13:17 Sygyr ýyly | |
Sygyr ýyly
Bu ýylda dogulan adamlar sabyr takatly we az gepli bolýarlar. Özlerem ynama makul hasaplanýar, daş görnüşi salykatly, özüne çekiji. Kä halat birden gahary joşup, gyzmalyk hem ediberýärler, şol wagt olar bilen kejeleşmeseñ ýeñeniñ, in gowusy şeyle pursatlarda köşeşdirmäge şynanyşmaly. Sebäbi bu adamlaryñ gahar gazabynyñ çägi ýok. Belkide bu olaryñ esasy gaharyny ýuwudyp gezyändigi we içinde hyñ berip berçigip atandygy üçin bolsa gerek.Daş görnüşinden seretseñ ýönekeý hem sada görünýän bu adamlaryñ örän ýiti akyly, kesgir pähimi bar, olar pikir öwürmäge, çalt netije çykarmaga ökde. Az gepli bolsalar-da gürrüñe gyzyşyp gitseler ýakymly gürrünçi.Göwresi daýaw, durmuşyñ şatysyny çekmäge tap berip bilýärler.Kynçylyklary böwsüp geçmegi halaýarlar, bu ýagday olary has-da ruhlandyrýar, garşysyna çykylmagy halamaýarlar. Özüniñ mamladyklaryny anyk duýan halaty, olara garşylyk görkezen özüñ bolma, sebäbi anyk ýeñilersiñ. Bu adamlaryñ ynamyny syndyrmak kyn, bir ynanyp eñen ugrundan dändirjek bolsan uly görgüdir, täzeligi ornaşdyrjak bolsa añyrsyna göz ýetirmän işe başlamaýar, öz diýenli öñden gelýän ýörelgä, ynama berk uýýarlar. Söwda-satyk, alyş-çalyş, telekeçilik bulardan daşda. Alyp-satarlyk işine baş goşsa tozdugy biläý. Her bir zat bu günde ertirde zerur bolmasa, başga işlerni taşlap oña ýapyşmaýar. Sygyr ýylynda doglan adamlara köplenç töweregindäkiler dogry we doly düşünmeýärler.Olaryñ her bir zady aýlap-ölçerip edýändigi üçin, käbir adamlara bu hasam geñ görülýär.Sebäbi durmuşdaky ähli zadyñ oýlap añyrsyna ýetip bolmaýanlygy üçin töwekgelçilik edilýär. Bularda töwekgelçilik hasapdan soñra durýar.Maşgalasyny gowy görýärler.Çagalaryny söýýär. Ýöne öyünde aýdany edilmese gowy görenok, çagalaryny urup ýenjiberýär, zähmetkeş, jepakeşdikleri üçin maşgalasynyñ gün güzerany kadaly bolýar. Bu adamlaryñ tapawutly taraplarnyñ biri-de örän çalt karara gelmegi başarýar, şu ýagdaý olara köplenç üstünlük getirýär. Söygüni ikinji derejeli zat hasaplaýarlar.Öz gezeginde bu ýagdaý olaryñ maşgala gatnaşyklarynda kynçylyk döredýär.Muña garamazdan örän duýgur, wepaly hem-de eşireti halaýan adamlar. Erkekleri erkinlikde işlenýän işi gowy görýärler. Aýallary öýdeçi. Öýüni abadan etmek üçin elinde baryny edýär. Ýaşlygy asuda, parahat geçýär, orta ýaşda durmyşynda kynçylyklar döremegi mümkün. Şonda onuñ ön gowy gören adamlarnyñ söygüsinden, hormatyndan mahrum bolmagy mümkün. Garrylyk çagy oñat, parahat durmuşy bolar. Sygyr yylynda dogulanlara özüne ýanýoldaş saYlap tutmak kynyrak. Syçan ýa-da towuk ýylynda dogulanlar bilen nikalaşsa makul hasaplanýar. It galberse-de goýun ýylynda dogulanlar bilen durmuş gurmakçy bolsa göwnemakul hasaplananok. XX asyrda sygyr ýyly: 1913, 1925, 1937, 1949, 1961, 1973, 1985, 1997, (2009, 2021) Arazbaý ÖRÄÝEW. Täleýnama kitaby sah:20-21 Elektron görnüşe geçiren: PEŞEÑ ogly Afrasyýap | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |