04:54 Türkmenbaşy döwri -23: "Sokroşeniýe" | |
23. «SOKROŞENIÝE»
Publisistika
Indi maňa işem gerek däldi, pulam. Şeýle-de bolsa ýene-de öňküje işime gatnaberdim. Her niçik hem bolsa meniň bu işe bolan höwesim uludy. Çünki, üýtgedip gurmak döwri dil meselesi biziň esasy temamyz bolupdy. Ol ugurdan biz uly-uly göreşler alyp barypdyk. Şonuň üçinem, türkmen diliniň döwlet dili hukugyna eýe bolandygyna, gowuşgynsyzrak hem bolsa onuň durmuşa geçirilip başlanmagyna begenýärdik, buýsanýardyk. Bir çetde mugryljyrap oturman, bu mesele boýunça ile-güne azrak hem bolsa peýdamyzy ýetirmek isleýärdik. Terapewtiň elinde işlemelem bolsa, seksopatologyň elinde işlemelem bolsa, kiçijik bir edarada hem bolsa, garaz şol ugurdan gujur-gaýratymyzy gaýgyrman işlemäge taýýardyk. Kaýyldyk. Ýöne.... Aprel aýynyň ortalary, öýlänaralar müdirimiz başlygyň ýanyna gidip geldi-de, çat maňlaýymyzda gabarylyp oturşyna göz astyndan herimiziň ýüzümize bir seredip: – Sokraşeniýe... – diýdi. Yzyndanam gözlerini süzgekledip ilk-ä Gunça soňam maňa seretdi. – Siz ikiňiz gitmeli. Men ur-tut goş-golamlarymy ýygnap başladym. Müdiriň ýüzünde şol bir tanyş ýylgyryş peýda boldy. – Aýyň aýagyna çenli işläp onsoň gitseňizem bolýa. Men başardygymdan özümi parahat alyp barmaga çalyşdym. Ýöne, bolmady, barybir sesim sandyrap çykdy. – Aý, ýok, ýaşuly, aýyň aýagyna çenli-hä garaşmarys, gitmeli bolsa şu gün gideris, häziriň özünde gideris. Meniň gepsiz-gürrüňsiz, galmagalsyz, gykylyksyz gitmäge kaýyl bolanyma keýpi çaglanan müdiriň iki erniniň arasy hasam giňedi. Ýaňaklary al öwüsdi. Süzülip duran gözleri güldi. – Görerin diýseň başlygam göräý, ýerindedir. – Çykamda başlygy görüp çykar ýaly men giremde başlygy görüp giremok. Şeý diýdim-de, işden çykmak barada arza ýazyp başladym. Ümsüm oturyberse boljagam welin, keýpini köklänindenmi ýa köne dostuna goltgy berjek boldumy seksopatologam aşak bakyp «şytyr-şytyr» ýazyp oturşyna «kih-kih» güldi. – Juma, näme, gaty görjek bolýaňmy? Men sesimi çykarmadym. Oňa çenlem çep burçda oturan Gunça gelin ýerinden turdy-da, Garagyza tarap barmagyny çommaltdy. – Şu galýamy? Birneme bady gaçan müdir baş atdy. – Galýa. Gelin hasam hökümli gepledi. – Şu galýan bolsa menem galýan. Arza-da ýazmyýan, işdenem çykmaýan. – Ol ýüzüni aktam edip maňa ýüzlendi. – Juma aga, sizem ýazmaň! Emma men eýýäm arzamy ýazyp bolupdym. Ony diňe müdiriň öňüne oklaýmak galypdy. Şeýle hem etdim. Bir çäýnek bilen bir käseden, bir suw gaýnadylýandan, çemçeden, moý açan daş okarajykdan ybarat goşlarymy bir pakede saldym-da çykdym. Taryhçy gelnem yzym bilen tasap çykdy. – Juma aga, gitmäň! Sokraşşeniýe boljak bolsa attestasiýa bolmaly, kim işini oňarmaýan bolsa şol gitmeli, emma ähli işi siz edip otyrsyňyz ahyry, siz ýazyjy ahyry, bu ýerde bir biadyllyk bar... Men ol gelne tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdim-de, hoşlaşdym. Pakedimiň içindäki çäýnekdir-käsejiklerim, çemçedir okarajyklarym hem hamala maňa duýgudaşlyk bildirýän, ädimsaýy «şykyr-şykyr – şykyr-şykyr» edişip birenaýyja seslendiler gitdiler oturdylar. Ýola düşüp ugranymdan soň bokurdagym doldy. Ýok, ejizlikden däl-de, kemsidilmekden. Men döredijilik babatda, hususan-da Hudožnikler soýuzynda dürli urgulara, dürli ýanalmalara, gysylmalara duş gelipdim. Ýöne, çekipdimem, çydapdymam. Çünki, ol ýerde açykdan-açyk, aldym-berdimli göreşler gidýärdi. Garşyňda duranyň kimdigini, matlabyny bilip bolýardy. Galyberse-de, döredijilik gabanjaňlygy hökmünde seredip oňa üns bermän bolýardy. Öňi baglanan eseriňe derek başga bir has şowly eser döredip garşydaşyňy gynandyryp, içiňi sowadyp bolýardy. Bu ýerde welin... Dünýeler düz bolanda ol gapylar aslynda biziň açjak gapylarymyzam däldi. Agyr degýän ýeri döwrüň döreden zeruryýetçiliginiň bizi nä günlere salyp ýörendigidi. Elbetde, iş ýeri gysgaldylyp bilner, ýöne, iş-ä dilçä ýazyja degişli bolup, ondanam öňi bilen işini bilmeýän adam hökmünde ýazyjydyr, taryhçy adamlar kowlup, müdiriň sekiz klasy gutaran agtygam galýan bolsa, onda o-da «sokraşşeniýe» däl-de gysyş. Ýanalyş. Döwrüň syýasatyna sygdyrylmadyk adamyň onuň edarasynada sygdyrylmazlygy. Meniň welin dawalaşasym gelmedi. Sebäbi, birinjiden-ä başda aýdyşym ýaly şol işe bir ýazyjy dostumyň üsti bilen giripdim, şoňa gep gelmesin diýdim, ikinjidenem darkaş gurap, döş direşip galar ýaly ol ýeri meniň ykbalymy baglan ýa döredijiligim bilen bagly edara däldi. Men ol ýere zerurlyk bilen ,tötänden düşüpdim, tötänlik bilenem gidibermelidim. Onsoňam gep bu ýerde işde ýa edarada hem däldi-de, döwrüň bizi ýatdan çykarlygynda, başyndan aýlap zyňanlygyndady. Zamananyň zabunlygyndady. Ykbalymyzyň gör, kim-kimlere bagly bolup galandygyndady. Hiç ýerden iş tapman, aç-suwsuz, halys usurgap, «heýjanelege» baş gomaga mejbur ediljek bolunýanlygymyzdady. Şondan birnäçe gün öň, «üç harply» edaranyň şugulçysy hasap edilýän A. atly, biz deň-duşrak bir žurnalist işe jaň etdi. Oglumyň şeýle ýagdaýa düşendigini eşidip gynanandygyny duýgudaşlyk bildirmek üçin ýanyma gelmek isleýändigini aýtdy. Edaramyzyň salgysyny sorady. «Öýüňize jaň etdim welin, şu nomeri berdiler» diýdi. Dogrusy şol wagtam göwnüme güman gitdi. Çünki, hakykatdanam duýgudaşlyk edasi gelýän adam hökman öýe barmalydy. Ol welin şeý diýen bolup meniň nirede işleýändigimi biljek bolýardy. Özüne buýrulan ýumşy berjaý etjek bolýardy. Pikir edişim ýalam boldy. Iki ädimlik ýerde işleýändigine garamazdan ol barybir meniň ýanyma gelmedi. Yz ýanyndanam ýaňky «Sokraşşeniýeli» mesele ýüze çykdy. Şeýdibem işden gitdim. Şondan soň iki hepde geçip-geçmänkä, “Worzakon” içgiliräk wagtyny peýläp, «seksopatolog» dostunam «sokraşeniýä» düşüripdir we onuň ýerine has ynamdarrak dostlarynyň birini alypdyr. Gunça welin hakykatdan-da işden gitmändir. Ýöne, meniň pikirimçe, menden aňsat dynmak üçin, müdir «sokraşşeniýe» meselesin-ä bir oýlap tapan bolmaly, üstesine Gunçanam göz üçin gapdalyma goşan bolmaly. Şonuň üçinem, men gaýdanymdan soň müdir Gunçany çykarmak üçin gaty bir dyzabam duran bolmasa gerek. Ýöne, üç aýdan soň şol institutyň direktoryny işden aýyrdylar. Täze gelen direktor ol ýerdäki terjimeçilik toparyny ýapdy we barysyny işden çykardy. Şeýdip «Worzakonyň» özem meni salan gününe düşdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |