17:08 Şygşygyny öldürmek -5/ romanyñ dowamy | |
ŞYGŞYGYNY ÖLDÜRMEK
Romanlar
Men ahbetin Jimiň ýüregine-bagryna düşüp, oňa öz diýenimi etdirjekdigimi bilýärdim, ahyrsoňy bu onuň bizar-peteňini çykardy we ol meniň örän uly şatlygyma Betnyşany oýnamagyny taşlady. Ýöne dogry, Jim Attikusyň bu oýny özüne gadagan etmändigin, şoňa görä-de ony dowam edip bilýändigini aýdyp meni ynandyrmaga-da çalyşýardy. Hatda eger-de Attikus gadagan edäýen ýagdaýynda-da alarys-da hemmeleri başgaça atlandyrarys welin, hiç kim bize hiç zat aýdyp bilmezem diýýärdi. Dill bu meýilnama örän begendi. Aslyýetinde Jimiň ýeke özi meniň üçin az ýaly, üstesine Dill hem çakdan aşa hyýalbentdi. Tomsuň başynda ol maňa: “maňa durmuşa çyk” diýdi, ýöne juda çalt muny ýadyndan çykardy. Edil özi üçin mellege gazyk kakan ýaly ýa-da men onuň emlägi ýaly, “ütin ömrüne diňe meni söýjekdigini” aýtdy, soň bolsa maňa ünsem bermeýär. Men ony bir-iki gezek dagy özüme üns berdirmek üçin mazalyja ýepbekledim hem, ýöne bu oňa derman bolmady, ol gaýta Jim bilen öňküsindenem beter dostlaşdy. Olar iki bolup ertirden agşama çenli çynardaky öýjagazdan çykmaýardylar, birhilijek hokgalary oýlap tapýardylar, meni bolsa diňe özlerine üçünji biri gerek wagty çagyrýardylar. Emma men olaryň has çakdan aşa kelesaň hokgalaryna goşulmakdan boýun towlaýardym. Hatda olaryň maňa gyzjagaz diýip gyjalat bermekleri mümkin hem bolsa, men galan tomus agşamlaryny hanym Modi Etkinsonyň eýwanynda oturyp geçirýärdim. Jim ikimize hemişe-de hanym Modiniň howlusynda, bir şert bilen, ýagny onuň güllerinden daşrakda oýnamaga rugsat berýärdiler, ýöne hanym Modi bilen biziň aramyzdaky gatnaşyklary birhili düşnüksizdi. Jim bilen Dill meni gyrakladyp başlaýançalar ol meniň üçin beýlekilere garanyňda az-owlak rehimdarrak bolsa-da, barybir adaty goňşy zenandy. Hanym Modi bilen sessiz ylalaşygymyzyň esasynda biz onuň otluk meýdançasynda oýnap, şahalaryny hem direglerini döwman üzümini iýip hem-de jaýynyň arka tarapyndaky bütin melleginde barlag-agtaryş işlerini geçirip bilýärdik. Bu şertler juda keremli hem sahawatlydy. Şoňa görä-de biz atanlykda bu yrga deňagramlylygy bozmajak bolup, hanym Modä lak atmaga-da çekinýärdik. Ýöne Jim bilen Dill tumşuklaryny dik göge galdyryp başladylar welin, men islesem-islemesem hanym Modi bilen ysnyşmaga mejbur boldum. Hanym Modiniň öz jaýyna içi ýanýardy, oňa zordan çydaýardy. Dört diwaryň arasynda geçirilen wagty ol bihuda sarp edilen diýip hasaplaýardy. Ol dul aýaldy, şol bir wagtda-da hameleon -zenandy. Haçan-da bagynda işlände ol köne sypal başgabyny we erkek kişileriň bütewi iş eşigini geýýärdi, agşam sagat bäşlerde, hammam howuzçasyna girip-çykandan soň bolsa eýwanda edil biziň köçämiziň melikesi ýaly, bezemen, owadan hem haýbatly keşpde oturýardy. Ol toprakdan ösýän ähli zady, hatda haşal otlary hem söýýärdi. Ýöne bu söýgüniň bir kadadan çykmasy bardy. Öz howlusynda ýekeje haşal ot dagy tapdygy, Marnadaky täze söweş başlanýardy. Hanym Modi duşmanyna garşy galaýy pürkgüç bilen topulýardy-da, onuň köküne nähilidir birhili awuly suwuklyk eňterip ugraýardy. “Eger-de uzagrakda durmasaňyz siz hökmany ýagdaýda zäherlenip ölersiňiz” diýip ol bizi gorkuzýardy. -Ony ýöne goparyp bolmaýarmy, eýsem?-diýip men bir gezek boýy ýerden ýeke garyş saýlanan bolgusyzja haşal ot bilen gandöküşiklik garpyşyk tutaşanda soradym. -Goparmakmy, balajyk? Sen goparmak diýýärmiň?-diýip hanym Modi sülleren baldagy ýerden göterdi-de, başam barmagyny ondan ýokardan aşaklygyna ýöredip goýberdi. Baldakdan kinniwanja dänejikler döküldi:-Ine şunuň ýaly ýekeje baldajyk tutuş mellegi haraplap bilýär. Seret. Güýzde tohumlary gurar welin, şemal olary bütin jelegaýa ýaýradar. Hanym Modiniň ýüz-keşbi bolsa, bu ýerde azyndan müsür mergisi barada gürrüň barýan ýaly boldy. Meýkombyň beýleki ýaşaýjylaryndan tapawutlylykda, hanym Modi hemişe çalt-çaltdan we aýgytly gürleýärdi. Biziň her birimiziň-de doly adymyzy tutýardy. Haçan-da ol ýylgyranda bolsa onuň agzyndaky ýokarky alyn dişleriniň gapdalynda iki sany altyn diş lowurdaýardy. Men bir gezek şol altyn dişlere haýran galanymda, ulalsam özümiň hem şeýle dişleri edinjekdigimi aýtdym. -Seret!-diýip hanym Modi dilini jukguldatdy-da, maňa öz oturtma dişleriniň nädip aýrylýandygyny görkezdi, şeýle etmek bilenem ol ikimiziň aramyzdaky dostlugyny gutarnykly berkitdi. Jim bilen Dill özleriniň pynhan işleri bilen meşgul bolmaýan wagtlary hanym Modiniň rehimdarlygy olara-da degişli bolýardy. Biz hanym Modiniň öň özümize mälim bolmadyk ajaýyp zehininiň miwelerini iýýärdik. Biziň ýaşaýan toplumymyzda hiç kim şeýle süýji gatlakly kökeleri bişirip bilmeýär. Ikimiziň aramyzda doly aç-açanlyk gatnaşyklary emele gelen wagtyndan bäri ol her gezek uly kökeden daşgary, ýene-de üç sany kiçisini hem bişirýärdi-de, soňam tutuş köçäni ýaňlandyryp gygyrýardy: -Jim Finç, Gözlüje Finç, Çarlz Beýker Harris, hany bäri geliň! Bizem bada-bat onuň çakylygyna barýardyk we munuň üçin hemişe-de baýraga mynasyp bolýardyk. Tomsuna iňrigiň garalmagy uzak we ümsüm bolýar. Köplenç biz hanym Modi bilen onuň eýwanynda sesimizi çykarman oturýardyk-da, Günüň ýaşyşyny we asmanyň ilki sary, soňra bägül reňke beslenişini, garlawaçlaryň pessaýlap uçup baryşlaryna mekdebiň üçeginiň aňyrsynda gözden ýitişlerini synlaýardyk. Men şeýle gijeleriň birinde: -Hanym Modi,-diýdim:-siz nähili pikir edýärsiňiz, Betnyşan Redli heniz dirimikä? -Onuň ady Artur, özem ol diri-diýip hanym Modi dubdan ýasalan uly hiňňildik-kürside iki-ýana haýaljakdan ýaýkyjaklap otyrşyna aýtdy:-Duýýarsyňmy, şu gün meniň güllerim nähili bark urýar? Edil behiştdäki ýaly. -Hawa. Ýöne siz nireden bilýärsiňiz? -Nämäni balajyk? -Bet…jenap Arturyň diridigini? -Nähili eýmenç sowal! Äý hawa-da, bu megerem gürrüňiň özeniniň eýmençligi üçin şeýle bolsa gerek. Onuň diridigini bilýändigimiň sebäbi, Jin Luiza, men ony öýlerinden tabytda çykarandyklaryny häzirki güne çenl-ä görmedim. -A belki-de ol ýogalandyr welin, ony pejiň tüsseçykaryna dykandyrlar. -Sen bu gürrüňi nireden tapdyň? -Jim aýtdy. -Hm-hm… Ol gün-günden Jek Finçe has köp çalym edip barýar. Biziň Jek kakamyzy, Attikusyň inisini, hanym Modi çagalykdan bäri tanaýardy. Olar deň-duş diýen ýalydylar we “Finçiň duralgasynda” bile önüp-ösüpdiler. Hanym Modiniň kakasy, lukman Frenk Býuford Finçleriň köne goňşusydy. Hünäri boýunça lukman, zany-ýasawy boýunça bagban hem daýhan bolan ol toprak dörjelemegi jany-teni bilen söýýän ekeni we şonuň üçinem garyplygyna-da galypdyr. Jek kakam bolsa özüniň bu hyjuwyny erkine goýbermeýärdi, güller diňe onuň Neşwildäki öýüniň penjiresiniň erňeginde ösýärdiler, şonuň üçinem ol baý bolup galypdyr. Her ýyl täze ýylyň öňüsyrasynda ol bize myhmançylyga gelýärdi we bogazyna sygdygyndan bütin köçäni ýaňlandyryp, hanym Modä özüne durmuşa çykmagy teklip edip gygyrýardy. Hanym Modi bolsa ondan bäş esse beter gygyryp jogap gaýtarýardy: -Gatyrak bagyr, Jek Finç, sesiň poçtada-da eşidiler ýaly, ýogsa men seni eşitmeýärin! Jim ikimize öýlenmegi teklip etmegiň bu usuly juda täsin bolup görnerdi, ýöne Jek kakamyz aslyýetinde-de täsinlikleriň öýjügidi. Onuň öz aýtmagyna görä, hamana ol muny hanym Modiniň içini ýakmak üçin edýärmiş, hanym Modi hiç haçanam oňa durmuşa çykmajakmyş, ol hemişe diňe ony gižželemäge çytraşýarmyş, onuň ýaňsysyndan bolsa diňe bir zat, onuň öz üstüne hüjüm etmek bilen goranyp bolýarmyş. Jek kakamyň şol sözleri hem biz üçin ähli zady aý dogan ýaly edýärdi. -Artur Redli öýünden çykman otyr, bar bolany hem şu-diýip hanym Modi maňa düşündirdi:-Eger-de sen köçä çykmak islemeseň senem öýňüzde oturarsyň ahyry, dogrumy? -Hawa, ýöne meniň barybir köçä çykasym geler ahyry. Onuň näme üçin çykasy gelmeýärkä? Hanym Modi gözüni süzdi: -Bu hekaýaty seniň özüňem menden erbet bilmeýärsiň. -Ýöne men barybir munuň näme üçin şeýledigini bilmeýärin. Maňa hiç kim aýdyp bermedi. Hanym Modi dili bilen oturtma dişlerini düzetdi. -Sen garry Redliniň baptistlerdendigini bilýärsiň ahyry, olar bolsa aýaklaryny ýuwýarl… -Siziň özüňizem şolardan ahbetin? -Men olar ýaly daşbeýni däl, Gözlüje. Men ýönekeý baptist aýal. -Ýönekeý baptistler aýaklaryny ýuwmaýarlarmy? -Ýuwýarlar. Öz öýlerinde, hammamda. -A siz biziňki ýaly mynajat etmeýärsiňizmi… Megerem hanym Modi dini ynanjyň nyşanlaryndan baptistligiň alamatlaryny düşündireniň aňsat bolar diýip çaklan bolara çemeli. -Aýaklaryny ýuwýan baptistler islendik lezzeti günä diýip hasap edýärler-diýip ol düşündirdi:-Bilýärsiňmi, bir gezek, şenbede olar tokaýdan şähere geldiler we haýatyň aňyrsyndan maňa meniň öz güllerim bilen göni sakar dowzaha düşjekdigimi aýdyp gygyryp ugradylar. -Güllerem dowzaha düşerlermi? -Hawa, hanym. Güller meniň bilen bilelikde ýanjakmyşlar. Bu aýakýuwujylar men Hudaýyň döreden asmanynyň astynda juda köp wagt geçirýärin hem-de dört diwaryň arasynda hakyň sözüniň üstünde juda az oturýaryn diýip hasap edýärler. Men birdenkä hanym Modiniň dowzahda gowrulyp durşuny (her protestantyň bolsa öz dowzahy bar) göz öňüme getirdim, dessine-de dini wagyzlarda hakykaty aýdýandyklaryna müňkürlik edip ugradym. Hanym Modiniň örän ýiti hem awuly dili bar, özi-de ýagşy işleri etmeklik bilen hanym Stiweni Krouford ýaly yhlasly meşgullanmaýar. Ýöne diňe gutaran akmak hanym Stiwenä ynanyp biler, hanym Modi bolsa ynamdar adam, muny Jim ikimiz hakykatdan bilýärdik. Ol hiç wagt şugulçylamaýar, ikiýüzlülik etmeýär we biziň işlerimize burnuny sokmaýar. Ol biziň dostumyz. Onsoň şeýle paýhasly adamyň nädip ebedi jebir-jepalara höküm edilip biljekdigine düşünmegem mümkin däl! -Bu adalatsyzlyk ahyry, hanym Modi! Siz ýeriň ýüzünde iň gowy aýal ahbetin. Hanym Modi tüýs ýürekden ýylgyrdy. -Men size minnetdar, hanym-diýdi:-Ýöne aýakýuwujylar her bir aýal maşgalany günägaby diýip hasap edýärler. Olar, bilýäňmi, injiler gereginden artyk takyk düşünýärler. -Jenap Artur hem aýallary görmezlik üçin öýlerinden çykman otyrmy? -Men nireden bileýin, gyzym. -Meniň pikirimç-ä bu samsyklyk bolýar. Eger-de jenap Arturyň şeýle uçmaha düşesi gelýän bolsa-da, onda ol iň bolmanda eýwana bir çykyp göräýmeli ahyry. Attikus Hudaý adamlary edil özüň ýaly söýmegi tabşyrýar diýip aýdýar… Hanym Modi kürsisinde ýaýkanjyramasyny bes etdi. -Sen entek örän kiçi we düşünmersiň-diýip ol gatyrgandy:-ýöne şeýlebir adamlar bolýar, şolar ýalylaryň elinde-de injil juda howply bolýar, edil seniň kakaň elindäki bir çüýşe şerap ýaly… -Attikus şerap içmeýär!-diýip men örç alyp galdym:-Ol heniz dogup-döräli bäri ýekeje damjany hem agzyna alyp görmändir…Wiý, ýogsa-da ýok! Ol bir gezejik şerap dadyp görendigini, ýöne onuň özüne ýaramandygyny aýdypdy. Hanym Modi heziller edip güldi. -Men beýle diýmek islemedim. Men: “eger-de Attikus Finç içip-içip serhoş bolan bolsady, şonda-da ol barybir käbir adamlaryň iň gowy ýagdaýlaryndakydan zalym hem gödek bolmazdy” diýmek isledim. Ýöne şeýlebir adamlar bar, olar…olar o dünýä barada çakdan aşa köp pikir edýärler welin, şu dünýäde ýaşamagy hiç öwrenip bilmeýärler. Ine, biziň köçämize seret, şeýle hereketlerden nämeleriň emele gelýändigini görersiň. -Siziň pikiriňizçe Betn…jenap Artur barada ähli aýdylýan zatlar çynmyka? -Anyk näme? Men gürrüň berdim. -Munuň dörtden üç böleg-ä garaýagyzlaryň ertekisi, galany bolsa hanym Kroufordyň tapan zatlary-diýip hanym Modi tutuksy jogap berdi:-Stiweni Krouford bir gezek maňa, hamana özüniň gijäniň bir cagy oýanandygyny, Arturyň bolsa penjireden özüne garşy garap durandygyny aýtdy. Men şonda oňa: “A sen näme etdiň, Stiweni, azajyk süýşüp oňa düşegiňden ýer berdiňmi?” diýip sowal berdim. Şondan soň ol birsalym dilini dişläp gezdi. Dişlemänem bir görsün! Hanym Modi islendik adamy hem sem bolmaga mejbur edip biler! -Ýok, gyzym, bu gaýgy-hasrat öýi-diýip ol dowam etdi:-Artur Redliniň oglanjyklygy meniň ýadyma düşýär. Ol barada näme diýseler diýibersinler, ol hemişe salyhatlydy. Bar başarnygy-ukyby bilen salyhatlydy. -Siz ol dälidir öýdüp pikir edýärsiňizmi? Hanym Modi başyny ýaýkady. -Bolmazlygy-da mümkin, ýöne şu geçen ýyllaryň dowamynda hökman aklyndan azaşan bolmaly. Biz adamlar bilen nämeler bolup geçýändigini oňly bilmeýäris ahyry. Keseki öýde, ýapyk işigiň aňyrsynda nämeler bolup geçýär, nähili syrlar bar… -Attikus Jim ikimiz babatda öýde-de, daşarda-da tapawudy ýok, hemişe özüni şol bir bolşunda alyp barýar. Men duýup durdum, kakamyň arkasyny almak meniň borjumdy. -Eý Hudaý-eý, gyzjagaz, men bu wagt seniň kakaň barada gepleýärinmi, ahyry! Men diňe saňa nämäniň nämedigini düşündirmäge çalyşdym. Ýöne seniň özüň ol barada gep açýan bolsaň, onda men aýdaýyn, Attikus Finç öz öýünde-de, köçede şol bir adamdyr, şuny bilip goý…Men şirinnan (tort) bişirdim, bir bölejigini ýanyňa almak isleýärsiňmi? Men örän isleýärdim. …Ertesi gün men oýanan badyma Jimi we Dilli jaýymyzyň ýeňse ýüzündäki howluda gördüm, olar nämedir bir zat barada şowhunly gepleşýärdiler. Men olaryň ýanyna bardym welin, olar ýene-de endiklerine eýerdiler: -Git, bärden. -Gitmen. Howly seniňki däl, Jim Finç, howly meniňki hem. Bu ýerde oýnamaga meniňem hukugym bar. Dill bilen Jim howul-hara geňeşdiler. -Eger-de galsaň, biz näme buýursak şony hem etmeli bolarsyň-diýip Dill maňa duýdurdy. -Näme gomparan bolýarsyň? Bolduň meniň başyma serkerde! -Biz näme buýursak şony hem etjekdigiňe ant iç, ýogsa biz saňa hiç zat aýtmarys-diýip Dill dowam edýärdi. -Sen juda ulalan ýaly-la! Ýeri bolýar-da, aýdyberiň aýdasyňyz gelse. -Biz Betnyşana hat bermek isleýäris-diýip Jim gözüni-de gyrpman yglan etdi. -O nähili? Men süňňümi dolduran biygtyýar wehimi basyp ýatyrmaga dyrjaşdym. Hanym Modi üçin ýöne aýdyp goýbermegiň hiç hili kynçylygy ýok, ol eýýäm garry we öz ýakymly eýwanjygynda oturan ýerinden islän zadyny gepläp bilýär. Biz bilen bolsa başgaça. Jim hatyny çeňňege ildirip, Redlileriň penjiresiniň gabsasynyň yşyndan dykmak isleýärdi. Eger-de kimdir biri köçeden geçse, onda Dill jaňjagazy jyňňyrdatmalydy. Dill elini galdyrdy. Onuň aýasynda meniň ejemiň günorta naharyna çagyrmak üçin ulanylýan kümüş jaňjagazy bardy. Jim: -Men beýleki tarapyndan bararyn-diýýärdi:-Biz düýn köçeden seredinimizde şol tarapda gabsalaryň biriniň ýerinden gopandygyny gördük. Men iň bolmanda penjiräniň erňegine bolsa-da hatymyzy goýaryn. -Jim… -Indi welin ýok, hanym Iňirdi, özüň bu işe baş goşduňmy, indi yza tesen bolmak gerek däl! -Bolýar, ýöne men garawul bolmak islemeýärin… Jim, bilýäňmi, şol gezek, kimdir biri… -Ýok, sen garawullarsyň. Sen jaýyň ýeňse ýüzüne aýlanarsyň, Dill bolsa köçä sereder, eger-de kimdir biri geçse ol jaň kakar. Düşündiňmi? -Ýeri bolýar-da. Ýöne siz oňa näme diýip ýazdyňyz? Dill: -Biz ondan örän sypaýyçylyk bilen onuň käte bir öýlerinden çykmagyny we bize ol ýerde näme işleýändigini aýtmagyny haýyş etdik, goý ol bizden heder etmesin, biz oňa buzgaýmagam satyn alyp bereris-diýdi. -Siz aklyňyzdan azaşypsyňyz, ol biziň barymyzy öldürer! Dill: -Muny men oýlap tapdym. Meniň pikirimçe, eger-de ol daş çykyp, biziň bilen sähel wagt otursa, onuň biraz göwni açylar-diýdi. -Onuň ýüreginiň gysýandygyny sen nireden bilýärsiň? -A sen nähilidir öýdýäň? Hany özüň bir ýüz ýyllap daşyňdan gulplangy halda oturyp, diňe pişikleri iýip oturjak bolup gör! Jedel edeli, onuň hatda sakgaly-da ine şunça ösendir. -Edil seniň kakaň sakgaly ýalymy? -Meniň kakamyň sakgaly ýok, ol…-diýdi-de Dill öňki geplerini ýadyna saljak bolup dilini dişledi. -Ä-hä, tutuldyň gerek!-diýip men onuň üstüne çöwjäp başladym:-Öň sen kakaň gara sakgaly bar diýip aýdýardyň… -Ol sakgalyny tomusda syrypdy, eger beýle bilesiň gelýän bolsa! Men saňa onuň hatyny hem görkezip bilerin. Ýene-de ol maňa iki dollar hem ugradypdyr… -Hawa-la, çypdyryber bakaly! Belki, ol saňa ýene-de harby atçaparlaryň eşigini we gylyç hem iberendir? Kezzapjyk sen, başga hiç kimem däl! Men dogup-dörälim bäri başga kimdir biriniň Dill Harris ýaly ýalan sözleýändigini eşidip görmändim. Hemme zatdan başga-da ol on ýedi gezek aragatnaşyk uçarynda uçanmyş, Täze Şotlandiýada bolup görenmiş, diri pili görenmiş, onuň atasy bolsa brigade generally Jo Uilleriň hut özümiş we ol Dille öz gyljyny miras goýanmyş. -Bes ediňsene, siz-diýip Jim gaharlandy. Ol eýwanyň astyna girip-çykdy-da, sary bambuk çeňňeksapyny çykardy:-Görýän welin, şunuň bilen men pyýada ýodasynda duran ýerimden penjirä ýetip bilermikäm diýýän. Men: -Eger-de kimdir biri gidip diwary elläp gaýtmak derejesinde şeýlebir batyr bolsa, onda oňa çeňňek sapy hem gerek dälmikä diýýärin-diýdim:-Ap-arkaýyn baryp gapylaryny kakaýsa-da bolar, bar bolany hem şol. -Bu…başga…ýagdaý…-diýip Jim her sözüne basym berip, arasyny bölüp-bölüp aýtdy:-Saňa ýene-de näçe gezek gaýtalamaly? Dill kisesinden bir sahypa kagyz çykardy-da Jime uzatdy. Biz seresaplylyk bilen Redlileriň jaýyna tarap ýöneldik. Dill çyra sütüniniň deňesinde saklandy, Jim ikimiz köçäniň künjünden öwrüldik. Men öňe gitdim-de indiki öwrümden jykladym. Men: -Hemme zat parahat-diýdim:-Hiç kim ýok. Jim Dille tarap öwrüldi welin, ol başyny atdy. Jim hatyny çeňňeksapyna iltedi-de, ony haýatyň üstünden penjirä garşy uzatdy. Ol bar güýji bilen süýnüp öňe dyzaýardy, emma çeňňeksapy gysgarak bolýardy, bary-ýogy bir-iki garyş ýetmeýärdi. Ol çeňňeksapy bilen penjire tarap dürtgeleýärdi, ahyrsoňy oňa uzakdan seredip durmak meniň ýüregime düşdi-de men onuň ýanyna bardym. -Haty hiç oklap bilemok-da-diýip Jim hümürdedi:-Dogrusy penjirä düşýärin, ýöne hat ol ýerde gaçmaýar. Köçä git, Gözlüje. Men öz gözegçilik nokadyna dolanyp bardym we köçäniň künjünden ýola seredip ugradym. Men wagtal-wagtal Jime garanjaklaýardym, ol sabyrlylyk bilen haty penjiräniň erňegine oklamaga dyrjaşýardym. Ol hat ýere gaçýardy welin, Jim ýene-de çeňňeksapyny penjirä tarap uzadýardy, iň soňunda men eger-de Betnyşan Redli ol haty alaýsa-da ony okap bilmez diýip oýlandym. Men ýene-de köçäniň ugruna seretdim welin, birdenkä jaňjagaz jyňňyrdady. Men çaltlyk bilen öwrüldim. Ine häzir meniň üstüme Betnyşan Redli gyýaklaryny syrtardyp topular. Ýöne bu Betnyşan däl-de Dill ekeni. Ol jaňjagazy Attikusyň edil burnunyň öňünde jyňňyrdadyp durdy. Jimiň ýüze şeýlebir süýreldi welin, oňa nebsim agyryp gitdi. Şonuň üçinem oňa hatda: “Men saňa aýtdym ahyry” diýmedim. Ol aýaklaryny zordan ýerden galdyryp, çeňňeksapyny-da yzyndan süýräp pyýada ýodasyndan mytdyldap gaýtdy. Attikus: -Jyňňyrdatmagy bes et-diýdi. Dill jaňjagazyň diljagazyny gysdy welin, şeýlebir ümsüm boldy, şeýlebir ümsüm boldy, men hatda gowusy ol ýene-de jyňňyrdadyberse kem bolmaýjak ýaly diýibem pikir etdim. Attikus sypal başgabyny ýeňsesine süýşürdi-de, gaýşaryldy. Ol: -Jim,-diýdi:-sen bu ýerde näme işleýärsiň? -Hiç zat, jenap. -Buýtar-suýtar etme. Geple. -Men…biz diňe jenap Redlä käbir zatlary bermek isläpdik. -Näme bermek? -Hat. -Görkez. Jim oňa hapalanan kagyz bölejigini uzatdy. Attikus kynlyk bilen ýazylan zatlary okap ugrady. -Jenap Redliniň öýünden çykmagy siziň nämäňize derkar? -Biz pikir etdik…biziň bilen oýnasa onuň biraz göwni açylar…-diýip Dill başlady, emma Attikus oňa çala äňedip goýberdi welin, ol dilini dişledi. -Ogul,-diýip Attikus Jime ýüzlendi:-meniň saňa näme diýýändigimi diňle, men saňa gaýtalamak islemeýärin, bu adama ezýet bermegiňi tüket. Siziň ikiňiz hem şeýle. -Jenap Redli nähili ýaşaýar – bu onuň öz işi-diýip Attikus aýtdy:-Köçä çykmak islese çykar. Öýünde oturmak islese muňa-da onuň hukugy bar, şonuň üçinem her bir ýüregedüşgüçlere (bu hem biziň ýalylaryň entek has ýumşak atlandyrylyşy) onuň işine burunlaryny sokup ýörmek gerek däl. Biziň haýsymyza ýarar, eger-de agşam, uka gitmezimiziň öň ýanynda Attikus gapyny kakman biziň otagymyza süsdürilip girse? Biz bolsa aslyýetinde jenap Redli bilen hut şeýle hereket hem edýärmişik. Biziň göwnümize bolmasa jenap Redli özüni geň alyp barýar, onuň özi üçin bolsa bu düýbünden geň däl. Galyberse-de, haçan-da adama nämedir bir zat aýtjak bolsaň, onuň penjiresinden aşjak bolman, gapysyny kaksaň sypaýyrak boljakdygy biziň kellämize bir gelmändirmi? Iň soňkusy hem: bizi Redlileriň öýüne çagyrýançalar biz ol jaýdan daşrakda gezmelidiris we bir gezek Attikusyň bizi tutan şol samsyk oýnuny dagy-duwara oýnamaly däldiris, şonuň ýaly-da biziň köçämizde, aslynda bolsa bütin şäherimizde-de hiç kimiň üstünden gülmeli däldiris… Jim: -Biz asla onuň üstünden gülmedik-diýdi:-Biz diňe… -Hä, asyl siz bu pişe bilen meşgul bolupsyňyz ekeniňiz-dä? -Näme bilen? Üstünden gülmek bilenmi? Attikus: -Ýok-diýdi:-Diňe onuň durmuşyny ähli goňşularymyzyň gözüniň alnynda oýnadyňyz. Göwnüme bolmasa Jim hatda gaharlanaýan ýaly hem boldy. -Men onuň durmuşyny oýnaýarys diýip aýtmadym! Aýtmadym! Attikus syrlyja ýyrşardy: -Ine häzirem aýtdyň. Indem mundan beýläk siziň üçüňiz hem şeýle bolgusyzlyk bilen meşgullanyjy bolaýmaň. Jim kakama agzyny öweldip seretdi. -Göwnüme bolmasa sen hukukçy bolmak isleýän ýalydyň-la?-diýdi-de Attikus dodaklaryny birhili ýylgyrmajak bolýan ýaly edip, şübheli büzdi. Jim sapalak atmagyň peýdasynyň ýokdugyna düşünen ýaly, dymdy. Attikus ir ertir almagy undan haýsydyr bir kagyzlaryny almak üçin öýe girdi welin, diňe şondan soň Jim hukukçylaryň gadymy döwürlerden bäri ulanyp gelýän hilegärliginiň çoçgaryna çolaşandygyna akyl ýetirdi. Ol eýwandan ep-esli daşlykda Attikusyň öýden çykyp, ýene-de şähere ugramagyna garaşyp durdy. Haçan-da Attikus öz sesini eşitmez ýaly derejede uzaga gidenden soňra Jim onuň yzyndan bogazyna sygdygyndan gygyrdy: -Hukukçy bolmak isleýärdim, indi bolsa pikirlenip görerin! Dowamy bar >> | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap -4: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -12: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 23: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
√ Duman daganda: Wulkan oýanýar: Kim öler, kim galar?! - 16.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -13: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Dirilik suwy -10: romanyñ dowamy - 08.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |