17:34 Şygşygyny öldürmek -9/ romanyñ dowamy | |
ŞYGŞYGYNY ÖLDÜRMEK
Romanlar
Baýramçylyk nahary wagty, aşhanada meni özbaşyma, aýratyn oturtdylar, Jim bilen Frensis bolsa ulular bilen bir saçagyň başyndadylar. Aleksandra ejem Jim bilen Frensis birmahala ulularyň saçagynyň başyna geçirilenem bolsalar, meni entegem aýratyn oturdýardy. Men köplenç pikir edýärdim, ol nämeden gorkýarka, ýa birdenkä men jynlana dönüp ýerimden dikeläge-de nämedir bir zatlary ýere zyňyşdyryp başlaberermikäm öýdýärmikä? Käwagtlar men ondan şeýlebir haýyş edesim gelýärdi, goý, ol maňa ýekeje gezek ulularyň arasynda oturmaga rugsat bersin, onsoň meniň özümi nähili salyhatly alyp barmagy başarýandygymy gözjagazlary bilen görüp, haýranlary hekgererdi. Sebäbi men öýmüzde hemmeler bilen bilelikde her gün nahar iýýärdim-ä! Bu sebäpli hiç hili aýylgançlyk hem gopmaýardy. Men bir gezek bu barada Attikusdan haýyş etdim, belki Aleksandra ejem oňa gulak asar diýen umyt bilen. Emma kakam maňa: „ýok“ diýdi, biz hamana myhmanmyşyk, öý bikesi bizi nirede oturdasy gelse-de, biz jyňkymyzy çykarman şol ýerde-de oturmalymyşyk. Ýene-de ol: „Aleksandra ejeň gyzjagazlardan beýlebir gowy baş çykaryp hem durmaýar, sebäbi onuň özünde gyzjagaz ýok“ diýdi. Ýöne Aleksandra ejemiň taýýarlan biş-düşi welin bu oňaýsyzlyklaryň ählisiniň öwezini doldy. Üç sany etli tagam, ammardan getirilenem bolsa edil tomusda, mellekden ýyglan ýaly terje dürli-dümen gök-sökler, duzly suwa ýatyrylan erikler, iki sany äpet süýji gatlakly, süp-süýji bal, ine şu giden zatlaram ýönekeýje baýramçylyk naharydy. Bu dürli-dümeniň dürüşdesinden soň ulularyň hemmesi myhman otagyna geçdiler-de, nähilidir birhili doňňara-daş meýmiremede doňup galdylar. Jim halynyň üstünde uzyn süýndi, men bolsa howla çykdym. -Paltoňy geý-diýip Attikus ukuly ses bilen aýtdy welin, men ony eşitmedik boldum. Frensis meniň ýanyma gelip bosaganyň basgançagynda oturdy. Men: -Hiç haçan şeýle süýji naharlanmandym-diýdim. Frensis: -Enem örän ajaýyp tagamlary bişirýär-diýdi:-Ol maňa hem öwreder. -Oglanjyklar nahar bişirmeli däl. Men Jimi Kelpurniýanyň öňlügini dakynan keşpde göz öňüme getirdim-de, pyňkyryp goýberdim. -Enem, ähli erkek kişilere nahar bişirmegi öwrenmek we öz aýallaryna idi-yssywat edip, olar doly sag däl wagtlary olar barada alada etmek gerek diýýär-diýip meniň doganoglanym apaň-apaň gepledi. -Men bolsa Dilliň men barada alada etmegini islemeýärin, gowusy meniň özüm ol hakda alada etjek. -Dill hakda? -Hawa. Sen häzirlikçi hiç kime aýtma, haçan-da biz ulalanymyzdan soň biz bada-bat maşgala gurarys. Ol geçen tomus maňa özüne durmuşa çykmagy teklip etdi. Frensis ýerde togalanyp diýen ýaly gülüp başlady. -Onuň nämesi erbet?-diýip men Frensisden soradym:-Hiç zady hem erbet däl. -Bu şolmy, şol ýerden ýeke garyş saýlananjamy? Enem onuň geçen tomus hanym Reýçeliňkide myhmançylykda bolandygyny aýdypdy? -Hawa, hut özi. Frensis: -Men ol barada ähli zady bilýärin!-diýdi. -Näme bilýärsiň? -Enem onuň öýi ýok diýýär... -Ýok, bar. Ol Meridianda ýaşaýar. -...şonuň üçinem ony hemişe bir garyndaşyndan beýleki garyndaşynyňka ugradyp gün görýärler, hanym Reýçel hem şonuň üçin ony her ýyl tomsuna öz öýlerine alýar. -Frensis, sen ýalan sözleýärsiň! Frensis syrtardy. -Sen nähili samsyk, Jin Luiza! Äý, onsoňam seniň ýalydan näme aljak diýsene! -O nähili? -Enem, eger-de Attikus daýym saňa köçeleriň ugrunda gözegçiliksiz şallaklap ýörmäge rugsat berýän bolsa, bu onuň öz işi, bu ýerde seniň günäň ýok diýýär. Men bolsa pikir edýärin, eger-de Attikus daýym şar-garakirlileri söýýänçi bolsa, onda bu ýerde-de seniň günäň ýok, ýöne kakaň welin biziň bütin maşgalamyzyň wejeralygy, ine şuny men saňa aýdaýaýyn. -Al kakmyş, Frensis, sen nämeler samrap dursuň? -Eşiden zadyňy. Enem ýene-de aýdýar, siziň ikiňiziň ýabanylaşyp gideniňiziň özem ýaman welin, indi ol munuň üstesine şar-garakirlileri söýýänçi hem bolaýpdyr. Asyl indiden beýläk biz Meýkombda garamyzy hem görkezip bilmeris. Ol biziň tutuş maşgalamyzy wejera edýär, ine näme! Frensis tarsa ýerinden turdy-da, däliziň ugry bilen aşhana tarap ökjäni göterdi. Esli daşa gaçdy-da, yzyna öwrülip gygyrdy: -Garakirlilere höwür, Özi-de kömür, Garakirlileri söýdi, Kömürden doýdy! -Galat aýdýaň!-diýip men gygyrdym:-Men seniň ol ýerde näme samahyllaýanyň-a bilemok, ýöne häzir ojagaz şalpar diliňi bogazyňa tegek ederin! Men basgançakdan böküp düşdüm-de, iki bökenimde onuň yzyndan ýetip, ezeneginden ebşitläp tutdum. „Ähli diýenlerime gaýtmyşym diý“ diýip gyssap ugradym. Frensis duýdansyz elimden dyzap sypdy-da, aşhana tarap ýazzyny berdi. -Şar-garakirlileri söýýänçi!-diýip ol gaçyp barşyna bögürdi. Eger-de awuňy giriňe saljak bolsaň, iň oňady howlukmazlyk. Diliňi dişle-de, garaş, oljaňa ahbetin seniň näme işleýändigiň bilen gyzyklanyp başlap, temegini gizlenen hininden çykarar. Frensisem ahyry aşhananyň işiginden jyklady. -Sen henizem gaharlymy, Jin Luiza?-diýip ol seresaplyk bilen sorady. -Äý ýok, beýlebir gaharly hem däl ýaly. Frensis dälizjige çykdy. -Ähli diýenleriňe gaýtmyşym edersiňmi? Men alňasaýdym öýdýän. Frensis sapandan atylan ýaly bolup, kürsäp yzyna, aşhana girdi, men bolsa bosagadaky basgançaga dolandym. Ýeri bolýar, howlugýan ýerimiz ýok, garaşybersegem bolman durmaz. Şeýle ýagdaýda takmynan çaý içim salym oturandyryn welin, birdenkä Aleksandra ejemiň sesi eşidildi: -Frensis nirede? -Ol hanha, aşhanada. -Ol meniň aşhanada oýnamaga rugsat bermeýändigimi bilýär ahyry. Frensis işigiň agzyna golaýlady-da ulili bilen bagyrdy: -Ene, ol meni kowalap bärik dykdy-da, indem goýbermeýär! -Ýeri, näme bolýar, Jin Luiza? Men kellämi galdyrdym-da Aleksandra ejeme seretdim. -Men ony ol ýere kowalap dykmadym, Aleksandra eje, ony ol ýerde saklamogam. -Ýok saklaýar!-diýip Frensis ýene-de bagyrdy:-Ol meni goýbermeýär! -Siz näme sögüşdiňizmi? -Ene, Jin Luiza maňa ýersiz-ýerden yrsaraýar!-diýip Frensis ýene-de gygyrdy. -Hany bärik gel, Frensis! Jin Luiza eger-de men senden ýene-de ýekeje söz eşitsem, men seni kakaňa aýdaryn. Göwnüme bolmasa, sen ýaňyrak, al-arwahlary diliňe alaýan ýaly-la? -Ýok-la. -Meniň bolsa gulagyma eşidiläýen ýaly boldy. Onda şeýle, mundan beýläk men şeýle sözleri eşitmäýin. Aleksandra ejem hemişe diňşirgenip ýördi. Ol giden dessine Frensis aşhanadan çykdy-da, temegini dik ýokary tutup, ernini gulaklaryna ýetiräýjek bolup syrtardy. -Sen meniň bilen oýun etmegin!-diýip ol yglan etdi. Ylgap howla çykdy-da, ol ýerde bökjekläp, edil pökgi ýaly guran oty depip başlady. Şol bir wagtda meni göz aýtymyndan sypdyrman, menden daşrakda gezýärdi, arasynda-da yzyna gaňrylyp, ýyrşarýardy. Jim eýwana çykdy-da, sähel salym bize seredip, ýene-de yzyna girdi. Frensis gurap barýan agaja mündi, soň düşdi, ellerini kisesine saldy-da, howluda gezmeläp ugrady. -Hä!-diýip ol demini daşyna üfledi. Men ondan onuň kimiň keşbini şekillendirýändigini soradym, Jek kakamyňkynymy ýa? Frensis bolsa: „Göwnüme bolmasa, Jin Luiza demini alman oturmak we ony öz gününe goýmak tabşyrylan ýalydy-la“ diýdi. Men: -Men saňa degemok!-diýdim. Ol üns bilen maňa seretdi-de, meni ymykly ýuwaşatdylar diýip hasap edip, assajadan aýdym aýdýan ýaly: -Şar-ga-ra-kir-li-le-ri söý-ýän-çi!-diýip hiňlendi. Bu gezek meniň ýumrugym onuň dişlerine degip etine çenli hamy soýulyp gitdi. Çep elimi agyrdyp, men sagym bilen işläp başladym. Ýöne uzak däl. Jek kakam meniň ellerimi böwrüme gysdy-da: -Doňup gal!-diýip buýruk berdi. Aleksandra ejem Frensisiň daşynda kebelekleýärdi, elýaglygy bilen onuň gözýaşlaryny süpürişdirýärdi, onuň saçlaryny sypalaşdyrýardy. Iň soňunda bolsa ýaňagyny sypap goýberdi. Attikus, Jim we Jimmi kakam eýwanda durdylar, olaryň ählisi bärik Frensis bagyryp ugran badyna çykypdylar. -Kim birinji başlady?-diýip Jek kakam sorady. Frensis bilen men biri-birimizi görkezdik. -Ene-diýip Frensis uwlady:-ol maňa jelep diýdi we meni it ýenjen ýaly ýençdi. -Bu dogrumy, Gözlüje?-diýip Jek kakam sorady. -Elbetde, dogry. Jek kakam maňa garady welin, onuň ýüzi edil bir almany iki bölen ýaly Aleksandra ejemiň ýüzüne meňzedi. -Men göwnüme bolmasa, saňa duýdurypdym ahyry, eger-de diliňi salajyn goýberip, şeýle sözleri aýdyşdyryp ýörseň, başyňa oňaýsyzlyklaryň inmegine garaşyber diýip. Men saňa aýtdym dälmi? -Hawa, jenap, ýöne... -Ine onda, sen şol oňaýsyzlyklara garaşyp-garaşyp ahyry ýetdiň. Dur, şu ýerde! Men ikirjiňlenip durdum, gaçyp gidäýsemmikäm diýip, şeýdibem gijä galdym, ökjäme tüýkürmekçi boldumam welin, ýöne Jek kakam has çalasyn bolup çykdy. Birdenkä edil meniň burnumyň öňünde otuň üstünden zordanjyk çörek owuntygyny süýräp barýan garynja peýda boldy... -Seniň bilen ölýänçäm gepleşmerin! Seni ýigrenýän, sen ölmezmikäň! Göwnüme bolmasa menin bu sözlerim Jek kakamyň gaýta aýgydyny artdyraýan ýaly. Men arzymy aýtmak üçin Attikusyň ýanyna topuldym, ol bolsa: „özüň günäkär, onsoňam biziň öýe gaýdar wagtymyzam bolupdyr“ diýdi. Men hiç kim bilen hoşlaşmadym, paýtunyň yzky oturgyjyna geçdim, haçan-da öýe gelenimizden soň bolsa öz otagyma ylgap gitdim-de, gapyny jarkyldadyp ýapdym. Jim maňa nähilidir bir gowy zatlar aýtmak isledi, emma men ony diňlemedim. Men ýekelikde başyma düşen tebigy betbagtçylykly hadysanyň yzlaryny synlaşdyrdym. Görüp otursam bary-ýogy ýedi-sekiz sany gyzyl tegmilden başga zadam ýok ekeni-le. Onsoň men biraz köşeşdim-de ýene-de ýagty ýalançyda ähli zadyň belli bir derejedeligi barada oýlanmaga oturdym. Şol pursadam meniň işigim kakyldy. Men kimdigini soradym welin, Jek kakam jogap berdi. -Git! Jek kakam eger-de men ýene-de şeýle gepleşsem onda özüniň ýene-de meniň eýimi ýetirjekdigini aýtdy welin, men dymdym. Ol girdi, men otagyň künjüne gitdim-de, oňa ýeňsämi tüňňertdim. Ol: -Gözlüje,-diýdi:-sen henizem meni ýigrenip otyrsyňmy? -Meni ýene-de ýenjip bilersiňiz, jenap! Ol: -Beh, men-ä dogrusy seni beýle içi kitüwlidir öýtmändim-diýdi:-Men dogrusy sen barada has gowy pikirdedim, sen eliň bilen edeniňi egniň bilen çekendigiňi bilýärsiň ahyry. -Hiç zadam bilemok, men. -Gyzym, seniň adamlara paýyş sögmäge hukugyň ýok... Men: -Sen adalatsyz,-diýdim:-adalatsyz! Jek kakam gaşlaryny giň gerdi. -Adalatsyz? O nähili beýle? -Jek kaka, sen elbetde gowy, men, megerem häzirem barybir seni gowy görýän, ýöne sen çagalar barada hiç zat bilmeýärsiň, hiç zat düşünmeýärsiň. Jek kakam biraz döşüni gaýşartdy-da, maňa ýokardan aşak dikanlady: -O nähili men çagalarda hiç zat düşünmeýärmişim, hanym Jin Luiza? Haçan-da çagalar seniň özüňi alyp barşyň ýaly özlerini alyp baranlarynda, bu ýerde üýtgeşik bir düşünip oturasy işem ýok. Sen gödek jogap berýärsiň, paýyş sögünýärsiň, uruşýarsyň... -Sen näme üçin meni diňlemeýärsiň, ahyry? Men gödek jogap berjek bolmaýaryn. Men diňe saňa düşündirmek isleýärin. Jek kakam ýatyş sekisine çökdi. Gaşlaryny bürüşdirdi-de, maňa garady. -Hany, aýt bakaly. Men kükregime köpräk howa sordum. -Ine. Birinjiden sen meni diňlemediň, ýeke söz aýtmaga-da mümkinçilik bermediň-de bada-bat üstüme topuldyň. Haçan-da biz Jim bilen dawalaşsak Attikus diňe Jimiň ýeke özüni diňlemeýär-de maňa-da gulak asýar. Ikinjiden, sen şeýle sözleri hiç haçan aýtmaly däl diýmediň, diňe doly, gu-tar-nyk-ly gerek bolmasa aýtmaly däl diýdiň. Frensisiň bolsa kellesini kak towlan ýaly etmek doly we gutarnykly zerurdy. Jek kakam ýeňsesini gaşady. -Ýeri bolýar, hany gürrüň ber bakaly. -Frensis Attikusa sögdi, şonuň üçinem almytyny aldy. -Näme diýip sögdi? -Şar-garakirlileri söýýänçi diýdi. Men munuň nämedigini dol-a bilemok welin, ol muny şeýlebir erbet diýdi... Şuny bilip goý, Jek kaka, sen meni näçe ýençseňem, men oňa Attikusa sögmäge ýol bermerin... -Frensis şeýle diýibem sögdümi? -Hawa jenap, mundan başga-da ýene-de köp zatlary diýdi. Hamana Attikus tutuş maşgalamyzyň wejeralygymyş, Jim ikimiz bolsa onuň elinde ýabanylaşyp gidenmişik... Jek kakamyň ýüzi şeýlebir üýtgedi welin, men birdenkä ol ýene-de meniň suwuma deger diýip oýlandym. Soňra ol pyşyrdady: -Hany görübereris bakaly! Şu ýerde men özümiň däl-de Frensisiň suwuna degiljekdigine düşündim. -Men gowusy, şu gün agşamara ýene-de şol ýere gidip geleýin-le. -Haýyş edýän, jenap, hemme zady bolşy ýaly goýuňsana, haýyş edýän! Jek kakam: -Ýog-a, indi men hiç zady bolşy ýaly goýaýmaryn-diýdi:-Goý Aleksandra bilsin. Aklym haýran. Gör-ä onuň aýdýan zadyny... Ýeri bolýar, hany garaş bakaly, ol oglanjyk elime düşer meniň... -Jek kaka, maňa bir zady wada ber, haýyş edýän! Bu barada Attikusa aýtma! Ol...ol menden bir gezek özi barada näme aýtsalaram çydamagy, gaharlanmazlygy haýyş edipdi...goý indem, ol pikir edibersin, biz başga bir zat üçin urşandyrys öýdüp! Söz ber, Jek kaka, aýtmajagyňa söz ber, haýyş edýän!... -Ýöne men Frensis üçin bu hereketiniň temmisiz geçmegini islämok... -Onuň üçin geçmedem. Jek kaka, belki sen meniň elimi daňyp berersiň? Entegem biraz ganaýar. -Elbetde daňyp bererin, körpeje. Ägirt uly lezzet bilen. Meniň üçin ýeriň ýüzünde şeýle höwes daňyp bermek isleýän başga ýekeje-de elim ýok. Siz bärik geçip bilmersiňizmi? Jek kakam maňa salyhatlylyk bilen baş egdi-de, hammama çagyrdy. Ol meniň barmaklarymy ýuwup sarady, munuň bilen meşgullanyp durka-da hemişe şähere ugranda pyýada ýodasyndaky jaýryklary sanaýan Bulýon atly pişigi bolan şowakör garryjyk barada gülkünç gürrüň berdi durdy. Ahyryn Jek kakam: -Ine-de bolany-diýdi:-Hakyky asylly hanymyň ogulhajat barmagyna nika ýüzgüni dakynmak gelişýär, seniňki-de bolsa ýara yzy galar. -Taňryýalkasyn, jenap. Jek kaka... -Hawa, hanym? -Jelep diýmek nämäni aňladýar? Jek kakam bir garry premýer-ministr barada nähilidir bir içege ýaly uzyn hekaýaty gürrüň bermäge başlady. Hamana ol jemgyýetçilik mejlislerine gatnaşanda iň galmagally maslahatlarda, daş-töwereginde hemmeler aklyndan azaşýarka, agzy bilen ýokary per üfläp, olary gaçyrmazlyk bilen meşgul bolýarmyş. Megerem Jek kakam meniň sowalyma jogap bermäge çalşan bolmagy-da ähtimal, ýöne näme üçindir onuň jogaby birhili düşnüksiz bolup çykdy. Soňra, haçan-da men eýýäm ýatyp galmaly wagtym, men suw içmek üçin aşaky gata düşdüm welin, dälizde duran ýerimden myhman otagyndaky hümürdi gulagyma ildi. Ol ýerde Jek kakam Attikus bilen gepleşýärdi. -Men hiç haçan öýlenmerin, Attikus. -Ine saňa gerek bolsa, näme üçin? -Birden çagalar bolmagy ahmal... Attikus: -Saňa köp zatlary öwrenmek gerek boljak öýdýän, Jek...-diýdi. -Bilýän. Seniň gyzyň şu gün maňa ilkinji sapaklary berdi. Ol maňa çagalarda hiç zat düşünmeýändigimi aýtdy we näme üçin beýle diýendigini düşündirdi. Özem onuň aýdany örän dogry bolup çykdy. Attikus, ol maňa özüne nähili çemeleşmeli ekendigimi düşündirdi...Eger çynym, üstümizde Hudaý bar, men onuň söbügine şapbat çalanyma erbet ökünýän. Attikus pyňkyrdy. -Ol mazalyja eýiniň ýetirilmegine doly mynasyp boldy, şonuň üçinem goý seni ynsabyň horlamasyn. Men doňup galdym, birdenkä Jek kakam alaga-da Attikusa ähli zady aýdyp goýberäýse... Ýöne ol hiç zat gürrüň bermedi. Diňe hümürdedi: -Onuň örän uly söz baýlygy bar. Ýöne diline alýan paýyş sözleriniň ýarysyndan gowragynyň aňladýan manysyna-da düşünmän diýip goýberýär. Ol menden „jelep“ diýmegiň nämäni aňladýandygyny sorady. -Onsoň senem düşündirdiňmi? -Ýok, men oňa lord Melburn barada gürrüň berdim. -Haçan-da çaga bir zat soranda, Jek, ähli mukaddeslikleriň hatyrasyna onuň öňünde sapalak atma-da jogap bergin. Boş gürrüňler bilen başyny-gözüni aýlamaga-da çytraşma. Elbetde çaga çaga bolýar, ýöne haçan-da sapalak atyp başlasalar olar pirimleri ýormakda ululardan kem däl, her bir sypjyklyk bolsa olary bulaşdyrýar. Ýok,-diýip kakam oýa batyp oturşyna dowam etdi:-oňa bu gün temmi bermek gerekdi, ýöne onuň üçin däl. Hemme çagalar belli bir ýaşa ýetenlerinden soň sögünip başlaýarlar, ýöne haçan-da sögünç bilen hiç kimi geň galdyryp bolmaýandygyna düşünen batlaryna olaryň bu endikleri öz-özünden ýitip gidýär. Ýöne ganygyzmalyk welin, öz-özünden gidäýmez. Gyzjagaz özüne erk etmegi öwrenmeli, özi-de näçe çalt öwrense şonça-da gowy, sebäbi bahym onuň başyna birnäçe sany geçmesi örän kyn boljak aýlar geler. Äý onsoňam, ol assa-ýuwaşdan akyllanýar. Jim ulalýar, ol bolsa ondan barha köp görelde alýar. Oňa ýöne käte bir kömek berip goýbermek gerek. -Attikus, sen oňa hiç wagt barmagyňy hem batyrmadyň gerek? -Dogrusy, ýok. Şu wagta çenl-ä diňe haýbat atmak ýeterlikdi. Ol maňa gulak asjak bolup güýjünde baryny edip çytraşýar, Jek. Elbetde bu oňa hemişe başardyp durmaýar, ýöne ol muny başarjak bolup elinden gelenini edýär. Jek kakam: -Ýöne bar syr munda däl ahyry!-diýdi. -Ýok, syr başga zatda, ol özüniň güýjünde baryny edýändigini meniň bilýändigimi bilýär. Bu bolsa juda möhüm. Ýöne bahym Jim ikisiniň örän köp nejislikleri ýuwutmaly boljakdyklary welin öte erbet. Men tama edýän, Jimiň-ä sabyr-kanagaty ýeter welin, ýöne Gözlüje, sähel göwnüne degseler oýlanybam durman dessine söweşe eňiberýär... Men şu ýerde Jek kakam dymyp oňmaz öýdüp pikir etdim. Ýöne ol bu gezegem maňa beren sözünde tapyldy. -Bu örän erbet bolarmy, Attikus? Sen birhili maňa bu barada ugurly-utgaly gürrüňem bermediň. -Juda erbet bolar, Jek. Bizde diňe Ýuelleriň görkezmeleriniň garşysyna garaýagyzyň görkezmeleri bar. Ähli zat diňe olaryň biri; „sen etdiň“ diýýär, beýlekisem „ýok men etmedim“ diýýär. Elbetde oturdaşlaram Tom Robinsona ynanmazlar-da, Ýuellere ynanarlar... Sen bu Ýuelleri göz öňüňe getirip bilýärmiň? Jek kakam: „hawa, çalarak ýadyma düşjek bolýar“ diýdi-de Attikusa olaryň nähilidigini aýdyp berip başlady. Ýöne Attikus: -Sen tutuş bir nesil yza galypsyň. Ýöne dogrusy, häzirki Ýueller hem öňkülerden jinnek ýaly-da gowy däl. -Ýeri, onda sen näme etmek isleýärsiň? -Men özümi kül-peýekun etmezlerinden öňürti, oturdaşlary birneme silkeläp ukudan oýarmak we olaryň arasynda agzalalyk döretmek isleýärin...onsoňam bizde ýene-de nägilelik haýyşnamasyny bermäge mümkinçilik galýar. Dogrusy, häzir bu barada belli bir zat aýtmak kyn, Jek. Bilýäňmi, men tama edýärdim, şeýle işi alyp barmak hiç wagt meniň paýyma düşmez diýip, ýöne Jon Teýlor gönüden-göni meni görkezip, bu ýerde diňe meniň gerekdigimi başga hiç kimiň gerek däldigini aýtdy. -A sen näme bu ýazgydyň seniň gapdalyňdan sowlup geçmegine umyt edýärdiňmi? -Hawa, hut şeýle. Ýöne, seniň pikiriňçe, eger-de men onuň hukuklaryny goramakdan boýun gaçyran bolsam, soň çagalarymyň gözüne göni seredip bilerinmi? Jek, Alla jan goý olara şu zatlaryň içinden geçibem rehimsizlikden dolmaklyga, iň esasysy-da meýkombyň hemişelik keseli bilen kesellemeklige mümkinçilik berme. Düşünemok, näme üçin akylly-başly adamlar haçan-da iş garaýagyz adamlara dahylly bolanda zynjyrlaýmaly dälä öwrülýärkäler...hiç düşünip bilemok, şuňa. Ýekeje umydym bar, Jim bilen Gözlüje ähli sowallary bilen şäherdäki myş-myşlara gulak gabartman meniň ýanyma gelerler. Olar maňa ýeterlik derejede ynanýandyrlar diýip umyt edýän...Jin Luiza! Men duran ýerimde ziňkildäp bökdüm. Gapydan garadym. -Hawa, jenap? -Bar, git-de ýat. Men öz otagyma ylgap gitdim-de, ýerime geçdim. Jek kakam nähili berekella, meniň syrymy paş etmedi! Ýöne Attikus nädip meniň gapy diňleýänimi syzdyka? Diňe ençeme ýyldan soň men akyl ýetirdim, şol pursat kakam meniň üçin geplän ekeni, ol asyl özüniň her bir sözüni meniň eşitmegimi islän ekeni. xxxxx Attikus ejizdi, sebäbi onuň eýýäm elli ýaşy dolup gelýärdi. Haçan-da biz Jim bilen ondan onuň näme üçin beýle garrydygyny soranymyzda, ol: „giç başladym“ diýip jogap berdi welin, biz düşündik, şonuň üçinem ol beýleki erkek kişilerden pesde. Ol biziň ýaşytdaşlarymyzyň ene-atalaryndan kän uludy, şol sebäpli-de haçan-da beýleki çagalar: „ine meniň kakam eýtdi-beýtdi...“ diýip öwnüp başlanlarynda biz islesek-islemesek dymmaga mejbur bolýardyk. Jim durky-düýrmegi bilen futbola berlendi. Attikus bolsa futbol barada pikirlenmegem islemeýärdi, eger-de Jim ony aldap-ogşap top oýnamaga çekmek islese, ol üýtgewsiz: -Men bu zatlar üçin juda garry.-diýip jogap berýärdi. Biziň kakamyz gepläniňe degýän hiç zat bilen meşgullanmaýardy. Ol dermanhanada däl-de iş otagynda işleýärdi. Iň bolmanda ol biziň töweregimizden zibilleri daşaýan ýük ulagyny bir sürýän bolaýmalydy ýa-da şerif, ýa-da mülk ýerde işleýän bolaýanda ýa-da ulaghanada...umuman beýlekileriň kakalary ýaly buýsanmaga jinnek ýaly mümkinçilik berýän haýsydyr bir kär bilen meşgullanýan bolaýmalydy ahyry. Hemmesiniň üstesine-de ol äýnek dakynýardy. Çep gözi bilen bolsa düýbünden hiç zat göremeýärdi we çep gözüň Finçleriň kowmunyň nesilden nesle geçýän gargyşydygy barada hemişe aýdyp gezýärdi. Eger-de nämedir bir zady has oňatja synlamak islese ol kellesini gyşardýardy-da, diňe sag gözi bilen seredýärdi. Ol hiç haçan awa gitmeýärdi, humar oýnamaýardy, balyk tutmaýardy, şerap içmeýärdi, çilim çekmeýärdi, umuman beýleki çagalaryň kakalarynyň edýän hiç bir zadyny edip bilmeýärdi, diňe hemişe myhman otagynda oturyp, kitap okamagy başarýardy. Şunuň ýaly ýagdaýda biz kakamyza hiç kimiň üns bermezligini isleýärdik, emma şol ýyl tutuş mekdep Attikusyň Tom Robinsonyň hukuklaryny goraýandygy barada hyşy-wyşy edýärdi, ol hyşy-wyşylar hem iň bir gulaga ýakymsyz gybatlardy. Haçan-da men ilk-ä Sesil Jeýkobs bilen sögüşip, soňam iň soňky züwwetdin ýaly ol ýerden gaýdanymda deň-duşlarym: „Gözlüje Finç, mundan beýläk hiç kim bilen urşup biljek dälmiş, kakajygy oňa käýýeýärmiş“ diýip gepläp ugradylar. Olar birazrak ýalňyşypdylar, men indi mundan beýläk adamlaryň arasynda urşup bilmeýärdim, ýöne maşgalanyň arasynda welin başga gepdi. Ähli doganoglan-dolanan doganlarymy hem uýalarymy men Attikus üçin heziller edip ýençmäge taýýardym. Mysal üçin, Frensis Henkok munuň şeýledigini özünde barlap görüpdi. Attikus bize basyş bilen atylýan tüpeň sowgat berse-de bize olardan atmagy öwretmek welin islemedi. Şonuň üçinem Jek kakam bize bu ugurdan ilkinji sapaklary berdi, ol: „Attikus tüpeňler bilen gyzyklanmaýar“ diýdi. Attikus Jime: -Men seniň mellekde boş gutulary atmagyňy isleýärin, ýöne bilýän, sen guşlary atyp ugrarsyň. Eger-de serçelere degrip bilseň, isledigiňçe atyber, ýöne ýadyňdan çykarma, Şygşygyny öldürmek gaty çökder günädir. Men ilkinji gezek Attikusyň nämedir bir zat barada günä diýendigini eşitdim, şonuň üçinem hanym Modiden Şygşygyny öldürmegiň näme üçin günädigini soradym. Hanym Modi: -Seniň kakaň dogry aýdýar,-diýdi:-Bilbiljik iň bir ejizje hem günäsiz guşjagaz, ol diňe bize şatlyk paýlamak üçin saýraýar. Bilbiller bagdaky ir-iýmişleri çokmaýarlar, kümelerde höwürtge ýasanmaýarlar, olar hemişe diňe biziň üçin öz aýdymlaryny saýrap berip ýörler. Ine şonuň üçinem Şygşygyny öldürmek juda agyr günä hasaplanýar. -Hanym Modi, biziň ýaşaýan toplumymyz öte garry gerek? -Ol entek hatda şäher ýokka-da bar ekeni. -Ýok, meni ony aýtjak bolamok, biziň köçämizde hemme adamlar garrylar. Bar çagalar hem diňe Jim ikimiz. Hanym Dýuboz ýene-de bir-iki gün geçse azyndan ýüz ýyla ýaşaýan bolmaly, hanym Reýçel hem garry, sizem, Attikusam şeýle. -Dogrusy, men-ä elli ýaşy beýlebir garrylyk diýib-ä hasaplabam barmaýaryn-diýip hanym Modi şerebeli bellik etdi:-Heniz-ä meni göwnüme bolmasa tigirçekli kürsüde aýlap ýören ýok ýaly. Seniň kakaňy hem şeýle. Ýöne, dogrusyny aýtsaň, meniň köne kümmetimiň ýanandygyna Hudaýa şükür edýärin, ony arassa saklamaga eýýäm meniň güýjümem ýetmeýärdi...hawa, görýän welin, seniňki dogry ýaly-la, Jin Luiza, biziň ýaşaýyş toplumymyzyň ilaty örän...hymm...nähili aýtsamkam...epeý ýaly. Sen bu ýerde ýaşlary düýbünden görmeýärsiň öýdýän, şeýlemi? -Görýärin, hanym! Mekdepde. -Men beýle diýenimde eýýäm uly ýaşly ýaşlary göz öňünde tutýaryn. Men aýtsam, Jim ikiňiziň juda bagtly. Kakaňyzyň birneme gartaşandygy siziňkiniň çüwdügi. Eger-de ol otuz ýaşynda bolan bolsady, siz başgaça ýaşardyňyz. -Elbetde, başgaça bolardy, sebäbi Attikusyň elinden hiç zat gelmeýär ahyry... Hanym Modi: -Sen ol barada hiç zat bilmeýärsiň,-diýdi:-Onuň güýç-kuwwaty heniz dyňzap dur. -A ol näme başarýar? -Hymm...ine mysal üçin, ol kimdir biri üçin şeýlebir oňat hem akylly edip wesýetnama düzüp berip bilýär welin, ol ýerde siňege süýkenmäge-de büdür-südürlik galmaýar... -Hymh...o dagy näm-me-jik... -Ýeri bolýar, a sen bilýärsiňmi, ol biziň tutuş şäherimizde şaşkanyň iň oňat oýunçysy ahyry? Eşider bolsaň, „Finçiň duralgasynda“, biziň çaga döwürlerimiz ol bu kenarda-da beýleki kenarda-da islendik adamy utup bilýärdi. -Siziň aýdýanyňyz näme, hanym Modi, hatda biziň Jim ikimiz hemişe ony utýarys ahyry! -Sebäbi ol sizden utulan bolýar ahbetin, muňa düşünerçe bolansyňyz-la. Sen bilýärsiňmi, onuň jürlewükde saz çalyp bilýändigini? Öwnere zat bolaýşyny! Men mundan soň-a Attikus üçin hasam beter utandym. -Ýeri bolýar-da... -Näme bolýar, hanym Modi? -Hiç zat. Görýän welin, sen kakaňa buýsanyp bilmeýän ýaly. Her öňýeten jürlewükde saz çalyp bilmeýär ahyry. Hany indi bolsa agaç ussalarynyň aýagyna çolaşyp ýörme. Ylga öýňüze tarap, men häzir güllerim bilen meşgullanjak welin, saňa esewan bolup ýörmäge elim degmez. Birdenkä üstüňden agaç-beýleki gaçaýmagy-da ähtimal. Men howlymyzyň arka tarapyna gaýtdym, ol ýerde Jim boş gutudan tüpeň atýardy, daş-töwerek serçelerden doludygy zerarly, bu iň bikär pişedi. Men bagymyza dolandym-da, iki sagatlap ol ýerde özüme galajyk salyndym. Onuň gurluşygynda-da ulagyň taşlanan teker daşgysyny, apelsinden boşan çelegi, kirli geýimler salynýan örme sebedi, eýwandaky oturgyçlary we patrakdan boşan gutudan kesilip alnan kinniwanja milli baýdagy ulandym. Baýdagy maňa Jim beripdi. Attikus günorta naharyna gelende men galajygymda nyşana alyp otyrdym. -Sen niräni didiwana mündürýärsiň? -Hanym Modiniň ýumşak ýerini. Attikus ýeňsesine gaňrylanda meniň gip-giň nyşanamy gördi, hanym Modi öz bagynda gülleriniň üstüne eglip durdy. Attikus sypal başgabyny ýeňsesine süýşürdi-de, köçäni kesip geçdi. -Modi,-diýip ol gygyrdy:-saňa duýdurmak isleýän. Seniň başyňdan örän çynlakaý howp abanýan ýaly. Hanym Modi dikeldi-de, maňa tarap garady. Soňam: -Attikus, sen bar-a, melgunyň hut özi. Soňra Attikus yzyna dolanyp geldi we maňa nyşanamy üýtgetmegi buýurdy. -Özi-de indiden buýana men seniň bu ýaragyňdan kimdir birini nyşana alýanyňy göräýmäýin!-diýip ol biraz sesine basym berdi. Eger-de meniň kakam hakykatdanam „melgunyň hut özi“ bolan bolsa nähili gowy bolardy! Men kakam barada Kelpurniýadan hem soraşdyryp başladym. -Jenap Finçmi? Baý-bo-ow, ol ýeriň ýüzünde hemme zady başarýar. -Hany nämäni, nämäni? Kelpurniýa ýeňsesini gaşady-da: -Ýüregime düşme, menem doly bilemok-diýdi. Üstesine şol wagt Jim hem Attikusdan: „metodistleriň tarapyndan top oýnarsyňmy?“ diýip sorady. Attikusam jogap berdi: „Ýok, munuň üçin men öte garry we ýykylyp, boýnumy oňurmagym ahmal“. Metodistler öz ybadathanalarynyň girewine goýlan ýer şahamçasyny yzyna satyn almak isläp, baptistleri futbol oýnunda ýaryşmaga çagyrypdylar. Ýaryşa megerem Attikusdan başga meýkombly çagalaryň hemmesiniň kakalary gatnaşmalydylar. Jim özüniň şol oýna tomaşa etmegem isleýändigini aýtdy, ýöne oýunçylar öwrenje bolanlarynda-da nirededir bir ýerde pökgi oýnaýarkalar ol tomaşa etmän nädip çydasyn! Elbetde ol oýny synlamaga gitdi, baryp Attikus ikimiziň ýanymyzda durşuna, gaşlaryny çytyp Sesil Jeýkobsyň kakasynyň metodistleriň derwezesine top salşyny synlady durdy. Bir gezek şenbe güni Jim ikimiz tüpeňlerimizi aldyk-da, aňtawçylyk etmäge ugradyk, belki awysiýdigiň ýa-da towşanyň üstüne bararys. Redlileriň jaýynyň deňesinden geçdik-de ýene-de takmynan bäş ýüz ýard çemesi ýöredik welin, birdenkä Jimiň assyrynlyk bilen nirädir bir ýere gapdala seredýändigini gördüm. Ol kellesini gyşardyp, gözüni hem çaşardýardy. -Sen ol ýerde näme gördüň? -Seret it ylgap gelýär. -Bu Tim Jonson dälmi näme? -Hawa. Tim Jonsonyň hojaýyny jenap Garri Jonson mobil awtobusynyň sürüjisi, şäheriň günorta çetinde ýaşaýardy. Tim, çypar menekli, gytyk tüýli tazy, tutuş Meýkombyň eý görýän itidi. -Oňa näme bolýar-a? -Bilemok, Gözlüje. Ýör, gowusy yzymyza dolanaýaly-la. -Goýsan-a-a, Jim, häzir fewral aýy ahyry. -Barybir, Kelpurniýa aýtmak gerek. Biz öýümize ylgadyk-da, barşymyza aşhana kürsäp urduk. Jim: -Kel,-diýdi:-haýyş edýän, ýekeje minutlyk daşaryk çyksana. -Näme üçin? Her gezek siz üçin daşaryk çykyp durmaga meniň elim degmeýär. -Ol ýerde it bar, özem oňa bir zad-a bolýar. Kelpurniýa uludan demini aldy. -Meniň itleriň penjesini daňyp ýörmäge şu mahal wagtym ýok. Hammamda hasa bar, özüň al-da, daňyber. Jim başyny ýaýkady. -Bu köpek keselli, Kel. Oňa bir zad-a bolýar. -A näme ol öz guýrugyny tutjak bolýarmy? -Ýok, ol ine şeýle edýär. Jim tutuşlygyna iki bükülip küýkerdi-de altyn balyjak ýaly agzyny açyp, howany gapyp başlady:-Ol ine şeýle ýöreýär, Kel, meniň pikirimçe bu ýöreýşi onuň özüne-de düýbünden ýaramaýan ýaly. -Sen meni oýnajak bolýarsyňmy, Jim Finç?-diýende Kelpurniýanyň sesinde gatyrganma peýda boldy. -Ýok, Kel, çypbakaý çynym! -Ol it aýagaldygyna ylgap gelýärmi? -Ýok, haýaljakdan ýorgalap gelýär. Ol bärik gelýär. Kelpurniýa elini ýuwuşdyrdy-da, Jimiň yzy bilen howla çykdy. Ol: -Bu ýerde hiç hili it görünmeýär.-diýdi. Biz ony Redlileriň jaýynyň gapdaly bilen yzymyza düşürip alyp gaýtdyk, ol Jimiň görkezen tarapyna seretdi. Tim Jonson bu wagt örän daşdady, ýöne ol bize tarap ýöräp gelýärdi. Ol birhili gyşarylyp ýöreýärdi, edil sag aýaklary çepinden gysga ýaly. Men pikir etdim: „Ol edil çägede batan ulag ýaly“. -Ol birhili gyşyk bolaýpdyr-diýip Jim aýtdy. Kelpurniýa gözlerini petretdi, soňam bizi garsa gujaklady-da, gyssanmaçlyk bilen öýe garşy dartyp ugrady. Gapyny jarkyldadyp ýapdy-da, okdurylyp baryp, telefony aldy-da, oňa gygyrdy: -Jenap Finçiň edarasyny birikdiriň! Jenap Finç, bu Kel! Edil Hudaýyň öňündäki ýaly, çynymy sözleýän, biziň köçämizde guduzlan it bar...Hawa, jenap, bize tarap ylgap gelýär...Hawa...Jenap Finç, ine meniň size çyn sözüm...Tim Jonson...Hawa, jenap...Bolýar, jenap...bolýar... Ol telefony ýerinde goýdy welin, biz ondan Attikusyň näme diýýändigini sorap başladyk, ol bolsa diňe siňekler ýüregine düşýän sygyr ýaly başyny talawlatdy-da oňaýdy. Soňra telefonyň gaňyrçagyna kakyşdyrdy-da, oňa: -Hanym Ýula Meý...ýok, hanym, jenap Finç bilen men eýýäm gepleşdim, haýyş edýän indi birikdirmäňem...Meni diňläň, hanym Ýula Meý, belki siz hanym Reýçele we hanym Stiweni Krouforda, şeýle hem biziň köçämizde başga-da kimde telefon bolsa jaň edersiňiz? Olara aýdyň, guduzlan it gelýär! Haýyş edýän, hanym! Ol biraz diňläp durdy. -Fewraldygyny bilýärin, hanym Ýula Meý, ýöne men haçan itiň sagdygyny, haçan bolsa guduzlandygyny bilýärin, hatyrjem bolaýyň, men ýalňyşmaryn. Haýyş edýän, hanym, howlugyň! Soňra Kelpurniýa Jimden sorady: -Redlilerde telefon barmy? Jim telefon kitapçasyna seretdi-de, ýok diýip aýtdy. -Olar öýlerinden çykmaýarlar ahyry, Kel. -Barybir, olara aýtmak gerek. Ol ylgap eýwana çykdy, bizem onuň yzyna düşmäge çemelendik. -Öýde oturyň!-diýip ol bize gygyrdy. Hanym Ýula eýýäm Kelpurniýanyň duýduryşyny biziň hemme goňşularymyza ýetiren bolmaly. Gözüň ýetýän ýerinde biziň köçämizdäki ähli gapylar gaýym ýapylgydy. Tim Jonson hiç ýerde görünmeýärdi. Kelpurniýa gat-gat geýlen aşaky köýnekleriniň hem-de öňlüginiň etekleriniň çetini eline aldy-da, Redlileriň jaýyna garşy ökjäni göterdi. Ylgap barşyna eýwana girip, olaryň işiginde deprek kakyp ugrady. Hiç kim ses bermedi welin, ol ulili bilen gygyryp başlady: -Jenap Natan! Jenap Artur! Seresap boluň, guduzlan it! Guduzlan it! Men: -Ol arka tarapdaky eýwandan baryp kakmalydy-diýdim. Jim başyny ýaýkady-da: -Häzir bu wajyp däl-diýdi. Kelpurniýa bihuda ýere gapyny döwäýjek bolýardy. Oňa hiç kim ses bermedi, hamana ony hiç kim eşitmeýän ýaly. Ol Redlileriň jaýynyň ýeňse ýüzündäki eýwana ylgady, şol pille-de biziň öýümiziň öňündäki ýodajyga gara „ford“ uçup çykdy. Ondan Attikus bilen jenap Gek Teýt çykdy. Gek Teýt Meýkomb okrugynyň şerifidi. Biziň Attikusymyz ýaly uzyn bolsa-da ol biraz inçeräkdi hem-de burunlakdy. Onuň aýagynda beýik gonçly, bagjykly, ýalpyldawuk demir deşikli ädik, dar jalbar bardy, egnine awçylaryň penjegi geýilgidi. Biline bolsa okly kemer guşalgydy. Eli äpet tüpeňlidi. Olar iki bolup eýwanyň öňüne geldiler, Jim gapyny açdy. Attikus: -Çykma, ogul,-diýdi:-Ol nirede Kelpurniýa? -Häzir megerem, nirededir bir şu töwereklerdedir-diýip Kelpurniýa elini köçäniň ugruna salgady. -Ylgap barýarmy ýa-da ýok?-diýip jenap Teýt sorady. -Ýok, jenap, jenap Gek, ol bu mahal towlanjyraýar. Attikus: -Belki-de onuň öňünden çykarys, Gek?-diýdi. -Gowusy garaşalyň, jenap Finç. Adatça olar gönüligine ylgap gaýdýarlar, ýöne kim bilýär, belki ol köçäniň öwrüminden öwrüler. Eger şeýtse, Hudaýyň berdigi, belki-de ol gös-göni Redlileriň howlularynyň ýeňse ýüzüne geçip gider. Biraz tagapyl edeliň. Attikus: -Ol Redlileriň howlusyna girendir öýdüp pikir etmeýärin-diýdi:-Haýat päsgel berer. Has takygy ol köçäniň ugry bilen ýörär... Öň men guduz itleriň agzyndan ak köpürjik saçylyp, olar örän çalt ylgap, seniň üstüňe topulyp, seniň bogazyňy çeýnemäge dyrjaşýandyrlar, özem bu zatlar awgustda bolýandyr öýdüpdim. Eger-de Tim Jonson şeýle bolan bolsady men häzirkime görä has azrak gorkardym. Emma haçan-da köçede janly-jemende görünmese, hemmeler gizlenip, nämedir bir zada garaşyp durka bolsa, juda eýmenç görünýär. Baglar doňňara-daş bolup doňup galdylar, saýrak guşlar näme, hatda şolaram dym-dyrslyga beslendiler, hanym Modiniň howlysyndaky agaç usssalaram nirädir bir ýere sumat boldular. Jenap Teýt asgyrdy, soňra sümgürindi-de tüpeňini iki eli bilen gysymlady. Soňra özüniň baş gapysynyň aýnasynyň aňyrsyndan, edil diwardaky suratyň çarçuwasyndaky ýaly hanym Stiweni Krouford peýda boldy. Hanym Modi hem bir ýerden gelip, onuň ýanynda durdy. Attikus aýagyny kürsiniň agajyna goýup, haýaljakdan aýasy bilen dyzyny sypady we pessaý pyşyrdady: -Ine ol. Öwrümden Tim Jonson göründi, ol Redlileriň jaýynyň gyrasyndan geçýän pyýada ýodasynyň ugry bilen aýagyny süýräp gelýärdi. -Oňa seretsene,-diýip Jim pyşyrdady:-Jenap Gek olar diňe göni ýol boýunça hereket edýärler diýip aýtdy, ol bolsa hatda köçäniň ugry bilenem ýöräp bilmeýär. Men: -Meniň pikirimç-ä onun ýöne ýüregi bulanýar-diýdim. -Kimdir biri onuň ýoluny kessin, bada-bat üstüne topular. Jenap Teýt aýasy bilen gözüniň üstüni kölegeletdi-de, ümzügini öňe atdy. -Hakykatdan guduzlapdyr. Tim Jonson pyşdyl ýöreýşini edip gelýärdi, ol gury ýapraklar bilen oýun etmeýärdi we ýeri ysgamaýardy. Göwnüňe bolmasa ol nirä barýandygyny bilýän ýalydy, edil göze görünmeýän güýç ony bize tarap itekleýän ýalydy. Ol edil gögeýinler ýüregine düşen ýaby ýaly aram-aram silkinip-silkinip gidýärdi, birden-ä agzyny açýardy, birdenem ýapýardy, özem ol bir gyralygyna gyşarylyp, haýallyk bilen bize tarap ýakynlaşýardy. Jim: -Ol jan berer ýaly ýer gözlenýär-diýdi. Jenap Teýt gaňryldy. -Jan bererine heniz uzak, Jim, entek onuň jany çykyp başlamandyr. Tim Jonson Redlileriň jaýynyň öňüne zordan süýrenip bardy. Onuň bolup durşy, indi nirä gitmelidigini kesgitlemek üçin paýhasynyň soňkuja übtüklerini bir ýere çugdamlamaga çytraşýana çalym edýärdi. Ol ysgynsyzlyk bilen birnäçe ädim süýşdi-de, Redlileriň derwezesine diredi, yzyna öwrülmek isledi, emma paşmady. Attikus: -Şu wagt ony nyşana alyp boljak, Gek. Ol gapdalky köçejige sowulmanka, howlugyň, köçäniň ol burçunda oňa kimiň sataşjakdygyny Hudaý bilsin. Öýe git, Kel. Kel gözenek tutulan gapyny açdy, soňra içeri girip gapyny kiltledi, soňra kildi yzyna süýşürdi-de, işigiň diňe ildirgijini ildirdi. Ol Jim ikimizi öz arkasynda gizlemäge çalyşýärdy, emma biz onuň goltugynyň aşagyndan jyklaýardyk. -Atyň, jenap Finç. Jenap Teýt Attikusa tüpeňini uzatdy. Jim ikimiz muny görüp tas huşumyzdan gidýärdik. Attikus: -Wagt ýitirmäň, Gek,-diýdi:-Pikirlenmän atyň. -Jenap Finç, bärde pys geçirmän atmaly. Attikus gatyrganma bilen başyny ýaýkady. -Süýndürip durmaňsana, Gek! Ol uzakly günläp size garaşyp durmaz... -Jenap Finç, siz onuň nirede durandygyna serediň ahyry! Çala sowa geçdigi gülle göni baryp Redlileriň penjiresinden girer. Men beýlebir mergen atyjy däl, muny siziň özüňizem bilýärsiňiz ahbetin. -Men bolsa eýýäm otuz ýyl bäri elime ýarag alyp göremok... Jenap Teýt bat bilen Attikusyň eline öz tüpeňini gysdyrdy-da: -Ine, şu wagtam alyň, şeýtseňiz menem biraz rahadrak bolaryn!-diýdi. Biz Jim bilen edil dumanda azaşan ýaly bolup, bu bolýan zatlary synlaýardyk. Kakam tüpeňi aldy-da, köçäniň ortarasyna çykdy. Ol çalt ýörese-de meniň göwnüme bolmasa juda haýal gadam urýan ýalydy, edil suwuň aşagyndaky dek. Wagt bolsa ýürekbulanjy haýallyk bilen süýrenýärdi. Attikus äýnegine ýapyşdy. -Rehim-şepagatly Perwerdigär, oňa ýardam ber,-diýip Kelpurniýa hümürdedi-de, aýalaryny ýaňaklaryna gysdy. Attikus äýnegini maňlaýyna süýşürdi, ol yzyna gaçdy, kakam ony ýere gaçyrdy. Ümsümlikde men äýnegiň aýnalarynyň şytyrdanyny eşitdim. Attikus gözlerini we eňegini eli bilen owkalady-da, çalt-çaltdan gyrpdy. Redlileriň derwezesiniň öňünde Tim Jonson, başardygyndan nämedir bir zatlara düşündi öýdýän. Ol ahbetin yzyna öwrüldi-de, köçäniň ugry bilen mytdyldap ugrady. Emma iki ädim ädip-ätmän saklandy-da, kellesini göterdi. Doňňara-daş bolup galdy. Göwnüme bolmasa Attikus entek tüpeňini galdyrmaga-da ýetişmändi, birdenem şol müddetde mäşäni gysyp goýberdi. Tüpeň atyldy. Tim Jonson birhili gowuşgynsyz galkyjaklady-da, ýere ýazylyp, ak-çypar üýşmejik bolup doňup galdy. Ol hatda näme bolandygyna-da düşünip ýetişmedi. Dowamy bar. | |
|
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Duman daganda: Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar - 16.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -2: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Gara ýyldyrym -20/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -12: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Ojak -1-nji kitap -8: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |