23:32 Tapagan -5/ romanyñ dowamy | |
• Dokuzynjy kyssa
Romanlar
• ATDA TAPAGANYŇ ÝALŇYŞY — Atda jan, derrew gelsin diýipsiň. Uly bir bähbidimden galmaýyn diýip, iýip oturan bal ýalak palawymy taşlap gaýdandyryn. Eýle-beýle zat, ýa alan ýüň ýaglygymyň bahasyny bereýin diýen ýaly ownugrak zatlar üçin çagyrmajagyňy bilýän-ä men seniň. Hemra agamy ýalkaýyn diýdiňmi? — Hemra aga, sen öň çölde işlän adam. Şofýorçylyk edipmidiň? — Hawa, hawa, şofýorçylyk edipdim. Ähli kişi meniň maşyn sürşüme aňk bolardy: «Maşyn sürseň, Hemra aga ýaly sürmeli. Ýogsamam men şofýor diýip ýörmeli däl» diýerdiler. Kolhozyň ähli şofýory menden maslahat soramak üçin oçura durardy. Biri «Hemra aga, aýtsana, maşynym gidip barýarka birden öçäýýär. Näme üçinkä?» diýip sorar. Beýleki biri ýene bir zat sorar. — Gürrüňi uzaga çekip durjak däl, Hemra aga. Siz maňa anyk jogabyňyzy aýdyp, palawyňyzy iýmäge gidiberiň. Size pul gerekmi? — Gerek, Atda jan, gerek. Altmyş ýyllap kowaladym, ýetdirmedi. Indem ýetdirjege meňzänok. Özüň öz eliň bilenjik elin tutup ber şony. — Gerek bolsa, men sizi öz ýanyma işe alýan. Aýlygyňyz gowy bolar. Maşyny kä gün sürseňiz bor. Haýsy günler sürmelidigiňizi özüm aýdaryn. Sizi kösäp ýörmän, maşyny özüm sürerin. Aýlygyňyz bolsa, ýörär durar. — Hökümet tapaganlygyň üçin başlyk edäýdimi seni. Gorbaçýow ýaşasyn. Aýaly Raisa Maksimownanyň ömri uzak bolsun. Bir ukybyň bolsa, hökümet derrew duýýar. Gadyryňam bilýär. — Men geologiýa ekspedisiýasyna işe geçdim. — Köpden bäri maşyn süresim gelip ýördi. Meniň islegimi nädip bildiň, Atda jan? Aý, hawa-da, bilýänligiň üçin Atda tapagan-da sen. Atda gürrüňi jemledi: — Onda gürleşdik. Ertir sagat altyda öýe — işe gel. Maşyny kabul edip alarsyň. — Bolar, Atda jan, bolar. Kabul edip almaga men äl ökde. Häzir baryp gelnejeňi begendireýin. Kim bilen gürleşýändigini gowuja bilsin. Indem iňňirdesin şol! — Gökdäki dilegi ýerde gowşan Hemra illew begenjini içine sygdyryp bilmän, öwran-öwran ýuwdundy. — Atda jan, eýýäm başlyk bolaýdyňmy? — Başlyg-a däl... — Başlykmaşyn beren bolsalar, başlyk bolanlygyň şol. Kakaň ikimize berenoklar-a. — Geolog bolup işe girdim. — Geolog diýdiňmi? Bilýän, bilýän, geolog diýmek başlyklaryň depesinden garaýan diýmek ol. Beýle zatlary sen çekinmän menden göni sorabergin. — Nebit, gaz agtarýanlara geolog diýýärler. — Sen ýaş halyňa meni okatjak bolma. Sen entek arlygyňy öl-myžžyk edip ýören bäbek wagtyňam geolog-pedagog sözlerini obada diňe men bilýärdim. — Hemra illew begenjine guş deýin uçaýjak boldy. — O gün ýadyňdamy, men saňa näme diýdim? — Bilmedim men-ä. — O näme üçin bileňok. Bil. Men saňa: «Meniň pendimi tutsaň adam bolarsyň, başlyk bolarsyň diýdim. Eýýäm başlyk bolaýansyň görseň. Meniň diýenim bilen bolsaň, nesip bolsa, sen ýene-de ösersiň. Ýadyňdamy, köpçüligiň içinde saňa göni diýen sözlerim? Ä? Ýadyňdamy şonda, o çatrykda diýen sözlerim? Näme diýdim men saňa şonda? — Ýadymda, Hemra aga, ýadymda. — Ýo-ýo-ýo, ýadymda diýeniň bolmaýa. Sen maňa diýen sözlerimi doly aýt. — «Atda, ýüzüňe aýtjak» diýdiňiz. — Dogry, diýdim. Soň näme diýdim. Aýdyber, aýdyber. — «Kakaň hatyrasy üçin men saňa bir akyl bereýin» diýdiňiz. — Sen näme diýdiň? — «Birisini däl, onusyny beriň, Hemra aga» diýdim. — Men näme diýdim? — «Ýok, onusyny berjek däl, ýekejesini berjek. Akyl bersem; gaty akyllyja bolgun. Ile kömek etjek bolgun. Ile kömek etseň, il ogly bolsaň, tükeniksiz döwlet taparsyň» diýdiňiz. — Dogry, bildiň. Aýdyber yzyny. — «Şeýtseň döwletem, halkam seniň gadyryňy biler» diýdiňiz. Adamlaram: «Bä-ä, Hemra agaň akylyndan soň, Atda jan sen hökman başlyk bolarsyň» diýdiler. — Indi gördüň dälmi, men akyl bersem, derrew başlyk bolaýansyň. — Siz duýan ekeniňiz, Hemra aga. — «Duýan ekeniňiz» diýip gümansyratmaň näme seniň. Men duýamok, men oraşan görýän, men oraşan bilýän. Hawa, hawa, men şeýle-dä. Hemra agaňa seniň gözüň öwrenişipdir. Gelnejeňem maňa gözi öwrenişipdir. Hemra agaň bihal adam däldir, görseň. Sen hiç wagt unutmagyn. Seni men başlyk edendirin. — Sag boluň, Hemra aga. Gadyryňyzy bilip, menem sizi işe alyp durun-a. — Dogry edýäň. Hemra illew Atdanyň başlyk bolanyna begenmek begenip, işe alanyna alkyş baryny aýdyp, özüniň ýönekeý adam däldigini öwran-öwran tekrarlap, öýüne gaýtdy. Daň bilenem dylym-dylym edip, Atdanyň ýanyna geldi. — Atda jan, sen-ä meni begendirdiň. Ynansaň, uzak gije maşyn sürüp çykdym. Gelnejeňem gapdalymda. Başlyk ýaly bolup otyr ol. Maşyna mündürjek, gyzyňka maşynly äkiderin diýip söz berendirin. Aý, erkek kişiniňki mydama söz bilendir. Aýyn bolmasa, ol aýalyna söz beren bolar. Beren sözünde-de durup bilmez. Ana, onsoň aýalynyň gyjalatyny gulagyny sallap diňläp oturmaly bor. Şu gezek, enşallasa, heleýimiň ýanynda dilim gysga bolmaz. Ol entek ärini tananok. Ediberişim bardyr meniň. Işe öýüň deňinden geçip gidiň diýdi gelnejeň. Öýüň deňine baranymyzda maşyny üç gezek «düýt-düýt-düýt» etdirmeli borus, Atageldi jan. Söz berlendir, söz. Meniň söz berdigim, seniň söz berdigiňdir. — Hemra aga, meniň bilen maslahatlaşman adam ogluna söz bermäň. — Adam ogly däl ol. Gelnejeň ol, gelnejeň. — Hemra aga, maňa aýtman hiç kime söz bermäň. — Meniňem gowşak tarapym bar: aýalymyň ýanynda söz bermän hiç durup bilemok. Goý, olam begensin. — Hemra illew Atda ýakyn geldi: — Atda jan, işi oňarmaryn diýip gorkmagyn. Men ýanyňda bolsam, seni hor etmerin. Meniň diýenim bilen bolubergin. Men köpi gören adamdyryn. Näme etjek bolsaň, gypynç etmän menden göni sorabergin. Gözüňi meniň gözümden aýyrmagyn. Eger men makullasam, göz gyparyn, göz gypdygym edibergin. Meniň akylyma eýerseň, bir ýylyň içinde ministr bolarsyň, enşalla. Ministr bolaňsoň mesele biraz kynlaşjak. Men munuň pikirini kän etdim gije. — Näme ol kynlaşjak zat? — Ministr belleseler, obada ýaşaryňa bolmaz. Goş-golamyňy alyp, Aşgabada gitmeli bolarsyň. Men bolsa, bu ýaşda Aşgabada gidip oturmaýyn. Ýöne her altynjy, bazar günleri gelersiň. Ana, şonda bir hepdeläp etmeli işleriňi maslahatlaşaýarys. Onsoňam meniň öýüme ekstrenniý ýagdaýda telefon çekmeli bolarsyň. Çykgynsyz ýagdaýa düşseň, göni jaň edäýgin. Özüm-ä uzynly gün öýde oturyp bilmen. Gelnejeň günuzyn öýde. Ol meniň sekretar-kömekçim bolar. Näme meseläň bolsa, ilki şoňa aýdarsyň. Meniň haçan öýde boljagymy sorarsyň. Men gelnejeňe öýde haçan boljagymy aýdyp giderin. Sen meniň öýde boljak wagtymy bilip, soň jaň edersiň... — Biderek gürrüňleriňizi... — Dur, dur, biderek diýen sözüňi yzyna al. Hany, üç gezek toba etdim, toba etdim, toba etdim diý. — Diýmesem näme bor? — Diýmeseň, bitäýmeli işleriňem bitmez. Ministrem bolmarsyň, başlygam. Hiç işiňem bitmez. Bol bahym toba etdim diý. — Meniň-ä diýesim gelenok. — Meniň akylymy almasaň, hor bolarsyň. Görersiň entek. Gör, ogullarym itiň art aýagyndan suw içýärler. Sebäbi meni diňlänoklar. Görersiň entek. — Hemra illew närazylyk bilen täze başlygyna bakdy. Soňam uzyn gije sürüp çykan maşynynyň gelerine garaşdy. Elinde-de bir giden mata-marlyk. — Hemra aga, eliňdäki letdeler näme? — Muny gelnejeň köneräk köýneklerini ýyrtyp berdi maşynyňy arassa sakla dýip. Nesip bolsa, işläp ýörsem, gelnejeňe köýnegi köp alyp bererin. — Maşyn münjek diýip gelnejem köýneksiz galandyr-ow. Aýalynyň abatja köýneklerini ýyrtyp maşyn süpürjek diýip alyp gaýdan Hemra illew aýaly yzyndan geläýen ýaly ýalpa yzyna seretdi. Hiç kimiň ýokdugyny görüp, biraz rahatlandy. Sürjek maşynyna garaşmaga başlady. Sagat alty boldy. Soň ýedi. Ýöne maşyn gelmedi. Sagat sekizde-de, dokuzda-da üç gezek düýdüldemeli maşyn gelmedi. — Atda jan, seni işden çykaran bolaýmasynlar? — Men işe düýn girdim-ä. — Ertir işe girip, öýlän işden çykan saparlarym hem bolupdy meniň-ä. — Mende onuň ýaly bolanok. — Ýaş başyň bar, sende-de bolar. Işden çykaryň diýip ýazmadyk bolsaň-a profsoýuzyň üsti bilen işiňi dikeltse bolar. — Entek işe girjek diýibem arza ýazamok. — Onda nä meni daňdandan bäri gapyňda galpyldadyp saklap otyrsyň?! — Özleri nebit tapyp ber diýip geldiler. Men olara nebit tapyp bereýin diýemok, meni işe alyň diýemok. — Onda sen nädip başlyk bolduň? — «Şyhym» oýunyň ýanyndan nebit ýatagyny tapyp berenimden soň, meni işe aldy olar. Baş geologda iki sany maşyn bar eken. Ol maňa seni şu günden başlap işe alýas diýdi. Maşynlarynyň birini görkezip, ine, şu ýeňil maşynam seniň hyzmatyňda bolar diýdi, nirä sür diýseň, sürer diýdi, şu şofýoram seniň huzuryňda bolar diýdi. Hut düýn diýdi şu zatlary. — Dur entek, dur, Atda jan. Ikimiz düşünişmeli. — Hemra illew birden saňňyldap ugrady. — Ikimiziň düşünip-düşünmez ýaly, dawamyz ýok, ýöne şofýor gelse, göni kowup goýberjek. Ony jynym almady meniň. — Dur entek, dur, Atda jan. Sen meniň bagtymy ýatyraýan ýaly-la? Sen-how meni işe alman, türmä salan ýaly-la! Meniň-ä işimi gördüň sen. Ir bilen ölmeli boldum-ow. Hany, täzeden aýt, nebiti nireden tapdyk diýdiň? — «Şyhym» oýunyň ýakynyndan. — Iki kilometr günbataryndanmy? — Ony siz nireden bilýäňiz? — diýip, Atda tapagan ör-gökden geldi. — Şol ýagjaryp ýatan giň oýdanmy? — Ýagjaryp duran giň oýdan, hawa. Ol ýerden ýakyn günlerde nebit çykar. Nebitiň ýatagy örän ýokary gatlakda eken. Ol ýerde bütin Türkmenistany ýigrimi-otuz ýyl arkaýyn ekläp biljek nebit zapasy bar eken. — Eh, Atda jan, sen meniň işimi gördüň. Saňa öňem bir göwnüm ýetip baranokdy meniň. Sähraýylygyň bir belanyň üstünden elter diýip pikir edip ýördüm. Men ýetişen adam bolmaly, pikir edişim ýalam boldy, meniň bagtymy ýatyrdyň. Maşyn sürmek nesibämde ýok eken meniň. Wah, maşyn sürmänem oňjak-la. Ýöne men seniň gepiňe ynanyp, heleýimiň ýanynda güpülän boldum. Janymyň ýanýan ýeri, mydama aýalymyň diýeni dogry bolaýýar. Käte ýalňyşyp meniň diýenim hem dogry bolaýsyn-a — diýip, Hemra illew köçä bakan ugrady. — Hemra aga, nirä barýaňyz? — Öýe barýan, goş-golamlarymy ýygnajak. Ät galmaýyn. Tapanyň şol nebit bolsa, maşyn yzyňdan gelmez. Arkaýyn bolaý. Näçe ýyl berjeklerini bilmedim, ýöne meniň yzymdan gelerler. Ynha, görersiň, Hemra agam weli adamdy diýip yzymdan ýatlaň. — Düşündirsene, Hemra aga! Hemra illew gaharyna saňňyl-saňňyl edip yzyna öwrüldi. Atdanyň alkymyna dykylyp gelip, agzyndan köpük syçradyp gürledi: — Men saňa ilki başga bir zat aýdaýyn. — Aýdyň, Hemra aga. — Men saňa üç gezek toba et, toba etmeseň bitäýmeli işiňem bitmez diýdimmi? — Diýdiňiz, Hemra aga. — Sen näme diýdiň? Aýdyber, aýdyber. — «Meniň-ä diýesim gelenok» diýdim. — Hawa, işiň bitdimi onsoň? — Bitmedi, Hemra aga — diýip, Atda perişan halda aýtdy. — Indi toba etsem giç bolarmy? — Indi giç. — Gijem bolsa, men-ä diýjek, Hemra aga. Toba etdim, toba etdim, toba etdim. — Toba bilen düzeljek zat däl eken seniň bu işiň. — Onda men nähak toba etdimmi? — Hemra illew birmahal tütjar baý bolupdyr diýip eşidipdiňmi? — Öňmi? Öň baý bolanmyşyňyz, eşitdim. Kän eşitdim. — Başga näme eşitdiň? — Nazar aga bilen hum tapanmyşyňyz diýip eşitdim. — Nazar-a tapan tyllalaryna jaý gurdy. Hany, meniň tyllalarym? — Men bilmedim, Hemra aga. Men bilmedim. — Wah, sen bileňok-da. Sähet ferma ir öldi. Näme üçin? — Arak içipdir diýýärler, kesel bolupdyr. Ekenokok diýen kesele sataşypdyr. — Sataşypdyr. Guran jaýy nähili? — Gül ýalak, iki gatly köşk. — Iki sany «Žiguli» aldymy? — Aldy. — Muhy näme üçin öldi? — Çölde çopan bolup işlän Muhy agamy? Arak içipdir. Içi ýöne gutaraýan eken görgüliniň diýdiler. — O aragyň puluny nireden alanmyş? Ä? Nireden alanmyş ol her gün iki çüýşe arak içer ýaly, puly?! Körgarganyň saçagy ýokdy ahyryn onda. — Bilmedim men-ä, Hemra aga. — Bileňok. Dogry, bileňok, bilmersiňem. — Nämäni? — Adama sütem etseň, soňy nähili bolýar? Ä? Soňy nähili bolýar? Hany, aýt. — Erbet bolaýmasa. — O nähili erbet bolaýmasa, hakykaty gümansyratma, erbet bolýar diý. — Erbet bolýar. — Ine, munyň dogry — diýip, Hemra illew bikeýp öýüne gaýtdy. Ol köp zatlary aýtman gaýtdy. Atda üçin düşnüksiz zat kändi. Ýöne, Hemra illew o zatlary doly aýtjak adama meňzänokdy. Aýtsa gözenegiň aňyrsyna geçäýjek ýalydy. Ol telewizorda köp gördi: men-men diýen wezipeli adamlaryňam eline gandal urup, göni alyp gidiberýärler. Ele gandal urulýan wakaly kino görende Hemra illew her gezegem ziňk edip giderdi. Ol oturan-turan ýerinde özüni arkaýyn, hiç hili günäsiz kişi ýaly alyp barsa-da, mydama böwründen kimdir biri oslagsyz hürsekläýjek ýaly bolar durardy. Onuň Atdanyň ýanyndan howlukmaç, bar zady şänik döwen ýaly etmän gaýdyşynyň düýp sebäbem diňe şol zatlar üçindi. Ol Atdanyň ýanyndan birmahalky eden etmişiniň ýanyndan zut gaçyp gaýdyşydy. Gaçyp bolýan wagty gaçan ýagşy. Etmişiň gowusy-ha ýokdur welin, sypyp bolýan etmişiň hem höziri erbet däl eken. Hruşýow ýyllary Hemra illew çopan goşlaryna solýarka daşaýardy. Uly ýük maşynyň üsti ullakan sisterna ýüklenendi. Ol sisterna-da solýarkadan doludy. Gyrkym döwrüdi. Gyrkymçylar-a gyrkym bilen başagaý. Solýarka getiren şofýorda näme iş bolsun? Biraz oturyp dynç alansoň, böwri byjyklap ugraýar. Hemra illew üç-dört ülpedi bilen gyrkymçylardan gaçyp, Atdanyň «nebit» tapan şol ýerine keýp çekmäge, has takygy, arak içmäge gelipdiler. Bir ýaşşik aragy içip, kellelerini sämedipdiler. Meý-mes bolup keýp çekipdiler. Gaýtmakçy bolanlarynda gözlerine ynanmadylar. Serhoşuň gözüne görünýändir öýtdüler. Ynanar ýaly däldi: Hemra illewiň äpet maşynynyň ýarpysy çägä gömlüpdir. Ýene dursa, galanjasam aşak çümüp gitjek. Içilen arak zym uçan dek bolupdy. Daňdanlar «S-100» traktoryny getirip, maşyny süýräp çykarjak boldular. Eger-eger çykarar ýaly däl. Onsoň, sisternany çekip düşürdiler. Şondan soň maşyny oýdan zordan çykardylar. Sisternanyň üstüni gömdüler. Bu hakda hiç ýerde dil ýarmaly däl edişdiler. Üç ülpediň «S-100» traktoryň traktorçysynyň dymmagy üçin Hemra üç-dört ýaşşik arak eçilmeli boldy. Şondan soň ýüregim agyrýar diýen bahana bilen Hemra illew işden çykypdy. Çölde işlemesini goýupdy. Ýüregi agyrýan şofýora çölde işlemek bolmaýar diýip bir tutaryk hem tapdylar. Ýöne ony geň galdyran zat: bir ýyllap şol sisternany soran-idän adam bolmady. Hemra illew kolhozda iňňe ýitse-de, yzyndan jogap bermelidir, hasaby bardyr öýderdi. Asyl sisterna ýitse-de bilinmejek eken. Hemra illew sisternanyň ýiteniniň bilinmändigine begenmek begendi. Käte bir zada aşarak begenseň, şol zadyň ýazzy maňlaýyna boran ýagýar. Hemra illew hem gömlen sisternanyň jebrini bir ýyldan soň çekip ugramaly boldy. Oňa-da täze ýer açyp ýörkäler Nazar diýen obadaşy bilen bir giden baýlygyň — birki küýze tyllanyň üstünden barmasy ol tyllalary hem paýlaşyp, ilden ogryn öýüne çekmesi boldy. Adamlar ýaponlaryň UZI-sindenem ökde. Senden alysda bolsalaram içiňi, jübiňi öz içlerinden, öz jübülerinden gowy bilýärler. Niçik sende bäş şaýynyň bardygyny bildikleri siňek deýin daşyňdan daşlaşmazlar. Her hili ýol bilen jübiňe hüjüm ederler. Özem şeýle bir ýol taparlar, senden peýda, bäş şaýy görmek üçin adamlaryň tapýan ýollaryny, walla, Allatagala-da ýere düşäýse, tapyp bilmez. Tapyp bilmejekligi üçin ol soňky döwürde ýere düşenok. Öz döreden bendeleri özünden ökde geldi onuň. Ol öz döreden bendeleriniň ökdeligine telpek goýup, telpeksiz galan bolmaly. Onuň döredenleriniň bilmeýän we bilmejek zatlary ýok-how. Biziň döwrümiziň adamlarynyň hemmesi wunderkind. Göräýmäge, tapyndy hakda Nazar ikisinden başga hiç kim bilmeli däldi. Ýöne şol tapylan tyllalar edil dil açan dek boldy. Ol ikisiniň tylla tapandygy hakdaky habar Amyderýaň joşguny deýin, Saganaly obasyna sygman raýonyň içine doldy. Iki kişiniň başy birikse, Nazar bilen Hemra ylla «S-100» traktoryň möçberiçeräk tylla tapanmyş diýip gürrüň etdiler. Gürrüňlerem dilden-dile geçiberse, şar deýin çişer eken. Ahyr olaryň hersiniň tapan tyllasy birki wagona bardy. Hakykatynda bolsa, hersine bäş-alty litr möçberindäki iki küýze tylla ýetipdi. Olam az däl-ä, eger şol tapylan baýlyk özüňe nesip etse! Nesip etmese, wagon-wagon baýlygyňdan ne peýda! O tyllalara hyrydar köpeldi. Ilki çöldäki maýda mallaryň fermasynyň müdiri Sähet bir gün ýüzüni ak tam edip geldi: «Barlag geldi, sisternany biljek bolýarlar. Birazajyk emlemesek boljak däl» diýip, üç-dört tylla alyp gitdi. Bir gün gelip, kolhoz başlygy şol sisternany soraýar, sorama diýip biraz emläýmesek boljak däl diýip äkitdi. Ýene bir gün OBHSS (Hemra aga bu sözi ilkinji gezek ferma müdirinden eşidipdi) barlaga geldi diýip üç-dört tylla äkitdi. Wah, bar ýagy ferma müdiri däldi-le. Muhy çopan hem: «Men dilime bek däldirin. Ýöne arak içirseň aýtmaryn» diýip, bar eklenjini, içgisini Hemra illewiň üstüne ataýdy. «Tyllanyň nähili zatdygyny göremok, on sanak tylla berseň, balyk gürlese-de, men gürlemerin» diýip, Muhy hažžyk-hužžuk bilen on tylla aldy. Hemra illew Muhy çopanyň öňünde iki-üç ýaşşik aragam goýup gördi. Köp wagt geçmänkä ýaşşik boşady. Iki adamyň başy birikse, Muhy çopan Hemra illewe kakdyryp gürlemäge başlady: «Aý kolhoz dagan-laý. Nämesini alsaň alybermeli. Bilýän ýok. Ynha, men bir sisterna bilýän. Nirede gömlendiginem bilýän. Kimiň gömendiginem bilýän. Näme üçin gömendiginem bilýän. Ýöne aýdyp ýöremok. Şeýle jenaýat eden kişileri sud etmeli, türmä basmaly. Ýöne ony degişli ýerine aýdýan ýok. Aý, aýtjak däl». Adamlar ýerli-ýerden Muhy çopany gürletjek bolarlar: «Aý, munyňyz-a bolmaýar. Aýtmaly. Goý, jezasyny bersinler». «O nädip jezasyny bersinler diýjek, eger şol işi eden jan ýaly dostuň bolsa?» «Dostuň bolsa-da, degişli ýerine aýtmaly». «Menem şeýle pikirde. Degişlije ýerine aýdarmykam diýýän. Aý, ertir aýdaryn-da». Ana, şondan soň iki çüýşäni goltgyna salyp, Muhynyň ýanyna barybermelidir. Ol bolsa öýünde «zakuska» taýýarlap, ýuwdunypjyk — garaşypjyk oturandyr. Bu zatlary Atda tapagan bilenok. O görgüli nädip bilsin?! Ýöne ol uzak gijeki begenmesiniň puja çykmasyna serpmeden gaýdan dek boldy. Hemra illewiň maňlaýyny tutup, uly-uly öwhüldäp, keç ykbalyndan nalap gitmesi ýöne ýere bolmaly däl diýen netijä geldi. Näme etjegini bilmedi. Zolotarýowyň ýanyna gidip, ähli zadyň anygyna ýetmelimi ýa-da netijesiz endişe diýip, başga işler bilen gümra bolubermelimi? Birden köçeden «GAZ-69»-yň signaly eşidilen dek boldy. Dogrudanam, bir maşyn signal berýär. — Meniň maşynym geldi ahyryn — diýip, Atda janykdy. Haý, Hemra aga, Hemra aga! Maşyn birki sagat gijä galdy welin, Hemra aga giň dünýäni gapyşdyryp gitdi. Dargursak eken ol. Boýy bir altmyş iki-bir altmyş üç bolsa-da, inedördül göwresi ýüz kileden-ä az däldir. Mydama dünýäden närazy. Bedildenem öňe geçjek ol. Bar närazylygam bäş şaýylyk zat. Çolpusyna bir zatjagaz ilse, onsoň onuň dünýäsi giňäp, mahmal öwsüp ugrar. Sözi süýjüdir, ýüzi nuranadyr, kimdir birine sahylyk edip akyl bermekden lezzet alar. Ol bir zada özünem, obadaşlarynam berkden-berk ynandyrypdyr. Kim-de kim onuň akylyny alsa, akylyna eýerse, şol kişi uly derejä ýetýärmiş. Ýöne ol juda bir tarhan däl, herýetene akyl-öwüt beräýenok. Hana, Hemra agaň akyly bilen şäherde uly stol sorap oturan obadaşlary az däl. Hemra aga idensoň, ol kişileriň uly derejelere ýetendigini obada ähli kişi bilýär. Şonuň üçinem obada çaga dil bitende eje, çöçje diýip bitenok-da, göýäki Hemra aga diýip dil bitýärmiş. Elbetde, şeýle kişini Atdanyň özüne şofýor edip işe almasyny hemme kişi makullar, hemem «Atda etmeli işini bilipdir. Indi bahym ol ullakan başlyk bolar» diýer. Onsoň onuň öz aýdyşy ýaly, wezipe basgançaklar bilen her kwartalda galyp gidibermeli bolar. Kim bilýär, belki, şu günden onuň durmuşynda bagtynyň gapysynyň doly açylan günüdir. Garşysynda ak eşikli Kakow peýda boldy. Ol sesini çykarman, dostuna gözügidijilik bilen bakyp dur. Atdanyň göwni göterildi. Kakow bilen eden pikirlerini ýatlady. Bu dünýä tapmak dünýäsi. Bu dünýä ýitirmek dünýäsi. Bu dünýä, has takygy, tapmak bilen ýitirmegiň arasyndaky asyl-asyl bolup duran dünýä. Tapmak dünýäsindäki iň lezzetli begenç tapmazlyk. Ýitirmek dünýäsindäki iň uly gynanç tapmak. Munuň tagamyny tapyp hem ýitirip görmedik kişi bilmez. Adam ogly düşünjek bolup öz täleýine kössek salýar. Adam öz bulaşdyran ykbal ýumagyny çözlemek bilen ber-başagaý bolup ömrüni geçirýär. Bu dünýä durşuna doly çözülmedik hem ömürylla çözülmejek ýumak, öz bulaşdyran ýumagyňy çözmäge adamyň ömri ýetenok. Adama mydama nämedir bir zat ýetenok. Täze gelen adam öz ýumagy bilen başagaý. Ýumagyny bulaşdyryp bilmeseň, sendenem bir adam bolarmy! Adam ogly bu dünýä ömrüni-ýumagyny bulaşdyrmak üçin gelýär. Gepletseň, onuň ynanjy başgadyr. Men ýumagy düzedip-çöşläp otyryn. Dünýä düzüw däl. Dünýäni düzetmeli! Olar Allanyň guran öýüni düzzetjek bolup ber-başagaýdyrlar. Hudaýyň öýüni, dünýäsini düzedeniňden, öz garyp külbäňi, öz garyp dünýäňi düzet ahyryn, eý Adamzat! Eý, Adam, sen nähili jandar?! Sen Hudaýyň sygan giň dünýäsine sygman ýörsüň. Ýumagyňy çözüp bilen günüň durmuş gutarýar. Bu meniň pikirim däl, bu pikir beýik Allatagalanyňky! «Kakow jan, bu dünýäde her kim sapýor ahyryn!..». Daşardan ýene maşynyň sesi eşidildi. Muňa näme diýip, näme aýtjak! Şofýor başlygy howlukdyrmaly däl, ýok, ýok, tersine, başlyk şofýory howlukdyrmaga hukukly. Çölden gaýtjak wagtym hem maşynyny düýdüldeden bolup ol meni gyssapdy. Zolotarýow muny erkine goýberipdir. Başlygy howlukdyrmaly däldigini men muňa öwretmesem bolmaz. «Kakow jan, sen keýpine geldiňmi?». «Seni göresim geldi-de, gaýdyberdim». «Görýäň-ä, meni howlukdyrýarlar. Men gitmeli». «Köçedäkileriň niýeti gowy däl, seniň bilen ýaka tutuşmaga gelipdirler. Sen olar bilen deň bolma. Olara el göterme. Meniň esasy aýtjak zadym şu. Sen hiç wagt howlukma. Garagum çöli deýin giň bol. Soňky döwürde meniň bagtym açylanok diýip biraz darykjak bolýaň. Internasionaliste darykmak bolýan däldir. Sen meniň üçinem ýaşamalysyň». «Kakow jan, sen menden arkaýyn bolaýgyn. Bir iş kyn, agyr eken diýib-ä müzzerilmerin. Seniň üçinem näme etmeli bolsa, meniň taýýardygymy bilýäň-ä sen». «Ejemi göresim gelýä. Sen meniň ejem barada gür bersene. Onuň ýagdaýy nähili? Ol meni soradymy?» «Sen hiç zady alada etme. Men kakaň bilenem, ejeň bilenem gürleşerin. Olar barada soň aýdaryn. Eger garşy bolmasalar, men olara edil öz ogullary ýaly hyzmat ederin». «Men saňa ynanýan, Atda». Atda goş-golamyny göterip köçä çykdy. Görse, köçede ak «Žiguli» dur. Ondan üç sany girdeneje kişi çykdy. Olar dogup-döräp öwrenen, türkmen dilinde bar bolan, ýöne entek edebi dile, kitaba girmedik, dagy-duwara-da girmejek hapa sözleri aýdyp, Atdanyň üstüne topuldylar. «Atda jan, giň bolgun». «Men olara garşylyk görkezmedim-ä, Kakow». «Olaryň näme üçin dergazap bolup gelendiklerini bilýäňmi?» «Ýo-ýo». «Olar öz betbagtlyklaryny seniň bilen ýakalaşyp egismek isleýärler». «Olara näme bolupdyr. Meniň aýdanlarym nädogry ekenmi?» • Onunjy kyssa • ÜÇ WEZIPE Raýon milisiýasynyň naçalniginiň ýüz-gözi gamaşyp duran eken. Içeri girip, Atdanyň nazary naçalnigiň gamaşyp duran ýüzünde däl-de, batareýiň aşagyndaky bir tokga zatda eglendi. Gelenleriň sesini ýazýan magnitofon bolaýmasyn? Magnitofony gapa ýakynrak ýerde goýmaly ahyryn. Şeýle pikir bilen onuň esli salym sömelip durmasy naçalnige ýaramady. Naçalnik gapynyň agzynda sary-sadylla bolup duran Atdanyň salamynam alman: Ol döwürden bäri birnäçe ýyl geçendigi sebäpli, milisiýanyň naçalniginiň ady, familiýasy Atda tapaganyň ýadynda galmandyr. Şonuň üçin awtor Atda tapaganyň beren maglumatynyň doly däldigi üçin okyjylardan ötünç soraýar. — Urup gaçjak ýaly bolup durman, näme habar bolsa, nobatçynyň ýanyna bar! — diýip, jabjyndy-da, ýene aşak-ýokary eglip-galyp, stoluň tahyllaryny gezek-gezegine açyp-ýapyp ugrady. — Bolşuňyz-a bir zat ýitirene meňzeýär — diýip, Atda tapagan çekine-çekine dillendi. Naçalnigiň gelesi gelip duran gahary girre geldi: — Nämä meňzeýär diýip soradymmy men senden? Belki, men başga kişä meňzeýändirin? — Aý, başga kişä-hä meňzäňzok. — Sen kime meňzeýäň? — diýip, naçalnik gaharyna saňňyldady. — Men-ä kakama meňzeýän. Doganlarymam edil bir almany iki bölen ýaly meňzeş. — Meňzemez ýaly edeýinmi? — Aý, ýok, gerek däl, şu durşum gowy meniň. Üýtgesem adamlar her hili gürrüň ederler. Şonsuzam obanyň bar gürrüňi men. Naçalnik stoluň aňyrsyndan, bagyr ýaly garalan ýüzüni görkezip, Atdanyň ýüzüne gazap bilen seretdi: — Çy-y-yk!!! — Meni kowmak üçin çagyrdyňyzmy? — Hawa, kowmak üçin! — Be, beýdibem bolýar eken. — Ýene bir agyz sözleseň, kakaňa meňzemez ýaly ederin. Çy-y-yk! — diýip, naçalnik Atda çykmaly gapysyny görkezdi. — Näme, gapyny görkezýäňiz? Giren gapysynam bilýän däldir öýtdüňizmi meni? — diýip, Atda ajy ýylgyryp, görkezilen gapydan çykdy. Nobatçy onuň gözlerini elek-çelek edip gelşine geň galdy. — Naçalnigimiz seni näme üçin çagyran eken-aý, Atda?! — Aý, men-ä düşünmedim näme üçin çagyrandygyna. Kime meňzeýändigini bilmek üçin bolaýmasa. «Men kime meňzeýän?» diýdimi? — Dogrymy aýtsam, men-ä näme diýenine-de düşünmedim. Bir düşünen zatdym «çy-yk!» diýen sözi. Onam gaty düşnükli edip, kemini goýman aýtdy. Menem çykyp gaýdyberdim. — Kowmak üçin-ä bizi çagyrsa-da bolar. — Nobatçy Atdanyň sözlerinden nähili many çykarjagyny bilmän kösendi. — Sen oňa kimdigiňi aýtdyňmy? Seni tanamadyk bolaýmasyn?! — Soramasa nädip aýdaýyn. Kimdigiňi nobatça aýt diýdi. — Hä-ä — diýip, nobatçy baş atdy. — Ol seni tanan däldir. Tanan bolsa, ol saňa eger-eger çyk diýmezdi. Onuň seni gözleýşinden çen tutsaň-a bir betbagtçylyk gopan bolmaly. Ýogsam biziň naçalnigimiz ownuk-uşak mesele üçin aňsat-aňsat oda-köze düşýän adamlaryň hilinden däl. Häzir sen gitseň, onsoň ol meniň başyma ýene ahyrzaman gopdurar. Ynanaý-how, ol düýn ähli işgärlere: «Ýedi gat ýeriň aşagynda bolsa-da, ýedi gat asmanda bolsa-da, bar kele-küläňizi goýup, meniň gaşyma Tapagy tapyp getiriň» diýdi. Sen bir minutjyk garaş. — Nobatçynyň gidişinden gelşi tiz boldy. — Ýör, tizräk. Sen oňa kimdigiňi aýtmansyň-a! Aý, zeleli ýok. Naçalnigiň gamaşyp duran ýüzi üýtgemändir. Ol maňlaýyny tutup, çuň oýa batyp otyr. — Ine, Atda tapagy getirdim, ýoldaş naçalnik. — Sen gidiber — diýip, naçalnik nobatçyny ugratdy. Atda tapagy boýdan-başa synlady. Pisindiniň oturmandygy ýüz-gözünden açyk duýlup durdy. Atda tapagyň eden jenaýat işi ýok. Şonuň üçin ol hem juda bir gorkup duranokdy. Ol nämeden gorksun, ol oduň içinden — Owganystandan geldi ahyryn. Geplemän içini hümledip oturan naçalnigi synlan Atda tapagan kabinetiň içine synçy nazaryny aýlady. Batareýiň aşagyndaky bir tokga zatda ýene onuň nazary eglendi. — Senmi Atda tapagan? — Meniň adym Atageldi. Kakam Moskwa gidip geler wagty gelmändir. Onsoň ejem dagy kakama bir zat bolandyr öýdüp gorkupdyrlar... Naçalnik Atdanyň gürrüňini diňlemek islemedi: — Saňa Tapagan diýýärler. — Diýýärler öz-ä. — Tapaganlygyňy näme üçin maňa aýtmadyň? — Soralmasa, özüňi güjeňläp ýörmek gelşiksiz. Onsoňam, nädip tapagan bolşum hakda birem däl, birnäçe gezek siziň işgärleriňize düşündiriş ýazyp berdim. Şol düşündirişlerim sizde bolmaly. — Mende hiç zadam ýok. Men saňa: Tapaganlygyňy näme üçin maňa aýtmadyň diýýän. Ýa saňa iňlisçe aýtmalymy? — Iňlisçe bilemog-a men. — Näme üçin aýtmadyň. — Kakam soralmadyk zady aýdyjy bolma diýdi. — Ondan kaka bolmaz. — Bolar. Naçalnik manysyz dawany islemedik bolarly, äheňini üýtgetdi: — Sen goňşy halka internasional kömegini berip gelen ýigit. Bu gün biz seniň kömegiňe mätäç. Naçalnik dymdy. Ol Tapagyň kömek ederin diýip aýtmagyna garaşdy. Atda bu sözi aýtmagyň zerurlygy ýok hasaplap, dymdy. Sebäbi naçalnik haýyş etse, etmeli boljakdygy düşnükli zat ahyryn. Onsoň hökman kömek ederin diýmegiň näme geregi bar. Belki, kömek edip bilmersiň. Bitirilmeli iş Atdanyň ýigrimi-otuz ýylda-da başaryp biljek işi bolmasa nätjek?! — Nä dymdyň? Başararmyň? — Başarjak bolaryn. — Ony hökman başarmaly. Ony hökman tapmaly. Ol tapylmasa, işler pyrryk. — Siziň işiňiz pyrryk bolmaz. — Dörmedik ýerim galmady. — Siz bir zat ýitirdiňizmi? — Bir zat diýen bolýaňmy? Bir zat däl ol. Ol meniň ykbalym. Ol meniň abraýym. — Ýitiren abraýyňyz uly zatmy? — Ýok, uly däl. — Batereýiň aşagynda polda bir zad-a ýatyr, siziň ýitirdim diýýän «abraýyňyz» şol bolaýmasyn?! Naçalnik ýalt edip, batareýanyň aşagyna — pola seretdi. Soňam turup, Atdanyň görkezen ýerinden şol togalak «abraýy» aldy. Onuň daşlaryny üfleşdirdi. Ikinji gezek Atdanyň ýüzüne bakanda, onuň gözleri gülüp durdy. Gollaryny gerip durşam, ylgap gelip, Atdany gujaklajaga meňzeşdi. Şeýdip, birsalym durandan soň, ol ylgamakdyr gujaklamak meselesini goýbolsun eden bolarly, diňe çalarak ýylgyrdy. Hälki hyrsyz görnen naçalnik şeýle bir hyrsyz hem däl eken. Nurana ýüzli, nazarkerde kişi eken. Şeýledir-le, nazarkerde, nurana ýüzli, özem gowy adam bolmasa, ony naçalnik goýmazdylar-a! Naçalnik: — Bä-äý, inim, Hydyr ata-da sençeräkdir bolubilse — diýdi. — Hakykatdanam Tapagan adyňa mynasyp tapagan ekeniň. Bu ýagşylygyň aşagyndan indi men nädip çyksamkam? — ol jübüsini barlaşdyrdy. Jübüsinden bir penje pul çykaryp Atda tapaga uzatdy. — Men-how, iki gün bäri... Eýýäm arzamam ýazyp goýupdym. Al, şuny. Atda tapagan yza süýşüp, ilki kowlanda duran ýerine bardy: — Ýok, ýok, edýäniňiz näme, ýoldaş komandir. — Naçalnik al diýse, alyber. — Men naçalnik bolsaňyzam alyp bilmen. Naçalnik onuň alyp bilmänine bakmady. Puly Atda tapagyň jübüsine dykyşdyrdy. — Edýäniňiz näme, ýoldaş komandir? — «Edýäniň näme?» diýip, sen menden soran bolýaňmy? O soragy diňe men bermeli. Düşnüklimi? Meniň garşyma çyksaň, erbet bolar. Men saňa göni aýdaýyn. Meniň diýenim bilen boluber. Al diýilse, al. Ber diýilse, ber. Maňa seniň gepiň gerek däl. — Ýitigini tapyp berdim diýip, men sizden hiç zat almaryn. Ol gaty gelşiksiz bolar. Naçalnik hälki togalak zady hasyr-husur seýfe dykyp, gulplady. — Gelşiksizi bolmaz. Şeýle ýagşylyk etseň, saňa ministrem peşgeş berer. Maňa nähili ýagşylyk edendigiňi sen göz öňüne getirip hem bilýän dälsiň. Seniň bu ýagşylygyň üçin men saňa ömürlik minnetdar. Sen meni masgaraçylykdan, türmeden halas etdiň. Meniň bu berýän peşgeşim seniň eden ýagşylygyňy bir terezä salmaly bolsa, onda bu gaty az. Men onda şeýle az puly bermäge utanmaly. — Aý, näme diýseňizem men puluňyzy alyp biljek däl — diýip, Atda tapagan puly çykarmak üçin jübüsine elini sokdy. — Eger puly yzyna berseň, men seni häzir göni gözenegiň aňyrsyna geçirerin. Alla kessin, gara çynym. Bu sözler Tapagany gorkuzmady. Ol puly naçalnigiň stolunyň üstünde goýdy. Naçalnik bir knopkany basdy. Megerem, bu beren sözüniň üstünde durmak isländir! Sähel salymdan nobatçy milisioner gapyny açdy. Naçalnik bir Atda tapaga, birem nobatça seretdi. — Tapagan, iki ýol bar. Saýla. — Men razy. — Näme razy. — Gözenegiň aňyrsynda oturmaga. — Äkit, gözenegiň aňyrsynda oturt. — Žurnala näme diýip ýazaýyn. — Soň aýdaryn. Häzir aýdanymy et! Nobatçy Atdanyň üstüne gygyrdy: — Elleriňi arkaňa tut. Ýöre! Edilen ýagşylyk çalt unudylýar diýleni dogry ekeni. Işi bitensoň naçalnik Atda tapagy unutdy. Onuň öz aladasy ýetik. Şol aladasy bilen başagaý bolup öýüne gaýtdy. Atda naçalnik derrew goýberer öýdüpdi. Iş gutaransoň, naçalnigiň geçip gidendigini görüp welin, bar umydy üzüldi. Nobatçy hem oňa gorka seredip ugrady. Näme üçin gözenegiň aňyrsynda otyrsyň diýip, nobatçam telim sorady, onuň oturanyny gören milisionerlerem gyzyklandylar. Onuň bilen bir serhoş hem bardy, ol dikine aýdyma gygyrýardy: Akja kepderi, oýna erkana. Päk asmanymda, ýaýna erkana. Bu iki setir Atdanyň halys degnasyna degdi. Degse nätsin. «Akja kepderi» ahyr usurgap, hyrlap başlady. Daň atdy. Iş güni başlady. Sagat on birlerde naçalnik peýda boldy. Görse, Atda tapagan «Akja kepderi» bilen gözenegiň aňyrsynda mölterilipjik otyr. — Sen näme edýäň o ýerde? Atda görgüli näme jogap bersin. Diňe ýuwdundy-da oňaýdy. — Näme edýäň o ýerde?! — Rahatja ýer eken, otyryn. Naçalnik nobatça ýüzlendi: — Näme etmiş bilen düşdi? — Özüm aýdaryn diýdiňiz, onsoň etmişini anyklap bilemzok. Naçalnik nämäniň-nämedigine düşündi. Ýöne işgärleriniň ýanynda huşsuzlygyny boýun alasy gelmedi. — Çykaryň, meniň ýanyma eltiň — diýip, naçalnik çykyp gitdi. Bir salymdan nobatçy naçalnigiň ýanyna gözlerini petredip bardy. — Ol-a çykanok. Maňa şu ýeri gowy diýýär. Näme jenaýat eden bolsam, jezamy çekjek. Eger günäsiz şu ýere salnan hem bolsam, meni jezalandyran adam jezasyny çeksin diýýä. — Ýoýo moýoýo... — Naçalnik näme etjegini bilmän elewredi, bir oturdy, bir turdy. Bir ýeňsesini, bir burnuny gaşady. — Mert bolmak gerek, mert. Her zadam bolsa, meseläni gowulyk bilen gutarmaly. Hany, ýör, ýanyna baraly. Naçalnik nobatçy bilen Atda tapagyň ýanyna geldi. — Tapagan jan, inim, sen meni bagyşla. Meniň huşum galmandyr. Seni ýadymdan çykarypdyryn. Bagyşla. Men günämi boýnuma alýan. Hany, çyksana. — Men jezamy çekjek. — Çeker ýaly sende günä ýok. Bar günä meniň huşsuzlygymda. Eger isleseň, men seniň oturan ýeriňde näçe gün otur diýseňem oturaýyn. Sen meniň üçin sudýa. Karary özüň çykar. Men seniň kararyňa kaýyl. — Naçalnik «Akja kepderini» biraz aňry itdi-de, sowuk oturgyçda ornaşdy. — Bu näme etdigiňiz. — Men adalatyň goragçysy. Şonuň üçinem men özüm babatda-da adalatly bolmaly. Rast, huşsuzlygyň sebäpli, seni kösedimmi, jezamy men çekeýin. Sen bir gün oturan bolsaň, men iki gün oturaýyn, üç gün oturaýyn. Ony özüň kesgitle. Aýt, näçe gün oturmalydygymy? — Men ony aýdyp bilmen. — Adalatly bol. Ýüzgörüjilik etme. Kanunyň öňünde senem, menem deň hukukly, deň borçly. — Size gelşenok bu ýerde oturmak, çyksaňyzlaň. Biri görse, näme diýer. — Meniň senden näme artykmaçlygym bar. Jenaýat iş etse, ministrem şu ýerde oturmaly. Bu ýerde wezipesiz oturmaly, wezipeli oturmaly däl diýen zat ýok. — Kejirlik edenim üçin siz meni bagyşlaň, ýoldaş komandir. Men öz ýalňyşyma düşündim. Ikimizem çykalyň. Bir haýyşym bar. Men, ine, şu ýaşuly bilen bile oturdym. Dostlaşdym. Ýalňyşlyk goýberipdir, ýigrimi bäş gram içip, aýaly bilen sögüşipdir. Eger mümkin bolsa, şu ýaşula-da şu ýerden çykmaga rugsat beräýseňiz... Naçalnik böwrüne diň salyp bir salym durdy-da, şelaýyn ýylgyrdy. — Goý, seniň diýeniň bolsun, Tapagan. Men bu alkaşy çykaraýyn. Bu kişi ýüz gram içdigi aýaly bilen uruşýar. Aýaly görgülini näçe gezek urup keselhana düşürdi. Görgüliniň döwülmedik ýeri galmady. Eý, sen, şu Tapagana sag bol aýt. Aýalyňa degme. — Degmen, degmen. Özi degse-de degmen. Söz berýän. — Hany, ýör, Tapagan. Meniň kabinetime baraly. Olar naçalnigiň kabinetine bardylar. Naçalnik ýerine geçip, çilim otlandy. Nobatça gidiber diýip yşarat etdi. — Bolşuňy haladym. — «Bolşuňy haladym» diýse-de, naçalnigiň ýüz-keşbinden, gepinden-sözünden halandygy duýulmaýardy. Bu sözüň ýasamadygy gaty bir synçy bolmasaň hem duýlup durdy. — Hany, özüň barada gürrüň ber. Sen nirede işleýäň? — Edil häzir-ä işleýän ýerim ýok diýsemem boljak. Gullukdan öň ýol-gurluşyk edarasynda brigadirdim. Gelemsoňam entek iş tapamok. Tapmasyna-ha düýn tapdym. Düýn hemme zat gülala-güllükdi. Men size baryny gürrüň bereýin. — Ýok, ýok, gürrüň berme. Işe girmek, çykmak ýa kowulmak täzelik däl. Maňa seniň jikme-jik terjimehalyň gerek däl. — Wah, olar meni düýn işe aldylar. — Bu günem çykaran bolsalar, bir sebäpjagazy bardyr. Bir bulagaýlyk edensiň. — Olar maňa işden çykdyň diýenoklar. — Zyýany ýok. Işden çykan bolsaň, biziň seni işe alaýmagymyz mümkin. Atda tapagan birsalym oýurganyp, özüni kellesi gyzyl papakly, agzy jürlewükli, syrty sapançaly göz öňüne getirdi-de ýylgyrdy: — Ýak, ýoldaş komandir, sizem-ä... Mendenem bir melise bormy? Naçalnigem elleri-aýaklary tagaşyksyzdan uzyn bu ýigidi edil şo pormyda göz öňüne getirip gören bolara çemeli, olam ýylgyrdy-da, başyny ýaýkady: — Biz saňa milisiýanyň formasyny geý diýemzok, ol hökman däl, graždanskiý geýimde-de işläp bolar. Sen diňe käbir ýiten zatlary tapyşmaga kömek berseň, bolany. Her gün dokuzdan on sekize çenli bärde gazarylyp oturmak hökman däl... Bizde aýlyk ýagdaýam erbet däldir! Atda ýene biraz böwrüni diňläp oturdy-da, başyny galdyrman gürledi: — Eý, ýoldaş komandir, şu meselämiz kynrak bolaýmasa... Ýa men milisäň işine ýaraman, ýa milisäň işi maňa ýaramaz, garaz... Şonuň üçinem men aýlyk-paýlyk diýip, siziň öňüňizde bergi-borçly bolmaýyn-da, şeýlekin kömek edibereýin, eger size gerek bolsa. — Hany, şu ýerde otur — diýip, naçalnik oňa ýer görkezdi. Tahylyndan kagyz çykaryp, Atda tapagyň öňünde goýdy. — Ine, şu kagyza işe kabul etmegiňizi haýyş edýärin diýip, meniň adyma arza ýaz. Men oblast bilen maslahatlaşaýyn, olaryň razylygyny alamsoň, men seni taparyn. — Naçalnigiň Atda tapagy işe kabul etmek höwesi birden artan bolarly, burnuny gaşap, ynamly gürledi. — Sen işe girdim diýip hasap edäý. Şu günüň çislosy bilen seni işe aldyrjak bolaryn. Şu günem onda saňa ilkinji, ýok, ikinji tabşyryk şeýle: bizde bir gowy it bardy. — Yz çalýamydy? — Ilk-ä yz çalýady. Soň oňa başga bir hünärem öwretmeli bolduk. — Gürlemänimi? — Soňky döwürde biziň territoriýamyzyň üstünden her dürli neşe maddalaryny alyp geçýänler köpeldi. Müň dürli usulam ulanýarlar. Köwşüniň oltaňyna, maşynyň tigrine, türsisiniň içine... garaz, aýdýan-a, gizläp bolýan ýer bolsa, gizläp görýärler. Köpüsin-ä tapýasam welin, adamyň kellesine gelmeýän ýerlerem bolýar-da. Ine, şonuň üçin biz şol yz çalýan ýekeje itimize neşe öwretmeli bolupdyk. Gowy işläbem ýördi — diýip, naçalnik dymdy. Naçalnigiň soňlaman goýan gürrüňini başga ynamdar kişilerden eşiden maglumatlarymyza görä beýan edýäris: «Bir gezek raýona oblast naçalnigi gelipdi. Raýonyň ähli milisionerlerini ýygnap, howluda nyzama duruzdylar. Hälki oblast naçalnigi milisionerleriň öňünden geçip barýardy welin, birdenkä neşe öwredildi diýilýän it özüni saklap duran milisioneriň elinden sypdy-da, myhman naçalnige tarap okduryldy. Boldy bir başagaýlyk! Hemme kişi it janawara düşünip durmy näme (adam adama zordan düşünýär ahyryn!), onuň niýeti myhmany ýarmak däl eken, ol topulyp barmasyna bardy-da, myhman naçalnigi ysgaşdyryp duruberdi. Ysgaýar-ysgaýar-da çyňsaýar, Milisionerler biri-biriniň ýüzüne seredişdiler. Ýer ýarylan bolsa raýon naçalnigi göni girmäge kaýyldy, şeýle bir utanypdy, gorkupdy. Raýon naçalnigi myhmany sag-aman ugradyp, ite jogapkär milisioneriň üstüne düwledi: — Eý, mahluk, gözüň nirde, kelläň nirde? Edeniň näme seniň? Şo taýa sokulyp barmaga kim saňa rugsat berdi? Häziriň özünde ýok et itiňi, gözüm görmesin! — Nä-nädeýin? — diýip, aljyrap duran milisioner sakawlady. — At, çykar-da! Ertesi gahary, gorkusy birneme ýatyşansoň, naçalnik itli işgärini ýanyna çagyrdy: — Hany, itiň? — Gaçdy, ýoldaş naçalnik! — It janawar düýnki gürrüňden netije çykaran bolarly. Ite jogapkär milisioner-ä işden kowuldy, item gaýdyp tapylmady». — Ol birden gürüm-jürüm boldy. Näçe wagt geçse-de, ony pylan ýerde gördük, ol hakda eşitdik diýýän ýok. Bize, sen şol iti tapyp ber. — Siz ony tapaýsaňyz nätmekçi? — diýip, Atda tapagan duýdansyz sowal berdi. — Atmakçy! — diýip, bu oslagsyz sowala üstüni basdyran naçalnigem birden dilinden sypdyrdy. Soňam bu sözüne düzedişdir düşündiriş berip ugrady. — Umuman, atmazlygymyzam mümkin... Meniň beý diýmämiňem sebäbi bar. Eger-de şol it neşe söwdagärleriniň eline düşse, onda olaryň peýdasyna, biziňem garşymyza işlemegi mümkin. Şonuň üçinem, ony tiz-tizden zyýansyzlandyrmaly! Bu meniň pikirim däl. Bu bizden ýokardan edilýän talap. Men şol itiň tapylyp zyýansyzlandyrylandygy hakdaky raportymy bermesem, rahatlyk ýok. Bir it üçin masgara bolup işden gitmegem gelşiksiz. Garasaý, şol it sebäpli meniň işim gylsyrat köprüsiniň üstünde asyl-asyl bolup dur... — Gylsyrat köprüsinden üç gezek dagy geçmeli ekeniňiz-ow. — Bu näme diýdigiň boldugy? — Düýn ýanyňyza gelemde-de gylsyrat köprüsiniň üstündediňiz ahyryn. Batereýiň aşagyndan möhüri tapyp, ilkinji köprüden-ä geçdiňiz. Gapy açyldy. — Mümkinmi? Gylsyrat köprüsine ýetmänkäňiz, meniň bir sözümi diňläň. — Içeri Gaýyp başlyk kürsäp girdi. Naçalnik bilen gadyrly salamlaşdy. — Düýnden bäri Atdany agtaryp tapyp bilmän ýörün. Gije elkin ýatmasy ýokdy munuň. Kakasam, ejesem bir zat bolandyr gorkusy bilen titreşip otyrlar. — Muny men sakladym. — Jany berin sagmy? — Jany sag-la, ýöne... — Jany sag bolsa, ýönesi bolmaz. Bir zada nepi degýän bolsa, peýdalanyberiň. Bu ýigit bize gaty gyssagly gerek boldy. Birinji sekretarymyz «ýanyma alyp gel» diýdi. Menem onsoň Atageldiniň gözlegine çykdym. Siziň çagyranyňyzy eşitdim-de, göni gaýdyberdim. Biziň internasionalist esgerimiz bir bolgusyz iş edipmi? Öz-ä bu gaty terbiýeli bolmaly. — Kakasy gowy terbiýe beripdir bu ýigide — diýip, naçalnik şelaýyn ýylgyrdy. — Eden işi ýok. Biz bu ýigidi şu gün işe aldyk. Ynha-da arzasy. — Şeýlemi asyl?! — Gaýyp başlyk bu habara begenmedi. Ol biraz demini rastlap, ynamly gürledi. — Onda men wagtynda gelipdirin. Atageldä uly ynam bildirip, işe kabul etmäňiz gaty gowy zat. Bu biziň abraýymyz. Size her öňýeteniň işe alynmaýandygyny bilýäs. Ýöne Atageldi sizde işläp bilmese gerek. — Işlär, men diýdim, gutardy. — Ol arzaňyzy ýyrtmaly bolar. — Näme üçin? — diýip, Atda tapagan zöwwe ýerinden galdy. — Birinji sekretaryň rekomendasiýasy bilen biz Kertikowy kolhozymyzyň gurluşyk brigadasyna ýolbaşçy edip işe aldyk. Özem şu gün. Eger garşy bolsaňyz, onda birinji sekretaryň özi bilen düşünişmeli bolarsyňyz. Bir adamyň iki ýerde işlemäge hakynyň ýokdugy hakdaky ýoldaş Mihail Sergeýewiçiň kararynam bilýän bolsaňyz gerek. — Bilýän, bilýän — diýip, naçalnik howlukmaç gürledi. — Birinji sekretarymyz rekomendowat eden bolsa, onda meniň alajym ýok. Hawa-da, gowy kadrlar hemme ýerde-de gerek. — Birinji sekretar maňa Kertikowy tapyp, derrew meniň ýanyma getir diýdi. Ondan bärem dört sagat geçdi. Eger rugsat berseňiz, ýoldaş... Men Ketikowy birinji sekretarymyzyň ýanyna elteýin. — Baş üstüne. — Naçalnik Atda tapagyň arzasyny eline tutdurdy. Gaýyp başlygyň keýpi kökdi, çünki ol birinji sekretaryň möhümini bitirýärdi: Atda tapagy onuň ýanyna alyp barýardy. Maşynyň yzynda oturan Atda tapagan içki pikirini daşyna çykardy: — Bir günde iki işe girip, ikisindenem çykarylan adam barmyka? — Ýokdur-la — diýip, Gaýyp başlyk başdansowma jogap berdi. — Ol mümkin däl. — Mümkin. Sen meni ikinji işimdenem çykardyň. Şu gün üçünji arzany ýazmaly bolýan. Ginnes dädäň kitabyna giräýdim öýdýän. — Menem işden kowsam, soň nirä giderkäň? — Gaýyp başlyk hezil edip güldi. — Soňam öwüt-nesihat bermäge başlady: — Saňa häzir aýdaýyn: birinji sekretaryň ýanynda özüňi gaty sypaýy alyp bargyn. Seniň partizan häsiýetiňi — dymmalygyňy görkezmeli ýeriň geldi. «Bolýar» sözünden başga ýekeje agyzam söz aýtmagyn. — Nädogry zada men nädip dogry diýeýin? — Onuň nädibi bolmaz. Nädogry hasap etseňem, örän dogry aýdýaňyz diýmelidir. — Kakam-a öljegem bolsaň, hakykatyň tarapynda bolgun diýipdi. — Aý, kakaň ölsün seniň. Şunuň ýaly bolgusyz gürrüňi meniň ýanymda dagy-duwara edäýme. Bek belle: hakykatyň bazary sowuldy. Onsoňam sen oglan-oglanjyk däl. Kakaň pikiri bilen däl-de, öz pikiriň bilen ýaşajak bolgun. Ýogsam kösenersiň. — Nädogry zada dogry diýip uzak gidip bolmaz. — Kakaň pikiri bilen seni arabada mündürmeýärler. Birinji sekretar maňa ýörite tabşyrdy: «Tapaga aýt, goý, ol meniň ýanyma gelip gitsin, gürrüňim bar» diýdi. Men saňa baryp aýtdym. Seni birinji sekretar çagyrýar. Şu gün hökman bar diýdim. Senem bararyn diýdiň, söz beribem barmansyň. Häzir näme üçin gelmediň diýip sorar, sen oňa kakam keselledi, tas ölüpdi diý, şonuň üçinem ýanyňyza gelip bilmedim diý, bagyşlaň diý. — Kakam kesel däl-how. — Onda näme üçin barmadyň? — Senem duşuşyk bar, hiç ýerik gitme diýdi. — Senem birinji sekretar däl, ilki birinji sekretaryň aýdanyny ederler. Sebäbi ol seni günde-günaşa çagyryp ýörenok. — Senem hiç ýerik gitme, duşuşyk bar diýdi. Gaýyba özüm düşündirip aýdaryn diýdi. — Senemmi? Hä, o gürrüňmi? Habarym bar. Ýeri, bolýar. Oňa bir gyz bilen duşuşmak üçin gelmedim diýip, bolmaz-a. Onda ejem keselledi, bagyşlaň diý. — Ejem kesel däl-how. — Äl, dikdüşdi ekeniň. Nädip beýle kejeňek bolduň-aý sen. Ejem keselledi diýeniňde, näme, ejeň kepene dolanjak bolup durmy?! — Kakam hiç mahal ýalan sözleme diýdi. — Degşipdir kakaň. Ýene bir sorap gör şondan. — Kakam degişmeýär. Ýalan sözleme diýýär. Gaýyp başlyk geň galyjylyk bilen yzyna öwrülip Atda tapaga seretdi: — Bar bolup bilşiňmi-aý şu? — Kakam degişmeýär. Ýalan sözleme diýýär. — Eý, Hudaýjan, kolhozyň gurluşyk brigadasynyň-a işi gaýtdy. Indi muny işdenem çykaryp bolmaz. Alty Öräýewiç ýaly, muny Owganystana-da ugradyp bolmaz. — Münüp barýanyň ýalan bolsa, uzak menzil aşmarsyň diýýär kakam. — Birinji sekretar häzir barsak sorar senden. Düşünýäňmi maňa. Ol uly adam. — Bolýa, Gaýyp. Men seniň ýüzüňi ýere salman. Hiç zat gürlemän duraryn. Näme diýseň, özüň diý. Meni ýalan sözletmeseň bolýar. Näme diýseň, nädogry aýdýar-a diýmäýin. — Dymmalygyňy görüp bahylam haýran galsyn. — Gaýyp başlyk Atdanyň gürlemerin diýmesine o diýen ynanmady. Ol Atda gürlemeli däldigini zol-zol gaýtalap, gorky bilen birinji sekretaryň ýanyna bardy. — Ýoldaş Gurban Gurbanowiç, ine, tapagan ýigidimizi tapyp getirdim. Tapagy tapmak kyn eken. — Üýtgeşik bir söz aýdan dek özünden göwnühoşluk bilen ýylgyrjaklady. — Men muňa iki gün bäri garaşyp otyryn. — Maşgala ýagdaýy nemeräk bolupdyr-da, gelip bilmändir. — Eýgilikmi özi? — Kakasymy, ejesimi, aý, garaz, biri öz-ä. Garry adamlar-da. Garrasaň, bir gün sag bolsaň, iki gün kesel bolýaň-da. — Lukman iberäýeli. — Ýok, ýok. — Atda tapagan gürrüňe goşuldy. — Olar kesel däl. Hudaýa şükür, olar soňky döwürde kesellänoklar... — Aý, hawa-da türkmen aga keselländigini aňsat-aňsat aýtmaýar. Aýtsalar, men gije-gündiz ylgajak ahyryn. Atageldi inimizem, neme, örän dymma, hiç gürlemeýär. Men-ä gürläber diýýän. — Gaýyp başlyk howlukdy. — Häzir hemme zat gowulyk. Bizem garrylary gözden salamzok. Özüňiz bilýäňiz, olar meniň gaýynlarym. Gaýynatamyň hem, gaýynenemiň hem halyndan habar alyp durýan. Adamyň jinnek ýaly göwni bar. Ony ynjytmagam aňsat, begendirmegem. Esasy zat, adama üns ýetenok. Adama, köplenç, mähir, alada ýetenok. Sähel bir ýeriň agyrsa, gelip halyňdan habar alsalar, göwnüň monça bolýar. Arada aşgazan heläk etdi. Hiç zat iýip-içip bolanok. — Gaýyp başlyk howlukmaçlyk bilen tükezzybana tutduryp durmasynyň sebäbine özünden başga hiç kim düşünmedi. Ol gözüniň gyýtagy bilen Atdany synlaýardy, keselli gürrüňiň unudylmagy üçin, ol uzak günläp gürlemäge-de taýyndy. Birinji sekretar Gaýyp başlygyň sözüni soňlaryna garaşdy. Ol bolsa wagty bilen gutarmady. Adama hormat goýmalydygy, saglygyňy gorap saklamalydygy barada esli salym gürledi. Birinji sekretaryň elindäki ruçkasy bilen stoly tyrkyldatmasynyň sebäbine düşündi. Wah, Gaýyp başlyk ýolbaşçy adamyň ýanynda köp gürlemeli däldigini gaty gowy bilýär. Ýöne Atda bir bolgusyz söz aýtsa, onam birinji sekretar halamasa, ana, şonda hemmesindenem erbet boljak. Gaýyp başlyk ýene bir gezek ätiýaçlyk üçin Atdanyň ýüzüne äňetdi. Öz-ä arkaýyn otyr. Hiç zat gürlemesin-dä hernä. Illeriň dymma diýmesi çyn bolsun-da hernä. Gaýyp başlyk şu umyt bilen sözüni jemledi: — Aý, ýigitler ene-atalaryna uly hormat goýýarlar. Atda hem şeýle. Aladaçyl, başarjaň ýigit. Gaty ukyply. Başarmaýan zady ýok, tüweleme. Owganystanda-da gaty gowy gulluk edipdir. Bize komandirlerinden her aýda Minnetdarlyk hatlary gelerdi. Şeýle halal esgeri ýetişdirenimiz üçin bize minnetdarlyk bildirýärdiler. Atageldini söweşjeň ordenleriň birnäçesi bilenem sylaglapdyrlar. — Iki sany medal-laý — diýip, Atda gürrüňe goşuldy. — Onuň ýaly bolsa, biz bu ýigidi ulurak wezipelere çekeli. — Siziň aýdyşyňyz ýaly, men Atdany ýaňy kolhozyň gurluşyk brigadasyna ýolbaşçy edip işe aldym. — Owganystana gitmezinden ozal nirede işleýärdiň? — Raýonyň ýol-gurluşyk edarasynda brigadirdim. — Raýon ýol-gurluşyk edarasynda brigadir bolup işlän bolsaň, onda sen ýene şol ýerde işle. Öňki naçalnigiňi başga işe geçirdik. Ýöne… — diýip, birinji sekretar barmagyny çommaltdy. — Işe birinji günden başlarsyň. — Men indi kolhozdanam işden çykdymmy? — Çykdyň, Atda jan, çykdyň. Hudaýa şükür, Hudaý diýenimi Hudaý eşitdi. Gaty gowy boldy, gaty gowy çykdyň. — Sizden işden çykanymmy? — Raýonyň ýol-gurluşyk edarasyna naçalnik bolanyň. Gaty uly wezipe ahyryn ol. Baý-bow, bagtyň towsa göterildi seniň, Atda. Gurban Gurbanowiçe sag bolsun aýt. — Gurban Gurbanowiç, köp-köp sag boluň, maňa gaty uly ynam bildirdiňiz. Ýöne men siziň ol uly ynamyňyzy ödäp bilmän ýüzügara ederin. Gaýyp başlygyň bu sözlere ymgyr gahary geldi. Ol birinji sekretaryň Atda bilen ylalaşmasyndan gorkdy. — Oňararsyň, oňaryp ýörenlerem senden üýtgeşik adamlar däl. Hiç kim enesiniň içinde başlyk, komandir bolup doglanok. Birinji sekretaryň bu sözlerini eşidip Gaýyp başlygyň ýüzi ýagtyldy, ýeňil dem aldy. — Institutda bilim alanymyzda mugallymlarymyz: «Birden naçalnik boljak bolup howlukmaň. Işe iň aşaky zwenodan başlaň. Gurluşyk ugrunyň ähli gara işinde işläp görüň, öwreniň. Ana, şondan soň hakyky ýolbaşçy bolarsyňyz» diýipdiler. «Atda jan, sen tersine başlaý. Kim bilýä, belki, ömrüňi gara işde geçirmeli bolarsyň» diýip, Gaýyp başlyk içini gepletdi. Ýöne daşyndan başga zat diýdi: — Atageldi Kertikowiç Kertikowa ynanan uly ynamyňyz üçin köp-köp sag boluň, Gurban Gurbanowiç! Bu gün men bu habaryňyzy gaýynatama buşlaryn. Ol gaty begener. — Indi esasy meselä geçeliň — diýip, Gurban Gurbanowiç sözüne dyngy berdi. — Atda Kertikowiç, öňümizdäki dynç günleri näme aladaň bar? — Aladam ýok meniň. — Örän gowy. Eger mümkinçiligiň bar bolsa, onda öňümizdäki şenbe, ýekşenbe günleri ikimiz meniň önüp-ösen obama — Kaka gideli. — Bir zat tapmalymy? Bir zat ýitirdiňizmi? — diýip, Gaýyp başlyk bilesigelijiligini saklap bilmedi. — Hawa, tapmaly zat bar. Näme tapmalydygyny bolsa men, Atda, saňa ýolda gürrüň bererin. Häzir onuň üçin wagt ýitirip oturmaly. Ýol uzak. Nämedir bir zadyň gürrüňini etmeli borus-a. Şonda näme tapmalydygyny saňa arkaýyn gürrüň bererin. Sebäbi tapmaly zadyň uzyn taryhy bar. Sen meniň bilen gidip biljekmi? — Gurban Gurbanowiç, meniň bilen gidip biljekmi diýip gaty sypaýyçylyk edýäňiz. Soramagyň geregi ýok. Gitmeli diýseňiz, Atda begene-begene gider. Siziň işiňizi bitirmek biziň üçin ullakan abraý, bagt ahyryn. Onsoň, üstüňe gonan bagt guşunam uçuryp bolarmy? Atda-da uçurmaz. Dogry dälmi, Atda? — Gaýyp başlyk sorasa-da sorady welin, uly bir ýalňyşlyk goýberen dek, Atdanyň ýüzüne gorkuly delmirinip bakdy. Bir bolgusyz söz aýtsa ölermiň-ýitermiň! Eý, Hudaý jan, bir ýalňyşlygy-ha başlyk ogluň goýberendir. Birinjiniň öňünde metdi-masgara etmän, şu gezek halas et. Soňky gezekler beýle ýalňyşlyk goýbermerin. — Atda jan gider. Ýaşulular bir zat diýse, garşy çykyp durýan ogul däl. Kakasy bar parasatly. Atda hem parasatly Kertik aganyň terbiýesini alan ýigit. Ýolbaşçylaryň diýenini etseň, hor bolmarsyň diýipdir kakasy. — Tapagan, meniň bilen Kaka gidermiň? — Büý-ä gowy boldy. — Nämesi gowy boldy? — Indi köp wagtdan bäri Kaka raýonyna gitjek bolup ýördüm. — Iş bilenmi? — Kakaly Kakow diýen bir ýigit bilen Owganystanda gulluk etdim. Dogan ýaly ysnyşdyk. Sag-aman oba barsak, hökman gatnaşyk edeli diýip ähtleşipdik. Ýöne ol düşnüksiz ýagdaýda wepat boldy. — Kakow diýýäniňi men tanamok. Oglan wagtym meni detdoma tabşyrypdyrlar. Şondan bäri oba barara-da bolmady. Ýöne barsak, o dostuň öýüni taparys. Meniň tanaýan iki sany ýaşulym bar. Olar bilýändir, tanaýandyr. Men seni Kakowlaryň öýüne elterin. — Hudaý dogry getirse, hemme zat ap-aňsat bolýan eken. Birinj sekretar Atdanyň sözüni eşitmedikden boldy: — Anna güni agşam — işden soň ýola düşeris. Alty ýüz kilometrlik ýol geçmeli. Ýolda iýip-içer ýaly zatlary özüm alaryn. Sen maňa gürrüňdeş bolsaň bolany. Ýolda uklamaly däldiris. Sen maňa anna güni agşam sagat ýedilerde öýüňde garaşyber — diýip, birinji sekretar sözüni jemledi. Birinji sekretaryň sözüni Atda soňuna çenli diňläp bilmedi. Ýeriň astyndanmy-üstündenmi, Allajan bilsin, şol tanyş tüýdüginiň ysgynsyzja sesi eşidildi. Atda diňşirgendi. Birinji sekretaryň sözüne Atdanyň ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmän, äm-säm sömelip durmasyna Gaýyp başlygyň kejebesi daraldy. Ol Atdanyň böwrüne ogrynlyk bilen hürsekledi. Atda onuň ýüzüne mölterilip bakdy-da, joşgunly dillendi: — Eşidýäňizmi? Ses! Owaz! Birinji sekretar gözlerini süzgekledip ýerinden galdy. Atdanyň ýanyna geldi. — Gulagyňa owaz gelýärmi? — Gaýyp başlyk bu masgaraçylyga çäräm ýok diýen äheňde egnini ýygryp, müýnli halda birinji sekretaryň ýüzüne äňetdi. Görse, Gurban Gurbanowiç gözlerini süzüp, diňşirgenip dur: — Eşidýän, Atda jan, eşidýän. Men bu sesi siz içeri gireniňizden bäri eşidip otyryn. Ýöne siz eşidýän dälsiňiz öýdüp, men sesimi çykarmadym. — Bir oglanjyk tüýdük çalýar. — Hawa, hawa, bir oglanjyk tüýdük çalýar. — Bu iki ara tüýdük nireden geldi? Hiç kim tüýdük çalanok. Sen bolar-bolgusyz sese diň salyp durma-da, Gurban Gurbanowiçiň diýenlerini diňle, biziň ýüzümizi ýere salaýmagyn. — Men, ine, şu sesi köplenç eşidýän — diýip, Atda penjiräniň öňüne bardy. Gurban Gurbanowiç hem Atdanyň yzy bilen penjireden daşaryk seretdi. — Tapagan, inim, senem eşidýän ekeniň-ow ol tüýdügiň sesini. Men ol tüýdügiň sesini indi bir hepde bäri eşidip ýörün, öň eşitmeýärdim. — Bir hepde diýdiňizmi? — diýip, Atda tapagan begendi. — Menem bir hepde bäri eşidýän. Öýde-de, köçede-de eşidýän. — Menem eşidýän. Bir gezek kabinetimde ýygnak geçirip otyrdym. Birdenem şu tüýdügiň sesi eşidilip ugrady. Men ýanymdakylardan: «Bir oglanjyk tüýdük çalýar, eşidýäňizmi?» diýip sorasam, hiç kimem eşitmeýän eken. Soň ol ses gulagyma eşidilýändir öýtdüm. Lukmana aýtsam, adam aşa ýadanda şeýle sesleriň eşidilmeginiň mümkindigini aýtdylar. Onuň beterlemesiniň öňüni almak üçin hem derman getirip gitdiler. Düýnden bärem lukmanyň görkezmesi bilen derman içýän. — Eşidýäňizmi, eşidýäňizmi, ana, ýene çaldy — diýip, Atda begenjine uçaýjak boldy. — Eşitdim, hakyt eşitdim. — Men-ä hiç hili ses eşidemok, Gurban Gurbanowiç, siz biziň Tapagymyzyň göwni üçin eşidýän diýip dursuňyz, Owganystanda Tapagyň kellesine birazajyk zeper ýetäýipdir. Öň-ä gül ýalak ýigitdi. Gurban Gurbanowiç kolhoz başlygynyň ýüzüne närazylyk bilen bakdy: — Gaýyp, sen maňa Tapagy tapyp berdiň. Sag bol. Indi sen öz işiň bilen boluber, gaýdyber. Tapagy men öz maşynym bilen ugradaryn. | |
|
√ Bäşgyzyl -20: romanyň dowamy - 03.11.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Duman daganda: Wezipe berilmeýär, alynýar - 16.06.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan / romanyñ dowamy - 09.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -15: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -34: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |