17:51 Türkmen aýdymy | |
TÜRKMEN AÝDYMY
Goşgular
Mende gylyç jarkyldysy ýaşaýar, At aýagnyñ dükürdisi bar mende. Düýşlerim çañjarýar bedew tozundan, Ýaşap ýör mende: Düzleriñ akyşy toýnak astyndan, Söweşleriñ gaýnaýşy, At demini bug edip. Ok bolup atylşy atlañ, Tozany-däri tüssesi. Ýöriş sazy-gamçy şarpyldylary. Ýagyrnysy alawlaýan çägelik. Ýaşap ýörün: Inderýärkäm müñ oýun, Kompýuteriñ başyndan. Gara çäkmen, silkme telpekli dünýäm, Saýasyny salyp gidýär daşymdan. Çagyrýar ol meni, Kowup ýetmäge, Çalyp tutmaga. Awlamaga awlaglaryñ awuny, Boz sährada arkan düşüp ýatmaga. Maşyn signallary oýarýar, Mende Doñup galan peýkam şuwwuldysyny, Ruhumda syzlaýar gylyç ýarasy, Syzýaryn juwwuldysyny. Ýaşap ýörün... Gymmatbaha kafede, Gymmatbaha gyz bilen, Çakyşdyrýan gymmatbaha bulgury. Hemem, hemem... Bir ýerlerde gykuwlap, Az daýradyp söküp barýan gumlugy. Hudaýberdi SÖHBETOW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||