23:35 Tapagan -6/ romanyñ dowamy | |
• On birinji kyssa ýa-da bäşinji kyssanyň dowamy
Romanlar
• MÖJEGE MEŇZEŞ ITIŇ TARYHY — Mergen aga, meni melisä çagyrdylar. — Toýa çagyrdylar diýäýme — diýip, çaý içip oturan Mergen aga Atda tapagyň habaryna begenmändigini aňdyrdy. — Olar it ýitiripdirler. — Saňa-da bile ýit diýdilermi? — Köp wagtdan bäri şol ýitiren itini gözleýän ekenler. Olaryň gözleýän şol iti, Mergen aga, seniň gapyňda ýatan şu it bolmaly. — Buşluk diýseň, meliseleň saňa şeýtel berermikän? Haý, gazanjyň şu itiň üstüne çykan bolsa, gaty ownapsyň onda. Aý, hawa-da, kim satyp, kim satylyp gazanç edýä bu gün. — Ynha, erte-birigün gyzyl papaklylar gelip, «Sen näme üçin melisäň itini ogurladyň?» diýip, gyssap ugrarlar welin, Mergen aga, şonda bilersiňiz... — Men görgülide öňem ýürek ýok, sen beri gorkuzma meni. — Bolaýjak zady aýdýan. — Şo habaryňy eşidesim gelip ýüregim böküp dur meniň. Seniň tapagandygyň barada-ha eşidipdim, ýöne bilgiçdigiňi bilmändirin. Bu Gorbaçýowyň edip ýören zadyny gör. — Näme etdi ol? — Ýurduň içini bilgiçdir, tebipden, tapagandan doldurdy goýaýdy. Bu gowulygyň alamaty däl. — O näme üçin? — Soltan Sanjaryň işi gaýtjak uçurlary ýurtda bilgiç, palçy, tapagan köpelipdir. Olaryň köpelmegi ýurduň tozjagynyň alamaty eken. Bu günem olar köpeldi welin, yzy eýgilik bolsun-da hernä?! Öň-ä köp beýle däldi bilgiçler. Bu gün her ikinji adam bilgiç, tebip ýa tapagan. Bolaýjak zatlary öňünden aýdyp, meni gorkuzjak bolýaňmy? Ýa başga bir bähbidiň dagy barmy? Bilip goý, men ony ogurlamok, özi geldi yzyma düşüp. Öldürmän ýallap saklanym üçin hökümet pul tölesin. — Sen ogurlamandygyňy, itiň özi gelendigini nädip subut etjek. Iti gürletjekmi? It özüm geldim diýip, düşündiriş-ä ýazyp bermez. — Näm-aý, inim, gaty janköýerlik edýäň welin, ondan algyň dagy barmy? It diýdiň, melise diýdiň, gelip bir parahat oturan bendäniň öňem aşjak bolup duran aňkasyny aşyrdyň. Bar, aýt-how, alaýsynlar şo iti, beýle gerek bolsa. Näme, gynandyraryn öýtdüňmi? Bar, aýt, tizräk aýt, inim. — Aýtsam, alyp giderler, eltibem atarlar. — It eken diýip janawary atybermek bolarmy?! — Mergen aga, sen bileňok... — Oglumam maňa mydama sen bileňok diýýär. Bilýäň diýäýmäň. — Wah, Mergen aga, siz meniň aýtjak zadymy bileňzok. Bu it uçýotda duran osobo opasnyý prestupnik eken. — Ady şeýle uzyn bolsa-da, oňly it däl bi. — Ýok, Mergen aga, sen düşünmediň. — Düşünmediň diýen diliňe döneýin. — Bu it jenaýatkär eken. Aýratyn howply diýilýänlerden eken. — Bä, onda bi adamdanam geçiripdir-dä. — Geçiripdir. Jenaýatçylykly iş edipdir. Miliselerem atmaly diýip sud edipdirler. Bu item şol mahal etmişiniň öňünde mertlerçe durup bilmän, namartaýlap gaçyp gaýdyberipdir. — Etmişiniň dagy öňünde durup bilmez bi. Düzüwli it bolsa meniň öýüme gelmezdi. Gaýyp başlygyňka barardy. Pis-pisi tapar diýleni-dä. Meni ilki görende eşekden ýykyp bir ysgady. Şonda bu meniň öň türmä düşenimi bilen bolmaly. Bosagany ýassanyp ýatan it Atda tapagyň gürrüňinem, Mergen aganyň gürrüňinem üns berip diňledi. Diňläbem onuň birhili ynjalygy gaçdy, çalajadan naýynjar çyňsady. — Etjegiňi edip, yzyndan çyňsan bolýaňmy, misginsokar. Menden goldawa garaşma. Milise görsem, göni sataryn seni — diýip, Mergen aga ite käýindi. — Bir ysganda meniň türmä düşenimi nädip bildiň diýsene. Obada menden başga türmä düşenem ýok. Bu-da meniň öýümden gitjek bolanok. Inim, Atda, öýüňde jenaýatkär saklapsyň diýip maňa ýyl-beýlekem bererlermikä? — Ýüzüňiz-ä sypamazlar. — Tur, güm bol — diýip, Mergen aga gapdalyndaky köwşüniň bir taýyny ite atdy. — Derrew gümüňi çek şu ýerden, prestupnik. It birazajyk gitdi-de, ýene aşak çökdi. — Meniňem günümi bulaşdyrjak bi it. Adam bende belanyň nireden geljegini bilenok. Şundan bela geler diýip pikir eder ýaly hem däl-how. Atda jan, inim, ine, görüp dursuň. Kowsaňam gidenok. Kowanyma şaýat bolgun. Men «Tur, güm bol» diýdim gerek? Ä? Diýdim-ä. Ýene kowaýynmy? Menem özi bilen türmä äkitjek bolýandyr bi. — Mende bir teklip bar, Mergen aga, oňlasaň. — Teklibiňe döneýin, teklibi ýagşym. Il tapagan adyny ýöne goýmandyr saňa. Tap ahyryn şeýdip birenaýy teklip. — Şunuň gulagynam, guýrugynam kesip, edil türkmen iti ýaly edip goýbersek nädýä? Menden-ä arkaýyn bol, hiç ýerde aýtmaryn. — Öläýmese... Ony güjükliginde kesmeli ahyryn. — Ölmez. «Itjanly» diýip bir söz bar-a. Hol biri-biri bilen urşup, gulak-guýrugyny gopardyp ýören itlere-hä hiç zadam bolanok. Herniçigem bolsa, atylandan-a gowudyr. It ýerinden turup, beýleräk gitdi-de, birdenem ýokarlygyna seredip uwlaberdi. — Häýt, ýelemýüwlet! — diýip, Mergen aga oturan ýerinden ite dazaryldy. — Özüm oka tabşyraýaryn-a seni... — Bu janawar diýýän-ä, haýsy tarapyna öwrülse-de, oka dogry gelip dur-la. — Inim, birenaýy teklib-ä aýtdyň, yzynda-da dur. Mergen aga bilen Atda tapagyň dildüwşügini Syrtlan baýdan başga bilen bolmady. Syrtlan baý — bu ady oňa Mergen aga ýaňy-ýakynda dakypdy — kysmatyna kaýyl boldy: atylandan gulak-guýrugyny kesdirmek aňsatdyr-da. Bir bolgusyz iş edäýmesin diýip, Syrtlan baýyň aýagyny daňdylar, agzyny daňdylar, gözüni ak mata bilen ýapdylar. «Elim titreýär, sen Owganystanda bolan» diýip, kiçeňräk paltany Mergen aga Atda tapagyň eline berdi. Atda tapagan hem bir tagtajygyň üstünde Syrtlan baýyň gulagyny goýdy-da, edil odun çapan ýaly, çapyp goýberdi. Gulaksyzlyk-guýruksyzlygam gelişene gelişjek eken. Gelişmejegine welin... Syrtlan janawar, gulak-guýrugy barka, käte ite, käte möjege meňzän bolsa, häzir hiç zada-da meňzänok. Belki, ertirden bäri hiç zat iýmän, ýaňyja-da bir süňküň üstünde oturyp görüp, süňkdenem, dünýädenem göwni geçen Syrtlan şuňa az-kem meňzese-meňzeýändir. Onda-da gaty meňzedesiň gelse! Syrtlan janawar gulak-guýrukdan aýrylyp bir çyňsady welin, onuň ahy-nalasyna Mergen aganyň sary giden ýüregi üzüm-üzüm boldy-da, gözünden boýur-boýur ýaş dökdi. — Heleýim ölende-de şeýdip aglamandym — diýip, Mergen aga boýun aldy. Syrtlan baý öýkeläp, uwlap mellektöre gidipdi. — Inim, şoňa bir ýal eltip bersene. Bizden öýkelemesin, biz oňa ýagşylyk etdik ahyryn, ölümden alyp galdyk. Atda bir okara süňk-saňk göterip ugrady welin, ol birden saklanmaly boldy. Köçeden geçip barýan iki gyzyň biri ýiti-ýiti seretdi. Atdanyň ini jümşüldäp gitdi: «Göwher!» Oňa duşmaly. Atda tapagan köçä ugrady. — Atda, nirä barýaň? — Häzir geljek. Göwher alakjap gelýän Atdany boýdan-başa synlady. — Göwher! Ýüregimiň göwheri sen. Meniň barlygym, ýaşaýşymyň manysy seniň bilen. Meniň ýekeje sekundym hem sensiz geçenok... — Öňümden eli okaraly çykýaň-ow — diýip, Göwher birgeňsi ýylgyrdy. Atda tapagan elindäki okarany görüp aljyrady. Ony arkasynda gizledi. O-da göwnüne makul bolmady, okarany zyňyp goýberdi. Ýuwduna-ýuwduna Göwhere seretdi. Okara sebäpli aýtmaly sözlerinem ýadyndan çykardy. — Neme, Göwher, sen... Men... — Atda tapagan töweregine garanjaklady. Hany, oňa bu mahal Derkar ýegen barmy näme. — Göwher biziňkileriň sawçylyga barjagyny ejeňe duýdurdyňmy? — Duýdurdym. — «Näme diýdiler?» — «Göwnemediler» — diýip, Göwher jykyrdap güldi. — Sen olary razy edäýmel-ä, Göwher. — Olar seniň tapaganlygyňy halanoklar. Saganaly obasyna bir tapagan ýeterlik. Atda artykmaç bolýar diýdiler. — Menden başga kim bar? — Barmyş öz-ä. — Kimdigini aýtmadylarmy? — Özi bilýändir diýdiler. — Wah, men bilemok-da. Bilsem sorajak däl-ä. Göwheriň ýene bir tapaganyň bardygy hakdaky pikiri Atdany oýlandyrdy. Kimdigini biljek boldy. Obanyň ähli adamyny ýekän-ýekän ýatlap çykdy. Ýöne bilmedi. Hemra illew bilýän eken ol tapagy... Şol günüň ertesi daňdan daşardan uwwuldymy, iňňildimi — bir ses eşidilen ýaly boldy. Atda tapagan hasyr-husur geýnip daş çykdy. Görse, gapynyň agzynda ýüzüni piserdip, Syrtlan baý dur. — Bo-how, Syrtlan baý, özüň geläýdiňmi? Ýüz-gözüň dagy näteňet... Syrtlan janawar, keýereýin diýse gulak ýok, bulaýyn diýse — guýruk, onsoň ol uludan bir demini alan ýaly etdi-de, şol duran ýerinde çöküp, garysyny ýassandy-da ýatyberdi. Şol ýatyşyna-da, käte bir başyny göterip, daş-töwerege birhili howatyrly seredýär. — Näme üçin geldiň ir bilen? Syrtlan baý ýuwaşja çyňsady. — Ir bilen öldi habary getirilýär. Näme, Mergen aga öläýdimi? Syrtlan ýene çyňsady-da, ýöräp ugrady. — Garaş, köwşümi geýeýin. Haý, bende, bolmandyr. Hut düýnem gürläp otyrdy-da. Bu dünýä ynam ýok diýýär kakam. Dogry eken şol. Haý, görgüli ýogalypdyr-ow. Onuň ölümine men sebäp bolaýdym öýdýän. Ony düýn melise diýip, jenaýatçy diýip gorkuzaýdym öýdýän. Kakama onuň ölenini aýdaýsammykam? Aý, ýok, ilki gözüm bilen görüp gaýdaýyn. Belki, agyr kesellän bolsa näbilýäň. Anygyna ýetmän, hiç kime hiç zat aýtmaýyn — diýip, Atda tapagan hüňürdenip, Syrtlan baýyň yzyna düşdi. Aý, ýok, Syrtlan baý Mergen aganyň öýüne däl, obanyň çetine — gündogarlygyna bakan barýar. Eý, Hudaý, hiç kim duşmasyn-da, Duşsa näme diýjek, it bilen bir ýerik barýan diýjekmi. Obanyň gündogaryndaky jaryň deňinde bir çukuryň ýanynda saklandy. Çukuryň içinde gyzyl reňkli tozan sorujy maşyny görenden, nämäniň nämedigine düşündi. Atda tapagan Hemra illewiň ýitigini öýüne eltdi. — Hemra aga, bu nähili bolýar-aý? Men indi siziň şu maşynyňyzy üçünji gezek tapyp berýän. Näme, siziň şuny ýitirmekden başga işiňiz ýokmy? — Näme bu? — diýip, Hemra illew geňirgendi. — Siziň tozan sorujy maşynyňyz. Hemra illewiň jozzuk gyzyl ýüzi bir agardy, bir gögümtil reňke öwrüldi. Demgysmadanmy, nämedenmi, hassyldap, agyr-agyr dem aldy. — Mende onuň ýaly maşyn ýok. — O nähili ýok? Men size öňem tapyp getirip berdim. Siz, maňa sagbol aýtdyňyz. Aragam içirjek bolduňyz. — Ýok, ýok. — O nämäniň ýok-ýogy? Öz tozan sorýan maşynyňyzy tanaňzokmy? — Tanamok, bizde beýle zat ýok. Düşnüklimi saňa? — diýip, Hemra aga töweregine garanjaklady. — Şu näletsiňmişi şu ýerik getirýärkäň seni biri gördümi? — Aý, ýok, görmedi öýdýän. — Onda şuny alan ýeriňe elt-de goý. Sen munuň ýaly gerekmejek zady tapyp ýörme, eger zat tapman oňmaýan bolsaň, onda diňe arassa pul tap. — Men hiç ýerigem eltjek däl. — Onda, inim, indi gaýrat et-de, şuny tapmajak bol. Gürrüň ikimiziň aramyzda galsyn. Men saňa ynanýaryn — ogullarymyň biri eli egrilik edip, şuny biriniňkiden getiripdir. Menem şundan dynjak bolýan. Senem ony zyňan ýerimden tapyp getirýäň. Inim, durmuşda hemme zady tapybermeli däl. Tapmaly däl, görmeli däl zatlaram bar durmuşda. Käbir zady tapsaň, başyňa belany satyn aldygyň bolar. — Agamjan, men tapamok. Muny Syrtlan baý tapdy. Hemra illew gulaksyz-guýruksyz ite seretdi-de, hyrçyny dişledi: — Çagalaryň muňa tapagan it diýmeleri çyn-ow onda. Atda tapagan Göwheriň «Saganaly obasyna bir tapagan ýeterlik» diýdiler diýmesini ýatlap hyrçyny dişledi. Göwheriň ata-enesinden öýkeledi. • On ikinji kyssa • HYÝALYŇ HAKYKATA ÖWRÜLIŞI — Meniň saňa gürrüň berjek wakam otuzynjy ýyllarda bolupdy. Men ol wagtlar sekiz-on ýaşlarymdaky oglanjykdym — diýip, uly ýola düşülensoň, Gurban Gurbanowiç howlukman gürrüň bermäge başlady. — Meniň kakamam, ejemem bir gün basmaçylar «Sen şuraýy» diýip, atyp gidipdirler. Menem atjak ekenler welin, men ol mahal atamyň öýünde — başga obada ekenim. Soň men atamyň elinde galdym. Bir gün öýümize üç sany atly geldi. — Üç sany atly diýdiňizmi, Gurban Gurbanowiç? Olar meniň gören atlylarym bolaýmasyn? — Ýok, ol seniň gören atlylaryň däl, ol wagt sen entek dünýä hem inmändiň — diýip, Gurban Gurbanowiç Tapagana şübheli seretdi. Gaýyp başlygyň: «Atda Owganystanda kellesine birazajyk zeper ýetirip geldi» diýen sözüni ýatlady. — Olar tylla getirdiler gerek? Gurban Gurbanowiç ilkinji gezek görýän dek, Atda ýene tiňkesini dikdi. — Ataňyzdan rugsat alyp, ol üç atly öýüňizde şol tyllalaryny gömdüler. Gurban Gurbanowiç aňk boldy, yzyna gaňrylyp Atda tapaga seretdi durdy. Maşyn ýoldan çykyp, peslik bilen alaşakyrdy bolup gitdi. Oýuň içinde bir gyra gyşarybam saklandy. Gurban Gurbanowiç boljak iş bolandan soň, özüne geldi: — Tapagan dirimiň? — Diridirin, ýoldaş komandir. — Hudaýjan saňa bir hiç zat bolmasyn. Meniň ýaly birinji sekretary her ýerden tapsa bolar, ýöne seniň ýaly fenomen ýa birdir, ýa ikidir. Hiç bir bilgijem sençe ýokdur-la. Ýöne türkmen öz fenomeniniň gadyryny bilýän halk däl. Daşary ýurtda doglan bolsaň, sen bireýýäm millioner bolardyň. Halk seni depesine täç ederdi. Lputenzak ýaly, dünýä belli bilgiç bolardyň. Gurban Gurbanowiç daş çykyp, Atdanyň oturan yzky gapysyny açdy. — Özüň çykyp bilermiň? — Maňa hiç zadam bolmady. Gurban Gurbanowiç Atdanyň synalaryny barlaşdyryp çykyp, soň birneme rahatlandy. — Maşynyňyza biraz zeper ýetäýipdir öýdýän. — Maşyn hiç-le, Tapagan jan, maşyn hiç. Biz aman galdyk. Hudaý bizi ýalkady. — Birinji sekretar bu sözüni keseki biriniň eşiden bolmagyndan howatyr edýän dek, töweregine garanjaklady. Çöketligiň — oýuň içinde özlerinden başga iňlär siňegiň ýokdugyny anyklap, biraz rahatlandy. Hana, öňde Kösäniň guýusy görünýär. — Bilýäňizmi näme, Gurban Gurbanowiç, Çärjew — Kerki ýolunyň, ine, şu deňinde betbagtçylyk kän bolýar. Obamyzdaky Hojageldi diýen ýaşulynyň Begenç diýen bir är ogly hem ine, şu ýerde awariýa düşüp ýogalypdy. Ýaşuly Begenji uly ogly Osmandanam gowy görerdi. Bar baýlygym seniňki diýerdi. Begenjem Çärjewden kireýine tutan ýeňil maşyny bilen gelýän eken. Iki sany prisepli traktory ýetip geçen «Žiguly» öňden gelýän ýük maşynyna baryp urýar. Begençden başga hiç kime hiç zat bolanok. Men size şu wakany ýöne ýere gürrüň beremok. Çärjew — Kerki ýoly gurlanda şu ýerde ýol mazarlygyň üstünden geçirilipdir. Ölenleriň ruhy adamlaryň bu günäsini hiç geçip bilmeýän bolarly. Şol ýerdäki merhumlaryň ruhlary ilkagşamlar ýola çykyp, käte bigünä adamlardan ar alýarlar. Günäliniň oduna bigünä ýanmaly bolýar. Kakam «Ajal ýola çykdy» diýýär. Hakykatynda bolsa, ýola çykan ýoluň aşagynda galan merhumlaryň ruhlary. Köp gürleýär diýmäň, meniň size esasy diýjek bolýan zadym, özem soňky ýyllar gelen netijäm, Owganystanda biziň käbir ofiserlerimiziň diýdimzorlugyny görenimden soňky netijäm — SSSR edil şu ýol deýin, merhumlaryň jesetleriniň üstünden guruldy. Şonuň üçin sowet ýolam edil şu ýol deýin bizden ar alýar. Ikimiziň edil şu ýerde ýoldan çykmagymyz ýöne ýere bolmaly däl. Bu ýerdäki ruhlar bize geçirimlilik etdiler. Gurban Gurbanowiçiň ýene ýüregi ýarylan dek boldy. Töweregine garanjaklady. Hiç kimiň ýokdugyny anyklasa-da, eşiden gürrüňiniň hatarlydygy üçin köşeşip bilmedi. — Tapagan, inim, Tapagan jan. Pensiýa çykmagyma ýarym ýyl galdy. Pensiýa çykýançam, sen meniň ýanymda beýle gürrüň etme. Men bütin ömrümi mazaryň üstünde oturan dek sandyrap geçirdim, gorkup geçirdim. Meni sen beri gorkuzma. Seniň ýaş başyň bar. Beýle gürrüňleri dagy-duwara etme. Yzyňy tapmarsyň. Men köpi gören adam. Meniň maslahatymy alaý. — Gurban Gurbanowiç Atdadan gözüni aýyrman durşuna, başky gürrüňini ýatlady. — Sen olaryn öýüň içinde tylla gömendiklerini nä bilýäň? — Diňe tylla gömendiklerini däl, olaryň size tüýdük berendiklerinem bilýän. — Sen ýokduň-a?! — Birinji sekretar özüniň bu ýöntem sözüne gyzardy. — Şol üç atlynyň dagyň eteginde atylandygyny siz gözüňiz bilen gördüňiz... — Bilýän bolsaň, gaýdyp oturmaly hem däl ekenik-dä. — Gurban Gurbanowiç gum üýşmeginiň üstünde oturdy. — Onda sen tyllalaryň niredediginem bilýänsiň? — Bilýän. Eger meni şol tyllalary tapmak üçin alyp barýan bolsaňyz, onda biz boş gaýtmaly borus. Biz ol tyllalary tapyp bilmeris. Sebäbi ol tyllalar asmanda, ýoldaş komandir. — Asmanda?! Düşünmedim? — Ol tyllalar buluda öwrüldi, ýoldaş komandir. — Sen meniň üstümden güljek bolýaňmy? — Ýok, güljek bolamok. Men size hakykaty aýdýan. Siz maňa düşünmediňiz öýdýän. Men size düşündireýin. Siziň gürrüňini edýän tyllalaryňyzy bir gurply adam tapdy. Ýöne şol tyllalar onuň bagtyny ýatyrdy. Ony tapan adamyň ýedi ogly bilen bir gyzy bar eken. Tylla onuň ogullarynyň baryny sandan çykardy. Barysy diýen ýaly süpük tirýeki boldy. Bir ogly azarlap, ejesiniň boýnundaky tylla monjugy aljak bolup ýalbardy. Ejesi bermedi. Soň ol ejesiniň döşünden urupdyr pyçagy, öldürdim edibem onuň boýnundaky tylla monjugy üzüp äkidipdir. Ejesiniň çöregi bitin eken, ölmändir, ýöne şondan soň maýyp bolup galyp bilmän ýatyr. Oglunyň bu etmişini gören goja-da süpük ogluny pyçakdan geçirip, soňundan özem azapdan dynypdyr. Onuň bir ogly daşary ýurtda ýogalypdyr. Üç-dört ogly türmede, neşe bilen atuw jezasyny alan bolmaly. Garaz, kelläňizi agyrdyp oturmaýyn, şol üç kişiniň tyllasy bir hojalyga gan çaýkady. — Bä, şeýle diýsene asyl. — Şeýle, ýoldaş komandir. — Onda o baýlykdan men hiç zat hantama bolmaly däl-dä? — O näme üçin hantama bolmaly däl?! Şol baýlykdan, eger meniň Syrdaşym aldamaýan bolsa, size bir zad-a ýetýär. Nämedigini häzir anyk aýdyp biljek däl. — Syrdaşym diýýäniň kim bolmaly? — Hä, olmy? Duýgym aldamasa diýdigim-dä. Gurban Gurbanowiç üçin «duýgym aldamasa» diýen sözem düşnüksizdi. Ýöne ol düşünmese-de düşünenden bolup baş atdy. — Men size bir geň zat aýdaýynmy? — Geň zat aýdaýynmy diýmäň näme. Aýdan ähli zadyň meniň üçin geň ahyryn. Şonuň üçin geň zat aýdaýynmy diýmän, näme aýdasyň gelse, çekinmän göni aýdyber. — Şol baýlyklardan maňa-da bir ülşi ýetýär. Ýöne özüme ýetýän zadyň nämedigini anyk bilemok. Men size öňünden aýdaýyn, maňa nähili baýlyk hödürlense-de, şol siziňkidir, ýoldaş komandir. Meniň hiç hili hantamaçylygym ýok. Gaýyp başlygyň aýdyşy ýaly, siziň möhümiňizi bitirip bilsem, maňa iň uly serpaý, baýlyk, ana, şol. — Iň aýylganç betbagtlyk adama baýlykdan gelýän eken-ow — diýip, Gurban Gurbanowiç öz başyna hüňürdedi. Olaryň düşen ýagdaýyny gören şofýorlar kömege ýetişdi. Olary derrew ýola salyp goýberdiler. Ýöne Gurban Gurbanowiç içini hümledip barýardy. Uzak ýoluň dowamynda ol soňky aýdan sözüni özbaşyna hüňürdenip gaýtalady: «Iň aýylganç betbagtlyk adama baýlykdan gelýän eken-ow...» — Men saňa ýüregimi açaýyn, Tapagan. Birinji sekretar diýseler, hemme zada ygtyýary ýetýän adamdyr öýdýärler. Seniňem hiç bir zada ygtyýaryň ýetenok. Adamlara işläň, bu işi eýle ediň, bu işi beýle ediň diýmekden başga hiç bir zada güýjüň ýetenok. Biziň raýonymyzda-da ýetimler öýi bar. Ol öýe berilýän kömek ýok, her gezek ony göremde çagalygym öňümden çykan dek bolýar. Ýokary instansiýalara, gör, näçe gezek hat ýazdym. Hiç hili bitiren goşum bolmady. Soň şol gömlen tylla ýadyma düşdi. Tyllalary pula öwrüp, ýetim çagalara geýim-gejim, telewizor alyp bereýin diýen pikire geldim. Men şol çagajyklara kömek edip bilmejekdigime gynanýan. Atda Gurban Gurbanowiçiň zeýrenmesini halamadyk bolarly, gürrüňiň gutararyna garaşyp durman, içki pikirini daşyna çykardy. — Meniň sizden bir zat sorasym gelýär, ýoldaş komandir. Soňky döwürde Kakow meniň düýşüme juda köp girýär. Özem adamlara süýt paýla diýip azar berýär. Menem adamlara süýt paýlap ýörmegi gelşiksiz hasaplaýan. Ol diňe bir düýşüme däl, pinek edip otyrkam hem ýanyma geläýýär. — Kim ol Kakow diýýäniň? — Men onuň bilen bile Owganystanda gulluk etdim diýipdim-ä. Ol ýogaldy. Ikimiz dogan okaşdyk. Ol näme üçin maňa şeýle bir köp görünýärkä? — Men düýşe ynanmaýaryn, ýorup hem bilmeýärin. Ýöne bir zady aýdyp biljek. Ol saňa köp görünýän bolsa, onuň hökman bir sebäbi bolmaly. — Näme sebäbi bolup biler onuň? — Näme sebäbiniň boljagyny anyk aýdyp biljek däl. Belki, onuň ruhy senden nämedir bir zada tamakindir. Ol seniň nämedir bir zat etmegiňi isleýändir. Sen oňa näme söz beripdiň? — Ikimiz bir günde öýlenmegi ähtleşipdik. Eger birimiz ölsek, onda beýlekä kömek etmegi hem ähtleşipdik. — Maşgalama kömek et diýýän bolaýmasyn?! — Men onuň maşgalasyna näme kömek edip bilerin? — Maşgalada bir erkek kişi bolsa gowy ahyryn. — Wah, olaryň maşgalasynda erkek kişi köp ahyryn. Kakow doganlarym kän diýýärdi. Men ondan näçe erkek doganyň bar diýip soramandyryn. — Nesip bolsa, ertir Kakowlaryň öýüne bararys. Şonda onuň senden näme haýyş edýändigi belli bolar. Gurban Gurbanowiç ilki myhmanhana bardy. Atda bilen ýeke agyz hem gürleşmän çaý içdi. Birinji sekretar Atda bilen gürleşdigiçe, onuň bolşuny synladygyça geňirgenmesi artdy. Atda Gurban Gurbanowiçe nädip ýaranjagyny bilmän alakjaýan ýalydy. Ýöne özüne hyzmat edilmegini, gönüläp aýdanyňda ýaranjaňlyk edilmegini birinji gezek görmeli däl. Ýöne Atdanyň yhlasy onuň birinji sekretarlygy üçin däldi. Ol bir Gurban Gurbanowiç üçin däl, goňşy otagdaky nätanyş kişiler üçin hem aladalanyp ýör. Gaýnag galdy, goňşulara gerek bolaýmasyn diýip, düňk-düňkläp gitdi. «Goňşularymyz nädip çaý içip bilerkäk?» diýip otyr ekenler, men wagtynda ýetişäýipdirin diýip Atda begenjini içinde saklap bilenok. Stoluň üstündäki galan bäş-on kempudy hem: «Olar çaýy kemput bilen içseler, gowy bolar» diýip alyp gitdi. Çilim satylýan ýeri ýokmuka diýseler, Atda çilim çekmek isleýän bilen paý-pyýada şäherçäniň dükanyndan çilim getirmek üçin gitdi. Ähli dükanlar ýapyk eken. Atda bir geçip barýanyň iki gap çiliminiň bardygyny bilip, ondan bir paçkasyny satyn alyp beripdir. Ine, çilim tapylaýdy diýip, begenmek begenýär. Gurban Gurbanowiç hil bir iş bitiren dek ýylgyrjaklap gelen Atda seredip, «Sen nähili adam-how, inim?» diýip, içini gepletdi. Atda, ylla onuň iç gepletmesini eşiden dek, begençli gürledi: — Ol sag bol diýdi. — Saňa sag bol gerekmi? — Ol gowy adam-a Gurban Gurbanowiç. Şeýle bir gowy adamlar bar. Men mydama gowy adamlara duşýaryn. Olara başardygymdan ýagşylyk edesim gelýär. Elimden gelýän zat bolsa ýok meniň. Gurban Gurbanowiç ýoldaşyny birlaý synlap, ýuwaşja gürledi: — Onda ýataly indi. Gurban Gurbanowiç ertir irden Atdany gullukdaşynyň öýüne eltdi. Olaryň barmaly obasy şäherçeden uzakda däl eken. Ine, biri-birine meňzeş türkmen öýleri. Öýleriň galabasy bişen kerpiçden. Atda öz obasyny ýatlady. On alty sotuk ýer azlyk edýän ýaly, ähli kişi odunyny, gowaça çöpüni, otuny köçe tarapa basypdyr. Şonuň üçin, aslynda giň köçe darajyk bolup galypdyr. Türkmeniň haýsy aýratynlygy bar diýilse, Atdanyň, ilki bilen, ýatlasy gelýäni, berlen ýeri az görüp, ýerini ýene artdyrjak boluşlary. Adamlardan kanagat göterilipdir diýmeleri ýöne ýere bolmaly däl. Ol-a on alty sotuk eken, kyrk alty sotuk berilse-de, ol ýer türkmene azlyk eder diýip, Atda içini gepletdi. Soňam hyrçyny dişledi. Olar iki gat owadan jaýyň deňine gelip saklandylar. «Kakow dagy gaty baý hojalyk eken» diýip, Atda içini gepletdi. Iki gat jaýy buharaly ussalaryň gurandygy haşamlaryndan, keşdelerinden görnüp dur. Beýle köşk türkmen obalarynda köp däl ahyryn. Atda birinji gezek görýär şeýle owadan öýi. Köçe bilen iki gat jaýyň aralygynda beýik üzüm dalbary bar. Üzüm dalbary belent küňreli derwezä baryp direýär. Derwezeden giň howla girilýär. Ondan aňyrda mellek uzap ýatyr. Mellege kartoşka, ýorunja, gawun, garpyz, pomidor ekilipdir. Sag tarapda mellegiň soňuna çenli limonlyk uzap gidýär. Giň howluda hiç kim ýokdy. Atda tapagan öwran-öwran gygyrdy. — Geldi aga, ah-ow, Geldi aga! Hiç kim jogap bermedi. Goňşy howludan çykan eli hasaly garryja mama olara bakan ugrady. Ol iki nätanşy tanajak bolup, çiňerilip-çiňerilip seretdi. Tanap bilmedi. Barybir, närazylygyny aýtdy: — Siz, näme, ölen kişiniň adyny tutup gygyryp dursuňyz. Bu näme etdigiňiz boldugy? — Geldi agalaryň öýi diýdiler-ä şu howla? — Diýenlerinde näme? — Kakowlaryň öýümi şu? — Kileň ölenleriň atlaryny tutýaňyz welin, siz o dünýäden dagy gelen dälsiňiz-dä hernä? Onuň bu sowalyna jogap berip bilen bolmady. Goňşy mama jogabam isläp durmady, ol öýe girdi. Esli wagtdan soň goňşy mama yzyna bir owadan gyzy tirkäp daş çykdy. Ol gyza nazary kaklyşan Atda tapagan agyr ýüküň aşagynda galan dek ýegşerildi. Aýaklary titredi. Bütin göwresi lagşady. Mydama parahat ýüregi bütin ömründe urmadygyny edil şu mütdet urup dynaýjak bolýan dek, dük-düküni şeýle bir gataltdy welin, dükgüldisi bilen Atdanyň agzyndan göni çykaýarly göründi. Geplemek ukybyny ýitirdi. Beýle perizadyň öňünde nädip gürlejek? Ýok, gürläp bolmaz! Gurban Gurbanowiç kömege ýetişdi. — Men size şu ýigidi getirdim, jigim. Bu ýigit seniň doganyň Kakow bilen Owganystanda bile gulluk edipdir. Dogan okaşypdyrlar. Doganyňyzyň ýogalanyndan bu ýigidiň habary bar. Ýöne halyňyzdan habar soramaga geldi. — Siz Atageldimi? — diýip, owadan gyz birgeňsi seretdi. Bagtygül Geldi gyzy. Ýaňy mekdebi gutaran gyzy muhabbetli durmuşyň güzaply şarpygy bütinleý üýtgetdi. Ynha, indi dört aý bäri giň öýe, ýogalan doganynyň bäş sany çagasyna — daýylaryna — baş bolup otyr. Ejesi Aýsoltan eje eziz perzendiniň süteminden soň ömürlik maýyp bolupdy. Indi onda ne mydar, ne-de ragbat bar. Gyzy ony iýdirip, gurjak ýaly saklap otyr. Türkmen aýyn bolmasa, Hudaýdan ogul dilär, gyzy sana goşmaz. Ýöne başyň ýassyga ýetende saňa idi-yssywat etjek ogluň bolmaz eken. Ol oturylyşykdan oturylyşyga gider eken. Gyzyň welin, ýanyňdadyr, Bagtygül deýin janyny beräýjek bolar eken. Gyzyň gadyry bir başga eken. Muňa türkmen düşünse-de, henize-şu güne çenli düşünmezlige salyp gelýär. Gyzyň edýän hyzmatyny ata-enä hiç bir ogulam etmez. Bagtygül durmuşa çykmak hakda pikirem edenok. Nädip etsin?! Ol ejesine, daýyjyklaryna eýe durmaly ahyryn. — Üç-dört ýyl mundan öňem bu hojalyk şu jelegaýlarda iň gurply, iň döwletli hojalykdy. Göreniň gözi giderdi. Soň ýa gözden boldy, ýa dilden. Betbagtçylyk birden bomba düşen ýaly, bu hojalygy tozduraýdy. Soňam betbagtçylyk bu öýüň üstünden ýoluny aýyrmady. Bu öýe düşen betbagtçylyk akyla sygar ýaly däl. Hiç kimem ynanmaz. Aýsoltan goňşy gaty çydamly aýal eken. Gelniniň ölümine-de, ogullarynyň ölümine-de, adamsynyň ölümine-de çydady. Böwründen sokulan pyçaga-da döz geldi. Ýöne körpe ogly Kakow janyň tabydyny bir giden esger ýalpyldap duran demir gapyrjaga salyp getirenlerinde welin, Aýsoltan görgüli çydap bilmän bagyryberdi. Körpe oglunyň ölümine çydap bilmedi görgüli. Atda goňşy mamanyň gürrüňine nähili düşünjegini bilmedi: — O nähili jaýladylar? — Nähili jaýlanar? Berýän soragyň nähili seniň, ogul! Türkmeniň däbi-dessury boýunça jaýladylar. — Owganystanda ony men öz elim bilen jaýladym ahyryn. Ine, ine, ine — diýip, Atda tapagan ellerini görkezdi. — Men Kakowy, ine, şu ellerim bilen jaýladym. Onsoň siz ony nädip jaýlap bilýäňiz. — Onuň tabydyny getirdiler. — Onuň tabydy ýokdy ahyryn. — Diýýäniň näme seniň, ogul? Tabytsyzam bir bolarmy? — Wah, siz meni gepletmäň. Onuň nähili aýylganç ýogalandygyny men bu gyzyň ýanynda aýdyp durmaýyn. — Soň ony çykaryp alyp gaýdan bolaýmasynlar. — Gurban Gurbanowiç gürrüňe goşuldy. — Men kimiň iberilenini, kimiň şol ýerde jaýlanylanyny gowy bilýän ahyryn, Gurban Gurbanowiç! Içerden: — Bagtym, aý, Bagtym! — diýen ysgynsyzja ses çykdy. Ol sese Atdanyň depe saçy düýrügip gitdi. Kakowyň ejesi! «Ejemi görüp gaýt!» diýip, Kakow, gör, näçe gezek Atdadan haýyş etdi! «Ejemi göresim gelýär, şeýle bir ejemi göresim gelýär. Ýöne ejemi hi-iç görüp bilemok. Göwnüme, ol keselläp ýatan ýaly bolup dur. Ynansaň, men şu ýaşa çenli özüm kän gezekler keselledim, ýöne pylan ýerim syzlaýar diýip, ejemiň aýdanyna, düşekde nähoşlap ýatanyna gabat gelmedim. Hudaýjan, ejem indem kesellemesin. Atda jan, ikimiz dogan ahyryn. Sen ýaltanman, ejemiň halyndan habar almaga barýan diýip pikir et. Aýsoltan eje, ýagdaýyň nähili diý. Men seniň ogluň diý. Kakow ogluň hem sag-gurgun diý...» — Eje, men bärde! — Bagtygül ýeňil gopdy. Atda içerik girip giden Bagtygülüň yzyndan seredip durşuna Kakowy göz öňüne getirdi. Kakow ýylgyrjaklap, oňa minnetdarlyk bildirýän dek baş atdy. — «Ikimizem körpe ogul. Bizi öýerenlerinde ejelerimiziň nähili begenjekdiklerini sen göz öňüne getirýäňmi?» diýip, Kakow sorardy. Hyýalynda bir gözel ýar bilen toý tutardy. Onuň arzuwy, köplenç, toý tutmakdy. — Atageldi, sizi ejem çagyrýar. Atda, näme üçindir, özünde müýn duýdy. Öz günäsini boýun almaga barýan dek, gorky bilen içerik girdi. Iç işikde aýak çekdi. Giň otag. Içerde ünsüňi eglär ýaly hiç zadyň ýoklugy üçin bolmagy mümkin, otag juda giň görünýär. Üç sany owadan lýustra hem kiçi ýaly görünýär. Şeýle giň otagda üç-dört düşekçäniň üstünde Aýsoltan eje bir gysym bolup ýatyr. Atda Kakowyň tabşyryklaryny ýatlady. — Eje, salawmaleýkim, men ogluň Atageldi. Men ýagdaýyňy soramaga geldim. Kakow ejemiň ýagdaýyny sorap gaýt diýdi. Kakowyň özi sag-gurgun. Siz Kakowy alada etmäň. Gözleri içine çöküp giden, durşuna süňk bolup ýatan ene solgun nazaryny iç işikde aljyrap duran deşli ýigide dikdi. Bu ýigit enä nätanyş däl. Ene bu ýigidiň Kakow jan bilen harby eşikde gujaklaşyp düşen suratyny köp görüpdi. Şondan bäri ene oglundan soňky galan nyşany ýanyndan aýranok ahyryn. Körpe oglunyň ýazan ähli hatlaryny, suratlaryny ýassygynyň aşagynda saklaýar, haçanda ejizlik üstüni basanda oglunyň Atageldi bilen gujaklaşyp düşen suratyna seredýär-de, ejizligi gözýaşa öwrüp, çykaryp goýberýär. Indi oňa seretmände-de, onuň göz öňünde surat doňup galypdyr. Ine, körpe oglundan janly nyşan gaşynda dur. Körpe ogly başga bir goç ýigide öwrülip, gaşynda dur. «Men siziň öz ogluňyz» diýip aýdyp dur. Ogluň diri bolsa, özem şeýdip gapyňdan gelip dursa, näme üçin ejizlejek, näme üçin aglajak?! Bu gün ene aglamaly däl, bu gün ol şatlanmaly, çünki onuň iki ýyldan gowrak wagt bäri gijesini gündiz edip garaşýan körpe ogly gapysyndan geldi ahyryn. Şu duşuşyga intizarlygy enäni ölümden alyp galypdy. Ýogsam Ezraýyl ony, gör, näçe sapar ýany bilen äkitjek boldy. Bir sapar-a Ezraýylyň yzyna düşüp ugrapdam, ýöne Ezraýylyň gapysynyň agzyndan yzyna gaýdypdy. Ene mejalsyz nazaryny Atdadan aýyrman ýatyrdy. Mährini gandyrmakçy bolýan dek, ony boýdan-başa synlady. Synlady, synlady, ýigide mähiri oturdy. Baryp bagryna basaýyn diýse, mejaly ýok, hoşamaý söz aýdaýyn diýse, tolgunmakdan ýaňa zybandan aýryldy. «Geldiňmi, oglum» diýmekçi boldy. Ýöne dili zybana gelmedi. Sözi diňe düşnüksiz bir pyşyrdy boldy-da galaýdy. Bagtygül kömege ýetişdi. — Geleniňize ejem biçak begendi. Tolgunyp gepläp bilmän otyr. Ol size «Geldiňmi, oglum» diýýär. — Geldim men, eje. Sizi görmäge ýörite geldim. Hal-ýagdaýyňyzy soraýyn diýip geldim. Näme etmeli bolsa, kömekleşmeli bolsa, men taýýar diýmäge geldim. Eje, siz hiç zady gaýgy etmäň. Men siziň üçin elimden gelen kömegimi gaýgyrmaryn. — Ýakynragyma gel, oglum — diýip, Aýsoltan eje pyşyrdady. Bagtygül Atda ýüzlendi: — Ejemiň ýanyna geliň. Atdanyň çekinjeňlik bilen gelip oturmasyny synlap oturan ene ýuwdundy. Elini çalaja galdyrdy. Bagtygül: — Ejem size elini uzadýar. Atda Aýsoltan ejäniň ellerini çalaja gysdy. — Aýsoltan eje, men Atda. Atageldi men. Kakow bilen size kän gezek hat ýazypdyk ahyryn. — Atageldimi sen? Atageldi janmy sen? Kakow janyň dogany ahyryn sen — diýip, Aýsoltan eje pyşyrdady. — Siz ylla meniň ejeme meňzeýärsiňiz. Ikiňiz ylla bir almany iki bölen ýalak. Kakow: «Ejem jan, ejem jan» diýip, sizi juda gowy görerdi. Sizi dilinden düşürmezdi. — Kakow janym mydama çyrçyklyjady. Ulalansoňam men onuň yzyndan galmazdym. Bir zat bolaýmasyn diýip gözden-dilden, otdan-çöpden goradym. Sähel salymam gözden salman saklardym ony. Olam gözümden uçdy-da gitdi. «Goralan göze çöp gaçar» diýleni boldy. — Garaşmandym... Bar zat birden boldy, eje — diýip, Atda Aýsoltan ejäniň sandyraýan ellerini ýene gysdy. — Men Aýsoltan ejemi görüp gaýdybereýin diýdim. — Wah, meniň balama näme boldy? Balama näme boldy meniň? Meni taşlady-da gidiberdi ol — diýip, Aýsoltan eje möňňürip goýberdi. — Kakow janym, nirelerde galdyň sen? Gijeler ýatman, sypap-sermäp, apalap-apalap nä günlükde ýetişdirdim ahyryn men seni. Wah, oňa bir zatlaryň bolanyny ýüregim syzdy meniň. Onuň sesini eşitdim-ä men. Ýöne men biçäre. Men saňa ynanýan, balam, ol meni ýatlandyr. Ol ejem jan, ejem jan diýip geçendir. Wah, men oňa şirin janymy berjek ahyryn. Ol öz janyna jebir etmeli däl eken-ä! Ol meni taşlady-da gidiberdi-le? Meniň gözýaş döküp, sargaryp-soljagymy bilmedimi ol. Ol nädip öläýdi?! Nädip meni taşlap gitdi. Eý, Hudaý, meni nä günlere saldyň sen. Mende näme ýazyk bar. Yhlasymdan, halallygymdan başga nämäm bar meniň. Men çydap bilemok. Men dünýä sygamok. Tumaýak galdym-a men. Hany, meniň dag ýaly ogullarym? Hany, meniň ogullarym? Birem ýog-a ýanymda. — Eje jan, aglamasana — diýip, Bagtygül gözüni ýaşlap hamsykdy. — Aýsoltan eje, aglamasaňyzlaň. Men siziň ogluňyz ahyryn. Kakowyň ýerini tutmaga geldim-ä men — diýip, Atda gözüne ýaş aýlady. Bagtygül ejesini köşeşdirjek bolup elewredi: — Eje, köşeşsene. Eje, beýtmesene. Bular uzak ýol söküp gelipdir. Aýsoltan eje öwran-öwran ýuwdundy. — Men seni görenimden tanadym, oglum. Seniň suratyň bar ahyryn bizde. Bagtygül ejesiniň ýassygynyň aşagyndan birnäçe surat çykaryp, olaryň birini Atda uzatdy: — Kakow bilen düşen suratlarymyz — diýip, Atda tapagan biygtyýar ýylgyrdy. Eý, Hudaý, şeýle pursatda adamyň bar ünsi gözýaş döküp, panydan perýat edýän naçar enede bolaýjak ýaly. Owganystanda gulluk edip dogan dek ysnyşan Kakowyň wepat bolmasyny ýatlap Atda tapagan gam laýyna bataýjak ýaly. Kakow ýogalansoň ol birki aýlap edil dälirän dek bolup gezipdi. Häzir şol pajyganyň ahy çekilýär ahyryn. Ýok, Atda tapagan garry enäniň ysgynsyz, sandyrawuk elinden tutup durşuna, eýjejik Bagtygülden gözlerini aýryp bilmän, doňan deýin seredip dur. Onuň eýjejikligine seretdigiçe seredesi, ol eýjejiklikden ganasy geldi. Ýöne goç ýigit ähli gözellikden gansa-da, gyz gözelliginden, onuň bendiwan edýän näzijek hereketlerinden ganyp bilmedi. Gaýtam, synladygyça synlasy geldi. Onuň sesiniň mylaýymdygyny, owadandygyny, mähirlidigini! Onuň ýuwaşjadan ejesine diýen sözleri Atda tapaganyň on iki süňňüni bogunma-bogun sökdi-de, lagşadyp, Aýsoltan eje deýin mejalsyz kişä öwürdi goýaýdy. «Şeýle owadan uýam bar diýip Kakow maňa aýtmandy». Atda tapagan öz sesine tisginip gitdi. Ejesiniň gözýaşyny süpürip oturan Bagtygül Atda tapaga mähirli nazaryny dikdi welin, onuň Aýsoltan ejäniň gapdalynda mejalsyzlykdan ýaňa ýatybermesine sähelçe galdy. Arkasyny diwara söýedi. Atda tapagan galan ömrüni şol diwara minnetdar bolup geçmeli boldy. Ol öň gyzlara beýle melullyk bilen seretmezdi. Ünsem bermezdi asyl. Öýlenmeli ýaşyň ýakynlaşyberse, şeýle duýgy oýanmasa-da oýanmazdy, eger Deýkaý ýegen gelip gyzlar hakdaky leksiýasyny okamadyk bolsa. Eý, Hudaý, Deýkaýy köp diňlemedigem bir gowy, ýogsam gyz görse aňalyp ýörmelem boljak bu Atda tapagan. Gözele aýdan sözleri Atda tapagyň göz atuwynda janlandy. Megerem, Gözel Atda tapagyň şol sözlerini halandyr. Ol ümsüm diňledi oturdy ahyryn. Eger şol sözleri Kakowyň uýasyna aýtsaň nähili bolarka? Bu-da aňk bolup diňlärdi öz-ä. Wah, Kakowyň uýasy bolýa-da. Ýogsam-a... Ýok, ýok, beýle owadan gyz boş däldir. Hökman halaşýany bardyr. «Halaşýany barmykan-aý?! Durmuşa çykan bolaýmasyn?!» Kakowyň uýasy ýene Atda tapaga geň galyp bakdy. Onuň nazary Atdanyňky bilen tapyşmady. Içki pikirini daşyna çykaranyna utandy. Biçak utandy, «Atda, özüňi ele al. Masgara bolup oturma» diýip, Atda tapagan öz-özüne käýindi. Goňşy mama kömege ýetişdi: — Bagtygül görgüliniň göreni görgi bolaýdy. Kolhoza işe gidýär. Ejesiniň içeri-daşarsyna ýetişip otyr. Entek durmuşa çykanok, halaşýanam ýok. Bagtygül bolmasa, bu öý gaty çökjek. Onsoň, Bagtygül durmuşa çykmak hakda oýlanybam bilýän däldir. Atda tapagan Bagtygülüň sahypjemalyna hyrydarlyk bilen bakdy. Içinden ony ejesiniň atlandyryşy ýaly atlandyrdy: «Bagtym, Bagtym, gör, nähili owadan at! Bu gyza öýlenen, Hakykatdan-da, bagtly bolar, muňa Bagtym diýip ýüzlener». Ol edip outran pikirlerinden utanyp, surata seretdi. Bagtygülüň elleri degen surat! Ol ylla Bagtygülüň eline elini degren dek saňňyldady. Içki pikirini gapdalynda oturanlaryň duýmagyndan, daşyna çykarmagyndan ätiýaç edip, hyrçyny dişledi. Eý, Hudaý jan, adamlaryň biri-biriniň içindäki pikirini bilmeýändikleri nähili gowy. Bilseler, adamlar bu güne çenli biri-birini gyrybam, öldüribem tükederdiler. Ine, bu oturanlaryň hem içinde näme pikiriň bardygyny diňe Alla bilýär. Adamlaryň içki pikirini bilip, nädip çydaýarsyň, eý, Alla?! Ä, nädip çydaýarsyň?! Hudaý däldigime müň-de bir şükür! — Men häzir çaý goýaýyn — diýip, göňşy mama ýerinden galdy. Atda ony boýdan-başa synlady. Öz-ä hoşgylaw mama eken. Ömri uzak bolsun! Hiç hili hantamaçylyksyz, ine, Kakowlara kömekleşip ýör. Bir käse çaý içilenden soň, Gurban Gurbanowiç turmak bilen boldy. — Atda, sen bu gün Aýsoltan ejäniň ýanynda bol. Ol-bul işleri bolsa, kömekleş. Men seniň yzyňdan ertir gelerin. Birinji sekretar gitdi. Atda gaty gelşiksiz ýagdaýda galdy. Ýöne onuň galmagy öý eýeleri üçin gelşiksiz däldi. Olar ony öz maşgalalarynyň biri hökmünde kabul etdiler ahyryn. Atda gije Aýsoltan ejäniň mekdepde okap ýören agtygy bilen ýatdy. Eger-eger gözüne uky gelse nädersiň. Onuň hyýaly Bagtygülüň, Aýsoltan ejäniň ýatan ýerinde. Göz öňünden Bagtygülüň näzenin keşmeri aýrylmady. Ol şol mähire syn ede-ede daňyny atardy. Uzak gije ýatman çykybam şeýle pikire geldi. Türkmen ýazyjylaryna Atdanyň nebsi-jany agyrdy. Ol köp okap ýören kişi däl. Ýöne okan kitaplarynda ýazyjylaryň türkmeniň dar däp-dessur galybyndan çykyp bilmän kösenişlerini gördi. Olaryň bir başarýan — rugsat berlen — zady güjümiň ýa-da çynaryň aşagynda Gün ýaşansoň duşurmak. Özem Gün ýaşansoň! Gündiz aýyp bolýar. Gyzyň elinden tutsa bolany. Ondan aňry geçmek aýyp. Gyza söýýändigiňi aýtmak aýyp. Köçede gol tutuşmak, gujaklaşmak aýyp. Wah, gol tutuşmak, gujaklaşmak diýýärsiň, ýürekden gürleşmegem aýyp ahyryn. Seksi suratlandyrmak aýyp. Türkmene mahsus däl. Durmuş seksden başlanýar ahyryn. Durmuşyň manysam seks ahyryn. Olam türkmene mahsus däl. Adama mahsus zatlar türkmene mahsus dälmiş! Türkmen ýazyjy görgülilerem şol mahsus däldigi üçin öz aşyk-magşuk gahrymanlaryny gol tutuşdyrmakdan aňry geçirip bilenoklar. Öz bolşuna Atdanyň gahary geldi. Bir bende ýas tutup aglap durka, ol onuň gyzynyň gözelligini synlap otyr. Şeýle berebekgeýleri kesekläp öldürmeli. Atda özüne iňirdeme kemini goýmady. Henizem özi bolaýýar, başga birine aýdylanda ol çydap bilmän, Atda bilen göni ýaka tutuşardy. Iňirdän özi bolansoň, Atda burny ganan dek ümsümje otyr. Bagtygül ir bilen turup, çaý demläp, basyryp goýdy. Tüňçede ýuwunmak üçin gyzgyn suw taýýarlady. Atda ýuwunsyn diýip. Ertir turanda Atdanyň başy dumanlap durdy. Ol ýuwnup durka Bagtygül iş-aladasy bilen bir-iki gezek öýe girip çykdy. Atda gyz öýden çykan wagty, näme edip, näme goýýanlygyny bilmän, üstüni öl suw etdi... «Eý, Hudaý, men akylymdan azaşyp ýörmükäm?» diýip, Alla ýalbardy. «Bagtygülüň gözelligi, akylyň hernäçe ýerinde bolsa-da, azaşdyrjak. Içiňden samsyk-samsyk pikirleri edip bolýanlygyna, şol samsyk pikirler üçin saňa hiç kimiň hiç zat diýmeýänligine şükür...» diýip, ol Allany çagyrdy. Atda ýeňini çyzgap daşarda ygym-sagym çaşyp ýatan odunlary howlynyň bir çetine basyşdyrdy. Kartoşka alnan, depilmedik kölçejigi çuňdan depmäge başlady. Atdanyň işleýşini, daşaryk häli-şindi çykyp duran Bagtygül gözastyndan synlaýardy. Atda bolsa Bagtygül hakda süýji-süýji oýlara, arzuwlara çümmesine howludaky daragtyň üstündäki serçelerden başga şaýadyň ýoklugyna begenýärdi. Bagtygül öýde kän garaşan bolarly, ahyry Atdanyň ýanyna eda bilen geldi-de, şeýle bir mähir bilen gürledi: — Çaýyňyz sowar. Öýe girip, bir käsejik içäýiň! Ejemem sizi birki gezek sorady. Gaty ýadaýmasyn diýdi. — Men günuzyn işlesemem ýadamaýan. — Sähel salymda köp iş etdiňiz. — Bujagaşlarmy? Men bu işlere köp iş diýmeýän. Sen meniň nähili işleýändigimi bilmeýäň-dä! Men hiç wagt ýadamaýan. — Çaý içäýiň-dä! — Sen iç diýseň, men hökman içerin. Ýöne meniň juda işläsim gelýä. Meniň işleýşim saňa ýaraýamy? — Ýaraýa. — Ine, onda bolýa. — Atda göwnühoşluk bilen uly-uly ädimläp Aýsoltan ejäniň ýanyna ugrady. Atda tapagan Bagtygüle seretmezlige çalyşdy. Aýsoltan ejä çaý guýup berdi. Enäniň ogly hakdaky gürrüňlerini diňledi. Özüniň hem Kakow bilen bagly gürrüňleri aýdasy geldi. Ýöne aýtmady. Enäniň sary giden ýüregini elendirmek nämä gerek. Atdanyň nazary çäýnek uzadan Bagtygülüň nazary bilen şeýle bir ýakyndan tapyşdy. Atda edil gop berlen dek, zöwwe ýerinden galdy. Ol gözüni petredip, Bagtygüli ilkinji gezek görýän ýaly, seredip dur. — Bu sen ekeniň-ä! Bu söze kim düşünmese-de, Bagtygül düşündi. Ol Atdanyň bolup durşuna ejesiniň ýanynda ullakan bir aýby açylýan dek utandy, gyzardy. Atda bolsa henizem gözlerine ynanman durdy: — Bu sen ekeniň-ä, Bagtym! — Tanamadyňmy näme? — Alla kessin, duz kessin, çypbakaý çynym, tanamadym. — Men-ä seni görenimden tanadym. — Men seni bir ýerde görendigimi bilýän. Ýöne nirede görendigimi anyk hakydama getirip bilmedim — diýip, Atda begenjine guş bolup uçaýjak boldy. — Indi görüp bilmerin öýdüp gaty gorkupdym. Men seniň üçin dünýäň aňry çetine gitmäge-de razy. Ýöne nirä gitjegimi bilmedim. — Men seniň geleriňe kän garaşdym. — Aýdaýmaly ekeniň-ä! Men uçup geljeg-ä! Sorasam aýtmadyň-da! — Men sebäpli masgara bolduň... — Ynan, onuň üçin men jinnek ýalagam gynanamok. Onuň üçin ötünç sorajak bolup oturma. — Gelşiksiz boldy-da. — Goý bolsun, isleseň, men ýene ýalanaç bolaýyn. — Ýok, ýok, gerek däl. — Çekinme, men ýalanaç bolup göni köçä çykaýyn. Men seniň üçin hemme zady ederin. Men seni biçak söýýärin. Kellämde senden başga hiç zat ýok. — Bilýän-ä! — Indi men seni sypdyrmaryn. Aýagyňa ýykylaryn. Maňa sensiz ýaşaýyş gerek däl. Men saňa Bagtym diýjek. — Ynanýan, ynanýan. — Ýöne sen o ýerlere nädip bardyň. Şoňa hiç akylym çatanok. — Söýgüde ganat bar ahyryn. — Uçup bardyňmy? — Ýok. — Onda alty ýüz kilometri nädip geçdiň? — Söýgüde menzil ýok ahyryn. Seniň ýanyňa meniň ýüregim bardy ahyryn. — Bagtygül, men saňa öňünden aýdaýyn. Men mekdepde okap ýörkäm Bahargül diýen gyz bilen söýüşdim. Soňam ömrümi müjerret geçirmäýin diýen başdansowma niýet bilenem Göwher, Gözel, Mähri diýen gyzlara söz aýtdym. Sen meniň şu günälerimi geç. Soňundan meni dili gysga etme. Meniň hakyky söýgim sen. — Men saňa ynanýan. Atda aljyrap, töweregine garanjaklady. Onuň nazary diwardan asylgy goýlan daşguş tüýdükde saklandy. Bu tüýdük şo-o-ol ezýaka köýneklije mön oglanjygyň çalan arzyly daşguşy ahyryn! Atda daşguş tüýdügi eline aldy. Ony bir-iki gezek üfledi. Gurban Gurbanowiç bu daşguş tüýdüjegi görse, gör, nähili begener! Gör, oňa ýetjek baýlyk näme eken! • On üçünji kyssa • ATAGELDINIŇ «TAPAGAN» LAKAMYNA MYNASYPLYGYNYŇ ÝENE BIR ÖWRE TEKRARLANYŞY Gurban Gurbanowiç Atdanyň yzyndan üç-dört adam bilen geldi. Birinji sekretaryň ýanynda harby eşikli adamyň bardygyny görüp Atda tapagan geňirgendi. Gurban Gurbanowiç onuň geňirgenmesine düşündi: — Atageldi, men raýon ýolbaşçylarynyň birnäçesi bilen geldim. Sen düýn Kakowyň Owganystanda jaýlanandygy barada aýtdyň. Sen şol aýdanyňy şulara hem gürrüň ber. — Men onuň nämesini gürrüň bereýin? — Haýsy polkda gulluk edendigini aýt, komandiriň kimdi, ady ýadyňda barmy? — diýip, raýon harby komissary sorady. — Ýadymda. Olary men ölenimden birki gün geçenden soň sorasaňyzam aýdyp bererin. Olar üç maşyn bolup gonamçylyga gitdiler. Raýon harby komissary gonamçylyga belet. Ol Kakowyň guburynyň üstüne gara mermerden ýadygärlik galdyrmagy halanok. Ýöne söweşde wepat bolup geldi diýlensoň hossarlary, obadaşlary ýadygärlige o diýen garşy bolup durmandylar. Ine, tanyş ýüz. Owadan mermer daşyň ýüzünde: «Kakow Geldiýew. 17 oktýabr, 1964 ý. doglan. 17 ýanwar, 1983 ý. wepat bolan» diýen ýazgy bardy. — Gullugyň gutarmasyna iki aý galypdy — diýip, Atda gürlemäge başlady. Birdenem gürlemesini kesdi. Kakowyň mazaryna tiňkesini dikdi. Mazara ýakyn-ýakyn baryp seretdi, seretdi. Onuň gürrüňini goýup, mazara tiňkesini dikip, çiňerilip, ümsüm durmasyny ýanyndakylar geňlediler. Ara düşen ümsümligi bozmak üçin kolhoz başlygy gürledi: — Tabydy-ha gaty agyrdy. Tabydyň, adamyň şeýle agyr bolýandygyny şonda birinji gezek duýdum. Atda äm-säm ýagdaýda töweregine garanjaklady. Kolhoz başlygynyň alkymyna dykylyp bardy. — Wah, agam jan, bu Kakowyň mazary däl. Onuň mazary Owganystanda galdy. Komandirimiziň buýrugy boýunça biz ony jaýladyk. — O näme üçin ol ýerde jaýladyňyz? Ýogalanlaryň hemmesini öz obalaryna iberýärler-ä. — Harby komissar Atdanyň näme jogap berjegini bilmäge howlukdy. — Ýoldaş komandir, ýogalanlaryň käbiri şol ýerde jaýlanypdy. Aýratynam hossary ýoklary, Kakowy, başga-da birki oglany şol ýerde jaýlamaly diýdiler. Bizem jaýladyk. — Näme üçin? Düşündirmedilermi? — Ýoldaş komandir, bize hiç zat düşündirmediler. Ýöne jaýlamaly diýen komandirimizem öldürdiler. — Atda tapagan ýene mazara seretdi. Iki gezek mazaryň daşyndan hasanaklap aýlanyp çykdy. Sowuk mazary elleşdirip gördi. Birdenem gygyryp goýberdi. — E-e-eý, adamlar, şu ýerde köp tylla bar. — Tylla? Nädip bilýäň? — Hany? Hany? — Hana, lowurdap dur-a — diýip, Atda tapagan mazara elini salgap goýberdi. Ýöne onuň diýýän tyllasyny özünden başga gören bolmady. — Ýalňyşýan bolaýma, Atageldi. Sen bizi masgara edäýme birden. — Gurban Gurbanowiç, Alla kessin. Tabydyň içi durşuna tylla. Hana, görnüp dur-a, serediň. Şondan birki sagatdan soň mazarlykda adam köpeldi. Millisionerlerem köpeldi. Yhlas edilip ýasalan ýadygärlik ýykyldy. Gabyr gazyldy. Tabyt ýokary çykaryldy. Tabydy nädip gömdükäler? Ony çykarjak bolub-a ondan gowrak adam gara görgä galdy. Hana, Atda tapagyň gören tyllalary lowurdaşyp, tabydy dolduryp dur. Hiç kim beýle zada garaşman eken. Asyl, ömründe tylla görmedigem kän eken. Görmedikler-ä tylla görmek keýpinden çykdylar. Görenleriňem gördükleriçe göresleri geldi. Gördüler. Sypap-sermäp, dişläp-ýalap gördüler. Adamlar Kakow görgülini ýatdan çykardylar. Olar Atda tapagam ýatlaryndan çykardylar. Atda Gurban Gurbanowiçiň synyndan çekdi. — Siziň bilen biragyz gürrüňim bar, Gurban Gurbanowiç! — Aýdyber, aýdyber — diýip, birinji sekretar Atdanyň egninden gujaklady. — Çete çekiläýeliň. — Gürrüňiň gizlinmi? — Gizlin. Diňe ikimiziň aramyzyň gürrüňi. Başga hiç kim eşitmeli däl. Gurban Gurbanowiç Atdanyň yzyna düşdi. Duranlardan otuz-kyrk metr daşlaşan Atda aýak çekdi. — Näme gürrüňiň bolsa, çekinmän aýdyber, Tapagan. — Bärik gelýärkäk ikimiz bir zady wadalaşypdyk, Gurban Gurbanowiç. Şol ýadyňyzdamy? — Sen ýüregiňdäkini çekinmän aýdyber. Men seniň bir zat diýerine garaşyp durdum. Ýöne, bu gürrüňi sen däl-de, aslynda men aýtmalydym. Zyýany ýok, rast başladyň, aýdyber. — Men size ýolda näme tapsam, şol siziňki, meniň hiç zat hantamaçylygym ýok diýipdim. Ýöne ýagdaýlar meniň çak edişimden başgaçarak boldy. Men sözümde durup biljek däl... Bagyşlaň. — Aýby ýok, Tapagan jan, aýby ýok. Men bir indi pensiýa ýaşyna ýeteňkirlän adam. Maňa durmuşda, dogrymy aýtsam, hiç zat gerek däl. Çagalarym ýokary bilimli. — Sözünden dändi diýip siz menden aýyplaşmaň, Gurban Gurbanowiç! Özüňiz gözüňiz bilen gördüňiz. Öýde ýeke erkek kişi hem galmandyr. O hojalyga kömek-goldaw gerek. — Dogry aýdýaň. Sogap iş edýäň. — Maňa dogry düşünseňiz bolany. — Bu ýerde düşünip-düşünmez ýaly hiç hili çylşyrymly zat ýok. Ähli zady kanun esasynda ederis. Dokumentleşdireris. Özem häzir. — O nähili häzir? Aý, ýok, Gurban Gurbanowiç! Häzir bolmaýa. — Bolar, bolar. Derrew dokumentleşdireris. — Men kakam daga sala salman hiç zat edip biljek däl. Onsoňam toýjagazam etmeli bolarys-a. Dokumenti şol gün bererler-dä. Onsoňam men entek Bagtygülüň razylygynam alamok. Toýy birki aýsyz-a edip bolmaz. — Nämäniň gürrüňini edýäň sen. — Toýuň. — Dur-la, ikimiz aýry-aýry zadyň gürrüňini edýän ýalak-la. Meni näme üçin çete çagyrdyň? Bagtygül hakda aýtmak üçinmi ýa şu tapan tyllaňdan almak üçinmi? — Men tyllany başyma ýapaýynmy. Maňa tylla gerek däl. Men öz tyllamy tapdym, Gurban Gurbanowiç! — Sen meni begendirdiň, Tapagan. Men saňa guwanýan. Türkmen ýigitleri hut seniň ýaly hem bolmalydyr — diýip, Gurban Gurbanowiç gözüne ýaş aýlady. — Hany, gel, men seni bir gujaklaýyn. | |
|
√ Bäşgyzyl -28: romanyň dowamy - 11.12.2024 |
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -3: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Duman daganda: Ýolbars bilen towşanyň duşuşygy - 30.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -15: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan / romanyñ dowamy - 09.09.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Dirilik suwy -8: romanyň dowamy - 03.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |