16:38 Şyrak hakynda ballada | |
ŞYRAK HAKYNDA BALLADA
Goşgular
Biziň eramyzdan VI asyr öň Orta Aziýaly batyr ýaş ýigit – çopan Şyrak ýola beletsiräp, eýranly basybalyjylary aldap, suwsuz çöle äkidipdir. Şyrak wepat bolupdyr, emma duşmanlaryňam köpüsi gyrlypdyr. Ýyllar däl, Asyrlar duşupdir ara, Nätjek, wagt bolsa şeýle bir zalym. Ne suratyň gelip ýetipdir bize, Ne-de bir galypdyr terjimehalyň. Ýöne seňiň soňky äden ädimiň Hemem ýörän ýoluň iň soňky gezek Ketjal asyrlardan çykypdyr üstün, Taryham Saklapdyr, bolansoň gerek. Ol maňa-da gerek, Şoň üçinem, gör, Bu gün gol uzadyp soňsuz hyýala, Seň bilen ýakyndan tanyşjak bolup, Garap durun, Garap durun şo ýola. Ýel bolsa Ajala tarap uzaýar, Gözleriňi gapyp barýar gum syrap. Sen şonda-da Ýüzläp-ýüzläp duşmana Syr bermän, Gaş bürmän barýarsyň, Şyrak. «Sizmi meniň topragymy depeläp, Mähriban ýurdumy lerzana saljak? Basym görersiňiz çopanyň oýnun. Hemem bilersiňiz Barýaňyz hanjak. Niýetiňi aňmasa-da, Duşmanlaň Hersi bir zat diýýär, ýeňsäňden garap, Sen şonda-da Haýbatlardan çekinmän, Syr bermän, Gaş bürmän barýarsyň, Şyrak. Dabanlar agralýar, Garalýar ýüzler, Dodaklar ýarylyp-ýarylyp barýar, Teşneligiň gazabyna çydaman. Duşmanlar topraga garylyp barýar. Özüňem ysgyndan gaçýarsyň kem-kem, Başlaýar seniňem göwräň sandyrap. Şonda-da Duşmanlaň diri galanna Syr bermän, Gaş bürmän barýarsyň, Şyrak. Ahyram ýykylýaň... Ýöne gum garban Duşmanlarňy görüp, iň soňky gezek Şeýle bir mähirli garaýaň dünýä, Ýylgyrýaň gözüňden ýaş dökmä derek. Şeýdip, meniň bilen ýene ýakyndan Tanyşman gidýärsiň, Düşýärsiň yrak Emma meň bir zada, hawa, bir zada Aklym çatyp. Gözüm ýetip dur, Şyrak. Eger toprak üçin jandan geçmäge Hötde gelen bolsaň, gaşlarňy çytman, Sen diýseň görmegeý ýigit bolmaly Hemem şir ýürekli bolmaly hökman. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Diňleseň... / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Kalbymyň tümünde galan sargyt / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Hasrat / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Ýaranlar / Goşgular - 22.07.2024 |
√ Hamd ede / Goşgular - 29.05.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Goşhaltada galan goşgy / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Agta han / Goşgular - 09.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |