04:48 Türkmenbaşy döwri -21: Towuklar, towşanlar we hindiördekler | |
21. TOWUKLAR, TOWŞANLAR WE HINDIÖRDEKLER
Publisistika
1999-njy ýylyň ýazynda, Berzeňňidäki aramgähde salan jaýymyň içini agartdym-da, törüne bir keçejik atdym. Birden jynym tutaýsa dagy başynda oturyp işlär ýaly gurluşykdan galan tagta-tugtalarymdan sepleşdirip stoldyr-stul ýasadym. Indi jaýymyň daşyny suwamalydym we agartmalydym. Ýöne, şol ýyl yssy adatdakysyndan ir düşdi we iňňän uzaga çekdi. Ýeke özüme suwag etmek kyn boldy. Tüp yssyda men hem-ä tapan ýerimden laý üçin setilli suw daşamaly, hemem çägedir-çagyl, gum elemeli, olary nowanyň içine guýup garmaly, laý etmeli, laýy setile guýup eşegiň üstüne çykarmaly, ondan soň ol ýere özüm çykmaly, özüm suwamaly, laýym gutaransoň ýene-de ýere düşüp, şol bir hereketlerimiň hemmesini täzeden gaýtalamaly bolýardym. Ogullarymy kömege çagyrýardym, ýöne, olar aňsat gelmeýärdiler, gelselerem gönendirmeýärdiler. Men muňa kejikýärdim, gyjynýardym. «Ahow, size gerek şu jaý, maňa gerek däl, erte heriňiz bir maşgala bolanyňyazdan soň bir öýde oňşup bilmersiňiz, siz oňuşsaňyzam heleýleriňiz oňuşmaz» diýýärdim. Emma barybir netije bolmaýardy. Gaýtam «heleý» sözüni eşidenlerinden soň aşaklyk bilen biri-birleriniň ýüzlerine seredişip “ýyrş-ýyrş “ edişýärdiler. “Monolit” guýuşdyg-a, diýşip, gaýtam şojagaz kömeklerinem dillerine çolaýardylar. Kejigişmeleriň soňy köplenç dawadyr-jenjel bilen gutarýardy. Men halys özüme erk edibilmän olaryň üstlerine topulýardym, elime pil alyp kowalaýan gezeklerimem bolýardy. Ahyram: «Baryň, ýok boluň şu ýerden, gaýdybam garaňyzy görkezäýmäň» diýip, kowýardym. Soň-soňlar pikir edip otursam asyl, olara geregi şol ekeni. kowmak bilen men olary agyr işden halas edýän ekenim. Umuman, olar meni şol derejä ýörite ýetirýän ekenler. Şonuň üçinem suwag işleriniň güýze, howanyň salkynlaryna goýdum-da, arly tomus hem-ä ekinlerime seretdim, hemem kölegeden-kölegä süýşüp kitap okadym. Surat akda gürrüňem ýok welin, ýekeje setir ýazdym diýsemem ýalançy. Çünki, öýe girseň-ä yssy, daş çyksaňam ýok diýeniňde-de, ýazyp oturan kagyzlaryňy çaşyryşdyryp, eliňden alyp gidere şemal tapdyrýa. Sowadyjy tehnika bolsa ol wagt mende ýok. Tot-tozan, çybyndyr-çirkeý, garynja beýlekem üstesine. Bu gündizine şeýle. Gijesine oňuşmazça däl. Elbetde, çybyn güýjeýär, ýöne, howa salkyn. Peşenaň bolsa çybynly meselänem bir ýüzli edip bolýar. Ýöne, ýokarda agzap geçişim ýaly, eýdip-beýdip iýjek çöregiňem ödemelidi. Nämedir bir zatlaryň başyny tutmalydy. Suw ýetmezçiligi görnüp durka sekiz ülüşlik ýerden ekin ekip, hasyl alyp bäş manat gazanmak barada-ha pikirem eder ýaly däl. Ýöne, ine, mal-hal, guş-gumursy saklasaň welin hojalyga ýaramlyk bir zatlar bolaýmagam ahmal. Men ine, şu meseläniň üstünde saklanmagy makul bildim. Kawkaz tarapdan geldimi, nämemi, şol döwür il içinde «hindiördek» diýen bir öý guşy ýaýrap başlady. Aýdyşlaryna görä, ol hindi towugy bilen ördegiň garyşdyrylan görnüşi bolmaly. Çuňküniň üstündäki, iki betindäki sallanyşyp duran gyzyl kekeçler hindi towugyňky diýäýmeseň, galan ýeri edil adaty ördegiňki ýaly. Gowy semredibilseň mäkiýanlarynyň agramy iki-äç kilogram çykýar. Horazy welin bäş-alty kilogram boljak. Ol örän akylly, sypaýy, öndümli guş. Köpler şony saklamagy maslahat berdi. Ýöne, her-hal ata-babalarymyz «ýedi hazynanyň biri» hasap edipdirler, gel, şundan başlaýyn-la, diýip, öýürti on-ýigrimi sany towuk satyn aldym. Ýöne, bu döwrüň towuklaram öňki döwrüňkiler ýaly däl. Biz oglan wagtlarymyz sary, gara, gyzyl, küle, çypar reňkli towuklary top ýaly towuklar, al-ýaşyl öwsüşip duran kepbe ýaly gyzyl horazlar gapymyzda aga-döne aýlanyşar ýörerdiler. Ertirine, agşamyna bir gysym arpa berseňem, gaty nany suwa ezip ýa kepege garyp berseňem horam bolmazdylar günüň-gününe ýumurtga-da bererdiler. Kesellemezdiler. Bu wagtkylaryň barysy birmeňzeş, çym-ak towuklar welin, edil çyrçykly çaga ýaly. Getiren günüňden başlap boýunlaryny buruşyp, gözlerini süzüşip, «patda-pat» ýykylyşyp ýatyrlar. Goňşym Täçmuhammed-ä: «Aý, satygçydan alsaň şeýle bolýa, olar kesellänlerini satýalar» diýdi. Başga birem: «Ýok, ondan däl. Bularyň aňyrsy näbelli. Ata-ene görmän terbisiz ösen. Inkubatordan çykan. Şonuň üçinem hem enjarsyz, hem akylsyz bolýarlar» diýdi. Ýene biriniň aýdyşyna görň olara mahal-mahal sanjym etdirmeli, boýunlaryny buruşyp ugranlaryndan aspirin içirmelimişin. Ýogsam towukly bolup gönenmejegiň, murtuňy ýagjardyp heýgenek iýmejegiň çynmyşyn. Başga-da aladalary köp ekeni. mahlasy, men şolaryň çykdajydan başga peýdasyny görmedim. Iým tapmag-a bir hyllalla, üstesine-de hem gyrylýarlar, hem biri-birlerini gyrýarlar. Ýumurtga-da günaşadan bäşdir-üçdir ýa görünýä, ýa görnenok. Onam kimiň agzyna çaljagyňy biler ýaly däl. Şol boluşlary bilenem keteklerine del towuk getirip saldygyň atalary ölýär. Barysy birigişip şony ýekirmek bilen. Öz aralaryndan biri syrkawlaýsa dagam şolar ýaly derman berip, sanjym etdirip basymrak aýak üstüne galdyrybilseň-ä galdyranyň, bolmasa-da bir gijäniň içinde özleri tepbedini okaýarlar. Görüplikdenem habarlary ýok däl. Içinde biri dogumlyrak bolup, ketegiň içindäki sekileriň ýokarragyna çyksa-ha aşakdakylaryň barysy birigip şonuň syrtyny çokaýarlar, gel-aý, şular bilen deň bolmaýyn-la, diýip, aşak düşse-de özleri ýokary çykyp onuň üstüni pohlaýarlar, bir çüňke çekilip hiç haýsyna goşulman, akyllysyrap otursa-da üýşüp, çaşyp, şony bilelikde ýok etmäniň maslahatyny edip başlaýarlar. Horazlaram giň ýerde, hondan bärisi bolşup ýörendirler welin, gorksalar towuklarça-da ýok. Men muňa ýaz aýlary, güýçli çabga gelen güni göz ýetirdim. Ilk-ä owunjakdan ýagyş damjalap başlady. Kem-kemdenem güýjerledi. Onda-munda aýaklary bilen ýer dörjeşip ýören towuklar ýumlugyşyp ketege girdi. Baýarsyrap ýören horazam olaryň yzy bilen girdi. Birdenem gök güberdedi-de asmandan her biri şänik ýaly jöwenek ýagyp başlady. Ketegiň üstüne atylan döwük-ýenjik şiferlere degip ol edil nagara kakýan ýaly şeýle bir zenzele turuzy welin, bir görsem hälki esräp ýören horazyň ýeke özi ýüregi ýarylan ýaly ketekden atylyp çykdy-da, öz garamagyndaky ähli towuklary taşlap ümdüzine tutdurdy gidiberdi. Hiç ýerde-de ketekdäkiden gowy güzeranyň ýokdugyna gözi ýetendenem ýüzüni aşak salyp yzyna öwrüldi, täzeden ketege golaýlady, takyrdynyň öňküdenem beter güýçlenenini görüp ýene-de yzyna ylgasy, özüni nirä urjagyny, nirä sümüljegini bilmän goňşym Täçmuhammediň öýüniň daşyndan iki gezek aýlanan soň ýene-de bize tarap gaýtdy. Mahlasy jöwenek kiparlap ketegiň üstündäki şiferleriň takyrdysy ýatýança iki ýana elewräp masgara boldy. Apy-tupan sowlandanam kürsäp içine girdi. Şondan soňam hamala ýagyny özi gaýtaryp gelen ýaly häliden bäri biri-birlerine gyslyşyp, gözlerini ýumjukladyşyp oturan towuklaryň öňünde petekesini gaýşardyp, horazsyrajak boldy welin, towuklaryň birem oňa ýüz bermedi. Golaýlaşdygy «gugurdaşyp» beýläk süýşdiler. Üstlerine sürünse üýşüp haýbat atdylar. Şol horaz şondan soň ýeke bir towuklaryň däl, meniňem gözümden düşdi. Menem ony sylamamy goýdum. Bir günem soýdum-da, hezil edip iýdim. Şonda Täçmuhammet gelip: – Indi näme, horazsyz saklajak bolýaňmy bulaňňy, - diýdi. – Horazsyzam ýumurtga-ha bererler, ýöne, önümsiz bolar. – Aý, kürk bolan wagtlary ýumurtga satyn alaýaryn. – Ilden alan ýumurtgaňam nähilidigini bilip bolanok. Ine, onsoň hem-ä towguň emgegi köýýä, hemem özüň ät galýaň. – Onda ýene bir horaz alaýmaly bor-da. Täçmuhammet towuklara tarap barmagyny çommaldyp köpmanyly ýylgyrdy – Sen-ä alarsyň welin, bular sygdyrmazlar. Men geň galdym. – Hiý, towuklaram bir horazy sygdyrmazlarmy? Towuk getirseň sygdyrmazlyklary mümkin, ýöne, horaza batyrnybilmezler-ä... – Batyrynmanmy-y... Her niçik hem bolsa bazar güni gidip äpet bir çal horaz satyn alyp geldim. Özünem towuklar aňmasynlar diýip, ketege gijäniň birmahallary goýberdim. Ertesi irden baryp görsem horaz ýok. Ýelekleri welin ketegiň içinde çaşyşyp ýatyr. Dyr-pytrak. Şol wagtam ýeňseden çygşyldy eşidildi. Görsem Täçmuhammet üstüme abanyp dur. – Nätdi? Men ýerimden turdum. Gaýra çekildim. – Horaz ýok. Täçmuhammet eglip ketegiň agzyndan içine seretdi. Soň kellesini sokdy. Şol ýerdenem onuň güňleç gülküsi eşidildi. – Ho-onha horazyň. Eý Huda-aý! Men gözlerime ynanmajak boldum. Nädip ynanjak! Dek-düýküje, ak bazaryň içinden saýlap-seçip alan sakgaly gyzyl, guýrukdyr-ganaty, boýny ýaşyl öwsüp duran çal, jahyl horazym dört ýylyny bassyr konslagerde geçiren bendi ýaly ketegiň ýokary çüňkündäki sekiniň üstünde, garaňka duwlanyp gyzyl etene halda galdyrap otyr. Gözi ýyldyraýar diýäýmeseň diriligine-de ynanar ýaly däl. Ana, şondan soň towuklary ýok edip, towşandyr-hindiördek saklamagy ýüregime düwdüm. Ol janawerleriň ikisiniňem iýmiti ot. Iýen-içeniňden galan zatlaram berseň iýip durlar. «Hindiördeklere-hä nahara atýan kartoşkaňdyr-badamjanyň, kädiniň gabyklarynam beribermeli. Gaýnadyp, kepege garyp berseň-ä hasam gowy. Gawundyr-garpyzyň paçagyny dagy çünkleri bilen gemrip ýom-ýok edäýýäler. Şeýlelikde, iki sany maral, birem erkek towşan, bäş sanam hindiördek satyn aldym. Dördüsi mäkiýan, biri horaz. Towşanlar üçin aýratyn, hindiördekler üçinem aýratyn ketek ýasadym. Ýöne, men öňürti towşanlar barada gürrüň bereýin. Öňi bilen-ä olar hakda ýazylan kitaplary okadym. Şondan alan tälimlerime görä, bir jübüt towşany aýratyn ketekde sakladym. Ol ikisi çakyşdygy erkegini goýup, maralyny çalşyrmaly. Çakyşan maraly aýratyn ketekde saklamaly. Ýöne tüýs: «Bolmajak bolsa bolmaz», diýenleri boldy. Maral towşanlaryň ikisem öň bogaz ekenler-de, gelenlerine iki hepde geçip-geçmänkä bir-ä sekiz, beýlekisem ýedi sany çebşek guzlady. Şondan soň welin edil şert eden ýaly bogazam bolmadylar, guzlamadylaram. Asla, çakyşmadylaram. Çakyşanlaryny görjek bolup günuzyn ketegiň agzyny alyp oturýan wagtlarymam bolýardy. Çünki, çakyşansoňlar erkeginiň ýatagyny başgalamasaň maral towşany kowalap heläk edýär. Maral towşan welin ony barybir golaýyna-da eltenok. Gaçýar. Bildirmän ýa basa düşüp üstüne bökdügem guýrugyny ýamzyna gysyp düýrükýärde, oturýerinem tarpyldadaga-da ýere urýar oturyberýär. Erkek boljagam onuň arkasynda hopba bolup oturşyna megerem: «Nätdi, boldumy» diýdigi bolsa gerek, hil bir iş bitiren ýaly «liňk-liňk» edip meniň ýüzüme seredýär. Meniň welin gaharym gelýär. Simden dokalan tor germewden ýapyşyp oturşyma: – Gorra! Tok! Bigaýrat! Binamys! – diýip, erkek towşanyň üstüne gygyrýan. Onuň welin piňine-de däl. Özem gün-günden haýallaýar. Has takygy ejizleýär. Soňabaka dagy öňündäkiniň syrtyny ysgap nirä gitse yzyna düşdi ýördi. Başga bitiren goşy bolmady. Arasynda-da ýatýa, bagryny ýere berip. Turup ýene topulýa. Ýene bir salym yzynda aýlanýa. Ýöne barybir bolanok. Bir gezeg-ä bolan ýalam boldy, ýöne aşaky bir emel bilen siltenjiredi-da, ilkä özüni dik ýokary zyňdy, şol ýerdenem arkasyndaky bilen bilelikde dikaşak gaýtdy. Buruljyrap gelşine gaty ýere «jalkyldap» bir düşdi welin, ýany ýere degenden öz-ä «hylk» etdi-de, yzyndanam «wä-ä..» diýip, çirkin gygyrdy, beýleki welin sessiz-üýnsiz gözlerini agdardy ýatyberdi. Bir haýukdan soňam özüne geldi-de, gelni bilen sögüşen garry gaýyn ýaly ho-ol, çüňke baryp aňyrsyna bakdy oturyberdi. Maral towşanam usurgadymy ýa ýany gaty ýere bijaý degdimi şol ýatyşyna tä agşama çenli gymyldaman ýatdy. Ýöne, iki gözüni welin erkek towşandan aýranok. Ol gymyldaygy bu-da ýazzyny berjek. Il arasynda şol jandar pişik bilenem çörňeşýärmişin diýen gürrüň bar, ýöne, men-ä olaryň günäsini göterip biljek-gä. Ynanybam biljek-gä. Şonça wagtlap bir ýatagyň içinde bolup, biri-birleri bilenem çörňeşenlerini görmedik halyma men oňa neneň ynanaýyn? Köpler olary uly bir jaýyň içinde umumylykda saklaýarlar. Çakyşanlaryndan soň erkegini maral towşandan aýyrjagam bolanoklar. Öz-özleri çakyşýarlar, çebşekleýärler, köpelýärler. Ýöne, beýtmeklik meniň towşanlary baradaky kitaplarda okyşyma we käbir tejribeli adamlardan eşidişime görä, biologiýanyň kada-kanunlaryna ters gelýär. Çünki, şol ýagdaýda saklanylsa olar soňabaka biri-birlerinden önüp başlaýarlarýagny, ganlary golaýlaşýar. Bu bolsa olaryň nesilleriniň ownamagyna synalarynyň şikesli dogulmaklaryna alyp gelýär. Ylmy nukdaý nazardan garasaň, şol zatlaryň öňüni almak üçin, täze daglan çebşekleriňem erkegini urkaçysyny ýetişik möhletine baranlaryndan soň biri-birlerinden aýyrmaly. Aýratyn saklamaly. Pylança gezek guzlandan soň önüm berijilerem täzelemeli. Üstüne eltilenini ýokuş görýän bolaýmasyn, diýip öň erkek towşany maral towşanyň üstüne elten bolsam, indi maral towşany erkegiň üstüne eltibem gördüm. Onda-da bolmady. Hiç hili üýtgeşiklik duýulmady. Gije-girim dagy çakyşýan bolaýmasynlar, diýip, käte ätiýaçdan maral towşany erkekden aýryp öz öýüne salyp goýýan, emma bir aý geçýär, kyrk gün geçýär, ol welin ne guzlaýar, ne-de garny ulalýar. Kyrk günde bolmasa-da bolmadygy. Bu meni öňküdenem beter kejikdirýär. Ýigrenjimi artdyrýar. Özlerine bolan söýgümi kiparladýar. Başda meniň olary gowy görendigim welin çyn. Çünki, daşyndan göräýmäge olar şeýle bir owadan, naşyja jandar welin, görüp doýup bolanok. Ses-üýn, goh-galmagal ýok. Ümsümjek. Tüýleri ýumşajyk. Gaty nan böleklerini eliňden tumşujyklaryny uzadyp, usuljak bilen alyşlaryny, ho-ol, aňyrrak çekilip «kirt-kirt» etdiripjik iýişlerini, biri-birlerinden aljak bolup kowalaşyşlaryny dagy görmäge göz gerek. Çebşeklejek wagtlary başlaryndan geçirýän hysyrdylaram bir tomaşa. O zatlary men «atasy öýünden» bogaz bolup gelen maral towşanlaryň hereketlerinden bildim. Ýagny, çebşeklemezlerinden iki-üç gün öňünden olar alahasyrdy bolşup agyzlary bilen ýumşajyk, terje gök ot-çöplerden daşap başlaýarlar. Ketekleriniň bir burçuna üýşürip, üstüne-de çebşeklär ýaly has ýumşajyk otlardan düşejik örtýärler. Megerem, çebşejikleri aýaklanandan soň girip-çykmalary aňsat bolsun diýip edýän bolsalar gerek, öýjagazyň girelgesinde kertjagaz bolsa otjagazlar basyşdyryp bosaga bilen deňleýärler. Özlerem edil, mejlisler zalyna düşelýän halyça ýaly insizje, uzynja edip düşeýärler. Bir uja öýjazgazyň içinde, beýleki ujam daşynda. Düşäp bolanlaryndan soň telim gezek eýläk-beýläk ylgaşlap, münüp-düşüp görýärler. Mahlasy, uly bir toýa taýýarlyk görýän gelinler ýaly ber-başagaý. Çebşeklänlerinden soň esli mahallap öýjagazlaryndan çykmaýarlar. Çyksalaram seýrek çykýarlar, ketegiň agzynda durup, töwerek-daşlaryna örän eserdeňlik bilen garaýarlar. Gara görseler gysganýarlar. Çagalaryny o ýan, bu ýan göçürjek bolanlarynda agyzlary bilen tutup äkidýärler. Howwa, daşyndan göräýmäge olar şon deýin bir geňsi jandarlar. Hakykatda welin, şolar ýaly gylyksyz, şermende, oňşuksyz, öýkelek haýwany men ömrümde göremok. Ýok men muny olaryň maňa önüm bermändikleri, çakyşmandyklary üçin aýdamok, meniň olardan gören ýamanlygymam ýok, ýöne biri-birlerinde gezek gelende şolar ýaly zalym, şolar ýaly zabun millet ýokdur. Hudaý saklasyn, doňuz ýaly öz çagasyny iýýän wagtlaram bolaýýar. Umumy ketegiň içinde haýsam bolsa biri çebşeklär ýaly aýratyn bir öýjagaz ýasap goýaýsaň dagy şoň üstünde gyrlyşýarlar. Asyl, hersine birini ýasap goýsaňam oňşanoklar. Şonda-da, haýsam bolsa bir öýjagazyň üstünde uruşýarlar. Gepiň gysgasy uruşmasalar günleri geçenok. Urşup bolanlaryndan soňam äri ölen heleý ýaly hersi bir çüňkde dula bakyşyp dommarylşyp bir oturýarlar welin, öz dünýäň daralyberýär. Haýbat atsaňam şonuň ýaly. Bir öýkelänlerinden soňam açyljak gümanlary ýok. Haçan barsaň tossarylşyp oturandyrlar. Iýer ýaly bir zat berip ýaraşjak bolsaňam beren zadyňy ýüzlerini kese sowşup, minnet bilen alýarlar-da, ýene-de töre tarap ýumlugýarlar. Käte bir saňa tarap gözleriniň gyýgyny aýlap goýbererler, ýöne ýüz bermezler. Üstlerine saýry bir towşan salsaň dagy towuklardanam beter. Edil hatyn üstüne heleý alnan ýaly. Üstüne gelen rüstemräk bolsa-ha ne ýagşy, ejizräk bolsa welin dat gününe! Girişi ýaly ekabyrraklarynyň biri budundan dişläge-de, ýeriň ýüzüne pylçap bir urýa welin, ejir çekeniň «wy-y-yk» etdirýän jynssyz sesinden ýaňa depe saçyň düýrügip gidýär. Alaka ýaly alahasyrdy bolşup işlerem ýer köwmek. Özlerem ed-dil diwaryň düýbüni köwýärler. Ýeriň astyndan hin gazyp, allaowarralardan çykyp gidýändiklerini eşidenimden soň men olaryň astyna şifer düşäp üstüne iki garyş galyňlykda gum sürdüm. Diwarlarynam şiferden etdim. Diňe öňleri sim bilen torlanan. Aşagyna düşelen şifer bilen diwar edilen şiferiň tapyşýan ýerinden yş tapjak bolup dört diwaryňam düýbüni köwüp çykdylar. Ahyram laplary keç bolup gazmalaryny goýdular. Daşlaryndan synlasaň dagy edil adam işläp duran ýaly. Hiniň içinden öl gumy iki öň aýaklary bilen edil buldezer ýaly süsüp getirýärler-de, daşyna çykarýarlar. Yzyna açmaz ýaly eýläp-beýläk pytradyşýarlar. Daş-töwereklerine ýalt-ýult edişip, ýene-de yzlaryna sümlüp gidýärler. Sähleçe wagtdan soň ýene-de ep-esli gumy öň aýaklary bilen sürüp getirýärdiler. Arasynda-da, üýşürülgi ol gumuň üstünde kä arkan, kä ýüzün, käte-de ýanyn ýatyp, tirseklerine söýenşip dynjam alýarlar. Käteler süýji ukuda ýatansyň welin, gijäniň bir wagtlary ketekden ulyala güpürdi gopar. Oýanarsyň. Başyňy galdyryp görseň goh towşanketek tarapdan gelýändir. Diýmek, towşanlaryň özara urşy başlanypdyr. «Aý, oňşarlar-la», diýip ýatyberjek umydyň ýokdyr. Oňuşmazlar. Tutda-baslyk şo-ol, dowam eder gider oturar. Baryp görseň dawa ýene-de ýa-ha «öý» üstündedir, ýa-da ýer üstündedir. Diňe «bulagaýy» başga bir ketege geçireniňden soň topalaň ýatar. Medeniýet diýen düşünje-hä olarda düýbünden ýok. Beren otuňy dagy goýun maly ýaly bir ujundan çürtüpjik, arassaja iýäýmezler. Derrew üstüne çykarlar, basgylarlar, üstünde gumalaklarlar, öljerderler. Otuň, suwuň bol bolsa olaryň ol düzgünlerine çydaýsaňam boljak, ýöne, meniň janymyň ýanýan ýeri ilk-ä skwažinamyzyň suwy azaldy. Soňam yzly-yzyna birnäçe gezek nasosy döwüldi-de, ony bejermelerini düýpden goýdular. Öňem bir gönenmeýän halymyza şeýdip bütinleý suwsyz galdyk. Netijede mellegimizde otam galmady, çöpem. Egnim haltaly goňşy aramgählerden, esasanam, ýokary ýüzümizdäki kinoçylaryňkydan ot daşap başladym. Ýöne, olaryňam öz otlaryny mugt beräýesleri gelmedi. Ýorunja bolsa dagy hasam gerekletdiler. Her peliň her orumyna bir jübüt towşandan nyrh kesdiler. Biri oýun eden bolup soraýa, beýlekisi çyny bilen soraýa, garaz, soraýarlar. Bir gün hasaplap görsem ketekdäki towşan sanym ot alanlaryma bermelime ýetenok. Üstesine mazaly horlanypdyrlaram-da, men towşanly meselänem bes etmekligi ýüregime düwdüm. Ýöne, her näme diýseňem eýjejik zatlar, uzynly gün gapylarynyň agzynda oturyb-a, öwrenişipdirinem soýup iýmeg-ä däl, hatda aýrylyşmaga-da bognum ysmady. Damagym doldy durdy. Şonuň üçinem, «Towşanlary ýok etjek bolýan, äkidiň-de geçen ýerine satyň», diýip şähere, çagalaryma habar etdim. «Nätseň şeýt, bizden-ä towşan satan ýok», diýen jogap geldi. «Onda soýup äkidiň-de iýiň», diýip, ikinji gezek habar gönderdim. «Onam etjek-gä...» diýen jogaby alanymdan soň, «Şular soýup ibersem bir iýerlermikä ýa «iýibiljek däl», diýip, yzyna gaýtararlarmyka», diýip oýlandym-da, arka tarapdaky goňşymyň ekabyrrak ogluna bäş-alty sanysyny soýduryp öýe iberdim. Hernä: «Bişirip ibermänsiň, biz muny bu durşuna kabul edibiljek-gä» diýip, yzyna gaýtaraýmandyrlar. «Muňa-da şükür», diýdim-de, galanlarynam soýdurdum-da, assa-ýuwaş öýe ugratdym durdum. Şeýdibem olardan ymykly dyndym. Indi bolsa hindiördekler barada. Olar örän mähirli, oňşukly, sypaýy guşlar. Towuklar ýaly galmagalçy, towşanlar ýaly oňşuksyz däl. Biri-birleri bilenem dawa-jenjel etmeýärler. Gykylyklary bilen ýürege düşmeýärler. Asyl-ha olarda ses ýok-da, üýn bar. Biri-birleri bilenem, seniň bilenem üýn arkaly düşünişýärler. «Lugur-lugur» edip çalaja ses çykarýarlar, ýöne, o-da edil asmandan uçup barýan durnalaryňky ýaly örän alysda bolup eşidilýär. Towuklar ýaly pytraňňy däl-de, topbaklaryny bozman, agzybir gezýärler. Daş ýere gidek däl. Sekgaýysy ýok. Ýöne, bir gynançly ýeri wagtly-wagtynda ganatlaryny gyrkyp durmasaň uçup gidýärler. Ajyksalaram galmagal edip ýa gykylyklaşyp bizar-peteňiňi çykaranoklar-da, arzy-hallaryny hökümede beýan etmek üçin ýörüşe çykan nymaýyşçylar ýaly toplum tutup ýaýkyldaşyp saňa tarap gaýdýarlar, gapyňa bäş ädim galandanam saklanýarlar-da, bir saňa birem öňlerini çekip gelýän ekabyrlaryna tarap özleriniň ördek bakyşlary bilen gyýa-gyýa bakyşýarlar. Oňly ýag ýygnap ýetişmedik syrtlaryny bulaşyp dylmyldaşýarlar. Bir zatlar barada maslahatlaşýan ýaly biri-birleriniň ýüzlerine seredişip, çüňklerini uludan-uludan açyp-ýumýarlar. Şondan soň ekabyr ördek olardan saýlanyp gaýdar-da, gelip seniň alkymyňa dykylýar. Saňa tarap boýnuny süýndürer ýüzüňe seredip agzyny açyp-ýumup kä yza çekilip, kä üstüňe sürnüp bir zatlar diýýär, ýöne içinden sesi çykanok. Şeýle-de bolsa onuň: «Biz ajykdyk, sen nämüçin bize iým bermän bu ýerde sömelip dursuň», diýýändigine düşünmek bolýar. Şondan soň men häliden bäri taýyn duran içi iýmli gabymy sessiz-üýnsiz elime alýaryn. Şondan soň o-da «çykyş etmesini» goýýar-da, «ine, munuň bolýa» diýýän ýaly, ýüzüme gyýa bakyp gözlerini birgeňsi ýyltyldadýar. «ýörüň, hemme zat ýerbe-ýer, düşünişdik», diýen terzde topar tutup duran ýoldaşlarynyň duşundan döşüni gaýşardyp geçip gidýär we ketege tarap moýmuldap ugraýar. Beýlekilerem onuň yzyna düşýärler. Ýeňijiniň badyhowa keýpine humar bolup baryşlaryna başlaryny dik tutuşyp, gelendäkilerindenem has dabaraly suratda ýörüş edýärler. Içinde birini has gowy görseň iýmlän wagtyň sypaň-sermeň edip mähir beriberseň saňa öwrenişýär. Beýlekilere görä saňa has içgin durýar. Nymaýyş wagty toparyň öňüne düşüp, seniň bilen parahatçylykly gepleşikler geçirip, ýagdaýy dawa-jenjelsiz çözüp gidýänem ana, şol. Şolar ýalynyň biri hemişe, iým iýende meniň köwüşli aýaklarymyň üstüne çykyp iýýärdi, ketege golaýladygym öňümden ýaýkanjyrap çykýardy. Tä gaýdýançam gapdalymdan aýrylmaýardy. Şol guş henizem meniň gözlerimiň öňünden gidenok. Beýlekileriň hemmesiniňki gitdi, emma şonuňky gidenok. Iýmiti barada aýtsak, ýokarda agzap geçişimiz ýaly beribilseň iýmeýän zatlary ýok. Oty dagy edil owlakdyr-guzy ýaly iýýärler. Gündelik guzlanoklar. Öz basjaklaryny guzlaýarlar. Basyp oturmaly boljakdygyny göz öňüne tutup, guzlamak üçin turuwbaşdan amatlyja ýeri saýlap alýarlar. Şondan soň gündekisini şonuň üstüne guzlap gidip otyrlar. Özlerem ýumurtgalaryny şeýlke bir eý görýärler, sany ýetýänçä daşyndan aýrylanoklar. Aýrylaýsalaram üstüne çöp-çalam, şeýle-de öz ýeleklerini ýapyşdyryp gidýärler, gelenlerinden soň bolsa çüňkleri bilen çekip-çekip, ýeke-ýeke sanap girýärler, eýlesine-beýlesine agdaryşdyryp özüniňkimi, dälmi, çalşyrylypmy, ýokmy barlap grýärler, üstüne kökenek bolup durýarlar. Haklaryna jür. Haýsydyr biri geläge-de, başga biriniň ýumurtgasynyň üstüne guzlaýmaz. Beýleki birem öz ýumurtgasyny başga birine beräýmez. Bir aýa golaý ýumurtga basyp jüýje çykarýarlar, şonda jüýjelerini çykyşlary ýaly aşagydan alyp, ýerine täze ýumurtga goýsaň ýene-de oturýarlar. Goýmasaň barybir täzeden guzlap, täzeden üýşürip, täzeden oturýarlar. Garaz, yzlaryna jüýje tirkemeseler ynjalanoklar. Şeýdip, olaryň hersini, her möwsümde, iki-üç gezek oturdyp bolýar. Ondan artyk oturmaga mejallary ýetenok. Çökýärler. Tapdan düşýärler. Onsoňam şonça oturyp jüýje görmeseler, bala söýmeseler içleriniň ýanmagy, bagyrlarynyň tütemegi mümkin. Ýokarky usul bilen men bir möwsümde bäş hindiördekden ýüz ellä golaý jüýje aldym. Ýöne, birinjiden-ä olaň barsyny ösdürip ýetişdirere mende şert bolmady, ikinjidenem tejribäm azlyk etdi. Olaryň köpüsin-ä Gün urdy. Diýmek men olary doly eýikýänçäler kölegeräk ýerde saklamaly ekenim. Uly ketek, saýawan, kölege geek ekeni. Gün uran jüýjäniň gözi köreýär, ýöräne çaýşanaklaýar, nirä ýöreýänini bilenok, öňündäki iými, suwy görenok. Diňe beýleki jüýjeleriň sesi boýunça hereket edýär, şolar haýsy tarapa ýöreseler yzlaryna düşüp entäp ýör. Uzaklaşmanam ölýär. Soňabaka ölenlerini çöpläp, zyňmakdanam bizar boldum. Hem olara haýpyň gelýär, hemem öz zähmediňe nebsiň agyrýar. Öz zähmetleriniň reýgan bolanyny görüp, ene ördekler mendenem beter gynanýarlar. Megerem: başarmajak bolsaň nämüçin aşagymyzdan aldyň, diýýän bolsalar gerek, bir zyňylýan jüýjelere, birem maňa seredip, boýunlaryny süýndürýärler, kellelerini ülňeşýärler. Şolaryň hut şeý diýýändiklerine men ynanaýan çünki, eger-de birinji gezekdäki hasylyna degmän, enesiniň yzyna tirkeseň, onda jüýjeleriň ählisi «adam» bolýar. Gyrylmaýar. Enesi olary Gündenem, ýeldenem, ýagyn-saçyndanam, bela-beterlerdenem berk goraýar. Terbiýeleýär. Muny men synag edip gördüm. Şeýle jüýjeler sagdyn bolýarlar. Olaryň etem beýlekileriňkä görä süýji bolýar. Özleriniň tertipli boluşlary ýaly, hindiördekler sendenem tertipliligi talap edýärler. Şonuň üçinem, iň gowusy umumy ketegiň içinden towşanlaryňky ýaly hersine bir öýjagaz ýasap bermeli. Şeýtseň, hersi şol öýjagazlaryň birinde guzlaýar. Şol ýerde-de basýar. Towşanlar ýaly biri-birleriniň öýlerine dawa etmeýärler. Goňşuçylyklary gowy. Seteran goýlan öýjagazlaryň içinde önümli zawod ýaly setir tutupjyk oturyşlaryny göreniňde daşlaryndan guwanýarsyň. Käte-de bir: «Otyrmyň goňşy», diýýän ýaly biri-birine tarap boýunjyklaryny süýndirişipjik seredýärler. Biri aýagyny ýazmana ýa üuwunmaga gitse beýlekisi onuň ýumurtgasyna göz gyzdyrmaz. Bardy-geldi şolar ýaly zandyýamanyň biri tapylaýanda-da, hiç haýsy oňa öz hakyny gidermez. Daş çykyp gelşi ýaly çünki bilen çintgäp, ýumurtgasyny tükellär, kem çykdygam goňşusynyň üstüne ugrar, sessiz-üýnsiz üstüne «gygyrar», müýnli goňşusy gozganjyrap ugrandanam öz ýumurtgasyny onuň aşagyndan çekip alar, çüňki bilen öz «öýüne» tarap togalap gelşine-de aram-aram, durup-durup, ogra sereder, käýiner. O-da: «Nädeýin-dä, beýtmejek borun-da...» diýýän ýaly aşak bakyp ýüzüni sallar oturar. Başda olaryň çykaran jüýjeleriniň barysy birmeňzeş – sary-ala reňkde bolýar. Aýajyklarynyň perdeleri gyzgylt. Edil lak çalnan ýaly ýaldyrap dur. Ýumurtgadan çykyşlary ýalam özlerini suwa urýarlar. Ökdelik bilen ýüzýärler. Jüýgüldeşýärler. Howply ýagdaýa duşsalar ýa çöp-çalamlygyň içinde azaşsalar, «ji-i-ip, ji-i-ip» etdirişip, enelerine howsalaly signal berýärler. Tejribesizligimden ýaňa men bir gezek ketegiň içinde bir legen suw goýup şähere gitdim. Gelsem, legendäki suwuň ýüzi öli jüýjelerden ýaňa doly gyrma bolup dur. Men geň galdym. Çünki, olar suwdan doly howza arkaýyn girip-çykyp bilýärdiler, «jom-jom» etdirişip içine bökýärdiler, «jompul-jompul» edişipjik ýüzýärdiler, «şypyrdaşypjyk» çykýardylar, emma ine, eliň aýasy ýaly legenden çykybilmän leýs bolup ýatyrlar. Soň pikir edip otursam howzuň suwy hem-ä erňegini gyrmalaýardy, hemem dyrnakjyklary bilen ýapyşara betonyň boş öýjükleri kändi. Legeniň suwy bolsa başda-da erňeginden aşakdady, soň özleri içine girensoňlar-a hasam aşaklapdyr. Üstesine legeniň gyrasam ýylmanak bolansoň böküp çykyp bilmändirler. Eger-de bir bölejik tagtanyň bir ujyny legeniň düýbüne, beýleki ujunam erňegine degrip, goýan bolsam, onda olaryň öz-özleri dyrmaşypjyk daşyna çykybiljek ekenler. Tejribesizligim zerarly men olaryň ençemesini goňşy-golamlaryň pişiklerine-de aldyrdym. Gözümiň alnyndan kakyp alyp giden gezeklerem boldy. Bir gezek şolar ýaly ogry pişigi kowalap aýakýalaňaç telim mellegiň içinden dagy geçdim. Dabanlarymyň aşagy tikenden doldy gitdi. Pişik welin barybir ýetdirmedi. Bir gezegem iýmläp otyrkam, hindiördekleriň barysy birden iým çokmalaryny bes etdiler-de, boýunlaryny hekgerdişip, duran-duran ýerlerinde doňdular. Birdenem howsala düşüp başladylar, kellelerini gyşardyşyp asman sary üşerileşdiler. Öňkülerine görä üýtgeşik, galagoply owaz çykardylar. Jüýjeler «jüýpüldeşdiler», ulular «lummurdaşdylar». Sürlenişdiler. Birdenem edil buýruk berlen ýaly, ak, daýaw horazyň başlyklygynda howlukmaçlyk bilen keteklerine sümüldiler. Men ýokaryk seretdim. Görsem, açyk asmanyň ýüzünde bir gyrgy ganatlaryny gerip ýör. Men ýene-de geň galdym. Çünki, asmanda kepderi, garasar, alahekge, garga ýaly uçuşyp ýören guşlar hemişe-de kändi, şol wagtam az däldi. Ýöne, hindiördekler olara barmysyňam diýmeýärdiler. Gyrgy göründem welin, barysy birden dyr-pytrak boldular ötägitdiler. Eýsem-de bosa guşlaryň içinde özleri üçin iň howplusynyň şoldugyny heniz ony görmedik hallaryna nädip bildilerkän? Esasy duşmanlarynyň kimdigini olara kim aýtdykan? Garasy göründigi gyrgydan gaçmalydygyny kim öwretdikän? Elbetde, bilermenler muny «tebigy duýgy» (intuinkt) diýip düşündirýärler. Bu elbetde, dogrudyr, ýöne, şol tebigy duýguny entek ýumurtganyň içindekäler olaryň gursaklaryna kim guýduka? Dogrudan-da geň zat! Meni ýene bir geň galdyran zat olaryň edil adam ýaly arassaçyllyklary. Olar asylam suwa düşmäni, düşünip bolanlaryndan soň suwuň gyrasynda oturyp sypanmany, daranmany, ganatlary bilen ýelpäp endamlaryny guratmany gowy görýärler, ýöne, her gezekki jüpleşikden soň mäkiýanyň ylgap baryp özüni suwa urşy, «pasyr-pasyr» edip ýuwunyşy, yzly-yzyna çümüp, çykyp synasyny päkleýşi welin edil ýaňyja durmuşa çykan ýaş gelni ýadyňa salýar. Horaz bolsa mäkiýanyň üstünden düşüşi ýaly döşüni gaýşardyp, ganatlaryny kakyp, iki ýana haýdaýar. Şeýdip ýörşüne-de kellesini saňňyldadyp «has-has-has» edýär., boýnuny süýndirip depe saçlaryny hüžžerdýär. Garaz, gala alan däldirin öýdenok. Ketege del mäkiýan saldygyňam sen-men ýok, ganatlaryny gerip üstüne bökýär-de tapyr-tupur basýar. Bu onuň täze gelen gelni öz hasabyna geçirdigi, nirä gelendigiňi şu öýüň içinde kimiň hojaýyndygyny bil diýdigi. Öz häkimligini berkitdigi. Iň bir eý görýän zatlaram Aý aýdyň gijeler suwly howzuň başynda Aýa seredip, sülmüreşip hatara oturmak. Umuman, olar şahyrana guşlar. Olar barada aýdara zat başga-da kän. Suwuň, otuň, düzüwli ketek gurnar ýaly desgaň bolsa saklanyňa degýär. Girdejem alyp boljak. Iň bir gowy ýerem goýun, geçi, sygyr ýaly «mäläp» ýa «molap», towuklar ýaly «wak-waklap» towşanlar ýaly urşup ýürege düşenoklar. Aralykda iki sany goýunjagaz saklap gördüm welin, girsem-çyksam: «Juma-a-a... Jüm-ä-ä... diýşip, bütin hatara masgara etdiler. Umuman, «pukaraçylyga-da gurp gerek» diýlişi ýaly, meniň hindiördekleri köpeltmek baradaky niýetimem gury hyýal bolup çykdy. Mahlasy, suwsuzlyk zerarly basym olaram ýok etmeli boldum. Şol ýylyň güýzünde ikinji oglum Myrady öýlendirdim. Hindiördeklerem soýup, şol toýuň saçagyna goýdum. Güýz düşdem welin, howanyň salkynlygyndan peýdalanyp jaýymyň daşyny suwadym. Özünem başda beýan edip geçen usulym boýunça, eşege münüp-düşüp ýeke özüm suwadym. Daşardan hiç hili kömek bolmady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |