10:49 Telefon kitapçadaky ýazgylar | |
TELEFON KITAPÇADAKY ÝAZGYLAR
Sözler
Ol mydama näme sebäpden öljegini bilesi gelýärdi. * * * “Aýalymyň ölenini görsem bolýar, soň Alla haçan alsa alybersin” diýýärdi. * * * Başyndaky syrlara çydap bilmän öldi. * * * Aýallar ony çakdan aşa söýerdiler. Ol şo söýgülerden ölüp gutuldy. * * * Niýeti ýagşylyk däldi. Alla saklasyn, bir çukura ýykylypdyr, bäş günden soň tapdylar, erbet yslanan ekeni. * * * Bir görmäge örän alçak adam. Şorta söz aýdyp içiňi gyrýar: Hoja Nasreddin bir obadaşynyň halyny soramak üçin hassahana barýar. Obadaşy agzy-burny kislorodly, gepläp bilmän yatyrmyş.”Gepläp bilmeyän bolsaň ýagdaýyňy ýazyp beräý” diýip, kagyz-galam uzadýar. Hassa zordan ýazýar: -Eşşek ogly eşşek şlangany basma, kislorod gelenok! * * * “Gybat edýänleriň bir gudrat bilen dili doňsa, birküç günden soň dili doňmadyk az galsa gerek. * * * Gaty gowy adamdy, pahyry jaylamaga adam tapylmady. * * * Iýende öküz yaly, ýatanda pil ýaly diýilýänlerden. Türmä düşenleriň arasyna taşlanyp, tussaglaryň içini bilýämiş. Köçä çykdygy töweregine gorkuly garanjaklap barýar. * * * Bäý, bäy tibit geýinýär-ä. Birje sapak artyk ýa kem däldir. Arman, ýalançyny görmäge gözi ýok-da. * * * Karz dileseň hezil edinýär. Derrew çykaryp berýär. Ýöne gaýtaryp alýança ýatladyp öldürýär-dä. Häzir ýene jaň eder. * * * Kimi görse akyl berýär. Aklyň bit bazarynda-da bir köpüge alynmaýanyna üşügi ýetmeýär. * * * Ol ähli kişini ýüzüne öwýär. Bäý, öwýär-ä. Gözleri bolsa: ”Öwgä aldanýarmyka, aldanmaýarmyka?” diýip çiňňerilýär. * * * Biçäre bäş-alty gezek öýlenip, soňunda-da aýalsyz galdy. * * * Öz-ä demini sanap ýatyr, ogluna-da: ”Mallaryň ot-suwuna bakaweri” diýýär. * * * “Adamy gaty içgin tanajak bolma. Badykeş bolarsyň” diýdi. * * * Gaty akylly adam: aýagyň ýöremek üçin berlenini gaty gowy bilýär. Mydama ýöräp ýörendir. * * * Reklamasyny ýetirseň, pyşbagany uçýar diýip satyp bolýar. * * * Ölmänkä mazar ýerini belli etdi, öz heýkelini ýasatdy, mermer baryny alyp ýylmadyp goýdy. Bir gezek balyk tutmaga gidişi gidiş boldy. Heýkel howlynyň bir burçunda guma garyldy galdy. * * * Eline pul düşdügi salamyny üýtgedýär. Özge wagt sypaýy bir kişi. * * * Bir ýaramaz gylygy bar: nahar iýiläýjek wagty gelýär, ne nahardan dadýar, ne-de gaýdýar. Halynyň ýüzüne aýasyny sürtüp, şo dymar oturar. * * * Ony hiç kim tanap bilenok.Onuň özi bir özüni tanaýarmyka? * * * Atam eýýäminde bir ýagşylyk edipdir weli, her duşanda ýatladyp ýagyr edýär. * * * “Öwünjeň bilen ýaranjaň arasynda tapawut barmy?” diýerdi. * * * Är-aýal mydama bir-birini öwýär. Ikisiniň hem oýnaşy bar. * * * Ömrüni wezipede geçirdi. Wezipeden aýrylan güni jan beräýdi. * * * Eý, Alla! Bu dünýäde ýaradylanlaryň arasynda adamdan zalymy barmy? * * * Beýle ýakymly aýal dünýäde ýokdy. Bir pise sataşyp gözi görgüden açylmady. Ahyrda nädip öleni hem belli bolmady. * * * O pahyr bir ýerde demir görse howlusyna süýrärdi. Ölensoň oglanlary bir aýlap posly demir zyňdylar. * * * Geplände özüni şeýle bir akylly görkezjek bolardy. Iliňem gözi kör däl-ä, eden işiňe görä nyrh kesýär. * * * Her ölene begenerdi, biçäre. Özi birküç aý ýanyny ýerden galdyrman ýatansoň: ”Be-e, menem öläýmeli bolarmykam?” diýip, öljegine geň galyp öldi. * * * Çölden gelen bir myhmany öý eýesi hammama salyp, julkuny çykaryp ýuwundyrypdyr. Myhman: ”Hammam diýilýän ýakymly zat ekeni. Geljek ýyl gelemde-de girjek” diýipdir. * * * Ol kitap magazine girip: ”Çigit dolap satar ýaly arzan kitap barmy?” diýse satyjy: ”Wah daýza, şu kitaplaryň köpüsine çigit dolaýmaly weli, arzan däl-dä” diýipdir. * * * Oňa düşünip bilmezdik, ýöne akyllydygy bellidi. “Men dirikäm az işledim, ölemsoň köp işlejegimi bilýän” diýerdi. * * * “Oglumyň ýanynyň ody bar, gyzymyň ýanynyň ýady bar” diýip ýalňyz ýaşady. * * * Gaty ýatkeş. Tutuş kitaplary ýatdan bilýär, emma alan karzyny unudaýýar. * * * Öňden bäri duran daş heýkeliň garşysyna altyn heýkel dikdiler. Iki heýkel paýhaslylykda ýaryşdy. Ahyrda daş heykeliňki dogry çykdy. Altyny eredip o ýana, bu ýana dargatdylar. * * * Alla saklasyn, her göreni bilen ýaka tutuşjak bolup dur. Öz betgylyklygyndan keýp alýar. “Şeýtmeseň depäňde şänik döwjekler” diýýär. * * * Bir köne maşyny bar. Haçan görseň şoňa dümtünip otyr. Ogly täze maşyn alyp berjek bolsa: “Meni ýaşadýan şu köne maşyn” diýýärmiş. * * * Ol myhmançylykda Görogly ýaly, öýünde görde ýaly. * * * Ol:”Iki aýaklylaryň müňden biri adam, galanlary kölege” diýýär.”Özüň haýsyna degişli” diýsem, geplemän ýylgyraýýar. * * * Yşk- körlük diýleni-dä. Ol dünyäniň iň gözel gyzy bilen söýüşýärdi. Owadan däl diýip sowaşdy. * * * Her ýetenden karz alyp ogluny daşary ýurtda okatdy, soňam özi gitdi. Indi algydarlar onuň gelerini dileşip otyrlar. * * * Aýagyň dyrnaklary alynýandyr öýtmezdi. Şoňa görä başam barmagy jorabyň deşiginden syçan ýaly jyklar durardy. * * * Içiňdäki ýagşy-ýaman niýetiň özüňde ýüze çykmasa-da, nesliňde ýüze çykýar. * * * “Bu günler nirede güýmenýäň?” diýseň: ”Kä günler guýruk, kä günler kölege bolup işleyän” diýýär. * * * Onuň nesli köpelip küren oba boldy, özi bolsa şol köneje tamynda ýalňyzlyga gark bolup, ölüp bilmän ýatyr. * * * Onuň jaň etmesi ýokdy. Bir gün jaň edýär: “Men gaýdyp barýan, razy bolmaşak” diýýär. “Nira gaýdyp barýaň?” diýsem: “O dünýä” diýýär. Özem gaty rahat, başga bir şähere gezelenje gidýän ýaly. Men-ä oýun edýändir öýtdüm. Bäş-üç gün geçdimi-geçmedimi, öldi habary geläýdi. * * * Onuň öwünäýşini diýsene! “Altmyş manadym bar, hemmesem ýüzlük” diýýär. “Güjügimem şekelady iýmän goýýar” diýýär. * * * Ol bir tüýslidi. “Towşana gaç diýýän, taza kow diýýän” diýerdi. * * * Giçlik jaň edýän bolsa içgilidir, surnukdyrman goýmaz. * * * “Ylmyň beýigi syýahatdyr” diýip, gazananjasyny syýahata harçlady. Ahyrda-da bir ýurtda krokodil ýuwudaýypdyr. * * * Aýasy ýaly ýer tapsa-da gül ekýär. Gelene-geçene gül paýlaýar. Gül berende onuň nähili bagtyýar bolşuny bir göräýseň. * * * Dünýäni kowalap tutjak bolup barýarkaň yzyňa-da bakaweri: seni kowalap gelýänem bardyr. * * * Bu dünýäniň syrly hasap-hesibine düşünmedik kösenýär. * * * Biri aýydyr, tilkidir, ýene biri pişikdir, gurtdyr, adama meňzeýäni azdyr. * * * “Wah, meni satanlaryna gynanamok, arzan satýalar şo bolmaýa” diýerdi. * * * It bolsa-da ýürekden ýylgyrsa ýakymly. * * * Oňa jaň etseň dünýäň giňäp gidýär. “Ölümden özgesiniň alajy bar” diýýär. * * * Aýdýan sözi bilen edýän işiniň arasynda dag ýatyr. * * * Ol gündizine sadyk musulman. Gijesine goňşusynyň sygyryny ogryn sagýar. Hudaý gije uklaýandyr öýdýärmikä? * * * Maýmynyň adam bolanyny görmedim, ýöne adamyň maýmyna öwrülenini köp gördüm. * * * “Jesedimi watanymda jaýlamaga kömek beriň” diýýänini bilýän. * * * Biri mugallymynyň otag doly kitaplaryny görüp, bir aýlyk, bir hepdelik okamaga dilese-de bermändir. Ahyrda bir günlük diläpdir. Mugallym: “Oglum, şu kitaplaryň ählisi bir günlük dilenip alnan kitaplar” diýipdir. * * * “Gözi açyklaryň ählisi görýändir öýtme, ýöräp ýörenleriň ählisi diridir öýtme. Ölüm diňe mazarda ýatmak däldir, guzym” diýip maslahat bererdi. * * * Mugallym: “Diňe wagşylar et iýýär” diýipdir weli, bir okuwçy: “Adam wagşylara degişlimi?” diýipdir. * * * Onuň tapýan sözüne seret: “Meniň oglum bile seniň ogluň biziň oglumyzy urýar”. * * * Ol bir gepinde: “Arylara gülüň baly, aşyga dodagyň baly” diydi. * * * Ölümiň öýünde bir gämi edindim. Bir görsem derýalar bireýýäm gurap gidipdir. * * * Men ukudaky wulkandym, partlap bilmän kösendim. * * * Akmak däliräp ýitirýän zady ýok, akylly dälirese ýaman. * * * Ol biçäre: “Içimde yşgyň külünden başga zat galan däldir” diýdi. * * * Köp gulakly, köp gözli kölege. * * * Onuň gyzy aýaldan däl-de aždarhadan dogan ýaly. * * * Kyrkdan geçdimi-geçmedimi, daýaw janyny garry hasaplap başlady. Birküç ýyldan bir aýagy gördäki mülhide öwrüläydi. * * * Ýüz sany nol bolaňdan bir birlik bol. * * * “Suw damjasy altyn dänesi” diýip, teşneligiň nämeligini bilmän aýdýaň. Ömür bir damja direlende altyn gara kömürçe-de görülýän däldir” diýerdi. * * * Men oňa däli diýdim, olam maňa däli diýdi. Kimiň dälidigini kesgitlejegem bir däli. * * * Ol şeýle bir ugurtapyjy. Gurt görse aga diýýä, aýy görse daýy diýýä, içýanyň penjesinde uklap, ýylanyň kölegesinde gezip bilýär. * * * Goşgy baryny ýatdan aýdardy. ”Bir gül üçin müň tikene suw berdim” diýip, goşgy aýdýar. * * * Ol güýçli alymdy. Ölmezinden öň ähli ýazanlaryny ýakaýdy. Oňa däliredi diýenlerem, aklyna aýlandy diýenlerem boldy. * * * Ol aýalyna taýak salyp başlanda: “Ýüz-gözüňe degäýmesin, berkje goran!” diýerdi. * * * “Kowalap barýanymdan başga dokuz towşan ursam, on bolýar” diýmäni söýerdi. * * * “Ýaman niýetlilik janlylaryň arasynda diňe ynsana mahsusdyr” diýip öwrederdi.”Haýwanlaryň arasynda maýmyna meňzeşi adamlardyr” diýip köp aýdardy. * * * “Nähili ýagdaýlar?” diýseň: “Ölýän, içegelerim deşik-deşik” diýýär. Elli ýyl bäri bu sözüni gaýtalaýar. * * * Bir maşgaladan yzly-yzyna iki kişi ölüpdir weli, öýüň ýaşulysy: “Ezraýyl biz bilen öwrenişäýdi öýdýän. O wenezzyna bu öýden çykasy gelenok” diýdi. * * * “Para bilen sowgat şeýle bir garyşdy weli, ähli para sowgada öwrüldi duruberdi” diýýär. Onsoň “sowgat” almajak ýok, diňe az görýän, çekinýän bar” diýýär. * * * Baýlygy gazanmagam ýeňil däl , ýöne saklamak juda kyn. Şu ikisini başarsaň baýap bolýar. * * * Ol agyz, burun, göz, maňlaý, ýüzüňdäki çyzyklar esasynda seniň häsiýetiňi özüňe aýdyp berýär, emma: ”Bu dünýede özüňi tanamak ýaly kyn zat ýok” diýýär. * * * Dünýäde ähli zat jübüt ýaradylypdyr. * * * Ol ölüm ýassygynda: ”Ýene bäş ýyljyk ýaşasam, fabrigime täze maşyn goýsam” diýip öldi. * * * Ol-a agaçmyş, ynsanyň hem köki bar. Janlylaryň ählisi köküne görä ýaşaýar. “Köksüz agaç dik durmaz” diýip ýönelige aýdylan däldir. * * * “Men iňlisçe gowy bilýän” diýip öwünýänlere: “Angliýada her däli hem iňlisçe saýraýar” diýýär. * * * Bir golunda iti, goltugynda biti. * * * Hiç kime göwni ýetmezdi. Ezraýyla-da “Eşigiň gara” diýenmiş. * * * Aýaly näçe zeýrense-de, aýlygyny alan güni bir gujak kitap satyn alýar. “Mukaddes kitabymyzyň ilkinji buýrugy “Oka!” diýlip başlanýar” diýýär. * * * Seniň gepleşýäniň kölege bolaýmasyn. Kölegeler mydama aslyndan başga görünýändir. * * * Çüýresem-de güle dökün bolmak üçin çüýreýän. * * * Akyp ýatan derýany görmeýän barmy!? O derýalaryň aşagyndan akýan gizlin derýalary görmekde iş ba-ar! * * * Adalatly bolýançaň güýçli bol. * * * Diňe ata-enedir saňa ömürlik wepaly. Beýlekileri synap görübermeli. * * * Her ýurduň tilkisini şo ýurduň tazysy bilen awlap ýörkä ýolbarsa sataşaýdy. * * * Adamzat ösdügiçe wagşylyk azalar öýdýändirler. Muhammet pygamberiň dişini döwdüler, Mansur Hallajy parça-parça bölekläp, odun ýaly ýakdylar, Jelaleddin Rumyny mazara alyp barýarkalar tabydyny omurdylar, Nesimini dabanyndan soýdular, Magtymgulynyň kitaplaryny ýakdylar… Soňuny özüň sanaber. * * * “Bir ýeri depip dursam, ýerden ýag çykjagyny bilýän” diýýär. * * * Uly wezipedekä uly ogluny öýerdi, dag süýşüp geldi. Wezipeden aýrylansoň ikinji ogluny öýerdi, sanaýmalyja myhman geldi. Kakasy: “Oglum, sen gijräk öýlendiň” diýdi. * * * Gurbaga pişige: “Ogry, gorkak bolmadyk bolsaň, gaplaň bolardyň” diýdi. Pişik gurbaga: “Ýeňles, ýalta bolmadyk bolsaň, krokodil bolardyň” diýdi. * * * Fuzulynyň: “Mende Mejnundan zyýada güýçli yşgyň bady bar, Hakyky aşyk menem, Mejnunyň diňe ady bar” diýenini okap, Mejnun öýkelänmiş. * * * Akylly görünmesi başyna bela boldy. Oňa göriplik baryny etdiler. * * * Onuň iň gowy görýän sözi, iň köp gaýtalaýan sözi: “Alla maňa gözel ömür berse, soňra-da gözel ölüm berse”. * * * “Salam berdik, para däl diýip almady.” * * * Degirmeniň ýokarky daşy: “Men degirmene baş, sen aşakda ýatan daş” diýip men-menlik satdy.Wagty gelip ýokarky daş ýukalyp zyňyldy, aşaky daş bolsa öňküligine galdy. * * * Akmagam gördük weli, beýlesi görlen däldir. Ol kölegesinden maslahat soraýar. * * * “Hälem aralykda burun bar, bolmasa iki gözem ylalaşyberjek däl” diýdi. * * * Dünýäniň gidişi haçan “Ýok”, haçan “Hawa” diýşiňe bagly. * * * Onuň üçin adamzadyň ýarysy sygyr, ýarysy öküz. * * * Uzynyň sözi: “Sagatdan mysal alaý: uzyn dil ýöremese, kiçi diliň jany ýokdur”. * * * “Gabrymy gazyber, mazara barýançam janym çykar” diýme. * * * Goňşynyň ýaramazy: “Goňşymyň öýi ýansa, menem közüne ýumurtga gowursam” diýýär. * * * Derek tutdan ozup heşelle kakdy weli, tut ýylgyryp: “Geçmişiňi bilseň, beýle diýmezdiň. Şo gurçuk gemren töňňe seniň ataňdy, olam menden ozup ösüpdi” diýdi. * * * Iller köp gepläp özüni ýigrendirse, ol içýakgyç dymyp ýigrendirdi. * * * “Içiň ýanyp dursa-da, ýüzüň gülüp dursun” diýilýäni geldi. * * * Ol tagt tapsa, täç tapmady. Täç tapsa tagt tapmady. * * * Mündi agaç ata, gitdi kyýamata. * * * Dünýäni bilmän gözüm açyk diýmek bolmaz. * * * Dil ujy bally, dil düýbi duzly. * * * “Dünýäden habary bar, özünden habary ýok.” diýilýänlerden bolmaweri. * * * “Sesim ýyldyza ýeten aýdymçydym, arman, kerler diňleýjim boldy.” diýip ah çekdi. * * * “Keýpler niçik” diýsem, “Töhmete galyp, dar agajynyň aşagynda duranyňky ýaly” diýýär. * * * Sagdyn dogmak, sagdyn ölmek iň uly bagtdyr. * * * Gül bolsam soldurdy, gul bolsam öldürdi, kül bolsam sowurdy. * * * Damjalar sabyrlylygy üçin daşlary deşýär. * * * Biz garradyk weli, dünýä owadan gelinden dolaýdy. Oraz ÝAGMYR. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |