21:43 "Töwriz-Baku-Ankara: Biz nire, parslar nire?" | |
"TÖWRIZ-BAKU-ANKARA: BIZ NIRE, PARSLAR NIRE?"
Publisistika
Günorta Azerbaýjan Milli Galkynyş hereketiniñ başlygy Mahmud Ali Çehrekani soraglara jogap berýär Eýranda 28-nji iýunda geçiriljek möhletinden öñki prezident saýlawlarynyñ öñüsyrasynda Günorta Azerbaýjan Milli Galkynyş hereketiniñ (GAMGH) başlygy Mahmud Ali Çehrehani Waşingtondan žurnalistleriñ soraglaryna jogap berdi. • "Eýranda demokratiýanyñ peýdasynda hiç zadam bolmaýar" Eýranda Dini lideriniñ pozisiýasynyñ hemme zatdan ýokarda durýandygyny ýatladan Mahmud Ali Çehrekani oppozisiýa goşulanlaryñ ölüm jezasyna höküm edilýändigini şu sözler bilen gürrüñ berdi: "Bilşiñiz ýaly, Eýransa "Ýokary Dini lider" ýa-da "Rehber" ("Ýolgörkeziji") bar. Emma muña ni lider diýip bolýar, ne-de rehber. Sebäp ol özüni "On iki ymamyñ" oruntutary we Alla tarapyn saýlanan 13-nji güýç hasaplaýar. Ýagny bular Allanyñ metafiziki tarapynyñ bardygyny we Ýer ýüzüni iñ soñky ilçi edip Muhammet pygamberi (s.a.w) ugradandygyny aýdýar. Olaryñ pikiriçe pygamberden soñ gelmegine garaşylan Dört çaryýarlar däl-de, On iki ymamdyr. On ikinji ymam entek gelmändigi üçin Allanyñ saýlan adamy Eýranyñ Dini lideri bolýarmyş. Şonuñ üçin dini lider özüni Allanyñ naýyby (orunbasary) hökmünde görýär. Ýagny Allanyñ tassyklap ýer ýüzüne bellän wekili. Oña garşy çykmak Hudaýa garşy gitmek bilen deñmişin. Onuñ özem munuñ şeýledigini dili bilen aýtdy. Şonuñ üçin dini lidere garşy çykanlara ölüm jezasyny berýärler". Günorta Azerbaýjan Milli Galkynyş hereketiniñ başlygy Mahmud Ali Çehrekani • "Hamaneýiñ tassyklamasyk adamy prezidentem, deputatam bolup bilmeýär" "Töwriziñ we Tährantñ birnäçe ýokary okuw jaýlarynda köp işlän we režimi ýakyndan tanama mümkinçiligine eýedigini nygtaýan M.A.Çehrekani "Şonuñ üçin režimiñ infrastrukturasyny örän gowy bilýändigimi aýdyp bilerin. Eýranda demokratiýanyñ peýdasyna hiç zadam bolmaýar. Ähli ygtyýarlygy özünde jemlän we özüni Allanyñ belländigine ynanýan dini lider bar. Bulary bir ýana goýup onuñ diñe çagalarynyñ aýdýanlaryna seretseñizem, Eýranda saýlawlaryñ asla kabul ederlik tarapynyñ ýokdugyny görersiñiz" diýýär. Eýranyñ öñki prezidenti Haşimi Rafsanjaniniñ "Saýlaw diýilýän zat ýok. Islämlerini prezident ýa-da halk deputaty wezipesine belleýärler, islänlerini ret edýärler" diýenden soñ hammamda öli ýagdaýda tapylandygyny ýatladan Çehrekani sözlerini şeýle dowam etdirdi: "Dini lider Hamaneý bellän prezidentine ýa-da deputatlaryna şu soragy berip bilýär: "Sizi kim bellesi, eger biz bellän bolsak, nädip bize garşy çykýarsyñyz?" Homeýniniñ ogluny-da Rafsanjaniñkä meñzeş sözleri aýdandygy üçin öldüripdiler. Öñki prezidentleriñ bir bölegini gözden ýitirdiler, bir bölegi tussag astynda, täzeden prezident bolmak üçin ýüz tutýanlaryñ ýüzlenmesi-de şobada yzyna gaýtarylýar. Hamaneýiñ tassyklamadyk adam ne prezident, ne deputat, ne ministr, ne-de ýokary wezipeli ýolbaşçy bolup bilýär. Şeýle-de Çehrekani "Hamaneýiñ köşgünde diñe ýüz göterim ynanylýan işgärleriniñ beren habarnamalary esasynda teklipler ýa tassyklanýar ýa-da yzyna gaýtarylýar. Olarda iññäniñ ujy ýaly-da merhemet ýok. Wagtynda režime hyzmat eden adamlaryñ bir bölegi häzir öý tussaglygynda" diýip sözüniñ üstüne goşdy. • "Režim soñy petige baryp direýän köçä girdi" Eýranyñ prezidentligine saýlawlar boýunça pikirlerini paýlaşan M.A.Çehrekani prezidentlige kandidaturasyny hödürlemäge rugsat edilen alty adamyñ birnäçe ýyl bäri syýasatda ministrlik, deputatlyk eden ýa-da suduñ iñ ýokary wezipelerinde işlän adamlardygyny aýtdy ee "Kalibafyñ, Jeliliniñ, Pezeşkiýanyñ beýlekilere garanda has mümkinçiligi uly kandidatlardygyny aýdyp bilerin" diýýär. Çetinkaýa sözlerini şeýle dowam etdirdi: "Bilýäñismi, režim soñy petige baryp direýän köçä girdi. Birnäçe aý öñ bolup geçen parlament saýlawlarynda Tährandaky gatnaşyk 8% boldy. Munuñ özi barypýatan masgaraçylyk, heläkçilik. Režimiñ ýolbaşçulary elmydama 1979-njy ýyldaky refedendumda halk köpçüliginiñ 97-98%-niñ Yslam Respublikasyny kabul edendigini aýdyp gelipdi. Indi boldy, munuñ doly tersine boldy, ýagny ilatyñ 92-93%-ni saýlawdan ýüz dönderdi. Töwrizde hasaba alynan saýlawçy gatlagynyñ 85%-i saýlawa gatnaşmqdy. Ýagny režim soñky demini sanaýar". Wertolýot heläkçiliginde aradan çykan Ibrahim Reisi we Hüseýin Emir Abdullahiýan barada hem aýdan Çehrekani "Režim özüne iñ ýakyn adamy Ibrahim Reiisini prezidentlige belläpdi. Hasan Ruhana garşy kandidaturasyna goýanda saýlanyp bilmedik Reisi "Saýlanmandygyma şükür, hernä men dollaryñ bäş müñ tümen bolandygyny görmerin" diýipdi. Şol wagt bir dollar 900-1000 tümene deñdi. Indi bolsa bir dollar 60 müñ tümen. Daşary işler ministri Abdullahiýan dagy gowy bilim almak beýlede dursun, BMG-nyñ Nýu-Ýorkdaky ýygnanşygynda eline öñünden ýazlyp berlen teksti hem dogry okap bilmeýän adamdy. Gorkunç ýagdaýdu. Tekstde iñlisçe sözleri arap elipbiýinde ýazypdylar. Şonam okap bilmändi. Yslam Hyzmatdaşlygy Guramasynyñ ýygnagynda bolsa arapça okap bilenokdy. Ýogsam bolmasa, Eýranda liseýi tamamlanlaryñ iñlis we arap dillerini iñ bolmanda 35% derejesinde bilýär. Bular režimiñ kanunylygynyñ ýany bilen hilini-de ýok etdiler. Şonuñ üçin olar Hamaneýiñ buýrugy bilen öldürildi" diýdi. Çehrekani "Üç goragçy wertolýot bökdençsiz Töwrize baryp ýetýär, prezidentiñ wertolýoty heläkçilige uçraýar. Munuñ näme netijesi boldy? Režim özüne 20%-lik makulyýet we kanunylyk gazandy. Gynansak-da, eýran jemgyýetçi ýas tutaññaç, öliniñ yzyndan matam tutmagy gowy görýär. Töwrizde on müñlerçe, Tähranda ýüz müñkerçe, Maşatda bolsa milliondan agan köpçülik ölenleri eginlerinde göterdi. Üns berýän bolsañyz, Hamaneý ne ABŞ-ny günäkärledi, ne-de Ysraýyly. Çünki bu işi özleri etdi. Adyny agzan üç talaşgärimden daşgaryn beýleki talaşgärleriñ ýa çekiljegini ýa-da ahy4ynda 1-5% ses aljagyny pikir edýärin" diýibem sözüniñ üstüni ýetirdi. • "Häzirbegjan sebitlerinde ýeriñ astyndan tebigy baýlyklaryñ islendik görnüşi bar" Nusret Pezeşkiýanyñ köp gürrüñi edilen kandidatlygy barada-da pikirini paýlaşan M.A.Çehrekani "Ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri Töwriziñ deputaty bolup gelen Pezeşkiýanyñ jinnek ýaly peýdasyny görmedik. Kalibaf örän güýçli assimilizasiýa uçrap milli aýratynlygyny ýitiren türki maşgalanyñ çagasy. Biz oña horasan türklerinden diýsegem, onuñ türkilere peýdasyny ýetirmek beýlede dursun, gaýtam türkileriñ maddy-magnawy güýjüne her dürli zarbany indermekden gaýra durmady. Häzirbegjan sebitleriniñ Hazar deñziniñ kenarýakasynda örän möhüm Astara we Enzeli şäherleri bar. Tähran režimi şol şäherleri alyp parslara berdi. Olar ilatyñ demografiýasyny üýtgetjek bolýarlar. Buniki şäheriñ guryýerdäki böleklerinde we Hazar deñziniñ içinde tebigy gaz gaýnarar. Şonuñ üçin ony Häzirbegjan welaýatynyñ elinden aldylar-da, Gilan welaýatynyñ garamagyna berdiler. Häzirbegjan sebitlerinde ýeriñ astyndan tebigy baýlyklaryñ islendik görnüşi bar. Birmahallar şo geografiki giñişlikdäki iñlis basybalyjylary häzirki pars gansorujylaryndan has merhemetlidi. Häzirbegjan sebitleriniñ ähli baýlyklaryny talaýyşlary ýaly sany kyrk milliondan geçen türki halklary iñ ownuk hak-hukuklaryndan mahrum etdiler. Sany 60-65 müñe ýeten ermeni ilatyñ bolsa çagalar öýünden başlap başlangyç bilim almaga-da, orta bilim almaga-da, liseýe gatnamaga-da, hatda ýokary okuw jaýlarynda okamaga-da hak-hukugy bar. Ýogsam bolmasa, Eýran-Yrak urşunda 300 müñ türk wepat boldy. Şirin janyndan geçmegi türkleriñ hak-hukugynyñ berilmegine gelinende elde ullakan nol galýar" diýdi. • "BMG-nyñ konwensiýalarynda beýleki halklara berilen hak-hukuklaryñ bize-de berilmegini talap edýäris" "Biz talaşgärleriñ hiç birine ynanamzok we hiç zat talap edemzok" diýen M.A.Çehrekani "Ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri Töwrizde deputat bolan Pezeşkiýan biziñ hak-hukuklarymyzy ýeke gezegem orta atmady. Şonuñ üçin biz halkymyzy saýlawlara gatnaşmazlyga çagyrýarys. Häzirbegjany ýok eden režim biziñ dertlerimize dowa bolup bilmez. BMG-nyñ konwensiýalarynda beýleki halklara berilen hak-hukuklaryñ bize-de berilmegini talap edýäris" diýdi. • "Saýlaw sandygyndan ýa Kalibaf ýa-da Pezeşkiýan çykyp biler" "Eger bu ýurda hakykatdanam adalatyñ gelmegini isleýän bolsalar, türkleriñ häkimiýet başyna gelmegi gerek. Hak-hukuklarymyzyñ berilmedik ýagdaýynda Eýrandam edil Ýugoslawiýa ýaly böleklere bölüner. Bizem şonda öz türk döwletimizi gurmaly bolarys" diýen Çehrekani "Çünki Häzirbegjanyñ indi oýanyp başlandygyny bilýärler. Indi molla režimine aldanýan ýok. "Traktor" futbol klubynyñ oýunlaryna tomaşa edýänler orta atylan şygarlary görýändirler: "Töwriz-Baku-Ankara: Biz nire, parslar nire?" ýa-da ýaşlaryñ 100 müñi "Ne bagtly türk men diýene!" diýip gygyrýar. Şonuñ üçin Pezeşkiýanyñ ýeñiş gazanma ähtimallygy-da bar" diýip, sözüni jemledi. Mayis ALIZADE. Duşenbe, 24.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |