17:07 Şygşygyny öldürmek -4/ romanyñ dowamy | |
ŞYGŞYGYNY ÖLDÜRMEK
Romanlar
Mekdepde meniň ýagdaýym uzaga gitdigiçe ilkinji gündäkiden oňatlaşybermeýärdi. Alabama ştaty maňa “toparlaýyn hereketi” öwretmeklige gönükdirilen, örän ýagşy, ýöne bihuda maksady amala aşyrmak üçin tutuş miller bilen ölçelýän kagyz, wagonlap galam sarp etse-de, aklyňy haýran ediji ägirt meýilnama birhili durmuşa geçibermeýärdi. Meniň ilkinji okuw ýylymyň ahyrlaryna, Jimiň “Dýuiniň onluk ulgamy” diýip atlandyrýan zady tutuş mekdebe ýaýrady we ony bilim bermegiň beýleki usullary bilen deňeşdirip görmek maňa miýesser etmedi. Ýöne, deňeşdirere başga zat bardy. Attikus hem Jek kakam bir mahallar öýlerinde okapdyrlar, emma welin olaryň ýeriň ýüzünde bilmeýän zatlary ýokdy, halys bolmasa biriniň bilmeýänini beýlekisi bilýärdi. Meniň kakamy şunça ýyllap ştatyň kanunçykaryjy ýygnagyna yzygiderli saýlaýardylar, onuň bolsa meniň mugallymlaryň çaklaýşyna görä, şolary ulanmazdan gowy raýaty terbiýeläp bolmajak ýeser usullar barada dynnym ýalyjak düşünjesi-de ýokdy. Jimiň okuwyny bolsa ýarpysyny “onluk ulgamyny” ulanmak bilen, ýarsyny-da adaty usulda – diňe çylşyrymly meseleleriň üstünde kelle döwmeklige mejbur etmek bilen amala aşyrypdylar, ol bolsa göräýmäge toparda-da ýekelikde-de beýlebir erbet hereket etmeýän ýalydy. Ýöne bu zatlara Jimiň mysalynda baha kesmek bolmaýar, ony okamakdan saklamagy oýlap tapyp biljek adam megerem henize-bu güne çenli dogup-dörän däl bolsa gerek. Men-ä dogrusy diňe “Taým” žurnalyndan we öýde elime ilýän iki-ýeke çap edilen sahypalardan okan käbir zatlarymy bilýärdim, mekdepde welin, Meýkomb okrugy tarapyndan kabul edilen täze pedagogika ulgamynyň biziň üstümize ýüklän ýüküni zordanjyk süýreýärdim, hemişe-de göwnüme bolmasa, men aldanyp, juda kän zatlardan goýulýan ýaly bolup durdum. Nähili we näme üçin, dogrusy men düşünmeýärdim, ýöne meniň bassyr on iki ýyllap içgysmadan ýaňa ölüp bilmän ýörmegim näme üçin gerekkä? Geçen ýyl tutuş, meniň sapaklarym Jimiňkiden ýarym sagat ir tamamlanýardy, ol sagat üçe çenli okaýardy, şonuň üçinem meniň ýeke özüm Redlileriň jaýynyň deňesinden güýjümde baryny edip ylgap geçýärdim-de diňe öz eýwanymyzda, maňa hiç zadyň howp salmaýan ýerinde saklanýardym. Ýöne bir gezek welin, men ylgap barýarkam bir täsinlik gözüme ildi welin, oslagsyzlykdan ýaňa men tas demigipdim. Men togtap, çar tarapyma garanjakladym-da, yzyma öwrüldim. Redlileriň melleginiň edil gyrajygynda iki sany wirgin duby ösüp otyrdy, olaryň kökleriniň ýola çykýandygy sebäpli ýol tutuşlygyna büdür-südürdi. Birdenkä dublaryň biriniň sütüninde nämedir bir zat ýylpyldap gitdi. Agajyň şahasy gaçan ýerindäki çukanajykdan, güneşiň ýagtysyna lowurdap, maňa bir kümüşsöw kagyzyň tokgajygy gözüni gypýardy. Men daraklygyma galdym-da, ýene-de bir gezek gyssanmaç garanjaklap, daşynda kagyz dolagy bolmadyk iki sany sakgyjy çykardym. Men tasdanam olary agzyma dykýardym, emma özümiň nirede durandygym ýadyma düşäýdi. Men öýmüze ylgadym we eýwanymyza baryp, oljama seredişdirdim. Daşyndan-a sakgyç täzeje ýaly. Ysgap gördüm – tagamly ysy bar. Men sakgyjy ýalap gördüm-de birazajyk garaşdym. Diri galdym. Ony tutuşlygyna agzyma dykdym, bu “iki esselik narpyzly” sakgyç ekeni. Jim mekdepden gelen dessine meniň näme çeýneýändigimi we nireden onçany alandygymy sorady. Men: “tapdym” diýip jogap berdim. -Tapan-tupanyňy iýip ýörmeli däl. -Men ony ýerden däl-de agaçdan tapdym ahyry. Jim ynanmazlyk bilen ernini gyşartdy. Men: -Hawa, hawa, çypbakaý-çynymy aýdýaryn-diýdim:-Hanha, hol mekdebe ýakynrak ösýän agaçdan. -Tüýkür tizräk! Men tüýkürdim. Barybir sakgyçda eýýäm hiç hili tagam galmandy. -Men ýarym günläp çeýnäp ýörün, häzire çenlem ölmedim, meniň hatda ýüregim hem bulanmaýar. Jim aýagyny ýere urdy. -Sen näme şol agaçlary hatda ellemegiň hem gadagandygyny bilmeýärsiňmi? Ölersiň. -Seniň özüň diwary ellediň ahyry! -Bu başga zat! Bar git-de häziriň özünde bogazyňy çaýkap gel! Eşidýärsiňmi? -Islämok, beýtsem sakgyjyň tagamy düýpgöter agzymdan gider. -Eger-de çaýkamasaň, Kelpurniýa aýdaryn. Mejbury ýagdaýda Jimiň diýenini etmeli boldy, düýbünden Kelpurniýa bilen iş salyşasym gelmeýärdi. Näme üçindir men mekdebe gidip ugralym bäri ikimiziň aramyzdaky gatnaşyklar düýbünden üýtgäpdi. Kelpurniýa maňa öňküsi ýaly sütem etmeýärdi, yrsaramaýardy, meniň işime goşulmaýardy, diňe kämahal maňa ýuwaşjadan igenmek bilen çäklenýärdi. Men bolsa diňe onuň gaharyny getirmezlik üçin kähalatlarda örän uly pidalary bermeli bolýardym. Tomus golaýlap gelýärdi. Biz Jim bilen onuň gelerine sabyrsyz garaşýardyk. Bu biziň iň söýgüli pasylymyzdy, tomsuna gije arka ýüzdäki eýwanda goýlan, daşyna çybynlara garşy hasa örtülen sekiçede ýatýardyk, kämahallar bolsa çynardaky öýjagazymyzda-da ýatmaga synanyşýardyk, tomusda bagymyzda süýji zatlar şeýlebir köpdi, Günüň gyzgyn howrunyň astynda ähli zat müň dürli öwüşgin bilen lowurdaýardy. Iň esasy zadam, tomus – bu Dilldi. Okuwyň iň soňky güni bizi mekdepden irräk goýberdiler welin, biz Jim bilen öýmüze iki bolup gaýtdyk. Men: -Belki-de ertir Dill geler-diýdim. Jim: -Megerem, birigün-diýdi:-Olaryň Missisipi ştatynda okuw bir gün giç tamamlanýar. Haçan-da biz Redlileriň mellegindäki wirgin dublaryna golaýlanymyzda men barmagym bilen gaçan şahadan galan şol köwejigi görkezdim, men şol pursat Jime onuň indi bir ahyrsoňy meniň şu ýerden sakgyjy tapandygyma ynanarsyň diýip gepläp barýardym, birdenem ýene-de şol ýerde ýalpyldawuk kümüşjagazy gördüm. -Görýärin! Gözlüje! Görýärin!... Jim daş-töweregine seredişdirdi-de, ykjamja ýylpyldawuk tokgajygy aldy-da, jübüsine saldy. Biz öýmüze ylgadyk we eýwanymyzda tapyndymyzy görüşdirip başladyk. Sakgyjyň gurşun kagyzyna kinniwanja gutujyk yhlas bilen birnäçe gat edip dolanypdyr. Gutujyk gyzyl mahmaldandy, kiçijik ildirgiçlidi, şeýle gutujyklarda nika ýüzükleri saklanýardy. Jim ony açdy. Içinde biri-biriniň üstünde iki sany lowurdaýança arassalanan, bir pennilik şaýy ýatyrdy. Jim olary hemmetaraplaýyn synlady. Ol: -Hindi kellesi-diýdi:-Seret, Gözlüje, biri bir müň dokuz ýüz altynjy ýylda, beýlekisi bir müň dokuz ýüzünji ýylda çykarylan. Gadymy ekeni! -Bir müň dokuz ýüzünji ýylda çykarylan-diýip men ýaň bolup gaýtaladym:-Diňle, Jim… -Garaş, pikirlenmäge wagt ber… -Jim, seniň pikiriňçe, bu kimdir biriniň buky ýerimikä? -Ýok. Bu ýerden ikimizden başga hiç kim gatnamaýar, bilemok, belki ulularyň biri bolsa bilmedim… -Ulularyň buky ýeri bolmaýar. Jim, seniň pikiriňçe, biz olary özümize alyp bilerismi? -Özümem bilemok, Gözlüje. Dogrusy olary kime bermelidigi hem näbelli ahyry. Bu ýerden hiç kimiň gatnamaýandygyny bolsa men anyk bilýärin…Sesil bütin şäheriň daşyndan aýlanyp gatnaýar. Sesil Jeýkobs biziň köçämiziň iň çetinde, poçtanyň aňyrsyndaky jaýda ýaşaýardy we Redlileriň hem-de hanym Genri Lafaýet Dýubozlaryň deňinden geçmezlik üçin her gün artykmaç bir mil ýöreýärdi. Hanym Dýuboz bizden iki jaý aňyrda ýaşaýardy we biziň toplumymyzdaky hemme goňşular şeýle ýigrenji kempiriň ýeriň ýüzünde öň bolmandygynda ylalaşýardylar. Jim hiç bir zat üçinem Attikussyz ol kempiriň öýüniň deňesinden ýeke özi geçmäge razy bolmaýardy. -Onda biz näderis, Jim? Tapyndyny saklamak her kimiň borjy, sebäbi birdenkä onuň eýesinin tapylmagy mümkin, eger-de eýesi gelmes, onda ol tutuşlygyna seniňki bolýar. Kähalatlarda hanym Modi Etkinsonyň bagyndan birje gül ýolmak ýa-da yssy gün onuň sygryndan bir owurt süýt almak ýa-da kesekiniň üzüminden agzyňy süýjütmek bizde düýbünden eli egrilik diýlip hasap edilmeýärdi, ýöne pul welin, başga gep. Jim: -Bilýäňmi, näme,-diýdi:-biz şaýylary güýze çenli saklaly we şonda-da oglanlardan soraly. Megerem olary şäher eteginde ýaşaýan oglanlaryň biri gizlän bolara çemeli, bu gün bolsa mekdepden soň awtobusa ýetmäge howlugyp, olary ýadyndan çykaran bolmagy ahmal. Ýöne her niçik-de bolsa olaryň eýesiniň bardyg-a hak. Seret, gör ol şaýylary nähili ýalpyldadypdyr. Ol olary juda aýap saklaýan bolara çemeli. -Ýeri bolýar, pul pul bolar, ýöne ol sakgyjy näme üçin bukupdyr? Sakgyç uzak wagtlap saklanmaýar ahyry. -Bilemok, Gözlüje. Ýöne bu şaýylary kimdir biri ýöne ýerden-ä ýygşyran bolmaly däl, görýäňmi, olar juda syrly… -O nähili? -Düşünýäňmi, hindi kellesi…umuman olar hindilerden gelip çykan bolmaly. Olar jadylanan, düşünýäňmi, özlerem bagt getirýärler. Özi-de ol bagt günorta naharyna birdenkä gowrulan towugyň berilmegi hem däl-de, hakyky bagt, ine uzak ömür ýa-da hemişe sagat bolmak ýaly, ýa-da synagdan ýykylmazlyk ýaly, umuman şuňa meňzeş hakyky zatlar-da… Kimdir birine-de olar juda zerur bolmaly. Men häzirlikçe olary öz sandyjagymda gizläýin. Ýöne öz otagyna gitmezinden öň Jim ýene-de esli wagtlap Redlileriň jaýyna garap durdy. Megerem, ýene-de pikir eden bolsa gerek. Ýene-de iki günden soň bolsa Dill geldi, buýsançdan hem begençden ýaňa çişip ýarylybilmän. Onuň tenha özi Meridiandan Meýkomb demirýol menziline çenli otluda gelipdir (bu demirýol menzili ýöne şeýle atlandyrylaýýar, hakykatda bolsa ol Ebbot okrugynda ýerleşýär). Ol ýerde-de ony hanym Reýçel biziň şäherimizdäki ýeke-täk kireý edýän ulagda garşy alypdyr. Özi-de ol otluda wagon-restoranda naharlanypmyş we iki sany siam ekizlerini görüpdir, olar otludan Beý Sent-Luisde düşüpdirler. Biz oňa näçe çypdyrma diýsegem, ol aýdýanlarynyň hakykatdygyna ant içip awy ýalady. Ol ilik bilen köýnege ildirilýän öňki gorkunç mawy jalbarynyň ýerine hakyky kelte jalbarça hem gaýyş kemer geýilgidi. Ýöne onuň boýy düýbünden ösmändir, emma nähilidir birhili semräpdir, dykyzlanypdyr. Ol özüniň kakasyny görendigini aýtdy. Onuň kakasy biziňkiden biraz uzynrak boýly, gyrçuw gara sakgally adam ekeni we ol Luiswil-Neşwil demirýol şereketiniň prezidenti ekeni. -Men otly sürüjä biraz kömek etdim-diýip Dill pallady. Jim: -Şeý diý-ä, bizem saňa ynanaýdyk-diýdi:-Gowusy geplemesene. Ýeri nähili oýun oýnarys? Dill: -Tom, Sem we Dik bolup-diýdi:-Ýörüň baga gideliň. Dill doganlar Rouwerleri oýnasy gelýärdi, sebäbi ondaky üç keşbiň üçüsi-de asylly keşplerdi. Biziň sahnalarymyzda erbet häsiýetli ýa-da gülkünç keşpleri oýnamagyň onuň ýüregine düşendigini mese-mälimdi. Men: -Olar meniň ýüregime düşdüler-diýdim. Tom Rouweriň keşbinden men halys bizar bolupdym. Ol kinonyň edil ortarasynda birdenkä hakydasyny ýitirýär, şondan soňam ol barada hiç zat aýdylmaýar, diňe iň ahyrragynda ony Alýaskanyň niresindedir bir ýerinde tapýarlar. Men: -Jim, täzeräk bir zat oýlap tapsana-diýdim. -Oýlap tapmakdan irdim. Mekdep rugsady ýaňy başlady, biz bolsa eýýäm ähli zatdan iripdik. Beýle bolsa, bütin tomsy nähili geçirerkäk? Biz baga garşy mytdyldap ugradyk. Dill köçä seretdi-de, Redlileriň ýürekgysgynç öýüne dikildi. Ol: -Men…ölümiň…ysyny alýaryn-diýdi. Men onuň al-petinden aldym, emma ol barybir öz diýenini gaýtalamagyny dowam etdi. -Men hakykatdanam duýýaryn. -O nähili? Kimdir biri ölse sen ep-esli daşlykdan onuň ysyny alyp bilýärsiňmi? -Ýok, beýle däl, men ysgaşdyryp görýärin we şu adam ölermi ýa-da ýok, şony bilýärin. Maňa meni bir garryja daýza öwretdi-diýip Dill boýnuny süýndürdi-de, meni ysgaşdyrdy:-Jin…Luiza…Finç,-diýip ol arasyny bölüp-bölüp aýtdy:-sen ýene-de üç günden ölersiň. -Gepleme, ýogsa-da men seni şeýlebir ýepbeklärin welin, ölinçäň ömürlik ýadyňdan çykarmarsyň. Ine, häzir şeýlebir ýelmärin welin… -Bes etsene-diýip Jim hüňürdemäge başlady:-Hamana, sen howur-powura ynanýan ýaly. Men: -Dagy näme, belki sen ynanýan dälsiň-diýdim. -Ol howur-powur diýýäniňiz näme?-diýip Dill sorady. -Bilýärmiň, şeýle bolýar, gije ýoldan ýöräp barýarsyň, daş-töwerekde yns-jyns ýok, birdenem bir örän gyzgyn ýere gabat gelýärsiň-diýip Jim düşündirip başlady:-Howur-powur – bu eger-de, adam ölse, emma jennete düşüp bilmese, onda ol hiç kimiň ýok çola ýollarynda entäp başlaýar, eger-de oňa gabat gelseň, onda öleniňden soň özüň hem şeýle bolarsyň, gijelerine entäp ugrarsyň we diri adamlaryň ruhuny sorup başlarsyň… -A onuň daşyndan nädip aýlanyp geçmeli? Jim: -Hiç hili-de geçip bilmersiň-diýdi:-Käwagt ol alar-da tutuş ýoly beklär. Ýöne, eger-de saňa hökman şol ýerden geçmek zerur bolsa, onda sen diý: “Diri, öli däl, janyň enweri, bogma, goýber meni”. Şonda ol seniň daşyňa çolanmaz we… Men: -Oňa ynanma, Dill,-diýdim:-Kelpurniýa bu zatlaryň barysy garaýagyzlaryň oýlap tapan ertekileri diýýär. Jim maňa kül-peýekun ediji nazaryny aýlady, daşyndan welin, sesli: -Ýeri näme, biz bu gün oýnarysmy ýa-da ýokmy? -Geliň tekerde aýlanalyň-diýip men teklip etdim. Jim uludan demine aldy. -Sen bilýärsiň ahyry, men indi oňa sygmaryn. -Onda itersiň. Men öýümiziň arka ýüzüne ylgadym-da, yzky eýwanyň astyndan ulagyň köne teker daşkysyny süýräp çykardym we ony baga tigirläp getirdim. Men: -Men birinji-diýdim. Dill: “Iň gowusy men birinji bolaýaýyn, sebäbi men ýaňy geldim ahyry” diýdi. Jim bizi ylalaşdyrdy. Men birinji bolaryn, Dill bolsa birazajyk uzagrak tigirlener. Men ýumak ýaly düwüldim-de, teker daşkysynyň içine sümüldim. Soňky pursada çenli men Jimiň özi bilen howur-powur barada dawa edenim üçin gazaba münendigini we meniň petigulymy bermek üçin amatly pursady peýläp durandygyny syzmadym. Ol tekeri bar güýji bilen tigirläp goýberdi welin, ol pyýada ýodasy bilen güwläp gitdi. Ýer, asman, jaýlar, däli-mežnun girdabyň demine düşen dek, meniň gözümiň öňünde bir bütewi tegmilde birleşdiler, gulagym şaňlap başlady, demigip ugradym. Men hatda ellerimi çykaryp, tekeri togtadyp hem bilmeýärdim, ellerimi dyzlarym döşüme gysyp durdy. Diňe ýekeje umyt bardy – belki-de Jim meni ozup geçip tekeri saklar ýa-da teker pyýada ýodasynyň büdür-südürine süsňäp, öz-özünden togtar. Jimiň ala-gykylyk edip, yzymdan ylgap gelýändigini men eşidýärdim. Şol barşyna teker çagyl üýşmeginiň üstünden bardy-da, gyra sowuldy, ýoldan tigirlenip geçip, badyna nämedir bir zady süsdi welin, men edil çüýşeden zyňlan dyky ýaly asfaltyň ýüzüne zyňlyp düşdüm. Meniň ýüregim bulanýardy, başym aýlanýardy. Asfaltda ýatan ýerimden men beýnimdäki goh-galmagalyň kesilmegi hem-de ýagty jahanyň gözümiň öňünde bökjekleýän ähli zatlarynyň öňküsi ýaly ýerli-ýerine baryp durmaklary üçin kellämi bulamaga, aýalarym bilen gulaklaryma assaja kakmaga başladym. Şol pille-de Jimiň çirkin sesini eşitdim: -Gözlüje, gaç! Bahymrak! Men başymy göterdim. Meniň öňümde Redlileriň eýwany durdy. Men şol durşuma agzymy öweldip, doňup galdym. -Tur, tizräk!-diýip Jim ulili bilen gygyrýardy:-Sen näme ol ýerde dikilgazyk bolup galdyň?! Şol pursat men nädip ýerimden turanymy-da bilmeýärin, sebäbi aýaklarym diýen etmeýärdi. -Tekeri hem al!-diýip Jim bagyrýardy:-Bärik süýre ony. Näme aňkaň aşdymy? Men ahbetin özümi dürsedim-de, dyzjagazlarym diýen etmän, aýaklarym sandyrap dursa-da olara garşy ylgadym. -Teker näme?-diýip Jim ýene-de gygyrdy. -Özüň alyber!-diýip menem gygyryp jogap gaýtardym. Jim bada-bat dymdy. -Beýle edermen bolsaň, bar git-de özüň alyber, ol derwezeden giren ýeriňde ýatan bolmaly. Sen hol bir gezek olaryň diwaryny hem elläp gaýtdyň ahyry, ýadyňa düşýärmi? Jim ýakyp-ýandyryjy nazar bilen maňa garady, ýöne bu sözlerden soň oňa sypjyklyk etmäge welin hiç hili mümkinçilik ýokdy. Ol pyýada ýodasy bilen ylgap gitdi, derwezäniň öňünde kürtdürip durdy, birdenem howlynyň içine okduryldy-da, az salymdan teker bilen yzyna dolanyp geldi. -Gördüňmi?-diýip ol göwnüýetmezçilik hem dabar bilen maňa seretdi:-Bir-iki, eýýämem taýyn. Hudaý bar, Gözlüje, käwagtlar sen özüňi edil hakyky gyzjagaz ýaly alyp barýarsyň welin, edil ýöne ýüregiň bulanyberýär. Ol käbir zatlary bilmeýärdi, ýöne men öz ýanymdan oňa aýtmazlygy ýüregime düwdüm. Bosagada Kelpurniýa peýda boldy we bizi çagyryp ugrady: -Limon şerbetini içmeli! Diriligiňize gowrulmankaňyz çaltrak kölegä geçiň! Bu tomusky dessurdy. Haçan-da Gün ýokary galanda limon şerbetini içmeli. Kelpurniýa eýwana golça hem-de üç sany bulgur çykardy-da, öz işleri bilen meşgul bolmaga gitdi. Men Jimiň maňa gaharlanýandygy üçin beýlebir iňkise gidip durmaýardym. Häzir limon şerbetini içer-de ýumşaşar. Jim ikinji bulguryny bir demde boşatdy-da, öz garnyna şarpyldadyp goýberdi. -Tapdym!-diýip ol yglan etdi:-Öň bolmadyk täze oýna başlaýarys! -Nähili oýna?-diýip Dill sorady. -Betnyşan Redli oýnuna. Men Jimiň ýürejigindäkini duýup durdum, ol bu oýny, maňa özüniň ähli Redlileri bir ýere üýşüreniňde-de olardan jinnek ýaly-da eýmenmeýändigini, özüniň batyr gahrymandygyny, meniň bolsa züwwetdindigimi subut etmek üçin oýlap tapypdy. -Betnyşan Redli oýnuna? O nähili?-diýip Dill ýene-de sorady. Jim: -Gözlüje, hanym Redli bolar…-diýdi. -Muny entäk göreris-diýip men başladym:-Birinjiden-ä… Dill: -Sen näme?-diýdi:-Häzire çenli-de gorkýarsyňmy? Men: -Belki-de gije, biziň hemmämiz ýatyrkak ol daşaryk çykar…-diýdim. Jim sygyryp goýberdi: -Biziň nähili oýun oýnaýandygymyzy ol nireden bilsin? Onsoňam ol ýerde megerem ol ýokdur hem. Ol ýüz ýyl mundan ozal ölendir we ony pejiň tüsseçykaryna dykyp goýandyrlar. -Gel, ikimiz oýnabereli-le, Gözlüje bolsa, eger-de gorkýan bolsa, goý bir çetde durup seredibersin-diýip Dill Jime teklip etdi. Men Betnyşan Redliniň öz öýünde oturandygyny örän oňat bilýärdim, ýöne hiç zat subut edip bilmeýärdim, şonuň üçinem dilimi dişimiň aňyrsynda saklamaga mejburdym, ýogsa häzir ýene-de howur-powura ynanýan diýip aýtmaly bolaryn, men bolsa gündiziň günortany ol barada asla pikirem etmeýärin. Jim keşpleri paýlady, men – hanym Redli, meniň işim öýden daşaryk çykyp, eýwany süpüren bolmak. Dill – goja Redli, ol pyýada ýodasyndan eýläk-beýläk iki-baka ýörän bolmaly, haçan-da Jim oňa lak atsa ol jogap deregine üsgürinjirän bolmaly. Jim bolsa, elbetde Betnyşanyň özüni oýnamaly. Ol baş eýwanyň aşagynda gizlenmeli we hemişe çyňsamaly hem-de uwlamaly. Tomus özbaşyna geçip durdy, biziň oýnumyz hem şeýle. Biz ony günsaýyn sünnäleýärdik, täze-täze gepleşikleri we waka öwrümlerini oýlap tapýardyk, şeýle edip ýörşümize-de ahbetin, hakyky sahna oýunjagazyny düzdük-de ony her gün birhili, täze usul bilen oýnamaga başladyk. Dill erbetleriňem iň erbedi bolup ýetişdi, ol hemişe islendik özboluşly keşbe doly girmegi başarýardy we aýgytly pursatlarda, eger-de gerek bolsa onuň hatda birazajyk boýy hem ösäýýän ýalydy. Ol erbetlikde keşbini oýnaýan iň erbet gahrymanlaryndan pes oturmaýardy, onuň oýnaýanlary bolsa barypýatan garakçylar hem wagşylardy. Men bolsa ullakan bir höwesim bolmasa-da ähli aýal keşplerini janlandyrýardym. Meniň pikirimçe biziň täze oýnumyz Tarzandan has içgysgynçrakdy, bütin tomus hem Jimiň meni Betnyşan Redliniň birmahal aradan çykandygyny we meniň bilen hiç zat bolmajakdygyny, sebäbi uzakly gün özüniň hem Kelpurniýanyň gapdalymdadygyny, gijelerine bolsa Attikusyň hem öýde bolýandygyny aýdyp ynanrdyrjak bolmagyna garamazdan meniň ýüregimden wehim çykmady. Jim gahryman bolup doglan bolmaly. Biziň ýaşaýan toplumymyzda öňden bäri gaýtalanyp gelýän gybatlarydyr gep-gürrüňleri biz hakyky pajygaly esere birleşdirdik. Hamana hanym Redli bir wagt juda owadan gözel gyz bolanmyş, ýöne soň jenap Redlä durmuşa çykypdyr we özüniň ähli pullaryny ýitiripdir. Ol şeýle hem, ähli dişlerini, saçlaryny diýen ýaly hem-de sag eliniň süýem barmagyny-da ýitiripdir (muny eýýäm Dill oýlap tapyp üstüne goşdy, bir gezek gije Betnyşan günorta naharyna birje awysiýdigi-de, pişigi-de tutup bilmänden soň, ejesiniň barmagyny gemrip goparypmyş), uzakly günläbem hanym Redli myhmanhanada zar-zar aglap oturýarmyş, Betnyşan bolsa pyçak bilen oturgyçlary hem beýleki goş-golamlary ýonýarmyş, ahyry bir gün hem öýde ýekeje-de goş-golam galman diňe ýonuşga galjakmyş. Onsoň biziň üçümiz hem bozgakçylyk edýän wagtlary tutulan oglanjyklary şekillendirýärdik, men biraz üýtgeşiklik üçin kazynyň keşbini oýnaýardym, Dill Jimi alyp gidip, ony eýwanyň astyna dykalaşdyrýardy-da ony süpürgijiň sapy bilen dürtgeleşdirýärdi. Sahnanyň dowamynda Jim eýýäm şerifiň, şäherlileriň mähellesiniň ýa-da Meýkombda Redlileriň maşgalasy barada hemmelerden köp zat aýdyp biljek hanym Stiweni Kroufordyň keşbinde peýda bolýardy. Haçan-da Betnyşanyň keşbiniň iň jygba-jyg oýnunyň wagty gelende Jim bukulyp öýmüze girýärdi-de, amadyny peýläp, Kelpurniýanyň gözüne güýdüşip, tikin enjamyň çekerinden gaýçyny alyp, eýwana dolanýardy. Hiňňildikde oturyp gazet kesişdirip başlaýardy. Dill onuň gapdalyndan geçip barşyna oňa tarap üsgürinjirän bolýardy, onsoň Jimem onuň buduna gaýçyny sokýan kişi bolan bolýardy. Meniň duran ýerimden bolsa olaryň hereketleri hakyky ýaly bolup görünýärdi. Her gün jenap Natan Redli edähetine eýerip şähere barýarka biziň deňämizden ötende biz ýarym sözde dymýardyk we tä ol gözden ýitýänçe gymyldaman durýardyk. Eger-de ol biziň nähili oýun oýnaýandygymyzy biläýse dagy biziň bilen nämeler ederdi?...Şonuň ýaly-da goňşularymyzyň islendik biri gözümize ilende-de biz oýnumyzy bes edýärdik, ýöne bir gezek men gabat-garşymyzda hanym Modi Etkinsonyň eli gaýçylyka ýaşyl ösümlikden haýatyny gyrkmagy-da unudyp, bize aňk bolup seredip durandygyny gördüm. Bir gezek biz özümiň “Bir maşgala” atly eserimiziň ikinji jildiniň ýigrimi bäşinji babyny oýnap oturyşymyza dünýäni undupdyrys-da, hatda Attikusyň ertirlik edinmek üçin dolanyp gelendigini-de duýmandyrys. Ol pyýada ýodasynda duran ýerinden elindäki togalanan žurnal bilen dyzyna kakan bolup, bizi synlaýardy. Gün al-asmana galyp, eýýäm günorta bolupdy. -Bi, siz nähili oýun oýnaýarsyňyz?-diýip Attikus sorady. -Hiç hili-diýip Jim jogap berdi. Onuň gümmi-sümmi jogabyndan men öz oýnumyzyň syrdygyna düşündim we goşulup durmadym. -A gaýçy saňa näme üçin gerek? Onsoňam name üçin sen gazet ýyrtýarsyň? Eger-de bu şu günki gazet bolsa, onda men seniň mazaly eýmijiňi ýetirerin. -Hiç zat. -Näme “hiç zat”? -Hiç zat, jenap. Attikus: -Gaýçyny bärik ber-diýdi:-Bu saňa oýunjak däl. Ýogsa-da bu zatlaryň ählisi tötänden Redlilere-hä degişli däldir-dä? -Ýok, jenap-diýdi-de Jim gyzardy. -Men şeýledir öýdüp umyt hem edýän-diýip Attikus gysgajyk aýtdy-da, öýe girip gitdi. -Ji-i-im… -Sem bol! Ol myhman otagyna gitdi, ol ýerde bolsa hemme zat eşidilýär. Haçan-da biz howpsuz ýere, howlumyzyň ýeňse ýüzüne geçenimizde Dill Jime “Indi näme bize mundan beýläk Betnyşany oýnamak bolýamarmy?” diýip sowal berdi. -Bilemok, Attikus bolmaz diýip aýtdy Men: -Jim,-diýdim:-meniň pikirimçe Attikus barybir ähli zady bilýär. -Ýok, bilmeýär. Ýogsa ol şeýle diýibem aýdardy. Men welin onuň bilýändigini aýtjakdygyna gaty bir ynanyp durmaýardym, ýöne Jim: “ähli kynçylyk meniň gyzjagaz bolanlygymda, gyzjagazlar bolsa hemişe ýok zatlary oýlap tapýarlar, şonuň üçinem hemmeler olary halamaýarlar, onsoňam eger-de hakyky gyzjagaz bolasyň gelýän bolsaň, sumat bolup we başga birleri bilen oýnap bilersiň” diýdi. Men: -Bolýar-diýdim:-Betnyşany oýnap bilersiňiz. Ýöne nämeler gopjagyny welin, gözjagazyňyz bilen görersiňiz. Attikusyň biz tutmagy meniň üçin bu oýny oýnamagy islemezligimiň ikinji sebäbi bolupdy. Birinjisi bolsa men tekerde Redlileriň howlusyna tigirlenip girenimde döräpdi. Şonda men kellämi bulap durkam, ýüregim bulanýarka we Jimiň gykylygyndan ýaňa gulagym şaňlaýarka, bir pessaýja ses eşitdim, pyýada ýodasyndan bolsa ol owaz düýbünden eşidilmeýärdi. Öýüň içinde kimdir biri gülýärdi. Dowamy bar. | |
|
√ Köne mülk -13: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Gala -2: Hakyda - 10.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 23: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
√ Duman daganda: Aýyrdygyňça wezipe bahasy gymmatlaýar - 23.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 24: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -21: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -13: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |