23:43 Tapagan -9/ romanyñ soñy | |
• On ýedinji kyssa
Romanlar
• TÄZE ROZUGÄR Öňler pylanynyň eli süýji diýilýärdi. Bu gün nahara salynýan her hili tagamlaryň köpelenligindenmi, bolçulykdanmy, nämemi, kim bişirse-de, nahar örän datly bolýar. Birmahal mazaly garnyňy doýursaň, şol iýen tagamyň hakda süýjüdilip-süýjüdilip gürrüň edilerdi. Bu gün geň, gowy naharlandym diýip magtanýan ýok. Magtansaň, dogrusy, geňem görjekler. Doýa-garna iýip-içmegiň gowudan-gowy, datlydan-datly tagamlaryň arzysy gaçyp ýör oguşýa. Datly nahar, bolçulyk bu günüň nazary bilen seretseň, o diýen uly bir mesele-de däl eken. Naharlara üns berýän ýok-how. Ähli kişi datly, bol naharlary hökman bolaýmaly on sekizinji derejeli bir zat hasap edýär. Ýöne juda bir beýle-de däl ahyryn. Hydyr Derýaýewiň «Ykbal» romanyny köpler Uzugyň ondan-oňa durmuşa çykyp ýörşi üçin däl-de, palaw bişirilişiniň örän inçelik bilen sünnälenip beýan edilýändigi üçin ýatlaýarlar. Bu gepbaşy gürrüňler ýöne ýere däl. Daň ýaňy saz berdi. Kertik agalaryň öýünde şeýle wagt üýtgeşikden-üýtgeşik naharlar bişirilýär. Hana, näçe gazan atarylypdyr. Her birinde biri-birine gaýra dur diýýän naharlar bişirilýär. Gazandaky ol üýtgeşik naharlaryň janyňy heýjana salýan ysy giň howla sygman köçä çykypdyr. Hana, köçeden aladaňdandan howlugyşyp işe ugran käbir oba adamlary naharlaryň ysyny heziller edinip alýarlar. Çalaja ýylgyrybam geçip gidýärler. Allajan, türkmen gazanlarynda ertirden agşama çenli datlydan datly tagamlar bişirilsin! Eý, Allajan, türkmeniň bagty daş ýarsyn! Eý, Allajan, türkmeniň rysky egsilmesin! Adamlar ýaňy ukudan oýandylar. Onda-da düýn toý bolansoň, ähli kişi ýadapdy. Aladaňdan turup, nahar bişirip ýetişendirler diýer ýaly däl, ýöne şeýle bir tagamlar bişirilipdir welin, ýöne hoşuňa gelsin. Iki sany mal soýlupdy. Täzeje etden her hilije tagamlar taýýarlandy. Türkmeniň palawynyň görnüşem gelin-gyzlaryň şaý-sepleri ýaly owadan. Yşyklaryň ýagtysyna lowurdaşyp, bugaryp duran palawlar ertiriň iri bilen işdäsi ýok adamlaryňam işdäsini açyp goýberýärdi. Mämmediň ýolbaşçylygynda taýýarlanan kakmaçlar owadan nagyşly mejimelerde ýygy-ýygy goýlupdyr. Agşam köpräk arak içen adam ertir ir bilen elinje unaş içse, açylyp ötägidýär diýen pikire berk uýýan Orazyň ýörite «zakazy» boýunça unaş hem taýýarlanypdyr. Ýöne ol unaşa bu wagt höwesjeň o diýen köp däldi. Ir bilen Kertik aganyň öýüni dolduryp oturanlaryň öňüne şol tagamlar çekilip ugraldy. Ine, giň saçak bereketden doly. Kertik aga «Alyberiň» diýip, nahara bismilla edeninden soň, gep-gürrüň bir salym galdy. Her kim gözüň ýagyny iýip barýan tagamlardan iýjek. Orazyň nahar bilen ugry ýok, ol unaşdan birki çemçe içdi-de, Gaýyp başlygyň gulagyna çawuş çakdy. Başlyk makullandan soň, Orazyň ýüzi ýagtyldy. Ol ýylgyrjaklap, Derkar ýegen jana bir zatlar diýdi. Derkar ýegeniň ýanynda hiç zadyň müşgili ýok. Ol gidişi ýaly, tiz dolandy. Elinde-de hum çäýnek. — Çaý bar ahyryn — diýip, Kertik aga öňündäki çäýnekleri görkezdi. — Ata, bu çaý däl. Arassaja suw bu. Buz ýaly. Oraz daýym buz ýalak arassa suw içjek, getir diýdi. — Heý, dilleriňe döneýin, ýegenim! Dünýe dursun Deýkaý ýegen janym dursun! — Orazyň ýüzi ýagtylyp, dili süýjedi. Mämmet Orazyň bolşuny synlap, müýnli gürledi: — Öten agşam Atda janyň toýunda köpräk içipdirismi-nämemi, ýürek buz ýaly zat isleýär. — Türkler barsaň, ilki bilen saňa suw berýän ekenler. Bir hepde baryp gaýtdyk welin, her naharyň başynda suw berdiler. Nahardan soň ýene bir suw berýärler. — Üýtgeşik suw bolaýmasyn? — diýip, Gaýyp başlyk Oraza ýüzlendi. — Ýok, üýtgeşik suw däl, arassa suw. — Aý, biziň içjek bolýan suwumyz ýaly arassa däldir ol — diýip, Mämmet çäýnekden iki käsä «suw» guýdy. — Oraz, senem arassaja suw içjekmi, rast türklerde suw içmegi öwrenip gaýdan bolsaň, içersiň. — Içäýerin. — Oraz käsäni eline aldy. — Aý, munuň ýaly gün diňe arassa suw däl, arassa arak içseňem bolar-la. Kaka, häzir arak içseňem, hiç zat diýmersiň-le? — Ir bilen işdäňiz alsa, içiň. Deýkaý jan, sen araklaň durýan ýerini bilýäň-ä. Getirip ber daýylaryňa. — Ýok, ýok, gerek däl, bize häzirlikçe şu arassa suwam bolýar. — Içiň, içiň, siz şu gün tarhan. Özem bu gün ýekşenbe. — Içiň diýip rugsat bereniňizem ýeterlik bize, kaka — diýip, Mämmet käseleri paýlady. Üç kişi elleri käseli biri-birine seredip dur. Endik gursun. Köplenç endik-dä, seniň syryňy açýan. Eli käseli üç kişiniň hersi bir zat diýdi. Gaýyp başlyk: — Hany, onda saglyk bolsun. Mämmet: — Atageldiniň bagty açyk bolsun — diýdi. Oraz: — Atda jan, seniň üçin! — diýdi. Hemra illew gapdalyndaky ýigitleriň suw içip tost aýtmaklaryna gaty geň galdy: — Be-e, suw içibem tost aýtsaň bolýan eken-ow. Her naharda suw içýän bolsa, türkler bilmän içýän däldirler. Bir peýdaly tarapy bardyr suwuň. Oraz jan, hany, şo buz ýaly suwuňdan mana-da bir owurt ber. Mämmet sypalga gözledi. — Eýýäm ýylymtyk bolupdyr bi, Hemra aga. Size täzesini getirip beräýsinler. Deýkaý jan, bar Hemra aga buz ýalysyny getirip ber. — Ýok, ýok. Maňa şo çäýnekdäki suw bolýa. — Hemra aga, içeniňize görä buz ýalysyny içäýseňizläň — diýip, Gaýyp başlyk töwella etdi. — Deýkaý jan, gitme, azara galma. — Onuň azary bolmaz, Hemra aga. — Ýok, maňa ýylymtygy gerek. — Men ýylymtygyny getireýin. — Deýkaý jan, gitme. Maňa bolýa birje owurt. Mämmet, ine, şu käsä guý, ogul. Oraz öňündäki käsesini berdi. — Onda siz, ine, şuny içäýiň. — Sen nä içmediň? — Türklerde aşa düşüpdirin öýdýän. Hemra illew çäýnekdäkini Hakykatdan hem suw hasaplan eken. Ol Orazyň beren käsesini aldy-da, içdi goýberdi. Baryny içip bolansoňam nämäniň-nämedigine, näme içendigine düşünip doňan ýaly bolup galdy. Elindäki käsesi öňüne gaçdy. Agzyny açyp, demini alyp bilmän dur. Öňünde — saçagyň o tarapynda aýal-gyzlar oturandygy üçin zat diýibem bilenok, Oraz saçakdan hyýaryň bir bölejigini alyp Hemra aganyň agzyna uzatdy. Hemra illew hyýary çalasynlyk bilen çeýnedi. Gözem ýaşarypdyr görgüliniň. — Geçeni ýatladyňyzmy, Hemra aga, gözüňize ýaş aýlapsyňyz-la? — Atamyň ölümi ýadyma düşdi, ogul — diýip, Hemra illew janyýangynly gürledi. — Goýsana, Hemra, ataň ölende gözüňde ýaş görmändim seniň — diýip, Kertik aga sakgaldaşyny gepde tutmak isledi. — Gelip-gelip, atam pahyryň agysyny şu gün aglamaly boldum, Kertik jan. — Hemra aga, biz-ä ýene bir gezek içmekçi. Size ýene guýalymy? — Wah, Mämmet jan, «Ulynyň aýdanyny etmedik uwlar» diýýärler. Şoňa «Kiçiniň aýdanyny etmedigem uwlar» diýip goşmaly. Meniň bir uwlanym ýeterlik. Ikinji gezek uwlajak bolup oturmaýyn. Içiň, gaty gowy suw eken. Buz ýaly eken. Baran ýeri bes-belli boldy. Ömürleriňiz uzak bolsun. Ertiriň iri bilen hiç kimiň o diýen işdäsi ýok. Ýöne bu oturanlaryň köpüsi «täze rozugär» däbiniň dabarasyna tomaşa etmek üçin otyr. Ata-babalarymyzyň däp-dessurlarynyň ählisi birgiden tomaşa. Görseň, synlasaň, göwnüň dokunýar. Türkmen sekiz asyrlap döwletsiz, hansyz nädip ýaşadykan diýýärler. Sekiz asyrlap türkmen türkmenligini nädip saklap bildikän diýýärler. Onuň ýönekeýje bir sebäbi bar. Türkmeniň türkmenligini sekiz asyr ýitirmän saklamagynyň sebäbi adamlarynyň, türkmençiligiň hasabyna. Adat bilen türkmençilik döwletiň, hanyň etmeli işlerini edipdir. Adamlary anyk bir çägiň içinde wagtyhoşlukda ýaşatmagy başarypdyr. Adat bilen türkmençilik ölçegleriniň çäginden çykmak, ýurtdan çykmak. Ölmek. Türkmen däp-dessuryny şeýle bir kaşaň, dabaraly edipdir welin, onsoň hiç kimiň bu ýurtdan, bu halkdan daşlaşasy gelmändir, daşlaşmagy ölüm bilen deň görüpdir. Ýürekden çykan şeýle däp-dessurlaryny türkmen başyna her hili agyr günler düşse-de taşlamandyr. Türkmen ol däp-dessurlaryny garaşsyzlyk günlerine ýetirdi. Bu gün ol däp-dessurlar mukaddes saýylýar. Nahar-şora töwir edilip, çanaklar ortadan aýrylansoň, «arzyly täze rozugär» dessury başlandy. Ortadan saçak aýryldy. — Kertik, gelniňiziň aýagy düşümli bolsun! — Agzyňdan Hudaýjan eşitsin, Hemra. — Türkmen ogluny öýerende, täze rozugär diýip ony-muny berýär. Şeýdibem, täze hojalygy aýaklandyryp goýberýär. Elbetde, täze rozugäri ýöretmek aňsat däl. Ata-enesiniň berýän zady bilen olar baý bolanoklar. Ýöne durmuşa örňeşip gidýänçäler bir mydardyr-da. Onsoňam ata-ene öýüniň gönezligi bolmaly berilýän zatlar. «Bizem ata-enemizden şulary gönezlik alyp, soňundan uly döwlete ýetdik. Sizem uly döwletiň eýesi boluň!» diýlip berilýän hälki bir dadymlykdyr-da. Ine, şu ýerde oturanlar Kertik körpe ogluna nämeleri eçilerkä, şony göreli diýip garaşyp oturanlar. — Hemra jan, dogry aýdýaň, ata-babamyz hem ýaş çatynjalary aýaklandyryp goýbermegi parz hasaplapdyrlar. Musulmançylykda bäş parz bar. Olaryň biri ogluňy öýermek, gyzyňy çykarmak. Türkmen şol parzyň üstüne ýene bir parzy goşupdyr. Oňa illendirmek diýýärler. Türkmen ogluny illendirip goýbermegi parz hasaplaýar. Ine, bir parzyňy, soňky parzyňy ýerine ýetirdiň. Indi türkmeniň parzyny nähili ýerine ýetirjek? Öýüňde täze maşgala döredi. Sen oňa nämeler berjek? Sen bize şony aýt. — Atageldi jan, meniň körpe oglum. Ony özüňizem bilýäňiz. Men bu oglumyň rozugärini aýyrmakçy däl. Mämmet bilen Oraz aýrylyp çykdylar. Indi bu öý Atageldiniňki bolmaly. — Sen bu sözleri aýtmanyňda-da bilýäs biz. Hojalygyny aýyrmanyňda-da, bir zatlar berersiň-ä ýa hiç zat berjek dälmi? — Hemme zat Atageldiniňki. — Egniňe gyrmyzy dony atdyň. Heý, onuň jogaby bolmazmy?! Eger hojalygyny aýyrmaýan bolsaň, hojalygyňyzy aýramok, siz meniň bilen ýaşarsyňyz. Men sizi öz penamda saklajakdyryn diýip telpegiňi orta atjak dälmi?! Ata-babalarymyz-a hojalygyny aýyrmajak bolsa, telpeginiň içine serpaýyny salyp, gelniň üstüne atar eken. Şeýdibem, sizi kelläm bilen gorajak diýip aýdar eken. Hany, seniňem telpegiňe saljak zadyňy göreli, öz üstüňe aljak jogapkärçiligiňi göreli. Senem başlyk bir gujak zady getirip, kakasynyň ýanynda goýdy. — Jan gyzym, şeýdäýmeseň, bu Hemra menden ýaman algyly ýaly alarladyp barýar. — Kertik aga gyzynyň getiren zatlaryny birlaý gözden geçirip çykdy. Haýsy zady näme etmelidigi baradaky Senem başlygyň düşündirişini baş atyp diňledi. — Düşnükli, düşnükli. — Öz-ä bir zatlar eçiläýjek ýaly — diýip, Hemra illew ýylgyrjaklady. Kertik aga birki geýimlik gymmatbaha matany, ýapon ýüň ýaglygynyň üstüne telpegini goýdy-da, Senem başlyga seretdi. — Gyzym, näme edeýin? — Gapdalyňyzda oturanlardan uzadaýyň. Täze maşgala kelläm bilen jogap berýän diýen manyny aňladýan telpegi serpaýlar bilen gelne berdiler. Gelin tarap derrew telpegiň içine ak kagyza dolangy bir zatlar salyp yzyna ugratdy. — Kertik aga, Atageldini mirasdüşer diýýäňiz, ýöne tamynda gelniniň getiren zatlaryndan başga zat ýog-a. Birgiden zat bar, ýöne ol zatlar tapyndylarmyş. Atageldiniňki dälmiş. Onsoň, Atageldiniň ol otagda hiç zady ýok. — Orta ýaşan bir aýal hüjüme geçdi. — Ähli zat Atageldiniňki. — Onyňyz bolmaýa, Kertik aga, anyk aýdyň. Ýaşlarda wideo bolmasa, birhili ahyryn. — Mämmet, wideo getirip ber, Atageldä! — Düşegem bir meniňki bolsun diýer ýaly däl. Hemmesi arzan baha fabrik halysy... — Aýjemal, sen indi gürleme. Bir zat aýtdyň, wideo diýdiň. Bolýa diýdik. Indi başga gürlesin. Başga gürlejek barmy? Atageldiniň baýry gelnejesi gürledi: — Atageldi ýaly körpe ogluň öýi elin haly bolsun ahyryn. Ýok bolsa aýdyň, biz getireli. — Ýok, gelin, siziň toýa getiren mallaryňyz ýeterlik. Toýy diňe siziň mallaryňyz sowdy. Yrym üçin öýden diňe bir toklyny zordan soýdurdym. Siziň aýdanyňyz bolsun, dört sany dörtlük el halynam alyp bereris. Mämmet, oglum, belläber, puluny menden alarsyň. — Dörtlük haly bilen içi bitmeýär onuň. Oňa altylyk halydan alty sanysy gerek. — Bar, gelin, seniň aýdanyň bolsun. Başga kimiň näme diýjek sözi bar? — Şu ýaşdan soň saňa maşyn sürüp ýörmek gelişmez. Maşynyňy Atageldi jana ber — diýip, Hemra aga garysyna galdy. Ol sakgaldaşy birden garşy çyksa, onuň bilen gidişmäge häzirlendi. Ýöne Kertik aga bu gezegem aňsatlyk bilen ylalaşdy. — Dogry aýdýaň, Hemra. Bu ýaşdan soň maşyn sürüp ýörmek maňa kyn düşýär. Maşyny Atageldiniň adyna geçirmekçi. Goý, maşyn Atageldiniňki bolsun. Meni islän ýerime äkidip-getirse bolýa. — Atageldi ony etmese bolmaz ahyryn. Gerek bolsa, bizem gije-gündiz siziň hyzmatyňyzda, kaka. Sizi hor etmeris. Gaty arkaýyn boluň. — Men arkaýyn-la, sizden, ogullarym. Sag boluň. Toýy gül ýalak geçirdiňiz. Dogrymy aýtsam, Atageldiniň toýuny görüp bilmän ölermikäm diýibem gorkdum men. Indi Atageldi jany illendirdim. Özem dessanlardaky ýaly söýüp-söýlüp myradyna ýetdi. Bagtlary açyk bolsun! — Aý, bu zat paýlanyşygy-hä gyzyk bolmady. Kertik näme diýseň bolýa diýip dur. Mämmet bilen Oraz aýrylyp çykanda gyzyk bolupdy — diýip, Hemra aga nägile boldy. — Aýjan, bu çalyňdan-a hezil beren ýok. Hany, siz başlaň öz göreşiňize. Şoňa seredip hezil edäýmesek, boljak däl indi. Aýallar bu söze garaşyp duran eken. Derrew öz dessuryna girişdiler. Aýallaryň tomaşasy üýtgeşik. Ýöne erkek kişi ol tomaşanyň içine girip seredip bilenok. Köp zatlary erkek kişiler görmän galýar. Hana, gelin-gyzlaryň ählisi turupdyr. Ajan ejäni bir düşegiň üstüne mündürdiler. Düşegiň her burçundan tutup, üwräp ugradylar. Aýjan ejäniň gujagynda bolsa körpeje agtygy. Görgülini üwräp elem-tas etdiler. Aýjan eje kä arkan ýykylýar, kä ýüzin ýykylýar. Onuň bar gorkusy çagajygyň bir ýeriniň agyrmazlygy. Daşyny gallap duran gelin-gyzlar gülüşenlerinden soň, çagajygam gorkmalydyram öýdenok. Gaýtam hezil edinýär. Hawa-da, çaga hezillik bolsa bolany. Gyz-gelinler Aýjan ejäni düşekde üwräp, täze maşgala bilen garyşyp-gatyşyp gitmegini dileg etdiler, yrym etdiler. Erkek kişiler gyz-gelinleriň gülkülerine syn edip otyrlar. Bu gün körpe inisiniň toýunda Senem başlyk gaty eçiljek bolarly. Iki gujak serpaý-senet getirdi. Ol getirilen zatlar gelin-gyzlara ikiden-üçden paýlansa-da ýetjek. Gelin tarapdan gelen saýyrdyň-saýyrdyň gelinler bilen Atageldiniň gelnejeleri güýç synanyşýardylar. Şeýle bir göreş tutmaga başladylar, şeýle bir şowhun-şagalaň boldy. Giň jaý şowhun-şagalaňa ýöne çaýkanyp durdy. Atageldiniň gelnejeleri juda bir ýykjak bolup duranokdylar. Olar däp boýunça asgyn gelen bolýardylar. Esasy zat, gelen myhmanlara köpräk serpaý bermekdi, olaryň göwünlerini awlamakdy. Erkek kişiler olaryň tomaşasyna seredip oturmagy birhili görendir-dä, turmak bilen boldular. Derkar ýegen daşarda duran Atdanyň ýanyna geldi-de, ýöne seredip dur. — Daýy, walla, gara çynym, sen zor-aý. Bagtym gelnejem edil hindi kinolaryndaky ýaly owadan. Meniň saňa, dogrym, gözüm gidýä. — Senem Bagtym ýaly owadan gyza öýlenersiň. — Atda, hany, men seni bir gujaklaýyn-la! — Gel, gujaklaşaly! — Atageldi bilen Derkar ýegen gujaklaşdylar. — Bagtly bol, daýy. — Sag bol, Deýkaý jan. Hemra illew Atdanyň egnine kakdy: — Atda jan, maşyny saňa men alyp berendirin. Ýadyňdan çykaraýmagyn. • On sekizinji kyssa • YŞKYŇ KEŞBI Bir mahal Atageldi aýnanyň öňünde durup, Bagtymy göz öňüne getirerdi. Özem ýöne bir getirmegem däl, ony kürtäniň aşagynda eda bilen ýöräp barýan görnüşde göz öňüne getirerdi. Gelin-gyzlaram ony gallap, ýörärdiler. Atdanyň aýnada gören hyýaly bu gün hakykat boldy. Ine, Bagtym bu gün Kertik agalaryň howlusyna aýratyn ýaraşyk berýär. Ol kürte atynyp, daşarda gyz-gelinler bilen gezmeläp ýör. Ýok, ol salama barmaga garaşýar. Soň gelin-gyzlar bilen goňşy öýlere bararlar. Goňşularyna salam berer. Goňşular hem Bagtymy maňlaýyna sylarlar, salamyny alyp, serpaý ýapyp goýbererler. Ýöne häzir ilkinji dessur ýerine ýetirilmeli. Häzir ony salama çagyrarlar. Ol gaýynatasyna ata-baba gelýän dessura görä egilipjik salam berer. Ol gaýynagalaryna hem egilipjik salam berer. Çagyrylýança içerik girmek bolmaýar. Entek onuň içeri girip salam bermegi, salam beriş dessurynyň geçirilmegi üçin edilmeli birgiden zatlar bar. Birgiden aýal-ebtat şol dessuryň ýerine ýetirilmegi üçin gerekli zatlary taýynlamagyň ugrunda. Ähli zatlar taýyn bolýança Bagtym gyz-gelinler bilen howluda garaşmalydy. Ýok, kim näme diýse, şony diýsin. Türkmene köne din diýmek bolmaýar. Ýok, türkmen aýal-gyzlara baý-feodal göz bilen seredipdir diýmek bolmaýar. Türkmenler aýal-gyzlaryny biçak söýüpdirler, ýürekleriniň törlerinden orun beripdirler, özleriniň iň gowy görýän zatlaryny aýal-gyzlaryna beripdirler, ýoguny bar edip, aýal-gyzlaryny owadan-owadan geýindiripdirler. Ýok, dünýäniň ähli erkek kişilerini bir ýere ýygnasaň, ählisi hor bolup, dünýäde iň owadan aýal-gyzlaryň egin-eşikleri, şaý-sepleri diňe türkmen gelin-gyzlarynda bar diýerler. Hor bolup, dünýädäki iň owadan gelin-gyzlar türkmenlerde bar diýerler. Eý-ho! Bu owadanlygy görmäge iki göz azlyk edýär! Giň howlynyň içinde älemgoşar gezip ýören ýaly. Giň howlynyň içinde bir topbak ýazyň gül-gülälegi bark urup durana meňzeýär. Olaryň mylaýymdan mylaýym, süňňüňi bogunma-bogun söküp barýan seslerine, gülkülerine näme diýjek?! Zybanyňa söz gelmän, ýöne aňkarylyp seredip durmak galýar. Atageldi han daş çykypdyr. Ol gözel gelin-gyzlardan gözüni aýryp bilmän dur. «Her bir halkyň ruhy keşbini şol halkyň gelin-gyzlarynyň geýnişlerinden, gözelliklerinden görüp-duýup bolýar» diýip, Atageldiniň kellesine filosofik pikir geldi. Bu kimiň pikiri bolmaly? Nisşäniňkimi? Şopengaueriňkimi ýa Şpangleriňkimi? Atageldi hakydasyna getirip bilmedi. Kimiňki bolanda näme. Gep häzir şonuň kimiňkidigindemi? Ol diňe Bagtymyň özüniňkidigini magat bilýär. Ine, iň esasy zat. Galan zatlar kimiňki bolsa, şonuňky bolsun. Onuň gözüne bu gözellik ýalan ýaly. Ol janyny barlamak üçin gygyryp goýberdi: — Bagtym!.. Bagtym sägindi-de, bir enaýy bakyş bilen ullakan ala gözlerini Atageldä dikdi. — Bagtym!.. Bagtymyň daşyna egele bolup duran gyz-gelinler nämedir bir zatlar aýtjak bolup, onam nädip aýtjagyny bilmän alakjap duran Atageldä kinaýaly seretdiler. Käbiri onuň bolup durşuna gülküsi tutup, pyňkyryp goýberdi. — Eýýäm, içiň gysaýdymy, oglan? — Hemra illewiň gyzy Leýla Atageldini utandyrmakçy boldy. Eý, Hudaý jan, Bagtymyň bagtdan doly ullakan ala gözlerine sähelçe gaýratyňyz bar bolsa serediň-ä! Ýok, ol ullakan mähirli, owadan gözlere seredip durar ýaly däl, göni tükgerdäýjek ol gözler. Ol gözleriň öňünde Atageldi ýaly türkmeniň är-är ýigitleri durup bilýär. Ol gözlere gapdaldaky gelin-gyzlar hem jadylanypdy. Olar hem assyrynlyk bilen Bagtymyň gözlerini, owadanlygyny synlaýardylar. Şeýle owadan gyzyň Saganaly obasyna gelendigine, obanyň gözelliginiň artandygyna öz ýanlaryndan monça bolýardylar. — Atageldi jan, sen bu gelniňe gazanyň garasyny çalaýsana — diýip, Atdanyň kiçi gelnejesi ýürejigini aýtdy. — Ýogsam Bagtym jana göz degermi, nädermi. Bu pikir Atageldä makul boldy. Ýöne onuň ýüzüne gazanyň garasyny çalsaň, bu mahal gelşiksiz boljak. Onsoňam, diýeli, häzir gazanyň garasyny ýüzüne çaldyňam-da. Ertir näme? Birigün, soňkusy gün näme? — Bagtym, ýüzüňi ýap! Hiç kim görmesin! Adamsynyň aýdanyny etmese, onda ondan türkmen gelni bolmaz. Türkmen gelni üçin adamsynyň her bir sözi kanun ahyryn. Türkmen gelinleri ärleriniň sözlerine kaýyllygy bilen owadan ahyryn! Bagtym ýaşmagyny ýokarrak çekdi. — Atageldi-hä gelnini bizdenem gabanýa oguşýa — diýip, gyzlaryň birisi nägile boldy. — Ýüwürjim, sen indi Bagtymdan gözüňi aýryp bilmän durma-da, içerik gir, ýogsam gepe galarsyň — diýip, Atageldiniň gelnejesi janykdy. Atageldi gitse-de gitdi welin, yzyna garaý-garaý gitdi. Atageldi guş bolup jadyly aýnasynyň öňüne bardy. Dylym-dylym edýär. — Syrdaş jan, ah-ow, syrdaş jan. Maňa bir seret ahyryn! Meniň bagtym ýüzüme çykypmy? Syrdaş edil buludyň içinden çykan dek peýda boldy. Ol bir salym Atageldä tiňkesini dikip durdy-da, syrly ýylgyrdy: — Sen nä ýylgyrýaň? Özem, näme diýseňem, seniň öňküligiň-ä ýok. Ýylgyryşynam halamok. — Men saňa näme diýeýin. — Syrdaş boljak bolsaň, ýürejigiňi aýt. Menden syr saklajak bolsaň, onda senden syrdaş bolmaz. — Jyzlanyň ömri diýip eşitdiňmi? — Eşitdim. — Öýlänçi diýip eşitdiňmi? — Eşitdim? — Hak aşyklar ýedi ýyldan soň maksat-myratlaryna ýetýärler diýip okapmydyň? — «Mus-muslaman», göni Mustapa diýeniňde bolanokmy, ä? — Başlyk jan, ýedi ýyl diýilýän möhlet bir ömür. — O nähili ömür? — Sen maňa sorag berme-de, sözümiň ahyryna çenli diňle. Dessanlarda diýilýän ýedi ýyl yşk iň soňky menzil. Allatagala yşky bendesine ondan uzak berenok. Ýedi ýyl yşk berýän bolsa, şol Allatagalanyň seni juda ezizledigi. Yşky ähli kişä beräýenok hem. — Allatagala diňe ezizlän, gowy gören adamlaryna yşk eçilýär diýýäňmi? — Biz «Ýagşy adam, ýaman adam» diýip, adam ömrüniň hiline baha kesmäge öwrenip gidipdiris. Ýöne men bolsam-a beý diýip däl-de, ýagşy adam diýmäge derek yşga düşen adam, ýaman adam diýmäge derek hem yşga düşmedik adam diýip adamlary iki topara bölerdim. Sebäbi yşga düşmek ukyby — ýagşylyk etmäge ukyply adam diýmek. Yşkdan mahrum galmak bolsa ýagşylyga, haýra adamyň zandy boýunça ukypsyzdygyny görkezýär. — Sen filosof bolaýma?! Syrdaş Atageldä nägilelik bilen bakdy-da, pikirini dowam etdirdi: — Ýüregi yşksyz kişi ruhubelentlikden binesip bolýar, kalby bigörk, betnyşan bolýar. Köne şahyrlarymyz şeýle adamyň köňlüni gaty daşa meňzedipdirler, ýaşaýşyň baky çeşmesini — suwy daşyň üstüne näçe guýsaňam, onda ot gögermeýär. Yşga düşen adamyň ruhy — bereket çeşmesi. Ol haýra-da, gözellige-de, döredijilige-de ukyply bolýar. Islendik şer, islendik erbetlik dirilige hem ýaşaýşa kast edilmegi bolup durýar. Kalby yşkdan doly kişi asyl erbetligiň, ýamanlygyň köçesindenem geçmez... — Eý, Syrdaş jan, nätdiň-aý sen? Gutarsana tükezzybanyňy. Maňa garaşyp durlar-how. Men seniň ýanyňa birje minutlyk begenjimi paýlaşmak üçin geldim. Senem maňa takal okaýaň. — Adam ömrüne ýaşlyk-garrylyk diýip baha kesýäris. Bu ýalňyş. — Açyş edäýjekmi? — Adam ömrüni üç bölege bölmeli: — yşga çenli ömür; — yşkdaky ömür; — yşkdan soňky ömür. Adamyň ruhy taplananlygyny, kämilligini ahyrky netijede garrylyk — juwanlyk kesgitlemeýär. Döretmäge ukyplymy ýa-da ukypsyzmy — ine, kämilligiň baş ölçegi şu bolmaly. — Seniň samahyllamalaryňy diňläp durmaga meniň wagtym ýok. Men gitdim. Soň bir gün arkaýynçylykda men seni diňlärin. Düşünýäňmi, boş wagtym sen tä ýadaýançaň gürle, men saňa hiç zat diýmäýin. Maňa garaşýarlar. Men gitdim, çaw! — Maňa ýene duşjakdygyňa ynamyň-a bar. Ýöne duşuşygyň bolmajakdygy barada oýlanmansyň-ow. — Näme, bir ýere gitjek bolýaňmy? — Indi men seniň içiňe girjek. — Samsyk gürlemesine, Syrdaş. — Sen meni tanamansyň-ow, Atageldi? — Sen meniň syrdaşym. Ýa sen başga birimi? — Men — seniň yşky meniň. — O nähili yşky meniň? — Görýäňmi? Düşüneňok. Men saňa düşündirjek bolýan. Men seniň bilen hoşlaşyp durun. Seniň bu zatlar perwaýyňa-da däl. — Ýok, ýok. Syrdaş jan, hiç ýerik gitme. Meniň seniň bilen entek etjek gürrüňlerim kän. Özem iň esasy isleýän zadym näme diýsene?! — Näme? — Men seni Bagtyma görkezmek isleýärin. Sen maňa Bagtymy tapyp berdiň ahyryn. Seniň hyzmatyň uly. Bizi sen duşurdyň. Indi ikimiziň bileje durandygymyzy ýem bir görsene. Men seni onuň bilen tanyşdyraýyn. Soň nirä gitjek diýseň, gidäý. Sen ýöne maňa garaşmaga söz ber. — Bolýa, garaşaýyn. Bar, adamlary garaşdyrma onda. — Eý, nägile bolmasa. Ýüzüňi sortduryp galsaň, ol ýerde meniň keýpim bolmaz. Sen maňa beled-ä! — Öýerip berenim azmy? Indi men saňa ýylgyrybam bereýinmi? — Ine, bu degişmäň, bu ýylgyrmaň bolýa maňa. Atda daş çykdy. Içerde hiç kim galmady... SÖZSOŇY ýa-da romanyň gahrymanlarynyň üç-dört ýyldan soňky durmuşy Mundan sekiz asyr owal türkmeniň iň soňky döwletiniň — Soltan Sanjaryň imperiýasynyň synmagynyň sebäbini taryh bu gün ýüze çykardy. Ýazyň gelmeginiň buşlukçysy garlawaçlar bolsa, döwletiň synmagynyň buşlukçylary hem döwletiň içinde palçylaryň, gurrandazlaryň, tebipleriň köpelmegi eken. Soltan Sanjaryň döwletiniň ýykylar-ýykylar uçurlary hem gurrandazlar, palçylar, öňdengörüjiler, tebipler biçak köpelipdir. XX asyryň segseninji ýyllarynyň ahyrynda palçylaryň, ekstrasensleriň, tebipleriň köpelmegi SSSR-iň tozjagynyň alamaty eken. SSSR synyp, türkmen halkynyň bagty açyldy. Ýurdumyz Garaşsyzlygyny aldy. Türkmen öz ýurdunyň, öz topragynyň eýesi boldy. Saganaly obasynyň adamlary hem bagta ýetdiler. Olaryň köpüsiniň durmuşynda uly ütgeşmeler bolup geçdi. Gürrüňi ýaşkiçiden başlaýyn. Derkar ýegen ir ýigit çykdy. «Orta Aziýadaky, Ýaponiýadaky, Hindistandaky iň owadan gyz, ony sypdyrmak külli günä» diýen gyzyndan — özünden biraz uly Gözelden edil özüne meňzäpjik duran oguljygy dünýä indi. Eýýäm ol sekiz ýaşady. Olar ogluna Atda diýip at dakdylar. Senem başlyk agtyjagynyň adyny has anyklaşdyrdy. Ony «Tapaganja janym» diýip elinden düşürenok. Gaýyp başlygy işden çykardylar. Ol işden çykansoň, onuň ýerine bellenen täze başlyk baý kolhozy talady. Barybir, gutaryp bilmedi. Şondan soň ony işden aýryp, ýene Gaýyby öňki işine bellediler. Ol işe berlen adam. Senem başlygyň sözleri bilen aýtsam, «Gaýyp başlygyň öýem, çaga-çugasam işi. Aňynda obanyň aladasyndan başga hiç zat ýok». Hemra illew bilen Kertik aga gözlüje ýaşyt. Ýöne ikisine ýaşyt diýer ýaly däl. Hemra illew halys garrapdyr. Agyr göwresini üç-dört minutlap, garrylyk «hyk-çoky» bilen yhlas etmese göteribem bilenok. Indi onuň oturan ýeri özüniňki. Huşy hem biraz könelipdir. Aýak üstündekä dünýäň zady gözüne az görnerdi. Ýanyny ýere berdi welin, indi oňa hiç zadam gerek däl. Hars urmanynda-da aç ölünjek däl eken diýip geňirgenip aýalyna gürrüň berýär. Asyl, adama rahatlykdan başga hiç zat gerek däl eken. Baýlygyň albaýyna kowalaşyp, ömür pellehanasyna ýetipdir. Ýalňyş ýaşapdyryn diýip Hudaýyň beren her gününde üç-dört gezek gaýtalaýar. Eger Allatagala Mollanepesiň arzuwlan bir ýyl mes ömrüni berse, ol ýetmiş dört ýyllap gazanan barja bagtly gününi bermäge razy. Diňe bir öz öýündäki baýlyklary däl, ogullarynyň öýlerindäki baýlyklaram bermäge razy ol. Ýöne Allatagala Hemr illew bilen beýle alyş-çalyşly söwda gidenok-da! Onuň Kertik jalaýa («jalaý» lakamyny onuň özi ýokka aýdýar, eger Kertigiň ýanynda aýtsaň, ol örän ýokuş görýär) sered-ä! Kim oňa ýetmiş dört ýaş berer. Garrajaga meňzänok ol. Oňa elli ýaşdan geçen kişi diýerler. Kertik aga garramaýşynyň sebäbini özüçe düşündirýär: «Men keýwanymy alyp gaçypdym. Biz birek-biregi söýdük. Bizi garratman ýören söýgi. Söýýän ýürek garramaýar» diýýär. Heý, bu ýaşdan soňam bir söýgi bolarmy?! Hemra illewiň ýeke bir arzuwy bar: «Keýwany, menden öň gidäýmegin. Meniň aşymy-suwumy berip, soň baryber. Men ýeriňi hiç kime bermerin» diýýär. Bu Hemra illewiň degişmesi däl. Aýaly ölse gününi görüp bilmejegini bilip dur. Aýalynyň ornuny ogul-gyzlarynyň tutup bilmejegini bilip dur ol. Onuň ýaşaýşy bolsa, häzir diňe aýalyna bagly. Kertik aga aýalyna ajy söz diýen adam däl. Ýöne maýda iňirdisiz welin, oňup bilenok. Keýpiniň kök wagty Kertik aga aýalyna şeýle diýýär: «Keýwany, menden ärim aýagyny gyşyk basýandyr diýip, göwnüň kän garaldy seniň. Nähak güman etdiň. Men saňa ikilik etjek är däl-ä. Ynanaý, Aýjan, men saňa hyýalymda-da ikilik eden däldirin». «Türkmen erkegiň ikiligini ikilik hasaplanok. Oňarmansyň, çal, käte bir aýagyňy gyşyk basaýmaly ekeniň. Näme etseňem, men seniň halal ojagyňy saklap oturjag-a». «Bilýän-le, Aýjan. Senden razy men. Şonda-da Alla kessin, saňa hyýalymda-da ikilik eden däldirin». Öň hojalygyň ähli keşigini Aýjan eje öz gerdeninden geçirerdi. Indi onuň bu zatlara deramaty ýok. Etjek diýäýende-de, ot ýaly gelni bar. Hudaýa şükür, ol gaýynenesiniň elini sowuk suwa urduranok. Gaýynatasynyňam, gaýynenesiniňem, ejesiniňem göwünlerinden turýar. Olaryň iýjegini öňlerine eltip berýär. Çaýdan kem edenok, eşiklerini hem ýuwup, arassaja saklaýar. Garrylar gelinlerinden örän hoşal. «Körpe oglumyz özüne ýanýoldaş saýlap bilipdir» diýip, beýleki gelinleriniň ýanynda minnetdarlyklaryny aýdýarlar. Gelinler seslerini-hä çykaranoklar welin, körpe gelniň öwülmesini juda bir halabam baranoklar. «Körpe gelniňiz gözüňizi baglapdyr siziň. Diňe onuň edýän işlerini görýärsiňiz. Ýogsam bizem-ä az hyzmat edemzok» diýip hüňür-hüňür edýärler. Kakowyň tabydyndan tyllanyň çykmagy, hyýalynda aşyk bolan söwer ýary Bagtygüle öýlenmegi bilen Atda tapagyň tapaganlyk ukyby gutardy. Ol hem edil beýleki adamlardan birjik-de parhlanmaýan adama öwrüldi. Ýöne onuň tapaganlyk ukybynyň aýrylanyny özünden başga bilýän adam ýok. Özünden başga diýenimde, «özüne» söwer ýary Bagtym hem degişli. Özünden başga diýip aýtmagymyň sebäbi bar. Bagtym bilen Atda bir adam. Olary ikä böler ýaly däl. Ýüreklerini ýarjak bolsaň, bu ikisini biri-birinden bir günlük aýra salaýmaly. Ýöne, Allajan, olary hiç kim aýra salmasyn-da! Ýöne tapaganlyk ukybynyň gidenine biraý geçensoň, Atdanyň keýpi gaçdy. Ol ýene köp zatlary tapasy, adamlary begendiresi geldi. Kakowyň yhlasynyň gowuşmagy bilen tapagan bolan Atdanyň ýene tapagan bolasy geldi. Söwer ýarynyň perişanlygyny Bagtygül duýup dur. Oňa düşündirmek gerek däl. Ol adamsynyň ähli içki ahwalatyny duýup ýaşaýar ahyryn. Adamsynyň ýürejigini, küýseg-telwasyny bilmeýän uzyn eteklä aýal diýmeli däldir. Bagtygül Atda janyň göwnüni tapjak bolup her işler edip gördi. Dürli-dümeni öňünde goýdy. Tagamlydan tagamly naharlar bişirip iýdirdi. Öýlerinde häzirem aňyrsy görünmän duran baýlyk ýok welin, ýöne Atageldiniň ýylgyrmagy, göwnüniň açylmagy üçin ol öýüň içindäki ähli zadyň ile paýlanylmagyna garşy däl. Öýüň goş-golamynyň ýeter-ýetmez kişilere paýlanmagy bilen Atageldiniň göwni göterilýän bolsa, onda öýde diş synçgara ýeke çöpem goýman adamlara paýlamaly. Atageldi bolsa indi zat tapmag-a beýlede dursun, hakyt eliniň aşagyndaky zatlaram görmän, basga düşüp ýör. Käte elindäki zadam «Nirede goýdum?» diýip gözläp ýör. Atdada tapaganlyk ukyby galsa-da, tarhandökerligini, elaçyklygyny welin, Bagtygülem goýduryp bilmedi. Hemra illew Atdanyň haçan aýlyk alýandygyny Bagtymdanam gowy bilýär. Şol günem ýarawlygy bolmasa-da, hasasyna agram salyp, ýolda Atdanyň gelerine garaşmaga başlaýar. Hemra aganyň näme üçin oturandygyny Atda-da bilýär, beýlekilerem. Şu häsiýetiňi goý diýip, ol görgülä näçe töwella etdiler. Ölýänçä Atdanyň mürtüni iýjegi onuň gara çyny. Aýaly görgüli ony süýrekläbem öýüne saljak bolýar. «Atda, hiç zat berme bu garry göherde, ynsap ýok munda!» diýip, jöwlan urmak jöwlan urýar. Peýdasy ýok. Atda-ha bermese rahatlyk tapanok. Hemra aga-da almasa rahatlyk tapanok. Aýlyk alnan güni iki kişi maksat-myradyna ýetýär. Serwerimiz bu iki kişini hakyt biri-biri üçin ýaradan ýaly bolup dur. Atdanyň rysky Hemra aga bereni bilen egsilenok. Hudaý berende berekedi egsilmeýär. Bendesi berende soňy görünýär. Serwerimiz garynjanyň bilini bilip daňypdyr. Serwerimiz Atageldini bilip elaçyk edendir. Atageldiniň sahylygy — Allanyň sahylygy. Gorbaçýow ýetmiş ýyllap dargadylan-pytradylan zatlar zaýa bolmasyn diýen niýet bilen baýaň diýen eken. Adamlar derrew aýaga galdy. Meýdanda bir çöp ýatanam bolsa, ýygnadylar. Atda tapagyň yzyna düşüp ýygnadylar, ýeke bolup ýygnadylar, diş synçgara çöp goýman ýygnadylar, indi tapara zat ýok. Öň bütin sowet halky tapagan bolupdy. Sähel üşügiň bolsa zat, özem gerekli zat tapyp bolýardy. Hawa, hawa, sowet döwründe her bir sowet raýaty Atda tapaga öwrüldi. Halkyň baýlygy köçä zyňylypdy. Indi döwür-döwran üýtgedi, Hemra illewiň diýeni boldy: Atda häzir etrabyň ýol gurluşyk edarasynyň naçalnigi. Ýöne, barybir, oňa naçalnik diýip ýüzlenýän ýok, oňa Atda tapagan diýýärler. Atdanyň zamany geldi. Onuň zähmetine, başarnygyna hökümet mynasyp baha berýär. Ol ýürekden işleýär, ýürek bilen ýaşaýar. Ol bosagasyndan baýlyk, döwlet tapýar. Iş başarýan täze-täze pikirler, täze-täze zatlar tapýan Atageldi Kertikowiç Kertikowy Garaşsyz döwletimiz hormatlaýar. Ol «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medala mynasyp boldy. Ony il-günem hormatlaýar. Aýsoltan eje bolsa oňa Tapagan giýew diýýär. Bar-bar tapagan giýewden bar. Gaýyn giýewden razy bolsa, giýew üçin iň gowusy şoldur. Ýöne beýle razylyk ähli kişige ýetdirip duran zat däldir. Onuň üçin, Hakykatdanam, tapagan bolmaly. Eý, Hudaýa hudawende, ähli türkmen ýigitlerine gaýynlaryna gowy görünmäge güýç-kuwwat, tapaganlyk ukyp ber. Ýigitlerimizi diňe gaýynlary däl, gelinlerem, ulus-ilem gowy görsün, ylaýym! Soñy. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -27: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -7: romanyň dowamy - 16.09.2024 |
√ Dirilik suwy -4: romanyň dowamy - 27.04.2024 |
√ Duman daganda: Wezipe berilmeýär, alynýar - 16.06.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Dirilik suwy -7: romanyň dowamy - 02.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -3: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -34: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -30: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |