04:54 Türkmenbaşy döwri -25: Men ýene-de terjimeçi | |
25. MEN ÝENE-DE TERJIMEÇI
Publisistika
Men ýene-de iş gözläp başladym. Dadyma ýene-de terjimeçi Daňatar Berdiýew ýetişdi. Ol henizem «Karzbankda» işleýärdi. Kelte boýly, göwresi dykyz, kellesine ýapbaşyp duran, tolkun şekilli kümüşsow saçy arkan gaňtarylgy, gyryljyrap gepleýän Daňatar bir gezek edarasynyň öňünde gümür-ýamyr edip durkak Maýa Mollaýewanyň meni näme üçin işden çykarandygyny sorady. Men takyk bir zat bilmeýandigimi, ýöne, esasy bahanasynyň «soraşşeniýedigini» aýtdym. Ýazmadyk makalamyň sebäp bolan bolaýmagynyň ahmaldygynam syzdyrdym. Ol: – Beh, işe başlan döwürleriň-ä: «Sag bol, Daňatar, gowy işgär tapyp berdiň, adamkärçiligem gowy, işinem oňarýa» diýip, maňa üç-dört ýola dagy jaňam etdi, aýlygyny galdyrjak, müdir etjegem diýdi. Birdenem beýle boldy duruberdi – diýip, endigine görä töweregine garanjaklady. Iki elinem jübüsine sokup durşuna başyny ýaýkady. Böwrüni diňledi. Birdenem: – Ahow, – diýdi-de, «Karzbank» bilen duldegşir goňşy oturan «Söwda merkeziniň» çat maňlaýyndaky belent hem uly jaýa tarap elini salgady. – Şunda-da bar terjimeçiler bölümi. Özlerem düýn-öňňünjigem bir adam gözläp ýördüler. Häk, ýöne tapaýdylar öýdýän birini. Ýöne, wagtlaýynça aldyk diýen ýalam etdiler. Megerem, iki aýlyk bolsa gerek. Iki aý howlukmasaň-a şolara ýerleşäýmegiňem mümkin. Toparyň ýolbaşçysam gowy adam, Gurban diýýäler, öň söwda ugrunda işlän. Samarkandyň kooperatiw institutynyň Aşgabatdaky filialyny alyp barýady. – Nurgeldiýewmi?.. – diýip, gygyranymy bilmän galypdyryn. – Howwa, näme, tanaýaňmy? – Wah, Lwowda bile okadyg-a oň bilen. Ol şo ýerde öz ugrundan aspiranturany gutardy. Daňatar hasyr-husur bankyň içine girdi. Menem yzy bilen girdim. Kabinetine bardyk. Ol öz ornuna geçdi-de, Gurbana jaň etdi. Az-kem diňşirgenip oturdy. Wagty bilen jogap bolmansoň: – Ýerinde ýok – diýibem trubkany goýdy. Iki barmak ýaly kagyza onuň nomerini ýazyp berdi. – Me, tanaýan bolsaň soňrak özüň jaň edäýsene... Şol gün öýlänler jaň etdim. Gurban ýerinde ekeni. Köpden bäri görüşmedik bolsagam ol meni sesimden tanady. Salam-helikden soň ol menden: – Işleýänňmi bir ýerde? – diýip sorady. – Ýo-ok! – diýip, men ulyilim bilen gygyranymam duýman galypdyryn. Gurbanyň sesi kesgitli çykdy. – Gel onda! Bardym. Barşym ýalam elime arassa kagyz tutdurdy. – Ýaz! – Näme ýazaýyn? – Arza ýaz! – Näme barada? – Işe girmek barada. Ýöne, wagtlaýynça diýip ýaz, soň ýene-de uzaldybereris. Başlyk bilen aram gowy. Şol otursa menem oturaryn. Men otursam senem işlärsiň. Ýöne, ýazyjy, žurnalist bolsa halanok, gorkýa, alma diýýä. Arada Atajan Tagany aljak boldum etdirmedi. Saňa-da hudožnik diýäýerin. Şeýdip, wagtlaýynça işe durdum. Gurbanyň aýdyşy ýaly her iki aýdan iş möhletimi uzaltdylar durdylar. Biz üç bolup işleýärdik. Özem höwes bilen işleýärdik. Tapýan her bir täze sözlerimiziň dolanyşyga girip gidýändigine, radioda, telewideniýede, metbugat sahypalarynda ulanylýandygyna begenýärdik. Dogry ol sözler biziň adymyzdan berilmeýärdi, ýöne, biz şonda-da umumyhalk dil göreşine goşant goşýandygymyz üçin buýsanýardyk. Her aýyň başynda Türkmenistan boýunça ähli pudaklaryň gazanan üstünliklerini, geçen aýyň, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende näçeräk ösüş gazanylandygyny, ýurtdaky göç-gony, ilatyň ýagdaýyny görkezýän kitapçajyk çap edilýärdi. Ol kitapça bütin ýurda ýaýradylýardy we beýleki döwletlere hem iberilýärdi. Olaryňkam bize gelýärdi. Her çärýek, her ýyl tamamlanandan soň hem şolar ýaly jemleýji we deňeşdiriji hasabat kitapçajygy çap edilýärdi. Şol kitapça boýunça Türkmenistanda ähli pudaklar boýunça diňe ösüş gidýärdi. Has takygy ösdi diýlip görkezilýärdi. Gaýra tesdi ýa kemeldi diýmek bolmaýardy. Hatda ilatyň ösüş sanam howadan alnyp ýazylýardy. Kitapça ösüşsiz çyksa Şol edaranyň başlygyna gep gelýärdi. Uly ýygnaklarda Prezidentiň hut özi ony ýerinden turzup utandyrýardy. Biziň täze tapýan sözlerimizem hut şol kitapçanyň üsti bilen ýaýraýardy. Ol kitapçanyň teksti öňürti orsça ýazlyp, soň türkmençä terjime edilýärdi we latyn elipbiýunde çapdan çykarylýardy. Şol kitapçanyň çap edilýän döwri köplenç her aýyň başyndan onlaryna çenli dowam edýärdi we biziň üçin iň kyn döwür bolup durýardy. Işden soň galyp, tä, gijäniň birmahallaryna çenli oturýan mahallarymyzam bolýardy. Işden baryp ýaňy bir çaý-çöregiň başyna çöken mahalyň, käte bolsa dynç günlerem çagyraýdyklary bolýardy. Edara boýunça ýalňyşmaýan bolsam, ýigrimi dört sany dolandyryş, hersinde-de birnäçe bölüm bolup, hersiniňem hasabat berýän ugry bardy. Şol hasabatlar ýokarda belleýşimiz ýaly öňi bilen bölümlerde, dolandyryşlarda köne, sowet döwründen galan ülňüler esasynda, ors dilinde ýazylýardy, soňam şol bölümleriň, dolandyryşlaryň işgärleri tarapyndan bolşuna görä türkmençä terjime edilýärdi, kompýuterden geçirilýärdi we biziň elimize gelýärdi. Bizem olaryň eden terjimelerini orsça nusga bilen deňeşdirip barlaýardyk, düzedişler girizýärdik, sypdyran ýerlerini goşýardyk, garaz, tasa getirýärdik. Ýöne, käbirleri bolaýmasa, köpüsiniň terjimesini düzedip çykmag-a däl, asla okamagam mümkin däldi. Birgiden başly-barat sözlerden düzülen sözlemler hiç hili many bermeýärdi. Şonuň üçinem olary düzedenden täzeden terjime edeniň amatlydy. Biz köplenç şeýle hem edýärdik, ýöne, birinjiden-ä gelýän işleriň möçberi üç adamyň gaýtadan terjime edip çykaryndan galady, ikinjidenem täzeden terjime etmeg-ä däl, sähleçe düzediş girizseňem tekstiň eýeleri minnetdar bolmakdan geçen, gaýtam gaty görýärdiler, iňirdeşýärdiler, «hoňňuldaşýardylar», öýkeleýärdiler. Gaharlanyşyp, sögünjireşip, siltenjireşip gidýänlerem bolýardy. Çünki, olar mazaly eýlenen tekslerini işden soň, kompýuteriň başynda oturyp täzeden işlemekden, düzedişleri girizmekden basylýardylar, ýaýdanýardylar. Derhal tabşyryp dynaslary, basymrak öýlerine gidesleri gelýärdi. «Türkmençesini okaýan bamy-aý, gol çek-de, geçirip goýber-dä» diýşip, özelenýärdiler. Düzedip bolmankak «gyssaglyda-gyssagly» bolşup elimizden alyp gidýän pursatlaram boýardy. Şeýle ýagdaýlarda biz ynsabymyzyň öňünde yza çekýärdik we elimizden alnan kagyzlaryň yzyndan ellerimizi serşip gurak-gurak ýudunyşyp galýardyk. Çünki, hiç kim tarapyndan okalmaýan şol kitapça çapdan çykandan soň ýokaarakda oturan haýsydyr bir çinownigiň biri ujypsyzja bir kemçilik ýa ýalňyş tapaýsa gep gelip bize degjekdi. Haýsydyr bir dolandyryşdan gelýän müji ýaly kiçijik, dodaklaryny tümmül suwuna duran böwrek ýaly pökgerdip ýören, ne orsçany, ne türkmençäni, hiç haýsynam oňly bilmeýän, ýöne, tanyşlyk üsti bilen işe alnan, goragy berk, bir söý bilen Halk hojalygy institutynyň menenjerçilik bölümini «üstünlikli» tamamlan, gaty gopbamsy görünýän, soň-soňlar eşidişime görä, kakasy Ylymlar Akademiýasynyň atly alymlarynyň biri, biziň direktorymyzyň dosty bolan gyzjagazyň teksti welin halys bolarlyk däldi. Üç terjimeçi bolup dolandyryşlary bölüşipdik-de, içiňi ýakaýyn diýen ýaly o-da maňa düşüpdi. Iň bärkisi ol gyz «Ministerstwa» diýen sözi: «Ministerstwolar» diýip, terjime edýärdi. Şony «Ministrlikler» diýip, düzedip berýäňem welin, indikide «Kabinet ministrow» diýen sözi: «Ministrlikler kabineti» diýip getirýärdi. «Jan jigi, nämüçin beýdýäň, ýa bilgeşländen edýänmi...» diýseňem: «Geçen gezek özüňiz «Ministrlikler» diýip düzetdiňiz-ä» diýip, içýakgyç jogap berýärdi. Ol «Promyşlennyýe towary» bilen «potrebitelskiýe towary» diýen sözlerem tapawutlandyryp bilmeýärdi. «Juda bolmasa özüň üçin aýratynja sözlük depderini tutup, şular ýaly häli-şindi gabat gelip duran sözleri belläp al, bu kitapça ýurda ýaýraýa, ýokarky edaralara, Prezidente barýa, ýalňyşmajak bol, bolmasa-da beýle jogapkärli işi boýnuňa alma, goý, başga biri etsin», diýseňem aglap gidýärdi-de, «Maňa murtly daýy gün berenok» diýip, öz dolandyryşynyň başlygyna arz edýärdi. O-da biziň dolandyryjymyzyň başlygyna jaň edýärdi. Biziň dolandyryşymyzyň başlygy, çagalarymyz bilen deň-duş, sop-sowuk, solgun, hor ýüzli, gorkunçdan gelen ullakan ala gözleri içiňden geçip barýan, gepi-sözi kemsaýhal, endam-jany durşuna süňk bolup duran Jemal atly gyzam gelip meniň üstüme gygyrýardy. «Näme, onda düzetmän şo durşuna geçiriberreýinmi, kemçiliklerini aýtmaýynmy, maslahat bermäýinmi, ýalňyşlyk gitsesoň özüň jogap berersiňmi», diýseňem: «Ana, sen meň bilenem sanaşyp ugradyň, sen özüň oňşuksyz adam...» diýip, titräp başlaýardy. Soň-soňlar edýän düzedişlerimi gyzjagazyň getirýän tekstleriniň gyrasyna belläp başladym. Galmagaldan welin barybir gutulyp bilmedim. Ol-a meni her gezek öňküsi ýaly öz başlygyna ýamanlady, onuň başlygam birsyhly biziň başlyga jaň etdi, biziň başlygymyzam ýadaman-ýaltanman meniň üstüme gygyrdy durdy. Meniň işsiz kösenýändigimi, şu ýerde-de wagtlaýynça işläp ýörendigimi, ýekeje gyla galtaşyp duranlygymy aňansoň-a ol üstüme hasam sürnüp ugrady. Öz dolandyryşyndan haýsydyr bir gelniň haýsydyr bir wagt dekrete gidendigini, onuňam basym işe çykjakdygyny, şol gelin gelen güni meniň öz ornumy boşatmaly boljakdygymy öwran-öwran gaýtalady. Işe kabul eden wagty: «Özüm işlesem-ä senem işlärsiň şu ýerde» diýen dostumam indi şol sözi ýatlamaýanymy kem görmeýäne meňzeýärdi. Menem: «Hany, öň-ä eý diýdiň indi näme sesiňi çykaraňok» diýip aýdyp bilmeýärdim. Arynyň öýjügini gorjamajak bolýardym. Çünki, edaranyň ketdesi yşarat etmese kiçi başlyklar özbaşdak hiç haçan öz işgärleriniň oturgyçlaryny yrgyldatmaýarlar. Meniň oturgyjymyň şakyrdysy welin bir menzilden eşidilýärdi. Edaranyň ketdesiniň gulagyna bolsa çawuş, ýurduň ýiti gözlüleri tarapyndan çakylýan bolmalydy. Men işe duran döwürlerim biziň dolandyryşymyzyň başlygy birneme durugşan, tyňkyja, saçy kelteden kesilen, gözi äýnekli, jüýk burunrak, hemişe balakly gezýän, çepmi, sagmy takyk ýadyma düşenok, bir ýaňagy peşordaly, ýuwaşja, mylaýym gürleýän, iňňän adamkärçilikli, oňşukly, düşünjeli ors zenanydy. Ol öz ugrundan ylymlaryň doktorydy. Şeýle ýokary derejeli hünärmendigine garamazdan hiç haçan başlyksyramaýardy, öz bilmeýän işine goşulmaýardy, bize ynanýardy. Biziň bilen ylalaşykly işleşýärdi. Ýöne, soňky döwürde ýolbaşçy işgärleri türkmenleşdirmek syýasatynyň netijesinde ol zenany aýyrdylar-da, ýerine şol, şemalyň ugruna galgap duran çöpe janbitdi Jemaly goýdular. Oňa: «Sen türkmençänem, orsçanam gowy bilýäň, gaýrat et-de, şol iki dilde çykýan kitapçanyň ikisine-de, terjimeçilere-de göz-gulak bol», diýlen bora çemeli, çünki gele-gelmäne dolandyryşyň ähli adamlaryny ýygnap: – Maňa şu dolandyryşy ýola sal, diýdiler, – diýip, stoluny ýumruklap başlady. Soňundanam ullakan ala gözleriniň sowuklaç şöhlesini bize tarap öwürdi. – Men gelelim bäri siz öňküňizdenem beter gowşadyňyz, maňa arkaýynlaşyp işiňize sowuk-sala garap başladyňyz, men ýeke özüm siziň haýsy bir ýalňyşyňyzy düzedip ýetişeýin. Siziň bolsa baryňyz dil sungatyndan daşdaky adamlar. Biriňiz söwdagär, biriňiz taryhçy, ýene biriňiz suratçy... Kimiň-kimdigi barada yzda gürrüň ederis, ýöne, ol gyz dogrudanam biziň ýalňyşlykarymyzy düzedýärdi. Ýagny, «abadçylyk» bolsa «awadançylyk», «Babaew» bolsa «Bawaew» diýip, düzedýärdi. Bir günem ol oturýan ýerinden jaň edip: «Bölmegiňki paý, goşmagyňky jem, aýyrmagyňky tapawut, köpeltmegiňki nüme bolýa» diýip sorady. Men: «Hasyl» diýdim. Ol birazajyk böwrüni diňlüp oturdy-da: «Ýok, onyň bolanok, başga söz tap» diýdi-de şakyr-şukur trubkany goýdy. Ýene bir gezegem: «Ilatyň sarp edýän harytlary» diýen söz Prezidente ýaramandyr, şoň ýerine başga söz tapyň» diýip, bizi ýarym gijü çenli saklady. Ahyram: Ilatyň ulanýan harytlary» diýip, zordan sypdyk. Şol sözüň orsçasy: «Potrebitelskiýe towary». Ýagny,hakykatdan-da «ilatyň ulanýan harytlary». Ýöne, ilatyň ulanmaýan harydy ýok ahyry. Ulanandan soň ýok bolup gidýän harytlar bar, hemişe ulanyşda bolýan harytlar bar. Munuň birinjisine iýilýän, içilýän harytlar girýän bolsa, ikinjisine mebel, holodilnik, telewizor ýaly sarp edilmän, uzak möhletleýin ulanylýan harytlar degişli bolup durýarlar. Ýagdaý şeýle bolansoň, biz müdürimiziň bolup ýörşüne güljegimizem bilemizokdyk, gaharlanjagymyzam. Dogry, onuň öz işini gowy bilýän bolmagy mümkin, ýöne, dil meselesine goşuljak bolşy welin gözgynydy. Indi üç terjimeçiniň haýsynyň kimdigi barada. Terjime bölümine ýolbaşçylyk edýän inçesagat, uzynak, saryýagyzrak, daşyndan seretseň wraja meňzeş, howlukman, ýuwaşja gepleýän, «worzakon» ýaly dil bilen özbaşdak gyzyklanyp gelen, tebygaty boýunça juda gysganç adam. Ady Gurban. Söwda, hususan-da ykdysady adalgalaryň düýp manysyna ýetmekde ol bize iňňän gerekli bolup durýardy. Çünki, düýp manysyna düşünmezden, nätanyş pudaga degişli sözleriň terjimesini tapmak kyn. Asla mümkinem däl. Ýene birimiz – Ýazmyrat. Ol garaýagyz, hopul-sopulrak, äýnekli, birneme ynjygrak, Gurban bilen gahrlanyşan wagty oň pruzma görnüşindäki, ýüzi üçburç görnüşe eýe bolýar, goňur gözleri bolsa ur-tut tutuksy ýaşyl reňke öwrülýär, häsiýeti boýunça polaty ýumşak, bir wagtlar Uniwersitetiň filologiýa bölümini tamamlanam bolsa, kandidatlygy taryhdan goran, tä pensiýä çykýança ýokary okuw jaýlarynda ýüzlerçe-müňlerçe talyba tälim beren adam. Üçünjilerem men. Alymlyk derejäm bolmasa-da, asly kärim hudoşnik bolsa-da ýazyjy diýen adym bar, arkamda bäş-alty sany iliň halan kitaplary dur. Galyberse-de, dil o wagtlar eýýäm meniň esasy hünärime öwrülipdi. Mahlasy, şol üçümiz bileleşip, edaranyň terjimeçilik işini garaçynymyz bilen, ak ýürekden alyp barýardyk we ondan beýlägem alyp barmakçydyk, emma.... «Müji» ýaljak gyz ýçin Jemal iň soňky gezek ýstüme gygyranda men bir käseden, bir çäýnekden we çemçedir-daş okaradan ybarat bolan şol bir goşjagazlarymy ýene-de sessiz-üýnsiz ýygnaşdyrdym, şol bir paketjigime saldym, arzamy ýazdym we usullyk bilen ýerimden turdum, çykjak wagtymam müdir gyzyň gorkunç görünýän, şöhlesiz ullakan ala gözleriniň ed-eil garaçjygyna bakyp: – Siz bir-ä işleýän adamy ýigrenýän ekeniňiz, birem işlemeýän adamy gowy görýän ekeniňiz, biri-biriňizi goramak üçin döwletiň gözüne çöp atmanam hiç zatça görmeýän ekeniňiz, – diýdim. Direktoryň kätiphanasyna baryp, gapynyň agzynda oturan gyza arzamy gowşurdym. Soň eşidişime görä meniň öz arzam bilen meýletin işden çykyp gitmegim köpden bäri ýarawsyz ýören direktoryň diýseň hoşuna gelipdir we arzama höwes bilen gol çekipdir. Çynmy, ýalanmy bilemok, aýdyşlaryna görä şondan soň ol birneme daýanan ýaly bolupdyr. Ýöne, şondan dört ýyl geçenden soň, ol barybir keselinden aýňalybilmän ýogaldy. Böwrekden yza çekýärdi görgüli. Özi welin ýatan ýeri ýagty bolsun, iňňän gowy adamdy. Gowy alymdy. Gowy ykdusatçydy. Howwa, şol gün men şeýdip, dokuz aý işlän edaram bilen hoşlaşyp köçä çykdym. Içi şol bir gap-gaçjagazlarymdan doly paketime seredip ýylgyrdym. Ýöräp ugranymdanam paketden şol bir tanyş sesjagaz iňňän endiganlyk bilen eşidilip başlady: «Şykyrt... şykyrt... şykyrt...» Ine, her gezek şeýdip, halys degnamyza degen mahallary gahardan ýaňa ýarylaýjak bolup, nä günlik bilen tapanja işimizem taşlap gaýdýardyk, aç ölsegem gaýdyp şular ýaly gadyrbilmezleriň gapysyndan iş diýip barmazlyga öz ýanymyzdan söz berýärdik we birnäçe wagt harjysyz kösenenimizden soň ýene-de iş gözläp, öňki gaýdan ýerlerimizdenem bäş beter edaralaryň gapylaryny kakyp başlaýardyk. Iş tapmak welin gitdigiçe kynlaşýardy. Türkmenbaşy gory gowzap barýan döwlet gaznasyny çişirmek üçin medisina, bilim, organ işgärlerini yzly-yzyna, tapgyr-tapgyr işden boşadýardy, oba ýerlerindäki kitaphanalary, keselhanalary, orta okuw jaýlaryny ýapýardy, ýokary okuw jaýlarynyň okudylyş möhletlerini gysgaldýardy, mugallymlarynyň iş wagtlaryny köpeldip haklaryny azaldýardy. Işsiz galan adamlaryň hasabyna, onsuzam boş duran myhmanhanalaryň, metjitleriň sanyny köpeldýärdi. Bütindünýä ülňüleri boýunça salynýan şol myhmanhanalarda ýaşamaga ýerli halk-a däl, hatda daşary ýurtlardan gelýän işewürlerem het edip bilmeýärdiler. Ummasyz pul berip şol myhmanhanalarda ýaşandan, kireýine jaý alyp hojalyklarda ýaşanlaryny gowy görýärdiler. Şonuň üçinem, şol döwür öýünde arzan bahasyna türkmi, parsmy, daşary ýurtly işewürlerini saklaýan ýa-da özleri başga bir ýere göçüp, jaýlaryny wagtlaýynça şolara kireýine berýänler köpeldi. Kireýkeşler bolsa ýerli halkyň mätäçliklerinden peýdalanyp her hili azgynçylyklara ýüz urup ugradylar. Ýurtda jelepçilik belasy örç alyp, tutuş halkyň ýüzüni ýere salandan soň, o mesele döwlet möçberinde ör boýuna galdy. Bu barada Prezidentiň hut özi türkmen telewideniýesi boňunça çykyş etdi. Ýöne, «Ganjyk guýrugyny bulamasa köpek yzyna eýermez» diýen ýaly döwlet baştutanyna gelişmejek näsypaýy ýöntem sözler bilen halky haýykdyrdy. Her niçik hem bolsa şondan soň jelepleriň üýşmeleňleri dargadyldy, hususy hojalyklarda daşary ýurtlylary saklamaklyk gadagan edildi. Ýöne, mesele onuň bilen çözülendir öýdemok. Iň bärkisi namysjaňlygy, mertligi bilen taryhda yz galdyran, dünýä halklaryna görelde bolup gelen türkmen halkynyň ýüzüniň tuwagy döküldi. Metjitleriň gurluşygam göz üçin edildi. Elbetde, musulman halk bolandyklary üçin, türkmenlere metjit gerekdi, ýöne, gereginçä gerekdi. Salynýan metjitleriň sany welin hudaýhonlara görä juda köpdi. Şonuň üçinem olaryň aglabasy boş durýardy. Gökdepedäki, Gökjedäki, Orta Aziýa boýunça deňi-taýy ýok hasap edilýän «haý-haýly» metjitler bolsa hatyra ýa ýas günleri Prezidentiň özi baryp ýygnak geçiräýmese ýa döwlet möçberinde Hudaýýoly beriläýmese, galan wagty içinde gyrmyldy ýokdy. Türkmenbaşy welin, bir okda üç towşan urmak isleýärdi. Ýagny, hem-ä öňde bir ýerde belläp geçişimiz ýaly daşary ýurtly gurluşykçylaryň üsti bilen lomaýja pul gazanýardy, hemem musulman döwletleriň öňünde özüni olara golaý, dine hormat goýýan, musulmançylyga ýol açýan adam hökmünde görkezmek isleýärdi. Şeýle-de sowet döwründe gadagançylykga düşen dini yktykatlaryny dolap berenden bolup, halkyň gözüne gowy görünmek isleýärdi. Başga bir tarapdan bolsa döwleti konstitusion, dünýewi, hukuky döwlet hökmünde görkezip, ösen Ýewropa döwletleriniň, hususanda Amerikanyň ynamyny gazanjak bolýardy. Emma türkmen halkam, musulman döwletlerem, Ýewropada, Amerikada onuň olar ýaly ýöntemje allaryna aldanardan has ýokarrakdadylar. Üstesine onuň halkara syýasy sahnasynda özüni alyp baryşam gülkünçdi. Iň bärkisi ýekeje gezegem eglip-galmadyk halyna Mekgä gidip «hajy» bolup gelýärdi-de, bir görseň-ä täze gurlan metjitlere, bir görseňem içi arakly çüýşelere adyny dakdyrýardy, ýüzüne suratyny ýelmedýärdi. Üýşmeleňlerde arak içýärdi. Türkmenistanyň çäklerinde musulmançylyk we hristiançylyk dinlerinden başga dinlere bolan ynançlary gadagan edýärdi, şol dinlere uýýanlary yzarlaýardy. Radiodyr-telewideniýä bolsa ony «pygamber sahawatly» adam hökmünde öwüp arşa çykarýardy, tükeniksiz wasp edýärdi, wagyz ýaýradýardy. O-da bir sowet döwründäki ýaly ara-çola, çeni-çaky bilen edilýän wagyz ýa wasp hem däldi-de, günüň-gününe, aýyň-aýyna, ýylyň-ýylyna, arasyna başga söz salynman, temasy üýtgedilmän edilmän tükeniksiz wagyzdy, waspdy. Edebiýat, sungat, durmuş, medeniýet milli aýdym-saz, halypa bagşylar, sowet döwründe öňe çykan edebiýat, sungat, aýdym-saz wekilleri baradaky gürrüňler olaryň döredijilikleri şol, şama-şaňyrdyly wagyzlaryň, wasplaryň aşagynda baslygyp galdy. Dutaryň gapdalyna deprek goşuldy. Ähli gepleşikleriň, gazetdir-žurnallaryň ähli sanlary şol bir adamyň ady bilen başlanyp şonuň bilenem tamamlandy. Islendik wagt radiony ýa telewizory açyp ýetişdigiň olaram şol adamyň adyny tutup, onuň «biýikdigini», ilkinji hem ömürlik Prezidentdigini tekrarlap ýetişýärdi. Şolaryň: «Biz zor türkmendiris...», «Biz şir türkmendiris...», «Biz är türkmendiris...», «Biz dünýä belli bolduk», «Özümizi ýer ýüzüne tanatdyk», «Bize ýer ýüzi haýran galýar», «Türkmenbaşy öz öňdengörüjilikli syýasaty bilen dünýäni aňk etdi», «Ähli ýurtlaryň ýolbaşçylary Türkmenbaşydan sapak alýar», diýen ýaly ýüregiňi suw edip barýan süwümsiz sözlerden, ezelemelerden ýaňa ýurduň ýedi ýaşlysyndan tä ýetmiş ýaşlysyna çenli ňa-ha ýürek agyryly boldy, ýa-da gan basma keseline uçrady. Bu ýagdaý halkyň Türkmenbaşa bolan söýgüsini artdyrmak üçin Türkmenbaşynyň hut öz heýjanelekçileri tarapyndan döredilýän, hem bolsa, hakykat ýüzünde halkyň Türkmenbaşa bolan ýigrenjini artdyrýardy. Dogry, aýdýan zatlaryna şol sözleri aýdýanlaryň özlerem ynanmaýardylar, ýöne, barybir aýdýardylar, aýtmaga mejbur bolýardylar. Çünki, ýa-ha şol sözleri aýtmalydylar, ýa-da bir gyra çekilip, gara ýa goňur sanawa goşulmalydylar. Açlyga, işsizlige, gazançsyzlyga bolsa hemme kişi döz gelip bilmeýär. Şonuň üçinem, şol döwür adamlaryň köpüsi işdäleriniň almaýan tagamlaryny, goý ol nejesat bolsun, iýmeli bolýardylar. Köpüsine bolsa Türkmenbaşy öz edýän pyssy-pyjurlyklarynyň öňüni tutup biläýjek gala hökmünde üstüni örtüp biläýjek pena hökmünde, gerekdi. Şonuň üçinem olar ony öwýärdiler. Emma, barybir uzaga gidip bilmeýärdiler. Basym sepleri açylýardy we käbiri agyr neşekeş, käbiri neşe söwdagäri, käbiri döwleti opuran emeldar, jenaýatkäri goldan organ işgärleri bolup çykýardylar. Şeýdibem tutulýardylar, basylýardylar. Olaryň ýerlerini bolsa olardanam bäş beter ýalmawuzlar eýeleýärdiler we belli bir mütdete baranlaryndan soň olaram taýyp düşýärdiler. Ýerleri welin boş galaýanokdy. Mahlasy, şol bir ýagdaý pelegiň, çarhy kimin aýlanyp, gaýtalanyp durdy. Türkmenbaşy bolsa öwgüsiz oňup bilmeýärdi. Oňa öwgi suw kimin, howa kimin gerekdi. Şoňa düşünmeýän adamy onuň öz töwereginde göresi gelmeýärdi. Prezident döwlet gaznasynyň egsigini ýeke bir iş ýerlerini kemeltmekligiň hasabyna däl, eýsem harby esgerleri ulanmaklygyň hasabyna hem doldurýardy. Şeýtseň hem-ä işgär sany ýerli-ýerinde durýardy, hemem hiç kime hak tölemeli bolmaýardy. Netijede edaralaryň gapylarynda durýan nobatçylara, köçe serenjamçylaryna, ýol polislerine çenli harbylaşdyryldy. Hatda suwa düşülýän şäher howdanlaryna, syrkawhanalara barsaňam suwa düşüp ýörenleriň yrgyldaşyp ýören hassalaryň arasy köne, harby eşikli, kelleleri panamaly, ýüz-gözleri güne ýanan, kakadylan balyk ýaly hor-zar esgerlerden doludy. Bu ýagdaý uruş döwrüni ýadyňa salýardy. Hiç bolmanda şol oglanlary arassa, raýat geýminde ulansalaram edil olar ýaly gözgyny görünmezdiler. Ýene bir bellemeli zat, şol esgerleriň arasynda ýüzi-gözi tosunja, tokarja, has takygyny aýtsak, barly ýerde ösene meňzeýän çaga gözüň düşjek gümany ýokdy. Barysynyň ýüzi agdarylan tezek ýaly gap-gara. Gus-gury. Bu bolsa gulluga diňe Güne juguran garamaýak halkyň çagalarynyň alynýandygynyň, barly, emelli adamlaryň öz çagalaryny gullukdan aýaýandyklarynyň alamatydy. Hakyna seretseň iş ýerleriniň kemeldilmegi ýa köpeldilmegi döredijilik işgärleriniň işine hiç hili täsir etmeli däl. Onuň iş ýerleri bilen işi ýok. Onuň işi hemişe özüne ýetik. Onuň iş ýeri öz öýi, stolunyň başy, döredijilik ussahanasy. Ol hiç haçan wagt ölçegi ýa edara işiniň sagady boýunça işleýän adam däl. Işlemelem däl. Onuň öz dünýäsi bar. Şol dünýäsi boýunça-da halka hyzmat edýär. Ýöne, Türkmenbaşynyň «altyn asyrynda» döredijiniň zähmeti-zähmet hasap edilmedi. Bir kilo sogany «lomaý söwda» bazaryndan üç müň manada alyp, «Gündogar» bazarynda bäş müň manada satýan satyjynyňky zähmet, döredijiniň akyl zähmeti bilen döreden eseri bolsa zähmet däl. Onuň zähmetine berilmeli galam hakyny Prezidentiň hut özi, öz permany bilen gadagan etdi. Dogry, puluň bolsa ýa hemaýatkär tapsaň eseriňi hamala diýersiň çap etdirip bolýarmyşyn ýöne, birinjiden-ä gündelik metbugatda, radiodyr-telewideniýede ady çykmasyz edilen ýa-da «häzir bolup çap etmeli», diýlen sanawdaky döredijileriň kitaby puly bolaýanda-da çykarylmaýardy, dürli bahanalar bilen ýa senzura, ňa-da ýokary edaralar tarapyndan saklanylýardy, bardy-geldi çykaýanda-da, çykaran kitabyny satyp, peýda görmeg-ä däl, çykdajysynam ödäp bilmeýärdi. Çünki, kagyz we beýleki çap ediş serişdeleriniň gymmatlygy sebäpli, kitaplaryň özüne düşýän gymmaty çenden aşýardy we çörege, zordan pul tapýan halkyň ony satyn almana gurby çatmaýardy. Türkmenbaşa bolsa geregem şol. Halk diňe onuň öz adyna berlen, kim tarapyndan ýazylandygy näbelli «Ruhnamasyny», «Ilim-günüm aman bolsun» atly goşgular diwanyny, durnaň üstüne urna bolan ikinji «Ruhnamany», ýyllaryň geçmegi bilen olaryňam üstüne ýarna bolan «Meniň ruhybelentlik baharym», «Mähribanlarym» atly kitabyny okasalar bolany. Okuw jaýlarynda-da taglymat hökmünde diňe şol kitaplar okadylmaly, öwredilmeli. Başga kitap halkyň aň-düşünjesini, durmuşa bolan garaýyşyny üýtgetmegi, akyllanmagy, sowatlanmagy, demokratiýa tarap ymtylmagy mümkin. Öz kürsüsinde ömürlik oturmagynyň we parahat höküm sürmeginiň hatyrasyna ol halky şolar ýaly gözli körlüge rowa gördi. Kagyz gytçylygy we gymmatçylygy bolsa, Türkmenistanyň özünde kagyz kombinatynyň gurulmagy bilenem üýtgemedi. Mesele çözülmedi. Kombinat samanhana çenli zordan gyrmyldady-da, tapyr-tupur ýatdy. Şonuň üçinem, men ýene-de her zat etmelidim welin, aýlykly iş tapmalydym. Gazanç etmelidim. Gazançsyz oturmaklygyň bolsa pulsuzlykdanam başga ýakmaz taraplary kän. Ýagny, soňabaka çagalaryň öňünde mugthor görünmäge namys edip ugraýarsyň we döredijiligiňi bir gyra süýşüräge-de, «hüw» diýip öýden çykanyňy, ýene-de hem özüňi, hem hünäriňi kemsitjek gapylardan iş gözläp ugranyňy bilmän galýarsyň. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |