00:15 Taryhyñ sahypalaryny yzarlap... | |
TARYHYÑ SAHYPALARYNY YZARLAP...
Taryhy makalalar
Ýurdumyzda taryhymyzy öwrenmek bilen bagly düýpli işler alnyp barylýar. Paryzdepede geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylar, bu taryhy künjek bilen bagly gadymy ýazuw çeşmelerinde bar bolan maglumatlaryň öwrenilmegi taryhymyzda ýene-de bir täze sahypany açdy. Ýazuw çeşmeleriniň taryhymyzy öwrenmekdäki ähmiýeti örän uludyr. Hususan-da, belli bir sebäplere görä, taryhy gowşak öwrenilen sebitler babatda ýüze çykarylýan her bir ýazuw çeşmesi uly bir ylmy açyş ýaly duýgyny döredýär. Şu nukdaýnazardan alnanda, metbugat sahypalaryndaky ujypsyz habarlar hem ünsden düşürilmeli däldir. 1899-njy ýyldan başlap Aşgabat şäherinde neşir edilip başlan «Ashabad» gazetiniň 1901-nji ýylyň 15-nji dekabrynda çykan 349-njy sanynda «Türkmenabat hem Atamyrat şäherine bagyşlanan makala ýerleşdirilipdir. Ol Çarjuýdan Kerkä çenli» diýip atlandyrylýar. Onda Amyderýanyň kenar ýakasynda ýerleşýän türkmen obalary, onuň tebigaty we ilatyň meşgullanýan hojalyk işleri barada möhüm maglumatlar getirilýär. Awtor şeýle ýazýar: «Bu ugurdaky çep kenar, Petro-Aleksandrowskä (Dörtgüle — P.G.) çenli aralykda bolşy ýaly, peslik, ekinzarlyk we tutuşlygyna ilatly ýerlerden durýar. Sag kenar çöllükden, kä ýerlerinde çöl depeleri bilen gurşalan gyrlardan ybarat. Onda medeni zolaklar seýrek duş gelýär we olaryň meýdany çep kenardaka seredende, kiçi we dar. Amyderýanyň akymynyň ugrundaky bu ýerdäki kenarýaka otluk ýerler aglaba gamyşlyklardan ybarat. Olaryň arasynda gamşyň aýratyn görnüşi hasaplanýan «köl gamşy» diýilýäni we bambugyň (hindi gamşynyň) pes hil görnüşi duş gelýär. Diňe agaçlardan ybarat jeňňellikler azrak. Amyderýa boýunça gidýän ýoluň ýary geçilende, Pelwert atly uly gyşlag — oba duş gelýär. Bu ýerde beg oturýar. Pelwerdiň garşysynda, sag kenarda bolsa Burdalyk (kiçiräk şäherjik we gala) ýerleşýär. ... Gyşlaglaryň ilaty, esasan, pagtaçylyk bilen meşgullanýar; bugdaýy az ekýärler. Höreklik ekinlerden jöwen ekilýär; bakja ekinlerinden — «çarjuý gawuny» atly umumy at bilen meşhur gawuny ýetişdirýärler; ot-iýmlik ekinlerden — köplenç ýorunja ekilýär; gyşlaglarda miweli agaçlardan erik, badam, üzüm, saýaly agaçlardan — tut, garagaç we gimalaý söwüdi duş gelýär. Kerki — Owganystan bilen araçäkleşýän şäher, ol ýerde Kerki begi bolýar we daş-töwerekdäki ýerlerden belent baýyrda ýerleşýän galada ýaşaýar. Kerki begliginiň araçägi bolup Kerkiden Amyderýanyň ugry boýunça 65 wýorstlukda ýerleşýän «Basaga» atly uly gyşlag hyzmat edýär. Kerkä iň ýakyn owgan şäheri Akjadyr. Kerkiden 35 wýorstlukda özüniň ajaýyp halylary bilen meşhur «Gyzylaýak» atly uly gyşlag ýerleşýär. 1887-nji ýyldan ýörite ýer hem bar eneni Buhara emiriniň Russiýa bilen dostlukly gatnaşyklary netijesinde ulanmaga berlen we goşuny ýerleşdirmek üçin niýetlenen. ... Mundan başga-da, ol ýerde goşunyň müdirligi, harby ýolbaşçynyň dolandyryş edarasy, poçta-telegraf edarasy, bank, rus ýörite hünär mekdepleri, ençeme söwda dükany, rus söwda agentligi we beýlekiler ýerleşýär. Umuman alnanda, rus Kerkisi, özüniň daşky görnüşi, köçeleriniň we jaýlarynyň gurluşy boýunça biziň Türküstan şäherlerimiziň adaty keşbini emele getirýär». Awtor Türkmenabatdan Atamyrada çenli bolan 200 wýorstluk aralygy gämide 4 günde geçmek bolýandygyny, munuň üçin her günde 50 wýorst aralygy geçmelidigini belleýär. Şol döwürlerde Amyderýa flotiliýasynyň gämileri Çarjuýdan her hepdäniň çarşenbe güni ýola düşüp, Kerkä şenbe güni agşamara gelýän eken. Ertesi gün bolsa, ýagny ýekşenbede irden yzyna dolanypdyr. Yzyna dolanyp gelşi barada awtor şeýle gyzykly maglumat berýär: «Царь» atly gämi akym boýunça örän çalt ýüzýärdi we biz Çarjuýa ertesi gün agşamara gelip biljekdik, emma edil Çarjuýyň golaýyna gelenimizde gämi ýalpak ýerde batdy we Çarjuýyň görnüp duran ýerinde, demir ýol köprüsiniň alnynda gijäni geçirmeli boldy. Uzynlygy 1,5 wýorst bolan bu köpri otly geçmezinden ozal, elektrik yşygy bilen tutuşlygyna ýagtylandyrylýardy we biziň aňymyzy Aziýadan Ýewropa geçirýän ajaýyp keşbi göz öňümizde janlandyrýardy». Taryhymyzyň ýazuw çeşmelerinde şöhlelendirilmegi bize şol günleriň wakalaryna dolanyp gelmäge, şol döwürdäki ýer-ýurt atlaryny dikeltmäge we ilatyň meşgul bolan işleri barada düşünje almaga ýardam edýär. Munuň özi taryh üçin uly ähmiýete eýedir. Paşaguly GARAÝEW, TYA-nyň Taryh institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |