17:10 Şygşygyny öldürmek 6/ romanyñ dowamy | |
ŞYGŞYGYNY ÖLDÜRMEK
Romanlar
- Bolýar-diýip Attikus haçan-da Jim ondan Dill bilen ikimiziň hanym Reýçeliň köljagazynyň ýanynda oturmaga rugsat soranda aýtdy. Sebäbi Dill ertir gaýdýardy: - Onuň bilen maňa deregem hoşlaş, indiki ýyl tomusda-da biz oňa garaşýarys. Biz özümiziň hem-de hanym Reýçeliň howlusynyň arasyndaky pessejik haýatdan aşdyk. Jim bedene bolup gygyrdy welin, garaňkylykdan Dill ses berdi. Jim: - Ümsümdigini, pessaýja şemaljygam ýok-diýdi:-Serediň. Ol gündogary görkezdi. Hanym Modiniň bagynyň aňyrsyndan äpet aý dogup gelýärdi. Jim: -Göwnüme bolmasa ol birhili yssyladaýýanam ýaly-diýdi. -Bu gün onuň ýüzünde näme bar, haçmy?-diýip Dill başyny galdyrman sorady. Ol ýüp hem-de gazetiň böleginden çilim ýasaýardy. -Ýok, ol zenanyň şekili öýdýän. Bu zadyňy otlama, Dill, onuň porsusy bütin şäheri tutar. Haçan-da Meýkombda aýa seretseň, onuň ýüzünde aýalyň şekiliniň bardygy görünýär. Ol aýal aýnanyň öňünde oturyp, saçyny daraýar. -Sensiz biziň içimiz gysar-diýip men Dille aýtdym:-Belki, jenap Eýwerini garawullamaga gideris? Jenap Eýweri hanym Genri Lafaýet Dýubozyň öýüniň gabat-garşyndaky jaýda otagy kireýine alyp ýaşaýardy. Ýekşenbe günleri ol eli ýalpak tabakly ybadathana üçin sadaka ýygnaýardy, ondan başga-da ol her agşam sagat dokuza çenli eýwanda asgyryp oturýardy. Bir gezek gije bize bir tomaşany görmek bagty miýesser etdi, megerem ol tomaşa ýekeje gezek bolan bolsa gerek, sebäbi biz ony soň näçe garawullasagam, tomaşa gaýtalanmandy. Biz hanym Reýçeliň eýwanyndan aşak düşüp gelýärdik welin, Dill bizi saklady: -Eý-ho, oňa bir serediň!-diýdi-de ol bize köçäniň aňry tarapyny görkezdi. Ilki biz güller bilen örtülen eýwany gördük, soňra ýapraklaryň arasyndan iňçejik akymjyk egrelip, takmynan on futa çenli daşlyga çüwdürilýärdi-de, ol ýerdenem ýere, köçe çyrasyndan düşýän ýagtynyň tegelejigine dökülýärdi. Jim: “jenap Eýweri göni onlukdan-a urup bilmeýär” diýdi, Dill: “ol megerem günde bir çelek içýän bolsa gerek” diýdi. Onsoň olar kim has uzaga we dogry nyşana düşüp biljekdigi hakynda jedel edip ugradylar, men olaryň bu jedeline gatnaşmadym, sebäbi bu çygyrda meniň beýlebir çakdan aşa zehinim ýokdy, men onsoň ýene-de özümi ýekirilen halda duýup başladym. Dill gerindi, pallady-da, birhili çakdan aşa äwmezlik bilen: -Tapdym. Ýörüň seýil etmäge gideliň-diýdi. Asyl men oňa ynanaýdym-ow! Meýkombda hiç kim ýöne şeýle, bikär gezmelemäge çykmaýar. -Nirä, Dill? Dill kellesini günorta tarap ýaýkady. Jim: -Bolýar-da-diýdi. Men birbada garşylyk görkezmäge başlajagam boldum welin, ol mylaýymja, içýakgyç sesjagaz bilen: -Sen bolsa, perişdejik, biziň bilen gitme-de, seni hiç kim çagyrmaýar-diýdi. -Senem hiç kim çagyrmaýar. Ýadyňdan çykardyňmy, nädip… Ýöne Jim öňki şowsuzlyklaryny ýatlamagy halamaýardy, şol gezek Attikusyň aýdan ähli zatlaryndan ol megerem diňe hukukçylaryň nädip şeýle çeýelik bilen ähli zadyň özenine çenli agtaryp tapmaga ökdediklerini öwrenen bolara çemeli. -A biz hiç hili erbetligi hem etmeýäris, Gözlüje, biz diňe çyra sütünine çenli bararys-da, yzymyza gaýdarys. Biz sessiz-üýnsüz pyýada ýodasyndan mytdyldap barýardyk we goňşularyň eýwanlaryndan eşidilýän hiňňildikleriň jygyldysyna, ulularyň köçedäki agşama mahsus pessaý seslerine diň salyp gelýärdik. Wagtal-wagtal hanym Stiweni Kroufordyň jakgyldysy biziň gulagymyza gelýärdi. Dill: -Ýeri?-diýdi. Jim: -Ýeri bolýar-da-diýdi:-Sen öýe gidiberseňem bolaýjak ýaly-la, Gözlüje. -A siz näme işlejek bolýarsyňyz? Olar diňe gabsasy gopan penjireden içerini synlamakçy bolýan ekenler, birdenkä Betnyşan Redlini görmekleri mümkinmiş. Men bolsa eger-de, olar bilen gitmek islemeýän bolsam onda häziriň özünde öýmüze ugrap bilýärmişim we ol taýda-da dilimi dişimiň aňyrsynda saklamalymyşym, ine-de bar bolany. -Hut şu günki gijä çenli garaşmak pikiri näme üçin siziň kelläňize geldi? Sebäbi, gije olary hiç kim görmez, onsoňam Attikus bu wagt gulagyna çenli kitaba çümer we hatda ahyrzaman gopsa-da, ol şony-da aňşyrmaz we eger-de Betnyşan Redli olary öldüräýse-de, onda olaryň tomusky rugsatlary bihuda bolmaz-da, okuw günlerine zyýan ýeter, şonuň ýaly-da garaňky jaýdaky zatlary gündiziň günortanynda däl-de garaňky gijede görmek aňsat bolýar, ine şu sebäpleriň ählisi hem maňa düşnüklimi? -Jim, ýalbarýan… -Gözlüje, men saňa iň soňky sapar aýdýaryn, iňňildemegiňi bes et ýa-da öýmüze ýeňsäňi el ýaly et. Hudaý bar, sen gün-günden hakyky sümükli gyzjagaza öwrülip barýarsyň! Şundan soň maňa başga çykalga galmady we men olar bilen gitdim. Biz Redlileriň howlusynyň arka tarapyndaky tikenekli simden haýatyň aşagynda girmegi ýüregimize düwdük, ol ýerde biziň görülmek howpumyz azrakdy. Şol tarapdaky haýatdan aňyrda uly bagçylyk bilen kiçeňräk agaç küme bardy. Jim aşaky simi biraz galdyrdy-da, Dille “sümlüber” diýen terzde elini salgady. Men onuň yzy bilen geçdim-de, Jim geçýänçä simi sakladym. Ol simiň astyndan zordan sygdy. -Goh-galmagal turzaýmaň-diýip ol pyşyrdady:-Onsoňam serediň, kelemi süsäýmäň, ýogsa ol şeýlebir parkyldar welin, hatda ölülerem direler. Şu öwüt-nesihatlardan soň men bagrym bilen edil pyşdyl ýaly süýşýärdim. Şol pille-de men aýyň ýagtysyna Jimiň eýýäm bizden ep-esli arany açandygyny we bize elini galgadýandygyny gördüm-de biraz haýdap süýşüp ugradym. Biz bagdan ekinli mellege geçilýän haýatdaky gapa çenli süýşüp bardyk. Jim oňa galtaşan badyna ol jygyldap gitdi. -Petlesine tüýküriň-diýip Dill pyşyrdady. -Sen bizi nirä getirdiň, Jim-diýip men hymyr-symyr etdim:-Soň biz bu ýerlerden nädip yzymyza çykarys? -Hüş-ş...Petlelerine tüýkür, Gözlüje. Biz agzymyz kepeýänçä tüýkürdik, soňra Jim seresaplyk bilen işigi açdy. Biz howlynyň içine girdik. Ýeňsesinden Redlileriň jaýy öňünden seredeniňde hasam hyrsyz görünýärdi, tutuş diwarynyň boýuna çalamydar, ýarymýykyk eýwan uzalyp gidýärdi, ondan öýüň içine girilýän iki gapy, gapylaryň arasynda bolsa iki sany tüm-garaňky penjire bardy. Eýwanyň üçegini bir tarapyndan sütün däl-de, ýonulmadyk, tagaşyksyz pürs direýärdi. Bir künjekde maýryk peçjagaz bardy, onuň ýokarysyndan bolsa sypal başgaplar üçin asgyç asylgydy, bildirer-bildirmez ýyldyraýan aýna bolsa aý şöhlesini assaja yzyna serpikdirýärdi. Jim tisginip gitdi-de beýleki aýagyny basmaga het edip bilmän bir aýagynda doňup galdy -Saňa näme boldy? -Towuklar...-diýip ol zordan pyşyrdady. Hakykatdanam bizi hemme tarapymyzdan göze görünmeýän päsgelçilikler gurşaýardy. Dillem nämedir bir zadyň üstünden bardy-da: „Eý Hudaý-eý!“ diýip uludan demini aldy. Biz süýşenekläp jaýyň burçundan aýlandyk-da, gabsalary sallanyp duran penjiräniň öňüne bardyk. Jim penjireden seredip bilmedi, penjirä bir garyş dagy boýy ýetmeýärdi. -Men häzir kömekleşeýin-diýip ol Dille pyşyrdady:-Häzir, garaş. Ol meniň elimden tutdy-da Dill üçin basgançak ýasady. Biz Dilli göterdik. Ol penjiräniň erňeginden ýapyşdy. -Tizräk-diýip Jim pyşyrdady:-biz uzak wagtlap seni saklap bilmeris. Dill meniň egnime kakdy. Biz ony ýere düşürdik. -Ýeri, näme gördüň? -Hiç zat. Tuty bar. Ýöne içinde bir ýerinde çala ýylpyld-a görünýärdi. -Bärden gideliň-diýip Jim pyşyrdady:-Yzymyza öwrüleliň. Hüş-ş...-diýip ol men oňa garşylyk görkezmekçi bolup agzymy açanymdan maňa hüşşüldedi. Dill: -Beýle tarapyndanam synanyşyp göreliň-diýdi. -Beýtmäň, gerek däl-diýip men özelenip başladym. Dill az-kem sägindi-de, Jimi öňe goýberdi. Jim yzky eýwana galmakçy bolanda onuň aýaklarynyň astynda basgançak jygyldady. Ol birbada doňňara-daşa öwrüldi, soňra seresaplyk bilen öňe süýşdi. Basgançak dymyp ýatyrdy. Ol soňky iki basgançagyň üstünden ätläp eýwana aýagyny goýmakçy boldy welin, tasdanam deňagramlylygyny ýitirýärdi. Ýöne her näme-de bolsa ýykylman, assyrynlyk bilen dyzyna çökdi. Penjiräniň alkymyna süýşenekläp baryp, başyny göterdi-de, içerik göz aýlady. Ine şu ýerde-de men kölegäni gördüm. Sypal başgaply adamyň kölegesi. Men ilkibada bu bagdyr öýdüp pikir etdim, emma şemal ýokdy, agajyň sütünleri bolsa ýöräp bilmeýärler. Eýwan aýyň nuruna ýap-ýagtydy, gaýçy bilen kesilen ýaly gös-göni hem dury kölege Jime tarap ýöneldi. Menden soň ony Dill gördi. Ol ýüzüni elleri bilen ýapdy. Onsoň kölege Jimiň üstüne düşdi welin, ol hem ony gördi. Ol elleri bilen kellesini ýapdy-da, doňup galdy. Kölege Jime iki ädim ýetmän saklandy. Elini galdyrdy, soňra goýberdi. Soňra yzyna döndi-de Jimiň üstünden, eýwandan tyrpyp geçip, edil döreýşi ýaly ses-sedasyz jaýyň aňyrsynda gizlendi. Jim eýwandan böküp düşdi-de, bize tarap okduryldy. Haýadyň gapysyny serpip açdy-da, Dill ikimizi itip çykaryp, ýapraklary şytyrdaýan kelemli joýalaryň arasyndan öňüne salyp gaçyp ugrady. Ýarpy ýolda men büdredim, şol pursadam ýeňsämizden bir aýylganç gümpüldi ýaňlanyp gitdi. Dill bilen Jim meniň gapdalymda ýere ýazyldylar. Jim edil daljygan at ýaly sojap-sojap dem alýardy. -Mekdebiň howlusynyň içi bilen... tizräk, Gözlüje! Ol aşaky simi saklady welin, Dill ikimiz haýadyň beýle ýüzüne togalanyp geçdik-de, eýýäm mekdep howlusyndaky ýalňyz dub agajynyň goýy kölegesine ýeteňkirläberipdik. Birdenem güpbe ýadymyza düşdi, aramyzda Jim ýok ahbetin! Yzymyza ylgadyk, barsak Jim tikenekli sime ilişip galyp, jalbaryny çykarmaga dyrjaşyp ýatan ekeni. Ol dyzap-dyzap ahyrsoňy jalbaryndan çykdy-da, diňe içki jalbarçada dubuň ýanyna ýetdi. Dubuň aňyrsynda gizlenen dessimize-de biz doňňara-daşa öwrüldik, diňe Jim öwrüp-çöwürmek ukybyny ýitirmedi: -Bahymrak öýmüze barmaly, ýogsa bizi agtaryp başlarlar. Biz mekdebiň howlusynyň içi bilen ökjäni göterdik, biziň jaýymyzyň arka ýüzündäki Sugun sonalygynyň germewiniň astyndan emedekläp geçdik, soňra ikinji haýadyň astyndan süýşenekläp sümüldik-de howlumyza, ondanam eýwanymyza ýetdik. Diňe şundan soň Jim bize demimizi dürsemäge maý berdi. Demimizi dürsänimizden soň biz iň bir ýazyksyz keşpde öýümiziň öňündäki bagjagaza bardyk. Köçä tarap jyklasak, Redlileriň derwezesiniň öňüne goňşular üýşen ekeni. Jim: -Şol ýere baralyň-diýdi:-Ýogsa olar biziň ýoklugymyza geň galarlar. Öz derwezeçesiniň öňünde jenap Natan Redli eli seçme tüpeňli durdy. Onuň öňünde pyýada ýodasynda Attikus, hanym Modi we hanym Stiweni Krouford, olardan iki ädim daşlykda bolsa hanym Reýçel hem-de jenap Eýweri dagylar durdylar. Bize hiç kim üns bermedi. Biz assyrynlyk bilen hanym Modiniň ýanyna bardyk, ol gaňryldy. -A siz nirede bolduňyz? Siz hiç zat eşitmediňizmi, näme? -Näme boldy?-diýip Jim sorady. -Jenap Redliniň mellegine garaýagyz giripdir welin, jenap Redli ony atypdyr. -O-ho-how! Degipdirmi, onsoň? -Ýok-diýip hanym Stiweni jogap berdi:-Ol ýokaryk atypdyr. Ol garaýagyzy şeýlebir gorkuzypdyr welin, ol gorkusyndan ýaňa agaraýpdyr. Ol eger-de kim-de-kim ak garaýagyz adamy görse şol hem onuň mellegine aralaşan ogrudyr diýýär. Ol özüniň ikinji tüpeňiniň hem gurnalandygyny, eger-de onuň melleginde ýene-de ýekeji bir gymyldy hereket bolaýdygy, onda isle ol it bolsun, isle garaýagyz ýa-da.... başga bir zat, göni nyşana atjakdygyny aýdýar... Jim Fi-i-inç! -Näme, hanym? Şu ýerde Attikus dil ýardy: -Hany, seniň jalbaryň? -Jalbarym, jenap? -Hawa, jalbaryň. Ýeri bu ýerde näme diýjek. Jim hemmeleriň öňünde ýeke içki jalbarçaly durdy. Men agyr-agyr dem aldym. -Ne...neme...jenap Finç! Köçe çyrasynyň ýiti ýagtysyna men gördüm, Dill ýalan sözlemäge taýynlanýardy, onuň gözleri giňedi, perişdesypat pökgüje keşbi hasam tes-tegelejik boldy. -Ýeri näme aýtmakçy, Dill?-diýip Attikus sorady. -Men...men onuň jalbaryny utdum-diýip Dill bulaşyk düşündirdi. -O nähili utduň? Dill ýeňsesini gaşady-da, eli bilen maňlaýyny süpürdi. -Biz, ol ýerde, kölçäniň ýakasynda eşik çykaryşmak şerti bilen oýun oýnadyk. Jim ikimiz ýeňillik bilen dem aldyk. Goňşular hem megerem düşünen bolsalar gerek, şol duruşlaryna doňup galdylar. Ýöne ol nähili oýun bolýar? Biz ol oýnuň nähilidigini bilip ýetişmedik, çünki hanym Reýçel birdenkä ýangyn söndürijileriň jaňy ýaly jaňňyrdap ugrady: -Eý Hudaý-eý, Dill Harris! Meniň kölümiň ýanynda humarly oýunlary oýnaýarsyňmy? Ine, häzir, eşik çykaryşmak şerti bilen oýnalan oýny seniň gözüňe görkezerin! Attikus Dilli dessine ten şikesleri bilen bezelmek belasyndan halas etdi. -Ýekeje pursat, hanym Reýçel,-diýdi:-Men öň hiç wagt olaryň şuňa meňzeş bir zatlar bilen meşgullanandyklaryny eşitmändim. Siz näme, humar oýnadyňyzmy? Jim başyny etegine salyp, ýagdaýdan baş alyp çykmaga okduryldy: -Ýok jenap, diňe otluçöp oýnadyk. Şunuň ýaly jygba-jyg pursatda meniň agam ýaly şeýle çykalga tapmagy her kes başaryp hem durmaz! Elbetde otluçöp-howply zat, ýöne humar welin – bu dogry gelen ajal ahyry! -Jim we Gözlüje-diýip Attikus assaja gepledi:-şu günden başlap men hiç hili humar barada eşitmäýin. Jim, bar, Dill bilen git-de öz jalbaryňy yzyna alyp gaýt. Özaraňyzda özüňiz düşünişiň. -Dill, sen gorkma,-diýip Jim biz ol ýerden ýeňsämizi el ýaly edip barýarkak aýtdy:-hanym Reýçel seniň bilen hiç zadam etmez, Attikus onuň başyny-gözüni aýlar. Sen ýöne, örän çalt öwrüp-çöwrüp ýetişdiň, berekella. Diňle... eşidýäňmi? Biz az-kem badymyzy gowşatdyk welin, Attikusyň sesi gulagymyza ýetip ugrady: -...üýtgeşik gorkuly zat ýok...olaryň hemmesi hem şunuň ýaly zadyň içinden geçip gidýärler, hanym Reýçel... Dill köşeşdi, ýöne Jim ikimize welin rahatlyk ýokdy. Ertir irdene çenli Jim jalbaryny nireden alsyn? -Men saňa özümiňkileriň haýsy-da bolsa birini bererin-diýip Dill biz hanym Reýçeliň öýüniň deňesine ýetenimizde teklip etdi. Jim: „sag bol, ýöne men seniňkilere sygmaryn“ diýdi. Biz hoşlaşdyk, Dill öýlerine girip gitdi. Soňra bolsa, megerem ikimiziň adaglanandygymyzy ýadyna salan bolara çemeli, ylgap yzyna çykdy-da, Jimiň ýanynda meni gyssagara ogşady. -Maňa hat ýaz, bolýarmy?-diýip yzymyzdan ulili bilen gygyrdy. xxxxx Eger-de Jim jalbarsyz galmadyk bolsa-da, biz barybir ol gije gowy uklap bilmezdik. Men öz ýatyş sekijigimde, arka tarapky eýwanda guýlunyp ýatyrdym, her bir gijeki şygyrdy hem meniň gulaklarymy deşip gelýärdi...birden kimdir biriniň aýagynyň astynda çagyl şagyrdar – bu Betnyşan Redli ar almak hyjuwy bilen kaňkap ýörendir, birdenem kimdir biri tümlügiň niresindedir bir ýerinde ötegçi-garaýagyz güler – bu biziň yzymyzdan Betnyşan Redli kowalap gelýändir, birdenkä gijeki perwanalar gözenege özlerini urýarlar – bu Betnyşan redli guduzlap tikenekli simden haýady ýyrtýandyr, çynarlar bolsa direlip, eýmenç salgymlar deýin üstümize sürnüp gelýändirler. Oýalyk bilen ukynyň arasynda men uzak wagtlap asyl-asyl bolup, kösenip ýatdym, soňra Jimiň pyşyrdysyny eşitdim: -Üçgözlüje, sen uklap ýatyrsyňmy? -Sen näme aklyňdan azaşdyňmy? -Hüş-ş... Attikusyň otagynyň çyrasy eýýäm öçdi. Batyp barýan aýyň öçügsi ýagtysyna men Jimiň sekisinden aýagyny sallandygyny gördüm. Ol: -Men jalbarymyň yzyndan gitdim-diýdi. Men nädip dik oturanymy duýman galdym: -Het edäýme! Goýbermerin! Jim gyssanmaçlyk bilen köýnegini geýýärdi. -Gerek. -Synanyşyp göräý, men bada-bat Attikusy oýararyn. -Synanyşyp bir, duran ýeriňden ýere gazyk edip kakaryn. Men oňa ýapyşdym-da, gapdalymda oturmaga mejbur etdim. Ony eýdip-beýdip raýyndan dändermelidi. -Jenap Natan irden olary tapar. Ol jalbary seniň ýitirendigiňi bilýär. Elbetde, haçan-da ol seniň jalbaryňy Attikusa getirse, bu erbet bolar... bar bolany hem şu...başga edip biljek zadymyz ýok... Ýataýsana. Jim: -Muny meniň özümem bilýärin-diýdi:-Şonuň üçinem gidip barýaryn-da. Meniň ýüregim bulanyp ugrady. Tas gaýtarýardym. Ol ýere ýeke özüň dolanmak... Hanym Stiweni näme diýdi ahyry, jenap Natanyň ikinji tüpeňine hem ok sürülgi, eger-de mellekde garaýagyz, it ýa-da... başga zat gymyldaýsa... Jim muňa menden pes düşünmeýärdi. Elheder almakdan ýaňa men tas aklymdan azaşýardym. -Gerek däl, Jim, gitmesene! Ýeri, Attikus seni mazalyja saýgylaram, ýeri bolanda näme, bu elbetde agyrylydyr, ýöne agyry geçip gidýär ahyry. Ol ýerde bolsa seni atarlar. Jim, ýalbarýan, gitmesene! Jim sabyrlylyk bilen uludan demini aldy. -Düşünýäňmi, Gözlüje,-diýip ol ýuwaşja aýtdy:-men özümi bilelim bäri Attikus ýekeje gezek hem maňa ýeke şarpygam çalmady. Meniň barlap göresimem gelmeýär. Dogrusy hakykatdanam şeýledi. Attikus diňe her gün diýen ýaly bize eýmijimizi ýetirmek barada haýbat atýardy. -Diýmek, ol seni birje sapar hem ýenjer ýaly çökder etmişde tutan däldir-dä. -Ahmal, ýöne...meniň barlap göresim gelmeýär, Gözlüje. Ol ýere bolsa... biz gitmeli däldik. Bihuda gitdik. Megerem şu pursatdan başlabam biz Jim bilen biri-birimizden daşlaşyp başladyk. Onuň meni petige dykýan ýagdaýlary öňem bolýardy, ýöne beýle zatlar kämahal, özi-de sähelçe wagtlyk bolýardy. Onuň häzirki bolşuna welin, men düşünip bilmeýärdim. -Haýyş edýän, gitmesene!-diýip men oňa ýalbarýardym:-Bilýäňmi, ol ýerde ýeke özüňe nähili gorkunç bolar... -Hany, sen bir sem bolsana! -Ýeri, saýgylar...Ýöne bu onuň seniň bilen galan ömrüne gepleşmejekdigini aňlatmaýar ahyry... Men ony oýararyn, Jim, dogrumy aýdýan, men... Jim meniň ýakamdan şeýlebir mäkäm ebşitläp tutdy welin, tasdanam bogup demikdirýärdi. -Onda men hem seniň bilen gitjek...-diýip men zordan gepledim. -Ýok, gitmersiň, sen diňe biderek goh turzarsyň. Ýeri onuň bilen näme etjek diýsene! Men ildirgiji çekdim-de, ol assyrynlyk bilen arka tarapdaky eýwanyň basgançagyndan düşýänçä gapyny tutup sakladym. Megerem sagat takmynan iki töwerekleri bolsa gerek. Aý eýýäm ýaşyp barýardy we ýeriň ýüzündäki buýr-bulaşyk kölegeler hasam bulaşyp, eräp-akyp barýardylar. Jimiň köýneginiň akja guýrugy edil atyp gelýän daň şapagyndan gaçýan kiçijik jynjagaz ýaly kä ýokary böküp, kä garaňkylykda ýitip barýardy. Men garader bolup otyrdym, ýöne pessaýja şemal öwsüp başlady welin, biraz salkynlady. Megerem, ol Sugunlaryň sonarlygyndan mekdebiň howlusynyň üsti bilen aýlanyp, ýöne iň bolmanda şol tarapa giden bolmaly. Ol menden daşlaşyp barýardy, ýöne tolgunmaga heniz irdi. Men garaşýardym, häzir tolgunmagyň wagty ýeter, häzir jenap Redliniň jysmygy gümpüldär...Soňra birhili haýat jygyldan ýaly boldy. Ýöne bu meniň göwnümedi. Soňra Attikusyň üsgülewügi eşidildi. Meniň demim tutuldy. Kähalatlar, biz gijäniň içinde oýananymyzda onuň henizem okap oturandygyny görýärdik. Ol köplenç gijelerine oýanýandygyny, bizi synlap gideninden soň, tä uklap galýança ýene-de kitap okap başlaýandygyny aýdýardy. Men, ine häzir ol çyrany ýakar, şindi ýakar diýen pikirde garaşyp ýatyrdym. Dälize yşyk akymjygy syzylyp çykar diýip siňe-siňe seredýärdim. Ýöne daş-töwerek öňküsi ýaly tüm-garaňkylygyna galandygy sebäpli men az-kem rahatlandym. Gijeki mör-möjekler hem perwanalar eýýäm köşeşipdiler, emma sähel şemal öwsüp başladygy çynaryň gozalary üçekde dep çalyp ugrarlar, nirededir bir alys ýerde bolsa itler üýrüşýärler, bu bolsa çar-töweregi holtumyna dolap alan tümlügi hasam ýürekgysgynç ýalňyzlykdan doldurýar. Ine-de Jim yzyna dolanyp gelýär. Ak köýnek haýatdan aşyp geçýär we barha ulalýar. Ine-de ol basgançakdan ýokaryk galýar, ildirgiji ýerine süýşürýär, sekisinde oturýar. Ýeke agyz geplemän, tapylan jalbaryny görkezdi. Soňra gyşardy welin, men ýene-de birsalym onuň sekisiniň jygyldysyny eşidip ýatdym. Birhaýukdan soň ol ýuwaşady. Şondan soň men ony eşitmedim. xxxxx Tutuş bir hepdeläp Jim tutuksy hem dymma ýagdaýda gezdi. Men Attikusyň şol bir gezek maslahat berşi ýaly, onuň hamyna girip, şonda birsellem gezmelemäge synanyşdym. Eger-de men gije sagat iki-de ýeke özüm Redlileriň howlusyna gitmäge mejbur bolan bolsamdym, onda ertesi gün meni jaýlamaly bolardylar. Şonuň üçinem men Jimi gününe goýdum we onuň bizar-peteňini çykarmagy bes etdim. Mekdepde bolsa sapaklar başlanypdy. Ikinji klas birinjiden oňat bolmady, hatda ondan erbedem bolup çykaýdy öýdýän. Ýene-de biziň burnumyzyň öňünde nähilidir birhili ýazmaçjyklary galgadýardylar-da, okamaga-ýazmaga rugsat bermeýärdiler. Diwaryň aňyrsyndan eşidilýän gülki partlamalarynyň esasynda hanym Kerolaýnyň klasynda nähili öňegidişlikleriň gazanylýandygyny çaklamak bolýardy. Onsoňam ol ýerde ikinjiýyllaryň tutuş bir topary galypdy, olar bolsa hanym Kerolaýnyň klasynda tertip-düzgüni üpjün etmäge ýardam berýärdiler.Ýöne bir gowy zady, indi meniňem sapaklarymyň sany edil Jimiňki ýaly boldy welin, biz sagat üçde öýmüze bilelikde gaýdýardyk. Bir gezek biz mekdebiň howlusynyň içi bilen öýmüze gaýdyp barýardyk welin, birdenkä Jim morta yglan etdi: -Men saňa heniz käbir zatlary gürrüň bermedim. Soňky birnäçe günüň dowamynda ol maňa yzly-yzyna iki sany sözi hem aýtmandy, ýöne ony birazajyk ruhlandyrmak gerekdi. -O näme hakda?-diýip men soradym. -Şol gije barada. -Şol gije barada sen maňa hiç zadam aýtmandyň. Jim edil çybyny kowan dek, maňa elini salgady. Azsalym dymdy-da, ýene-de gepläp başlady: -Men şonda jalbarymy almaga dolanypdym...haçan-da jalbarymy çykaranymda bolsa ol tikenekli sime şeýlebir çolaşypdy welin, men ony hiç sypdyryp bilmändim. Haçan-da yzyma dolananymda bolsa...-diýip Jim öýkenini dolduryp demini aldy:-Haçan-da dolananymda, jalbarym haýatdan asylgy duran ekeni, eplengije...edil maňa garaşyp duran ýaly... -Asylgydylar we garaşyp durdylar?... -Ýene-de...-diýip Jim hiç hili tolgunmasyz örän parahat ses bilen dowam etdi:-Ine, häzir öýmüze bararys welin, men saňa görkezeýin. Jalbarymyň ýyrtygy tikilipdir. Özi-de aýallaryň tikişi ýaly däl-de, birhili meniň özüm tiken bolsam şeýle bolardy. Gyşyk-çaýşyk. Edil... -...edil kimdir biri seniň, Jim, öz jalbaryňy almaga dolanjakdygyňy bilen ýaly. Jim tisginip gitdi. -Edil meniň pikirimi okan ýaly...we meniň näme etjekdigimi bilen ýaly. Ýogsa hiç kim meniň näme işlejekdigimi öňünden bilip bilmez ahyry, şeýle dälmi, Gözlüje? Munuň üçin meni doly bilmek gerek ahyry... Ol örän naýynjar gepleýärdi. Men ony köşeşdirmek isledim: -Muny hiç kim öňünden aýdyp bilmez, diňe özümiziňkiler, öýdäkilerden başga. Hatda men hem käwagtlar seniň näme işlejekdigiňi bilmeýärin ahyry. Biz öz agajymyzyň deňesinden geçip barýardyk. Gopan şahanyň köweginde bir ýumak kiriş ýatyrdy. Men: -Jim, elleme-diýdim:-Bu kimdir biriniň bukuja ýeridir. -Bukuja ýere meňzemeýär, Gözlüje. -Ýok, meňzeýär. Uolter Kaningem ýaly kimdir biri uly arakesmede şu ýere gelip öz zatlaryny gizleýän bolsa näbilýärsiň, biz bolsa olary alýarys. Bilýäňmi, gel, hiç zat ellemän, iki gün garaşyp göreli. Eger-de hiç kim almasa, onda biz alarys, bolýarmy? -Ýeri bolýar-da, belki seniň aýdýanyň dogrudyr-diýip Jim aýtdy:-Belki oglanjyklaryň haýsydyr biri bu ýerde ululardan öz zatlaryny ýygşyrýan bolmagy mümkin. Sen üns berdiňmi, rugsat möwsüminde bu ýerde hiç zat bolmaýardy. Men: -Hawa-diýdim:-ýöne tomus biz bu ýerden geçmeýäris-ä. Biz öýümize gaýtdyk. Ertesi gün irden kiriş şol öňki ýerindedi. Üçülenji gün Jim ony aldy-da, kisesine dykdy. Şondan bäri-de, biz agajyň köweginde näme tapsak özümiziňki diýip hasaplap başladyk. Dowamy bar. | |
|
√ Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 23: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
√ Gala -8: Duşuşyk - 16.02.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -11: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -10: romanyñ dowamy - 08.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |