05:00 Türkmenbaşy döwri -24: Salam, Maýa Mollaýewna! | |
24. SALAM, MAÝA MOLLAÝEWNA
Publisistika
Indi başga bir iş tapmalydy. Sorap-idäp, Türkmen döwlet milli arhiwiniň ýanyndaky «Prezident gaznasynda» bir ýeriň boşandygyny bildim. Arhiwiň umumy başlygy sowet döwründe TKP MK-nyň ideologiýa boýunça sekretary bolup işlän Maýa Mollaýewady. «Gaznanyň» direktory bolsa, orta ýaşlaryndaky ýülmegräk, sypatam, özem, sözlerem sypjyk, dodagyny çommaldyp gülümsiräp gürleýän ýigitdi. Men ony çalarak tanaýardym, Maýa Mollaýewna bilen welin gabat gelişmändik. «Gazna» Prezident we onuň nesil daragty barada maglumat ýygnaýardy, öwrenýärdi, sözlän sözlerini toplaýardy we kitap edip çykarýardy. «Türkmen arhiwi» žurnalynam şolar neşir edýärdi. Çalarak tanyşlygym bardygy üçin men öňürti «gaznanyň» direktorynyň ýanyna bardym. Ýalandan gülümsiräp, hernäçe ýylymsyrasa-da onuň menden ýaňa içiniň buz ýalydygy görnüp durdy. Ol turuwbaşdan: – Men hiç zat çözemok, bar zat Maýa Mollaýewna bagly, - diýip, gaýra gaýşyp başlady. – Onda sen özüň şoňa aýt, gürleş, sen kepil geçseň belki alar. Ýigit ellerini serdi, dodagyny çommaldyp sowuklaç ýylgyrdy. – Siziň bilen işleşip görmedik halyma men nädip kepil geçeýin. Ýöne, öz üstünden sowmak üçinmi, ýa ýalňyşdymy, ol Maýa Mollaýewanyň kim-kimlere gulak asýandygyny aýtdy-da, özi-de bilmezden maňa kömek etdi oturyberdi. Onuň salgy beren adamlarynyň içinde maňa çyn ýürekden kömek edip biljek adam terjimeçi Daňatar Berdiýewem bardy. Şol wagt ol bir-ä banklaryň birinde terjimeçi bolup işleýärdi, birem arhiwde ýarym iş hakylyk işleýärdi. Men “ýülmek” bilen hoşlaşdym-da göni şonuň ýanyna gitdim. Barşym ýalam näme iş bilen gelenimi aýtdym. Ol gözümiň öňünde Maýa Mollaýewnanyň telefonyny aýlady-da, şol boş ýere örän ygtybarly adamy teklip edýändigini aýtdy. Aňyrdan: «Öňkülerem-ä şeý diýip teklip edipdiň» diýlen bolsa gerek, ol birazajyk trubka diň salyp oturandan soň: – Dogry, öňki teklip edenlerimem gowudy, ýöne, bu has gowy, - diýdi. Elbetde, sorag-ideg edip görjekdir-dä, Maýa Mollaýewna ondan bir hepde pujyra sorady. Emma bir hepde garaşmaly bolmady. Üç-dört gün geçer-geçmez “ýülmek” öýe jaň etdi. – Basymrak geliň, Maýa Mollaýewna siziň bilen gürleşjek diýýä. Onuň ýanynda sizi gaty öwüpdirler. Bardym. Maýa Mollaýewna direktoryň kabinetinde garaşyp otyr ekeni. Ol meniň bilen ör turup, elleşip görüşdi, açyk ýüz bilen garşy aldy, hal-ahwal soraşdy. TKP Mk-nyň sekretary bolup işleýän döwründe ol Hudožnikler soýuzynyň gurultaýlaryna gatnaşýardy. Şonda men ony daşyndan, tribunada oturan ýerinde görýärdim. Şol wagtlar ol orta ýaşlaryndaky saçlary şar gara, tegelegräk ýüzli, akmapraç , eginleri gysbyrak, görmegeý zenandy. Tarap-tarap bolup çekeleşýän hudožnikleri ylalaşdyrjak bolup, başlyklyga MK-nyň göwneýän adamsyny geçirjek bolup jan edýärdi, ikiortada kösenýärdi, özelenýärdi. Şonda meniň oňa nebsim agyrýardy. Meniň bilen gürleşip otyrka-da ol şol döwri ýatlady. – Hudožnikler iş-ä bolýadylar öz-ä. Ýöne, sen-ä kän göze-başa düşeňokdyň, topalançylaryň arasynda görünmeýärdiň. Men dogrudanam hiç topara goşulmaýardym. Bir halkyň ogullary bolubam özlerini toparlara bölüp, döredijilik meseleleri, sungat akymlary barada jedelleşmäge derek ähli wagtlaryny biri-birleri babatdaky gybat-gürrüňlere sarp edip ýörüşlerine gaharym gelýärdi. Olaryň bolup ýörüşleri iki eliň biri-biri bilen urşuşyna, sag gözüň sol göze duşman bolşuna meňzeýärdi. Dogry, oturşyklarda beýlekide olaryň hemmesem ortalyga gelmek, agzybirlik bilen diňe sungata gullyk etmek, bölünişiläýende-de akymlar, ugurlar babatda bölünişmek, ahyrky maksat hökmünde sungaty ösdürmekligi, il-güne gullyk etmekligi, türkmeniň adyny arşa götermekligi göz öňüne tutmak barada nutuklar sözleýärdiler, elleri bulgurly, yraň atyp oturyşlaryna: «Howwa-da-howwa, dogry-da-dogry» bolşup biri-birlerini makullaşýardylar. Ertesi işe baranlaryndan soň welin ýene-de şol bir heňlerine başlaýardylar. Sergilere bolýan seçilşiklerde her kimiň gözüne diňe öz toparyna girýänleriň işleri gowy görünýärdi, beýleki topara girýänleriň bolsa işlerem erbetdi, özlerem. Göreş barlyşyksyzdy. Manysyzdy. Maksatsyzdy. Aňyrsy ýokdy. Düýbi boşdy. Garaňkydy. Hudožnikler soýuzynyň agzalygyna kabul edilşigem hut şol nuktaý nazardan geçirilýärdi. Her kimiň zehinine däl-de, gelejekde topar üçin gowy nöker bolup biljekdigine ýa bilmejekdigine, ýygnaklarda, gurultaýlarda öz arkalrynda durup, garşydaşlarynyň garşysyna gürlemekligi başarjakdygyna ýa başarmajakdygyna seredilýärdi. Başlyk saýlamaklygyň aňyrsynda-da şolar ýaly hususy, maddy maksatlar ýatyrdy. Öz içinden başlyk saýlap bilen topar indiki gurultaýa çenli, ýagny,bäş ýyllap isledigiçe gazanç edip bilýärdi. Ýeňilse welin hem ruhy, hem maddy taýdan gysaja düşýärdi. Sergilere işleri geçmeýärdi, zakazlar berilmeýärdi, atlara, baýraklara hödürlenmeýärdi. Ýazyjylaryň gurultaýlaram umuman, şeýleräk geçýärdi, ýöne, olar bir neşirýatdan ýüz tapmasalar başga bir neşirýata, bir redaksiýadan ýüz tapmasalar başga bir redaksiýa gidiberýärdiler, hudožnikleriň welin barsy bir çemçeden suw içýärdi. Iş paýlaýan kommisiýada, şol işi kabul edýän çeperçilik geňeşem ýeketäkdi. Şonuň üçinem, çeşmäniň gözbaşyna ýakynlaşybilseň-ä dury suwdan geregiňçe içip bolýardy, aýakda galsaň bolsa ylaý suw ýa-da sarkyndy içmeli bolýarsyň. O-da artsa! Ana, hut şol zatlar sebäplem hudožnikleriň arasynda barlyşyksyz göreşler gidýärdi. Her gurultaýyň hasabat nutugynda öwgüli hudožnikleriň sanawy üýtgeýärdi. Türkmen milli sungatyny ösdürmek baradaky çekişmeler, gürrüňçilikler howaýylykdan, ýasamalykdan aňry geçmeýärdi. Ol zatlar diňe hudožnikler soýuzynyň işsiz oturmaýandygyny ýokarky guramalara görkezmek üçin, göz üçin gurnalýardy. Dogry, hiç zada goşulman, başyny aşak salyp diňe döredijiligi bilen megul bolup ýörenlerem kändi, ýöne, gurultaýlarda öňe çykýanlar diňe dawakeşlerdi. Ana, şol zatlar üçinem, taýak öňi bilen TKP MK-nyň ideologiýa boýunça sekretary Maýa Mollaýewa degýärdi. Döredijilik işgärleriniň agzalaýylyklary üçin oňa gep gelýärdi. Partiýa apparaty kimiň başlyklyga saýlamagyny isleýän bolsa, o-da tä gurultaý tamamlanýança, assyrynlyk bilen şony goldaýan toparyň tarapynda durmaly bolýardy. Şeýlelikde o-da tarapyny tutan topary üçin-ä gowy, adalatly, beýleki topar üçin bolsa erbet, tarapgöý ýolbaşçy bolýardy. Öz hususy nuktaý nazary welin ýokdy. Bolubam biljek däldi. Ol uly bir mehanizmiň çarhjagazydy, başlyklyga saýlanmaly adam bolsa şol çarhjagazyň nurbatjygy bolup hyzmat etmelidi. Nurbatjyklar bolsa öz orunlaryny biri-birlerine göreşsiz bermeýärdiler. Netijede çarham, nurbatjagazlaram uly mehanizmem «jygyldaýardy». Bu bolsa döwlet üçin howpludy. Gurultaýyň hasabat ýygnangynda edilýän çykyşlar göz-görtele ikä, käte üçe bölünýärdi we goh-galmagallar diňe ýarym gijeden soň, käte daňdanaralar gizlin ses berilşigiň netijesiniň yglan edilmegi bilen kiparlaýardy. Uzynly gije gaty oturgyjyň üstünde şöwür çekip çykan Hudožnikleriň ýeňen topary-ha şondan soň begençlerinden ýaňa dylym-dylym edişip, biri-birlerine göz gypyşyp, el kakyşyp ussahanalaryna tarap, arak içmäge ýeňişlerini ýuwmaga gidýärdiler, ýeňilen topary bolsa iň bolmanda ýatyp ukularyny bir almak üçin ýüzlerini sallaşyp öýli-öýlerine tarap dargaşýardylar. Toparlanşygyň ýene bir täsin tarapy haýsy ýeňse-de, köşeşdirmek üçinmi ýa gadymy han düzgünine görämi, ýa özlerini öňkülere görä has adalatly görkezmek üçinmi, garşydaşlarynyň ekabyrlaryna kän azar bermeýärdiler, gaýtam elmaýyşlyk edýärdiler, iş berýärdiler, işlerini kösemän kabul edýärdiler. Taýagyň ulusy biz ýaly hiç torapa goşulmaýanlara degýärdi. Onda-da iki taraplaýyn, käte üç taraplaýyn degýärdi. Ýagny, ýeňiji topar iş başyna geçişi ýaly, öňi bilen özlerine goltgy bermekden daşda duran adamlar hökmünde bitaraplary ýenjip başlaýardy. Hakykat ýüzünde toparlanşyklara, topalaňlara goşulmadyklar sylanmaly, hormatlanmaly ýalydy, emma tersine bolýardy. Bu ýagdaý döredijileriň köpüsiniň döredijilikden kän daşdadygyny, oňa diňe gazanç çeşmesi, söweş meýdany hökmünde seredýändigini, dördedijilik soýuzlary bolmasa, döredijilik diýlen zady günübirin başlaryndan aýlap urjakdyklaryny subut edýärdi. Munuň hakykardan-da şeýledigini garaşsyzlykdan soňky ýüz beren wakalar subut etdi. Döredijilik soýuzlarynyň ýapylmagy bilen, döredijilik işgärleriniň aglabasy jyn dagan ýaly dumly-duşa dargadylar, özlerini firmalara, edaralara, okuw jaýlaryna ursdular. Döredijiligi taşladylar, iň bolmanda Prezidentiň hususy «heýjanelekçilerine», onuň özüni, ata-enesini we pöwhe syýasatyny wasp ediji köşk şahyrlaryna, ýazyjylaryna, hudožniklerine, kompozitordyr-aýdymçylaryna öwrüldiler. Howwa, soýuz döwri döredijilik soýuzlarynyňam, Maýa Mollaýewnanyňam ýagdaýy şolar ýalydy. «Üýtgedip gurmak» döwrüniň aç-açanlygynda birnäçe žurnalistler, ýazyjylar, şahyrlar kommunistik sistemany ýamanlamak üçin, «Mollaýewaçylyk», «Gapurowçylyk» diýen ýaly sözleri ulanyp ugradylar. Emma, ol nogsanlyklar Mollaýewanyňkam, Gapurowyňkam däldi. Tutuş sistemanyňkydy. Ýagdaý tutuş soýuz boýunça şeýledi. Respublikalaryň ýolbaşçylarynyň özbaşdak ýa başgaça işlemäge erk-ygtyýarlyklaram ýokdy, gujur-gaýratlaram ýeterlik däldi. Ýöne, garaşsyzlyk döwrüniňki bilen deňeşdireniňde, ol döwrüň nogsanlyklary dagy toýlaýmaly bolup galdy. Her niçik hem bolsa o döwrüň döredijileri işsiz ýatmaýardylar, gazançsyz kösenmeýärdiler. Döräýýän nogsanlyklary hem ýokarda belläp geçişimiz ýaly döredijileriň özleri döredýärdiler. Ana, şol döwür gaty bir göze-başa düşmändigim üçinmi ýa kepil geçen adam gaty jaýdar ynandyrypmy, Maýa Mollaýewa meni işe edil ýitirip tapan ýaly begenip aldy. Üstesine, döredijiligim bilen meşgullanar ýaly dynç günlerimiň daşyndan hepde-de iki gün goşmaça rugsadam berdi. Men muňa diýseň begendim. Özüme bildirilen ynamy ödemek üçin iş sagatlarymyň ählisini işiň başyndan galman, hatda günortan naharyna-da çykman işläp geçirýärdim. Maňa ilki bilen-ä Türkmenistanyň Garazsyzlyk ýyllary içinde bolup geçen syýasy wakalary öz içine alýan, öň döwürleýin metbugatda çap bolup çykan maglumatlaryň esasynda düzülen kitabyň golýazmasyny gözden geçirmekligi tabşyrdylar. Golýazma ors dilinden türkmençä terjime edilendi. Hemme zady ýerbe-ýerdi. Helliň-hüllüňe salsaň üç-dört aý iş edinse boljakdy. Emma meniň Maýa Mollaýewa hyzmat görkezesim, eden ýagşylygyna iş bilen jogap beresim gelýärdi. Şonuň üçinem, men ol golýazmany iki hepdä goýman redaktirläp boldum we yzyna tabşyrdym. Işiň umumy ýolbaşçysymy ýa bölüm müdirimi, takyk ýadyma düşenok, iňňän adamkärçilikli adam bolan Pal Palyç golýazmany kabul edip durşuna seýrek dişlerini somaldyp çalarak ýylgyrdy-da, başyny ýaýkap goýberdi. Ýöne, sesini çykarmady. Şol kitabyň öň telim gezek okalan, redaktirlenen, çapa garaşyp ýatan başky tomlaryny elime tutdurdy. – Şu wagt başga-da bir alyp barýan iş ýok, şulara güýmeniber, - diýdi. Biziňki şular ýalyrak, käte-hä ýetişibilemizok, käte-de şeýdip kürtdürip işsiz duruberýäs. Men basa oturyp işledim-de, ol golýazmalaram uzaklaşdyrman yzyna tabşyrdym. Başga iş soradym. şeýdibem ýalňyşdym. Görüp otursam tutuş edara boýunça bir adamlykdan artyk iş ýogam ekeni. Olar welin birgiden işgär saklap, käte-de bir Prezidentiň nesil daragtyna degişli kitapçajyk çykaryp, taýyn tomlary taýýarlandan bolup, goltuldaşyp ýören ekenler. Men olaryň göwünlerinden turjak bolup göwünlerine degen ekenim. Şeýtmek bilen terapewtiň kalbynda döredişim ýaly, Mollaýewanyňam hem kalbynda özüme bolan ýigrenç duýgusyny döredipdirin. Aslynda welin berilen işi telim wagta çekip, ýetişmediksiräp, işiň köplüginden ýaňa zeýrenjirän bolup ýörmeli ekenim. Özüme ýigrenç dredengimiň ýene bir sebäbem, işe göwünjeň alan hem bolsa, Maýa Mollaýewa meniň hiç bir ýerde makala bilen çykyş etmezligimi öňümde şert edip goýupdy. Çünki, şol döwür, ýagny, 200-nji ýylyň ýazynda, «Türkmen dili» gazetinde Haýdar Muhyýew diýen ýaşuly edebiýatçynyň dil baradaky çaklaňrak makalasy çap edilipdi. Onda dil reformasyny durmuşa geçirmekligiň oňyn ýollary salgy berilýärdi, käbir nogsanlyklar sypaýyçylyk bilen, ýüzugra agzalyp geçilýärdi. Bu bolsa Prezidente ýaramandy, şol makalany ol öz syýasatyna garşy gozgalan ýiti tankyt hökmünde kabul edipdi, netijede gazetiň redaktory Şadurdy Çaryýew işden boşadylypdy. Şondan soň döredijilik işgärleriniň kalbyndaky wehim has hem güýçlenipdi. Maýa Molaýewa ýaly öň sowet sistemasy tarapyndan ýürekleri çakylan, elinde ýazyjy işgäri bolan edara ýolbaşçylarynyň bolsa süňňi sarsyp süýekleri lerzana gelipdi. Şonuň üçinem ol ýörite ýygnak çagyryp, biziň hemmämize birden-kä pälimiz azyp şolar ýaly makala ýazaýmazlygymyzy tabşyrypdy. Bu tabşyryk hususan, maňa degişlidi. Men welin barybir makala ýazjak däldim. Çünki, biz o wagtlar eýýäm o zatlardan doly gyrakladylypdyk. Metbugatda meniň makalam-a däl, eýsem hekaýalarymam çap edilmeýärdi. Tankydy äheňdäki makala ýazmaga bolsa biziň-ä däl, hatda «heýjanelekçileriňem» haklary ýokdy. Öz pikirini, tankydy nukdaý nazaryny diňe Prezidentiň özi aýdyp bilýärdi. Galan adam ketege soň salnan towuk ýaly bir burçda çugutdyryp oturmalydy. Ýüküň agyp barýanyny görüp durkaňam «ýük agýa» diýmek bolanokdy. Suwuň seňrikden geçip barýanyny bilseňem: «Gark bolýan», diýip gygyrmak bolanokdy. Oduň içinde ýanyp-bişip duranam bolsaň: «Görüň-le bu howanyň sergindigini, şuny bize Türkmenbaşy berdi-dä, jany sag bolsun şonuň, ömri uzak bolsun», diýmelidi. Men o zatlara gowy düşünýärdim we sowa geçjek oky çenejegem bolamokdym, iş ýerimem sypdyrasym gelenokdy, şeýle-de bolsa dili ýeňilligimden ýaňa ýene-de bela galdym. Ýagny, bir gün edarada Haýdar Muhyýewiň şol makalasy we şol makala zerarly işden aýrylan redaktor barada işgärleriň arasynda gürrüň gitdi. Gürrüňi gozgan «Gaznanyň» direktorydy. Ýanymyzda Pal Palyçam bardy. Men sözümiň arasynda: «Beh, tankyda ýol açylandyr öýdüp tas menem ýazypdym şolar ýaly bir makala», diýäýmenmi! Direktoryň ýüzüne gyzgylt reňk çaýylandan ýalňyşandygymy bildim. Ýöne, eýýäm giçdi. Meniň şol sözlerimi onuň gylyny gymylydatman Maýa Mollaýewa ýetirjekdigine şek-şübhe ýokdy. Bu hut şeýle hem boldy. Maýa Mollaýewna ertiriň özünde ýüzüni duw-ak edip geldi-de, gyssagly suratda ýygnak çagyrdy. – Seniň makalaň üçin meniň gep eşidesim gelenok, işden aýrylasymam gelenok, - diýip, ýazylmadyk makala üçin meniň üstümden düşüp başlady. – Ýetiräýipdir-ow, diýip, gaznanyň direktoyndanam kine etme, men ony barybir eşiderdim. Eden ýagşylygynyň hatyrasyna men Maýa Mollaýewna hiç zat diýmedim. Sesimem çykarmadym. Ýok günäm üçin özümi aklajagam bolmadym. Ýöne, direktora welin kinämi aýtman durup bilmedim. Şol gün agşam işden soň duralga tarap ýöräp barşymyza men oňa şeý diýdim. – Iki gün siziň edaraňyzda işleýän diýip men özümi ýazyjy hökmünde ýere gömüp bilmen ahyry. Häl-ä ýazamok, ýazaýanymda-da çykar öýdemok, ýöne, çykjagyny bilsem welin ýazaryn. Direktor munam günübirin Maýa Mollaýewna ýetirdi. Şeýdip men ikinji gezek ýalňyşdym. Şo çaka çenli gören ýerinde elleşip görüşýän Maýa Mollaýewa şondan soň meniň bilen dil arkaly salamlaşmasynam goýdy. Salamlaşaýsa-da sowuk salamlaşdy. Çalaja baş atdy-da aňrysyna öwrülmek bilen boldy. Bir günem öýlänaralar ganyny gaçyryp geldi-de, gyr-gyssag ýygnak çagyrdy. Suwa goýberiljek gaýyk ýaly gaýkyjaklap, eginlerini gysyp oturşyna meniň ýüzüme-de seretmän. «sokraşşeniýe» yglan etdi. Onuňam maňa we meniň bilen bileräk gelen, Oraz atly ýuwaştap, dilçi ýigide degişlidigini aýtdy. Öňümize birtopar dokument oklabam: – Şuny okaň-da, gol çekiň, – diýdi. – Täze kompýuter aldyk, şony işleder ýaly kompýuterçi almaly boljak, iş orunlaryny gysgaltmasak artykmaç ýerimiz ýok. Men: – Işden çykmaly bolsa arza ýazardyk-da, näme etjekdiňiz beýdip, birtopar dokument düzüp... – diýdim. – Ýok, ýok, şulara gol çekseňiz bolýa. «Tanyşdyk» diýiň-de, goluňyzy goýaýyň. Bu maňa kemem bolmady. Çünki, düzgün boýunça şol wagt iş ýeriniň kemeldilendigi sebäpli işden boşanlara iş tapýança iki aýlyk hak tölenýärdi. Men bu mümkinçiligi öňki işlän edaramdan gaýdanymda ulanyp bilmändim. Sebäbi, öň edara işinde işläp görmändigim üçin, men ol wagtlar iş ýeriniň gysgaldylýandygy sebäpli işden çykarylan adama iki aýlyk hak tölenýändigini bilmeýärdim. Howwa, şeýdip men meşhur Maýa Mollaýewna bilen hemişelik hoşlaşdym. Ýöne, öňki işlän ýerimden çykarylanymda gapdalyma taryhçy gelni goşup, gidenimden soňam alyp galyşlary ýaly, dilçi ýigidiňem ýanyma göz üçin goşulandygyny aňdym. Şonuň üçinem, hoşlaşjak wagtym ol ýigide: – Gaýgy etme, gardaş. Seni ýene iki günden yzyňa alarlar, bu diňe menden dynmak üçin edilýän oýun – diýdim. Ýolboýam «soraşşeniýä» düşmegimiň başga sebäpleriniňem bolup biläýjekdigi barada oýlandym. Elbetde, bile işleşen dört aýymyň içinde meniň Maýa Mollaýewa dürli meseleler boýunça düzediş beren ýerlerim bolupdy. Onuň şol zatlary içinde saklap, makalaly meseläni bahana edinen bolmagam mümkindi. Ala taýagyň öňüme ýene-de öňki gezekki ýaly MHK tarapyndan oklanan bolmagam ahmaldy. Çünki, biz birsyhly yzarlanýardyk. Sebäbi, göreş «ýa eýläk, ýa beýläk» diýip S. Nyýazow tarapyndan aç-açan yglan edilen hem bolsa, iş aşaklyk bilen alnyp barylýardy. Olaryň özleri göze görünmeýärdiler. Ähli hereketlerini biziň işleýän edaramyzyň ýolbaşçylarynyň eli bilen amala aşyrýardylar. Şonuň üçinem, biz takyk bir adamy sebäpkär hökmünde güman edip bilmeýärdik. ...Howwa, men şolar ýaly alasarmyk pikirleriň astynda ýol bilen gidip barýaryn. Has köpräk oýlanara maý bolar ýaly ulaga münemok. Müner ýaly gyssanýan ýerimem ýok. Elimde bolsa içine çäýnek-käseden, çemçe-çanakdan ybarat goş-golamjagazlar salnan şol bir paketjagazym. Onuň içinden çykýan sesem şol bir öňki ses: «Şykyrt-şykyrt, şykyrt-şykyrt...». Dilçi ýigidi welin, şondan soň köp wagt geçmänkä Maýa Mollaýewna hakykatdan-da yzyna aldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |