerde bolan bolsadylar, onda bize ähli zat gadagan bolardy. -Men onuň üçinem däl-le. Dill düşündirip başlady, men bolsa eger-de Jim häzirkisi ýaly bolman başga hili bolan bolsa ýa-da birdenkä Attikusa meniň hemişe şu ýerde bolup, oňa kömek etmegim, oňa elmydama maslahat berip durmagym derkar bolmadyk bolsa öz durmuşymyň nähili bolmagynyň ahmaldygy barada oýlanmaga başladym. Dogrudanam eger-de hakykatdanam şeýle bolan bolsady, onda nähili bolardy? Äý ýok-la, ol mensiz ýekeje günem ýaşap bilmeýär ahyry. Hatda Kelpurniýa bar-a, şolam mensiz oňup bilmeýär. Men olara gerek. -Dill, sen näme-de bolsa derekli zad-a aýtmaýarsyň…seniňkiler sensiz oňup bilmezler. Olar, megerem, diňe saňa gaharlanýandyrlar. Ine men saňa näme etmelidigini aýdaýyn… Garaňkylyga beslenip oturşyna Dill hötjetlik bilen maňa jogap gaýtardy: -Ýok, sen düşün ahyry, ine men saňa näme aýtmakçy bolýaryn: olar üçin hakykatdanam mensiz gowy, onsoňam men olara hiç zat edip kömek etmeýärin. Ol rehimsiz däl. Hatda maňa näme islesem şony-da satyn alybam berýärler. Soňra bolsa: “me, ine şuny al-da, bar, git, oýna” diýýärler. Meniň otagym eýýäm birtopar jäjek-jüýjekden dos-doly. Olardan bolsa bar eşidýäniň: “Ine saňa kitapça, bar git-de oka” Dill kimdir biriniň agzyna öýkünip, ýogyn ses bilen geplemäge çalyşýardy:-Sen nähili oglanjyg-a? Beýleki oglanjyklar seniň ýaly öýden çykman oturyp, ulularyň ýüregine-bagryna düşüp ýörmän, ylgaşýarlar, beýsbol oýnaýarlar.-diýdi-de Dill ýene-de özüniň adaty sesi bilen gepläp ugrady:-Ýok, olar zalym däl. Olar meni ogşaşdyran bolýarlar, gujaklan bolýarlar, “gijäň rahat bolsun, ertiriň haýyrly bolsun, ýene-de duşuşýançak” diýýärler, maňa hemişe meni gowy görýändiklerini aýdýarlar…Bilýäňmi Gözlüje, goý ikimiziň öz bäbegimiz bolsun. -A ony nireden almaly? Dill özüniň eşitmişine görä, nirededir bir bir adamyň bardygyny, onuňam gaýygynyň bardygyny, onsoň onuň şol gaýygy bilen kürekläp ýüzüp haýsydyr bir ada gidýändigini, ol adanyň hem mydama ümür-dumana beslenip durandygyny we ol ýerde näçe isledigiňçe kiçijik bäbejikleriň bardygyny, onsoň şoňa özlerine-de bir bäbejigi getirip bermegi sargyt etseň boljakdygyny aýtdy. -Ine-de sen ýalan sözlediň. Ejekem bäbekleri Hudaý janyň gös-göni pejiň tüsseçykaryndan içerik oklap goýberýändigini aýtdy. Hawa, hawa, hut şeýle diýibem aýtdy. (Dogrusy şol gezek ejekem edähetiniň tersine birhili bulam-bujarrak jogap gaýtarypdy). -Ýok, bu zatlaryň barysy nädogry. Çagany adamlar biri-birlerinden dogurýarlar. Ýöne bäbegi gaýykly adamdan hem alsaň bolman durmaýar…sebäbi onuň adasynda olar isledigiňçe köp ahyry, ýöne olary oýarmak gerekmiş, ol gaýykçy bolsa üfläp goýberýärmiş welin, bäbekleriň barysyna jan girýärmiş… Dill ýene-de ham-hyýallarynyň gujagyna özüni oklady. Ol hemişe nähilidir bir adatdan daşary täsin zatlary oýlap tapýardy. Men bir kitaby okaýançam ol ikisini okamaga ýetişýärdi, ýöne barybir ähli zatdan beter özi nähilidir birhili geň-enaýy wakalary toslamagy halaýardy. Ol hasaplanda edil ýyldyrym çaltlygynda hasaplaýardy, mysallary, meseleleri, deňlemeleri aňsatlyk bilen çözýärdi, ýöne ähli zatdan beter özüniň ümürli hyýalbentlige gaplanan dünýäsini söýýärdi, onuň dünýäsinde bolsa bäbejikler uklap ýatyşlaryna özlerini edil säher bilen gül ýygylyşy ýaly ýygylmaklaryna garaşyp ýatýardylar. Şol ýatyşymyza ol şol gepledi ýatdy, gepledi ýatdy, ahbetin meni-de, öz-özüni-de gepi-gürrüňi bilen şeýlebir hüwdüledi welin, soňabaka meniň gözüme ümür-duman gabsan ümsüm ada görnüp ugrady, birdenem gözümiň öňünde reňki gopan gyňyr gapyly tukat öýüň bulaşyk salgymy görnüp giden ýaly boldy. -Dill? -Hm-m? -Seniň pikiriňçe näme üçin Betnyşan Redli şu güne çenli öz öýlerinden gaçyp gitmedikä? Dill uzyn dem aldy-da, böwrüne dönüp, ukuly jogap gaýtardy: -Belki-de onuň gaçyp gitmäge ýeri hem ýokdur… xxxxx Örän köp jaň edildi, jenaýatçynyň arkasyny alyp gaty köp çykyşlar edildi, soňra bolsa onuň ejesinden onuň bagyşlanylýandygy aýdylan uzyn hat geldi we ahbetinem Dill bärde galjakdygy belli boldy. Şondan soň bir hepdeläp dagy biz asuda ýaşadyk. Emma ondan soň welin, biz rahatlygyň nämedigini unutdyk. Ähli zat edil gara basmaly düýşdäkä döndi. Ol aýylgançlyklaryň hemmesi bir gezek, agşam naharyndan soň başlandy. Şol gün Dill heniz bizdedi, Aleksandra ejem bir burçda kürsüniň üstünde otyrdy, Attikusam öz künjündedi, Jim ikimiz ýerde süýnüp kitap okap ýatyrdyk. Öň aýdyşym ýaly, hepde örän parahat geçipdi, men ilgeziklik bilen ejekeme gulak asypdym, Jim bolsa biziň çynardaky öýjagazymyz üçin biçak läheň bolup ýetişenem bolsa, Dill ikimize täze ýüp merdiwany ýasamaga kömekleşipdi, Dill Betnyşan Redlini hile bilen öýünden çykarmagyň we şol bir wagtda-da özümiziň abat hem başbitin galmagymyzyň täze ýüz göterim üstünlikli usulyny oýlap tapypdy. Onuň usuly şundan ybaratdy: Redlileriň jaýynyň ýeňse ýüzündäki işikden tä olaryň derwezelerine çenli meýmuruş tagamly pampyza sepip çykmalydy, onsoň Betnyşanyň özi edil garynja ýaly şol pampyza zynjyrjygynyň yzyna düşüp gaýtjakmyş. Şol pille-de gapy kakyldy. Jim gapyny açmaga gitdi we dolanyp gelende jenap Gek Teýtiň gelendigini aýtdy. Attikus: -Onda ony içerik girmäge çagyr-da!-diýdi. -Men eýýäm çagyrdym. Ýöne howlumyzda ýene-de birnäçe adam bar, olar seniň özüň daş çykmagyňy isleýärler. Meýkombda ulular diňe iki ýagdaýda biriniň öýüne barsalar içerik girmän işigiň agzynda durýarlar: eger-de öýde merhum bolsa ýa-da eger-de olaryň gelmegi syýasat bilen bagly bolsa. Men pikir etdim: „Beh, bizde kim öldükä?“ Jim ikimiz tas ondan öňürdip gapa tarap ýönelipdik, emma Attikus: -Öýde oturyň!-diýip gygyrdy. Jim myhman otagynyň çyrasyny öçürdi-de, burnuny penjiräniň aýnasyna ýelmedi. Aleksandra ejem garşylyk görkezmäge dyrjaşdy. Ol bolsa: -Ýekeje pursat, ejeke-diýdi:-men diňe kimiň gelendigini göreýin. Dill ikimiz bolsa beýleki penjireden seredip başladyk. Birtopar adamlar Attikusyň daşyna hümer bolupdyrlar. Özleri-de göwnüme bolmasa hemmesi birden, biri-birinden öňürdip gepleýän ýalydylar. -...ertir ony okrugyň türmesine geçireris-diýip jenap Teýt aýdýardy:-Men hiç hili bolgusyzlygyň ýüze çykmagyny islemeýärin, ýöne olaryň bolmajakdygyna welin güwä geçip bilmeýärin... Attikus: -Samsyklamaň, Gek,-diýdi:-Biz nirededir bir itiň ölen ýerinde däl-de Meýkombda ýaşaýarys. -...men aýdýan: „meni birhili ynjalyksyzlyk basýar“ diýýän. Attikus: -Gek, biz haýsydyr bir bolgusyzlyklar barada ynjalykdan gaçmak üçin kazynyň işiň seljerilişini gaýra goýmaklygyny gazanmandyk,-diýdi:-Şu gün şenbe. Kazyýet mejlisi megerem duşenbede geçiriler. Heý, siz ony birje gije şu ýerde saklap bilmersiňizmi? Megerem Meýkombda hiç kim meniň müşderiden ýüz döndermeýändigim üçin ýazgarmaz, şu döwürde gün-güzeran aýlamak üçin gazanç etmegiň kyndygyny her kim bilýär ahyry. Hemmeler birdenkä ýitigini tapan ýaly düşnüksiz bir zada şatlanyşdylar, ýöne jenap Link Diz gepläp başlanda bada-bat ýuwaşadylar: -Bu ýerdäkileriň-ä hiç haýsy haýsydyr bir bolgusyzlygy goparmaga taýynlanmaýar-la welin, meni şol Köne Saremli däli sergezdan alada goýýar...A siz talap edip bilmersiňizmi...ol hereket nähili atlandyrylýandyr-a, Gek? -Işiň başga okruga geçirilmegi,-diýip jenap Teýt oňa ýardam berdi:-Ýöne häzirki ýagdaýda beýle hereketdenem netije bolmazmyka diýýän. Attikus nämedir bir zat gepledi, emma men eşidip ýetişmedim-de Jime tarap öwrüldim. Ýöne ol maňa dil ýarmaga maý bermän: „azar berme şu mahal“ diýýän ýaly elini slagap goýberdi. -...onsoňam,-diýip Attikus biraz sesini gataldyp dowam etdi:-siz ol ýygyndydan ýygnananlardan gorkýan dälsiňiz ahyry, dogrumy? -...lül-gammar bolanlaryndan soň olaryň nähilidigini bilýärsiňiz ahbetin. Attikus: -Ýekşenbe günleri olar adatça içmeýärler-de ýarym günlerini ybadathanada geçirýärler-diýdi. Kimdir biri: -Ýöne bu ýagdaý olar üçin adatdan daşary ahyry-diýdi. Olaryň ählisi hümmüldeşip, özara gepleşip ugradylar, ahbetin ejekem: „eger-de Jim myhman otagynda çyrany ýakmasa onda bu ýagdaý bütin kowum-hyşymyz üçin barypýatan wejeralyk bolar“ diýdi. Ýöne Jim ejekemi eşitmeýän ýalydy. -...düşünemok, ilki bilen siz näme üçin bu işe baş goşduňyz, Attikus?-diýip jenap Link Diz soraýardy:-Siz bu işde ähli zadyňyzy ýitirmegiňiz ahmal. Bolanja ähli zadyňyzy. -Siz hakykatdanam şeýle pikir edýärsiňizmi? Haçan-da Attikus şu soragy beräýdigi – işiň gaýtdygy! Gaty hatyrjem duraýmasaň bolmaýar. „Sen şu göçümi etmegi çynyň bilen pikir edýärsiňmi, Gözlüjäm?“ Soňam, şaňk, şaňk, şaňk bolar-da tagtanyň ýüzünde ýekeje-de şaşka çöpüň galmaz. Ýa-da: „Sen çynyň bilenem şeýle oýlanýarsyňmy, ogul? Hany onda, ine şuny hem bir okap gör“ diýip goýberer. Onsoň Jim suhangöý Genri W Greýdiniň uzyndan uzak çykyşlarynyň tükeniksiz ýumagyny çözlemäge dyrjaşyp uzakly gije kösenip oturandyr. -Diňläňsene, Link, belki-de ol ýigit elektrik oturgyjynda oturar, ýöne öňünçäsi hemmeler hakykaty bilerler-diýip Attikus parahat äheňde aýtdy:-Siz bolsa hakykaty häzirem bilýärsiňiz. Ýaňybir kiparlan gowur täzeden örç alyp galdy. Attikus yzyna, basgançaga tarap bir ädim ätdi, emma hemmeler öňe omzap ýene-de onuň alkymyna dykyldylar, goh-galmagala bolsa birhili eýmenç öwüşgin çaýyldy. -Attikus!-diýip birdenkä Jim gygyrdy:-Jaň gelýär! Hemmeler oslagsyzlykdan ýaňa tisginip gitdiler-de, az-kem yza tesdiler. Biz bu adamlary her gün görýärdik, olaryň arasynda dükançylar bardy, mülkdar daýhanlaryň hem käbiri olaryň arasyndady, lukman Reýnolds we jenap Eýweri hem olar bilen durdylar. -Jaň gelýän bolsa özüňem ony alyp bilýänsiň ahyry-diýip Attikus jogap gaýtardy. Hemmeler gülüşdiler-de dagadylar. Attikus myhman otagyna dolandy-da çyrany ýakdy, şonda-da Jimiň penjiräniň öňünde üç ýuwlan ak esgä dönüp duw-ak bolup oturandygyny, diňe onuň burnunyň ujunyň aýna direlendigi zerarly gyzyldygyny gördi. -Siz näme bärde beýdip garaňkyda otyrsyňyz?-diýip Attikus geň galdy. Jim onuň nädip kürsüsine geçip oturyp, eline gazetiň agşamky sanyny alşyny synlaýardy. Kähalatlar meniň göwnüme bolmasa Attikus „Mobil rejisteriň“, „Birmingem nýusyň“ we „Montgomeri edwertaýzeriň“ sahypalarynyň aňyrsyna gizlenip öz durmuşynyň iň wajyp hadysalaryny öwrüp-çöwürýän ýalydy. Jim Attikusyň ýanyna bardy. -Olar seniň yzyňdan geldilermi, hawamy? Olar seniň bilen haklaşmak isledilermi? Attikus gazetini aşak düşürdi-de, Jimi birlaý gözden geçirdi. -Sen bu bolgusyzlyklary nireden oýlap tapdyň, haýsy kitaplardan okaşdyrdyň?-diýip sorady. Soňra bolsa juda mylaýym ses bilen üstüni ýetirdi:-Ýok, ogul, olar biziň dostlarymyz. -Ol..olar garakçylar topary dä..dälmi? Attikus ýylgyrman saklanjak boldy, emma başarmady. -Ýok, biziň Meýkombymyzda gahar-gazapdan ýaňa däli-mežnun bolan mähelle we beýleki bolgusyzlyklar ýok. Onsoňam men hiç haçan biziň jelegaýlarymyzda garakçylaryň toparlarynyň çar-töwerege gan çaýkap gezenlerini eşitmändim. -Birmahal-a ku-kluks-klan katolikleri awlamak bilen meşgullanypmyş. Attikus: -Men Meýkombdaky katolikler barada-da hiç haçan eşitmändim-diýdi:-Sen bu ýerde nämedir bir zatlar-a bulaşdyrýarsyň. Birmahallar, takmynan dokuz ýüz ýyigriminji ýylda bärde ku-kluks-klan bolupdyr, ýöne ol esasan syýasy gurama ekeni. Şol sebäpli-de şol döwürler ol gurama hiç kimi eýmendirip bilmändir. Bir gezek olar jenap Sem Lewiniň öýüniň öňünde närazylyk ýörişini gurapdyrlar, ýöne Sem eýwanyna çykypdyr we eger-de olar onuň özünden alan matalaryndan tikilen uzyn köýneklerinde onuň öýüniň daşyndan pyrlanýan bolsalar, megerem olaryň gün-güzerany juda pese düşen bolmaly-ow diýipdir. Şol sözleri bilenem olary şeýlebir utandyrypdyr welin, olar onuň öýüniň ýanyndan bahymrak sumat bolanlaryny kem görmändirler. Liwileriň maşgalasy Meýkombda asylly adamlara bildirilýän ähli talaplara laýyk gelýärdiler, Liwiler öz akyllaryny hem ukyplaryny özleri üçin peýdaly ulanýardylar hem-de olaryň eýýäm bäş nesli dagy şol bir ýerde ýaşap gelýärdiler. Attikus: -Ku-kluks-klan öldi we indem gaýdyp hiç haçan direlmez-diýdi. Men Dilli ugratmaga gitdim we yzyma dolanyp gelýärkäm gapynyň aňyrsyndan Attikusyň ejekeme: -...men hemmeler bilen deň derejede Günortanyň zenanlaryna hormat goýmaga mydam taýýar, ýöne munuň üçin olaryň üstüne abanmaýan toslanyp tapylan howp hakyndaky rowaýatyň hatyrasyna ynsanyň ömrüni pida bermek islemeýärin. Onuň sesi şeýlebir birhilidi welin, men olar ýene-de sögüşýärler-ow diýip oýlandym. Men Jimi gözlemäge gitdim, ol öz otagynda ekeni, nämedir bir zat barada ýatyş sekisinde çiň arkan düşüp ýatyp oýlanýardy. -Olar sögüşdilermi?-diýip men soradym. -Şeýle diýseňem boljak. Ejekem Tom Robinson zerarly onuň ýüregine-bagryna düşýär. Ol Attikusa: „tutuş maşgalamyzy masgaralaýarsyň“ diýene ýakyn bir zatlar diýdi. Men...men gorkýan, Gözlüje. -Nämeden gorkýarsyň? -Attikus üçin gorkýan. Birdenkä oňa bir zat bolaýsa näme? Men ondan näme diýmekçi bolýandygyny soraşdyryp başladym, emma Jim ýene-de köpbilmiş keşbe girip, diňe: „tüket, ýüregime düşme“ diýip jogap bermek bilen çäklendi. Ertesi gün bolsa ýekşenbedi. Ýekşenbe günündäki sapaklaryň hem-de mynajatyň arasynda hemmeler biraz aýaklaryny ýazmaga çykdylar welin, men howluda Attikusy gördüm, onuň daşyna birtopar adam hümer bolup durdy. Olaryň arasynda jenap Gek Teýt hem bardy. Şol sebäpli men belki-de onuň kalbynyň gözleri açylyp, ol Hudaýa ynanyp başlandyr diýip oýlandym. Öň ol hiç haçan ybadathana gelmeýärdi. Olaryň arasynda hatda jenap Anderwud hem bardy. Jenap Anderwud öň hiç haçan „Meýkomb tribýun“ gazetinden başga hiç ýere gitmeýärdi we şondan özge hiç zat bilen meşgullanmaýardy, onuň ýekeje özi gazetiň hem eýesidi, hem redaktorydy hem-de harp ýygyjysydy. Ertirden agşama çenli ol özüniň çaphana enjamyndan kämahal garbak-gurbak edinmek ýa-da gapdalynda hemişe doly duran golçadan ülje şerabynyň bir owurdyny içmek üçin bolaýmasa, galan wagt ýeke ädimem aýrylmaýardy. Ol adamlaryň arasyna täzelikleri bilmek üçin örän seýrek çykýardy, adamlaryň özleri onuň ýanyna gelip, wakalary gürrüň berýärdiler. Gazetiň tutuş sanyndaky maglumatlary onuň ýeke özi düzýär we özüniň çaphana enjamynda neşir edýär diýip gürleýärdiler. Bu gep-gürrüňler hem hakykata örän ýakyndy. Megerem, eger-de jenap Anderwud özüniň synmaz galasyndan Taňrynyň döreden ýagty jahanyna çykmaga mejbur bolan bolsa, diýmek onda bu gezek nähilidir bir adatdan daşary täsin waka bolan bolmaly. Men Attikusy öz bosagamyzda gapyp alyp, soradym welin, ol Tom Robinsonyň Meýkombyň türmesine geçirendiklerini aýtdy. Ýene-de pyşyrdady: „eger-de ony ilkibaşdan başlap şu ýerde saklan bolsalar onda hiç hili bolgusyzlyk ýüze çykmazdy“. Ýöne dogrusy, onuň soňky sözleri maňa däl-de onuň özüne niýetlenen ýalydy. Ol ybadathanada özüniň üçünji hatardaky ornuna geçip oturdy-da: „Men saňa ýakynlaşaryn, Perwerdigär“ diýen aýdym-doganyň sözlerini gaýtalady, ol aýdym aýdanda hemmelerden biraz yza galýardy, şonuň üçinem onuň ýogyn, goýy sesiniň ýeke özi aýratyn ýaňlanýardy. Ol hiç haçan biziň bilen bile oturmaýardy. Ol ybadathanada ýeke özi özbaşyna bolmagy halaýardy. Ýekşenbe günleri öýdäkileriň ählisi hemme zat gülala-gülluksirän bolýarlar, Aleksandra ejem bize göçüp geleninden soň bolsa bar zat öňküdenem beter ýurekbulanjy bolup başlady. Günorta nahary tamamlanyp-tamamlanmanka Attikus öz iş otagyna gaçyp gidýärdi, biz käwagt onuň ýanyna baranymyzda bolsa onuň pyrlanýan kürsüsinde arkanlygynaýaplanyp, nämedir bir zat okap oturandygyny görýärdik. Aleksandra ejem bolsa nahardan soň bir-iki sagatlyk gözüniň awusyny almak üçin ýerine geçýärdi, özem gidip barýarka bize goňşularymyzyň hemmesi dynç alýarkalar howluda goh turuzmaga het edip bir göräýiň diýen äheňde haýbat atyp gidýärdi. Jim hem ulalyp-ulalyp, ahbetin öz otagyna ýeke özi futbol žurnallarynyň bir gujagy bilen gitmek ýaşyna ýetdi. Şol sebäpli-de Dill ikimize ýekşenbe günleri diňe Sugun sonarlygynda özbaşymyza pessaýja oýunlar bilen güýmenäýmek galýardy. Ýekşenbe günleri bize oýnawaç jysmygymyzdan atmag rugsat berilmeýärdi, şoňa görä-de Dill ikimiz sonarlykda birsellem Jimiň pökgüsini depip oýnadyk, ýöne bu pişe juda tukat bolandygy zerarly örän tiz ýüregimize düşdi. Onsoň Dill: „Ýör gideli, belki biz Betnyşan Redlini görüp bileris“ diýdi. Men: „Meniň pikirimçe onuň degnasyna degmesek gowy bolarmyka diýýän“ diýdim-de Dille geçen gyşda bolup geçen wakalary gürrüň bermäge başladym. Ol diňläp durşuna agzyny açyp geň galýardy. Agşam naharyna ýakyn biz öýli-öýümize dagadyk, agşam şamlygyndan soň bolsa Jim ikimiz ýaňybir hemişekimiz ýaly ýatýançak kitap okamaga çemelenipdik, welin, Attikus bizi geň galdyrdy. Ol myhman otagyna çykanda onuň elinde uzyn elektrik simi bardy. Simiň bir ujy çyralydy. Ol: -Men birsalym gitjek-diýdi:-Haçan-da dolanyp gelenimde bolsa siziň hemmäňiz düşegiňizde bolarsyňyz, şonuň üçinem men şu wagt size gijäňiz rahat bolsun diýäýjek. Ol sypal başgabyny geýdi-de, jaýymyzyň arka ýüzündäki gapysyndan çykdy. Jim: -Ol ulagy alýar-diýdi. Biziň kakamyzyň özüne ýetik geň-taňlyklary bardy: birinjiden, ol hiç haçan süýji zatlary iýmeýärdi, ikinjiden, ol hemişe pyýada ýöremegi halaýardy. Men özümi bilelim bäri biziň ulaghanamyzda arassaja, rejelije „şewrole“ durdy. Elbetde Attikus işi çykanda ony sürýärdi, ýöne Meýkombda öz işine we yzyna, öýmüze, günde iki gezek ol hemişe pyýada ýöreýärdi, bu bolsa azyndan iki mil dagy bardy. Ol: „ýöremek – meniň meşgullanýan ýeke-täk sportum“ diýip aýdýardy. Meýkombda bolsa eger-de adam ýöne, hiç bir maksatsyz aýaklaryna agram salýan bolsa diýmek ol hiç zada ymtylmaýan we hiç haçan hiç bir sepgitlere ýetip bilmejek bikär adam diýip hasaplaýardylar. Kakam gidenden soň men ejekeme we doganyma gijeleriniň rahat bolmagyny arzuw etdim-de ýerime geçdim, düşegimde ýatan ýerimden okap ýatanyma esli wagt geçenden soňra birdenkä Jimiň otagynda nähilidir birhili düşnüksiz gowruň başlandygy gulagyma ildi. Adatça ol düşegine geçmäge beýle sesli taýýarlanmaýardy, men günde gije onuň otagyndan eşidilýän her bir owaza beletdim, şonuň üçinem men ýerimden turdum-da onuň işigini kakdym. -Sen näme uklamaýarsyň? -Biraz wagtlyk şähere gidip gelmekçi-diýip ol jalbaryny geýip durşuna hüňürdedi. -Näme üçin? Eýýäm sagat on bolup gelýär ahyry. Ol muny bilýärdi, ýöne barybir gitmekçi bolýardy. -Onda menem seniň bilen gitjek. Eger-de sen gitmersiň diýseňem barybir giderin, eşidýäňmi? Jim meni çalak-çulak haýbat bilen öýde galdyryp bolmajakdygyna, meniň bilen uruşmaly boljakdygyna, beýle etse-de ýene-de ejekemiziň gaharyny getirjekdigine düşündi. Ol zoraýakdanam bolsa garaz meniň özi bilen gitmegime razy boldy. Men göz açyp-ýumasy salymda geýindim. Biz iki bolup ejekemiziň otagynyň çyrasy öçýänçä garaşdyk, soňra pişik basyşyny edip assyrynlyk bilen öýümiziň ýeňse tarapyndaky işikden çykdyk. Aýsyz gije tüm-garaňkydy. -Megerem Dilliňem gidesi gelerdi-diýip men pyşyrdadym. Dowamy bar. | |
|
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Köne mülk -13: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Derbi dagyn: Morozka - 22.07.2024 |
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Atbaýrak: Galtamanlar - 10.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -15: romanyň dowamy - 19.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |