23:24 Tapagan -3/ romanyñ dowamy | |
• Dördünji kyssa
Romanlar
• TAPYNDYLAR SERGISINIŇ DABARASY Gaýyp balygyň karary bilen her bazar güni obanyň adamlary üçin Atageldi Kertikowyň tapyndylarynyň sergisini geçirmek (Tapyndylar sergisi däl, ýok, tapylan zatlary tanap almak mümkinçiligini döretmek) işine girişildi. Başlygyň şol kararyna laýyklykda adamlar Atageldiniň tapan zatlaryny görmeli, ondan görelde almaly. Eger şol tapyndylaryň içinde öz zadyň bar bolsa, kolhoz tarapyndan döredilen minnetdarlyk kitabyna alkyşly sözleriňi uly, düşnükli harplar bilen ýazmaly-da, ýitigiňi almaly. Atageldiniň «Bar pikiriň tapan zadyňy duluňa geçirmek bolmaly däl-de, eýesine gowşurmak üçin çalyşmaly» diýen asylly başlangyjyndan görelde almaly. Bir mahal stahanowçylyk we şuňa meňzeş birgiden zähmet başlangyçlary halkyň arasynda gyzgyn goldaw tapýardy we şol başlangyja ruhlanyp bütin sowet halky janaýamazakly zähmet çekýärdi. Bu gün giň Sowet Respublikalar Soýuzynyň bir künjeginde — Türkmenistanyň Jeýhun derýany ýakalap oturan Saganaly obasynda beýik gumanistik başlangyç döredi diýip kolhozyň kararynda ýazylypdyr. Şol karara laýyklykda, obanyň adamlary biri-birleri bilen örän mylakatly gürleşmeli. Eger bir nätanyş otluçöp (kararda hut şeýle ýazylypdyr) ýitirenem bolsa, şol otluçöpi ýüzlerçe kilometr geçibem bolsa hak eýesine gowşurmaly. Sergide Atageldiniň Watan öňündäki gulluk borjuny ýerine ýetirip gelşi, Watan, wepalylyk, ahlak problemalary hakdaky gürrüňlerini diňlemeli. Şeýdibem, oba adamlaryny kommunistik ruhda terbiýelemeli. Atageldi Kertikowyň leksiýalaryndan geljek girdejini oblastyň ýetimler öýüne — № 686803 hasaplaşyk sçýotyna geçirmeli. Şeýle hem sergi mahaly zadyny ýitiren adamlara ýitigini dabaraly ýagdaýda gowşurmaly. Obada geldi-geçerligiň, zada kommunistik garaýşyň bolmazlygynyň öňüni almak üçin utgaşykly çäre görmeli. Şeýle çäreleri durmuşa geçirmegiň diňe bir raýonda däl, oblastda hem halanjakdygyny ýolbaşçylygyň çala bir garasyny gören her bir kişi biler. Ine, gürrüň şu ýere gelende bir mesele ýüze çykýar. Tapyndylar sergisini bu otagda geçirip boljak däl. Onuň üçin has giň ýer gerek. Agtaranyň tapýandygyny türkmen aga bir mahal nakyl edip, aňynyň törüne geçirip goýupdyr. Şol pähimden ugur alyndy. Netijede hem çykalga tapyldy. Giň ýer hem tapyldy. Kertik aganyň — ýok, Aýjan ejäniň diýmeli, sebäbi Kertik aga mallaryny görýän, tanaýan, olara ot-suw berýän adam däl — mal ýatagynda sergi guramaly. Sergi geçiriljek mal ýatagyny öňünden tertibe salmaly, arassalamaly. Mal ýatagynda birje göleli sygyr bar: başga boş agylyň ýokdugy sebäpli, oňa degmeli däl, goý, olam durubersin. Onuň tapyndylara degişli däldigini gelenlere düşündirse bolar diýen netijä gelindi. Uzynly gününi kabinetde oturyp geçirýän kontor işgärlerine uly iş tapyldy. Olar gezekli-gezegine gelip, tapyndylar sergisiniň taýýarlygyna seredip gitdiler. Her gelen bir hili görkezme berdi. Şenbe güni sergide goýuljak zatlaryň durmaly ýerleri birin-birin belli edildi. Molap azar berip durmaz ýaly, göleli sygyra ot-suw artykmajy bilen berildi. Sergi geçirmek üçin edilýän işleriň içinde bir iş Atdanyň aňyna syganokdy, sygjagam däldi. Düýn onuň ýanyna raýkomyň birinji sekretarynyň ýörite tabşyrygy bilen Gaýyp başlyk geldi. Ol aýtjak habarynyň örän gizlindigini, özem bu gizlin tabşyrygyň raýkomyň birinji sekretarynyňkydygyny, şonuň üçin bu habary hut Lenin direlip gelip sorasa-da aýtmaly däldigini göni on ýedi gezek nygtap aýtdy. Atda hiç ýerde dil ýarmazlyga ant içip, internasionalist esger hökmünde söz berdi. Gaýyp başlyk örän gizlin habaryny sadaja düşündirdi: — Seniň tapyndylaň galapyny köne-küşül, ownuk zatlar. Içinde bäh diýdirýän zat ýok. Şonuň üçin seniň tapyndylaryň içine bir maşyn tapyndy goşjak. Ol bir maşyn tapyndy, goý, sergiň iň soňuna çenli dursun. Sergi gutaransoň, ýüki elten şofýora hemmesini berip goýberersiň. Düşnüklimi? — Munyňyz gözboýagçylyk bolýa. — Men bu işimiz näme bolýar diýip häsiýetnama soradymmy senden? Sen partiýaň görkezmesine garşymy? — Ýok, garşy däl. — Garşy bolmaýan bolsaň, meniň diýenim bilen boluber. Eger elten zatlarymyzyň käbirine eýe tapylaýsa-da, «Ýok, bu Gaýybyň getiren zatlary» diýip goh edip oturma. Kim elten zadymyza şu meniňki bolmaly diýse, sorag-ekzamen etmän göni berip goýber. Goý, goý, maňa sorag berjek bolma. Aýdanymy ediber. — Ýest, ýoldaş komandir! — Ine, munyň bolýar. Dabara geçirilmeli güni daňdanlar bir maşyn ýük geldi. Ýüki bir nätanyş kişi getirdi. Ol nätanyş kişi öýlän gelip äkiderin diýip, getiren zatlaryny malagyla çekdi. Ol hem Gaýyp başlygyň sözlerini gaýtalady: «Birden şu getiren zatlaryma kimdir biri eýe çyksa, berjek däl diýip ýer depip durma, berip goýber. Maňa galany hem bolýar». Getirilen zatlaryň içinde üç sany täzeje welosiped, iki sany tikin maşyny, sekiz top gymmat bahaly mata, bäş sany täze 100 litrlik gazan, 10 sany tozan sorujy maşyn, ýigrimi sany ululy-kiçili fabrik we el halysy, 10 sany ýapon ýüň ýaglygy, 10 sany içi mata-marlykly düwünçek we ş.m.-ler bar. Dogrudanam, ol getirilen zatlar sergini has-da baýlaşdyrdy, malýatak hakyky sergä meňzedi. Garaşylan arzyly sagat gelip ýetdi. Ýekşenbe. Sagat 12. Tapyndylar sergisiniň öňünde — malagylyň işiginde elleri gyzyl daňyly iki sany meňzeşje geýnen nobatçy dur. Olar içerik hiç kimi goýberenoklar. Häzir raýkomyň birinji sekretary gelmeli. Geldi. Birgiden ýeňil maşynlar hatar bolup geldi. Baý-buw! Medeniýet öýüniň çeper höwesjeňleri raýkomyň birinji sekretarynyň maşynyny görenden saza başlady. Näme üçindir, Bethoweniň dokuzynjy simfoniýasynyň ortasyndan çalyp başladylar. Birinji sekretar, kolhoz başlygy, arçyn we ş.m.-ler maşyndan düşdüler. Sergi zalyna — Kertik aganyň, Aýjan ejäniň malýatagyna ýöräp ugradylar. Agylyň depesinde bäş-alty metr töweregindäki gyzyl matanyň ýüzünde şeýle setirler bardy: TAPYŇ WE EÝESINE GOWŞURYŇ! Mal ýatagyň gapysynda gyzyl lenta lowurdap dur. Gyzyl lentanyň öňünde kolhoz başlygy sägindi-de, çeper höwesjeňlere saz çalmalaryny goýmalydygyny ellerini hereketlendirip düşündirdi. — Adamlar! Uzakdan we ýakyndan gelen hormatly myhmanlar. Bu gün biziň Saganaly obamyzda uly dabara, uly toý! Bu gün bizde halallyk dabarasy. Bu gün mähriban Serdarymyz Wladimir Iliç Leniniň halallyga we baýlyga kommunistik garaýyşlarynyň täzeçe öwüşgin tapyş dabarasy. Internasionalist obadaşymyzy bu gün diňe bir biziň obamyzyň, raýonymyzyň, oblastymyzyň, güneşli respublikamyzyň zähmetkeşleri däl, eýsem giň Sowetler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde tanaýarlar. Siz menden Atageldini Sowetler ýurdunyň ähli adamlary nädip tanaýar diýip soraň. Soraň, soraň, çekinmäň-de, arkaýyn, buýsanç bilen soraň. Men hem size buýsanç bilen jogap bereýin. Siziň sowalyňyzyň jogaby meniň elimde — diýip, başlyk elindäki gazeti galgatdy. — Siz meniň elimdäki gazeti görýärsiňizmi? Bu biziň kommunistik partiýamyzyň Merkezi Komitetiniň organy bolan «Prawda» gazeti! Bu ýöne-möne gazet däl, bu hut «Prawda» gazeti. Gazetde ullakan makala bar. Makalanyň adynam men häzir size rusçadan terjime edip bereýin. «Tapyň we eýesine gowşuryň!». Bu makala biziň obadaşymyz Atageldi Kertikow hakda «Tapyň we eýesine gowşuryň!» diýen makala bilen hut kommunistik partiýamyzyň Baş sekretary Mihail Sergeýewiç Gorbaçýow gyzyklanypdyr we Atageldiniň asylly işine guwanypdyr. Şeýle başlangyjy edil stahanowçylyk başlangyç deýin zähmetkeşler kopçüliginiň arasynda köpçülikleýin kampaniýa öwürmegi hut Mihail Sergeýewiçiň özi buýruk beripdir. Raýon partiýa komitetine hem minnetdarlyk telegrammasyny ugradypdyr. Mihail Sergeýewiçden gelen şol telegrammany biziň raýon partiýa komitetimiziň birinji sekretary Gurban Gurbanowiçe şu dabara gaýtjak bolup maşynynyň ýanyna baranda yzyndan getirip beripdirler. Geliň, eziz adamlar, şu şatlykly habar üçin gürrüldili we şowhunly el çarpalyň. Dogrudanam, adamlar kolhoz başlygynyň bu şatlykly habaryna gürrüldili we şowhunly el çarpdylar. Gaýyp başlyk bolsa joşgunly nutugyny dowam etdi: — Elbetde, bu zatlar hakda biziň hormatly birinji sekretarymyz öz çykyşynda aýdar. Men bolsa sizi Atageldi Kertikowiç bilen içgin tanyşdyraýyn. Atageldi Kertikowiç Owganystanda internasional borjuny ýerine ýetirip ýörkä, onuň aýratyn bir ukyby açylypdyr. Onda tapaganlyk ukyby döräpdir. Atda biziň uludan-kiçä hemmämiziň hormatlaýan ýaşulymyz Kertik aganyň terbiýesini alan ýigit. Halal ýigit. Ol tapan zadyny eýesine gowşurmasa, öýünde rahat oturyp bilenok. Atda Kertikowiçiň adamkärçilikli sypatlary — halallygy, kişi zadyna göz gyzartmazlyk häsiýeti mekdep partasynda okap ýörkä hem bellidi. Häzir ony okadan mugallymlar çykyş edip, onuň nähili okandygyny, klasdaşlaryna görelde, nusga bolarlyk bitiren işleri barada gürrüň bererler. Olaryň çykyşlary taýýar. «Guş ganatsyz bolmaz, adam arzuwsyz» diýlişi ýaly, Atda Kertikowiç hem mekdep okuwçysyka tapagan bolmagy arzuw edipdir. Elbetde, «Yhlasa — myrat» diýleni, Atda Kertikowiçiň yhlasy ýerine düşüpdir... Sergi dabarasy kolhoz prawleniýesiniň, raýkomyň tassyk eden programmasy boýunça geçirilmäge başlandy. Dabara «Tapyň we eýesine gowşuryň!» diýen «spektakljyk» bilen tamamlandy. A.Kertikowyň «Tapyň we eýesine gowşuryň!» atly tapyndylar sergi dabarasyny geçirmek boýunça PROGRAMMA 1. Kolhoz başlygy (açýar). 2. Raýkomyň birinji sekretary (Gorbaçýowyň gutlag telegrammasyny okaýar). 3. Raýon harby komissary. 4. Mekdep direktory. 5. Atdany okadan mugallymlaryň dördüsi. 6. Atdanyň klasdaşlary ýatlamalar bilen: 4 klasdaşy çykyş etmeli. 7. Kertik aganyň körpe ogluny terbiýeleýşi hakdaky tolgundyryjy ýatlamasy. 8. Aýjan eje tolgundyryjy çykyş etmeli. 9. Doganlary Mämmet, Oraz çykyş etmeli. 10. Mekdep okuwçylary Atda gül gowşurmaly. 11. «Tapyň we eýesine gowşuryň!» atly sahna. 12. Gurban Gurbanowiçiň dabaradan dabaraly çykyp gidiş dabarasy. «Tapyň we eýesine gowşuryň!» atly sahnany mekdebiň çeper höwesjeňler topary bilen kolhozyň Medeniýet öýüniň çeper höwesjeňleri bilelikde taýýarlapdyrlar. Sahnada şeýle waka bolup geçýärdi: boýny gyzyl galstukly pioner ýoldan bir düwünçek tapýar. «Kim düwünçek ýitirdi?» diýip üç gezek gygyrmalydygyny bilensoň, «Kim, kim, kim!» diýip, ýuwaşja gygyrýar. Soňra ol hasyrdap iki ýanyna garanjaklaýar-da, düwünçegi köýneginiň içine salýar. Şol wagt ýoldan edil düwünçek tapan oglanjyk ýaly boýny gyzyl galstukly oglanjyk hork-hork edip aglap barýar. — Eý, klasdaş, näme aglaýaň sen? — Men näme üçin aglamaýyn. Men mähriban obama ysnat ýetirýän. Etmiş etdim. Men eziz mekdebime, eziz obadaşlaryma nädip görneýin? Menden pioner bolmaz. — Näme boldy-how? — Men futbol oýnuna gyzyp dünýäni unudypdyryn. — Dünýäni unutman näme etjekdiň? — Bir aýlap onunjy brigada-da pagta ýygdyk... — Men senden näme boldy diýip soraýan? — Menem saňa şony aýdýan-da. Ana, şol bir aýky pagta ýyganymyz üçin mähriban kolhozymyz bize pul berdi. Bir düwünçek pul-how. Direktorymyz hem maňa: «Bar, şu puly klas ýolbaşçyňyza eltip ber. Ol wedomost boýunça okuwçylaryň puluny paýlasyn» diýdi. Menem ol puly klas ýolbaşçymyza eltip bermek üçin öýüne barsam, ol ýok eken. Soň men ony alyp gaýtdym. — Nämäni? — Pully düwünçegi. — Gelýärkäm oglanlar, ine, şu duran ýerimizde futbol oýnap duran ekenler. Soň menem oýnadym. Soňam öýe gitdim. Üç-dört sagatdan soňam ýadyma düşdi. Sen-ä şol pully düwünçegi gören dälsiň. — Ýok, göremok, görerinem öýdemok. — Ýaňy sen näme diýip gygyrdyň-aý? — Men hiç mahalam gygyrmaýan, gygyranam halamaýan. — Bir sözi üç gezeg-ä gaýtaladyň. — Men gaýtalamagy gowy görýän. — Men gitdim. — Nirä barýaň? — Atda tapagyň ýanyna barýan. — Sen onuň ýanyna gitmesene. Sen, iň gowusy, direktoryň ýanyna git. Belki, ol seniň günäňi geçer. — Ýok, günämi geçmez. Men pioner bolmaga mynasyp däl — diýip, pul ýitiren aglaýar. Pul tapanyň tümmerip duran garnyna seredip, geňirgenýär. — Garnyň çişik-le seniň. — Aý, ýaňy üç sany garpyzy lak-luk ataýdym-da. — Maňa kömekleşsene. Tapyşsana. — Ýok, meniň işim kän. Öý işlerimi etmeli. Men Atda tapagan ýaly gowy okajak. Oglanjyk aglap ýoluny dowam etdirýär. Onuň öňünden Atda tapagan çykýar. Ol oglanjykdan näme üçin aglaýandygyny soraýar. Oglanjyk (zat ýitiren oglanjygyň rolunda Deýkaý oýnaýar) düwünçek ýitirendigini aýdýar. Derkar, kolhoz başlygy Gaýybyň ogly. Atda tapagyň ýegeni. «R» harpyny aýdyp bilmeýänligi üçin, ol ady soralanda Deýkaý diýip aýdypdyr. Indi ähli kişi onuň adyny Deýkaý diýip tutýar. Ýedinji klasda okaýar. Söýgi babatda özüni akademik hasaplaýar. Ýalan sözlemeli, aldamaly bolsa, öňüne adam geçirer ýaly däl. Atda tapagan geçip barýan garny pökgerip duran oglanjygy saklaýar. Onuň köýneginiň içinden pully düwünçegi alyp Deýkaýa uzadýar. Deýkaý begenip Atda tapagany gujaklaýar. — Seniň ýaly okamaga, seniň ýaly işlemäge, seniň ýaly göreşmäge, seniň ýaly halal ýaşamaga, seniň ýaly tapan zadyny hak eýesine gowşurmaga pioner kasamymy edýärin. Sahnanyň gidip duran ýerinde seteran duran okuwçylar Derkaryň sözüni gaýtalap kasam edýärler. Atda tapagan tapan zadyny eýesine gowşurmagy, halal ýaşamagy, lebizli bolmagy, ýaşululara kömek bermegi, mekdep okuwçylaryna, sergä gatnaşýanlaryň ählisine wagyz edýär. Saganaly obasyndaky 28-nji orta mekdebiň okuwçylary Atda gül desselerini gowşurýarlar. 28-nji orta mekdebiň çal saçly direktory çykyş edip, okuwçylaryň islegi boýunça mekdepde Atda tapagançylar toparynyň döredilendigini habar berýär. Bu toparyň timurçylar toparyndan birjik-de kem bolmajakdygyny ynamly aýdýar. Programma laýyklykda, çykyş etmeli adamlaryň ählisi çykyş etdi. Çykyşlar Hakykatdan hem örän tolgundyryjy, täsirli boldy. Çykyşlardan soň raýkomyň birinji sekretary dabaraly ýagdaýda gyzyl lentany kesdi. Obada adam galmandyr. Ähli kişi eňäýipdir tapyndylar sergisine. Kolhoz prawleniýesiniň we Oba sowetiniň guramaçylyk topary gelen jemagaty birden içeri goýbermedi. Olary topar-topar edip mal ýatagyna — tapyndylar sergisine goýberdi. Ýörite goýlan stolda Atda Kertikowiç bäş sany komissiýa agzalary bilen bilelikde oturyp, ýitigini tapan adamlardan ekzamen alýar. Ýitigini tapan adam kän boldy. Kän adam ekzamenden geçdi. Ýigrimi dört gapjygyň hak eýesi tapylyp, dokumentleşdirilip eýesine gowşuryldy. Üç telpek eýesini tapdy. Dört sany göwher ýüzük, on dört gulakhalka, içi täze egin-eşikli on üç sany düwünçek eýesine gowşuryldy. Ýitigini tapanlar minnetdarlyk kitabyna öz minnetdarlyklaryny ýazdylar. Şeýdip, her bir tapyndynyň eýesine gowşurylyşy dokumentleşdirildi, akt düzüldi. Kolhoz prawleniýesi we Oba soweti tarapyndan döredilen komissiýanyň agzalary aktlara gol çekdiler. Gelenleriň içinde bir owadan gyz peýda boldy. Eý, Hudaý! Owadan sözüň bu gyzyň waspy üçin gaty ejiz gelýär. Bu gözel gyzyň gaşynda durmaga Atda ejiz gelýär. Bu gyz kimkän?! Kimiň ýarykan bu perizat?! Ä? Senem inisiniň gulagyna çawuş çakdy: — Gelinligiň şü? Atda Gözeli ýene boýdan-başa synlady. Hyýalynda ony derrew öz öýüne saldy. «Hany, aşak otur!» diýdi. Gözel oturdy. Soň Atda onuň elinden çekdi-de basdy bagryna. Eý, aman, eýler aman. Bu gujak üçin ol-a muzeý eken, Kertik aganyň öýüni ähli paty-putusy bilen bermäge taýýar. Diňe Kertik aganyň döwleti az bolsa, goňşy-golamlaryňam paty-putusyny, malyny-engamyny karzyna alyp bermäge taýýar. Eý, Hudaý jan, Gözel jan ekzamenden geçsin-dä! Eý, Perwerdigär, gaýrat et, ýigrimi alty ýaşadan Atdaňa şu gözel ýaly Gözel gyzy eçil! Seniň eliňden gelip dur, jan Hudaý, janlar Hudaý, aýagyňa ýykylaýyn. Gözel ikiňiziň aýagyňyza ýykylýan. Meniň işim bitsin». — «Ejesi bilip dakypdyr adyny». — Kimiň adyny? — diýip, Gözel gyz geňirgendi. — Eşidäýdiňmi? — diýip, Atda ogurlygyň üstünde tutulan dek aljyrady. Bu peri-peýker meniň ýaly jahylyň içki pikirini edil kitap okan ýaly okap bilýärmikän? Atda aljyrap içki pikirini daşyna çykaranyna düşündi. Köpçüligiň içinde atanlykda delje ses çykaranam bolsa, munça utanmazdy. Ýöne nätsin-dä! Atda özüniň şeýleräk bir asgynlygynyň bardygyny bilýärdi. Şol asgynlyk hökman Gözel gyzyň göwher gaşynda gaýtalanaýmalymy? Indi nätmeli? Atda özüni ele almaga çalyşdy. Şeýle çykgynsyz pursatda ol özüne göwünlik bererdi. Onuň özüne göwünlik berýän öňden taýyn sözlerem ýadynda dur. «Atda tapagan, sen internasionalist esger ahyryn. Sen Owganda gulluk eden, ot içinden gelen ot ahyryn. Saňa aljyramak gadagan. Sen her bir zatdan hökman çykalga tapmaly». Gör, meniň berebekgeýdigimi! Soragam eden bolup durun-a. Berip goýbermeli ahyryn. Bu ýüzük şu gözelden başga hiç kimiňki bolup bilmez. Bu göwher diňe şu perizada mynasyp! Diňe bujagaz göwhere däl, tonna-tonna, depe-depe göwhere mynasyp! Beýle owadan gyzlar nädip döreýärkän? Özem bu hakyt Bahargüle meňzeýär. Bahargül bolaýmasyn? — «Hakyt Bahargülüň özi-dä!» — Men Gözel! — «Sen Bahargül! Sen Bahargül jan!» — Häzir Bahargülüň adamsy gelip, janyňy alaýmasyn! — diýip, Senem başlyk inisiniň böwrüne hürsekledi. Atda tapagan edil ukudan oýanan dek boldy. Diýen sözlerine çym-gyzyl boldy. Gapdalda duranlar gyzyl-gyran gülüşdiler. Gözel göwher ýüzügini alyp, gözüne ýaş aýlap, köpçülikden saýlandy. — Senem, men aýtdym-a saňa şunuň kellesi ýerinde däl diýip. Kellesi ýerinde däl adamlaryňam şahy bolanok. Olaram daşky görnüşi boýunça edil beýleki adamlar ýaly bolýar — diýip, Mämmet Atdany gözleri bilen düýt-müýt edäýerli göründi. Gözel gyz aglap gidensoň duranlaryň hem öňküligi bolmady. Sergi zalyna dym-dyrslyk aralaşdy. Atdanyň nazary Gözeliň duran ýerindäki aýal sumkasynda saklandy. — Gözel sumkasyny galdyryp gitdi — diýip, Atda sumkany eline alyp Gözeliň yzyndan gidäýerli göründi. — Gözeliňki däl bolaýmasyn? — Onda kimiňki bu sumka? Atda birden her gezek zat tapanda aýdýan ata-baba däbi boýunça zowladyp goýberdi: — Kim sumka ýitirdi? Kim sumka ýitirdi? Ah-ow adamlar, şu sumka haýsyňyzyňky? Atdanyň gygyrmasyna Mämmet bilen Oraz utanyp çym-gyzyl boldular. Senem başlyk süýem barmaklaryny entegem gulagyna dykyp dur. — Gygyryp boldy, indi barmaklaryňy çykaraý — diýip, Oraz Seneme aýtdy. Sumkanyň Gözeliňkidigini eşidensoň, Atda görgüli ot alaýdy. Ol ylgap köçä çykdy. Köçede adam ýok, ähli kişi sergide bu mahal. Eli aýal sumkaly Atda eňdi Gözelleriň öýüne. Gözelleriň öýünde dört-bäş aýal nämedir bir zada gyzyl-gyran gülşüp oturan ekenler. — Essalawmaleýkim? Aýallar Atdanyň salamyny başly-barat alyp, ony synlamaga durdular. — Maňa Gözel gerek. — Sawçylyk üýtgäp ýör oguşýan — diýip, aýallaryň biri ýakasyna tüýkürdi. — Bu habary aýtmaga öýüňde özüňden başga adam tapylmadymy? — Aýal sumka göterip gelmäň näme seniň, oglan? — Men howlugýan... — Näme, göni alyp gidiberjekmi häzir? — Ýok-la, ýaňy Gözel meniň sergime baran eken. Ana, şol ýerde-de sumkasyny, ine, şuny goýup gaýdyberipdir. Men onuň sumkasyny getirdim. Haçan gelse, siz onuň sumkasyny özüne gowşursaňyzlaň. Ol sumkamy nirede galdyrdymkam diýip örtenip ýörmesin. Men howlugýan. Gitdim. Maňa garaşýandyrlar. Olary garaşdyrmak gelşiksiz ahyryn. — Atda jan, çaý içip ötägit. — Sag boluň. Men entek köp gelerin. Kowsaňyzam gelerin. Atda tapagan aýallaryň näme diýýänlerini hem diňlemän köçä çykdy. — Nirä ýitirim bolduň? — diýip, Mämmet alakjap gelen Atdanyň öňünden çykdy. Nirelerdendir bir ýerden Hemra illewiň alakjap gelmegi duranlaryň ünsüni çekdi. Onuň bolup gelşi alha-allykdan galana meňzeýärdi. Agylyň işiginiň agzyndaky nobatçylar onuň döşünden itdiler. — Nobatyňyz bilen giriň. — O nämäniň nobaty? Ä, o nämäniň nobaty diýýän men saňa? Men Beýik Watançylyk urşunyň weterany. Men weteran. Men zähmet weterany. Men Watany goradym. Indem sen maňa nobata dur diýmekçi bolýaňmy? Men siziň üçin bäş ýyllap sowuk okopda ýatdym. Sizi Gitlerden halas etdim. Näme, men size döşümden itdirmek üçin Gitleriň syrtyna depdimmi men. Gitlerem döşümden itip bilen däldir meniň. Gaýtam, men itdim onuň döşünden! — diýip, gyzyl knişgesini galgatdy. — Şu gyzyl knişge oçura durulmak üçin berilýänmidir?! Eý, jüýkburun, şu gyzyl knişgäni Hemra agaň Güne ýatyp alandyr öýdýäňmi? Bilip goý, eý jünnegi sary, men söwer dostum Kertigiň agylyna islän wagtym girerin. Düşnüklimi size! Kertigiň agylyny guran kim? Men! Men gurdum şu agyly! Indem men muňa oçur bilen girerinmi? Nobatçylara bar zat düşnükli boldy. Uruş we zähmet weteranynyň düşündirişinden soň, Hemra illewiň bir mahalky ýasan agylynyň işigi giňden açyldy. — Giriň, Hemra aga!.. — Bagyşlaň, Hemra aga!.. — Hoş geldiňiz, sapa geldiňiz. Sag-aman geldiňizmi? Gelen ýeriňiz bolýa bize! Agylyň içinde her kim bir zatlary elleşdiren bolup, gören bolup dur. Ellenmän, görülmän galan diňe göleli sygyr. Hemra illew sygryň ýanynda adamyň ýokdugyna begenip, ugurylla onuň şahyndan aslyşdy. — Meniň sygrym, gölesem meniňki! Gör, siz nirede ekeniňiz! Tapjak bolup agtarmadyk ýerim galmady. Wah, men size döneýin, nesibäňiz aýrylman eken. Atda tapagan agasynyň iňirdisinden dynmaga bahana tapylanyna begendi: — Eý, Hemra aga, sygra degmäň. — Saňa peşgeş bereýinmi? Öz sygryňa el degrip bolmasa öljekmi-ýitjekmi? Adamlardan ynsap göterilipdir. — Sygyr siziňki däl... — Utan inim, utan. Özümiňki bolmasa, şu ýaşda kişiniň sygrynyň şahyndan aslyşar durarynmy? — Hemra illew sygryň şahyndan tutup duranyny az görüp göläni sypajak boldy. Sygram gölesini gabanyp, haşlap gördi. Kellesini silkip gördi, bolmady. Adamlara üns bermän duran Hemra illew sygra üns berermi! Maňa degme diýmesine, göläme degme diýmesine pitiwa edilmänsoň, sygyr sygyrlygyny etdi: bat alaga-da, Hemra illewiň syrtyndan hütüledip süsüp bir goýberdi. Tos-togalak Hemra illew näme bolanyna düşünmedi. Onuň bar ünsi şu göleli sygryň özüniňkidigine Atda tapagy ynandyrmakdady. Munuň üçin ilki sygryň özüni ynandyrmaly bolar diýen pikir bolsa, näme üçindir, onuň kellesine gelmän eken. Ýöne dört aýagyna pugta direnip şahyny aşak egip, täzeden hüjüme geçmäge häzirlenip duran sygra gözi düşende, ýaňky pikir Hemra illewiň bada-bat kellesine geldi. Bu kelesaň sygry ynandyryp bolmajagyna-da bada-bat düşündi. Ol bir batly hütdüldini eşidip galdy. Bary şol. Gözüni açsa, tapyndylar sergisiniň daşynda ýatyr eken. Birki sany ýigit daşyny gallap dur. Hemra illewiňki şu gün boljak däl. Ol bütin ömrüne ile sözüni düşündirip geldi. Asyl ýaşamak ile sözüňi düşündirmek eken. Ol ýalan sözünem ile düşündirip, ynandyryp bilýärdi. Ýöne adamyň ynananyna haýwan ynanmaýan, düşünmeýän eken. Adam bilen haýwanyň tapawudy, gör, nämede eken! Adamy aldap bolýan eken, haýwany aldap bolmaýan eken. Adam bilen haýwanyň tapawudyna giç düşündi ol. Tapyndylar sergisiniň guramaçylykly geçmegine jogapkär adamlardan ikisi Hemra aganyň goltugyna girip öýüne äkitmekçi boldy. Görgüli özüne doly gelip aýnalyp bilenok welin, alasarmyk halda bolsa-da, gözi agylyň içinde. Gözleri bilen agylyň içindäki ähli tapyndylary: «Bularyň hemmesi meniňki. Allajan kessin, bularyň hemmesini men ýitiripdim» diýip, ýatan ýerinden gygyrmaga başlady. Ellerini hereketlendirip, agylyň içindäki zatlaryň baryny bagrynyň aşagyna almakçy boldy. Jogapkär kişiler Hemra illewiň goltugyna girip malagyldan daşlaşmak bilen boldular. Hemra illewiň ýüzi tersine — malagylyna bakan öwrüldi. — Meniň zatlaryma eliňizi degirmäň, ynsapsyzlar. Aýrylyň, aýrylyň. Hemmesi meňki. Atda tapagyň Hemra goňşusyna nebsi agyrdy. Onuň naýynjar özelenmesine bogazy dolup, aglasy gelip dur. Oňa nähilidir bir ýagşylyk edesi geldi. Birdenem raýkomyň «tapyndylarynyň» ýaglyga dolangy bir düwünçegini aldy-da, Hemra aganyň yzyndan ylgady. Ullakan düwünçegi bagryna basan Hemra illew birmeýdan köşeşdi, ol Atda tapagyň yzyndan gygyryp galdy: — Şujagaşmy indi maňa bar berýäniň? Meniň eden ýagşylyklarymy eýýäm unudaýdyňmy? Utanaňokmy? Seniň üçin men, gör, näçe yhlas etdim. Adamlar ýekeje zadam ellemesinler. Men häzir eşigimi çalşyrdygym barjakdyryn. Adamlarda ynsap ýokdur. Sen olara göni aýt. Ýekeje zadam ellemäň diý. Bu zatlar Hemra agam janyň ýitiren zatlary diý. Meniň göleli sygrymy bolsa özüň elin getirip git. Ýogsam gelnejeň ýüzüňi sypamaz, seniň. Ylga, adamlary kow agylyň içinden. Ýok boluň diý. Atda tapagan tapyndylar sergisine geldi. Ýöne Hemra goňşyň haýyşyny welin bitirmedi. Hemra illewiň gideni bilen adam azalmady. Çar ýandan adam bary gelip durdy. Tapyndy kändi. Bu taýda bitaý köwüşden başlap göwher monjuga çenli bardy. Käbir adamyň bir däl, birnäçe zadam çykdy. Ynha, Şanazar aganyň iki bitaý köwşi, iki telpegi, üç sanam hasasy. Astan goňşynyň çagalarynyň hersiniň bir taý köwşi. — Bu Mergeniň şol eýesiz itiniň işi bolmaly — diýip, Şanazar aga jibrindi. — Ýeri, indi bu köwüşlerden bize ne peýda? Biz bularyň beýleki taýlaryny zyňdyk ahyryn. Häh, şoň ýaly iti bar-a, wah, köpçüligiň içi bolýa-da... ýa satyn alaga-da atsaň... — Şanazar aga, sen entek gyssanma! Ol it, belki, siziň zyňan köwüşleriňizem tapyp getirer — diýip, Öwez magazinçi gözlerini güldürdi. Şanazar aga biraz pikirlenip, ýiten bitaý köwüşleriniň taýlarynyň tapylar umydy bilen hälki atuwa höküm eden itiniň günäsini geçmeli diýen karara geldi. Agsaklap, gözlerini elek-çelek edip Hemra illew geldi. Ol hiç kime-de seretmän, göni tapyndylar sergisine kürsäp girdi. Bu gezek ony saklamaga hiç kim hem het edip bilmedi. Bir maşyn «tapyndynyň» göteribilenini bagryna basdy: — Meniňki, meniňki! — diýip, ol töweregindäkilere hemle urdy. Hiç kim sesini çykarmady. Ol bagryna basan zatlaryny öýüne äkitdi. Sähel salymdan hem ogly Ýolbars bilen geldi. Bir maşyn «tapyndynyň» ählisini bir gezek uly ogluny, soň iki ogluny yzyna tirkäp gelip äkitdi. Soňky gezek ähli çaga-çugasyny agtyk-çuwlugyny, ondan soňky gezek aýalyny yzyna tirkäp gelip, maşynda gelen tapyndylardan äkitdi. Tapyndylar zalynda meňki bolsun diýer ýaly zat galmansoň, Hemra illew biraz arkaýynlandy. Hemra illewiň bolşuna geň galan Atda gaşynda Gözeliň durandygyna aljyrady. — Gözel-l, salam... Geldiňmi?.. — Men sumkamy galdyryp gidipdirin. — Sumka?! — Hawa, hawa, gara sumka bolmaly. — Men ony eltip berdim-ä. — Nirä? — Bir mint garaş! — diýip, Atda tapagan Hemra illewiň öýüne ýumlukdy. — Atda jan, inim, men saňa näme diýipdim. — Haçan? — Men saňa: «Atda jan, meniň aýdanym bilen bolubergin. Meniň aýdanym bilen bolsaň, adam bolarsyň» diýdimmi ýa diýemok. — Diýdiňiz öýdýän. — Öýdýän diýme. Sen maňa anyk aýt. Men saňa «Atda jan, meniň aýdanym bilen bolubergin. Meniň aýdanym bilen bolsaň, adam bolarsyň» diýdimmi ýa ýok. — Diýdiňiz. — Ine, munyň dogry. Seni özüm adam edendirin. Ýöne sen-how, inim, sadagaň bolaýyn, sergi gurajak bolsaň ilki meni çagyrmaly ahyryn ýanyňa. Hormatly Hemra aga, ine, şeýle-şeýle tapyndylarym bar. Şu tapyndylaryň sergisini gurajak bolýan diýip maňa sala salmaly ahyryn sen. Haý, sen ýaşlyk edýäň-ow. Maňa sala salmasaň, işiň ýalňyşmak bolar. — Hemra aga, men bir haýyş bilen geldim. — Akyl soramaga geldim diý. — Akyl soramaga geldim. — Aýdyber onda. Maslahaty menden al. — Hälki alyp gaýdan tapyndylaryňyzyň içinde bir ýapon ýüň ýaglygy bardy. Ana, şol ýaglyk maňa gerek. — Utanaňokmy, maňa gerek diýmäge. Ol seniň gelnejeň dakynyp ýören ýaglygy ahyryn. Men ony saňa nädip bereýin. — Hemra aga, maňa şol ýaglyk gerek. Özem çalt gerek. — Ýok, men gelnejeň ýaglygyny berip bilmen. Akyl bereýin, ýaglyk ber diýme. — Siz maňa sataýyň. — Näçä aljak? — Tapawudy ýok. Näçe diýseňiz aljak. — Men munuň bahasyny bilemok-da. Men saňa bir baha aýtsam, olam arzan bolsa, soň näderin? — Siz artygy bilen aýdaýyň. — O ýaglyk otuzdan-a arzan däldir. — Bolýa, men otuz bereýin. — Dur entek, ol otuzdan gymmatdyr. Göreňokmy onuň lowurdap durşuny. Özem-how, Ýaponiýadan gelen ýaglyk, otuz manad-a onuň diňe ýoluna-da çykandyr. Elliden bir köpük arzan bolsa-da satjak däl. — Hemra aga, gozgansana, men howlugýan. Bol bahym, puluňy birki günden alarsyn. — Aý, ýok, men birki gün garaşyp biljek däl. Ertirden uzaga çekjek bolsaň, men saňa hiç zadam berjek däl. — Hemra aga, men-how şu ýaglygyň bahasyny iki esse edip bereýin. Ýöne bahym bol. — Iki essemi? Ýüz manat berermiň? Häzir ber onda. — Häzir ýanymda ýok. — Git-de getiräýsene, inim. Men sen gelýänçäň ýaglygy gazede dolapjyk goýaýyn. — Hemra aga, düşüniň-how, maňa gaty gyssagly gerek. Göni bir sagat on sekiz minuda çeken çekeleşikden soň, Atda tapagan eli ýapon ýüň ýaglykly Hemra illewlerden atylyp çykdy. Gözel gyz garaşmakdan ýaňa surnugyp gidipdir. Atda tapagan dabara bilen ýüň ýaglygy Gözeliň egnine atdy. — Men sumkamy soramaga geldim. — Gözel, sumkaňy men öýüňize eltip berdim-ä. — Eltip berdim diýip aýdaýmaly ekeniň-dä. Bu ýaglygyň näme? — Saňa sowgat berýän men şu ýaglygy. — Maňa sowgat gerek däl. — Köpçüligiň içinde sowgat almagy gelşiksiz hasaplandyr-da, ýüň ýaglygy Atda gaýdyp berdi. Atda almajak boldy. Gözel hem almajakdan. Atdanyň yzysüre gelen Hemra illew nämäniň-nämedigine düşünip, eger ýaglyk alynmasa, uly peýdadan galjagyny aňyp, Gözele ýalbaryp, töwella edip ugrady. — Gözel, gyzym, sen meni diňle. Men seniň kakaňy adam eden adam. Meniň diýenimi etseň bereket taparsyň, bagt taparsyň. Kakaňdan sorap gör. Seni kim adam etdi diýip. Häzir meniň aýdanymy etseň, soň bütin ömrüňe maňa alkyş okarsyň. Eger meniň aýdanymy etmeseň, soňundan ökünersiň. Bu ýaglyk üýtgeşik ýaglyk. Gülleri dagy köz ýalak. Al, gyzym, al. Gözel-ä almajakdan, Hemra illewem berjekden. Garaňky düşensoň Gaýyp başlygyň tabşyrygy boýunça bir maşyn «tapyndy» getiren kişi ýanyna iki sany kömekçi alyp geldi. Getiren zatlaryny äkitmekçidigini aýtdy. — Siziň o getiren zatlaryňyz Hemra agaň ogullarynyň zatlary eken-ä. — Kim ol Hemra aga diýýäniň? — Goňşymyz. Siz bir öý ýalňyşyp getiripsiňiz ol zatlaryňyzy. — Biziň zatlarymyz diýdimi? — Elbetde, öz zatlaryny tanady olar. Ýolbars antam içdi. — Kim ol Ýolbars? — Hemra illewiň uly ogly. — Haý, Ýolbars bolaýşyny onuň? — Siz Ýolbars ol zatlaryň eýesi däl diýjek bolýaňyzmy? — O nädip Ýolbarsyň zady bolsun? O zatlar, jan inim, raýponyň skladyndan alnan täzeje zatlar ahyryn. — Siz eýesi tapylsa, alybersinler diýdiňiz-ä. — Men o sözi eýesiniň tapylmajagyny bilemsoň diýdim-dä! Näbileýin sizde beýle hajymelikleriň bardygyny. — Men-ä onda size näme diýjegimi bilmedim. — Nädip tanady olar «öz zatlaryny?» — Ilki matalaryny tanadylar, ýarym sagatdan soň welosipedlerini, gazanlaryny tanadylar. Bir sagatdan soňam ähli doganlary üýşüp geldiler-de, zatlarynyň baryny tanap, alyp gitdiler. Sag bolam aýtmadylar. — Sen-ä meni geň galdyrdyň, Tapagan! — Bä-ä, Hemra aga meni onda aldaýdymykan-aý? Büý-ä gelşiksiz. Raýponyň zatlary bolsa, ony yzyna almasak bolmaz. Hökümediň zadyny alyp bolmaz-a. Bir ýüň ýaglykdan özgesini men häzir olardan alyp bereýin. — Ýüň ýaglyk näme? — Ýüň ýaglygy, bagyşlaň, men ony Hemra agadan alyp başga birine berdim. Bir gözele berdim. Ony men yzyna alyp biljek däl. Näçe manat bolsa, bahasyny töläýin. Ýörüň. — Nirä? — Hemra agalara. — Sen akylyňdan azaşdyňmy? Nähili adam-aý sen. — Olar aldap almaly däl ahyryn. — Elbetde, aldap almaly däl. Ýöne, rast, aldap aldylarmy, noş bolsun. Biz bu syry hiç kime aýdyp bilmeris. Eger aýtsaň, obanyň içinde wejera bolarys. Raýkom masgara bolar, raýpo masgara bolar, kolhoz prawleniýesi masgara bolar, hökümetimiz masgara bolar.Eger Hemra agalara baryp alan zatlaryny ber diýseň, bilýäňmi, ertir ikimizi nireden çykararlar? — Nireden çykararlar? — Sibirden çykararlar. Sibiriň türmesinde ýatasyň gelýämi? — Ýok. — Onda demiň çykmasyn. — Ýok, men muny beýle goýup bilmen. Hemra aga bilen düşünişmesem bolmaz, goý, ol meni aldamasyn. Şofýor Atdanyň elinden şapba tutdy. — Isleseň aýagyňa ýykylaýyn. — Ýykylsaňam men göni baryp: «Hemra aga, Ýolbars, siz ýalançy ekeniňiz diýmesem rahatlanmaryn, goýber meni». • Bäşinji kyssa • MÖJEGE MEŇZEŞ ITIŇ TARYHY Aslynda, Mergen aganyň şol itiniň durmaly ýeri — Atda tapagyň häzirki sergisidi. Ýöne ony hiç kim tapmady-da, özi tapyldy... Bir gezek Mergen aga gumlugyň içinden eşeklije gelýärkä onuň gapdalyndan ite meňzeş möjekmi ýa-da möjege meňzeş başga bir jandarmy — bir ýyrtyjy çykdy. Eşeg-ä muny gördi-de, hynçgyryp, kürtdürip duruberdi. Soňam birden uzyn-uzyn aňňyrdy-da berdi tapyrda. Eşegiň üstünde pinekläp gelýän Mergen aga-da sermagallak bolup gaýtdy arkanlygyna. Hälki möjek-it bolsa seňkildäp geldi-de, guma bulaşyp ýatan Mergen aganyň aýagyndaky mesi-galoşyny ysgaşdyryp ugrady. Ysgady-ysgady-da onuň gapdalynda ýatyberdi. Bir salymdan essine gelen Mergen aga gapdalynda gysmyljyrap ýatan jandary görüp, birbada zähresi ýaryldy. Zähresi ýarylsa-da bendäniň edip bilýän alajy ýok, zähresi ýaryklygyna ýatyr. Ol çagaka-da itden gorkýardy. Adam garrasa-da gorkjak eken. Ýöne it çaga bilen garra degmezmiş-ä diýýärler. Çünki çaga-da, garry-da biçäre. Itiň oýny biçäre bilen däl, çäreli bilen. Mergen aga-da galdy bir basga. Kelemesini çöwürmäge başlajagyny-başlamajagyny bilmän kösendi. Gaçyp gutulmajagyn-a ol bilipjik dur. Item bilýän bolmaly, gaty arkaýyn ýatyr ol. «Ýa Allajanlarym, gel-gel, indi ahyr ýaşymda, şu çölüstanlygyň içinde, bir aç möjege şam bolmaly boldum-ow» diýip, gözüni ýumdy. Göz öňünde agylyndaky dört sany toklusy janlandy. Wah, möjek islese, öz janyny şol dört tokla çalyşjag-a ol. Ýöne bu jandaryň arkaýyn ýatyşy hiç bir eglişige — alyş-çalşa, bartere gitjege meňzänok. Ýazgytdan gaçyp gutulma ýok. Mergen agany obanyň gapdalynda it iýipdir diýseler, ana, şol ýaman. It iýip ölen diýerler. Şu ýere-de: «Mergeni itiň iýen ýeri» diýip at beren bolarlar. Ähli kişi üstünden güler. Wah, Mergen diýen adym hem bar. Italmaz, Mürşük, Kertik dagy bolsa owarramam welin... Haýsy ýerimden çekip başlarkan? Mergen aga garaşdy. Ýok, it garaşdyryp süýjüdip iýjek bolýarmy, nämemi, başlaberenok. Mergen aga süýnüp ýatyşyna sag gözüni çalaja açyp, äpet möjege seretdi. «Bä, Allajanlarym, munuň ýatyşy-ha itiňkä meňzeýän ýaly... Onsoňam, bu möjek bolaýan bolsa, birçak meniň içegämi silkip gitmezmidi?» Hälki ite meňzeş peläketem Mergen aganyň gymyldanyny gören bolarly, garysyna galyp, ýene Mergen aganyň galoşyny ysgady, «pahmel» edýän ýaly onuň bolşy, soňam meýmirän şekilli, gözlerini süzdi. «Bu, eger it bolaýanda-da türkmen itine-hä meňzänok. Munuň bilen türkmençe gürleşip bolaram öýdemok. Orsýetiň itine meňzeýär» diýip, Mergen aga-da aldygyna içini gepletdi. Soňra ol frontda öwrenen sögünçleriniň iň haýbatlyraklaryndan birki sanysyny ýatlady-da, birdenem: — Poşol ty na ... — diýip, duýdansyz haýkyrdy. Hälki jandar bu gaba telpek, salyhatly ýaşuludan beýle sögünje garaşmadyk bolara çemeli — gözlerini petredip, arkan serpildi-de, gojanyň ýüzüne geň galyjylyk bilen äňetdi. Beýle hapa sögünç saňa gelşenok diýýän dek, başyny ýaýkady. Utandyrjak bolýarmykan bü? Mergen aga bolsa, hyk-çoklap, ýerinden galdy-da, häki it şekillä ünsem bermän, eşeginiň giden yzy bilen keýtikläp ýöräberdi. Bir salymdan soň ýeňsesine gaňrylyp seretse, ýaňky it sypatly jandar ýene-de munuň yzyndan seňkildäp gelýär. Ýaňky sögünje düşünmedik bolmaly, düşünen bolsa-ha ol it gaýdyp dagy-duwara Mergen aganyň ýüzüni görmeli däl. It Mergen agany tä öýüne çenli ugratdy, soňam onuň bosagasynyň agzyny ýassanyp ýatyberdi. Näçe ýyl bäri tamjagazynda ýeke özi ýaşap ýören Mergen aga-da her hili sögünje kaýyl, binamysrak bu janawaryň özüne ýoldaş çykmasyna garşy bolup durmady. Üstesine-de bu janawar gaty ukyply bolup çykdy. Garrasaň, diňe dişiň däl, huşuň hem gaçar eken. Garrasaň, senden gaçýan zadam, gaçýan adam hem köp bolar eken. Ýöne dogrusyny dogry aýtsaň-a, Mergen aganyň men-men diýen çaglaram üýtgeşik bir huşy ýokdy. Ýadyna salýan zadyndan, çykarýan zady köp bolardy. Mergen aganyň baran ýerinde bir zadyny — ýa hasasyny, ýa telpegini, ýa köwşüni galdyryp ýa-da çalşyp gaýdybermek gylygy bardy. Aýagy mesili bolansoň, ol, köplenç, baran ýerinde galoşyny galdyryp gaýdyrdy. Şonuň ýaly ýagdaýda ýaňky ite ýüzlenip: — Idi, idi! Kaloş, kaloş! — diýseň, ol janawar kellesini aşak egip, burnuny ýere degrer-degirmez edip, göýä yz çalýan ýaly, seňkildäp giderdi-de, Mergen aganyň galdyran köwşüni tapyp geläýerdi. Eger tapmasa-da, goňşy-golamyň gapysyndan bir zatlar alyp gaýdardy welin, garaz, boş-a gelmezdi. Tüýs döwrebap it bu... • Altynjy kyssa • SENEM BAŞLYGYŇ ATDANY ÖÝERJEK BOLŞY — Atda akga, sen derrew bize barmaly. Ejem saňa hiç ýerde durman, demini alman, derrew ylgap gelsin diýdi — diýip, gözleri ýeserlik bilen oýnaýan, ýaşyndan ekabyr görünýän, on üç-on dört ýaşlaryndaky Deýkaý Atdanyň gaşynda häzir boldy. — Häzir bir käse çaýymy içeýin, derrew bararyn. Ejeňe häzir gelýär diýip aýdaý. — Bolmaz şonyň-a. Ejem çaýyň gaçyp gitjek ýeri bolmaz diýdi. Meniň yzym bilen uçup gitmeli. — Onuň ýaly näme gyssag iş bar? Bilýäňmi? — Bilmesine-hä bilýän. Ýöne men düşünmedik bolup ýörün-ä. Sebäbi men kämillik ýaşyna ýetmedik diýilýänlerden. — Maňa ogrynça aýdaý. — Näme üçin ogrynça?! Men aýtsam ogrynça däl, dogry aýdaryn. Ýöne bir şert bilen. — O nähili şert?! — Men özümi islän gyzyma söýdürmegi başarýan. Ynanmasaň, syna-da göräý. Sen maňa bir owadan, tekepbir gyzy görkez-de: «Ine, şu tekepbir gyzy mugyra getir» diý. Men ony sähel salymyň içinde üstümde kökenek gerip duran edeýin. Ýöne men seň ýaly, köçeden pul tapmagy başaramok. Sen meniň çöwre ýüzüm. Göni ýüzüňe aýdaýyn: seniň ýaşaýşyň bolanok. Pul tapmagy başarýaň, ýöne ony peýdalanmagy, özüňi söýdürmegi, söýmegi başaraňok. Seniň başarnygyň mende bolsady! — Näderdiň? — Ilki bilen özüme Täçmahal ýaly köşk gurdurardym. — Soň näderdiň? — Soňmy? Soň Togrul begiňki deýin dünýäde iň uly toý ederdim. Bir aýlap toýumyň myhmany egsilmezdi. Diňe bendesi ýalňyşýandyr öýderdim. Seni görüp, käte Hudaýyňam ýalňyşýandygyna düşündim. — Hudaý ýalňyşypmy? — Elbetde, ýalňyşypdyr. Tapaganlygy saňa bereninden ne Hudaýa, ne özüne, ne-de adamlara oňly peýda bar. Seniň talantyň şemalyň ugruna dereksiz pytyrap ýatyr. Seniň bolşuňa, ynan, meniň nebsim-janym agyrýar, nädeýin. Elbetde, sen doglaňda adamlaň janlaryny ýakmak üçin doglan bolsaň gerek. — Eý, jünnegi sary, sen nämeleri samrap otyrsyň? Kim seni okadyp goýberdi. Bu sözler seniň diýjek sözleriň däl. Ejeň öwretdimi? Ýa kakaň öwredendir? Ä? — Sen çöregiň üstünde oturyp, ömrüňi aç geçirjek ýigit. Meniň şu sözlerimi ýadyňda bek sakla. Deýkaý dogry aýdan eken diýersiň ýene otuz ýyldan. Wah, ejemde akyl ýok. — Näme, näme? — Ol seniň iki gözüňi dört etjek bolýa. — Şonuň üçin ol akylsyzmy? — Ol seni öýerip, bir bal ýaly gyzyň bagtyny ýatyrýa. — Näme diýdiň? — Bagyşla, bagyşla. Men gatyrak gitdim. Men bir kämillik ýaşyna ýetmedik jüýje. Sen menden gaty görme. Ýöne gel ikimiz şertnama baglaşaly. — O nähili şertnama?! — Birek-birege tejribelerimizi öwretmek barada ylalaşyga geleli. Şeýtsek, ikimiz üçinem gowy bolar. Biz birek-birege öz tejribämizi öwretsek, onsoň biziň öňümizde döwem durup bilmez, perizadam. Maňa açyk aýt, pul tapmagy öwredermiň? Atda tapagan gulagynyň eşidýän sözlerine ynanmajak boldy. Ol ýegençisini entek oglan-oglanjyk hasaplap ýördi. Ýöne onuň diýýän sözleri «kämillik ýaşyna ýetmedik» oglan-oglanjygyň diýjek sözleri däl. Tüweleme, kämil çykypdyr bu. — Öwrederin. — Erkekmi? — Erkek. — Ejem saňa gyz saýlapdyr. Häzirem seni şol gyz bilen duşurýar. Menem ejemiň ýanynda hiç zada düşünmedikden bolýan. Goý, ejem jan hoş bolsun. — Kim ol gyz? — Ol gyzyň adam, özem Gözel. Gözel! Woo! — diýip, Derkar başam barmagyny çommaldyp görkezdi. — Şony sypdyraýmagyn. — Maslahat berýäňmi? — Onuň ýaly bagt Orta Aziýada, Ýaponiýada, Hindistanda başga ýokdur. Ýekeje ol. Orta Aziýadaky iň owadan bagt mende diýip döşüňe arkaýyn urup bilersiň, eger onuň ýüregini eredip bilseň. Eger saňa göwün bermese, onda ony men sypdyrjak däl. — Sypdyrman nätjek? — Ähli söýüşýänlerimi taşlap oňa öýlenjek, ol kesekä gitmeli gyz däl, men gyzlary gaty gowy tanaýan. — Sen entek mekdepde okap ýörsüň, ol mekdebi gutaran. Onsoň sen oňa nädip öýlenjek? — Daýy, sen meni alada etme, men öz günümi görerin. Ýöne bagtyňy synap gör. Eger Gözel razy bolsa, men seniň hatyraň üçin yza çekilýärin. — Ýumruk ýaly halyňa sen munça zatlary nireden bilýäň? — Seniňki ýaly boş göwreden ne peýda? Göwresi uly akylly bolýan bolsa, Hemra illewiň kakasy dünýäni tutardy. Görgüliniň agramy 561 kile eken. O görgüli ýogalanda bir obaň gölegçisi azlyk edipdir. Hemra illewiň özem-ä 150 kile bardyr, Hudaýdan dilegim, şol ölende men bir gölegçi bolmaýyn. Eger Hemra illewi hasap etmesek, obamyzda seniň ýaly daýaw kişi başga ýok, göwre boýunça akyla baha berilýän bolsa, bu gün sen obamyzda iň akylly adam bolmaly. Ýöne beýle däl-ä. Göwre, güýç orta çykyp göreş tutjak bolsaň gerek, men göreşi akyl meýdanynda tutýan. Gyzlaryň sypamagy üçin meniň kelläm örän amatly. Olar bilen gujaklaşmak, posa alyşmak üçin meniň göwräm abaý. Seniň bilen gujaklaşmak amatsyz. Sebäbi göwräň daýaw. Biliňe gyzlaryň eli ýetjek däl. — Sen gyzlar bilen gujaklaşýaňmy? Sen entek jünnegi sary ahyryn. — O nähili jünnegi sary bolýan men? Ýedinji klasda okaýan-a. Oglanlar birinji klasdan söýşüp başlaýarlar. — Senem söýüşýäňmi? — Berýän soragyň nähili-aý seniň. Men nä söýüşmän kemismi? Erkek dälmi? Deňi-duşlarymdan meniň näme kemim bar? Kem ýerim ýok. Gaýtam, artyk. Men kolhoz başlygynyň ogly. Baý ýeriň ogly. Şonuň üçinem deň-duşlarym biri bilen söýüşse, men dördüsi bilen söýüşýän. — Dördüsi bilen diýýäňmi? — O dünýäde önüp-ösüp gelen ýaly-laý sen. E-eý, sen düşün. Sen o dünýäde ýaşamadyň. Bary-ýogy iki ýyl Owganystanda gulluk edip geldiň. Dördüsi bilen diýýänimi näme üçin geň gören bolýaň. Men saňa bu zatlary düşünmegiň üçin aýdýan, ýogsam men bu zatlary gaty gizlin saklaýan. Bir ýerde diliňden sypdyraýma. Men dört gyz bilen söýşüp ýörün, taşlanlarymam şonçarak bardyr. — Nädip taşlaýaň? — Eý, dogrymy aýdaýyn, saňsar-aý sen. Söýüşmäni goýsaň, taşladygyň bor-da. Taşlamak nä görülmedik-eşidilmedik zatmy? Taşladym — sebäp olaryň käbir bolşuny halamadym, wessalam. — Eý, gürrüňiň kän-ä sende eken. — Bolýa-laý, mölterilip durma-da, düş yzyma. Gözeli köp garaşdyrma — diýip, Derkar yzyna öwrüldi. — Ýegençi jan, dursana. — Men duraryn, ýöne Gözel durmaz. Meniň bilen näme gürrüňiň bolsa soň ediber. Häzir Gözel bilen etjek gürrüňiň hakda oýlan. — Nämesini oýlanaýyn? — Men bolsam, oýlanmasam hem bolýar. Sen oýlanmaly. Seniň tejribäň ýok. Sen entek söýgüde jüýjejik. — Beýle aznawur bolsaň, Gözeliň ýanyna barmaly bolanymda ýanymda dursana. Men onuň bilen näme gürrüň etjegimi, walla, bilemok. — He-he. Gorkýaňmy? Gorkmagyn. Atda tapagan ýegeniniň yzyna düşdi. Derkar uçup barýar. Atda-da ondan kem däl. Ýarpy ýoly ýaňy geçenlerinde Atda saklandy. — Ýegençe, dursana, bir bende ýaglyk gaçyrypdyr. — Atda tapagan ýaglygynyň tozanyny kakyşdyrdy. — Nätsekkäk? — Zyňsana! — O nähili zyňsana? Bu bir bendäniň zady ahyryn. Gel, munuň eýesini tapyp gowşuraly. Saňa tapaganlygy öwretmäge söz berdim. Goý, şu ilkinji sapagym bolsun. Derkar ýegen ylgap geldi-de, daýysynyň elindäki ýaglygy kakyp aldy: — Belki, «Kim ýaglyk ýitirdi?» diýip üç gezek gygyrarsyň? — Gygyraýaryn. Derkar ýegen ýaglygy eliniň tersi bilen zyňyp goýberdi. — Edýäniň näme seniň, Deýkaý ýegen. Ol ýüň ýaglyk. Ýapon ýaglygy. Ony ýitiren görgüli kösenip ýörendir — diýip, Atda tapagan ylgap ýaglygy ýerden göterdi: — Eýesini tapyp gowşurmasak, bolmaz ahyryn. — Seniň borjuňmy şol? — Eýsem näme? Derkar ýegen ýaglygy aldy-da, guma bulamaga durdy. — Edýäniň näme seniň, Deýkaý ýegen? — Edýänimmi? Saňa kömek edýän, tapan ýaglygyňy guma bulaýan — diýip, Derkar ýegen ýaglygy iki böljek, ýyrtjak bolup çytraşdy. Ýyrtyp bilmedi. — Bir bendäniň zadyny beýtme ahyryn, Deýkaý ýegen. — Beýtdirmejek bolsa, goý, ýitirmesin. — Saklan, Deýkaý ýegen, saklan. Men onuň eýesini derrew taparyn. — Saňa Gözel garaşyp dur, Gözel. E-e-eý, bagtyň garaşyp dur. Bagt garaşdyrylsa halamaýar, bagt garaşmaýar. Edil gyza garaşan dek, bagta biz garaşmaly. — «Bagt garaşdyrylsa halamaýar» diýýäňmi? — Hawwa, bagt garaşdyrylsa halamaýar diýýärin. Bir giden bagtam soň gaýdyp getirip bilmersiň. Bir agzaçygyň ýitiren köne ýaglygy üçin bagtyňy gidirme. — Köne däl-ä. Täzeje ýaglyk eken. Ýöne sen ony görer ýaly etmediň. — Seniň göwnüň Gözele däl-de, ýaglyk ýitirene atygsaýar. Şeýlemi? — Men Gözeli uzak garaşdyrmaryn. Ýaglyk ýitiren bir ýerde oturyp karar tapýan däldir. — Gözel bizde oturyp karar tapýanmydyr? — Sen bu ýaglygy görmez ýaly edipsiň. Men indi ýaglygyň eýesine näme jogap bereýin? — Näme jogap berseň, şony jogap ber — diýip, Derkar ýegen gahardan ýaňa titredi. — Men gitdim. Senem nätseň, şeýt. Meniň Gözele aýtjak zadym bar. Sen ýaglygyň eýesini gözläber. Öýe barybam oturma. — Deýkaý ýegen, bu näme diýdigiň bolýar? Gözel garaşýar diýdiň. Indi öýe barybam oturma diýýäň. — Gözele özüm düşündirerin. — Deýkaý ýegen, Deýkaý ýegen — diýip, guma bulaşan ýaglygy alyp, ýegeniniň yzyndan ylgady. — Gaharlanmasana, Deýkaý ýegen. Sen Gözele näme diýjek bolýaň? Gahardan ýaňa sandyr-sandyr edip barýan Derkar ýegen bada-bat jogap beräýmedi. Daýysy zol-zol sorap yzyndan galmansoň, ol aýak çekdi. — Men Gözeliň bagtynyň ýatmagyna sebäp bolup biljek däl. — Men Gözeliň bagtyny ýatyrýanmy? — Entek ýatyraňok. Ýöne saňa durmuşa çyksa, bagtynyň ýatdygy. Saňa durmuşa çykandan, goý, Kertik aganyň garantgasyna durmuşa çyksyn. Seniň ýaly samsygy şu ömrüme göremok men entek. Gözel şol gözelligi, şol akyly bilen, goý, seniň ýaly samsyga durmuşa çykmasyn. Ol gaty owadan gyz, ol gaty akylly gyz. — Men indi kakamyň garantgasyça-da ýokmy? — Garantga hiç zat tapanok. Sen zat tapyp, hemme zady bulaşdyrýaň. Men Gözele göni: «Atda durmuşa çykma, ol samsyk» diýjek. Senem başlyk özara dawalaşyp gelýän daýydyr ýegeni daş işikde garşylady: — Geler ýerde gelmediňiz-le. Nirede bolduňyz? Derkar kinesini içinde saklajak bolup durmady: — Aý, seniň tapagan doganyň ýoldan köne bir ütül tapyp, «Kim ütül ýitirdi» diýip üç ýüz gezek zowladyp gygyryp güýmendi. Eýesi tapylmansoň, öýme-öý girip çykmaly bolduk. — Ütül däldi bi — diýip, Atda tapagan ýaglygyň tozanyny kakyşdyrdy. — Kakyşdyryberseň-ä ýaglyga-da meňzejek bu — diýip, Senem inisiniň elinden ýaglygy aldy, soňam ony hapa-hupa saklanýan sebede zyňyp goýberdi. — Indi bildim, ogluň saňa meňzeýän eken — diýip, Atda tapagan gaharlandy. Baryp ýaglygy aldy. — Bir bende agtaryp ýörendir muny. — Şunuň üçin gijä galdyňmy, Atageldi? Ä? Derkaryň diýýäni çynmy? — Men tapamda, bu täzeje ýaglykdy, Senem — diýip, Atda düşündirmäge durdy. — Ýöne... Derkar ony gürletmedi: — Eje, aý eje, hany Gözel? — Uzyn günläp Gözel garaşarmy? Gitdi ol. — Wiý, biz ylgap geldig-ä. — Atda tapagyň elindäki ýaglygy gaçdy. — Garaşaýmaly eken ol. — Atda ütüliň eýesini tapdygy geler diýmeli ekeniň-dä, eje. — Sen bir ýere baransyň, güýmenensiň. Wah, men beled-ä saňa. Ýogsam kyrk gezek gidip gelerçe wagt boldy. Gözel görgüli garaşyp bildi-le. Nätsin, gelmeseňiz. — Senem, indi nätsekkäk? — diýip, Atda elewredi. — Men derrew geldim-ä. Indi onuň bilen duşuşyp bolmazmyka? — Duşasyň gelýär-ow? — diýip, Senem göwnühoş ýylgyrdy. — Duşuşmak üçin sowgadam getirdi şo ýaglygy — diýip, Derkar ýylgyrdy. — Bes et, Deýkaý. — Senem, indi bary gutardymy? — Gutarara entek başlan zat ýog-a. — Onda gitmeli däl eken-dä. Indi nädip duşuşyp bolarka? — Duşuşjagyň çynyň bolsa, ertir sagat on iki nol-nolda öýde bol. Şu öýde. — Gelermi? — Geler. — Hökman gelermi? ... | |
|
√ Dirilik suwy -27: romanyň soňy - 27.05.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -20: romanyň dowamy - 03.11.2024 |
√ Dirilik suwy -8: romanyň dowamy - 03.05.2024 |
√ Dirilik suwy -22: romanyň dowamy - 22.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -12: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -27: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |