17:13 Şygşygyny öldürmek -8/ romanyñ dowamy | |
ŞYGŞYGYNY ÖLDÜRMEK
Romanlar
Biz Jim bilen assajadan mytdyldap köçeden geçdik. Hanym Modi özüniň howlusynyň ortarasynda tüsseläp duran gap-gara çukura seredip durdy, Attikus bize gözüniň gyýtagyny aýlady-da, başyny ýaýkady, diýmek biz oňa lak atmaly däldik. Ol bizi öýe alyp ugrady, özi bolsa ýöräp barşyna biziň egnimizden ýapyşýardy, sebäbi köçe tyrpançakdy. Ol hanym Modiniň birsellem hanym Stiweniňkide ýaşajakdygyny aýtdy. Soňra sorady: -Kim gyzgynjak kakao içýär? Ol aşhanada ot ýakýança men sowukdan ýaňa gagşadym oturdym. Biz kakao içip başladyk, şol wagtam Attikus maňa geň galyp seretdi, soňra onuň gözleri nägilelikden doldy. Ol: -Göwnüme bolmasa men Jim ikiňize görkezen ýerimden butnamazlygy hem-de hiç ýere burnuňyzy sokmazlygy tabşyran ýalydym-la!-diýdi. -Biz hiç ýere burnumyzy sokmadyk hem. Biz diňe bir ýerde durduk... -Onda bu kimiň ýorgany? -Ýorgan?!... -Hawa, hanym, ýorgan. Bu biziňkä däl. Men özüme gezdirdim. Görüp otursam meniň egnimde goňur, ýüň ýorgan bar ekeni, men oňa edil hindi aýallary ýaly çolanan ekenim. -Attikus, men hiç zady bilemok...men... Şeýle diýdim-de men Jime tarap öwrüldim. Ýöne Jim bu ýorgana menden beter geň galdy. Ol: „Bu ýorganyň nireden gelendigini kim bilýär, biz ähli zady Attikusyň tabşyryşy ýaly etdik, Redlileriň derwezesiniň öňünde durdyk, hiç kimiň aýagyna çolaşmadyk, hatda ýerimizden hem butnamadyk...Ine şu ýerde Jim birden düwündi. -Jenap Natan ýangyn söndürişmäge kömek edýärdi!-diýip ol gyssanmaç gepläp başlady:-Men gördüm, gördüm, ol şol uly düşegi süýräp ýangyndan çykaryp gelýärdi...Attikus, çynymy aýdýan... -Zyýany ýok, ogul,-diýip Attikus haýaljakdan gülümsiredi:-Megerem, ol ýa-da beýleki bir derejede, tutuş Meýkomb öten gije köçä çykan bolmaly. Meniň pikirimçe, biziň ammarymyzda galyň kagyz bolmaly, Jim. Şony alyp gel, biz... -Ýok, ýok, jenap! Şol pursat göwnüme bolmasa Jim däliredi. Ol edil ýaňralyk keseline duçar bolan ýaly biziň ähli syrlarymyzy saýrap başlady, özi üçinem, meniň üçinem çekinmän, ähli zady bolşy ýaly ýaňrady, agaçdaky köwek barada-da, jalbar barada-da... -...jenap Natan agajyň köwegini sement bilen petikledi. Attikus, ol muny bilgeşleýin etdi, biziň şol ýerden hiç zat tapmazlygymyz üçin...Attikus, belki ol däli-mežnundyr, ýöne çypbakaý-çynym, ol ýeke-je gezegem, birje gezegem bize hiç hili erbet zat etmedi, şol gije bolsa ol meniň kellämi düýpgöter, başbitin kesip bilýärdi, emma ol welin, beýtmegiň deregine meniň ýyrtyk jalbaryma ýama salyp oturypdyr...ol bize hiç haçan ýamanlyk etmedi! -Ýuwaş, ýuwaş, ogul! Attikus muny öte mähirli aýtdy welin, men her näme-de bolsa biraz ynjaldym. Onuň Jimiň ýaňranlaryndan ýekeje söze-de düşünmändigi mese-mälimdi, sebäbi ol diňe: -Seniňki hak. Bu ýorgany-da özümizde goýaýarys. Belki haçanam bolsa bir Gözlüje oňa özüne doňup galmaga ýol bermändigi üçin sagbolsun aýdyp biler. -Kime „sagbolsun“?-diýip men soradym. -Betnyşan Redlä. Sen şeýlebir ägirt uly yhlas bilen ýangyny synlap durupsyň welin, hatda onuň seni öz ýorganyna çolandygyny hem duýmansyň. Meniň aňrym-bärime geldi, men tas gaýtarýardym. Jim bolsa pursatdan peýdalanyp ýorgany ýerden galdyrdy-da, pişik basyşyny edip maňa ýakynlap ugrady: -Ol assyrynlyk bilen öýden çykandyr...jaýyň künjünden yşyklandyr...amadyny peýläp, ine şunuň ýaly assajadan-assajadan seniň ýanyňa golaýlandyr... -Bu oýna kelläňi gyzdyrma, Jeremi!-diýip Attikus guraksy aýtdy. Jim bada-bat göneldi. -Bärde beýtjek bolýanam ýok. Emma men onuň gözlerindäki bezzat uçgunjygyň bir ýylp edip, dessine-de sönendigini saýgarmaga ýetişdim. Jim täze oýny oýnap başlamak pikirinden dänmäge mejbur bolupdy. -Wah!-diýip ol maňa ýüzlendi:-eger-de sen çalaja yzyňa gaňrylan bolsaň, ony görüp galardyň! Günortan bizi Kelpurniýa oýardy. Attikus bu gün bize mekdebe gitmek gerek däl diýen ekeni, sebäbi biz uzak gije çirim etmändigimiz üçin barybir hiç zat öwrenip biljek däl ekenik. Kelpurniýanyň özi bolsa iň bolmanda az-owlagam bolsa howlyny ýygnaşdyrmak gerek diýdi. Hanym Modiniň sypal başgaby buz örtüginiň aşagyndan edil bala gonan siňek ýaly çala görünýärdi, bagbançylyk gaýçysyny bolsa doňup galan toýun üýşmeginden gazyp almaly boldy. Biz hanym Modiniň onuň arka tarapdaky howlusynda tapdyk, ol dik durdy, özem doňup galan, ýalyn çabran güllerine seredýärdi. Jim: -Biz siziň zatlaryňyzy getirdik, hanym Modi-diýdi:-Biz seýlebir gynanýarys... Hanym Modi bize tarap öwrüldi, onuň ýüzünden öňküsi ýaly şadyýan ýylgyryşyň kölegesi sähel salymlyk salgym atyp geçip gitdi. -Men hemişe öz öýümiň biraz kiçiräk bolmagyny isleýärdim, Jim Finç. Oňa derek bagym uly bolar. Özüň pikirlenip gör, indi güllerim üçin mende has köp ýer bolar! -Siz düýbünden gynanmaýarsyňyzmy näme, hanym Modi?-diýip men geň galdym. Attikus hanym Modiniň şu öýünden başga hiç zady ýok diýip aýdýardy ahyry. -Gynanmakmy? Goýsana gyzjagaz, bu köne kümä men öňem zordan çydap ýördüm. Özüm ony gör, näçe gezek eljagazym bilen otlamak isledim, emma beýtsem meni dälihana ýerleşdirerdiler. -Ýöne... -Men barada ynjalyksyzlanma, Jin Luiza Finç. Bu jahanda heniz seniň düşünmeýän zatlaryň hem bar. Ine, indi men özüme kiçijik öýjagaz gurnaryn-da, oňa bir-iki jübüt kireýine ýaşaýjylary goýbererin...Onsoň, Hudaý jan kessin, ynanaýyň, meniň bagym ştatda iň gowy bag bolar! Ine görersiňiz, men bu tekepbir Billengreýsleri burnuny gaşamaga mejbur ederin! Biz Jim bilen biri-birimize seredişdik. -Bu ýangyn nädip döredi, hanym Modi?-diýip ol sorady. -Bilemok, Jim. Megerem, aşhanada, tüsseçykardaky guruma ot düşen bolmaly. Men otagdaky güllerimiň doňmazlygy üçin giç agşama çenli peçde odun ýakyp oturypdym. Ýogsa-da, meniň eşitmişime görä, öten agşam seniň ýanyňa garaşylmadyk myhman gelen ýaly-la, hanym Jin Luiza? -A siz ony nireden bilýärsiňiz? -Attikus maňa irden, işe barýarka gürrüň berdi. Dogrusyny aýtsam, men şol ýerde siziň durmandygyma örän gynandym. Ýöne şol wagt yzyma gaňrylmaga meniň-ä aklym ýeterdi. Men hanym Modiniň diňläp durşuma haýran galýardym. Onuň ähli zady diýen ýaly ýanypdy, onuň söýgüli bagy gandöküşikli jeňden soňky meýdana çalym edýärdi, oňa bolsa barybir, Jim ikimiziň işlerimiz gyzyklydy! Hanym Modi megerem meniň kelebimiň ujuny ýitirendigime düşündi öýdýän. -Gije men diňe şeýle uly başagaýlyk dörändigi hem-de hemmeleriň başyna howp abanýandygy üçin alada galdym. Sebäbi biziň ýaşaýyş toplumymyz bütinligine diýen ýaly ýanmagy ähtimaldy. Jenap Eýweri bolsa bir hepdä golaý düşekde ýatmaly bolar, ol mazalyja gowrulypdyr. Ol indi oda özüni urardan çakdan aşa garry, men onuň özüne şeýle diýibem aýtdym. Ine häzir bolsa men bir elimi ýuwaýyn, onsoň Stiweni Krouford eýlesine dönen dessine, onuň gözün güýdüşip özümiň iň gowy datly gatlakly kökämi bişirerin. Bu Stiweni bar-a, eýýäm otuz ýyl bäri menden şol kökämiň düzüminiň hem bişirilişiniň syryny biljek bolup çyr-çytyr çytraşyp ýör, ýöne eger-de ol häzir özümiň onuň öýünde wagtlaýyn ýaşaýandygym üçin öz syrymy açaryn öýdüp çaklaýan bolsa, öte ýalňyşýar. Men bolsa pikir etdim, eger-de hanym Modi saklanyp bilmän öz syryny açaýanynda-da, barybir hanym Stiweni hiç zat başarmaz. Men bir gezek hanym Modiniň özüniň meşhur gatlakly kökesini bişirişini görüpdim, ähli zatdan daşgary, kökäniň hamyryna bir ullakan käse şeker guýmalydy. Imi-salalyk gündi. Sowuk hem arassa howada islendik ses alyslara ýaýrap gidýärdi. Biz hatda kazyýetiň binasyndaky sagadyň şygyrdap ugrandygyny-da eşitdik. Ol zaň urmaga taýynlanýardy. Hanym Modiniň burny täsin reňklidi, men häzire çenli beýle zady görmändim, şonuň üçinem bu näme üçin beýle diýip soradym. -Men bu ýerde daňdan altydan bäri durun-diýip hanym Modi jogap berdi:-Megerem sowuk uran bolsam gerek. Ol ellerini galdyrdy. Onuň aýalary gatan gandan hem hapadan ýaňa goňralyp gidipdir, hemme ýeri-de jaýryk-jaýrykdy. Jim: -Siz eliňizi zaýalaýypsyňyz-ow-diýdi:-Näme üçin günlükçi garaýagyzlaryň birini çagyrmadyňyz? Ýa-da Gözlüje ikimizi çagyran bolsaňyzam bolýar, biz kömek ederdik-dä. Hanym Modi: -Men size minnetdar, jenap-diýdi:-Mensizem siziň işiňiz başyňyzdan agdyk ýaly-la. Ol biziň howlumyza tarap baş atdy. -Hä, siz bu Mofrodit barada aýdýarsyňyzmy?-diýip men soradym:-Äý biz ony häzir derrew eýläk-beýläk edişdirip, tekizläris. Hanym Modi gözlerini tegeläp maňa dikildi, onuň dodaklary bolsa sessiz gymyldap durdylar. Birdenem ol kellesine ýapyşdy-da, çasly jakgyldap başlady! Biz oňa aňalyp durdyk-durdyk-da, soňam jyňkymyzy çykarman howlumyza gaýtdyk, ol bolsa şondan soňam gülüp durdy. Barýarkak Jim oňa näme bolýandygyna düşünip bolmaz, bir söz bilen aýdanyňda juda täsin adam, ine-de bar bolany diýip pyşyrdady. xxxxx -Gaýtmyşym diý! Men gazaba münüp Sesil Jeýkobsa şeýle diýip herreldim, şol pursatdan başlabam Jim ikimiz üçin ýaman günler başlandy. Men ýumrugymy düwdüm-de, söweşe taýýarlandym. Attikus eger-de meniň ýene-de kimdir biri bilen saçýoldy oýnanymy eşidäýse, meni çygar çybyk bilen mazalyja saýgylamaklygy wada beripdi, sebäbi ol aýtmyşlaýyn, men eýýäm ulalypmyşym, indi çagasyrap ýörmegi bes etmelimişim, özüme erk edip, saklanmagy näçe çalt öwrensem hem hemmämiz üçin şonça-da gowy boljakmyşyn. Ýöne men bu barada bada-bat ýadymdan çykardym. Sesil Jeýkobs zerarly ýadymdan çykardym. Şol wakanyň öň ýanynda ol mekdebiň howlusynda „Gözlüjäniň kakasy şar-garakirlileri goraglaýar“ diýip gygyrdy. Menem onuň bilen dawalaşyp ugradym, soňam Jime aýtdym. -Ol näme barada gykylyk turuzýar?-diýip soradym. Jim: -Hiç zat barada-diýdi:-Attikusdan sora, ol saňa düşündirer. -Attikus, sen çyndanam şar-garakirlileri goraglaýarsyňmy?-diýip men agşam soradym. -Hawa, elbetde. Ýöne „şar-garakirliler“ diýme, Gözlüje, bu örän gödek bolýar. -Mekdepde hemmeler şeýle diýýär. -Ýeri diýenlerinde näme, indiden beýläk bolsa senden başga hemmeler diýerler. -Onda näme, eger-de sen meniň şeýle geplänimi islemeýän bolsaň, meni mekdebe gitmäge mejbur edýärsiň? Kakam dymyp maňa äňetdi-de, diňe gözleri bilen ýylgyrdy. Kakam ikimiziň aramyzda eglişikli ylalaşyk henizem hereket edip ýören bolsa-da, men mekdep durmuşyndan gerk-gäbe doýgundym, hemişe-de eýdip-beýdip sapaklara gitmezlige dyrjaşýardym. Sentýabryň ilkinji günlerinden başlap, ýa meniň başym aýlanýardy, ýa aýaklarym göwrämi göterip bilmeýärdiler, ýa içim towlaýardy, ýa şoňa meňzeş başga bir keseller meniň üstüme yzyny üzmän hüjüm yzyna hüjüm edýärdiler. Men hatda hanym Reýçeliň aşpeziniň oguljygyna, onuň kellesine kellämi süýkemek üçin soňkuja bäşköpükligimi hem beripdim, onuň kellesinde gijilewükli kel bardy. Emma näçe yhlas etsem-de kel keseli maňa ondan ýokuşmandy. Häzir welin, meniň başga bir aladam bardy. -Attikus, hemme aklawjylar şar-garakirl... garaýagyzlary goraglaýarlarmy? -Elbetde, Gözlüje. -Onda näme üçin Sesil diňe sen şar-garakirlileri goraglaýaň diýip aýtdy? Ol muny şeýlebir dişinden syzdyryp, erbet edip aýtdy welin...edil ýöne,...sen ogurlyk edýän ýaly bolup eşidildi. Attikus uludan demini aldy. -Men diňe garaýagyz adamyň hukuklaryny goraýaryn, onuň ady Tom Robinson. Ol şäheriň zibilhanasynyň aňyrsyndaky kiçijek şäherçede ýaşaýar. Ol Kelpurniýa bilen bir ybadathana gatnaýar, şonuň üçinem Kelpurniýa onuň tutuş maşgalasyny oňat tanaýar. Kel, olar örän oňat adamlar diýýär. Sen heniz körpeje bolandygyň üçin, Gözlüje, ähli zada düşünmeýärsiň, ýöne şäherde köpler maňa bu adam üçin yhlas etmeli däldigimi aýdyp, ýeňsämden gürrüň edýärler, ýüzüme gygyryşýarlar. Ýöne bu düýbünden üýtgeşik iş. Ol diňe tomusky möwsümde seljeriler. Jon Teýlor bolsa eglişik edip bize puryja berdi... -Eger-de ony goramak gowy däl bolsa, onda näme üçin sen ony goraýarsyň? Attikus: -Onuň sebäbi köp-diýdi:-Iň esasy zadam eger-de men ony goramasam onda adamlaryň gözüne seredip bilmerin, ştatyň kanunçykaryjy ýygnagynda öz okrugymyza wekilçilik edip bilmerin, hatda Jim ikiňize-de beýle iş etmäň, ine şunuň ýaly hereket ediň diýibem bilmerin. -O nähili? Diýmek onda, eger-de, sen ol adamyň hukuklaryny goramasaň, onda Jim ikimiz saňa gulak gabartman, islän zadymyzy edip bilýäris bolýar-da?! -Hawa, takmynan şeýle. -Näme üçin? -Sebäbi şeýle ýagdaýda men sizden özüme gulak asmagy talap edip bilmerin. Biziň işimiz şeýle-dä, Gözlüje, her bir aklawjynyň durmuşynda iň bolmanda bir gezek şeýlebir iş bolýar, şol işem onuň öz durmuşyna-da täsir edýär. Ine şu iş hem, megerem, meniň üçin şeýle iş bolsa gerek. Mümkin, bu iş zerarly sen mekdepde örän köp ýaramaz gep-gürrüňleri eşitmäge mejbur bolarsyň, ýöne men senden bir zat barada towakga edýän, başyňy belent tut-da, her bir bolgusyzlyk üçin darkaşa girme. Kim näme diýse-de özüňi gazap atyna atlandyrmaga mümkinçilik berme. Kämahalam, hemişekiň dek diňe eliň bilen däl-de, az-da kän-de üýtgeşiklik bolar ýaly kelläň bilenem söweşmäge dyrjaşsaň gowy bolar... Seniň bujagaz kellejigiň edil beýlebir erbedem däl, ýogsa dogrusy ol okuw okamaga öte erjel garşylyk görkezse-de görkezýändir welin... -Attikus, biz bu işde ýeňerismi? -Ýok, körpejäm. -A onda näme... Attikus: -Sebäbi bizi ýüz ýyl mundan ozal ýeňip, mazaly ýepbeklän bolsalar-da, barybir entek-enteklerem söweşmeli bolýarys-da...-diýdi. Men: -Sen-ä edil Aýk Finç kakamyz ýaly gürleýäň-diýdim. Biziň Aýk Finç kakamyz Günorta Goşunyň Meýkomb okrugynda ýaşap ýören ýeke-täk esgeridi. Onuň sakgaly edil general Hudyňka çalymdaşdy, olam muňa gülkünç buýsanýardy. Her ýylda azyndan bir gezek Attikus bizi-de ýanyna alyp onuňka görme-görşe barýardy. Onsoň men ony öpmäge mejbur bolýardym. Bu örän aýylganç ezýetdi. Attikus bilen Aýk kakamyz ýene-de we ýene-de şol uruş barada jedelleşýärdiler, Jim ikimiz bolsa olary hormat bilen diňläp oturýardyk. -Men şeýle diýip aýtjak, Attikus,-diýip Aýk kakam basym berip gepleýärdi:-Missuri dildüwşügi – ine näme biziň başymyza ýetdi. Eger-de maňa täzeden başlamaklyga mümkinçilik berlen bolsady, onda men ýene-de şol ýoly geçerdim we ýekeje ädim hem yza tesmezdim, özi-de bu gezek biz olaryň mazalyja eýini ýetirerdik...Ine altmyş dördünji ýylda welin, biziň üstümizden Daşbeden Jekson eňterilipdi... bagyşlaň, ýaş ýigitler... altmyş dördünji ýylda Garry Ýangyn söndüriji eýýäm Hudaýa amanadyny tabşyrypdy, goý onuň ýatan ýeri ýagty bolsun... Attikus: -Bärik gel, Gözlüje-diýdi. Men onuň dyzyna mündüm-de, kellämi döşüne goýdum. Ol meni iki eli bilenem gujaklady-da, huwwalaýan ýaly assajadan iki-baka yralap başlady. Ol: -Bu wagt ähli zat başgaça-diýdi:-Häzir biz ýankiler bilen däl-de öz dostlarymyz bilen söweşýäris. Ýöne ýadyňdan çykarma, nähili rehimsiz garpyşmaly bolsa-da, barybir olar biziň dostlarymyzdyr, bu bolsa biziň mähriban ülkämizdir. Men muny ýadymdan çykarmaýardym, emma barybir ertesi gün mekdebiň howlusynda Sesil Jeýkobsyň öňünde jylawymdan çekilen ýaly kürtdürip durdum. -Ýeri, gaýtmyşym edýärsiňmi? -Edäýmerin!-diýip ol ulili bilen gygyrdy:-Biziň öýmüzde seniň kakaň bütin şäheri wejera edýändigini, ol şar-garakirlini bolsa belendräk ýerden asmalydygyny aýdýarlar. Men onuň tumşugyna kakyp goýbermäge çemelendim, emma birdenkä Attikusyň aýdanlary hakydama geldi welin, men ýumrugymy ýazdym-da, ol ýerden ýeňsämi el ýaly etdim. -Gorkdy! Gorkdy!-diýip meniň gulagym ýaňlanýardy. Ömrümde ilkinji gezek men garpyşykdan ýüz dönderipdim. Eger-de çynlakaý ölçerip-dökseň, näme üçindir eger-de men uruşsam Attikusa dönüklik etjekdigim hakyndaky netije gelip çykýardy. Ol bolsa Jim ikimizden nämedir bir zady örän seýrek haýyş edýärdi...gowusy, men onuň üçin ähli zada döz geleýin-le, munuň üçinem goý maňa züwwetdin diýip dodaklaryny çöwürseler çöwrübersinler. Men özümiň geçirimliligime hem-de Attikusyň haýyşyny ýadyma salyp saklanyp bilendigime haýranlar galyp aňyrsyna çykyp bilmeýärdim. Şeýle ýagdaý-da men ýene-de tutuş üç hepdeläp özümi örän asylly hem geçirimli alyp bardym, soň bolsa täze ýylyň öňisyrasy gelip ýetdi we meniň başymdan bela-beter indi. Täze ýylyň gelip ýetmegine biz Jim bilen birhili garym-gatym, düşnüksiz duýgulara beslenip garaşýardyk. Täze ýyl arçasy we Jek Finç kakamyz – bu örän ajaýypdy. Her ýyl täze ýyl baýramynyň öňisyrasynda biz Meýkomb demir ýol menziline Jek kakamyzy garşy almaga gidýärdik, onsoň ol bizde tutuş bir hepdeläp myhmançylykda bolýardy. Ýöne bu baýramçylygyň ters ýüzi-de bardy – Aleksandra ejemiziň we Frensisiň ýanyna gutulgysyz görme-görşe barmak. Megerem bu ýerde „Jimmi kakamyzyň hem“ diýip üstüne goşmak gerekdir, sebäbi ol Aleksandra ejemiň adamsydy, ýöne ol hiç haçan meniň bilen hatda gepleşmeýärdi hem, diňe bir gezek: „Haýadyň üstünden düş“ diýipdi. Şonuň üçinem men onuň bardygyny ap-arkaýyn undubam bilerin. Aleksandra ejemiň özi-de onuň bardygyny kän bir ýadynda saklap durmaýardy. Bir wagtlar, olar birek-birege mähirli hyjuwlary joşan pursatlary Genri atly ogullaryny dünýä inderipdirler. Ol bolsa ilkinji mümkinçilikden peýdalanyp öýünden gaçyp gidipdir-de, öýlenip, Frensisiň dogulmagyna sebäp bolupdyr. Her ýyl, täze ýyl baýramçylygynyň öňisyrasynda Genri bilen aýaly Frensisi atasy bilen enesine tabşyrýardylar-da, özlerem şady-horramlyga ýüz urmaga gidýärdiler. Biz näçe ah çekip, arasyny kesmän uludan demimizi alyp ýörsek-de, Attikus baýramçylygyň ilkinji günleri bize öýmüzde galmaga rugsat bermeýärdi. Men özümi bilelim bäri biz täze ýylyň öňisyrasyndaky Isa pygamberiň dünýä inmeginiň baýramyny „Finçiň duralgasynda“ geçirýärdik. Aleksandra ejemiň örän eli süýjüdi, iň bolmanda şu ýagdaý belli bir derejede Frensis Henkok bilen bir tünekde baýramçylyk bellemegiň ezýetiniň öwezini dolýardy. Frensis menden bir ýaş uludy. Men hemişe-de ondan daşrakda duranymy kem görmeýärdim. Sebäbi ol maňa ýaramaýan ähli zatlardan lezzet alýardy, meniň iň bir günäsizje güýmenjelerim bolsa oňa ýaramaýardy. Aleksandra ejem Attikusyň süýtdeş uýasydy, ýöne haçan-da Jim maňa çalşyrylan hem taşlanan çagalar barada gürrüň berenden soň, men megerem Aleksandra ejemi sallançakdaka başga bäbek bilen çalşyrandyrlar, onsoň atam bilen enemem bilmän kesekileriň çagasyny terbiýeläp ýetişdirendirler, hakykatda bolsa, ol Finçlerden däl-de Kroufordlardan bolaýmasa diýen netijä geldim. Eger-de men kazylary we aklawjylary jadylanan daglaryň hemişe yzarlap gelýändigine çynym bilen ynanýan bolsamdym, onda Aleksandra ejemi Ewerest diýip hasaplardym. Meniň çagalygymyň ähli ýyllarynda ol hemişe meniň ýanymda öz tekepbirligi hem dabaraly özüni alyp barşy bilen meni elheder aldyryp desbi-dähil bolup gezipdi. Ahbetin täze ýylyň öňisyrasy-da gelip ýetdi, otlynyň wagonyndan Jek kakam böküp çykdy, ýöne biz onuň iki sany uzyn kagyz düwünçegini göterip gelýän ýük göterijä garaşmaly bolduk. Jek kakamyň Attikusyň ýaňagyndan şapbyldadýandygy hemişe Jim ikimiziň gülkimizi tutdurýardy, sebäbi beýleki erkek kişiler hiç wagt biri-birini öpmeýärdiler. Jek kakam Jim bilen elleşip salamlaşdy, meni bolsa bagryna basdy-da, al-asmana, ýöne gaty beýge däl oklap gapdy. Onuň boýy Attikusyňkydan bir kelle dagy pesdi. Jek kakamyz maşgalanyň kiçisidi, Aleksandra ejemden hem ýaşdy. Olaryň ýüz-keşbi meňzeşdi, ýöne megerem Jek kakam öz ýüzüne has gowurak eýelik eden bolara çemeli, onuň çüri burny hem eňegi bizi jinnek ýaly-da üýşendirmeýärdi. Ol meniň dynnym ýalyjak-da çekinmeýän ylymly adamlarymyň biridi, megerem onuň özüni lukman ýaly alyp barmaýandygy üçin bu şeýledir. Eger-de ol maňa ýa-da Jime owunjak em etmeli bolan ýagdaýynda – aýdaly, dabandan tiken çykarmaly bolsa – hemişe öňünçäsi nädip we näme etjek bolýandygyny, etjek bolýan hereketiniň agyrylydygyny ýa-da däldigini we şol iş üçin haýsy müçenekleriň gerekdigini aýdýardy. Bir gezek, şol saparam täze ýylyň öňisyrasynda meniň aýagyma ýogyn, egri, äpet tiken çümdi, onsoň menem hiç kimi hatda ýanyma-da golaýlatman şol tikenim bilen burçdan burça gaçdym ýördüm. Jek kakam bolsa meni tutdy-da, ybadathana gitmegi düýbünden halamaýan bir ruhany barada gülkünç gürrüň berip başlady. Ol ruhany hamana her gün derwezesiniň öňüne çykýarmyş-da, suw çilimini tütedip, her bir öwüt-ündewe mätäç bolan ötegçä bäş minutlyk wagyz aýdyp berýärmiş. Jykyr-jykyr jykyrdap durşuma men Jek kakamdan haçan tikeni aýagymdan çykaryp başlajakdygyny aýtmagy haýyş etdim, şonda ol maňa müçenek bilen tutup duran gana boýalan tikenini görkezip, ony men gülüp durkam çykarandygyny aýdypdy. Şonda-da men bu dünýäde ähli zadyň, şol sanda agyry bilen gorkynyň hem belli derejedäki zatlardygyna düşünipdim. -Bu näme?-diýip men Jek kakama hammalyň beren uzyn, inçe kagyz dolaklary barada soradym. -Bu seniň işiň däl-diýip Jek kakam jogap gaýtardy. -Roza Eýlmeriň ýagdaýlary nähili?-diýip Jim sorady. Roza Eýlmer Jek kakamyň pişigidi. Ol çypar hem örän owadandy, Jek kakam: „Ol meniň öz ýanymda bolmaklaryna islendik wagtlap çydap bilýän seýrek zenan maşgalalarymyň biri“ diýýärdi. Jek kakam kisesine elini sokdy-da, bize pişiginiň birnäçe fotosuratlaryny görkezdi. Suratlar juda oňat düşürilipdir ekeni. Men: -Ol çakdan aşa çalt semreýär-diýdim. -Bu ýerde geň galyp oturasy hiç zat ýok. Ol meniň hassahanada kesýän gulaklarymyň we barmaklarymyň ählijesini ýeke özi lak-luk atýar ahyry. Men: -Goý meni jyn ursun, bu beýle däldir!-diýdim. -Bagyşlaň, siz nähili söz diýdiňiz? Attikus: -Oňa üns berme, Jek,-diýdi:-Ol şeýdip seni synap görýär. Kel onuň eýýäm bir hepde bäri arasyny üzmän sögünýändigini aýdýar. Jek kakam gaşlaryny gerdi, ýöne maňa kelam agyz zat diýmedi. Sögünç sözler maňa dogrusy, öňem, ýöne özbaşlaryna-da ýaraýardy, ýöne meniň beýle hereket etmegimiň esasy sebäbi welin, başgady. Eger-de Attikus meniň mekdepde hapa-paýyş sögünmegi öwrenendigimi görse, meni şondan beýläk mekdebe gatnamaga mejbur etmez öýdýärdim. Ýöne agşam naharyny iýip otyrkak men: „Haýyş edýän, maňa şol kakadylan al kakmyş göle etini geçirseňizläň“ diýenimde Jek kakam haýbat bilen süýem barmagyny maňa garşy çommaltdy-da: -Men siziň bilen nahardan soň gepleşerin, mertebeli hanym!-diýdi. Agşam naharyndan soň Jek kakam myhman otagyna geçip, kürside oturdy-da, dyzyna çalaja kakdy. Bu onuň: „bärik mün“ diýdigidi. Men ony ysgamagy gowy görýärdim, ondan edil şeraply çüýşeden gelýän ýaly nähilidir birhili süýji ys gelýärdi. Ol meniň maňlaýyma dökülip duran alyn saçymy süýşürdi-de, ýüzüme çiňerildi. Ol: -Sen ejeňden Attikusa has beter meňzeýärsiň-diýdi:-Özem indi sen göwnümemi nämemi, ýa çakdan aşa ulalýaň, ýa çenden artyk akyllanýaň, maňa hatda sen eýýäm öz jalbaryňdan ulalanam ýaly bolup görünýärsiň. -Meniň pikirimçe bolsa olar maňa laýyk şapylaşyp durlar. -Görýän welin, saňa „al kakmyş“, „jyn“, „arwah“ ýaly her hilije sözjagazlar ýaraýan ýaly-la? Bu örän dogrudy. Jek kakam: -Maňa welin beýle sözler ýaramaýar-diýdi:-Eger halys zerur bolmasa, men seniň ýeriňe bolan bolsam şeýle sözleri gören ýerimde gaýtalap ýörmezdim. Men bärde bir hepdeläp dagy bolmakçy, şol wagtyň içinde-de ýaňka meňzeş zatlaryň hiç birisini eşidesim gelmeýär. Eger-de sen şeýle sözleri çem gelen ýerde aýdyşdyryp ýörseň, Gözlüje, sen öz başyňa käbir islenilmeýän başdan geçirmeleriň inmegini gazanarsyň. Onsoňam, seniň hakyky mertebeli hanym bolup ýetişesiň gelýändir ahbetin? Men: „Beýlebir bir isläbem baramok, şony“ diýdim. -Elbetde isleýänsiň, indi bolsa ýör, arçanyň ýanyna gideli. Biz arçany giç agşama çenli bezedik, soňra gije meniň düýşüme Jim ikimiz üçin niýetlenen iki sany süýnmek kagyz dolaklar girdi. Ertesi irden biz Jim bilen olary arçanyň aşagyndan tapdyk, olar Attikusyň täze ýyl sowgadydy, Jek kakam olary kakamyzyň haýyşy bilen getiren ekeni, özem olar tüýs biziň isleýän zadymyz ekeni. -Öýde bir beýtmäň-diýip Attikus haçan-da Jim diwardan asylgy suraty didiwana mündürende haýyş etdi. Jek kakam: -Görýän welin, saňa olara az-owlak tüpeň atmagy öwretmek gerekmikä diýýärin-diýdi. Attikus bolsa: -Ine bu welin, seniň işiň-diýdi:-Men diňe gutulgysyz täleýime ten berdim. Biziň arçanyň ýanyndan hiç aýrylasymyz gelmedi, tä Attikus bize özüniň söýgüli hukuk jümleleri bilen ýüzlenenden soň biz ol ýerden çekildik. Ol bize howa basyşy bilen güllejik atýan tüpeňimizi „Finçiň duralgasyna“ gidenimizde ýanymyza almaga rugsat bermedi (Ýogsa dogrusy, men şol pursat Frensisi atyp tükgertmek barada meýillenmäge-de başlapdym). Attikus bize eger-de biz tüpeňler bilen haýsydyr bir bezzatlygy etsek, onda olary yzyna alyp, soňam bermejekdigini duýdurdy. „Finçiň duralgasy“ kenaryň kert erňeginde ýerleşýärdi, aşak, gaýyk duralgasyna bolsa üç ýüz altmyş alty sany basgançak eltýärdi. Akymyň ugruna has daşrakda, kert erňegiň aňyrsynda, köne gaýyk duralgasynyň galyndylary görünýärdi, ol ýerde gadym döwürlerde Finçiň garaýagyz gullary gämilere pagta gülebentlerini ýükläp, olardan buz, bal, un, şeker we oba hojalyk gurallaryny hem-de zenanlaryň lybaslaryny düşürer ekenler. Kenardan giň ýol uzalyp, tüm-garaňky tokaýda ýitip gidýärdi. Ýol iki gatly ak jaýyň alkymyna eltýärdi, jaýyň daş-töweregi eýwanlydy, ýokary gatynda bolsa giň däliz bardy. Biziň aňrymyz Saýmon Finç garran uçurlary bu jaýy iňirdewük aýalyna ýaranmak üçin gurupmyş, ýöne eýwanlary hem-de dälizi bilen bu jaýyň öz zamanasynyň beýleki adaty jaýlary bilen meňzeşligi doly tamamlanýardy. Sebäbi onuň içki gurluşy Saýmon Finçiň päkgöwünligine hem-de öz zürýatlaryna bolan beýik ynamyna şaýatlyk edýärdi. Ýokarky gatda alty sany ýatylýan otag bardy, dördüsi onuň sekiz sany gyzy üçin, biri ýalňyz ogly Uilkom Finç üçin, galan birisi bolsa garyndaşlyk gatnaşygy bolan myhmanlar üçin. Bu gurluş göräýmäge örän sada ýaly, emma gyzlaryň otagyna diňe bir basgançak bilen, ogly hem-de myhmanlaryň otagyna bolsa diňe başga bir basgançak bilen baryp bolýardy. Gyzlaryň basgançagy aşaky gatdaky ene-atalaryň ýatylýan otagynda başlanýardy, şol sebäpli-de Saýmon Finç gijelerine özüniň her bir gyzynyň her bir ädimine belet bolup ýatyp bilýän ekeni. Aşhana uly jaýdan aýratyn ýerleşýärdi we ony jaý bilen ýapyk däliz birleşdirýärdi. Jaýyň arka tarapynda sütünden posly jaň asylgydy, onuň bilen meýdan işleýän günlükçi garaýagyzlary nahara çagyrýardylar, ýangyn ýa-da başga bir betbagtçylyk barada habar berýärdiler. Jaýyň üçegi tekizdi, aýdyşlaryna görä, öňler dul galan aýallaryň ýekelikde gezmelemekleri üçin üçekleri şeýle edip gurýan ekenler. Ýöne bu üçekde hiç hili dul aýallar gezim etmändir, onuň üstüne çykyp Saýmon Finç özüniň gullarynyň gözegçisini yzarlapdyr, derýadan geçýän gämileri synlapdyr, golaýyndaky öz mülk ýerleriniň kärendeçileriniň nähili ýaşaýandyklaryna ogrynça gözegçilik edipdir. Beýleki köp jaýlar ýaly bu jaý barada-da ýankiler bilen uruş döwrüniň rowaýaty bardy. Hamana Finçleriň kowmundan bolan hem-de şol waka bolmazynyň öň ýanynda bir ýigit bilen adaglanan bir gyz, çar-töwerekde ysyrganyşyp, pelesaň kakyp ýören garakçylara şam bolmazlygy üçin özüniň elbukjasyndaky ähli lybaslaryny geýipdir-de, gyzlaryň dar basgançagyndan aşak düşmekçi bolanda oňa dykylyp, ne eýläk ne beýläk, gymyldap bilmän galypdyr, ýöne onuň üstünden buz ýaly suwy eňteripdirler-de, ony ahyrsoňy itekläp-çekelekläp ýere düşüripmişler. Biz „Duralga“ geldik, Aleksandra ejem Jek kakamy ogşady, Frensis hem Jek kakamy ogşady, Jim kakam bolsa sesini çykarman Jek kakamyň elini gysdy, biz Jim bilen Frensise täze ýyl sowgadyny gowşurdyk, ol bolsa bize. Jim bada-bat özüniň eýýäm ulalandygyny syzdy we ulularyň ýanyna çekildi, doganoglanymy güýmemek bolsa meniň başyma düşdi. Frensis eýýäm sekiz ýaşap geçipdi we ol saçyny yzyna gaňtaryp daraýardy. -Saňa täze ýylda näme sowgat berdiler?-diýip men örän sypaýyçylyk bilen soradym. Ol: -Men näme haýyş eden bolsam, şony-diýdi. -Örän gowy-diýip men kiçi dilden bäri aýtdym:-Jim ikimize howa basyşy bilen atylýan tüpeň sowgat berdiler, Jime bolsa ýene-de himiýa toplumyny hem... -Megerm oýnawaç bolsa gerek. -Ýok, hakykysyny. Ol maňa göze görünmeýän syýa ýasap berer, onsoň men şol syýa bilen Dille hat ýazaryn. Frensis munuň näme üçin gerekdigini sorady. -Sen näme düşünmeýärsiňmi? Ol menden hat alar, bukjanyň içinden bolsa boş kagyz çykar – onuň haýran galmakdan ýaňa gözi çaşarar ahyry! Frensis bilen gepleşmek edil juda haýallyk bilen ummana çümen ýaly bir zat, iň düýbüne çenli. Men bütin ömrüme başga bir şeýle ýürekgysgynç oglanjygy görmedim. Ol Mobilde ýaşaýardy, şonuň üçinem men barada mugallymlara şugullap bilmeýärdi, ýöne özüniň bilýän zatlarynyň ählisini Aleksandra ejeme aýtmaga welin, mümkinçilik tapýardy, ol bolsa öz gezeginde Attikusa içini dökýärdi. Attikus bolsa käwagtlar-a aýdylanlary bir gulagyndan girizip beýlekisindenem çykaryp goýberýärdi, kämahallaram maňa mazaly käýýäp göwün solpusyndan çykýardy. Umuman keýpi kellesindedi. Bir gezek bolsa ol Aleksandra ejeme sesini gataldyp: -Uýam, men olara başarymça edep-terbiýe berýärin!-diýipdi. Men hiç wagt onuň kimdir birine şeýle gaty-gaýrym jogap berendigini eşitmändim. Anyk ýadyma düşmeýär welin, meniň çaklaýşyma görä, şol gürrüň meniň erkek kişileriň iş geýiminde oglanjyk ýaly jalaýlyk satýandygymdan başlanypdy öýdýän. Meniň geýim-gejimim baradaky alada Aleksandra ejemiň hut janyny alyp gelýärdi. Bir gezek ol maňa eger-de men jalbarda şallaklap ýörsem menden hiç haçanam hakyky asylly hanym çykmaz diýdi, menem oňa uzyn köýnekde hiç zadam işläp bolmaýar, aýagyňa çolaşýar diýdim welin, Aleksandra ejem maňa ýerine ýetirmek üçin jalbar geýmeli bolýan işler bilen meşgullanmagyň meniň derkaryma däldigini aýdyp jogap berdi. Aleksandra ejemiň düşünjesine görä, men oýnawaç okarajyklar, çäýnek-käsejikler bilen gümra bolmalydym, özüniň maňa dünýä inenimde peşgeş beren emeli merjenden monjugyny dakynmalydym, onsoňam kakamyň ýalňyzlykdan dos-doly durmuşyny röwşen nurym bilen şöhlelendirmelidim. Men şonda: „jalbarly gezseňem barybir islän zadyňy şöhlelendirip bolýandyr-la“ diýdim, emma Aleksandra ejem: „ýok“ diýdi, hamana men edil röwşen şöhlejik ýaly bolmalymyşym, hamana men oňatja gyz bolup doglanmyşym, indi bolsa ýyl-ýyldan erbetleşip, kakabaşlaşyp barýarmyşym. Ol meni tükeniksiz kötekläp, üznüksiz masgaralap tüketmedi, tüketmedi, ahbetin men çydaman, Attikusdan soradym. Ýöne ol: -Biziň maşgalamyzda röwşen şöhleler öňem ýetik-diýdi:-Öz işiň bilen boluber, umuman alanyňda sen şu bolşuň bilen hem belli bir derejede meniň göwnüme ýaraýýan ýaly öz-ä. Dowamy bar. | |
|
√ Bäşgyzyl -3: romanyň dowamy - 12.09.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -10: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -2: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Dirilik suwy -11: romanyñ dowamy - 12.05.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -14: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýazlagda - 07.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |