TOWKY
Kakamyň biz bilen işi bolmazdy. Gezegendi. Öz öýümize-de setanda–seýranda bir düşýärdi. Hojalygyň ähli keşigi ejemiň egnindedi. Ol bizi gaty zabun tutýardy. Meni-hä ýaby ýalykamam it ýaly ýençýärdi. Ondan gorkmasyna barymyz gorkýardyk, ýöne sylamaýardyk. Gözi eýläk boldugy öz diýenimizi edýärdik. Özüm-ä aç oturjak welin geýjek. Bokurdaga „haý” diýmeseň ondan köşekli düýe-de geçjek. Geýinseň il görjek. Ejem teý şuňa düşünmezdi. „Tapanyňyzy egniňize sürtüp aç gyryljakmyň ýal ýagylar? Iş etmeli bolsa-ha ýüzüňiziň on ýerinden gara siziň” diýer gygyrybererdi. Soňabaka ol bize pul bermesini goýdy. Karza geçýänimize şükür. Goňşularyň biri bermese, biri berýär, diläp bilseň. Soň ejem ony alaçsyz üzýär. Del-del matalar bolsa çykyp dur. Moda bolsa günaşa üýtgeýär. Birini tikinip ýetişmänkäň, beýlekisi peýda bolýar. Öňki eşiklerimize it degýär onsoň. Degerne-degmezine ýelmeýäris. Dagy öz bahasyna kim aljak ol şylhalary? Düşündir-dä, şuny ejeme. Onsoň ýanmasyz zada ýanyp, köýmesiz zada lowlap, şeýle bir küpürseýär welin, diýýänini iki gulakly eşider ýaly däl. Agzyna ak-da gelse gaýgyrmaz, gara-da gelse. Şonda-da oklawa ýapyşmasa köşeşmez. Barybir oňa „ýanýaň” diýýänem ýokdur, „urýaň” diýýänem. Öwrenişipdiris. Ýap-ýaňy aýak biten jigim näme? Şolam syçala barmak ýaly bolup, eşik dawasyny edýär. Iş buýrulsa welin, ýaş kiçidirin diýenok, ejemiň burnundan bulak getirýär. Jany ýanyp ylgap ýörendir onsoň.
Durmuşa çykdym. Gaýynlarymam köplük. Adamym ýedi çaganyň iň ulusy. Dokuz adam bir saçakdan çörek iýýär. Dört sany jigim bilen biziň maşgalamyz alty baş. Alty başyň galmagaly bolsa asmana galýar. Geň galýan. Ýüwürjilerimiň iň körpesiniň-ä edil burny deşilen ýaly. Sesini gataldyp gürleýäni ýok asyl bularyň. Her kim öz işi bilen garabaşyna gaý. Hamana diýersiň dünýä iki gelýän ýaly, emziklisiniň elinde-de kitap. Diýseňem şagalaňly öý gowrak ýaly. Birbada ýüregim gysjak boldy. Ýogsam bolmanda öýi garawullap oturamok-la. Dünýäde lezzet alýan zadym dükanlary sökmek. Öýdäkiler kyn görýär, halanoklar asyl. Gidiberýärin özüm, ýagy çapýamyşmy?
Hakyt bir gün del matanyň üstünden baraýdym. Ýeterlik pulum bolmansoň çökdüm taksa. Uçaýjak bolýan. Setanda-seýranda çykaýmasa, beýle-beýle zatlar tapdyrýarmy näme? Onsoňam kaňkaşyp ýören söwdagärleriň derdinden zat aljak gümanyň ýok. Şol mahmalyň ýaşylyny jyda höwes edemsoň, gaýnym iki bahasyna bir söwdagär aýaldan alyp berdi. Bu welin, gözüňi deşip barýan gyrmyzy gyzyl. Halaýan reňkim-dä.
Hyýalymda egnime geýip, ülpüldäp gezelenje çykdym. Şonsyzam maňa surat ýalyjak diýýärler. Geýnip dagy çykaýsam milletiň gözi mende. Onsoň özüňi aýyň bölegidir – öýütmezmiň. Diýseler diýibersinler. „Göwher kül içinde belli” ol bir häki gysganjyň gürrüňidir. Eşik görk bermese menem ölüp-öçüp barjak däl. Alnymdan çykanam adamym, ilki oňa buşladym. Ol bir hili geňirgäp ýüzüme seretdi. Ünsem bermedim. Bir ýerlerik şaýlanyp durandygyny aňdym, mydama ýolagçy şu bende-de. Dynç günem öýde tapmarsyň.
— Nirä – diýdim.
Niräniň bir garrysyna dükandan azyk eltjekmiş.
— Öz aýagy ýokmy? – diýdim.
— Garrylar.
— Şäheriň ähli sandan galanyny üpjün etjek bolsaň, öýe nepiň degjekgäl. Bir gün azyklaryny eltmäniň bilen garrylar aç gyrylaýaslary ýok – diýdim. Adamym „näme ýumuş?” diýen terzde ýüzüme garady. Ýeri näme diýersiň? Içimi it ýyrtyp barýar. Onuň piňine-de däl.
— Waý, ýandym. Aýdyp durun-a, saňa men, uly hazynanyň üstünden baranymy. Äwäý ahyryn senem bir!
— Men ker däl.
— Saňa ker diýýän barmy?
Dabanymdan depäme çenli gyzdym. Ýüregim agzymdan çykyp barsa nädeýin. Gutarar öýdýän. Jabjynsaň öňkisiçe-de boljakgäl. Özüme zor salyp dişimden syzdyryp düşündirdim. Dükany salgy berip, alynmaly matanyň reňkine çenli aýdyşdyrdym.
— Gaty zerurmy ol! Soň alanyňda bolmaýarmy? Özümi lampa aşak goýberäýipdirin.
Beýle-de bir içýakgynç pekge adamlar boljak eken.
— Ejeme diýmediňmi?
— Diýmedim, diýjegem däl. Dynnym ýaly zat üçinem ejeňize sala salşyp oturmaga utanaňyzogam.
— Sen nämä çişýäň!
Ejem ýat adammy oňa sala salmagyň näme aýby bar.
— Sala salaňok. Sen ondan puly gedaý ýaly diläp alýaň.
Adamym şol bada içki otaga girip gitdi-de, meni çagyrdy. Şifoneriň ýokarky gatynda eplengi duran çitiň aşagyny galdyrdy. Bir petde pul. Ol gapjykda-da däl.
— Jigileriň bilýän däldir, ýogsam bu ýerde ýekeje köpügem durmazdy – diýdim.
— O näme üçin? Biziňkileriň puluň durýan ýerini bilmeýäni bolmaz. Ýöne soraman almazlar.
— Gözüň alnynda duran zady soran bolup suwjaryşýaňyzmy? Men-ä ony oňarman.
Adamymyň ýüzi üýtgäp gitdi.
— Şony suwjyklyk hasap edýän bolsaň, hanha pul, akyl satyp bu adamlaryň başyny agyrdyp durma-da, özüň alyp geläý.
Adamym gapa ýöneldi. Aşhanadan çykan gaýynym ony saklady.
— Dawaňyz näme?
Içki jaýdan eneli ogluň hümürdisini eşitdim.
— Wah, bir ýeňiljek gabyllyja iş tapylanlygynda kişä minnetim ýok. Diýse diýýär adamym. Emgenmänem gazanyp ýören gyt däl. Başarýanyň pasportam işläp ýör. Özleri bir ysnat. Gözläbersinler iş. Taklaýsalaram atelýesinde, fabriginde işlemejegim hak-da. Göwnüme ýaramasa meňňem sözüm sözdür. Ýerden ýöräni aýak üstünde işläbersinler. Bir adam işlemäni bilen dünýä gapyşaýmaz. Başarsa, ejemem işletjekdi. Onsoňam bir heleýi eklemejekdenem är bolarmy?
Gaýyn enem ellerini fartugyna süpürişdirip ýanyma geldi. Entek gürlemänkä matlabyny aňdym. Holodilnigimizi täzelemeli. Howa yssy bolan soň, bir aýdyr goňşymyzyň gapysyny garynjanyň hinine döndürdik.
Gaýyn enem ýaýdynjyrap ýüzüme garady. Lapym keç bolup, ýüzümi sowdum-da, diwana atan eşiklerimi ildirgiçden asyp durşuma eşidiler-eşidilmez hüňürdedim.
— Gözlän wagtyň tapdyrýarmy, hazan.
Gaýnym sessiz-üýnsiz yzyna dolandy. Ogluny çagyrdy. Adamym ejesiniň ýanyndan dolanyp geldi-de içki jaýa girip gitdi. Yzy bilenem çykyp gapa ýöneldi.
Gaýyn eneme kömekleşmek üçin aşhana ugradym. Ol ýüzüni sallar öýütdim. Beýtmedi. Ýöne lähen garpyzy zordan göterip ugran oguljygyny saklady:
— Jan balam, goýaweri, ite-de bir uýat ýagşy. Aýgül görgüli öz holodilniginde mesgesine ýer tapanok.
Ile gezek gelende beýle dözümsiz bolaýşyny şularyň. Ýerden ýöräni „il” diýip jan berjek. Dek düýn baldyzym barymyzy köçä daňdy. Onda-da ýedi ýat üçin. Gijäni iki deňledik. Ýok. Şol işine gidişi. Hany, gaýynymy öýe salyp bolsa. Aýagam agyrly. Sagam bolsaň üç sagatlap dik aýak üstünde durup bilmersiň. Adamym til kakyp bir ýerde galtaşýanlary bolsa soraşdyryp çykdy. Adamlary bimaza edýänine-de şeýle bir gynanýar. Munam ejesiniň ýanynda daşyna çykarmajak bolup horlanýar. Meniň welin gelýär bir gaharym, elime düşse ütmän iýjek-dä.
— Saglyk bolsa ýagşydyr, çagajygymyň beýdip, duýdurman eglenýän wagty ýokdur.
Gaýyn enem şol bir diýenini gaýtalap ýüregimize düşdi.
Gije sagat ikilerde ol tula maşyndan düşdi. Goltugynda-da bir çaga Gaýyn enem keýtikläp, eýýäm menden öňe düşüp, çagany garbap aldy.
— Eje jan, bagyşla! Til kakyp alyp bilmedim. Soňam ynanaýyň, başagaý boldum – diýip, baldyzym özelendi. Doganynyň ýüzüne-de müýnürgäp seretdi. – Gülleri keselhana ýerleşdirim. Buşlyjagymam taýynlaň, oglyjy boldy.
Soň ol Gülleriň adamsynyň komandirowka gidip gelip ýetişmändigini, öýde başga adam bolmandan soň, Gülleriň gyzjagazyny alyp galmaly bolandygyny gaýtalap-gaýtalap gürrüň berdi.
Adamym derrew gaýnymyň elindäki çagany aldy.
Gaýyn enemiň orunda ejem bolan bolsa näderdi? Änigine-şänigine ýetjek bolubam durmazdy. Zowzuldabam kösenmezdi. Tommaklyja taýak bilen gürleşerdi.
„Iliň göwnüni görýän bolsalar, meňkinem görsünler” diýip, kelem dograp durşuma içimi gepletdim. „Bolmanda saňa ýüzüň üstünde burnuň bar” diýýän barmy? Dek düýn „şpilka” almadyňmy? Aýakgabyň ýetik. Ýetik bolanda import köplük etjekmi? Baraýdym üstünden, barmadyk bolsam köýnekligem sypjakdy. Nesibejigimdir. Holodilniksiz ýene bir aý kösenäýjek ekenikde? Mahmaly welin ýene bir aýdan tapmarsyň. Giň ýeriň gürrüňini edýän, mahmal galjakmy şumada. Barmazam. Barmanam görsün şol dükana. Barmasa nädersiň? Barar. Barmaz”.
Dogran kelemimi gapakdan gazana agdardym. Gaýyn enem ýylgyrdy. Muňa girre gaharym geldi.
Tüwi atylmaly gazandan guýan kelemimi saýlap durşuma ynjyly gürledim:
— Aýdaýmaly ekeniňiz-dä. Billsem guýjakmy?
— Zyýany ýok, kelemli palaw süýji bolar – diýip, gaýynymyň göwni bir ýaly jogap berýär. Şularyň içýakgyçdygyny.
Gapy açyldy. Okduryldym. Badyma oturgyja büdräp entirekläp gitdim. Gaýnym tutup ýetişmedik bolsa, gapynyň söýesine degip maňlaýym ýarylaýmaly. Onda-da gowuja awundym. Maňlaým stoluň çüňküne degip köwüş ýaly çişdi.
— Hazan, stoluň aşagyna dykaýmal-a bir artyby.
Oturjygy öz goýanym ýadyma düşmän, hüňürdedim.
Gelen baldyzym eken, badym gaýtdy. Lapym keç bolup, yzyma dolandym. Kelläm welin, edil taýak degen ýaly. Aňka-taňka bolan baldyzym sorag baryny ýagdyryp, suwytly jogap alyp bilmän, şol bada derman çüýşesini getirip, garşylygyma garaman, naňlaýymy bint bilen sarady.
Ýene işik açyldy. „Adamymdyr? Getirdimikä?”. Ýüregim gürsüldisi gaýynyma eşidilýändir öýdüp, gapa däl-de, müýnürgäp onuň ýüzüne garadym. Ol meň bilen däl. Ogrynça girelgä seretdim. Görünen adam bolmansoň uludan demimi alyp gap-gaçlary ýuwmaga başladym. Elimden sypdyryp iki jamyň sarçasyny gyçyrdym. Bir şakäsäni iki böldüm. Bölünip geçsin-le hazan, şol bir gaýtalanýan tükeniksiz işlerden iräýipdirin. Soňam gelmez, hazan. Gaýynym agzyna suw alan ýaly gap-gaçlarynyň baryny döwseňem geplänok. Hemişe bir ony-muny sorardy, gürrüň bererdi.
— Ýadyma düşmändir. Gülälege-de bir köýneklijek sargamaly eken – diýdim. Gaýynym aňşyrman, özüme sorag berdi:
— O nämäň köýnekligi?
— Ýaňky mahmaldan.
— Haýsy mahmaldan?
Gaýynym dikanlap ýüzüme garady:
— Ýaňy sargamadykmy gyz!
Ol ýüzüni öwürdi-de geplemedi. „Lal açaýsadyň! Lal açmyş. Näme yrsaraýarsyň? Yrsaraýanmy? Dagy näme? Dili damagyna gitmedik bolsa diýýäýmeli-di, bir zat. Özümiz-ä biri delje eşik geýip, bezenip-beslense begenjek. Sen begenýämiň, gynanýamyň, enesiniň, oglunyň göwni bir ýaly. Alynman geçen şol holodilnigem böwrüme sanjy boldy.
Olam ýatymlyk gitmedik bolsa geläýmeli-dä! Gapymyzam dükanyň gapysyna döndi. Elim işde, gözüm gapyda, her açylanda tisginip-tisginip, ysgyndan gaçdym. Onam töweregimdäkilere duýdurmajak bolup has lejikdim. Soňabaka bolşum ogurlyk edýäne meňzedi. Näme üçin münürgeýänime özümem düşünemok.
Ahyr gaýyn enem dillendi:
— Howlukma, ol garrylaryň ýumşuny bitirmän gelmez.
— Gelmese gelmän eken-dä – diýip, ynjyly dillendim. Gaýynym diňe ýüzüme seredip goýdy. Onýança-da Aýgül girdi. Maňlaýyma gözi düşenden zähresi ýarylyp, sorag baryny ýagdyrdy. Zordan sypdym, tuladan.
Nahary öňümize alan badymyza adamym gapydan girdi. Laňňa galaýypdyryn. Ilki onuň goltugyndaky goşa, soňam ýüzüne seretdim. Ondan many okap ýetişmänkäm, ol üç bölek matany öňüme oklady:
— Gözüň bir doýsun. Üç reňkindenem aldym. Ertir ýene-de aýlan, belki has üýtgeşik zat satylar. Bezenip keýpden çyk, dagam bir edýän işiň ýok.
Körpe ýüwürjime çenli agzyna salanynam çeýnemän, bir meň, bir-de doganynyň ýüzüne garady. Diňe gaýyn enem başyny galdyrman nahar iýip otyr. Aýgülem oturan soň, ýer ýarylmady, men girmedim. Getirilen dükanlarda item alman baslygyp ýatan çyzmykly mahmal. Ýaryl ýarylýan bolsaň.
Şirinjemal GELDIÝEWA.
Hekaýalar