23:22 Tapagan -2/ romanyñ dowamy | |
Ikinji kyssa
Romanlar
• ATDANYŇ ÖZI BILEN IÇDÖKÜŞLIGI Öz-ä basmaçyly döwür bolmaly: şeýledigi gelen atlylaryň egin-eşiklerindenem görnüp dur. Üçüsem murtly, üçüsiniň murtam Göroglynyň murtuna gaýry dur diýýär. Üçüsiniňem egninde göwşüllän gyrmyzy don, ezýaka köýnek bar. Başlaryndaky seçelenip duran gaba telpekleriniň aşagyndan hiç bir zatdan heder etmeýän, tüýs türkmen diýdirýän, içiňden-bagryňdan parran geçip gidýän ýiti gara gözleri lowurdap görünýär. Billerinden sapy sünnälenip edilen gezlik bilen keseligine şeýlekin gysdyrylaýan mauzere gözüň kaklyşandan depe saçyň düýrügip gidýär. Gaba telpekleriniň gapdalyndan bäşataryň ajal ysly nili garalyp, göreniň howuny basýar. Telpekleriniň, murtlarynyň reňki meňzeş bolansoň, ol ikisi bitewi bir başgap ýaly görünýär. Atlylar gaty hüşgär. Birden garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykaýdygy darkaşa girmäge häzirdiklerini soragly nazarlaryna gözüň düşenden duýup bolýar. Üç atly obanyň darajyk gumsalt ýolundan gidip baryşlaryna, göräýmäge, diňe ýöräp barýan ýoluna seredýän ýalydylar. Hakykatynda bolsa, diňe öňe seredýän nazarlary durşy bilen hüşgärlige öwrülip, diňe iki tarapyndaky biri-birine meňzeş çatmalary synlamak bilen oňman, yzlaryndaky ýagdaýy hem bütin durky bilen duýup barýardylar. Bu mahal olaryň diňe dideleri däl, on iki synasy durşuna göz didewanyna öwrülipdi. Haýsy bir egni gysyk gara öýden birgiden maňlaýlary gyzyl bäş ýyldyzlylar çyksa çykaýmalydy. Ýöne maňlaýy gyzyl matadan edilen bäş ýyldyz bäşatar, mauzer üçin gaty amatly nyşana diýen pikir atlylaryň aňlaryna juda berk ornapdy. Olar öýleriň daşyny däl, gidip baryşlaryna öýleriň içlerini hem parran görüp, öýüň içindäki adaty durmuşy synlaýardylar. Öýleriň içindäki dürli ahwalatlaryň ýekejesi-de olaryň ünslerini çekip bilenokdy. Beýleki öýlerden hiç babatda tapawutlanmaýan daş-töweregi ýaňyja syryp-süpürilen gara öýüň deňinde atlaryň ilki biri saklandy, soňam yzky ikisi. Atlylar biri-biriniň ýüzüne äňedişdiler. Ýeke bir agyz sözleşmänem düşünişdiler. Ätiýaçlyk üçindir-dä, olar gara öýi, onuň töweregini ýene bir ýola synladylar. Rozugärine çulum adamyň öýi bolsun diýdirýän öý, gurply bolmasa-da, öýüň daşyndaky ähli zatlar rejelije goýlupdyr. Öýüň içinde bäş-alty ýaşlaryndaky agtygy bilen gözüň ýagyny iýip barýan sakgaly galkan deýin döşüni örtüp duran epeý goja tirsekläp hoşnut halda çaý içip otyr. Gapböwürde bili bükülen hor, garryja kempir öýüň iki erkek kişisiniň aman-esen owkat edinip bolaryna garaşýar. Ol öýüň erkek kişilerine nämedir bir zat gerek bolsa, salymyny bermän ýetirmäge taýýar. Erkek kişilere gerekli zat ýok, iýip-içer ýaly ähli zat saçagyň üstünde ahyryn. Agtyjagyň päkize ýüregi karar tapanok: — Ene jan, gel-dä, senem çaý içiber-ä. — Bolmaz, balam, bolmaz. — Bolman näme, iýiber senem. — Ilki siz iýip boluň. Sizden galanam bor maňa. Birden gerekli zadyňyzyň bolmagy mümkin. — Bize hiç zadam gerek däl. Hemme zadymyz bar. — Öz aýdany bilen enesiniň tötege el uzatmajagyny aňan oglanjyk atasyna delmirindi. — Ata, enemem biz bilen naharlanaýsyn-da. — Aýal maşgala erkek kişiler bilen saçak başynda otursa, aýyp bor, ballyja. — Enem-ä ol, enem-ä. — Eneň aýal maşgala-da, ballyja. — Bolanda näme! Enem biz bilen naharlanaýsyn-da, jan ata. — Obada üstümizden gülerler. Sen entek iliň ýaňsysynyň nähili ajy bolýandygyny bileňok. Ýogsam, näme, eneňi ataň gowy görmeýändir öýdýäňmi. Eneňe men janymy ynanýan ahyryn. Ýurtdan çyksaňam, ilden çykma diýlenligi üçin özüme zor salyp saklaýan bu dessury. — Jan ata, enem aç oturmasyn-da. — Ynha, ikimiz naharlanyp bolarys welin, soň seniň eneň naharlanar. Sähel gijräk naharlanany bilen hiç zat bolmaz. Men seniň bilen naharlanyp otyryn-a. Birden seniň bilen naharlanyp oturanymy görselerem halamazlar. Ata-baba gelýän düzgün şeýle. Ilki öýüň eýesi naharlanmaly. Soň çagalar, çagalardan soň aýallar naharlanmaly. — Ata jan, hiç kim görmez, enemem biz bilen çörek iýäýsin-dä. Daşardaky atlylar goja kömege ýetişdiler: — Biziň bilen habarlaşyň-how. Daşardan ses eşiden oglanjyk ylgap daş çykmakçy boldy. Garry ene ony hazzar saklady. Birhaýukdan goja daş çykdy. — Bir çäýnek çaý berermiň, ýaşuly? Atlylaryň ikisi içeri girdi, biri atlary saklamak, daş-töwerege göz-gulak bolmak üçin daşarda galdy. Atlara ýüklenen ýük daşarda goýup içerik giräýer ýaly ýük däldir-dä. Oglanjyk ilki atasynyň ýanynda myhmanlara seredip otursa-da oturdy welin, soň onuň içerde içi gysdy. Gelenleriň seslerini çykarman, biri-birine örän ýakyn oturyp, howlukmaç çaý içmeleri gyzykly däldi. Ondan daşardaky atlara seredeniň gowy ahyryn. Oglanjyk daşary çykyp, üsti ýükli atlary synlady. Egni tüpeňli nätanyş bilen gürleşesi geldi. Olaryň nireden gelýändigini, atlarynyň üstündäki ýüküň nämedigini, egnindäki myltygyň atylýandygyny ýa atylmaýandygyny bilesi geldi. Ýöne nätanyş oglanjygyň soraglaryna oňly jogap bermedi. Atlaryň ýanynda duran kişi bilesigeliji oglanjyga goltugyndan çykaryp guşjagaza meňzedilip daşdan ýasalan jürlewük berdi. Özem ony çalyp görkezdi, edil guş saýran ýaly bolýar. Haýsy guşuň sesine meňzetjegini welin, teý bilmedi. Ahyr olam belli boldy. «Daşguş». Atlara garawulçylyk edýän kişiniň içerdäkiler bilen çaý içesi gelen bolmaly, ol oglanjyk bilen wadalaşdy: birden kimdir biriniň gelýändigini görseň, jürlewügiňi çalgyn, men derrew daşary çykaryn. Oglanjyk baş atdy. Garawul bir käse çaý içmek üçin içeri girdi. Oglanjygyň welin, jürlewügini çalasy geldi. Çalynmasa ondanam bir jürlewük bolarmy?! Garawul bilen eden ähdini unudyp, oglanjyk jürlewügini heziller edip çaldy. Gara öýden üç kişi ýaraglaryny gezeşip atylyp çykdy. Töweregine garanjakladylar. Daş-töwerekde bolsa yns-jyns ýok. — Näme üçin çaldyň, hiç kim ýog-a! — Gaty oňat saýraýar gerek? — Dogrudanam gaty gowy saýraýar. Biz-ä bilmändirisem. — Yzyna aljakmy? — Türkmen beren zadyny yzyna almaýar. Ýaňyja enesine atasy bilen naharlanmagy gadagan eden türkmene nägile bolan oglanjyk türkmeniň tüýdük meselesindäki tarhanlygyna guwandy. Şonuň üçinem tüýdüginiň hatyrasyna başky dessury üçin türkmeniň günäsini geçdi. Myhmanlar oglanjyga nätanyş görünmese jürlewük çalmaly däldigini öwran-öwran nygtap, ýene içerik girdiler. Guş saýratmak höwesi welin oglanjygy alas-gopas edip başlady. Onuň şeýle bir guş saýradasy geldi welin, ol ozal hiç wagt hiç bir zady şeýle güýçli islemändi. Oglanjygyň erkinden islegi rüstem çykdy: myhmanlaryň nätanyş görünmese jürlewük çalmaly däldigi hakdaky nygtamalary ýatdan çykdy. Daşguş ýene saýrap ugrady. Myhmanlar ýene atylyp daş çykdylar. Oglanjygyň atasy azmly seslendi: — Getir şol guşuňy! — Ata, senem çalyp görjekmi? Men çalyp görkezeýin. — Getir şol guşuňy! Goja daşguşjagazy daşyň üstüne batly urdy. Daşguşjagaz bölek-bölek boldy. Oglanjyk beýle-beýle bolar öýtmändi. Bilen bolsa, ol ýurtdan çykyp gaçmaga razydy. Oglanjygyň gan-petden aýrylyp durşuny gören hälki daşguş beren töwella etdi: — Sen gynanma, mende ýene biri bar. Saňa häzir şony beräýerin. Ýöne çalmajakdygyňa söz ber. Ýaňy paýrap dökülip ugran gözýaşyny saklap bilmän duran oglanjyk ýyrş-ýyrş edip baş atdy. Daşguş beren kişi atyň eýeriniň ganjygasyndan asan haltasyny dörmek dördi. Ýöne arzuw edilen ikinji daşguş tapylmady. Myhmanlaryň ynjalygy bolmady. Olar atlarynyň ýüklerini öýe saldylar. Şondan soň ýazylyp-ýaýrap çaý içmäge oturdylar. Oglanjyk, barybir, sessiz oňmady. Ýürekden söýen daşguşunyň zaryny çekip aglady. Myhmanlar çaý içip bolanlaryndan soň, öýüň ähli goş-golamyny daşary çykardylar-da, içerden gazmaga başladylar. Oglanjyk aglap-aglap gözlerini çişirip gelende myhmanlar ýanlaryndaky ýüklerini öýüň içinde gömüp, içeriniň ähli goş-golamlaryny ýene öňküsi ýaly ýerbe-ýer goýuşdyryp ýördüler. — Jigim, sen bize adyňam aýtmadyň — diýip, daşguş beren kişi oglanjygyň başyny sypady. — Aýtjak däl. — Sen gaharlanma. Geregiň guş bolsun. Ine, biz uzak bir ýere ýurt tutmaga barýas. Şondan gelenimizde, biz saňa bir guşa derek ikisini getirip bereris. Oglanjyk basym daşguşly boljagyna begenmek begendi. Ýöne onuň begenmesi uzaga çekmedi. Obanyň oglanlary bilen çekene mallaryny baýra äkidenlerinde dagyň eteginde aýylganç bir wakanyň üstünden bardy. Üç sany adamyň maslygynyň daşynda siňekler waz berýärdi. Oglanlar okdan ýaňa persala bolan kişileri synladylar. Oglanlaryň birem olary tanamady, öz obalaryndan däldigine begendiler. Oglanjyk welin, ol üç kişini tanady hem gynandy. Olar daşguş getirmeli kişilerdi. Oglanjyk indi daşguşuň gelmejekdigine gynanyp aglady. Ol atasyna dag eteginde gören zatlaryny ýüregi ýarylan dek bolup, sakyna-sakyna aýtdy. Üç kişiniň gelmejegini bilse-de, goja öýüň içine gömen bäş-alty halta baýlygyna el urmady. Ýogsam bir döwüm tötek tapman oturan uçurlary örän kän boldy. Enesi hem baýlygyň yzyndan gelinmejegini, şonuň üçin şol baýlykdan öz zerurlygyna ýaradylsa kem bolmajakdygyny ýagşydan-ýamandan bir gezegem atasyna ýaňzytmady. Är-aýal uzak ýaşasa olaryň diňe bir edýän pikir-hyýallary däl, ýüz-keşmerlerem biri-biriniňkä meňzejek eken. Oglanjygyň durmuşynda daşguşjagaz ýatdan çykmajak ýatlama boldy. Ol daşguşjagazy jürküldedip uzyn-uzyn saýradan sähel salymlyk pursadyny sähel maý tapdygy heziller edip ýatlady… Atda tapagan bu oglanjykly wakany göz atuwyna getirip oturyşyna daşguşjagazyň saýraýşyny eşiden dek boldy. Ol giň otagyň içindäki ullakan aýnanyň öňünde durup üç atlyny, oglanjygy ýene hyýalynda janlandyrdy. Bu wakanyň aňynda peýda bolmasynyň sebäbine düşünmäge çalyşdy. Bu ýakynda gören çeper filmim bolaýmasyn diýip oýlandy, beýle filmi haçan görendigini hakydasyna getirjek boldy. Ýok, bu görlen kino-ha däl. Atda şeýle epizodly kitaby ýatlajak boldy. Şol döwür hakda «Doganlardan», «Welaýatdan» başga roman okamandy. Ol iki romandaky wakalary, näçe wagt geçenem bolsa, jikme-jikligi bilen bilýärdi. Olarda beýle waka ýokdy. «Şol oglanjygyň kimligini saňa bilmek hökmanmy?» «Aý, hökman-a däl». «Atlylaryň atlaryny, oglanjygyň adyny bilmäniň üçin seni türmä basýan däldirler-ä». «Ýok-la. Kellä gelýän üzlem-saplam, alasarmyk hyýallar kän. Olaryň haýsy biri üçin meni günäkärlejek, onsoňam meni kim günäkärlesin. Kellä gelýän günä, nädogry pikirler üçin türmä dykylýan bolsa, onda adamlaryň bary perişdeleri bilen türmede bolardy. Otuzynjy ýyllaryň wakasynyň meniň aňymda peýda bolmasyna geň galaýdym. Men ol wakanyň nirede bolanynam bilemok. Öz-ä Köpetdagyň etegindäki bir obajyk. Ol adamlaryň, Hudaýyň haky üçin, biriniňem adyny bilemok». Aýnadaky Atdanyň gahary geldi: «Gaty görseňem ýüzüňe aýtjak. Bolşuň akyly ýerindäki adama meňzänok». «O gün-ä meni öwdüň. Akylly diýdiň. Sen ýatkeş diýdiň. Maňa häzirki zaman Hatam Taýy diýdiň. Seni görse, Hatam Taý hem elini göterer diýdiň. Seniň eliňem, syrtyňam açyk diýdiň. Başga-da meniň gaty köp gowy taraplarymy aýtdyň. Hemmesi ýadymda dur. Seniň ol sözleriňi Magtymgulynyň goşgularyny ýat tutan ýaly ýat tutdum-a men. Aýt diýseň, hemmesini başdan aýdyp bereýin». «Maňa gerek ýeri ýok onuň. Uzyn boýuň bar. Özem daýaw sen. Geraklam bolsa sençeräk bolandyr-da. Görogly begiňki ýalak murt goýberseň nähili bolarkan-aý?» «Murty halamok, eşidişime görä, iň züwwetdin kişiler züwwetdinligini ýaşyrmak üçin goýýarlarmyş ony. Üç sany gullukdaşymyň murty bardy. Şolar-a Hakykatdanam gorkakdylar. Murt sözüniň terjimesi men gorkak däl, batyr diýip ýalan sözlemekdir. Batyr adam batyrlygyny tekrarlamak üçin ýüzüniň gylyny ösdürip oturmaz. Adam mydama nämäni başarmaýan bolsa, şol zady tötänleýin oňaraýsa, oňardym diýip, köplenç, öwünýändir. — Atda filosof deýin gözlerini süzüp, elini edil talyplaryň öňünde leksiýa berýän dek galgatdy. «Niçik? Filosofiýamy nähili görýäň?» «Akylly ýigitdigiň ýüz-gözüňdenem bildirip dur. Men-ä saňa akademiklik at berilse-de bolarmykan diýýän. Okaňda filosofiýadan diňe bäşlik aldyň». «Akademiýa eltip, özem Moskwanyň akademiýasyna eltip, iň güýçli filosoflar bilen jedel etdirseler, birinem gürletmen». «Urjakmy?» «Urjak däl, jedelde ýeňjek. Eger islesem, Gegeliň, Kantyň pikirleri esasynda täze taglymatam döredip biljek men». «Başyňa kelleagyry satyn almasana. Yzarlajak, ýanajak köp bolar». «Ýungyň, Şopengaueriň aýallar hakdaky pelsepeleri esasynda-da taglymat döredip biljek men». «Rast, aýallar konsepsiýasyny döredip bilýän bolsaň, ömrüňi Şopengauere meňzetmän, özüňe bir gözel ýar tapsaň bolmaýamy? Ähli filosofiýaňy bir uzyn saçly ýara bagyş et. Meniň öňümde sömelip duranyňdan Hemra illew ýaly aýalyň öňünde sömelip dur». «Wah, ýürejigim bolduň, Atageldi jan. Gujagy, jübüsi boş bolmaly ýigit däl-ä men — diýip Atda «ikinji» Atda mähir bilen bakdy. — Ynansaň men durmuşda hemme zady oňarýan. Islän zadymy tapyp bilýän. Ýeriň aşagyna bir zat gömüp goýsalaram taparyn. Asmanyň bäşinji ýa altynjy gatynda bir zat gizleselerem taparyn. Çünki men tapagan. Göni tapaýýan men. Ýöne öz bagtymy welin, tapyp bilemok. Gujagymy doldurjak ýarymy tapyp bilemok. Ähli zady tapýan Atda tapagan bagtyny — söwer ýaryny tapyp bilenok diýseler kim ynanar?» «Men-ä ynanmaryn». «Ynan, Atageldi, özüme mynasyp gyz küýseýän?» «Saňa mynasyp bolmak üçin ol gyz nähili bolmaly? «Är dannan gyz ärsiz galar» diýýär ejem. Senem dannap ärden galýan gyzlar ýaly bolaýma? Ulumsylyk edip, gyzlara piçjiň atýan bolaýma?» «Nätdiň-aý, Atageldi, sen meni tanaman durmuň? Maňa beled-ä sen. Hiç wagtam ulumsylyk edemok. Mekdepde söýdüm birini. Bilýäň-ä özüň. Ýöne men onuň elindenem tutup görmedim. Ony özümiňkidir öýtdüm. Kakasy haýyna-waýyna bakman, äre beripdir. Şondan soň ömrümi müjerret geçirmeli diýen karara gelim. Owganystana gitmegimiň bir sebäbem Bahargül ahyryn. Bahargül meniň durmuşymyň baharynam, gülünem özi bilen äkitdi. Durmuşyň gyzygy, öwüşgini Bahargül bilen gitdi. Bahargül meniň aň-huşumam özi bilen äkitdi. Men indi aňkasyz mangurt ýaly bir göhert». «Ýaňyja-da keýpiň kökdi-le seniň. Näme aglajak bolýaňmy? Ýaňky samsyk diýenimi subut etjek bolýaňmy?» «Bahargül ýadyma düşse, maňa şu giň otag, giň dünýä darlyk edýär. Onsoň möňňüripler aglasym gelýär. Bahargül üçin, gör, men näçe gezek agladym. Özem seniň ýanyňda agladym. Bileje agladyk. Maňa käte: «Sen gaty biperwaý, dünýä piňiňe däl» diýýärler. Bahargülden soň dünýe perwaýyma bolup bilermi? Şahyr: «Şahyrlyk ýangyndan başlanýan eken» diýýär. Men ýangynymy kagyza geçirjek bolup durman, seniň bilen paýlaşdym, Atageldi jan. Her kim ýangynyny özüçe egisýär. Kim ýangynyny dutar çalyp egisýär, kim goşgy goşup, kim «Isgenderiň şahy bar» diýen ýaly joşgunyny guýa aýdýar. Eger sen bolmadyk bolsaň, onda meniň ýüregim darka ýarylardy. Men muny lap edip aýdamok. Gara çynymy aýdýan». «Ejizlejek bolmak saňa gelişýän däldir, Atda han. Hany, bir ýylgyr». «Bumat ýylgyr diýme, Atageldi. Owganystandan gelemsoň, ýadyňdamy, ýolda Bahargüle sataşdym». «Elbetde, ýadymda, elinde bir burny sümüklije bardy. Men-ä ony görüp tanadym. Ol öňki Bahargül däl, garry mama öwrüläýipdir-ä görgüli». «Garry mama öwrülenem bolsa, men ony görenimden tanadym. Ýüregimi pökgi deýin bökdürýän şol owadan gözleri göni ýüregime girdi. Aýaklarym saňňyldady durdy. Tahyram, Garybam, Artygam, Romeo hem, Otello hem, Perhat hem söýgülilerini mençe güýçli söýen däldirler. Men, gör, näçe gezek özümi öldürjek boldum». «Bahargülüň ýanynda masgara bolduň-laý, sen, Atda han». «Saklanyp bilmedim. «Sallah gezip ýörmän, öýlen, Atageldi. Eger isleseň, men saňa owadan, seni bagtly etjek gyz tapyp bereýin» diýmedik bolsa, aglamasam aglamazdymam. Onuň şol birmahalky mylaýym sesini eşidenimde gözýaşymyň nurbady açylaýdy. Oňa: «Indi meni bagtly edip biljek gyz bolmaz» diýjekdim. Kemligim tutup maňa hiç zat diýdirmedi. Ol bolsa, meniň hamsygyp durşumy görüp jak-jak edip güldi. Onuň gülküsi bagrymy dilim-dilim etdi. Göwün aýna diýýärler. Göwnüň aýnadygy dogry eken. Bahargülüň gülküsi daş bolup meniň göwnümiň aýnasyny döwdi. Şonda gözlerimden akan ýaşlar, gözýaş däldi. Olar döwlen göwnümiň jäjekleridi. • Üçünji kyssa • ATDA TAPAGANYŇ TERBIÝELENIŞI Her kim içerdäki zatlary paýlaşjak bolup gara başyna gaýdy. Atda gelenini bildirjek bolup birki gezek ardynjyrandan soň, öýdäkiler ony gördüler. — Ine, söwer inimiz Atda janyň özem geldi. Goý bu zatlary söwer inimiz öz elleri bilen bize elin paýlasyn — diýip, uly bir etmişiniň üstünde tutulan dek öňki lowurdap duran ýüzi bir gyzaryp, bir gögeren, mapraç Senem Aýsenem (il arasyndaky ýörgünli ady Senem başlyk) Kertik gyzy özüne göwni ýetýän aýal. Adamsy Gaýyp kolhoz başlygy bolansoň, onuň zada mätäçligi ýok. Şonuň üçin käbir ýalýagylar obada bir bolgusyzja gürrüň ýaýradypdyrlar: «Kolhozda Gaýybyň diňe ady başlyk, kolhozy dolandyryp ýören Senem başlyk». Bu zamanyň adamyna puldan-beýlekiden öň, hemme zatdan öň gybat-gürrüň gerek. Delje gürrüň tapsalar, jynazanam ertire geçirjekler. Ine, Senemiň ýanjap-ýanjap aýdýan pikiri. Jany ýanýar onuň. Ýanmaz ýalam däl. Ol-a kolhozyň adamlaryna gowusyny edýär. Adamlaram onuň gybatyny edýär. Senem adamsyna goldaw berýär. Köneden gürrüň bar-a, bir kelleden iki kelle gowy diýip, Senem hem adamsyna käbir meselede eýt-beýt diýip käte sähelçe maslahat berýär. Senem kolhozyň ähli meselesine goşulyp duranok. Ähli meselesine däl! Diňe adamsynyň sala salýan meselesine goşulýar. Onsoňam Senemiň ýanyna ol wezipe gerek, pylan meselede kömek et diýip, käte ýüzünden geçip bolmajak adamlar gelýär. Senem hem olaryň haýyşyny adamsyna ýetirýär. Ine, bar bolany! Bu ýerde näme erbetlik bar? Adamsy bilen başlyk-maşyna münüp, atyzma atyz, obama-oba aýlanýan bolsa, onda Seneme başlyk diýse-de bolar. Gaty gidýär diýip gybatyny etse-de bolar. Käbir baý-feodal garaýyşly erkekler bar. Ana, şolar gybat edýär. Aýallara baý-feodal gözi bilen seredýär. Olar aýallaryň durmuşyň manysydygyny bilenok. Entek aýallar erkekleriň gözlerine basyp, durmuşdaky öz hakyky beýik ornuny eýelärler. Ýurtda aýallaryň beýikdigine ilkinji bolup düşünen Mihail Sergeýewiç boldy. Ol daşary ýurtlara gidende hökman aýaly Raisa Maksimownany hem alyp gidýär. Bileje ýurdy dolandyrýarlar. Ýogsam, SSSR ýaly uly döwleti dolandyrmak bir erkege agyr düşjegi görnüpjik dur. Gaýybam Mihail Sergeýewiçiň ýoluny ýöredýär. Nesip bolsa, bu kada entek kanuna öwrüler. Erkekleriň aýallaryň beýikdigini boýun alaslary gelenok. Senem ýeke gezegem adamsynyň maşynyna münüp atyzlara aýlanmady. Şonda-da adamlar bolsa gürrüň edýämişler: hamala Senem-ä başlyk-maşynyň öňünde, Gaýybam yzynda otyrmyş. Senem Gaýyba görkezme berýärmiş: «Bu atyza azot beriň, bu atyza suw beriň» diýip. Gaýybam eli depder-galamly ähli görkezmeleri ýazyp otyrmyş. Elbetde, Senem oba hojalygyndan gowy baş çykarýar. Ömrüni kolhoz işinde geçirdi ahyryn. Mekdepde okaýarka-da kolhozda işleýärdi. Ol haýsy atyzyň näçeräk hasyl berýändiginem bilip dur. Adamlaryň bilgeşleýinden üns bermeýän bir hakykaty bar: Gaýyp başlyk hem gowşak ýolbaşçy däl. Ol oba hojalygyny Senemçe bilýär. Ondan hem gowy bilýär. Ol ýokary bilimli agronom. Gyzyl diplomy bar. Senem başlygyň berk ynanjy bar; haýsy öýde erkek erkek gedemligini etmän, aýaly bilen äbede-jüýje bolup, ähli işde maslahatlaşsa, şol hojalyk baý bolar. Gaýyp başlyk dagy gurply ýaşaýar. Sebäbi näme? Gaýybyň başlyklygy üçinmi? Ýok, aýaly bilen agzybir ýaşaýandygy üçin. Hudaý her hojalyga rysky aýal maşgalanyň üsti bilen paýlarmyş. Kolhoz başlygyň aýaly bolsaň, eliňden gelmeýän zat barmy näme! Kolhoz başlygynyň elinden käbir zatlaryň gelmezligi mümkin, ýöne Senem başlygyň elinden gelmeýän zat ýok. Şonuň üçinem ol elinden gelýän zadyny etdi: körpe dogany üçin iki sany üzümiň suwy ýalyjak gyzy saýlady. Kanun göterenok-da, ýogsam Senem başlyk olaryň ikisinem Atda jana alyp berjek. Hersi üçin köşk ýaly öýem gurup berip biljek. Sebäp olar eliňden sypdyrar, başga dözer ýaly däl. Özem olar obadaky iň owadan, iň edepli gözeller. Atdanyňky aňsat, ol ejekesiniň saýlan iki gözeliniň birini barmajygy bilen görkzäýmeli. Bolany. Galan zady — raýona ýaň berdirip toý etmegi, ol toýa-da raýkomyň birinji sekretaryny getirmegi, Öwezgeldi Tekä aýdym aýtdyrmagy Senem oňarjak. Özem aňryýany bilen oňarjak! Bu gün ol inisine şol iki perizadyň birini saýla diýip aýtmaga gelipdi. elindäki zatlaryny taşlady-da, körpe doganyna bakan ýöneldi: — Doganjyklarym gelipdir meniň — diýip, Atda begenen boldy. — Dary seperdim geljegiňizi öňden bilen bolsam. — Daryň özüňde durubersin, bäş-alty ýyldan soň öýlenmeli dagy bolsaň, özüňe gerek bolar, bize häzirlikçe şu alan zatlarymyz hem bolýar — diýip, gara dere batan Mämmet Mämmetgeldi Kertik ogly — 1950-nji ýylda doglan. Käri gidromeliorator, Raýwodhozyň başlygy. Puly gowy görenok, pul eliň kiri diýmegi halaýar. Ýöne «eliniň kirini» köpeltjek bolup, ertirden agşama çenli it gyrkýar. Mämmet bilen Atdanyň arasynda soňlanmaýan şeýleräk dawa bar: «Mämmet, seniň diňe eliňi däl, ýüregiňem kir baglapdyr». «Haý, samsyk inim, sen mekdepde tebigat kanunyny okamadyňmy?» «Fizikanymy?» «Eger iki sany položitel zarýad bolsa, onda toguň ýoklugy. Toguň bolmagy üçin bir položitel, birem otrisatel bolmaly. Bu Hudaýyň kanuny, Omuň kanuny däl. Meniň elim kir bolsa, ýüregim arassa bolmaly, ýüregim kir bolsa, onda elim arassa bolmaly. Iki plýus otrisatel netijäni berýär. Durmuşyň kanuny onuň şu kanunyndan başlanýar. Ýöne ony okamagy başarmaly». Kä gije daňdana çenli dawa edýärler. Mämmet inisini gowy görýär, eziz görýär. Ony öz ýoluna saljak bolýar. Atda-da oňa garşy. Ana, şonuň üçin olaryň agzalalygy şu güne çenli galman gelýär. Mämmet inisine käýinýär, käýinýär. Aý, indi urar diýip durka-da, Mämmet: «Doganjygym meniň!» diýip, Atdany berkden-berk gujaklap ogşaýar. Dünýäde dogandan gowy näme bar?! Mämmet garşysyna gidilse halanok. Oňa köpler dilewar diýýärler. Ýöne ol özüni dilewar däl-de, filosof hasaplaýar. gaty arkaýyn. — Ýitigiňizi tapaýdyňyzmy? — Dogan bolsagam tapawudymyz bar: sen-ä köçeden tapýaň, bizem içerden. Ýöne çolpyňy dolduryp duran oňaýly zat ýok. — Oraz Orazgeldi Kertik ogly — 1954-nji ýylda doglan. Ýokary bilimli. Geolog. Şäherde haýsydyr bir ylmy-barlag edarasynda işleýär. Näme işleýändigini özem, edarasam bilenok. Ýöne Orazyň bar pikiri-köçesi täzeje ak altynjy «Žiguly» edinmekde. Onam Atdanyň knişgesiniň hasabyna edindi. Indi ol maşynyndan uzaklaşanok. Bar pikiri özi. Eliniň egrisi özüne, juda baýasy gelýär. Gije-gündiz baýamagyň ýollaryny gözleýär. Kitap okanda-da, kino seredende-de, baýamagyň ýollaryny agtarýar. Eger baýamagyň ýoluny öwretjek diýse, ol paý-u-pyýada Amerika gidip gelmekdenem ýaltanjak kişi däl. Özüne bir peýdajygyň bardygyny aňsa, ýakalaşmakdanam, sögüşmekdenem gaýtjak ýigit däl. Ýöne, näme üçindir, näçe yhlas etse-de baýaberenok. Ol oba gelende hiç mahal boş gaýtmaýar. Ejesiniň saçagyndan çörekleri äkidýär welin, şähere boş gaýtmaýar. Bir görseň, şu çemçe-çanagam meňkidi diýip, gözüne yssy görnen çemçäni göterip barýandyr, bir görseň, ejesiniň aşpyçagyny göterip barýandyr. Aýjan eje şähere oglunyň öýüne baranda: «Wiý, bu zadymyz bäri düşäýipdir-ow» diýip, ýitdi diýýän zatlary öňünden ýöne kömelek deý çykyp dur, çykyp dur, içeri asyl öz hojalygy ýaly bolup dur. Oraz awtobusa berjek puluňy maňa beräý diýip, ejesiniň iň soňkuja puluny-da alyp, özi ony öýüne getirip gidýär. Aňynda puldan başga, Hudaýyň haky üçin, ýekeje zadam ýok. Atdanyň tapýan zatlarynam ol, köplenç, Atda ýok wagty maşynyna ýükläp göni alyp ötägidýär. Gysgaça aýdanyňda, Atdanyň tapýan zatlarynyň, başarnygynyň hözirini Hemra illew bilen Oraz görýär. inisini ilkinji gezek görýän ýaly, çiňerilip bakdy. — Ýoldaş komandirler, siz meniň zadymy däl-de, nätanyş adamlaryň zadyny alaýan ýaly-la? Içerdäkiler Atdanyň şu sözi diýjegini öňünden bilýärdiler, şoňa-da taýýardylar. Mämmet bilen Oraz ýaryşýan dek, gezekleşip gürlediler. Oraz diýdi: — Ol-a nätanyş kişiniňki eken, edil seniň özüňki bolsa-da, nesip etdiginden aljak. Mämmet diýdi: — Biziň üýtgedip gurmak döwrümizde kişiniň zady bilen öz zadyňa çäk goýup bilýän bolsaň, sen zor. Kişiniňki bilen özüňkiniň arasyndaky çäk bireýýäm ýitdi ahyryn, jan inim. Oraz diýdi: — Biziň öýümizde nätanyş adamyň zady bolmaz. Mämmet diýdi: — Dogry şol, biziň öýümizde nätanyş adamyň zady bolmaz. Öýümizdäki zatlar — Allanyň bize eçilen peşgeşleridir. Allanyň eçilen peşgeşini alyp bilmezlik — mahluklykdyr. Atda iki agasynyň garşysyna gitmegiň kyn boljagyny bildi. Bilse nätsin, olar bilen düşünişjek bolmakdan gaýry çäresi ýok onuň. — Öňüňizde tutup duran zatlaryňyz-a meniňki däl. Kakamyňkam däl, ejemiňkem. Olary men ýoldan tapdym. Eýelerini tapyp bilmänimden soň, wagtlaýynça öýe getirdim. Men bulary eýelerine gowşurmakçy. — Eýeleri biz-dä şu zatlaryň. Şu zatlar biziň ýitirip, soňundanam tapyp bilmän ýören zatlarymyz. Saýlap diňe öz zatlarymyzy aldyk. Bize kişiň zady gerek däl. Sen şonam bileňokmy? Mämmet Orazyň sözüne dyngy bererine mähetdel kinaýaly gürledi: — Hudaý biziň ryskymyzy köçä taşlaýar. Saňa-da tapdyrýar. Hudaý bize nesibämizi seniň üstüň bilen berýär. Biziň ryskymyzy doganlaryňa gowşur diýip, seniň öňüňden çykarýar. Ýogsam, öňüňde bu berekediň çaşyp ýatmajakdygyna akylyň ýetmeli seniň. Sen şony bileňok? Hudaýa şükür, biz zada mätäç däl. Dokuzymyzam düzüw, onumyzam. Ýöne Hudaýyň berenini almazlyk etmäli diýdik. Bu alan zatlarymyzy garyp-gasarlara paýlamagymyzam mümkin — diýip, Mämmet örän höwesek gürledi. Doganlar bar umydyny Mämmede baglap, jedelde Mämmediň ýeňmegini dileg etdiler. Mämmet bir zat diýdigi ýerli-ýerden goldadylar. Her sözüni bäş-alty gezek makullap, bäş-alty gezek hem baş atdylar. — Her zat ýitiren gelip zadyny tanap alyp gidip dur. Alkyş baryny aýdýarlar. Oraz diýdi: — Bizem şol ýitigini alyp gidýänler geldi diýip hasaplaý. Onsoňam saňa alkyş gerek bolsa, biz ony saňa eçiläýeris. Geregiň alkyş bolsun. Mämmet diýdi: — Seniň alkyşa mätäçdigiňi bilmändiris, inimbaý. Ýogsam bizem, Hudaýa şükür, birki adamça alkyş aýdyp bileris. Isleseň, ýeke-ýekeden ýa hor bolup edil şumat saňa alkyş aýdyp bereli. Özem biz gül ýalak alkyş bilýäs, hezil edersiň. — Maňa siziň alkyşyňyz gerek däl. — Hä, doganyň alkyşy ýöremeýärmi? — Ýedi ýady tutup getirip, saňa alkyş aýtdyraýaly, şuny men guraýyn — diýip, Oraz hyzmatyny hödürledi. — Maňa ýedi ýadyň alkyşam gerek däl. — Gerek däl diýme, eçilip duran wagtymyz alsaň-a gowy bor. Biz jan ýalyjak doganymyz üçin alkyş gysganjak adamlar däl. Mämmet diýdi: — Atageldi jan, gel düşünişeli, sen bizden özüňe duşman ýasanjak bolma. Bilseň, biz saňa iň ýakyn hossarlar. Biziň saňa ýamanlygymyz ýok. Ýöne açyk aýdaýyn. Seniň bolşuňy halamzok. Sen bize açyk aýt: sen indi Hudaýdanam akyllymy? — Näme diýjek bolýaň? — Görýäň-ä Hudaýam soňky döwürde hiç kime hiç zat berenok. Hudaýam Tokar magazinçi ýaly gysganç. Senden başga ile zat paýlajak bolýan ýok. Ýa soňky döwürde sen Hudaýyňam funksiýasyny ýerine ýetirjek bolýaňmy? Hudaý bermän durka, seniň ile zat berjek bolmagyňa hiç düşünip bilemok. — Wah, Mämmet jan, sen muny adamdyr öýdýäň — diýip, Oraz odandy. — Owganda mina ýarylanda akyly üýtgäpdir-ä munuň. Munuň oturmaly ýeri dälihana. Ynan-how, aýna seredip, öz-özi bilen gürleşip otyr bi. Heý, akyly ýerindäki adam aýna seredip özi bilen gürleşermi? — Oraz, sen Atageldi jana dogry düşün. Bu görgüli ýeke. Atdanyň ýaşynda ýekelik iň agyr jeza. Içi içine sygýan däldir jigimiziň. — Senem başlyk körpe jigisini ilkinji gezek görýän dek, boýdan-başa içgin synlady. — Atageldi jan, sen näme tapsaň, öýe getiriber. Biz tapan zatlaryň deregine şeýle bir üýtgeşik zat tapyp bereris welin, bütin ömrüňe bize alkyş aýdyp geçirersiň. Diňe özüňi tapagandyryn öýtme, bizem tapaganlardan. Özem biz senden gowurak tapagan. Biziň tapanymyzy duluňa geçireniňden soň, nädersiň, bir zat tapsaň, bize gowşurmak üçin ylgaberseň. Senem başlyk bu sözlerine Atda begener, minnetdarlyk bildirer öýdüpdi. Atda edil eşitmedik ýaly, Senem başlygyň sözüne ähmiýet bermedi: — Doganlar, hany, alan zatlaryňyzy alanja ýerinde goýuň. Beýdişip, gykylyklaşyp durmalyň-la. — Biz-ä gykylyk gerek däl. Bizden partiýaň talaby-da şeýle. Ähli jedelli meseleleri hiç hili dawasyz, ylalaşykly ýagdaýda çözmeli diýip, bizden talap şeýle. — Oraz bu sözleri diýse-de diýdi welin, eýýäm gaharynyň gelendigi duýulýardy. — Onda goýuň-da, alan zatlaryňyzy. — Be, Mämmediň janyndan syzdyryp aýdan sözleri, Senemiň aýdan hoş habary saňa birjigem täsir etmedi. Saňa göni aýdaýyn Atda, ýerinde goýuň diýip, doganlaryň ýüzüne gelip ýer depip durmaňa meniň gaharym gelýär. Näme tapsaň, ile paýlaýaň. Egniňdäkinem ile berýäň. Aýlygyňam öýe getirmän, ile eçilýäň. Biz näme, pislenen adamlarmy? Sen näme, bizi çagadyr öýdýäňmi? Bu zatlary alan ýerimizde goýjak bolsak, almasagam bolardy. Alanymyzda ýerinde goýmajak bolup aldyk. — Jaýyň içini tertibe saljak bolup aldyk. Sebäbi jaýyň içiniň tapyndylaryna derek janly tapyndy goýmak isleýäris. Janly tapynda ýer tapylman durmasyn diýdik. Sen maňa alkyş aýt. Orazyň diýýän şol janly tapyndysynyň ýanyndan gelýärin häzir. — Senem, çynyňmy? — Mämmet ýylgyrjaklady. — Öýlenemsoň owadan gyzlar köpelip ugrady. — Atageldä niýetleýän janly tapyndymyzyň owadanlygy üýtgeşik. Ýüzünden gözüňi aýyrman, ýöne seredip oturmaly. Onuň ýaly owadan gyzy men hindi kinosynda-da göremok. — Bä, bu sähnäniň bagty çüwse-de çüwäýer-how. Ýöne özüm-ä ärden galan juda bigörk bolsamam şuňa gelmezdim. — Oraz inisine seňrigini ýygryp seretdi. — Doganymyzyň ýigit kemi ýokdur. Munuň ýaly ýigit tapsalar, gyzlar böke-böke-de geler. — Gyzlarda akyl ýok. Şuňa durmuşa çykmaga razy bolan gyzda-ha jinnek ýalam akyl ýokdur. Gaty bigörk bolaýanyňda-da muňa durmuşa çykmaly däl-ä. Senem bolsa, o bagty ýatjak biçäre owadanam diýýä. — Oraz hyrçyny dişledi. — Haý, gyzlaryňkam aňsat däl. Bir bagty ýatan şunam söýmeli-dä! Özüne är edinmeli-dä? Aýalym mendenem zeýrenen bolýar. Şu dagy bilen deňeşdirende, men şakolad ahyryn. — Nätdiň-ä, Oraz, sen Atageldi janyň nämesini halaňok? Uzyn boýly, ala gözli, mähirli ýigit. Seni dagy bir elinde göterer. Hindistanyň bir obasynda gyzlar saýlaýan ekenler özlerine mynasyp ýary. Şo ýerde bolsa, Atdanyň üsti gyzyl el bolardy. — Mämmet ikiňizem aýalsyz galardyňyz diýjek bolýaňmy? — diýip, Oraz nägileligini ýaňzytdy. — Ýok, men hiç zadam diýjek bolamok. Ýadyma düşdi-de, aýdaýdym. Atda janyň gowy ýigitdigini nygtajak bolýan. Bilýäň, Owganystana gulluga saýlap-saýlap, iň daýaw ýigitleri alýardylar. Biziň söwer inimiz türkmeniň iň sagdyn, daýaw ýigitleriniň sanawyna düşdi. Edil Wan Damm, Şwarsneger ýalag-a biziň inimiz. Onsoň şeýle sanawdaky ýigide gyzlar näme üçin durmuşa çykmazmyş?! Ýokary bilimi bar, özem gyzyl diplomly. Atageldi jan ýaly ýigit biziň Saganalymyzda ýogam. Raýonymyzda hem ýokdur. Haýsy ýere barsam, gyzlar daşyma üýşüp, derrew Atageldi janyň waspyny ýetirmäge başlaýarlar. Şeýle bir öwýärler, şeýle bir öwýärler, heý, goýaý. Atageldi jana öz aralarynda «Wan Damm» diýýär ekenler. Şu gün eşitdim. Atageldi jan köçeden geçip gidende gyzlar huşuny ýitirýärmişler. Men käte gyzlaryň käbirine: «Bä-ä, sen-ä meniň Atageldime mynasyp taý ekeniň» diýýän welin, asyl şol gyz soň oýkanjyrap ýanymdan aýrylmasa nädersiň, maňa ýaranjak bolup gara görgüdä görgüli. — O guşkelle gyzlara biziň inimiz boşdur diýip aýtsaň bolmadymy? Boş göwrä ymsynyp ýörmesin görgüliler. Munuň göwresinden başga nämesini halajak. Hakykatçysyran bolýar. Tarhandökerliginimi? Hatam Taýlygynymy? Doganlaryna gezek gelende Gobsekliginimi? Suhan gatylygynymy? Halalsyran bolýar. Seniň hakykatyň, halallygyň özüňden başga hiç kime — heleýiňe-de gerek däl. Gyzlara-ha asylam gerek däl. Atda durmuşa çykjak gyz baryp ýatan samsyk diýip men köçelere bildiriş ýelmäp çykjak. Bir bendäni betbagtçylykdan saklap, sogap gazanaýyn. Görýän welin, başga iş edib-ä men sogap gazanyp biljek däl. — Oraz, Atageldi jana gözüň öwrenişipdir seniň. Sen iniňi doly tanaňok. — Galan samsyklyklaryny bilmäýin, bilýänimem bäş-on samsyga ýük boljak. Heý, haýsy samsyk tapan zadyny eýesine gowşurar. Şunuň ýaly owgana gidip, kellesine zeper ýetirip gelen bolaýmasa, başga hiç kim tapan zadyny eýesine gowşurjak bolup ýörmez. Men-ä ýitiren zadymy haýsydyr bir samsygyň tapyp berjegine ynanamok. Ilki bilen-ä, ýitirýän samsyk. Akylly-başly adam hiç zadyny ýitirmez. Ýitirýän bolsa bir kemi bardyr. Zadyňy ýitirdiňmi, jezaňy çek. Tapdyňmy — Hudaýyň berenine şükür et-de, aňryňa geçir. Bu saňsar bolsa köpçüligiň içinde «Kim pul ýitirdi?», «Kim gapjyk ýitirdi?» diýip, jarçy ýaly zowladyp dur. Ile-de şunuň ýaly saňsar gerek. Bir giden kişem: «Men ýitirdim-de, men ýitirdim» diýip, maýmyn bolýar. Taryhda ile zat paýlaýan bir samsyk — Hatam Taý bar. Soňam biziň mähriban inimiz Atda Taý. Hatam Taý erteki. Ol halkyň şeýle bir kişi döresedi diýen arzuwy. Durmuşda öňem, soňam mugtuna, keýpine zat paýlan adam ýok. Akyly ýerindäki adam paýlamazam. Mämmet ýaňy dogry aýtdy. Hudaýam peýwagtyna ile baýlyk paýlanok. Hudaýyň bermedigini, heý, Atda Taý berer öýdýäňizmi? Biziň inimize ne döw urdy? Ähli kişi samsyk-da, indi biziň şu saňsarymyz akyllymy? Ähli kişi bir ýaňa, bu-da bir ýaňa. Onsoň iller näme üçin beýle, men ýalňyşýan bolaýmaýyn diýip oýlanyp bolar ahyryn. Inim, aý, inim, men ilde ýok işi edip ýörmäýin diýip, heý, aýnanyň öňüne baraňda bir gezek, ýarym gezek öz-özüňe sorag berip görmediňmi? — Orazyň gahary geldi. Gürledigiçe gaharynyň gelýändigi duýlup durdy. Gözleri peträp hanasyndan çykaýarly göründi. Ol doganlaryna ýüzlendi. — Geliň, şuny ýenjeliň-laý. Şunuň edip ýören işini hiç içiňe sygdyrar ýaly däl, günäsini geçer ýaly däl. Biziň sözümizi diňlemeýän bolsa, tä diňleýänçä, mugyra gelip, siziň diýeniňiz bilen boljak diýýänçä ýenjeliň. Şeýdip, içimizi sowadalyň. Ilki men başlaýyn. Körpe jigisini jandan-tenden eziz görýän ýuka ýürek Mämmedem Orazyň sözüne garşy bolup durmady. Dymdy. Bu onuň razylygy. Galan zady Oraz oňarjak. Atdany ýençmeli. Senem Atdanyň öňüne geçip, galkana öwrüldi. — Men häzir doganjygymy duşuşyga äkitjek. Barmagyňyzam degirmersiňiz. Duşuşyk diýen sözüň jadysy bar. Duşuşyk köp-köp kişiniň ýetip bilmedik wysaly ahyryn. Duşuşyk sözüni eşiden Mämmediň ýüzi nurlandy: — Onuň ýaly bolsa, Senem, biz garaşaly. Sen muny äkit. O bagty ýatjak gyz bilen duşur. Soňundan biz erkekler bolup duşarys. — Barmagyňyzam degirmersiňiz. — Ah-ow, özüň eşidip dursuň-a, Senem, bu saňsaryň diýen sözüni. Alan zatlaryňyzy ýerinde goýuň diýen bolýar. Alypsyňyz diýip begenmeli ahyryn. Almasak nätjekmiş? Ýekeje agyz sözlesin, men-ä häzir bar alan zadymy goýaryn. Soň özelenip aýagymy ýalasa-da almaryn. Alla kessin, almaryn. Gelnejesine ogryn eltip berse bolsa, gelnejesini öýden kowaryn. Köpden bäri ondan bahana tapman ýörün men... — Siz oglan oglanjyk däl. Ýakalaşyp ýörseňiz, gören-eşiden näme diýer? — Senem! — diýip, Oraz gaharyna titir-titir etdi. — Mämmet ýaňy örän dogry aýtdy: Hudaý jan Kertigiň dogmalary hor bolmasyn diýip bu saňsaryň öňünde birgiden zat goýýar. Hudaý näme diýýär? Şu zatlary doganlaryňa paýla, olar gowy ýaşasynlar diýip berýär. Bu saňsar şoňa düşünenok. Kellesinde kem bar bu bagty ýatanyň. Owgandan öňem kellesi düzüw däldi. Gapdalynda bomba ýarylansoň bir düzeläýmeli ahyryn. Aslynda, düzeljek kelle däl eken munuň mäşirigi. Yzyna bir giden ýalýagyny düşürip, tapan zadyny — agalarynyň rysgyny illere paýlap ýör. Biz kör däl. Sabyr-takat galmady indi bizde. Mämmediň, ine, şuňa jany ýanýar. Meniň janym-a bireýýäm ýana-ýana gutardy. — Kakam öýe haramlyk gelmesin diýdi. Bize haram zat ýokanok diýdi. — Kakaň şo diýen sözüne toba diýip ýör. Dik başy şol sözi üçin hökgerdi onuň. — Kakamyz aýtdy diýen şol sözüňi yzyna alsa bolýa dälmi. Ol uzak ýerde däl. Kakam seniň ile haýyr-sogap edýäniňi görenok. Görse, onuň özi depäňde bomba ýarýa seniň. Atda aýnaly şkafdan egin-eşiklerini çykaryp, agalarynyň öňünde goýdy. — Bularyň näme? — diýip, Oraz inisiniň getiren bir gujak egin-eşigini dörüşdirdi. — Meniň egin-eşiklerim. Ine, şulary siz alaýyň. Gaty çynym. Men, dogrudanam, size soňky döwürde hiç hili ýagşylyk edip bilemok. Meniň bolsa, ynanaýyň, size biçak köp ýagşylyk edesim gelýär. Siziň baý bolmagyňyzy isleýän. Eger size peýdamyň degjegini bilsem, men hiç bir kynçylykdanam gaçjak däl. Nirä gitmelem bolsa gitjek, näme etmelem bolsa etjek. Sizi nähili gowy görýändigimi bir bilsediňiz. Geleniňize juda begendim. Rast, size zat gerek bolsa, men sizi boş gaýtaryp bilmen. Meniň nämämi isleseňiz alyň. — Alar ýaly nämäň bar seniň? Şu ütül eşikleriňimi? Men bu eşikleriňi mellegimizdäki garantga geýdirmäge-de utanjak. — Utanma, aga jan, utanma. Arkaýyn geýiber. Hany, geýip görsene — diýip, Atda göwşül penjegini Oraza geýdirjek boldy. Oraz penjegiň içinde ýylan bar dek basga düşdi, ellerini kelemenledip yza çekildi: — Güm et bu ütüliňi. Güm et. — Saňa gelişjegini bilip durun men. Bir geýip gör entek. — Geýjek däl-how, aýyr penjegiňi. Bir penjek bilen sypaýaryn öýdýäňmi? Biz özümize gerekli zatlarymyzy aldyk. Bolýar şular bize. Ynsaply biz. — Men-ä, her näme diýseňizem, kişiniň zadyny size berip biljek däl. — Senden sorajagam däl ony. Atda gapyny ýapdy: — Alan zatlaryňyzy goýuň. Näçe isleseňiz meniň zatlarymy alaýyň. Isleseňiz, ine, şu egnimdäki eşiklerimi hem çykaryp bereýin. Maýkam bilen türsim galsa bolýa. — Eý, men aýtdym-a şuny adam görmez ýaly, gyz söýmez ýaly edeliň diýip. Senem, ýaňy Atdanyň mähirli ýüzi bar diýdiňmi? Şuň ýüzüni gyz görmez ýaly persala etmek hut meniň bilen. Soňam bir şunuň ýüzüni gör — diýip, Oraz inisiniň ýakasyndan ebşitläp tutdy. — Zat tapsa öýe ylgar ýaly edeýin şuny. — Etdi, maksadyna ýetdi. Atdanyň eňeginiň aşagyna tokmak deýin ýumrugyny hütüledip goýberdi. Otag uly bolansoň, Atda uçup şkafa baryp uruldy. Şkafyň gapysy bölek-bölek boldy. Muňa hiç kimem garaşman eken. — Tur basymrak — diýip, Oraz Atdany howlukdyrdy. Atda ýaňy turup-turmanka şeýle bir çalasynlyk bilen tapyrdy turuzdy. Boksçylaram onça çalt urup bilmez. Orazyň yhlasy ýerine gowuşdy: Atda serlip gitdi. Hana, daýaw ýigit çalam-çaş bolup ýatyr. Oraz çustlanyp, çalaja bökmesini dowam etdirip hüjüme taýýarlandy. — Oraz, bökjeklemäň näme-aý? — diýip, Mämmet doganynyň bökjekläp durmasyna geňirgendi. — Myžžygyny çykaraýyn. Ýakynyma gelme. Birden elim degse, soň menden gaty görme. Özünden maslahat soralmaýandygyna, iki sany gül ýalak gyzy razy edip gelendigi üçin üýtgeşik sagbolsun aýdylmandygyna doganlaryndan birazajyk öýkelän Senem Atda üçin döş gerdi. — Munyňyz bolanok, hiç bolanok... — «Erkegi ilki hyýal öldürer, soň aýal» diýip men birmahal nakyl döredipdim. Hälki Atdany öýereli diýen pikirimiz dogry. Bir gara saçly mollany getirip duluna dyksak, onsoň ol gara saçly molla biziň başarmadyk zatlarymyzyň ählijesini başarar. Inimize öwüdem berer, pendem... Birki ýyldan soň hol ýolda ýatan çöpleri ýygnap, bagryna basyp, öýüne çekip ýören Atdaň bardyr. Häzir munuň oslugy ýyly ýerden çykýar — diýip, Mämmet Senemiň öýkesini ýazmaga çalyşdy. — Obamyzdaky Tokary tanamaýan ýok. Göräýmäge, örän sypaýy, adamkärçilikli ýigit. Ana, şol Tokar çaýyň şemmesini guradyp, şoňa on gezek çaý demläp içýärmiş. Çagalaram indi edil Tokaryň özi ýalakmyş. Çagalary çaýyň şemmesi hakda deňi-duşlaryna on bäş sagatlap leksiýa berip bilýärmiş. Men onuň bilen mekdepde bile okadym. Mekdepde Tokar tarhandöker goç ýigitdi. Öýlendi welin, tarhandökerligi başaşak bolup döküläýipdir. Tarhandökerligiň başaşak tarapam husytlyk eken. Aýalyňky ýaly güýç hiç bir zatda ýok diýip, Leonid Iliç aýdar eken. Aýal men-men diýen serkerdelere-de, patyşalara-da diýenini etdirip bilýär. Atdanam bir husyt baýyň gyzyna öýermeli. Goý, bu-da onsoň aýalynyň husytlygyndan, sözünden çykyp bilmän, käbir adamlar ýaly, aýalynyň sözünden sitata alsyn ýörsün. — Ýok, beýtsek, Atda inimiz bir wagt ýene biziň ýakamyzdan alar: «Ynha siziň alyp beren zadyňyz!» diýip. Ondan gowusy, Atda «Özüňe gelinlik tap!» diýmeli. Goý, özi saýlasyn, alsyn. Özi saýlap alanyň soňy puçdur. — Bu-da nakylmy? — diýip, Oraz gyzyklandy. — Ýok, bu durmuşy tejribäm. Erkek kişi gowşak gyza aşyk bolmaz. Owadana, özünden döwi ökdä aşyk bolar. Ana, şolam onuň işini görýär. Söýşüp toý tutanlary ýatlaýyn. Hemmesi aýalynyň ýanynda demini ýarym alyp ýörendir. Şonuň üçin Atda babatda-da mekir usul ulanmaly. — «Pis pisi tapar» bolaýmasyn? Atda seniň usulyň garşysyna gidip, özüne kybap bir agzaçygy tapyp oturybermesin? — diýip, Oraz gaýga batdy. — Zyýany ýok, goý, tapsyn! — diýip, Mämmet edil ekzamende bilýän soragy düşen okuwçy deýin gaty arkaýyn gürledi. — Hernäçe agzaçykdyr öýtseňem, öýüne, hojalygyna, maşgalasyna gezek gelende, hiç bir aýalam aýallygyny etmän, äriniň salpy gulagyna münmän goýmaz. «Bize hiç zadam gerek däl» diýen aýaly bu dünýädenem, o dünýädenem tapyp bilmersiňiz. — Şunyň dogry-aý, Mämmet — diýip, Oraz buduna urdy. — Biz-ä aýalyň agzaçygyny göremzok. Iň ýuwaşam bize akademiýada sapak berjek. Özem bular puldan doýmaz eken. Menem-ä puly gowy görýän. Günuzyn bäş köpük düşürip bolmazmyka diýip ylgaýan. Aýalym ylgamaýar. Baýguşuň rysky ýaly, pul onuň öýüne barýar. Näçe pul bersemem men oňa ýaranyp bilemok. Mämmet, sen maňa käte kelläňde puldan başga pikir ýok diýip käýeýäň. Öýüňdäki aždarha gapyny açandan jübiň içine seredip dursa, diňe pul hakda oýlanarsyň-da. Ynansaň, her gün aýalym pul ýok diýip iňirdände, ýatyp arzuw edýän. Jaýyň içini puldan gömseň. Aýalyňam puluň aşagynda galsa, senem üstüne çyk. Şonda sorasaň: «Heleý han, ýene pul gerekmi saňa?» diýip. Tä boldy diýýänçä üstüne pul bassaň. Olam-a boldy diýjek jemagat däl. Puluň aşagynda takga jan berer welin, indi pul gerek däl diýmez. Aýalyňdan dynmagyň bir ýoly şu. Köpler meniň şu usulymy bilýän däldir. Arada Hudaýberdi diýen biri aýalyny kurorta ugratmak üçin samolýota bilet alypdyr. Soňam myş-myş ýaýrapdyr: aýalymy kurorta ugratjak bolup bilet aldym. Banditler bilen wadalaşdym, şol reýsi partlatjak diýip. Bu habar ýaýrapdyr erkek kişileriň arasyna. Wezipeli, pulmes kişileriň köpüsi aýalyny kurorta ugratmak üçin Hudaýberdiniň bilet alan şol reýsine bilet alyp ugrapdyrlar. Şol reýsiň bilediniň bahasy şeýle bir ýokarlananmyş welin, müň manada Soçä bilet ýokmuş. Tanyşlyk üsti bilen Hudaýberdiniň aýalynyň biledinem satypdyrlar. Görgüli biletsiz galypdyr. — Ýarylypmy onsoň samolýot? — diýip, Senem bilesigelijiligini saklap bilmedi. — Hany, erkeklerde onuň ýaly bagt! — Görüň-ä bularyň edýän gürrüňini! Aýallaryndan juda ýangynly. Meniň ärimem doganlarynyň ýanynda siziňki ýaly gürrüň edýärmikä? — diýip, Senem başyny ýaýkady. — Allajan niýetimi aňýan bolarly, onça puly berenogam. Aýal gürrüňe geçilensoň Atda ýatdan çykdy. Olam turjak bolanok. Ýatyr serlip, Oraz onuň arkaýyn ýatyşyna gaharlandy. — Tur bahym! Atda näme üçin tursun? Urulmak üçinmi? Öýlendirjek diýseňem turjaga meňzänok ol. — Turjak däl. — Oraz, akylyňdamy beri sen? Nä böken bolup dursuň, özüňi boksçydyryn öýdýäňmi? — diýip, Senem geňirgendi. — Gohuňyz näme? — diýip, içeri Gaýyp başlyk — Senemiň adamsy girdi. Oraz bökmesini goýdy: — Inimizi terbiýeleýäs. — Ýatyrypmy? — diýip, Gaýyp başlyk Atda elini uzatdy. — Owganda gulluk edip, üýtgeşik talant edinipsiň. Tapaganlygyň barada oblast eşideninden soň eşitdim. Nirä barsam, sen hakda gürrüň edýärler. Tapan zatlaryňy göreýin diýip geldim. Tur ahyryn ýeriňden, ber eliňi. — Gaýyp aga, men birazajyk ýataýyn-la. Gaty gowy ýatyryn häzir. Gaýyp başlyk içerä göz aýlady. Dogrudanam, jaýyň içi köne-küşül zatlardan doly. — Şunça zat ýygnan ýigidi näçe ýatyrsaňam az. Mämmet dagy dogry edýär, seni şeýdip ýatyryp bakmaly. | |
|
√ Duman daganda: Serçe-de bolsa, piliň gözüni çokaýan serçe - 06.06.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Duman daganda: Wezipe berilmeýär, alynýar - 16.06.2024 |
√ Gala -6: Ýeriň aşagynda gäwüşeýän ýylanlar - 16.02.2024 |
√ Gala -2: Hakyda - 10.02.2024 |
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Duman daganda: Öküziň namardy gassabyň pyçagyny ýalar - 27.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -13: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -22: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |