22:36 Symrug guş | |
SYMRUG GUŞ
Goşgular
Sensiz maña bu menziller örän kyn, Umydym meý bolsa, sabrym pyýala. Bu ömre düşmesin janym garañky, Suwa çümen ýaly çümýän hyýala, Ah, şeýdipler galýan käte zyýana. Ertekiden geldiñ, menem tanyşdym, Seniñ bilen uçsam göwne ylaýyk. Bir tüýdük ýasadym, süññi gamyşdan, Ony diñläp haýran galýar halaýyk. Ganatyñy göter ýerden melaýyk. Şatlygym ömrümdir, gamym bulutlar, Men soñkudan sypabilmän sermendim. Äkit meni bir howandar boluplar, Ykbal bir gün ýükün götär kerwenden. Asman assyn ol tylladan derbendim. Dert berene berer Tañrym melhemi, Hakyñ hyzmatynda bolsam müñ keren. Umyt guşum, apalaýyn gel, seni. Hakykata gelebilmän ürkenim, Äkit meni golaýyna Ülkeriñ. Güýçli bolsañ, çarkandak ýol endigan, Dünýäni gark eder ejiziñ dady. Men jahanyñ syrlaryna benduwan, Tilsime düşünsem, açylsa jady, Bir ýerde oýanar Älemiñ ýady. Bu pelegiñ hiç ýadamaz aty bar, Senem onuñ ädimine bat goýsañ. Many ummanynda syrly haty bar, Bir gün okap, il añyna ýat goýsam, Armanym ýok, tümde ýagty at goýsam. * * * Göwnüme çyra ýürek, Saña ýene nur gerek. Eý, owadan ykbalym, Etme meni janserek. Ýerde hakyñ ýorgany, Ýa-da salýar sargany. Meni şol gaýa çykar, Sallap mäkäm urgany. Men yşkymyñ maraly, Boldum senden ýaraly. Göçgün isläp tapmadym, Çökmänkäk bir duraly. Asmanda ak ýyldyzym - Ýüregimde gunduzym. Yhlasym ýakar seni, Nalap nazar saldygym. Ýüregimde jebir bar, Jebir içre emir bar. Çykdym gamly perdeden, Öñde ajap ömür bar. Haýp geçdi üç günüm, Ýüregimde uçgunym. Öñkim ýaly ganat ber, Eý, hyýalbent göçgünim. * * * Ümürli günden umyt, Güneşli bor öýläni. Göwün guşum neýlediñ, Eý, göwnümiñ söýläni. Saña badym uludy, Tapylmadyñ ~ gowşadym. Janym, saçyña meñzeş Säherleri ogşadym. Hyýallaryñ içinden, Arzuw edip hoş çykdym. Öli dogan ynamy, Esgä dolap boş çykdym. Özüm hiç-le oñaryn, Azaşan gulan ýaly. Meñ göwnüme çyn zatlar, Wah, indi ýalan ýaly... ▶ ILIM BAR Bu düzden güller öwser, Çeşmesi aby-köwser. Oýnaklaýan taýjagaz, Höwes böwedin böwser. Çägesi zer külkeli, Bossanlary türpeli. Gijeleri aýdymdyr, Gündizi saz ülkeli. Baglary bilbil guşly, Gyzlary akyl-huşly. Ak ýollary yzarlap, Ahyr bagtyma duşdum. Toýhanasy bedewli, Ýigitleri edenli. Enäni Käbe saýar, Gurhan saýar pederni. Uzyn-uzyn galaly, Kiçi uly salaly. Garybyny baý eder, Kalba siñen halaly. Köñüllerde Nilim bar, Hak sylagy ~ dinim bar. Ady dünýä şan bolan, Beýik türkmen ilim bar. Oguljemal ÇARYÝEWA. | |
|
√ Hasrat / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Adamzat taryhyna çaklama / Goşgular - 16.10.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ "Köneürgenç rowaýatlary" kitabyna sözsoñy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |