09:40 Takdyryñ ýagyr teni / hekaýa | |
TAKDYRYŇ ÝAGYR TENI
Hekaýalar
Mugallymym Gandym ÝOLBARSOWA bagyşlaýaryn. Biri-birine meňzeş, biri-birine tirkeş günler her kimiň ömür-peýwendinden gädip, käte howlugyp, käte süýrenip geçip dur. Ol günler, başga ýer tapmadyk ýaly, ençe gaýgy-hasraty Adyllanyň öňüne döküp, ýigrimi iki ýaşa ýetirdi, ony birmahalky giň ojakda ýalňyz galdyrdy, boşap galan öýüň keşigini ýeke özüne çekdirdi. Öýüň ownuk-uşak işleri eger-eger tükenenok. Ol işleri ýeke etseň, olar rehimsiz döw ýaly bolup egniňden basar, usurgadar, durmuşyň gyzygyny gaçyrar eken. Herhal, ýekäni ýaşadýan zat lebi bally hyýallar bolsun gerek. Adam bende mydama şoňa ýetjek bolup gara günde. Ähli kişä mahsus gara gündelik bir ýyl töweregi wagt bäri Adyllany yralap bilenok. Adylla hiç bir zat hakda oňly pikirlenmän, oňly iş etmän haý-haýly, ýetdirmeýän günleri, çopan ýaly, öz maýdalyna kowup ýör. Öň beýle däldi. Kakasyny soňky ýola ugradansoňam ruhdan düşmändi: ýeke galan ojagynda belent ot ýakdy. Içeri-daşaryny syryp-süpürdi. Goňşusy Dürli eje aýtmyşlaýyn, gelin getiribermeli etdi. Özem bu işlere, köplenç, bir dili uzynyň görmeginden çekinip, göz baglanandan soň başlady. Ýöne obada aýal işi hasaplaýan syryp-süpürmek köp wagt geçmänkä Adyllanyň ýüregine-bagryna düşdi. Ol öz-özüne sowal berdi: näme üçin süpüreýin? Süpürenimde-süpürmänimde üýtgeýän zat ýog-a?! Ýok, ýöne onuň işden eliniň sowamagynyň başga bir sebäbi bar. Bar zat Bibijan üçin sawçylyga gidilip, boş gelenden soň başlandy. Sawçylaryň hoş habar getirmezligi Adyllanyň elini ähli zatdan sowatdy. Içerde-daş işikde ygym-sagym çaşyp ýatan zatlar gün-günden artyp ugrady. Dereksiz zatlar depe döreder eken... Käte birki ýyllykda eline hasa alan Dürli eje gelýär. Ol Adyllanyň ähli zatdan ellibizar bolup oturşyny görüp, özbaşyna hüňürdeýär: «Wah, sen öň beýle däldiň-ä, mydarym?! Ataň-eneň ölümi ähli zatdan eliňi sowadyp, sary zagpyrana öwräýdi. Melegulpak gelin alnyp berilse, süllerip oturmajagyňy bilýän welin, hany, ol meniň elimden gelýärmi?». Dürli ejäniň bu sözlerine telek diýýän ýok. Telegem däl ol. Ýöne, hany, özge üçin aladalanyp ýören adam barmy? Söýdügiň-söýüldigiň işiň bitdigi däl. Ol işiň ýarysam däl. Söýgiň ykbalyny çözüp oturan ata-ene bar. Olaryň hem müň bir ölçegli etsem-petsemi bar. Ähli meseläniň çözgüdi müň bir humarly baýlykda. Ol hem Adyllanyň öýüne diňe arzuw görnüşinde gelýär. Bibijanam. Arzuw bilen ne gujagyň, ne-de öýüň dolýar. Sawçylar: «Taýyr ýerçeken bolmajagyna tutýar, salan galyňy ýerde-gökde duranok» diýdiler. Islemeseň, käte ýokary bahalabam dilegçiden dynylýan eken. Şol habardan soň Adylla bus-busa dönäýdi. Uzynly gününi öýüniň çep tarapyndaky hütdük ussahanasyndan çykman geçirdi. Ata kesbini ýöreden boldy: dutar ýasady. Kä gün ähli işini taşlap dutar çaldy. Bütin dünýäni unudyp çaldy. Dutar Adyllanyň gaýgy-gamyny ile ýaýmak üçin çalynýan ýalydy, zaryn-zaryn aglardy. Sazdan garnyna zat düşmeýän, teläriň aşagyndaky ýeke maň açlygyna çydaman süýükdirip mälemäge başlar. Onuň mälemesi Adyllanyň gulagyna ilmez. Dürli goňşy çydap bilmän, oňa bir gysym ot getirip taşlap, suw görkezer. Soňam ussahananyn arka tarapynda durup, Adyllanyň çalýan mukamyna diň salar: – Wah, ýigidiň gowusy-la. Gyzym bolsa, hökman şuňa bererdim. Özümem gapysynda hyzmatkär... – «Gyzyňy bermezdiň-le» – Dürli ejäniň gulagyna Adyllanyň kinaýaly sözi eşidiler. Geň, her gezek Dürli ejäniň gulagynda şu sözler ýaňlanýar. Dürli eje muny nämä ýorjagyny bilenok. Mukam töweregi gama basmarlaýar. Ähli zat – köne çatma-da, bir gyrasy gopan ojak-da, gamyşlary garalyp giden köne ussahana-da, daş-töwerek-de gaýgy-gama batan ýaly görünýär. Dutar, ýok, ýok, Adylla ýüregini açyp otyr. Dutar onuň agysyny aglap berýär. Ol nädip aglamasyn?! Betbagtlyk haýsy gapyny kaksa-da ýeke kakmaz eken. Ol dokuzy düzüw öýe yzly-yzyna gelip, akan-dökän etdi. Zalym galtamanam beýdäýmez. On bäş ýaşda ene mährinden aýran täleý bigam Adyllany ýedi ýyl geçirip ýene bir entetdi. Oglunyň aýagyny berkje duşaklamagy arzuw edip ýören Seýdaly agany ajal birmahal agaç ata mündürip, öz garaňky dünýäsine äkitdi. Ajalyň işi şirin arzuwlary çapym-çapym etmek. Onuň şol çapymlap ýörşi. Kakasynyň ýedisi berlen gününiň agşamy – goňşy-golamlary, dogan-garyndaşlary öýlerine gaýdansoň, Adyllanyň ýüregi hopukdy. Kakasynyň ýatan ýerini gujaklap, gara öýi sarsdyryp aglady. «Agy derdiňi egisýär» diýýärler. Ýöne agy Adyllanyň derdini egserden ejiz geldi, gaýta, köpeltdi. Adylla sandyrap durşuna gowşudyň üstünden asylgy duran dutary garbap aldy. Ony bagryna basyp uzak oturdy. Soňam kirişlerine kakyşdyrdy. Çalasy, özem batly, dünýäni ýaňlandyryp, endiräp çalasy geldi. Çaldy. Dutar düňňürdäp, gara öýi, Adyllanyň on iki süňňüni sarsdyryp, obanyň içine ýaýrap ugrady. Ýas tutulan ýerde saz çalynmagy nirede görlüp-eşidilen zat?! Iň bärkisi, gaty gürlemegem, gülmegem bolanok ahyryn! Oba adamlary toý-tomgy etjek bolsalar, ýas tutýanyň dogan-garyndaşlaryndan ejaza sorap gidýärler. Eger şol dessury merhumyň ýakyny – merhumyň ýeke-täk mirasdar ogly bozsa, oňa näme diýip, näme aýtjak?! Oba adamlary ilki ýas tutulýan öýden dutaryň owazynyň çykmagyna ynanman diňşirgendiler. Golaý gelip diň saldylar. Olar ýalňyşmandylar. Merhumyň öýünden dutaryň owazy çykýardy. «Aýryldym» birki gezek gaýtalanyp, «Keçpelekden» dat edip ugrady. Gapy şarka açyldy. Üç-dört ýaşuly içeri girdi. Olar Adyllanyň saz çalmasyny goýup, ötünç soramagyna garaşdylar. Adylla durmady. Dutar «Keçpelekden» dat edýärdi. Gelenler biri-biriniň ýüzüne seredişip, özara ümleşip daş çykdylar. Adylla daňdanlar uka gitdi. Oýansa, içeri adamdan doludy. Olar mesawy gürleşip otyrdy. Oturanlar Adyllanyň oýanandygyny görüp, oňa gözastyndan syn etdiler. Ýöne hiç zat diýmediler. Adylla, asyl, şol wagt özüne hiç zat diýilmezligini, akyl öwredilmezligini isledi. Şol waka obadaşlarynyň ýüreginde kine galdyrypdy. Ýüzüne aýtmasalar-da, özüniň ýok ýerinde telek iş edendigini ýatldadylar. Bu gün, görüp otursa, ondan bärem bir ýyl töweregi wagt geçipdir. Adylla iç-daş girip-çykyp, rozugär aladalary bilen gümra bolup ýör. Dogrusy, aç galmajak bolup hysyrdanyp ýör. Ýarym tanap ýeri, ýarym keleme suw nobaty bar. Bu gün üç-dört maldan galany ýeke kel maň. Olam köpeliberenok. Bibijan üçin galyň ýygnamalydygy hakdaky pikir gürleňgüjüge dönen Adyllany öýünden çykardy. * * * Her oba mahsus aýratynlyk bar. Saganaly obasynyň adamlaryna her jumada işi bolsa-bolmasa Astanababa bazaryna gitmek endik bolup gidipdir. Bazar Saganaly obasyndan uzagam däl, bir çakyrym ýol. Bazara diňe goňşy obanyň adamlary däl, has uzaklardanam söwda etmäge gelýärler. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän bazarda düýeden başlap, guşuň süýdüne çenli bar. Her kime şol bol zatdan gerek. Hiç bolmanda seredip, gözüňi dokundyrmagam erbet däl bolarly. Adylla gün guşluga sananam bolsa, dutary egnine atyp, obadaşlarynyň yzyndan ugrady. Ýolda bu mahal adam-jennat ýok. Ähli kişi bazarda bolmaly. Iki gyrasyny äpet-äpet sazakdyr ýylgyn tutup duran ýol Adylla üçin tanyş. Il «Sülgünli ýol» diýýär bu ýola. Sülgüniň jokurdysy atlaryň dükürdisine kesildi. Iki atly alatozan turzup, Adyllanyň yzyndan ýetdi. – Ah-ow, biz ýaly, bazardan gijä galan ýaş ýigit! – diýip, çep gözi gympaý kişi şadyýan seslendi. – Ýetip geçibersek, aýyplaşmarsyň-da hernä?! Adylla näme jogap berjegini bilmän, çalaja ýylgyrdy. – Dutarlynyň deňinden ümsüm geçibermäli, rugsat soraly diýdik – diýip, ikinji atly, mor ýüzli, peşeneli kişi ýoldaşynyň gürrüňiniň üstüni ýetirdi. «Pyýadanyň işi tozana garylmak» diýip, Adylla öwrümde gözden ýiten atlylaryň yzyndan hüňürdenip galdy. Sazakdyr ýylgynlaryň arasyndan sülgüniň sesiniň täzeden eşidilerine garaşdy. Isläniň bolup durmy näme?! Adyllanyň garaşmadyk zady öňünden çykdy. Öwrümde gara düwünçek ýatyrdy. Adylla geňirgenme bilen düwünçegiň ýanyna bardy. Ony birden eline alaýmady. Gorkuly bir zatdyr öýdýän bolarly, onuň daşynda aýlandy. Ýuwaşlyk bilen düwünçegi ýerden galdyrdy. Onuň içindäki zadyň nämedigini bilip, doňdy galdy. Töweregine garanjaklady. Hiç kim ýok. Hälki atlylar gaçyran bolaýmasyn?! Belki, başga biri taşlan bolup, hol beýleräkde synlap durandyr?! Synlaýan-a ýok. – Kim düwünçek ýitirdi?! – Adylla bu sözi üç gezek gaýtalap gygyrdy. Ol gygyrmasyny hiç kimiň eşitmejegini bilýär. Şeýle-de bolsa üç gezek gygyrmak öňden gelýän ýörelge. Üç gezek gygyranyňda hiç kim oňa eýe çykmasa, tapan zadyň özüňe halal bolarmyş. Köpden bäri özüne gulak gabardylman ýören şeýtan garysyna galdy. Ol Adyllanyň böwrüne hürsekledi: «Bazarda işiň ýok seniň. Gaýt yzyňa! Bütin ömrüňe ýetjek tapan baýlygyň. Gaýt diýýän men saňa. Bazara barsaň, gözi ýaşly eýesi öňüňden çykar-da alar. Müň dutaryň bahasyny gazandyň sen häzir. Ýüz gyzyň bahasyny gazandyň sen häzir. Hiç bolmanda, biri görünmänkä düwünçegi ýylgynlygyň içinde gizle. Garaňky düşensoň gelip alarsyň». Adyllanyň göz öňünde Bibijan peýda boldy. Ol indi-hä galyň töläre harjyň bar diýýäne meňzeýärdi. – Bu meniň gazanjym däl-ä, Bibijan! – Adylla bu sözi nähili aýdanyny-da duýman galdy. Gyzardy. Ýönekeýje bir hakykat bar: adam bir zadyny ýitirse, gaty gynanýar. Ýogsam onuň ýiten zadyndan gymmadrak zadyny birine berýän wagtlaram bolýar. Käte apalap ýören zadyň döwläýýän wagtlaram bolýar. Käte gerekli zat derde ýaramaz ýaly zaýalanýar. Adam onuň üçin juda gynanmaz. Ýiten zadyna gynanjy welin, hiç bir zadyň çeni-çaky bolmaz. Munça baýlygyny ýitiren adam, heý, gynanmazmy?! Belki, hälki atlylar muny gaçyrandyklaryny entek bilýänem däldirler. Wagtynda eltip bersem, gynanybam durmazlar. Bazarda, hemişekileri ýaly, bu günem adam kän. Söwdagärler, dellallar, jerçiler garabaşyna gaý. Her söwdagär alyjysyndan peýda görjek. Alýanam başarsa, arzan aljak, peýda görjek. Aldanasy gelýän ýok. Bazaryň ýükem aňsat däl. Ol, gör, şunça adama peýda bermeli! Nyrhyň üsti mydama dawa. Bazar mydama adamlary ylalaşdyryp, kanagatlandyryp ýör. Adylla gyzan bazaryň bir çetinden girdi. Ýolda yzyndan ýeten iki atlynyň gözlegine çykdy. Bazardan islän harydyňy tapyp bolsa-da, isleýän adamyňy tapmak görgi. Bazaryň içinde ýörmegem aňsat däl. Her söwdagär aslyşyp, harydyny hödürleýär. Gyslyşyk. Adylla bazaryň içinden gözleý-gözleý gün günortadan agansoň kerwensaraýyň derwezesiniň öňünden gözleýän adamlaryny tapdy. Özara nämedir bir zadyň gürrüňini edip duran iki kişi Adyllanyň ýanlaryna gelmesine geňirgendiler: – Lal-a dälsiň, inim? – diýip, mor ýüzli kişi geňirgenmesini daşyna çykardy. Adyllanyň elindäki düwünçegi gören çep gözi gympaý kişiniň ýüzi ýagtyldy: – Oh-o, biziň ýitiren düwünçegimiz ýaly-la bu? – Ol düwünçegi Adyllanyň elinden garbap aldy-da, gözüne ýakyn eltdi. – Şul, şul! Hudaýyň ýalkajagy bar eken bizi! Aşa begenendigi ýüz-gözünden bildirýän mor ýüzli kişi gapdalyndaky ýaly dünýäni unudaýman, sowukganlylygyny saklap, Adylla alkyş okady: – Taňryýalkasyn, inim! Alladan gaýtsyn! Bala-çagalaryňa guwan! Ömrüň uzak bolsun!.. Adylla sogap işi edenine monça bolup, dutar satylýan ýere ugrady. – Ýagşy ýigit, aý, ýagşy ýigit! – Iki kişi iki ýerden gygyryp, onuň yzyndan endiler. Olaryň Adyllanyň yzyndan alagykylyk edip, ylgap gelişlerini gören adamlar üýtgeşik bir söwda syn etmekçi bolýan ýaly, Adyllanyň daşyny galladylar. – Inim, nirä howlugyp barýarsyň? Bizi diňle ahyryn – diýip, mor ýüzli, peşeneli kişi Adyllanyň öňüne geçdi. – Men dutar getirdim... – Ony bilýäs. – Kem ekenmi? – Kem bolara, düwünçegi çözübem görmänsiň. Onsoňam onuň kem ýa artykdygy hakda gürrüň ýok. Biz düwünçekden tamamyzy üzüpdik. Ýöne bizi Alla ýalkady – ony gaýdyp berdi. Bize şunuň özem uly baýlyk. – Mor ýüzli kişi düwünçegi Adylla uzatdy: – Inim, sen şundan isledigiňçe al. Bu biziň saňa Allaýalkasyn aýtdygymyz bolsun. Adylla çalaja ýylgyrdy: – Agam, alkyş aýtdyňyz, şol ýeterlik maňa. Adam mydama del gürrüň eşitmegiň, del zady görmegiň küýseginde. Töwerekdäki adamlar, serindäki oý-pikirlerini uçuryp, Adylla dagynyň daşyna üýşdüler. – Seniňki çüwdi, Adylla! Baý agalar eçilip durka, ur düwünçege penjäni. Indi öňkiň ýaly kösenip ýörmän, birem däl, üç-dört aýal alyp bilýäň — diýip, saganalylaryň biri özi baýlyk tapança bolup ýylgyrjaklady. Adylla dutar satylýan ýere – dutar bazaryna geldi. Bu ýerde gidenbir mähelle ýaý berip otyr. Kim dutar synlaýar, çalyp görýär. Hänek bagşy biriniň täze alan dutarynda aýdym aýdýar. Tomaşaçy dutar satýanlardan, hyrydarlardan bäş-alty esse kän. Täze alan dutarynda Hänek bagşa aýdym aýtdyrmak üçin nobatyna garaşyp duranam kän. Adylla adamlaryň bir çetinde baryp oturdy. Adamlary synlady. * * * Bazar. Oňa Adyllanyň kakasy Seýdaly aga: «Durmuşyň ýönekeýje bir görnüşi» diýerdi. Adylla bazara syn edip oturşyna kakasynyň birmahalky aýdan sözüni baş atyp makullady. Kim ýeter-ýetmez günemasyny dolamak üçin zat satyp ýör, kim hojalygyna sygmaýan artykmaç zadyny satyp otyr. Durmuş kysmy bazar adam döräli bäri ýaşaýyş çarhyny aýlap dur. Emgenmän aýlap dur. Älem-jahany görmek, bilmek üçin aýlanyp ýörmek hökmanmykan? Bazardan älem-jahan görünýär. Bu ýerde her hili adam bar. Bu ýerde alyn derini saçyp ýetişdiren hasylyny satyp oturanlaram az däl. Belli zat, ol satuw bilen günema gowulaşybermez. Adylla hem dutar satany bilen baýamajagyny bilýär. Herhal, deprenmeli-dä. Ömür deprenmek, ýaşamak üçin berlipdir. Galyň toplajak bolmaly... Akly-gyzylly halwalar, şahaly nabatlar depe bolup dur. Her hili oýnawaçlaryny satjak bolup ýören söwdagärlerem kän. Gassaplar ýagly etlerini satmaga howlugýarlar. Harydyňy satmaga aýratyn başarnyk gerek. Hawa, ýigrimi-otuz ýerde et satylýar. Adamlar bir ýere nobata durup zat alýarlar. Beýleki gassaplaryň etleriniň hyrydary onçakly kän däl. Sebäp Apbas gassap etini taryplap, oňa aýratyn tagam berýär. Şol etden iýseň, bütin ömrüňe garramajaga meňzeýärsiň. Her bir işde, her bir zatda başarnyk gerek bolarly... Gör, näçe dutaryň söwdasy edildi. Näme üçindir, Adyllanyň dutaryna hyrydar tapylmady. Adylla muňa gyýylybam durmady... * * * Bazar sowuldy. Käbir söwdagär harytlaryny ýygnaşdyryp ýör. Ertirden bäri adamlaryň seýrekleşerine garaşan itler gorky-ürküsiz selkildeşip, galan-gaçan zat agtarmaga başladylar. Iki it mal bazarynyň derwezesiniň öňünde ýatan haltanyň deňinde saklandy. Ony ysgaşdyryp, ýanynda uzak saklanman, ýene ýal gözlemäge gitdiler. Adylla haltany taşlanan bir zatdyr öýtdi. Ýöne onda nämäniň bardygyny bilmek höwesi ony rahat oturtmady. Höwes Adyllanyň erkini örkläp, ädimini şol syrly halta bakan ätdirdi. Haltany ellän Adyllanyň ini tikenekläp gitdi: – Be, bu gün nähili boldy-aý?! Mytgal matadan tikilen kiçeňräk halta kagyz pullardan, tylla-teňňelerden doludy. Adylla Bibijanyň öňünde duran ýaly galpyldady. Oňaýsyz ýagdaýdan çykalga gözläp, töweregine garanjaklap delmirindi. – Kim halta ýitirdi? Kim halta ýitirdi? Ah-ow, adamlar, kim şu haltany ýitirdi?! Zatlaryny ýygnaşdyryp ýören çişik Apbas gassap Adyllanyň ýanyna ylgap geldi. Haltany özüniň däl-de, Adyllanyň tapandygyna, onuňam adamlyk bilen gygyryp durmasyna jany ýandy: – Üç gezek gygyrdyň. Sömelip durman, gidiber-ä indi! Ýogsa-da maňa ber. Içinde näme bar? – Pul. – Hemmesimi? Bä-ä, çynyňmy? – Kim pully halta ýitirdi?! – Adylla zowladyp goýberdi. – Ýuwaş! – Apbas gassap gözlerini petredip, Adyllanyň egninden aslyşdy. Onuň agzyna ýumrugyny sokaýarly göründi. – Biri geläýse nätjek? Deňje bölüşeli. Men haltany senden öň gördüm. Zatlarymy ýygnap bolanymdan soň alaryn diýip durdum. Haltadakydan saňa bermesem hem hakym bar. Ýöne men beýtmäýin. Sahylyk edeýin. Seniň bilen deň bölüşeýin. Ber haltany! – Ýok, oňa berme! – Olara bakan gartaşan halwa satýan söwdagär gaty-gaty ýöräp gelýärdi. Onuň gelýänini gören Apbas gassap pyssardy. Aljyraňňy hüňürdedi: – Sen biziň gürrüňmize goşulma. – Apbas, men saňa belet. Bar, öz işiň bilen bol. Ýogsam menden eýgilige garaşma. – Gartaşan söwdagär Adylla ýüzlendi: – Inim, bu gün bazaryň gürrüňi sen bolduň. Ýoldan düwünçek tapandygyň, ony hem eýesine gowşurandygyňy gürrüň etdiler. Allatagala seni bu gün baý etmän goýjak däl öýdýän. Rast, pul tapdyňmy, bu Allanyň islegidir, eýesiniň gelmeýänligi Allanyň saňa eçildigidir. Biribaryň edenine garşy çykmak bolmaz. Haltany al-da, öýüňe gaýt. Hak eýesi tapylmasa, muny Apbas ýaly ynsabyny onda-munda ýitirenlere berme. * * * Öýüňde kişiniň zadyny saklamakdan kyn zat ýok eken. Özem ol saklanýan zat ýöne-möne zat hem däl, bir halta tylla-teňňe. Adylla şol günden başlap, durşuna gulaga öwrüldi. Daşardan sähel şygyrdy eşidilse, ylgap daş çykdy. Öýüne kim gelse, haltanyň eýesidir öýtdi. Gelen halta hakda hiç zat aýtman, başga gürrüň etse gynandy. Bir hepde onuň üçin bir ýyldanam uzaga çekene döndi. Juma güni haltany göterip bazara ugrady. Ony şol tapan ýerinde goýdy-da, on-on bäş ädim gapdalda oturdy. Wagt ýüregedüşgüç haýallygy bilen geçse-de, haltanyň eýesi gara bermedi. Adyllanyň bolup oturşyny, haltanyň durşuny görüp, Apbas gassap uzak saklanyp bilmedi. Ol bagtyny synap görmek üçin ýene Adyllanyň ýanyna geldi. – Şu haltany aýalym maňa ýakynda tikip beripdi. Pulumy hem şu halta salyp goýupdym. Mende huş galmandyr, haltanyň özümkidigi öýe baranymdan soň, çagalar: «Mytgal haltamyz nirede?» diýip sorandan soň ýadyma düşdi... Käte ýalany hakykatdan tapawutlandyrmak kyn düşýär. Başartmaýan gezeklerem bolýar. Sebäbi ýalan hemişe egni ýyrtyk hakykatyň adyndan gürleýär. Apbas gassabyň hakykat sypat ýalanyna welin ne Adylla, ne-de onuň gapdalynda oturan adamlar ynandy. * * * Adyllanyň içi kagyz pully, tylladyr teňňeli halta tapandygy hakdaky habar Astanababa, Saganaly obalaryna sygman, uzaklara ýaýrady. Habar obama-oba aýlanyp, haltanyň eýesini agtardy. Tapyp bilmeli. Wagt geçip durdy. Üç aýdan soň Astanababa obasynyň kethudasy üç-dört ýaşuly bilen mal bazarynyň derwezesiniň öňünde köne mytgal halta gözegçilik edip oturan Adyllanyň ýanyna geldi. Obanyň kethudasy: – Inim, Adylla, sen musulmançylyk hakyny hakladyň. Halal adamdygyňa ynanýas, Şu günden şeýläk haltanyň eýesi sen! Ony indi bazara getirme – diýdi. Ýaşulular aýat okap, el göterdiler. Adylla ýüregindäkini daşyna çykardy: – Bu meniň zadym däl-ä. Kakam pahyr... Onuň sözüňi diňlemediler: – Şu günden şeýläk seniňki! * * * Dürli eje ýeňil gopup, Adyllanyň öňünden çykdy: – Hemsaýa, bagtyň çüwüpdir. Alnyň-bagtyň açyk bolsun hernä. Häli Taýyr baý bazardan gelýärkä bize degip geçdi. Şol aýtdy: «Adyllanyň bagty getirdi» diýip. – Ol begenjini uzak saklamady. – Saňa hoş habaram aýdyp gitdi ol. Taýyr näme diýendir öýdýäň? Ol: «Dürli, bir gezek baryp soň gara bermediňiz-le? Gyz geregiňiz çynyňyz bolsa, üç-dört gezegem bararsyňyz» diýdi. Men-ä aýdanyny dogry gördüm onuň. – Sizi kowup goýberipdir-ä ol? – Men-ä haýran. Şol mahal bolşy gyz berjege meňzänokdy. Onsoňam «Gyzy baryň – näzi bar» diýipdir köneler. Kowan bolar, arkan gaýşar. Dilegçiniň güni hiç wagtam gowy däl, hemsaýa. Soňy oň bolsun. Ertir sähetli gün, saglyk bolsa, goňşularyň birkisi bilen baryp geläýeris. «Şeýtseňizläň, Dürli eje» diýip, Adylla tas aýdypdy, dilini dişledi. «Hudaý bereýin diýse, gapyň ýapyk bolsa, tüýnükdenem uzadar» diýleni çyn bolup çykdy-ow! Dürli ejäniň habaryna Adyllanyň göwni göterildi. Halt any ýene şol öňki ýerine – gapböwre taşlap, eline dutaryny aldy. «Bibijandan» başga haýsy saz çalynsyn?! Göz öňünde Taýyr baýyň (wah, diňe onuň ady baý. Adamlar bäş-alty maly bara-da «baý» diýşip ýörler) perisypat gyzy örboýuna galdy. Bibijan Adylalnyň gözüne bu gün öňkülerindenem mährem, eziz göründi. Adylla oňa ýüregini açdy: «Bibijan, öýdäki gam-gussa ýata-ýata ýadady öýdýän. Seniň gelmegiň bilen öýümiz alaýaza döner enşalla...» Adylla Bibijana ýene kän-kän zatlar aýtjakdy. At aýagynyň dükürdisi ýaňy başlanan süýji söhbetiň arasyny zalymlyk bilen şarta böldi. Daş işikde atyny debsiledip, obada kümsüklikde belli Gölli çapyk durdy. Ol Adyllanyň salamyny alyp, göçgünli gürledi: – Inibatyr, men-ä köne dostumyň oglunyň ýaşaýşyny göreýin diýip geläýendirin. – Ol Adyllany boýdan-başa synlady. – Näme kem zadyň bar? Çekinmän aýdyber, elimden gelen kömegimi gaýgyrmaryn. Kakaň ikimiz ýegre dostduk. Ikimiziň dostlugymyzdan bir nyşan bolsun diýip, ol maňa dutar ýasap beripdi. Käte şony tiňňirdeden bolýan welin, kakaň bende ýadyma düşýär, onuň bilen durmuş hakda derdinişen ýaly bolýaryn. – Gölli aga, içeri giriň – diýip, Adylla garaşylmadyk myhmany öýe çagyrdy. – Içeri gireris, inibatyr, hökman gireris. Kakaň pahyr barka, size köp gelerdim. Dogrymy aýdaýyn: soň-soň gelmäm galdy. Adam köplenç geleňsizlik edýär. Gölli çapyk mürähede mähetdel içeri girdi. Ikidyz oturdy-da, töweregine göz aýlady. Adylla üçin gyzykly bolmadyk nesihat-ündewine başlady: – Inibatyr, bu bolup ýörşüň bolanok. Hemme zat wagtynda bolsa ýagşy. Seni biri gelip öýerer öýdýäňmi? Ýa ömrüňi müjerret geçirmek niýetiň barmy? Men saňa käýemeli boljak. Geleňsizlik etmäň bolanok, inibatyr. Bu zatlary saňa aýtmagy borjum hasaplaýaryn. Saňa el, dil kömegi geregem bolsa, men taýýar. Giç eken diýip çekinip durman, ýarygije bolsa-da, öýe baryber. Habaryňy aýt. «Gölli aga, ýagdaý şeýle-şeýle» diý. «Maňa maslahat ber» diý. Gaşymy çytmaryn, başardygymdan maslahat bererin. Meniň dogry sözüm bar, inibatyr. Dostumyň ogly bolaňdan soň, garyndaşlyk açmalam bolsa, ýer depip durman ylalaşaryn. Men muny näme üçin aýdýaryn? Bu seniň kakaň arzuwydy. Ol mydama maňa: «Gölli jan, ikimiz garyndaş bolmasak – gyzyňy ogluma alyp bermesem ýalançydan gözümi açyp giderin» diýip, köp gaýtalardy. Aýdyşy ýaly, gözüni açyp gitdi bende. Indi ony göründe rahat ýatyraly, inibatyr. Pendini tutaly. Adam ölse-de, onuň ruhy perzentleriniň, dost-ýarlarynyň arasynda ýaşar ýörermiş. Haýsy dostunyň soňundan nähili ýagşylyk edýändigini synlarmyş. Halasa alkyş, halamasa gargyş okarmyş... Ýaňy Adyllanyň Bibijan bilen hyýaly gürrüňiniň arasynyň bölünişi ýaly, joşup gürlemäge başlan Gölli çapygyň gürrüňi hem birki sany adamyň içeri girmegi bilen bölündi. Olar gelensoň Gölli çapygyň oturyp mazasy bolmady. Ol Adyllany öýüne çagyryp, gyssanmaç gitdi. Ençe wagtlap gum-gukluk bolan öýde janlanyşygyň döremegine, adamlaryň gelip ugramagyna, öýlenjekdigine, özem göwün diýen gyzyna – Bibijana öýlenjekdigine begenmek begendi. «Hudaý ahyr gülüp bakdy» diýip içinden öwran-öwran gaýtalady. Gölli çapygyň sözleri hakda oýlandy. Adyllanyň ýüzi gyzdy: erkek kişi gyzyny hödürläp dursa, gelşiksiz boljak eken. Belki, Gölli çapyk, hernäçe agyram bolsa, bu sözleri diýmegi özüne parz hasaplandyr?! Megerem, şeýledir. Ol Adyllanyň kaksy bilen ýegre dost bolupdyr ahyryn! Ýöne Gölli çapygyň bu gapydan girip-çykany, kakasy bilen saçakly gatnaşyk saklany Adyllanyň ýadyna düşmedi. Indi nätmeli bolarka?! Bir açlygyň bir doklugy. Hudaý eçilende üsti-üstüne eçiljek eken. Gölli çapyk şeýdip gidensoň, onuňka sawçy ibermeseň, gelşiksiz bolmazmy? Adyllanyň göwni welin Bibijany küýsedi. Gör, tebigatyň Bibijana gözellik eçiläýşini! Duran hüýr-melegiň bar-da! Ho-o gün ýolda tötänleýin gabat geldi. Şonda olaryň nazarlary kaklyşdy. Bibijanyň mähirden doly owadan gözleri işläp ýadamajak Adyllany pagş-para etdi goýdy. Dünýäde iň güýçli zat gyzlaryň owadan, mährem gözleri bolsun gerek! * * * Dürli eje goňşy aýallaryň birkisine baş bolup, Taýyr baýlaryňka sawçylyga gitdi. Adylla olary ugradyp, hoş habarly dolanmaklaryna sabyrsyzlyk bilen garaşmaga başlady. Gidenler öýlenjek ýigidiň sabryny barlamak isleýän ýaly, uzak eglendiler. Adylla birki gezek daş çykyp, gidenleriň ýoluna gözledi. Delminip durşuna käbir goňşularynyň gülüşmeklerinden howatyrlanyp, içeri girdi. Wagt geçirmek üçin saz çalmakçy boldy. Geň, ilkinji gezek onuň elleri oýnamady. Dutary gowşutdan asdy-da, öýüň içinde sömelip durdy. Öýüň keçesini, gamşyny pyçak bilen kesip, daşary sereder ýaly deşijek etdi. Şol deşijege gözüni basdy. Sawçylar geläýmese, ol deşijekden gözüni aýyrjaga-da meňzänok ol. Adyllanyň yhlas bilen eden deşijegine giden sawçylar sygdy. Ýigit ýüregini galpyldadyp, gidenleriň ýüzlerinden many okamaga çalyşdy. Okady. Sawçylaryň ýüzi gülüp dur. Işiň bitdigi dälmi şu?! Işiň bitendigini Dürli eje-de gapyny açyp-açmanka aýtdy: – Biz-ä gurtdurys, hemsaýa. – Ol böwrüne diň salyp, birsalym durdy-da, gürrüňini dowam etdi. – Ýöne Taýyr ynsapdan çykdy. Galyňy ýokardan salýar. – Aslynda bar bolsa, ony üzmek kyn düşmez. Bibijan galyňy el işini edibem üzer. Eli çeper onuň – diýip, sawçylyga gidenler Dürli ejäniň gürrüňiniň üstüni ýetirdiler. – «El işi bilen üzer» diýýäňiz... Taýyr aga nesýe bermez-ä. – Bir halta tyllasy bolan adam gelni nesýe aljak bolubam durmaz... – Eýse kimde barmyş ol? – Ýaşulular Adylla pata berdiler diýip Taýyr gürrüň berdi. – Pata berenlerinde-de ol meniňki däl-ä. Özgäniň gazanjyny sowmaga ynsabym çatanok, elim baranok. Kakam bütin ömrüne halal ýaşady. Maňa-da şony pent etdi. Dürli ejäniň ýüzi boz-ýaz boldy, egnini ýygyrdy, naýynjar seslendi: – Indiki jumada otuz tümen galyň getireris diýip gaýtdyk. Gelşiksiz boldy büý-ä. – Otuz tümenem galyň bormy, Dürli eje? Bu ilden çykmak ahyryn. Obada galyň on tümenden aňry geçenok. – Wah, bizem aýtdyk şeýle diýip. Ol: «On tümenlik gyzyňka gidäýiň» diýýär. Näçe diýse, galyň tölener öýdýär ol. «Otuz tümenden bir gyranam aşak düşjek däl» diýip otyr. – Men onça tümeni nireden alaýyn? Adyllanyň bolup durşuna Dürli ejäniň nebsi agyrdy, oňa göwünlik bermäge çalyşdy: – Ajaldan başga zadyň bir hasaby bolýar, hemsaýa. Ruhdan düşme, goňşy-golamlar bolup, otuz tümeni ýygnarys. Seni öýerip bilmesek, bizdenem goňşy bolarmy?! – Telek bir söz aýtdymmykam diýýän ýaly, öz boýdaşlarynyň ýüzüne soragly bakdy. Aýallar Dürli ejäniň sözüni başly-barat makulladylar. Adylla öýde ýene ýeke galdy. Ol süýnüp, tüýnükden asmana seredip ýatdy. Kejebesi daraldy, öwhüldäp demini aldy. Göwnüne häliden bäri ýakynynda duran Bibijan ondan daşlaşana döndi. Hasanaklap ýerinden turdy-da, başyna müň gowga salan köne mytgal haltany öňüne aldy. Ony keçäniň üstüne dökdi. Tümendir tyllalar şaňňyrdaşyp, özboluşly ses etdiler. Her hili pullar depe bolup dur. Adylla aýbogdaşyny gurup oturdy. Otuz tümeni sanap aldy-la, gysymyna saldy. Birdenem ony gapa bakan atyp goýberdi: – Me, saňa galyň! Al, doý!.. * * * Göräýmäge, hiç kimde artyk-süýşük zat ýok. Emma adam çyny bilen ýapyşanda, ýokdanam bar edip biljek eken. Goňşy-golamlar ýokdan bar etdiler: kim mal getirdi, ýene biri kümüş pul, başga biri: «Bazarda satyp pullanaý» diýip, şaý-sepini goýup gitdi. Adylla jumada goňşularynyň beren şaý-seplerini satmak, haltanyň eýesine garaşmak üçin bazara gitdi. Ol halta seredip oturmaga öwrenişibem gidipdir. Ýöne gözi haltada bolsa-da, aňy başga ýerde. «Başga ýer» diýilýänem uzak ýer däl, Taýyr baýlaryň öýünde. Öýem däl, onuň peri-peýker sypatly gyzy Bibijanda. Bibijan bazardaky köp seredýän şol kiçeňräk haltasynyň öňüni tutup, Adyllanyň göz atuwyndan aýrylanok. Ol ýylgyryp: «Men seniňki!» diýýär. Hana, kejebe barýar. Ol Adyllanyň öýünden gaýdan kejebe. Bibijany almaga barýar. Taýyr baý bolsa, elini serip dur: «Otuz tümen ber!» diýýär. Baý-bo! Taýyr baýyň doýmaz-dolmazlygyna adamlaryň nähili gaharynyň gelendigini bir görsediňiz! Ony, arman, diňe Adylla görüp bilýär! Turdy bir gykylyk-galmagal!.. – Eý, Alla-a, gör-ä muny! Mundan üç aý owal galdyryp giden haltamyzyň ellenmän şol durşy eken! – Geň galmakdan ýaňa gözleri peträn nätanyş kişi Adyllanyň goýan haltasyny elleşdirip dur. – Ýalňyşýan dälsiň-dä?! – diýip, hasanaklap gelen Apbas gassap nätanşa müňkür boldy. Orta ýaşlaryndaky geýnüwli, agras kişi Apbas gassaba öýkeli seretdi: – Men pelwertli Hanmyrat baý! Mundan ýarym ýyl öň bäş dogan bolup üç süri mal satdyk şu bazarda. Men haltany inilerimiň biri alandyr öýdüp arkaýynlandym. Inilerim hem haltany doganlarymyzyň biri alandyr öýdüp pikir edipdir. Aladasyndan dynansoň, adamyň kellesi göçjek eken. Ýogsam bäşiň biri atlaryň ganjygasyna seredäýmeli ahyryn! Şoňa-da mukym bolmandyrys. Öýe baryp, haltanyň galandygyny bildik, biri-birimize iňirdeşdik. Yzymyza gaýdaly diýere-de gije bir çene barypdy. «Hudaýyň isleýşi şeýledir, maňlaýymyza ýazylany şeýledir» diýip, haltadan umydymyzy üzdük. Ýogsam ertesi: «Gaýdaly, bazar güni baraly, bir uç tapylar» diýenlerimizem boldy. Bir bende ony tapyp gönenendir, indi ondan uç-derek tapjak gümanaň bolmaz öýtdük. Bu günem ýolum düşüp geldim. Tötänden haltamyzy gördüm. Dogrusy, inçe tamam ýok däldi. Adamlarymyzdan ynsap aýrylmasyn hernä! – Sen, sakgaldaş, bu kirli haltaň üçin ho oturan ýigide – Adylla alkyş oka. Ol her bazar haltany şu ýere getirip, seniň geleriňe garaşdy. Nesibäň aýrylman eken – diýip, halwa satýan goja Adylla bakan ümledi. Özüni «Hanmyrat baý» diýip tanyşdyran kişi Adylla bilen salamlaşdy: – Seniň ýaly adamlarymyz köp bolsun, ylaýym! Käte bir kezzabyň ýüzünden durmuşa, adamlara baha berip zeýrenişýäris. Ýigit, göwnüň üçin haltadan biraz alaýyn. – Hanmyrat baý bir penje tylladyr teňňe aldy-da, goltugyna saldy. – Bu, ýigit, seniňki. Toýuňa ýarasyn! Adylla öňem şu sözüň aýdylmagyndan gorkup duran ýaly, gaşlaryny çytyp, şolbir aýdýan sözlerini ýene gaýtalady: – Bu meniňki däl-ä... Maňlaý derimi döküp gazanmadyk zadymy alyp bilmerin-ä! Hanmyrat baý Adyllanyň sözüni diňläp, baş atdy: – Şeýle yhlas edip garaşanyňdan soň, haltany göterip gidibermäge ynsabym çatanok. Bu biziň tamamyzy üzen zadymyz. Onsoňam biz muny Hudaý ýoluna bolsun etdik... Maňa dogry düşüp, ýigit. Sähel salymda olaryň daşy adamdan doldy. Adamlaryň arasynda Taýyr baý zomap çykdy. Ol gaharlandy: – Adylla, seni beýle samsyksyň öýtmeýärdim. «Al!» diýildimi, al-da! Geçen bazarda aýdyldy ahyryn saňa: «Halta seniňki» diýip! Eýesem «Al!» diýip dur. Ýene näme isleýäň? Adamyň beýle pekgesi boljak ekeni, walla?! Hany, haltany al-da, ugra şu ýerden. – Taýyr aga, men nä ýüzüme alaýyn? «Şu seniňki» diýip özümi aldap bilemok. Kakam bütin ömrüne halal ýaşady. Men onuň tohumyna ysnat getirip bilmen ahyryn... Taýyr baý hapa sögünip, adamlaryň arasyndan çykdy gitdi. Adamlar maslahat bermäge ökde. Adylla bilen Hanmyrat baýa beren maslahatlaram az-küş däl. – Iki bölüşmeli. – Haltany hak eýesine bermeli. – Gedaýlara paýlamaly. – Sadaka bermeli. Maslahatlaryň hemmesini sanap, aňyrsyna çykar ýaly däl. Kän. Şol känligiň içinden bir maslahat makul görüldi: – Kerki kazysynyň ýanyna barmaly, ol haltany nätmelidigini adyl çözer. Şeýle hem edildi. Iki kişi tirkeşip kazynyň ýanyna bardy. Zerli lybasa çümüp oturan kazy olary sowuk nazary bilen garşy aldy. Ol Hanmyrat baýyň gürrüňini diňläp, oýa batdy. Gapdalyndaky galyň kitaplaryň birini aldy-da, ony waraklady. Nämedir bir zady burnuna salyp okady. Kitapdan başyny galdyrman agras gürledi: – Men adalatyň bolmagyny isleýärin. Şonuň bolmagy üçin hem men şu ýerde otyryn. Welaýatda adalatsyzlyk köp. Men şol adalatsyzlyklaryň hemesini adalatly çözmeli. Ýamana temmi berip, ýagşyny ýalkamaly... Kazynyň uzyn nutugyny diňlemäge Hanmyrat baýyň takady ýetmedik bolarly, ol: – Kazy aga, biz näme etmeli? – diýdi. – Sizmi? – Kazy ýene kitabyna göz aýlady. – Kitapda ýazylyşy boýunça size, Hanmyrat baý, bu haltadan hiç zat almak bolmaýar. Sebäbi siz ýitiren haltaňyzy Hudaý ýoluna aýdypsyňyz. Hudaý ýoluna aýdylan zady yzyna almak bolsa, külli günä hasaplanýar. Haltadan azda-kände tamasy bar bolmaga çemeli, Hanmyrat baý egnini ýygryp, gorka sorady: – Men näme etmeli? Kazy kinaýaly ýylgyrdy: – Siz gaýdybermeli. Hanmyrat baý Adylla bilen hoşlaşyp gitdi. Uzak wagt geçmänkä ýene yzyna dolanyp geldi. Goltugyndan bir penje tylladyr tümen çykaryp, kazynyň öňünde goýdy. Hiç zat diýmän, çykyp gitdi. Kazy sakgalyny sypalap, Adyllany synlady. Soňam jaýy sarsdyryp gürledi: – Edip ýören işiň näme, samsyk? Tapan zadyňy näme üçin şunça wagtlap gizläp sakladyň? Bu etmişiň üçin seniň gözüni zyndanda açmaly! Näme tapsaň adalat gapysyna – şu ýere getirmelidigini bileňokmy? – Men ony tapan ýerimde goýdum, kazy aga. – Tapan zadyňy şu ýere getirmeli, şu ýere! Eşidýärmiň? Şu ýere! – Takdyryna ten berip perişan halda oturan Adyllany kazy mundan artyk horlamak islemedik bolarly, ýuwaşady: – Zyndana taşlaman, ýagşylyk edeýin. Ýöne indi, iňňe tapsaňam şu ýerik getir. Düşnüklimi? * * * Adylla üç aý götenen agyr ýükünden dynyp, ýeňil dem aldy. Kazynyň zyndana taşlamadygyna müň kerem razy bolup, oňa alkyş okady. Çaltrak öýüne ýetesi geldi. Namazşam goňşulary Bibijan üçin sawçylyga gitjekdiler. Aýdylan galyň karz-kowal bilen ýygnalypdy. Sawçylaryň eýýäm ugran bolmaklary mümkin. Olar nähili habar getirerkäler?! Şony bilmeli, şony! Bu ýollaryň uzakdygyny! 1987 – 1989 ý. Osman ÖDE. | |
|
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |