06:46 Türkmenbaşy döwri -18: Ajy habar | |
18. AJY HABAR
Publisistika
Şol ýylyň gyşynda ýagny, 1997-nji ýylyň 22-nji dekabr güni ir bilen, agamyň ýogalandygy barada Aşgabada ajy habar geldi. Ýokarda bir ýerde ýaňzydyp geçişim ýaly, ol köpden bäri ýarawsyzrakdy. Esasanam beýni ulgamlaryndan azar çekärdi. Bu näsazlyk dogabitdi diýen ýaly bardy. Ýaş wagtlary kakam ýa ejem bilen tersleşende çäýnekdir-käseleri, gap-çanaklary biri-birine urup döwerdi. Öýlenenden soň bolsa aýaly bilen tersleşen wagty şkaf, şifoner, krowat ýaly ulurak öý goşlaryny paltalap döwmäni çykardy. Ýaňyja demlenen çäýnegi başyndan aşyryp zyňmany-ha ol hiç zatça-da görenokdy. Ýöne, ol hemişe beýle däldi. Köplenç özüni parahat alyp barýardy. Bir görene ýumşak, ýygra hem agras ýigit ekeni diýdirýärdi. Bir zada kejikmese, gahary gelmese hakykatdan-da giňdi. Umuman, sähel zada-ha gül bolup açylýardy, sähel zada-da edil gyş howasy kimin çytylýardy. Onuň ýer ýüzünde gowy görýän ýekeje adamsy bardy, o-da mendim. Ýadyma düşýär, 1957-nji ýylyň tomsunda agam birdenkä syrkawlady. Ol wagtlar biz ekin üstündedik. Sarahsda suw ýetmezçilik edýändigi zerarly biz pagtany Tejen topragynyň aýaklaryna, gatnap ekýärdik. Diňe pagta sowulandan soň, dekabryň aýaklaryna oba gaüdýardyk. Şol döwür mekdebem ekin üstünde bolardy-da, ýöne idili okuw okalmazdy. Sentýabryň başlaryna bäş-üç gün okadan bolardylar-da, kolhoza kömek bermeli, diýip, tä dekabr aýyna çenli okuwy ýatyrardylar. Gürrüňi berýän wagtlarym agam Aşgabatda, maldarçylyk tehnikumynda okaýardy-da, tomusky arakesmä gelipdi. Özem boş ýatmazlyk üçin hem-de ýol kireý gazanmak üçin deň-duşlary bilen kolhoz meýdanyna işe gatnaýardy, keşlere külte basýardy. Tehnika ýetmezçilik edýändigi üçin ol wagtlar kültäni ýaba tirkeýärdiler. Agşamara işden soň, uzynly gün demir süýräp ýadan ýabylaryna münüp, oglanlaryň at çapyşaýdyklaram bolýardy. Ep-esli galyňlykdaky kirşenli topur ýol bilen «güpürdeşip» barýan atlylar şonda turuzýan tozanlaryna garyşmakdan ýaňa tomaşaçylara düýbünden görünmeýärdiler diýseňem boljak. Ýöne, allaowaralardan bir ýerlerden yzlaryna dolanyp gelenlerinden soň özara edýän dawalaryndan, jedellerinden çen tutup, haýsynyň ozandygyny, haýsynyň bolsa iň soňuna galandygyny bilmek bolýar. Ýabysy yza galan güni agam garaçyny bilen ejir çekýärdi, gynanýardy. Ýüzi garaört bolýardy. Gözleri bolsa öňküsindenem ulalyp, birhili gorkunç görünýärdi. Şolar ýalyda meniň oňa nebsim agyrýardy. Özündenem beter gynanýardym. Indiki gezek kirşenli tozanyň içinden atynyň ýeňiji bolup çykmagyny dileýärdim. Çapyşypdyrlarmy ýa başga bir sebäp bolupmy, ýa hakykatdanam syrkawlapmy, meniň şo-ol, ýatlamakçy bolýan günümem at esbaplaryny eline alyp öýe gelende agamyň ýüzi-gözi edil şolar ýalyrakdy. Birküç gün öň saçynam syrdyrypdy-da, şol sebäpli ol hasam ejirli görünýärdi. Gözleri bolsa hanasynyň içine gidipdir-de edil guýunyň düýbüne gaçan doly Aý ýyldyrap käte bir görünýär. Gabaklary ýellenipdir. Hiç kim bilen, hatda meniň bilenem gepleşesi gelenok. Şol gezek ol iň bolmanda çaýam içmedi. Gelşi ýaly atynyň esbaplaryny dik duran ýerinden tamyň düýbüne oklady-da, sessiz-üýnsiz ýerine geçip, süýndi ýatyberdi. Ejemiň: «Näme bolýa oglum, ýa ýaraňokmy?” diýen soragyna-da beýnisiniň içinden köwsarlap çykýan güňleç sesi bilen: «Kelläm agyrýa» diýdi. Ertesi ol işe gidip bilmedi. Bäş gün bassyr ýaraman ýatdy. Boş durmazlyk üçin başga birine berendirler-de, atynyň esbaplarynam syrkawçylygyň ikinji güni brigadir gelip alyp gitdi. Gitjek wagty agama: «Çaltrak gutulaweri, bu wagt işiň gyzgalaňly döwri, her adam hasaply...» diýdi. Agam sesini çykarmady-da, aňyrsyna öwrüldi ýatyberdi. ...Şol gün agşam ýarym gijeler men aýylganç bir «uwwulda» oýandym. Tomus bolansoň biz işigimizdäki ak takyra ýazylan keçäniň üstündäki düşekde ýatyrdyk. Süňňüm bir zat syzan dek, gözümi açyşym ýaly, «ýalt» edip, agamyň ýatan ýerine seretdim. Ýok! Ejem daş işikde gapynyň agzynda iki ýana elewräp ýör. Agam ikimiziň aralygymyzdaky uýam Gurbangül meniň başujymda gapa tarap jüýjerilip, dikejegine otyr. Aýyň ýagtysyna aksowult görünýän garaýagyz horja ýüzi diýseň howsalaly. Ol meniň oýananymy bildi-de, gapydan gözüni aýyrman oturşyna: «Ýatyber jigim, gorkuly zat ýok», diýdi. Menden kiçi gyz jigilerimiň ikisem dünýeden bihabar, «myrlaşypjyk» ýatyrlar. Kakam ýanymyzda ýok. Ol enem bilen obada galdy. Bütin hatar ukuda. Daş-töwerek imislalyk. Hatda, onda-munda itiň sesem eşidilenok. Aýyň şöhlesi şeýle bir ýagty welin, düşegimiziň golaýyndan, ak takyr ýer üzre gybyrdyklaşyp barýan garynjalara çenli mese-mälim görünýär. Men ýene-de ejeme tarap seretdim. Edil şol wagtam ol ýapyryldy-da, tagta gapynyň yşyndan içerik jyklady. Birdenem bärsine öwrüldi-de, Gurbangüle goluny bulady. Gurbangül bir bökende ejemiň ýanynda häzir boldy. Ejem oňa howsalaly pyşyrdap bir zatlar diýdi. Şondan soň olaryň ikisi iki ýerden hä omuzlary, hä kibtleri bilen gapyny urmaga başladylar. Şol hereketlerini birnäçe gezek gaýtalanlaryndan soň, içki zülpesi gowşan bolsa gerek, gapy bir sere ýaly açyldy. Gurbangül horja hem kiçijik ellerini sokup, zülpäniň bendini ýazdyrdy. Gapy açyldy-da, badyna içki diwara «gülçüldäp» degdi. Şol «gülçüldiniň» arasy bilenem hälki, meni ukudan oýaran aýylganç ses täzeden, ýöne, öňküsine görä-de has eýmenç ýaňlandy. Ejem dagy kürsäp öýe girdiler. Birmeýdan «güpür-tapyr», «tapyr-tupur»-dan başga hiç zat eşidilmedi. Ejem bir zatlar diýen ýaly boldy, ýöne, men ony oňly aňşyrmadym. Gurbangüliň aglamjyraýanyny bilýän. Birdenem olaryň ikisiniňem sesi kesildi. Meniň ýerimden turasym, gapa barasym, öýe giresim ol ýerde näme-nämeleriň bolup geçýänini göresim geldi. Ýöne, ýerimden turmaga miltem edip bilmedim. Nämälim bir gorky uly howp bolup depämden basdy durdy. Esli wagtdan soň uýam dolanyp geldi-de edil öňküsi ýaly gözlerini gapa dikip, dikejegine oturdy. Uludan demini aldy. Ahyram elleri bilen ýüzüni tutup, sessizje aglady-da, ýassygyna baş goýdy. Men ondan näme üçin onuň aglaýandygyny sorap bilmedim. Ejem bilen agamyň düşegi bolsa, uzynly gije boş durdy. Diýmek, ejem gijäni öýde, agamy saklap geçiren bolmaly. ...Şol gije nämeleriň bolup geçendigini men otuz bäş ýyldan soň togsanynjy ýyllaryň başlarynda, Gurbangülden eşitdim. Onda-da tötänden. Megerem, ol meniň o wakadan habarlydygymy bilmeýän bolsa gerek, birdenkä bir zatdan gürrüň çykdy-da, özünden-özi aýdaýdy. Görüp otursam agam şol gije ilkagşamdan özüni biynjalyk alyp barypdyr. Ýatmandyr. Gorsanypdyr. Töweregindäkileriň basymrak ýatmaklaryny isläpdir. Birhili, düşnüksiz-düşnüksiz gürrüňler edipdir. «Hemmeler ýatdy, sizem ýatyň», diýip, ejem bilen Gurbangüli gör indi näçenji gezekdir, gyssapdyr. Onuň bir hyýala münendigini aňan ejem uýam bilen bilelikde ony garawullap oturypdyr. Agam ol ikisine soňam: «Ýatyň» diýip, kän gezekler hemle atypdyr. Halys bolmajagyny bilip ýalbarypdyram. «Meň ýagdaýym gowy arkaýyn ýatyň, siz beýdip otursaňyz menem ýatyp bilemok», diýipdir. Özi welin gözüni aňyrsy garaňkyrap duran açyk gapydan aýyrmandyr. Onuň dert-azar olary ukladyp bir özüniň öýe giresi gelýär ekeni. ymyzgandyklary turup, gapa tarap ylgaýan ekeni. Ejem dagam ony tutýan ekenler-e, ýene-de ýerine geçirip ýatyrýan ekenler. Ahyram olary gaflat basypdyr. Pursatdan peýdalanyp agam usullyk bilen ýerinden turupdyr-da, pişik basyşyny edip öýe giripdir. Gapyny ýapyp, içindenem temmeläpdir. Ejem kiltiň şakyrdysyna oýanypdyr-da, zähresi ýarylan ýaly şol tarapa okdurylypdyr. Uýamam onuň yzyndan ylgapdyr. Gapyny açyp bilmänsoňlar kimi kömege çagyrjaklaryny bilmän ýaýdanypdyrlar. «Şular ýalyda şolam ýok-da, ýanyňda», diýip, ejem kakamyň ýoklugyndan, obanyň böltekçiliginden zeýrenipdir. Aglamjyrap daş-töweregine delmurypdyr. Meni bolsa oglan görüpdirler. Näme üçindigini uýamyň özem bilenok, şol wagt agam erbet gygyrypdyr. Ejem: «Bap, gyzym, sen jigileriň ýanyna bar, birden gorkaýmasynlar» diýipdir. Içerden çykan elhenç sese uýamyň özem gorkupdyr-da, bir bökende biziň başujymyzda peýda bolupdyr. Ana, şol pursadam men oýanypdyryn. Uýamyň aýtmagyna görä ejem şondan soň birmeýdan elewräpdir, ahyram, maý tapyp jyklapdyr welin, görse agam garaňky jaýyň içinde eli bir gulaç ýüpli iki ýana daz ýasaýarmyşyn. Iki gözem gapyda diýýä. Şondan soňam ýaňky meniň gürrüň berşim ýaly ejem uýamy kömege çagyrýa we ikisi birigip özlerini gapa urýalar. Olara gözi düşenden agam ikinji gezek gygyrýa. Ony goňşularymyzdanam eşidenler bolupdyr. Iň bärkisi gündogar tarapky goňşumyz, ene tarapdan daşkynrak garyndaşymyz bolan Täçmyrat daýymyň kiçi ogly, Juma gögüň ertesi agşam öýe gelip ejem dagydan: «Agşam biri gygyrdymy, nämemi...» diýip osmakladyp oturany şu günki ýaly ýadymda. Ýöne, ejem dagy hiç kime syr bildirmediler. Bolan işi hatda maňa-da aýtmadylar. Tötänlikden, gürrüňden-gürrüň çykyp, uýamyň özünden-özi aýtmadyk bolsa, maşgalamyzyň bu syry meniň üçinem syrlygyna galardy. Agam şol wakadan soňam üç gün galman ýatdy. Ýöne, gün-günden gowulaşmak bilen boldy. Bir günem agşamaralar, işikde ýazylan düşegiň üstünde çaý içip otyrkak, ýokary tarapymyzda oturýan goňşymyz Hümmettäç aganyň işden gaýdyp gelýän uly gyzy Metdi deňimizde aýak çekdi-de, eňegini aýasyna diräp, düşeginde ýüzün ýatan agam bilen ýylgyryp salamlaşdy. «Azat, nädýäň, gowulaşýaňmy?» diýdi. Onuň şojagaz sözüne agam şeýle bir hoş boldy welin, bir demde reňki durlanyp, ýüzi-gözi ýerine geldi duruberdi. Goňşy gyz tä, öýlerine barýança şol ýatyşyna yzyndan garap ýatdy-da, maňa tarap öwrüldi, syrkawlaly bäri ilkinji gezek bolsa gerek, ýylgyrdy. Haýaljakdan dikeldi. Telim gün bäri kellesine çekilip berk daňlan gyzgylt, ak gülli hülle ýaglygy emaý bilen aýyrdy. Soňam ojagyň başynda içi unaşly gazana ot salyp oturan ejeme bakyp: «Ýa ertir işe çykaýsammykam...» diýdi. Ejem muňa begendi. «Çykaý oglum, ýagdaýyň gowylaşan bolsa... Hem göwnüň açylar...», diýip, begenjine düşek bilen ojagyň arasynda ýersiz ýere bäş gezek dagy gatnady. «Şirin sözdür hassa janyň daýanjy» diýen sözüň hakyky manysyna men diňe şondan soň düşünip galdym. Okuwyny gutaryp gelenden soň agam obamyzyň maldarçylyk fermasynda ilki hasapçy, soň öz ugry boýunça zootehnik, ondan soň az wagtlyk ferma müdiri bolup işledi. Öýlendi. Ýaşlykdan bäri gaça-kowa aýdym-saz ederdi, dura-bara onsunam ugrukdyrdy. Ilki öz obamyzda, deň-duşlarynyň oturşyklarynda, soň goňşy obalarda, tehnikumda bile okan dostlarynyň üýşmeleňlerinde aýdyp başlady. Soňabaka ony etrap boýunça, uly toýlara hem çagyryp başladylar. Şol wagtam onda-munda täze sowhozlar açylyp başlady-da, agam ejemdir-kakam bilen maslahatlaşyp, 1963-nji ýylyň gyşynda, Tejene WLKSM-iň 40-ýyllygy sowhozyna göçdi. Ol sowhoz häzir Babadaýhan etrabyna degişli. Ady «Ak alryn» daýhan birleşigi. Men şol ýyl onunjy klasy tamamlaýandygym üçin, okuwymyň galan ýarym ýylyny öýde ýeke özüm galyp dowam etdirdim. Tomus mekdebi gutaryşym ýalam Aşgabada okuwa gaýtdym. Tejene gelenden soň agamyň bagşyçylyk örüsi hasam giňedi. Ony indi ýeke bir sarahslylar däl, tejenlilerem, babadaýhanlylaram, marlylaram, ahallylaram çagyrýardylar. Şol döwürem ol işiniň daşyndan Oba hojalyk institutynyň agronomçylyk bölümine gaýybana okuwa girdi. Ony hem üstünlikli tamamlap, «alym agronom» diýen ada eýe boldy. Ol tä, ömrüniň ahyryna çenli şol sowhozda oturdy. Ilki brigadir, soň şol ýerdäki sowhoz-tehnikumda agronomçylyk hünäri boýunça mugallym, baş agronom ýaly wezipelerde işledi. Bagşyçylyk onuň göwrümini giňeltdi. Agyr-agyr toýlarda-da, ýüzlerçe adamdan ybarat märekäniň içinde-de özüni ýitirmän, degşip-gülşip oturmany başarýardy. Şo-ol Aýly gije, ekin üstündäki sataşan köne derdem ondan ymykly daşlaşaýana, dutaryň sesinden gorkup, ümdüzine gaçyp gidäýene meňzedi. Ýöne, yzly-yzyna üç gyzy boldy-da, ýene-de kalbyna howsala düşüp başlady. Edil çäýnek-käse döwmese-de, ýene-de öňküleri ýaly içini hümledip oturmany, birwagtkysy ýaly başyny büräp ýatmany, sähel zada gaharlanmany çykardy. Bir günem tomsuň güni işigimizdäki agaç sekiniň üstünde ikiçäk otyrkak: «Aý, juda bolmasa yzym ýitmez ýaly radio bäş-üç sany aýdym ýazdyraýaryn-laý...» diýdi. Bu onuň ogulsyzlykdan naladygydy. Ýöne, Hudaý şondan soň oňa bassyr bäş ogul berdi. Ýöne, «oguldan saljakmy ýa gyzdan, bilip bolmaz», diýenleri boldy. Elbetde, onuň ogullarynyň hemmesi ýol urdurdy, atasynyň başyna ýetdi, diýip bolmaz, ýöne, olar ýaly ömrüni bagşyçylyk bilen, halal iýip geçiren arassa adam üçin, bir ogluň kesapatam çekip-çydardan çökder bolsa gerek. Egerde atasynyň başyndan belaýygerdany inderen ogul iki bolsa näme? Galyberse-de, o zatlar-a baýaky, ýöne, sähelçe zat üçinem özüni gam-gussanyň, tükeniksiz girdabyna urmak, jebir çekmek, meniň agam üçin iňňän häsiýetli zatdy. Ol öz beýnisini şoňa werziş etdiripdi. Ýaş bolsa durugşypdy. Damarlar könelişipdi. Gan aýlanyşy haýallapdy. Ol hatda garaşsyzlyk döwrüniň getiren üýtgeşikliklerinem kabul edip, ýüregine sygdyryp bilmeýärdi. SSSR ýaly uly döwletiň nädip, birdenkä dargap gidiberendigine, kompartiýa ýaly dünýä ýaň salan sistemanyň nädip öz ornuny «mesaňa» diýäge-de «dempartiýa» berendigine, ogullarynyň nähilelik bilen öz terbiýesinden sypyp gidip, täze döwür bilen gelen gara girdabyň guýganagyna tarap gidendiklerine bolsa asla akyl ýetirip bilmeýärdi. Girdabyň aýtymy bolsa barha giňelýärdi. Oňa özüni meýletin oklamak üçin nobata duran ýaşlaryň sanam barha we barha köpelýärdi. Çünki, sowet soýuzynyň dargamagy serhet saklawynyň gowşamagy bilen Owganystan tarapdan Türkmenistanyň içine tirýek bilen bilelikde «geroin» atly ak ajal hem akyp başlady. Eşidişimize görň, ilkibaşda ony owganlylar serhetýaka obalara getirip, «Bahasyny soň berseýizem bolýa» diýip, taşlabam gidiberýän ekenler. Çünki, olaryň matlaby türkmenleri neşekeş etmekden ybarat ekeni. «Öwrenensoňlar boýunlaryny burup özlerem geler» diýýän ekenler. Bu hakykatdanam şeýle-de boldy. Hususan-da ýaşlar özlerini uçdantutma diýen ýaly neşä urdular. Dogry, neşe belasy türkmen halkyna öňem ýat däldi. Ýöne, geroin ýokdy. Tirýegem bir ýa iki adam onda-da ýagdaý bilenjik ederdi. Neşe tapman ogurlyk edip, göze-başa düşüp, özünem, hossarlarynam heläkçilige salyp ýören ýokdy. Geroiniň özem, onuň görlüp-eşidilmedik muşakgatlyklaram bize garaşsyzlykdan soň geldi. Asla, dargan sowet respublikalarynyň ählisine-de şondan soň geldi. Birbada aljyran türkmen hökümei ilk-ä neşe söwdasyna biperwaý garady, Prezident S. Nyýazow organ işgärleriniň öýünde eden çykyşynda: «Bir gram tirýek üçin adamlary tutup ýörmäň» diýdi. Soň ölüm jezasyny girizdi, ýöne ony basym ýatyryldy. Üstesine, ummmasyz köp girdeji berýändigi üçin köp halatlarda kanuny goraýjylaryň özlerem oňa baş goşup başladylar. Olaryň ählisiniň neşekeşlerini Prezident özüniň telewideniýe boýunça eden çykyşlarynyň birinde halka garap aýtdy.neşe söwdasy şol söwdany edýänleriň uluraklaryna ummasyz baýlyk getirýän bolsa, ownuk söwdegärleriň, neşekeşleriň tutulmagy kanuny goraýjylaryň jübülerini galňatdy. Çünki, ele düşen ownuk söwdegärlerden we neşekeşlerden “sypdyrmak” bahanasy bilen olar ep-eslije pul alyp bilýärdiler. Olar hatda ýaş ýigitleriň jübülerine bildirmän bir ölçeg tirýek ýa geroin atmak arkalam pul gazanyp bilýärdiler. Şol sebäplem, kanuny goraýjylar üçin şol döwür neşe söwdagärleriniň ulusyny tutmakdan örän amatlydy. Asla ulularyny tutubam bilmeýärler. Tutmaga haklaram ýokdy. Çünki, olar bulardan has ýokarrakda oturýardyar. Umuman, göreş diňe göz üçin gidýärdi. Diňe ejizler tutulýardy. Ölüm jezasy döwründe dagy ölme höküm edilenlerden talap edilýän pullaryň mukdaryna günäkärleriň güýj-ä däl, aklam ýetmedi. Hut şol sebäpdenem, özlerini boşatmak üçin hossarlarynyň pul tapjak bolup kösenişip ýörmezleri üçin, bendilikde oturan käbir agyr günäli ýa-da ölüm jezasyna höküm edilen neşe söwdagärleriniň öz janlaryna kast edendikleri baradaky gürrüňler hem şol döwür gulaga degmän duranokdy. Dogry, kanuny goraýjylaryň hemmesi ellerini hapa bulady diýip bolmaz. Türkmen serhetçileri, organ işgärleri, howpsuzlyk komitetiniň gullukçylarynyň, gümrükhanaçylaryň bu ugurdan şol döwürde hem belli bir derejede iş alyp bardylar. Hasabatlara görä olar her ýyl serhet geçitlerinden, gümrükhanalardan, gaçakçylaryň şahsy el goşlaryndan ummasyz neşe maddalaryny tapyp aldylar, şeýle hem şol zatlary ýurda geçirmekçi bolan ýerli we daşary ýurt raýatlarynyň ençemesini ele saldylar. Ýöne, Türkmenistanda azalybermedi. Gaýtam gitdigiçe köpeldi. Neşe umumyhalk betbagtçylygyna öwrüldi. Halkara jemgyýetçiliginiň gözüne rehimdar ata hökümnde görünmek üçin, Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow ölüm jezasyny ýatyranyndan soň, her ýylyň «gadyr gijesine» bagyşlap neşe ogurlyk we başga-da juda agyr bolmadykbirnäçe günäler bilen basylan bendileriň müňlerçesine günä geçişlik yglan edip başlady. Alty aýdan, aňry gitse bir ýyldan boşap geljekdikerine gözleri ýeten neşekeşler edýän neşelerine-de, ogurlyklaryna-da gaýtam has yhlasly ýapyşyp başladylar. Öň gramlap aýlaýanlaram şondan soň kilogramlap aýlap başladylar. Gaýyk çaýkandy. Suw bulandy. Neşe zerarly halk arasynda ýatsaň-tursaň ýadyňa-oýuňa düşmejek aýylganç wakalar ýüz berip başlady. Işsizlik, pulsuzlyk neşekeş ýigitleri ogurlyga ýüz urmaga mejbur etdi. Soňabaka iliň işiginden ogurlara-da zat tapmansoňlar, gönüden-göni jenaýata baş goşup ugradylar. Bir gezek azardan çykmak üçin, adam öldürmekdenem gaýtmadylar. Öz mähriban atalarynyň, eneleriniň, dogan-garyndaşlarynyň janyny öçürenlerem boldy. Hern-ä gaýdyp görkezmesin welin, ondan beterlerem boldy. Bir türkmen zenany daşary ýurda gidip, gaýdanda-da serhetden geçirmek üçin daşy bardaly ep-esli «ak neşani» ýuwdup gaýdýar. O-da öýüne ýetmänkä içinde ýarylýar. Şeýdibem jan berýär. Onuň neşebent ogly bolsa, azardan çykman üçin şol gije öwülýä gidip, ejesiniň mazaryny açýar. Ony gabryndan çykarýar. Garnyny ýarýar. Neşani tapmak üçin iç goşlaryny dörjeleşdirip, döküp, bagryny, öýkenini içegelerini guma garýar. Ýöne, barybir hiç zat tapmaýar. Çünki, neşe o görgüliniň aşgazanynda baryp-ha bardanyň ýarylan wagty mäjum bolupdyr. Şol aýylganç gürrüň ýaýranda, henize bu güne çenli olar ýaly akyla sygmajak hadysany görmedik eşitmedik il-gün içini çekip: «Neşekeşlik belasy ýetjek derejesine ýetdi, onuňindi adamzada şundan elhenç tymsal görkezmegi mümkin däl, diýen netijä geldi. Emma, soňky hadysalar neşe belasynyň adamzadyň başyndan inderibiljek belaýygerdanlarynyň çäksizdigini ýene bir gezek subut etdi. Şol ganly jenaýatlaryň birinde, aga bilen ininiň azardan çykmak üçin kakalaryny ukudaka öldürip, agzyndaky iki sanyjak gyzyl dişini alandyklary barada aýdylýar. Ýene-de bir gürrüň haýsydyr bir barly adamyň neşebent ogly brada boldy. Aýdyşlaryna görä, halys bizar bolansoň, kakasy ogluny täze mülkünde salan mähnet jaýynyň teýzeminine dykypdyr, daşyndanam gulp urupdyr we: «Ýa şu ýerde ölersiň, ýa-da gutulyp çykarsyň» diýip, birnäçe gün çykarman saklapdyr. Iýmek, içmek beripdir, emma ol ýigit o zatlara dagy nazarynam aýlamandyr. Ahyram kakasy oglunyň: «Jan kaka, indi men ýalňyşyma düşündim, goýber, çykaýyn, tämiz howadan bir ganaýyn» diýen sözlerine ynanyp, ony daşary goýberipdir. Oglan çykyşy ýaly ylgap gidip, içki jaýyň diwarynda asylgy duran aw tüpeňini alyp gelipdir-de, kakasyny atypdyr. Öldüripdir. Ur-tut jübüsini sermeläpdir. Görse, döşünden giren ok kakasynyň gursak jübüsindäki pullary para-para eden ekeni. Janynyň ýangyjyna oglan şondan soň ýangyç guýup, ep-esli meýdany tutup duran kaşaň jaýyň astyndan ot beripdir, içi telim sany, dürli kysymdaky daşary ýurt maşynlaryndan doly saraýam otlapdyr. Aklyndan azaşypmy, nämemi, «kaka-a-aý, eje-a-aý» diýip, ulyili bilen gygyryp ýörşüne, kem-kemden ýalny beýgelip barýan jaýyň daşyndan telim ýola aýlanypdyr. Soňam sary dili bilen gök asmanyň ýüzüni ýalap duran gyzyl oduň içine girip gidipdir. Hä diýmänem köşgüň çür depesinde peýda bolupdyr. Ajy tüssä boguljyrap, ellerini kelemenledip durşuna ýene-de bir zatlar diýip gygyrypdyr. Şol ýerde onuň daşyny ýalyn gaplap alypdyr we möjege zyňylan otly kesindi ýaly «güzürdäp» aşak gaýdypdyr. Durşuna küle dönen mähnet jaýyň içinden, soň, gözleý-gözleý onuň ne özüniň, ne kakasynyň ýekeje tikesinem tapmandyrlar. Hälem öý eýesiniň beýleki çagalary, aýaly şol wagt öňki öýlerinde ekenler, ýogsam, şol betbagtçylygyň barysynyň başyndan bilelikde inäýmegem ahmal ekeni. Neşe belasynyň ýene bir eden zady – ärlerini ellerinden «gerrä» aldyryp aljyran gelinleriň köpüsini köçä çykardy. Halk asyrlarboýy depesine täç edip gelen namysyndan-aryndan aýryldy. Gelejekki nesliň ykbaly sorag astyna düşdi. Halys gidere ugurlary galmadyk “gerreçiler” bolsa öz boýunlaryndan syrtmak salyp başladylar. Apy-tupan welin özüniň ölüm howply holtumyna diňe bir «ak ata» atlananlaryň özlerini däl, eýsem olaryň daş-töweregindäkilerem dykyp başlady. Şeýtanyň alyna giden çagalarynyň il içindäki göz-gülbançylykly hereketlerini, masgaraçylyklaryny ýüreklerine sygdyryp bilmän, suwsuz gül dek gün-günden solup barýan, juwan görklerine şondan artyk syn edip ýörmäge bogunlary ysman, özüni ile-güne çykmasyz, ýüzsüz saýyp, şeýle perzent ýetişdirendikleri üçin özlerini Hudaýyň öňünde-de, jemgyýetiň öňünde-de günäkär hasap eden namysjaň atalaryňam alaç tapman öz boýunlaryndan syrtmak salanlary az bolmady. Azat bagşynyň kysmatam hut şeýle boldy. Ol ikimiz dogandyk, ýöne, doganlygymyzyň daşyndan dostdugam. Bile oturyşardyk, bileje aýdym-saz edişerdik. Toýa-tomga mensiz gitmäni ýokuş görerdi. Aýdym aýdyp otyrka men golaýynda bolsam has hyjuwly aýdardy. Daş çykyp sähelçe eglensem gözlerini tegeläp töweregine garanjaklabererdi. Gapdalyndakylardan nirä gidenimi, haçan geljegimi sorardy. Meniň her gezekki Aşgabatdan görme-görşe barmagym onuň üçin toýdy, baýramdy. Ur-tut goňşularyny çagyryp oturşyk gurnardy, goňşusy, gaýyn ugry, ýanamaçy Sapar bagşy bilen bilelikde aýdym-saz edip bererdi. Kakamyzyňam, daýylarymyzyňam bagşy, sazanda adamlar bolandyklary üçin, men ömrümiň aglaba bölegini aýdym-sazyň içinde geçirdim diýsemem galat sözledigim bolmaz. Ömrüniň iň soňky pursaty, işigindäki üzüm dalbarynyň aşagynda, syrtmakly elini sandyradyp, gözlerine ýaş aýlap duran wagtam onuň meni ýatlandygyna, ajy habary eşidip erbet gynanjakdygym üçin ýüreginiň iň soňky gezek gyýylandygyna-da ynanýan. Ulymyz bolansoň, içerimizem pukararak bolansoň ol köp jepa çekdi. Agyr zähmetler iň azabyny gördi. Jugurady. Kynçylyk bilen okady. Soň meni okatdy. Jigilerimizi, öz çagalaryny ýetişdirdi. Öý-işik etdi, ile-güne goşdy. Mahlasy, onuň görmeli günleri entek öňdedi. Ogullary goltugyndan diremelidiler, oňa seretmelidiler, galan ömrüni durmuşyň rahatlygyny görüp geçireri ýaly şertler döretmelidiler. Emma... ...Emma, barysy tersine boldy. Ol hut öz ogullary sebäpli durmuşdan irip, syrtmagy özüne hossar saýyp, ajaldan haraý diläp gitdi. Çykalgany diňe şonda gördi. Onuň aýdymlaryny radio ýazdyrmak üçin, men studentlik ýyllarymdan başlap, tä, ömrüniň ahyrlaryna çenli alada edip gezdim. Emma, bitiribilen goşum bolmady. Ähli zadyň pul bilen çözülýän jemgyýetinde agam ýaly ak ýürekli, pukara adamlaryň gepi diňlenmeýärdi, sesi eşidilmeýärdi. Men ony her ýyl tomus zähmet rugsadyna çykan döwürleri Aşgabada çagyrýardym we ýazgy etdirmek üçin radio eltýärdim. Her gezegem bir sebäp bilen yzymyza gaýtarýardylar. Hususan-da, günortan sagat ikä bellenen ýazgynyň gutaryberen uçurlary, sagat üçlerde radionyň aýdym-sz bölüminiň redaktory, kompozitor Rejep Gutlyýew gelýärdi-de, ses ýazýan enjamlaryň nurbatlaryny eýläk-beýläk towlaşdyryp ala-goh turzup başlaýardy, sazandalaryň üstüne gygyrýardy. Gyjynýardy. Siltenýärdi. Şeýdibem bulaşdyrýardy. Özem şu ýagdaý ýylyň-ýylyna şol bir görnüşde gaýtalanýardy. Elbetde, ol döwürler bu wagtkylar ýaly ses ýazýan hususy studiýalar, ösen, eldeki tehnikalar ýokdy. Ýazgy diňe radiokomitetiň özünde etdirilýärdi. Onuňbolsa Rejep Gutlyýew, Ýusup Berdiýew, Allaberdi Durdyýew diýen ýaly hemişelik hojaýynlary bardy. Olar radionyň ses ýazýan studiýasyny «bigänelerden» örän hüşgärlik hem-de erjellik bilen goraýardylar. Olaryň dillerini tapmaklygyň bolsa, ol-bu aýtmyşlaýyn öz tärjagazlary bardy. Ýöne, ol tärleriň açary agam ikimizde-de ýokdy. Biz bar zady diňe öz gara güýjümiz ak ýüregimiz bilen etjek bolýardyk. Has dogrusy hakykat bardyr öýtýärdi. Agamyň bolsa çekinjeňliginden, ýygralygyndan başga hiç zady ýokdy. Radiokomitete onlarça ýyl gatnanymyzdan soň, ahyry onuň birje aýdymyny ýazgy etdirtmeklik bize başartdy. Ol şoňa-da şeýle bir begendi welin, telim wagtlap: «Her näme diýseňem sungat güýçli, ömürboýy oba hojalygynda işläp ýörün, emma meni tanaýan ýok, ýöne ine, ýekeje aýdymym efire gitdi welin, bütin ýurt eşitdi» diýip, şol bir sadalygy bilen gaýtalady ýördi. Ahyram ol sazanda Akmyrat Çaryýewiň ak ýürekden eden tagallasy netijesinde ýene-de üç-dört aýdymyny ýazgy etdirdi. Şolaryň ikisi ýalňyşmaýan bolsam Akmyradyň öz döreden aýdymlarydy. «Ine, indi bir konsertlik boldy» diýip, şondan soň agam hasam begendi. Birhili göwresi galkynan ýaly, boldy. Akmyrat onuň bagşyçylygynam, adamkärçiliginem gowy gördi. Azat bagşam ony gowy gördi. Bir ýyl tötänden gabat gelip, Arçman şypahanasynda bile dynç alanlaryndan soň-a olar hasam ysnyşdylar, saçakly gatnaşdylar. Azat bagşyny Akmyradyň çagalaram gowy gördüler. Onuň özi ýaly dutarçy bolup ýetişen uluja ogly Kakamyrad-a şindi-şindilerem meni görende Azat akgany ýatlap, gözüne ýaş aýlanyny bilmän galýar. Akmyrat entek-enteklerem onuň aýdymlarynyň ýazgy edilmegine ýardam etjekdi. Ýöne, durmuşda-da edil küşt oýnundaky ýaly hemişe bir göçüm ýetenok. Şonça ýyllardan, şonça kynçylyklardan soň ýaňy bir ýoly açylyp ugran Azat bagşynyňam ol wagt eýýäm göçüminiň gyraklap, hyjuwynyň paýaw berip, durmuşdan ýadap, telim wagt bäri başynda batbörek deý galgap duran köne “dostundan” syrtmakdan haraý isläp baky ümsümlik dünýäsini küýsäp ugran wagtlarydy. Ahyram bir gün onuň «köne dosty» geldi. Agam ony gujak açyp garşylady. Şeýdibem ol ikisi tas, kyrk ýylky aýralykdan soň, edil hakyky aşyk-magşuklar deý biri-birlerine gowuşdylar. Ine, şeýdibem Azat bagşy ikisi kem altmyş ýaşyň içinde, özüne köp-köp jepalar görkezen däli hem pany dünýäniň azabyndan hemişelik dyndy. Ol elmydama çyrany öçürip ýatýardy. Soň maňa gürrüň berişlerine görä, şol gije ol ony söndürmändir. Ilkiagşam aýaly bilen syrly hem gümürtik hoşlaşypdyr. Onuň çep elini aýalarynyň arasynda saklap, gözlerine ýaş aýlap oturşyna: «Göwrümiňi giň tut, hemme zat Allanyň yradasy bilen bolýandyr», diýipdir. Ýöne, gynansak-da, gelnejemiz onuň bu sözlerinden hiç hili many çykaryp bilmändir. Hiç zat aňmandyr. Men bolsa ondan örän uzakda Aşgabatdaky jaýymyň içinde edil birwagtkym ýaly hiç zatdan bihabar süýji ukuda gaflata gark bolup ýatyrdym. Ony uzak gije garawullap, şo-ol, alyslarda galan Aýly gijedäki ýaly agyr kesapatyň elinden alyp galjak eje bilen uýa bolsa ol wagt onda ýokdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |