17:03 Şygşygyny öldürmek -2/ romanyñ dowamy | |
ŞYGŞYGYNY ÖLDÜRMEK
Romanlar
Jenap Redli howlukmaýardy. Onuň jaýynyň iki tarapyna-da köçani haçjalar bilen germediler, pyýada ýoda saman sepelediler, ähli ulaglar hem arabalar başga ýoldan aýlanyp geçmek üçin öwrülmäge başladylar. Lukman Reýnolds her gezek hassanyň ýanyna gelende öz ulagyny biziň gädigimizde goýýardy we Redlileriň jaýyna pyýadalap gidýärdi. Biz Jim bilen uzakly günläp howluda daraklygymyza basyp ýöreýärdik. Ahyry bir gün haçjalary aýyrdylar we biz öz bassyrmamyzyň astyndan jenap Redliniň biziň jaýymyzyň deňesinden ötüp soňky ýoluna ugraýşyny synladyk. - Ine, dünýäde iň nejis adamy jaýlaýarlar-diýip Kelpurniýa burnuna siňdirip hüňürdedi-de, çuň oýa batyp tüýkürdi. Biz gözümizi tegeläp oňa seredişdik. Kelpurniýa akýagyzlar barada daşyndan pikir etmäge hiç wagt diýen ýaly het etmeýärdi. Hemme goňşular, haçan-da jenap Redli ol dünýä gidenden soň Betnyşan ýagty jahana çykar diýip pikir öwürýärdiler, emma olar ýalňyşýardylar. Pensakoladan Betnyşan agasy dolanyp geldi we kakasynyň ornuny eýeledi. Olaryň arasynda diňe ýaş tapawudy bardy. Jim jenap Natan Redli hem “pagta satyn alýar” diýip aýtdy. Ýöne jenap Natan biz oňa salam beren wagtymyz bize jogap berýärdi we käwagtlar şäherde eli žurnally hem dolanýardy. Biz Dille Redlileriň maşgalasy barada näçe köp gürrüň berdigimizçe, onuň şonça-da köp bilesi gelýärdi we ol köçäniň künjünde çyra sütüni bilen gujaklaşyp şonça-da köp durýardy, şonça-da köp oýlanýardy. -Men gyzyklanýaryn, ol o taýda näme işleýärkä?-diýip ol hümürdeýärdi:-Ine birdenkä ol alagetdin gapynyň aňyrsyndan jyklaýsa! -Ol gijelerine, tüm-garaňky wagty çykýar-diýip Jim aýdýardy:-Hanym Stiweni Kroufordyň aýtmagyna görä bir gezek ol gijäniň arasynda oýanypmyş, ol bolsa onuň penjirejiginden garap durmuş…seredýärmiş, özi bolsa ölä çalymdaşmyş, kellesi hem edil kelleçanak ýalymyş. Dill, a sen ony eşitmediňmi? Sen gije oýanmadyňmy? Ol ine şeýle ýöreýär…-Jim aýaklaryny çaglyň üstünde süýräp alyp ugrady:-A sen nämedir öýdýärsiň, näme üçin hanym Reýçel gijelerine ähli gapylaryny gulplaýar? Men ertir ir bilen näçe gezek howlumyzyň arka ýüzünde onuň yzlaryny gördüm, bir gezek bolsa gije eşitdik – ol jaýymyzyň ýeňse tarapyndaky eýwanyň aýnasyny dyrmalaýar, Attikus daşaryk çykdy, ol bolsa eýýäm ýok. Dill: -Onuň nähilidigini bir görüp bolsady-diýdi. Jim Betnyşanyň belli bir derejede dogry suratyny çekdi. Aýak yzlaryndan çen tutsaň Betnyşanyň boýy takmynan alty ýarym fut bolmaly, ol eline ilen awysiýdikleri we pişikleri çigligine iýýär, onuň elleri bolsa hemişe gana boýalan, sebäbi ol haýwanjyklary çigligine iýýär, şonuň üçinem ol hiç haçan elleriniň ganyny näçe ýuwsa-da aýryp bilmez. Onuň ýüzüni keseligine uzyn ýara yzy kesip geçýär, dişleri sary, çüýrük, onuň gözleri peträp dur we ol hemişe hyllygyny akdyryp gezýär. Dill: -Geliň ony aldap öýünden çykaralyň-diýdi:-Men ony synlamak isleýärin. Jim: - Onda näme, eger-de sen janyňdan iren bolsaň, onda bar-da olaryň gapysyny kak, ine-de bar bolany. Biziň ilkinji çozuşymyz diňe Dill Jimiň Redlileriň derwezesinden aňryk hatda burnuny-da görkezip bilmejekdigini aýdyp, onuň bilen eger-de, utulsa “Çal salgym” atly kitaby bermek, utsa “Tom Swiftiň” iki neşirini almak barada jedel edenden soňra amala aşdy. Jim bolsa şeýledi, eger-de ony gižželeseň, hiç haçan yza tesmeýärdi. Jim üç günläp oýlandy. Ýöne namysy oňa janyndan eziz bolara çemeli, sebäbi Dill ony örän aňsatlyk bilen ýeňdi. -Sen gorkýarsyň-diýip ol ilkinji günüň özünde aýtdy. -Gorkamok, ýöne kesekiniň öýüne süsdürilip girmek gödek bolýar. Ertesi gün Dill: -Sen gorkýarsyň, sen olaryň howlusyna aýagyňy sekip hem bilmersiň-diýdi. Jim aýdylanlara garşy çykdy, ol şunça ýyllap her gün Redlileriň deňesinden mekdebe ýöräp geçýär ahyry. -Ýöräp geçmeýärsiň, ylgap gaçýarsyň-diýip men ilgeziklik bilen habar berdim. Üçülenji gün diýlende Dill ahyrsoňy onuň degnasyna degdi. Ol Jime Meridianda adamlar meýkomblylardan has batyrrak diýdi. Ol asyl dogup-döräli bäri meýkomblylar ýaly züwwetdinleri görmänmiş. Bu sözleri eşidip Jim köçäniň künjüne çenli dähedem-dessemläp bardy-da, çyra sütünine ýaplanyp, elde ýasalan ilgençekde gülkünç sallanyp duran haýatyň gapysyna dikildi. Jim, biz onuň ýanyna baranymyzda: -Onuň biziň barymyzy tepbetlejekdigine sen düşünýänsiň diýip tama edýän, Dill Harris!-diýdi:-Ol seniň gözleriňi dyrnaçaklap goparar, şonda sen munda meni günäkärlemegin, eşidýärmiň?! Ýadyňdan çykarma, muny seniň özüň başlansyň. -A sen barybir gorkýarsyň-diýip Dill assaja pyşyrdady. Jim Dillden birinji hem iň soňky sapar we hemişelik özüniň birjigem gorkmaýandygyny berk bellemegi haýyş etdi. -Men ýöne, ol bizi tutmaz ýaly edip, nädip ony aldap öýden çykarmalydygyny hiç oýlap tapyp bilmeýärin. Onsoňam Jim ýanlarynda özüniň körpe uýasynyň, ýagny meniň bardymy hem unutmaýan ekeni. Ol şuny aýdan badyna men göz ýetirdim, ol hakykatdan hem gorkýan ekeni. Men bir gezek onuň jaýymyzyň üçeginden bökmäge gaýratynyň çatmajakdygyny aýdanymda-da ol özüniň körpe uýasynyň bardygyny ýadyna salypdy. Ol şonda: “Eger-de men heläk bolsam, seniň bilen näme bolar?!”diýip menden sorapdy. Şonda ol üçekden böküpdi, ýöne heläk bolmandy we soňra hiç wagt özüniň diňe özi barada däl-de, körpe uýasy barada-da alada etmelidigini ýadyna salmandy. Tä Redlileriň derwezesiniň öňüne gelýänçä. Dill: -Näme injigiň sandyraýarmy? Götin gaýdasyň gelýär gerek?-diýdi:-Beýle bols-a-a, onda elbetd-e-e… Jim: -Dill, beýle işleri oýlanyşykly etmeli-diýdi:-Birje pursat pikirlenmäge puryja ber ahyry. Bu edil pyşdyly çanagyndan kellesini çykarmaga mejbur etmek ýaly bir zat ahbetin… -A sen ony nädip mejbur edersiň?-diýip Dill gyzyklandy. -Onuň garnynyň astynda otluçöp ýakaýmaly. Men eger-de Jim Redlileriň jaýyny otlaýsa, onda Attikusa şugullajakdygymy aýtdym. Dill bolsa: “Pyşdyly otlamak pislik bolýar” diýdi. -Birjigem pislik däl, ony bir zat edip mejbur etmeli bolar ahyry, onsoňam beýtmek ony oduň içine oklamak däl ahbetin!-diýip Jim hüňürdedi. -A sen nireden bilýärsiň, otluçöpiň onuň bir ýerini agyrtmaýandygyny? Jim: -Akmak, pyşdyllar hiç zat duýmaýarlar ahyry!-diýdi. -A sen näme özüň pyşdyl bolup gördüňmi? -Häý senem-ä, Dill, bir zat diýäýýärsiň-ow! Indi bolsa maňa pikirlenmäge päsgel berme…Belki biz olara daş zyňyp başlasak… Jim şeýlebir uzak pikirlendi welin, Dill uludan demine aldy-da, eglişik edip ugrady: -Ýeri bolýar-da, sen gorkmaýarsyň, ýöne sen diňe olaryň jaýynyň ýanyna bar-da, diwaryna eliňi degir, onsoň “Çal salgym” seniňki. Jim janlanyp ugrady: -Elimi degirsem, bolanymy? Dill baş atdy. -Bar bolany şu-da, şeýlemi?!-diýip Jim gaýtalady:-Seret, men elimi degrerin, sen bolsa bu şertimize laýyk däl diýip gohlap başlarsyň! Dill: -Saňa aýdylyp dura-how, bar bolany şu diýlip-diýdi:-Ol seni howluda gören badyna böküp daşaryk çykar, şol wagtam biz Gözlüje bilen onuň üstüne bökeris-de ony tutarys we onuň bilen hiç hili erbet zat etmejekdigimizi oňa düşündireris. Biz köçeden geçdik-de, Redlileriň derwezesiniň öňünde saklandyk. Dill: -Hany başla!-diýdi:-Biz bolsa Gözlüje bilen şu ýerde durarys. Jim: -Häzir!-diýdi:-Meni alňasatma. Ol haýatyň ugry bilen öwrüme çenli, soňam yzyna ädimläp başlady. Megerem ýönekeýje şertleri öwrenip, howla nädip has gowy edip girmelidigini çözýän bolara çemeli. Özem dähedem-dessemläp ýörşüne ýüzüni bürüşdirip, ýeňsesini gaşan bolýardy. Men oňa seretdim, seretdim-de, birdenem pyňkyryp goýberdim. Jim zarp bilen haýatyň işigini açdy-da, jaýa tarap tutdurdy, barşyna-da aýasy bilen diwara şarpyldadyp, yzyna ökjäni göterdi, biziň gapdalymyzdan ötüp barşyna-da öz çozuşynyň nähili netije berendigini bilmek üçin hatda yzyna-da garamady. Dill ikimiz hem onuň ökjesini sydyrdyp diýen ýaly ýazzyny berdik. Sag-aman öýümiziň eýwanyna ylgap ýetdik-de, demimiz-demimize ýetmän, sojap, zordan demimizi dürsedik. Diňe şondan soň yzymyza garanjakladyk. Köne jaý şol öňküsi ýaly tutuk hem tukat ýagdaýda durdy, ýöne birdenkä biziň göwnümize bolmasa penjireleriň biriniň tutusy gymyldap giden ýaly boldy. Şybyrt. Ýeňiljek, çala saýgaryp ýetişip bolýan gymyldy – bada-badam jaý ýene-de doňup galdy. xxxxx Sentýabryň başynda Dill biziň bilen hoşlaşdy we Meridiana, öýlerine dolandy. Biz ony sagat bäşdäki awtobusa ugratdyk welin, meniň erbet içim gysyp başlady. Soňra bolsa birdenkä ýadyma düşdi – ýene-de bir hepdeden men mekdebe gitmeli ahyry! Şu güne çenli men öz durmuşymda hiç bir zada şeýle sabyrsyzlyk bilen garaşmandym. Gyşda men sagatlap çynardaky öýjagazymyzda mekdebiň howlusyna seredip oturýardym. Men Jimiň dürbüsinde okuwçylary synlaýardym, olaryň ähli oýunlaryny öwrenýärdim, Jimiň gyzyl keltekçesinden gözümi aýyrman, oglanlar bukuldym ýa-da gözdaňdy oýnanlarynda olaryň ähli şatlyklaryny hem şowsuzlyklaryny öz ýanymdan pynhan paýlaşýardym. Hemişe-de men olar bilen bilelikde oýnamagy çensiz-çaksyz küýseýärdim. Ilkinji gün Jim meni özi mekdebe äkitmeklige çenli pese düşdi. Adatça bu işi ene-atalar edýärler, ýöne Attikus Jimiň maňa höwes bilen öz klasymy görkezjekdigini aýtdy. Megerem bu işde örän amatly geleşik baglaşylan bolmaly, sebäbi biz ylgaşlap Redlileriň jaýynyň künjünden aýlanyp barýarkak men örän täsin owaz eşitdim – Jimiň kisesinde şaýjyklar şyňňyrdaýardy. Mekdebiň howlusynyň öňünde biz ädimimizi haýallatdyk welin, Jim maňa mekdepde öz ýanyna sokjarylyp barmaly däldigini düşündirip ugrady. Men ondan “Tarzan we adam-garynjalar” diýen baby oýnamagy haýyş etmeli däldim, onuň şahsy durmuşyna degişli ýaňzytmalar bilen ýüregine düşmeli däldim, arakesmede-de kelte tirkelen ýaly, sozanguýruk bolup yzyna düşüp ýörmeli däldim. Meniň ýerim birinji klasdady, Jimiňki bolsa bäşinjidedi. Umuman, gepiň kelte ýeri, men onuň aýagyna çolaşyp ýörmeli däldim. -Indi näme, biziň ikimize mundan beýläk bilelikde oýnamak hem bolmaýarmy?-diýip men soradym. -Öýmüzde biz öňki ýaşaýşymyz ýaly ýaşarys-diýip Jim aýtdy:-Ýöne, düşünýäňmi, mekdepde öýdäki ýaly däl-dä! Görüp otursam şeýle hem bolup çykdy. Ilkinji gün irden biziň mugallymamyz hanym Kerolaýn Fişer meni öňe çagyrdy we bütin klasyň öňünde aýama çyzgyç bilen urup, mazaly eýimi ýetirdi, soňam uly arakesmä çenli çüňkde duruzdy. Hanym Kerolaýn ýaşdy – takmynan ýigrimi bir ýaşyndady, uly däldi. Saçlary garamtyl-altynsöwdi, ýaňaklary gülgünedi, dyrnaklaryna gara-gyzyl reňk çalnandy. Aýagynda beýik ökjeli, syrçaly reňkli köwüşjikler bardy, köýnegi ak zolakly gyzyl reňklidi. Ol narpyzly kemputjyga juda çalymdaşdy we ondan hemişe pampazajygyň ysy gelip durdy. Ol biziň gabat-garşymyzdaky hanym Modi Etkinsonyň ýokarky otagyny kireýine alyp ýaşaýardy. Hanym Modi bizi onuň bilen tanyşdyrandan soň Jim birnäçe günläp ümürde azaşan ýaly bolup gezipdi. Ol öz adyny tagtada basmaça harplar bilen ýazdy we: -Şu ýerde meniň adymyň hanym Kerolaýn Fişerdigi ýazylgy. Men Demirgazyk Alabamanyň Uinston okrugyndan-diýip aýtdy. Klas pyşyrdaşyp başlady. Ol jelegaýlaryň ýaşaýjylarynyň häsiýeti hemmelere mälim, megerem hanym Kerolaýn hem şeýle bolsa gerek. (Haçan-da 1861-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Alabama ştaty Birleşen Ştatlardan bölünip aýrylanda, Uinston okrugy hem Alabamadan bölünip aýrylypdyr, Meýkomb okrugynda bu barada her bir bäbek hem bilýär). Demirgazyk Alabamada arak kärhanalaryndan, dokma fabriklerinden, polat eredýän şereketlerden, respublikaçylardan, professorlardan we asly, gelip çykyşy näbelli bolan beýleki bikär adamlardan ýaňa aýak basara ýer ýok. Ilkibaşda hanym Kerolaýn bize pişikler hakynda okap berip başlady. Pişikler biri-biri bilen uzyn-uzyn söhbet edýärdiler, bezemen eşiklerde gezýärdiler we ýyljajyk öýjagazyň aşhanasynda, pejiň aşagynda ýaşaýardylar. Hanym Pişikbibi dermanhana jaň edip şokoladdaky guradylan syçanlardan gerdejikleri sargaýança bütin klas içini gyrara getirip gülüp ýatan boldy. Megerem hemme okuwçylaryň – ýyrtyk köýnekli oglanjyklaryň we haltadan köýnekli gyzjagazlaryň – aýak biten dessine pagta ýygmaga we doňuzlara iým bermäge başlap, nepis sözleýişi kabul edip bilmeýändikleri hanym Kerolaýn üçin düşnüksiz bolsa gerek. Soňuna çenli okap, ol: -Nähili eýjejik erteki eken, şeýlemi, çagalar?!-diýdi. Soňra tagtanyň ýanyna bardy-da äpet basmaça harplar bilen onda tutuş elipbiýi ýazdy we klasa tarap öwrülip sorady: -Munuň nämedigini kim bilýär? Hemmeler bilýän ekeni. Okuwçylaryň köpüsi birinji klasda ikinji ýyl okaýardylar. Megerem hanym Kerolaýn meniň adymy bilýändigi üçin meni saýlan bolara çemeli. Haçan-da men ähli harplary yzygiderli okap başlanymda onuň gaşlarynyň arasynda çala bildirýän gasynjyk emele geldi. Onsoň ol meni harplygyň tutuş ýarsyny we “Mobil rejister” birža maglumatnamasyny okamaga mejbur edip, meniň sowatlydygyma göz ýetirdi we maňa ýeňiljek gatyrganmak bilen garap başlady. Ol kakama meni mundan buýana okatmazlygy aýtmagy tabşyrdy, sebäbi eger-de şeýle edilmese meniň bolmalysy ýaly okamagyma päsgel berjekmiş. -Ýöne kakam maňa hiç zat öwretmedi ahyry, hanym Kerolaýn!-diýip men geň galdym. Ol ýylgyryp, başyny ýaýkady. -Attikusyň meni okatmaga eli degmeýär-diýip men üstüni ýetirdim:-Bilýäňizmi, agşamlaryna ol şeýlebir ýadaw bolýar welin, diňe myhmanhanada oturyp okamaga ýaraýar. -Eger-de ol bolmasa, onda kim seni okatdy?-diýip hanym Kerolaýn eýýäm çyny bilen gaharlanyp sorady:-Kimem bolsa biri okadandyr ahyry? Sen arlykdakaň gazet okap başlan dälsiň-ä! -Jim bolsa “arlykdakam” diýip aýdýar. Ol bir kitapçany okaýardy, şol ýerde-de men Finç däldim-de Pinçdim. Jim hakykatda meniň adymyň Jin Luiza Pinçdigini aýdýar, haçan-da men doglanymda meni başga biri bilen çalşypdyrlar, hakykatda bolsa men… Mugallyma: -Hyýalymyzy gaty başyna goýberibermäli, gyzjagaz!-diýdi:-Umuman, kakaňa onuň indi seni okatmaly däldigini aýt. Iň gowusy, okamagy düzgünlere laýyklykda öwrenmekdir. Oňa aýdarsyň, meniň özüm seni okatmaga girişerin we ýetirilen zeleli düzetmäge çytraşaryn… -Siz nähili aýt diýdiňiz, hanym?! -Seniň kakaň okatmagy başarmaýar. Indi bolsa otur. Men ötünç soraýaryn diýip hümürdedim-de, öz ýerimde oturyp, eden jenaýatymyň nämeden ybaratdygy barada oýlanyp başladym. Men hiç wagt hem okamagy bilgeşleýin öwrenmändim, ýöne, öz-özünden nähilidir birhili bolup, şeýle bolupdy, men her gün hiç kimden soraman gazetleri dörýärdim. A belki-de men ybadathanada uzak sagatlaryň dowamynda okamagy öwrenendirin? Anyk ýadyma düşmeýär welin, meniň dogalary okap bilmedik wagtym bir boldumyka, asyl? Eger-de seljerilip görülse okamak başarnygy öz-özünden gelipdi, edil öz-özünden seretmän eşigimiň yzky iligini ildirmegi, köwşümiň bagjyklaryny çolaşdyrman daňmagy öwrenişim ýaly. Dogrusy, Attikusyň endigan tyrpyp barýan barmaklarynyň astyndaky setirjikleriň haçan sözlere bölünip başlandygyny hem bilemok welin, ýöne özümi bilelim bär-ä her gün agşam uklamazymdan öň Attikusyň dyzynda oturyp, men ol setirleri synlaýardym we soňky habarlary, täze kanunlaryň taslamalaryny, Lorenso Daunyň gündeliklerini, umuman Attikusyň okaýan ähli zatlaryny diňleýärdim. Tä maňa muny gadagan etmeklerinden heder edip başlaýançam men okamagy düýbünden gowy görmeýärdim. Dem almagy hem gowy görmeýärsiň ahyry, emma hany dem almazlyga bir synanyşyp gör bakaly… Hanym Kerolaýnyň menden närazydygyna düşünip, men mundan beýläk ykbal bilen oýun etmeli däl diýen netijä geldim we sapak tamamlanýança penjirä garap oturdym. Soňra arakesme geldi, bütin birinji klas howla çykdy. Şol ýerde-de Jim meni gözläp tapdy we bir gyra çekip, işler niçik diýip sorady. Men aýdyp berdim. -Eger-de mümkin bolsa men öýmüze gaýdardym. Jim, bu ýeňňe Attikus maňa okamagy öwredipdir, goý indi öwretmesin diýýär-ä! -Gam çekme!-diýip Jim meni höre-köşe edip başlady:-Biziň mugallymamyz hanym Kerolaýn täze usul boýunça okadýar diýip aýdýar. Oňa muny kollejde öwredipdirler. Bahym ähli klaslarda hem şeýle bolar. Bu usulda kitapjyklar boýunça öwrenilmeýär, bu edil sygyrlar bilen bolşy ýaly. Eger-de sygyr barada biljek bolsaň ony sagyp görmeli, düşnüklimi? -Howwa, ýöne men sygry öwrenesim gelmeýär, men… -O nähili öwrenesiň gelmeýär? Sygyrlar barada hökman bilmek gerek, biziň okrugymyzda hojalygyň ýarsy şolara bagly bolup durýar ahyry. Men ondan diňe: “aklyňdan azaşdyňmy?” diýip soradym. -Gör-ä muny, samsyjakdygyny, men saňa ýöne birinji klaslyjalary indi täze usul boýunça okadýandyklaryny düşündirýärin. Ol “Dýuiniň onluk ulgamy” diýlip atlandyrylýar. Men hiç haçanam Jimiň agzyndan çykýan dana hakykatlara müňkürlik etmeýärdim, bu gezek hem ynanmazlyk etmedim. “Dýuiniň onluk ulgamynyň” gylla ýarysy hanym Kerolaýnyň biziň burnumyzyň öňünde, ýüzüne basmaça harplar bilen KIT, PIŞIK, INE, JAÝ, TÜSSE diýip ýazylgy ýazmaçjyklary galgatmagyndan ybaratdy. Megerem bizden hiç hili düşündiriş talap edilmeýän bolara çemeli, şonuň üçinem bütin klas bu täzeçillik açyşlaryny dym-dyrslyk bilen kabul edýärdi. Meniň içim gysyp ugrady we men Dille hat ýazmaga başladym. Şu güýmenjede-de meni hanym Kerolaýn tutdy we ýene-de bir gezek maňa kakamyň meni okatmagy bes etmelidigini aýtmagy tabşyrdy. -Ondan başga-da,-diýip ol üstüne goşdy:-birinji klasda biz diňe basmaça harplar bilen ýazýarys. Ýazmaça harplar bilen ýazmagy bolsa üçünji klasda öwrenersiň. Munda welin, eýýäm Kelpurniýa günäkärdi. Elbetde, howanyň bulaşyk günleri başgaça maňa çydar ýaly bolýan däldir-dä. Tagtanyň ýüzüne, ýokary başynda ähli harplary ýazmaça çyrşaşdyrýardy-da, gapdalynda-da Injili açyp goýup, bir babyny göçürmegi buýurýardy. Eger-de men harplary meňzeş edip çyzsam ol maňa baýrak hökmünde ýüzüne mesge çalnyp galyň şeker sepilen çörek berýärdi. Ol örän talapkär mugallymady, menden juda seýrek razy bolýardy we men juda seýrek baýraga mynasyp bolýardym. Hanym Kerolaýn: -Kim öýüne ertirlik edinmäge gidýän bolsa, ähliňiz eliňizi galdyryň!-diýdi welin, men özümi Kelpurniýanyň ýene-de nädip kemsidendigini oýlanyp gutarmaga ýetişmedim. Şäherli çagalaryň ählisi ellerini galdyrdylar welin, hanym Kerolaýn bizi üns bilen birlaý synlap çykdy. -Kimiň ýanynda ertirligi bar bolsa, çykaryň. Niredendir bir ýerden toşapdan boşan gutujyklar çykyp ugrady welin, üçekde kümüşsöw towşanjyklar bökjekleşmäge başladylar. Hanym Kerolaýn hatarlaryň arasynda aýlanyp ýörşüne gutujyklara we kagyz bukjalara garap, käte makullaýjy terzde baş atýardy, käte çalaja gaşyny çytýardy. Uolter Kaningemiň partasynyň deňesinde ol aýak çekdi. -A seniň ertirligiň nirede?-diýip ol sorady. Uolter Kaningemiň ýüzünden her birinji klasly onuň içinde soguljan bardygyny görýärdi. Onuň ýalaňaç aýaklaryndan bolsa oňa munuň nireden geçendigi görünýärdi. Hemmeleriň bilşi ýaly, içiňe soguljan diňe doňuzlar agnaýan mal ýatagynda we hapa ýerlerde aýakýalaň gezseň düşýär. Eger-de Uolteriň köwşi bolan bolsady, ol elbetde okuwyň başlanýan ilkinji gününde geýerdi, ýöne soň welin, barybir tä sowuk düşýänçä mekdebe aýakýalaňaç gatnardy. Ýöne oňa derek onuň egninde arassaja köýnek hem-de ýamalan ýörite iş geýimi bardy. -Sen bu gün ýanyň bilen ertirlik almagy unudaýdyňmy?-diýip hanym Kerolaýn oňa sowal berdi. Uolter dik maňlaýyna dikilip, gymyldaman otyrdy. Onuň hor ýaňagy bolsa tisginip gidýärdi. -Sen bu gün ertirligiňi ýadyňdan çykardyňmy?-diýip hanym Kerolaýn ýene-de sorady. Onuň dulugy ýene-de tisgindi. -Howwa-diýip ol ahbetin hümürdedi. Hanym Kerolaýn öz ýerine bardy we gapjygyny çykardy.Ol: -Ine saňa ýigrimi bäş sent ,-diýdi:-Git-de özüňe iýer ýaly bir zat alyn. Puly maňa ertir gaýtaryp beräýersiň. Uolter kellesini ýaýkady. -Ýok, hanym, taňryýalkasyn!-diýip ol assaja pyşyrdady. Hanym Kerolaýnyň sesinde gatyrganma duýlup başlady: -Uolter, bärik gel-de puly al. Uolter ýene-de başyny ýaýkady. Haçan-da ol üçünji gezek kellesini talawladyp başlanda, yzdan kimdir biri pyşyrdady: -Oňa aýtsana, Gözlüje! Men yzyma gaňryldym welin, şäherli we şäher eteginde ýaşaýan ähli çagalaryň özüme seredişýändiklerini gördüm. Biz hanym Kerolaýn bilen eýýäm iki gezek dagy gürrüňdeş bolupdyk, olaryň ählisi-de şunuň ýaly ýakyn tanyşlykdan düşünişmekligiň döreýändigine sada ynam bilen maňa dikilip otyrdylar. Ýeri bolýar-da, Uolteriň arkasyny almak gerek. Men ýerimden turdum. -Neme… hanym Kerolaýn… -Saňa näme gerek, Jin Luiza? -Hanym Kerolaýn ol Kaningem-diýdim-de, men ýerimde oturdym. -O näme diýdigiň, Jin Luiza? Meniň göwnüme bolmasa, men örän düşnükli aýdan ýalydym. Biziň hemmämiz üçin mese-mälimdi, Uolter Kaningem ýalan sözleýärdi, özi-de biderek ýerden. Ol hiç hili ertirligini ýadyndan çykarmandy, onuň hiç hili ertirligi bolmandy. Bu gün ýok, ertirem, birigünem bolmaz. Megerem ol tutuş ömründe üç sany çärýeklik teňňelerden köp şaýyny görenem däl bolsa gerek. Men ýene-de bir gezek synanyşdym: -Hanym Kerolaýn, Uolter Kaningemlerden ahyry. -Men düşünmeýärin, Jin Luiza. Sen näme barada aýdýarsyň? -Bu aýyp däl, hanym, bahym siz okrugda hemmeleri tanap başlarsyňyz. Kaningemler bolsa hiç haçan hiç bir zady mugt almazlar, ybadathanadanam, häkimlikdenem almazlar. Olar hiç kimden hiç zat almaýarlar, özlerinde bolanjasy bilen oňýarlar. Olarda juda az zat bar, ýöne olar şonuň bilenem oňýarlar. Kaningemleriň tiresiniň gylygyna, has takygy onuň bir golunyň gylygyna men geçen gyşda düşünip başlapdym. Uolteriň kakasy Attikusyň ýanyna maslahat sorap gelipdi. Bir gezek agşam olar myhman otagymyzda hukuklaryň gysylmagy barada örän uzak hem tukat gepleşipdiler, hoşlaşanlarynda bolsa jenap Kaningem: - Dogrusy, jenap Finç men siziň bilen haçan hasaplaşyp biljekdigimi hem bilmeýärin-diýipdi. Attikus bolsa: -Goý bu size iňkis bolmasyn, Uolter!-diýipdi. Men Jimden gysylmagyň nämedigini sorapdym, ol şonda haçan-da seniň guýrugyň gapjalsa gysylmak bolýar diýip düşündiripdi, şonda men Attikusdan hem jenap Kaningemiň haçanam bolsa bir wagt biziň bilen hasaplaşyp biljekdigi barada sorapdym. -Pul bilen-ä başarmaz-diýip Attikus jogap beripdi:-ýöne ýylyň ahyryna çenli ol meniň bilen doly hasaplaşar. Ine görersiň. Hakykatdan hem biz gördük. Günlerde bir gün irden biz Jim bilen howlumyzyň arka ýüzünde odunlyk jagramanyň dag ýaly üýşmegini tapdyk. Soňra jaýymyzyň arka tarapyndaky eýwanda niredendir bir ýerden bir halta hoz peýda boldy. Täze ýylyň öňisyrasynda bolsa bir sebet ysmanak tapdyk. Ýazda biz ýene-de bir halta ýaş turp tapdyk, ine şondan soňam Attikus jenap Kaningemiň artykmajy bilen hasaplaşandygyny aýtdy. -Näme üçin ol bize turp bilen töleýär-diýip men soradym. -Sebäbi onuň başgaça töläre zady ýok. Onda pul ýok. -A biz garypmy, Attikus? Attikus baş atdy. -Hawa, elbetde. Jim seňrigini ýygyrdy. -Edil Kaningemler ýaly garypmy? -Edil beýl-ä däl. Kaningemler şäherli däl, olar daýhan, çökgünçilik bolsa olara has agyryly zarba urdy. Şonda Attikus şäherde köp adamlar daýhanlar garyp bolandygy seäbpli garyp diýdi. Meýkomb okrugy tutuşlygyna diýen ýaly daýhançylyk bilen meşgullanýar, lukmanlar, aklawjylar, diş lukmanlary her bir şaýyny kynlyk bilen gazanýarlar. Hukuklarynyň kemsidilmegi jenap Kaningemiň ýeke-täk belasy däl. Onuň ýeriniň ygtyýar etmäge hukugy bolan bölegi bilelikdäki eýesiniň razylygy alynman birnäçe girewine goýlup-goýlup goýulmazy çykan. Onuň nagt görnüşde gazanýan ujypsyzja jinneklerini hem bergisiniň göterimlerini tölemäge gidýär. Eger-de jenap Kaningem gereginden artyk geplemeýän bolsady, ony jemgyýetçilik işlerine alardylar, ýöne eger-de ol özüniň ýerini taşlaýsa, onda ony ýitirer, ol bolsa ýerini özünde saklap galmak üçin aç gezenini hem-de island adamsy üçin ses berenini gowy görýär. Jenap Kaningem boýun egmezek, kakabaş adamlaryň hilinden diýip Attikus aýdypdy. Kaningemleriň hukukça tölemek üçin puly ýok, ine şonuň üçinem olar özlerinde bar zatlar bilen hasaplaşýarlar. -A siz bilýärsiňizmi, lukman Reýnolds hem şeýle işleýär-diýip Attikus aýtdy:-Haçan-da çaga doglanda ol onuň ene-atasyndan bir ölçeg ýer almasyny alýar. Hanym Gözlüje, eger-de siz maňa ünsüňizi bagyşlamaga merhemet etseňiz, men size hukuklaryň gysylmagynyň nämäni aňladýandygyny düşündirerdim. Jim kämahallar nämäniň nämedigini örän takyk kesgitleýär. Eger-de men Attikus ýaly her bir zady ýönekeýje hem düşnükli edip aýdyp bilýän bolsadym, onda men käbir oňaýsyz ýagdaýlaryň başyma düşmeginden halas bolardym we mugallymamyzy ajy lapykeçlikden gorardym. Ýöne men muny oňarmaýardym, şonuň üçinem men: -Hanym Kerolaýn, siz Uolteri biderek ýere masgara edýärsiňiz. Olaryň öýlerinde size gaýtaryp bermek üçin çärýeklik teňňe ýok, odunlyk çöplemäniň bolsa size derkary ýok!-diýdim. Hanym Kerolaýn dikilgazyk bolup doňup galdy, soňra bolsa meniň ýeňsämden ebşitläp tutdy-da, öz ornuna garşy süýräp ugrady. Ol: -Jin Luiza, sen meniň ýüregime düşdüň-diýdi:-sen ähli zatlar babatda erbet başlaýarsyň, meniň mähribanym. Eliňi uzat. Men ol häzir meniň aýama tüýkürer diýip pikir etdim, Meýkombda diňe şunuň üçin ellerini uzadýarlar, sebäbi bu asyrlaryň dowamynda mukaddesleşen dessur, şeýle edip bizde her bir şertleşigi berkidýärler. Mugallyma bilen näme barada şertleşendigimize doly düşünmän, men özüme garşy düşünmezlik bilen garaýan bütin klasa seretdim. Hanym Kerolaýn öz çyzgyjyny aldy-da, onuň bilen meniň aýama bäş ýa-da alty sapar ýeňiljek şarpyldatdy, soňam burça geçmegi buýurdy. Diňe şondan soň mugallymanyň maňa temmi berendigi klasyň aňyna ýetdi, hemmeler ala-pakyrda berdiler. Hanym Kerolaýn olaryň mazaly eýini ýetirjekdigini aýdyp haýbat atdy welin birinji klas hasam beter gülüp başlady. Diňe hanym Blauntyň gelip girmegi olary akylyna aýlanmaga mejbur etdi. Asly Meýkombly bolan we entek “Dýuiniň onluk ulgamynyň” syrlaryna belet bolmadyk hanym Blaunt bosagada durdy-da, ellerini bykynyna goýup: -Eger-de şu klasda ýene-de ýekeje biri agzyny açaýsa, hemmäňiziň işiňizi görerin, şuny bilip goýaýyň! Hanym Kerolaýn, bu goh-galmagal zerarly altynjy klas piramidalarda ünsüni jemläp bilmeýär-diýip yglan etdi. Burçda men kän durmadym. Hanym Kerolaýnyň bagtyna jaň kakyldy we hemmeler ertirlik iýmäge gitdiler. Men iň soňundan çykdym we hanym Kerolaýnyň zordan oturgyja özüni oklap, kellesine elleriniň üstünde goýandygyny gördüm. Dogrusy, eger-de ol maňa bilen biraz gowurak daran bolsady, men oňa gynanardym. Ol şeýle gowujady. xxxxx Dowamy bar. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -29: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Gara garga bolsaňam, akja kepderi bolup görün - 24.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 23: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -5: romanyň dowamy - 29.04.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -13: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |