19:59 Tankytçy Öde Abdyllaýewe açyk hat | |
TANKYTÇY ÖDE ABDYLLAÝEWE AÇYK HAT
Edebi tankyt
(Türkmenistan Ýazyjylarynyň V gurultaýyna) Gadyrly Öde Abdyllaýew! Elbetde, bu “açyk hat” diýip atlandyrylýan edebiýat hakdaky sowallarymy has “gysylan” möçbere geçeirip ýa bolmasa köçeden barýarkaňyz, sizi bir-iki minutlyk saklap, dilden hem jogap alsam alardym. Ýollaýan sowallarym esasan köne, käbir möçberde çözülendigine garamazdan, diňe meni ýaly poeziýa bilen iş salyşýan ýaşlara degişli bolman, edebiýat söýüjileriň köpüsini gyzyklandyrajýak zat bolany üçin, size gazet üsti bilen ýüzlenmegi makul bildim. Türkmenistan ýazyjylarynyň V gurultaýynyň öň ýasnynda şu babatdan açyk çykyş etmek “köne saman sowurmak” bolman, belli bir häsiýeti özünde jemleýän käbir “yrgalyklara” azda-kände täsir etjek bolmakmyka diýip düşünýärin. Ilkinji sowalym edebi tankyt barada: tankyt türkmen edebiýatynyň iň körpe žanry diýsem, megerem, siz maňa garşy çykmarsyňyz. muňa garamazdan, biziň tankydymyz öz wezipesini artygy bilen berjaý etmese-de, dürli-dürli formaly eserleriň köp kemçiligini düzetmekde, indikä sapak görkezmekde kän iş bitirdi. Bizde Ata Kerimow, Abdylla Myradow, Hanguly Taňryberdiýew (şol sanda siz) ýaly tankytçylar peýda boldy. Meniň hut özüm tankytçylarymyz doly güýçde işleýärler diýip baha berip biljek däl. Bu ýagdaýy käbir esaslara salgylanyp ýuwmarlamak hem bolar. Men edebiýaty öwrenijileriň bellileriniň birinden: “Ýazyjynyň ýazyjylyk medeniýeti näme bilen ölçelýär?” diýip soradym. Ol ýylgyrdy-da: “Ýazyjynyň ýazyjylyk medeniýeti onuň adalatl tankydyň özüne getiren “Biabraýçylygyna” bolan söýgüsi bilen ölçelýär” dýip jogap gaýtardy. Elbetde, ýolugra berlen gysgajyk jogap, oýunlyga salnanlygyna garamazdan, çuň mana eýe. Şol jogap biziň ýazyjylarymyza-da gös-göni degişli. Käbir ýazyjylarymyzda şol “biabraýçylyga” garaýyşda medeniýet ýetmeýär. Bu bolsa käbir tankytçylary göze görnüp duran kemçilikleriňem üstünden bküp geçmäge itekleýär. Şeýle ýagdaýda tankytçylary günäkärlemek bolar, ýöne edilen adalatly bellige dürs düşünmän, saňa keserilip seredilen halatda tankytçynyň gözýummasyna däl diýesiň gelemýär. bolsa-da, tankyt diýilýän zat indiwidual şahsyň öýkesine garap, umumy edebiýatyň haky üçin “üçürdiklese”, onuň medeniýetden daşlaşdygy bolýar. tankytçylaryň gözýummasynyň nähili zyýanly netijesiniň bardygyny bir mysal bilen düşündirjek bolaýyn. Men Beki Seýtäkowyň “Çölüň ýüregi” atly fantastiki romanyny okadym. tarp ýerden ilkinjileriň biri bolup hasyl almak, elbetde, aňsat däl. ol romanyň kompozisiýasynyň örän gyzykly gurlandygyna garamazdan, köp epizodlar ozal okalan fantastik romanyň ýa-da görlen kinonyň käbire zatlaryny ýatladyp duran ýaly. Bu meniň diýjek zatlarymyň esasysy däl. Esasy zat başga. fantastik eserleriň däbine görä, romanda gürrüň geljek hakda gidýär. waka, ýalňyşmaýan bolsam, indiki asyrda geçýär. Romanyň esasy konflikti N. şäherindäki sowet alymlarynyň işlerini amerikan razwedkaçylarynyň ogurlajak bolşuna syrygýar. bu bolup biljek zatmy? Men sowala jogap berjek bolamok-da, geljek hakda gep açylanda, döwrüň syýasy akymlarynyň çylşyrymlylygyna örän eserdeň garamaly diýjek bolýan. Eýýäm, şu günlerden başlap, kosmos syrlaryny bile açyşmak barada sowet hem amerikan alymlarynyň arasynda dürli gepleşikler geçirilip başlandy. “Çölüň ýüreginiň” döwrüne çenli bolsa, belkem, amerikanlar bilen bile işlener. Baryp 1959-njy ýylda amerikan materiginiň bir bölegi Kuba ülkesi sosializüme aýak basdy. “Çölüň ýüregindäki” syýasy konflikt şol döwre ýetermikä?.. Bu sowal barada tankyt dymdy. Şu ýerde tankydyň gözýummasy diňe okyja däl, awtoryň ösüşine-de ýetirmeli täsirini ýetirip bilmedi. Gadyrly Öde Abdyllaýew! Medn şu hatymda ähli sowallarymy edebiýatdaky “ikitaraplylyga” syrykdyrmakçy. Ýokarky alan mysalymda hem ikitaraplylyk bar. Iki taraplylyk sözi termin däl. Megerem, men bu sözi ýerliksiz ulanýandyryn. Bolsa-da, biz özümiz ýaly ýaşlaryň arasyndaky ýygy-ýygydan bolýan çekeleşmelerde şol ýagdaýa “ikitaraplylyk” diýip at berdik. Şonuň bilen birlikde hem şu sowallaryň barynyň diňe meniň oýlap tapanlarym bolman, häli-indidäki duşuşyklarda ýüze çykan wakalardygyny hem duýdurmakçydyryn. XX asyryň ikinji ýarymynyň, başgaça aýtsam, tehniki döwrüň eserlerine tehniki döwrüň tankytçykary syn ýazýarlar. Ol synlary hem geçen asyryň başlarynda, ortalarynda, kä halatlarda has irki mahllarda edebiýat barada ýazyp giden adamlaryň pikirlerine salgylanmalardan doldurýarlar. bilşimize görä, edebiýat “iki köpeltmek iki deňdir dörde” diýen ýaly konkret ylym däl. Edebiýat döwür boýunça akymlara bölünip duran zat. XVII-XVIII asyr edebiýatyny şu dwrüň edebiýatynyň nazary bilen, hili bilen deňeşdirmek dünýäniň tizligi bilen “Anteýiň” tizligini deňeşdirmekden enaýy däl. Şu ýerde siz meni tutup bilersiňiz. Ýöne men “gaçjak” bolaýyn. Mysal üçin, Gündogar halklarynyň birnäçesiniň guwanjy hemmä belli “Görogly” eposyna ýüzleneýin. Şol eser döräli bäri Görogly söweşijiniň söweş ýoldaşy bolup geldi. Türkmen taryhynyň ýagdaýynda göz öňüne getirmeli 1855-nji ýyldaky Mädemin urşunda, 1860-njy ýyldaky gajar urşunda türkmen ýigitleri Göroglynyň taktikasyny hut şu praktikada ulanypdylar. 1941-1945-nji ýyllaryň söweşinde bolsa türkmen ýigitleri ol taktikany gajar urşundaky ýaly doly manyda ulanmadylar. Emma käbir şaýatlaryň aýtmagyna görä, wepat bolanlaryň goltugynda “Görogly” hem “ýatypdyr”. Biz urşuň tarapdary däl, ýöne abstraksiýa ýüzlenýärin: parahatlygyň duşmanlary jahan urşuny turuzdylar. Fugas bombalary zyňyldy, global raketalar uçdular. Göroglynyň taktikasy gerek bolarmy? Elbetde, gerek bolmaz. Göroglynyň batyrlygy, myhmanparazlygy, mertligi bize kommunizm jemgyýetinde-de peýdaly bolup galar. Men diňe gadymy zatlaryň dura-bara haýsydyr bir möçberde öz güýjüni gaçyrýandygyny görkezmek üçin “Göroglynyň” bir tarapyndan” bardym. şedýlelikde, men size diýjek sowalyma geçeýin: Şu günki günüň eserlerine hertaraplaýyn analiz berlende, köne döwrüň öz wagtynda uly rol oýnan kesgitlemelerine yzygiderli ýüzlenip durmak nähili? Indi poeziýanyň ikitaraplylygy barada. Bu babatda men biri-birine meňzeşräk dört sany mysala ýüzlenmekçi. Ýaş şahyr Alty Akmämmedowyň “Adamlar, gülmäň!” doiýen goşgusyny okadym. Köpleriň pikiriçe, ol goşgy örän güçýli. Onuň gysgaça mazmuny şeýle: golak adam serhoş bolup, köçede ýykylyp ýatyr. Adamlar hem oňa seredip, gülüp geçýärler. Awtor bolsa, ol serhoşy watançylyk urşuna gatnaşyp elini aldyrandyr, şol el üçin söýýän gyzy dönendir diýip çaklamak bilen, oňa gülünmegine garşy durýar. Birinjiden (awtryň çaklamasyna görä), bu pikiriň dogry bolaýmagam ümkin. Sebäbi, uruşda, elini-aýagyny goýup gaýdan ärlerf biziň şu günki günümiziň diriligini gazandy. Arak içip, ýykylaýanlarynda olara – gülmeli däl. bir topar adamlaryň, dogrudanam, şeýle düşünmegi mümkin. Edil şol fgoşgynyň ikinji tarapyndan seredip göreliň: uruşda golumy aldyrdym diýip, köçede serhoş bolup ýatmalymy? Uruşda elini-aýagyny... aldyran adamlar azmy? Şol zatlara ýerliksiz magtanyp, göz-güban bolýanlara gülmeli dälmişinmi? Ine, bu hem başga bir topar okyjynyň diýäýjek zatlary. Şu ikitaraplylyk barada siziň pikiňiz nähili? Soňky döwürlerde, esasanam, ýaşlarda allegorik häsiýetdäki şygyrlaryň aýlap diýjek bolýan wakasyna geçmezden, häzirki ilkinji gönümel wakasynyň detallary aýlawly wakanyň diýjek bolýan pikirleriniň deňeşdirmesine gabat gelmelimi ýa-da däl? Sowalym hemmelere aýdyň bolar ýaly mysala ýüzleneýin: Ýylgaý Durdyýewiň bir “Aýyr gözüňdäki gara äýnegi” atly goşgusy bar. Onda awtor gara äýnekli adama: “Gün dünýäniň diregi hasaplanýan jisimdir. Gün biziň ýaşaýşymyzyň gözbaşydyr. Sen gara äýnek dakynma, gara äýnek dakynsaň, şeýle gowy zatdan ýüz dönderdigiň bolar” diýýär. Şonuň üsti bilen “Durmuşa diňe öz gözüň bilen garamaly” diýen pikiri ündeýär. Bu, meniň pikirimçe, gowy zat. Geliň, muňa hem “ikitaraplylyk”diýip atlandyran nukdaýnazarymdan seredip göreliň! Birinji tarap – şertli, awtoryň dogry diýýän tarapy, ýagny durmuş hadysalaryna bir detalyň arkasyndan ýa-da kişi gözünden garaman, öz gözüň bilen garasaň, dürs kesgitleme berip bilersiň. Ikinji tarapdan, awtoryň alýan detalyny – äýnegi aýlawly manysynyň häsiýeti bilen deňeşdirende nädogry bolup çykýar, ýagny gün näçe gowy zadam bolsa, men gara äýnekli gezmek islämok. Sebäbi, gara äýnek günüň göreje zeper ýetirýän şöhlelerinden goraýar. Ondan başga-da, gün adamy edil sowugyň urup bilşi ýaly, galmaz hem edýär. Şygyr okalanda, okyjy süýtde gan görjek bolup okamalymy ýa-da awtoryň niýetlän “dürbüsi” bilen seretmelimi? Men öz pikirimi aýtsam, çuň podtekstli goşgulara has uly söýgi bagyşlaýaryn. Podtekstiň ulanylyşy, siziň pikiriňizçe, niçiksi bolmaly? podtekst hatsyz-sowatsyz okyjada düşnükli bolmalymy ýa-da diňe iň öňdebaryjy okyja niýetlenen berk maska bürenmelimi? Eger-de soňky sowala “hawa” diýseňiz, köp okyjy üçin mazmunyň ümürli boljagyny hem unutmaň! Men podtekstli güýçli şygyrlaryň aşygy bolamsoň, iki sany türkmen şahyryna uly hormat goýýaryn. Güýçli podtekstli şahyrlar diýýänlerimiň her haýsyndan bir bent mysal alyp, hakyky bolýan waklar hökmünde olara iki tarapdan garap geçeýin. Allaberdi HAÝYDOW: Gün köýdürdi lälezarmy, Aldy çölüň yzgaryny, Biraz ýagmyr alyp bormy, Batumiden, Batumiden? Ata ATAJANOW: ...Juwanlygňa gözüm gitdi, Ötdi menden, ýaşlyk ötdi. oglyum on iki ýaşa ýetdi, Açylanda alça güli! Şu bentleriň astynda näme bar? Bir okyjy bu sowala şýle jogap gaýtardy: “Birinjide: - Garagumda gün çogly. Batuminiň bolsa tebigy şerti oňaýly. Awtor bizde hem Batumidäki bolsa tebigy şerti oňaýly. Awtor bizde hem Batumidäki ýaly salkyn bolmagyny isleýär. A.Haýydow derlek bolsa gerek”. “Ikinji küpletde: - Ata Atajanow gül açan alçanyň astynda durka, bir geçip barýan ýaş ýigidi görüp, özünden ýaşlyk geçendigini, on iki ýaşly ogluň atasy bolup, garrandygyny belleýär...” Lirik gahrymanyň ýa-da awtoryň derlekdigi-hä ýadyma-da düşenok. Meniň konserwatoriýamda bir dostum bar. Ol meniň ýanyma ýygy-ýygydan gelýär. Her gezek gelende, ýaşynyň bir çaka barandygyny, basym öýlenmelidigini ýatlaýar. Men hem bilgeşleýinden diýen ýaly: ...Oglum on iki ýaşa ýetdi, Açylanda alça güli! diýen setirleri gaýtalaýaryn. Bir gezek ol Ştrausyň “Mawy Dunaý” walsynyň plastinkasyny ýany bilen alyp gelipdir. Diňledik. Ol menden: “Nähili diňleýärsiň?” diýip sorady. Men “Mawy Dunaý” walsyny Ştrausyň nämahal, nähili ýagdaýda, nähili ýagdaýda ýazandygyny ozaldan bilýänligim üçin, “Ştrausa derek Daňatar Öwezi, Wena derek Aşgabady, Dunaýa deregem Murgaby göz öňüne getirip, geçenleri ýatlaýaryn” diýdim. Dostum çyny bilen: “Oglum on iki ýaşa ýetdini” ýatla, A.Atajanow ol şygry şu walsy diňläp ýazandyr” diýdi. Bu jogabyňam özboluşly jany bar. Sazanda oglanyň ol ajaýy sazy ýaňky dört setiriň mazmuny boýunça yzarlamasy meniň şol wals ýadyma düşmedik haldaky göz öňüne getirmäm bilen azda-kände gabat hem gelýär. “Mawy Dunaýdaky” ýatlama, bahar, uly söýgi, durmuňa guwanç, hoşlaşyk, aýralyk... dogrudanam, “Alça gülündäki” oýlanmalaryň süýtdeş dogany ýaly. ine, gördüňizmi, her kim birhili düşündi. Goşga şu hili düşünilişini nähili görýärsiňiz? Awtor hemme üçin bir galyply podtekst hödürlemelimi ýa-da her kime öz düşünjesine görä? Gadyrly Öde Abdyllaýew! Siz edebiýat teoriýasyndan okuw kitabyny hem ýazyp ýöreniňizsoňyz meniň şu sowallary hut size beresim geldi. Sizi hormatlamak bilen Atajan TAGAN. “Edebiýat we sungat” gazeti, 12.02.1966 ý. | |
|
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |