11:15 Täleý gabat gelende / satiriki hekaýa | |
TÄLEÝ GABAT GELENDE
Satiriki hekaýalar
Atabal aga em-ýom etmekde adykdy. Ol indi palçylygy, tebipçiligi, porhançylygy hem ele almakçy boldy. Ol ilki bilen dişi agyrýana doga satyp başlady. Bölejik kagyza bäş-on sany tegelek çyzýar. Hersiniň içine arap harpyndan birini ýazýar-da: — Şu dogany diwardan asyp, her gün şu tegelekleriň içine täze iňňeden birini dürtüber — diýýär. Bir hepde-on gün geçýär. Dişiň agyrmasy galýar. Käte üç günden, käte bäş günden tapba kesilýär duruberýär. Doganyň bahasy belli — üç manat. — Doktora baryp, kartoçkaňy tapdyrjak bolup azara-da galmaly däl. Kartoçkaňy tapanoklaram. Nobatam uly. Atabal aganyň ýanyna barsaň, «Oçura» durmaly däl — diýýärler. Halk-da, eňen ugruna sil ýaly eňýär. Suwsan goýun ýaly gaýdyberýär. Näme diýjek? Hatda raýon keselhanasynyň baş wraçy Durdy Baýryýewiçem: — Atabal aga, stomotologyň ýanyndan saňa bir diş kabinetini açyp bereýin — diýip gülerdi. Sebäbi «iýen agyz uýalar» diýen nakyl bar. Baş wraçam onuň öýünden keýpini kökläp gidegen. Bir gün, görsene muny, hakyt ýaşulynyň aşygy alçy gopaýdy-da. Ol düşünjesiz käbir adamyň agzyna-diline düşdi, ynamyna girdi ötägitdi. Atabal aganyň döwi göterildi. Şenbe günüdi. Ýaşuly: «Bu gün nirä çapawulçylyk etsemkäm?» diýip, ugur tapman, kelep ujuny kelebagajy bilen ýitirip otyrdy. Onuň öýüne kyrk-kyrk bäş ýaşlaryndaky göze doly, ak mapraç, maýa ýaly bir zenan geläýdi. — Sälämälik, atam! — diýip, süýkdürip ol «peri-peýker» işikden näz-kereşme bilen girip, giren ýerinde-de eda bilen oturdy. — Amanmyň, gyzym, saglykmy — diýip, ýaşuly ol perizada göz astyndan ogrynça syn etdi. Gyzyl, gözüňi deşip barýan reňkli, gymmat baha ýapon panbarhatdan tikilen köýnek zenana diýseň gelşik berýärdi. Göwre boýa, boý göwrä gaty laýykdy. Öte çişik, tultugam däldi, aşa agajedem diýip boljak däldi. Mahlasy, ol zenan ökde hudožnigiň çeken suratyna meňzeýärdi. Otuz iki dişem sap gyzyldandy. Salam berende jaýda ýyldyrym çakan ýaly boldy. Barmaklaryndaky ýüzükler, gulaklaryndaky ysyrgalar, ýakasyndaky broşka gojany oýlandyrdy: «Aýlygyna ýaşaýan naçar-a däl bi». Ýakasynyň keşdesi, dyzdanynyň bejergisi ýaşulyny özüne bent etdi. Niýeti üýtgäp başlady. «Toba-toba, kalbyma şeýtan aralaşmasa-da beri!» — Atam, meni siziň ýanyňyza iberdiler. Meniň täleýime bir garap beriň! — diýip, ol zenan habaryny aýtdy. Atabal aga oýlandy: «Sakgaldaşlarym Aman beter dagy meni oýnamak üçin iberendirler». — Atam, at-owazaňyzy eşidip, uzak ýerden geldim. Täleýime garap bermeseňiz boljak däl. Gadyryňyzy bilerin — diýip, ýaňky zenan özelendi, aglaýjak-aglaýjak boldy. Derdi-azary özüne ýetik bolmaga çemeli. Goja köneçe kitaplardan birini «Ýak, bissimilla!» diýip eline aldy. Agtaryşdyran boldy. Ol oýlanmaga wagt utjak bolýardy. «Bu zenan harç-harajatdan-a mätäçlik çekýän bolmaly däl. Näme bela gelse meslikden, harsydünýälikden gelmeli. Bazary baglan peýdakeş heleýler köplenç öýlerinde bolmaýarlar. Şäherden şähere entäp öýlerinden ýaban ýatyp, organ işgärleriniň awy bolup geziberýärler. Şonuň netijesinde äri ýeke ýatyp, öýde agzalalyk, dawa başlanýar. Gel, şol ugurdan bagty synap göreýin» diýip, goja belli netijä geldi. Ol şylha-şylha bolup giden kitabyny açyp, agdaryşdyran kişi bolup, bir ýerinde sägindi-de: «Bu däl» diýdi. Atabal aga mekirlige ýüz urdy. Kezzap hemişe kezzap-da. Ol köne, arapça kitaplaryndan başga birini aldy-da sahypasyny açdy. Ony ýassygyň üstünde goýup, ýüz görülýän kiçeňräk aýnalaryndan iki sanysyny kitabyň golaýynda dik goýdy. Öz tarapyndaky aýnanyň ýüzi öňdedi. Oňa kitabyň sahypasynyň şekili düşýärdi. Emma goja bilen kitabyň arasyny aýna ýapyp durdy. Kitabyň beýle tarapyndaky ikinji aýnada birinji aýnadaky sahypaň şekili görünýärdi. Ýaşuly iki aýnaň kömegi bilen kitaby «gepledip» başlady. Ine, muňa «gudrat» diýmän dagy näme diýjek?! Goja aram-aram janly depini gümmürdedip kakýardy. Gamçysy bilen öz ýagyrnysyna şarpyldadyp urýardy. Onuň bu bolşy özüni «işle, gazan» diýip urýan ýalydy. «Mehanizm» işläp başlady. Işiň şowuna düşäýmegem ähtimal. — Gyzym, bu dawaň başlananyna alty aý dagy bolupdyr-la? Özem galmagal hut öz öýüňde, gyzym. Ynha, kitap aýdyp dur ahyry — diýdi. Şeý diýip, goja ol zenanyň ýüzüne seretdi. — Wah, gudratyňa döneýin, atam, ýüregim bolduň! — diýip, ýaňky zenan ýerinden tarsa turup, ýaşulynyň ýanyna bardy. Özüni aşak goýberip, onuň dyzyna başyny goýup aglady. — Günüm bulaşdy, atam! Bagtym ýatdy, jan işan kaka! Medet bereweri — diýip, maňlaýyna ýumruklap möňňürdi. — Gyzym, darykmaň. Armak şeýtandan, sabyr rahmandan — diýip, goja süýji dilini sala-gulaç goýberdi. Sebäbi indi atylan ok nyşana degip durdy. — Işan kaka, men nädeýin! Neneň edip bu belany dep edip bolarka, jan atam?! Adamym bilen günüm bir bolsa, urşum iki — diýip, ýaňky zenan zarynlap aglady. — Derdimi bildiň, atam, dermanyny hem salgy bereweri! — diýip, köýneginiň ýeňinden akja elýaglygyny alyp, gözleriniň ýaşyny süpürdi. Atabal aga kitabyny agdaryşdyrmaga oturdy. Sahypanyň bir ýerine barmagyny dürten bolup: — Gyzym, ine, şu ýerde adamyňy däliredip, düze çykar ýaly edýän güýçli bir doga bar — diýdi. — Waý, atam, beýtmäweri! Öňem sag däl ol. Arak, tirýek, beňe özüni beren sähnedir. — Ine, bu ýerdäki doga janyny gabyz kylyp jähenneme iberýär. Muňa «tepbetin la magna hatap» diýilýär. — Işan kaka, goýaweri. Öýde garamatkeşem gerek. Çagalary atasyz diýmesinler. Iliň gyzyl dili kesilsin. Öňem adym ala baýtal. — Bu dogalar: maýyp-müjrip, otura, ysmaz, saňsar, garaz inwalid ugry — diýip, magsym başga bir sahypany açyp, arapça bir zatlary samrady. Tasdan SPID-iňem dogasy bar diýipdi. — Ýok-ýok, maýyp-müjrüp etseňiz, maňa azar bolar. Öňem ekleýän özüm weli, hajatyna-da hopbalap alyp gitmeli borun. Jan-atam jan, başgarak ugruny tapawer! Ýaşyň uzak bolsun! — Onda, gyzym, agzybirlik dogasyny ýazaýjak men-ä? — Diliize gurban, jan, molla atam, şeýdeweri! Ýüregine basalyk dogasyny edeweri! Haýyş edýän, ahun babam! Goja ak kagyza kitapdan birneme göçürip, ony üç epläp ýaňky zenana berdi. — Gyzym, birki hepde adamyň ýanynda bolmaly-ha borduň. — Näderin-dä, bolmaly borun-da ýanynda. Artyp, heýran, esgi diýip, Lwow, Riga, Magadan goýman ygylýar. Gazanjam gyzykly zat, agzybirligem gerek-dä. «Munuň ýaly peýdakeşler tutjar baý bolýar. Gat-gat jaýlarda üsti-üstüne ýaşamaýarlar. Howlusy bolýar. Howluda çaşyp ýatan süňküň bolmajak gümany ýok». — Gyzym, howlyňyzyň günbatar çüňkünde bir süňk ýatan bolmaly. Şony oda atyp, şonuň tüssesine şu dogany üç gezek tut. Oduň daşyndan adamyň köýnegini eliňe alyp, üç sapar aýlan. Özüňem oduň üstünden üç gezek ätläp geç. Nebitden, gazdan edilen köýnek geýip otdan ätleýji bolmaweri, gyzym. Onsoň şu dogany adamyň ýagyrnişliginden dakarsyň. Duza dem salyp bereýin onam birki hepdäň dowamynda salada sepip iýdir. Ýatyp-turumyňyz bileräk bolubersin, ysnyşyň. Ol zatlary aýtmagam bize uslyp däl welin, nätjek-dä, kitap görkezýä. — Bor-bor, işan kaka. Ömrüň uzak bolsun! Atabal aganyň işi şowuna. Agzybirlik gül ýaly. «Doga» öz işini edipdir. Aklyk: pul, halat-serpaý gelip durdy. Müşderi köpelýärdi. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |