07:18 Türkmenbaşy döwri -27: Dokuz aýyñ işsizligi | |
27. DOKUZ AÝYÑ IŞSIZLIGI
Publisistika
Konsernden çykanymdan soň men dokuz aý işsiz gezdim. Şol döwrüň içinde barmadyk gapym galmady. Radiodyr, telewideniýede, gazet-žurnallarda işleýän köne tanyşlarymyň barysynyň ýanyna baryp çykdym. Nätanyşlaryň ýanyna-da bardym. Emma birindenem netije çykmady. Dogry, «saňa iş bermek bolanok», diýenokdylar, «bor, bor, göreris, ýagdaý boldugy özümiz habar ederis, telefon nomeriňi goý-da, gidäý”, diýýärdiler. Ýa-da: «Wah, şumat özümizde-de sokraşeniýe» gidip dur, ýogsam hiý, senem bir işe alman bolarmy, sen işsiz ýatmaly adam däl-ä, sen şeýdip ýörkäň biz-ä dögrusy utanýasam şu ýeri saklap oturmana...» diýen ýaly umumy sözler bilen göwnümi awlap goýberýärdiler. Öň bile oturyp-turşup, derdinişip ýören, teatr režissýory dostlarymyzyň biri «Teleradiokompaniýanyň» başlyklygyna bellendi. Tamakinçilik bilen onuň ýanyna-da üç gezek bardym. Üçüsinde-de girip bilmän yzyma gaýtdym. Kömekçisi gaýtardy. Bir gezeginde-hä ol başlygy bilen telefonda gürleşdi-de: «Öýlän sagat üçde geläýsin diýýä», diýdi. Öýlän gelsemem ertir geläýsin diýýä» diýdi. Soň bir gezekde: «Ýanynda daşary ýurtlylar bar, häzir kabul edip biljek däl, diýýä», diýip, ýüzüni kese-kese sowdy. Ýene bir gezegem: «Başlyk häzir dini işgärleri kabul edip otyr, zanit», diýdi. Şol gapynyň özüm üçin ýapykdygyna men ahyry düşündim. Ýene bir dostumyz Bilim ministri boldy. Iş tamakinçiligi bilen onuňňam kabulhanasyna bardym. Ýöne, onuň kömekçisi «Teleradiokompaniýanyň» kömekçisine görä has ýeserje ekenimi ýa meni bir uly işgärdir öýtdümi onuň ýaly gaşynam çytmady, ýüzünem kese sowmady-da: – Gel, ýaşuly! Sizi kabul etmän kimi kabul edeli, – diýip, şelaýyn gürleşdi. Ýanynda oturdyp çaý berdi. Kimdigimi, näme mesele bilen gelendigimi sorady. Gepletdi. Işsizlyk zerarly gelendigimi bilendenem birhili sowap başlady. Ýüzi köneldi. Sesiniň bady peseldi. Häliden bäri iki gözümiň içine seredip joşgunly gürläp oturan ýigit indi burnuna salyp hoňňuldylyrak seslendi. – Aý... bulam-a işlidir öz-ä... Bir ýerde oturybilýän däldir, bir «Ruhyýetden» çykýandyr, bir «Miras merkezinden. Asyl şu wagtam ýok bolaýmasa ýerinde. Ýaňyja Prezidentskiý sowede gitjegem-ä diýýädi. Öýlänem kabinet ministre barmalydyr, on-a özümem toçny bilýän... – Ol ýene-de şolar ýaly birgiden sözleri sarnady. Ahyram ýüzüme naýynjar garady. – Aý, agam, sen ertirjik geläýsene gowusy. Men aýdyp goýaryn, hökman kabul eder. Emma ertesem, birigünem, soňky günem ol meni ministriň ýanyna goýbermedi. Men özümi oýnalýan ýaly diýseň oňaýsyz duýdum. Öz bolup ýörşümden utandym. Özüňi tutuş jemgyýet üçin gereksiz saýmakdan ýaňa adam pahyryň göwnüne her belalar geliberer ekeni. Dogry, işiňiz başyňyzy iýsin, diýäge-de, oturyp öz döredijiligiň bilen boluberseň boljagam welin, oňa-da gurp gerek. Iň bolmanda däri-dermana pul gerek, surat çekjek bolsaň birgiden reňk, çarçuwa, çotga, kendir ýaly zerur serişdeleri satyn alara harjy gerek. Oturyp ýazmak üçinem ruçka, kagyz alara, ýazan zadyňy kompýuterden geçirdere bäş şaýy gerek. Ine onsoň şeýdip, ministr dostumyň ýanyna-da girip bilmedim. Iň soňkuja umyda bil baglap, ölümiň öýünde kömekçisinden onuň iş telefonyny aldym. Jaň etdim. Emma ol meniň janyňam almady. Sekretar gyza: «Kimiň jaň edýänini bir aýdyň, alar», diýdim. O-da «Wah, aýtdym, jan daýy, almady, wagtym ýok diýip trubkany goýdy», diýip, ýürejigi bilen janykdy. Şondan soň men onuň üstüne sürünmämi goýdum. Ýarym ýyl geçip-geçmänkä-de ony işden aýyrdylar. Ýerine bolsa ondanam ýaş, maňa ondanam has tanyş bir ýigidi goýdular. Men Ýazyjylar soýuzynda Ýaşlar sowedine ýolbaşçylyk edýärkäm ol akademiýada işleýärdi, ýaňy bir işe başlan ýaş alymdy, biziň ýaşlar sowedimiziň ýygnanyşyklaryna işjeň gatnaşýardy, çykyşlar edýärdi, «aýanlygy», «aç-açanlygy», döş gerip goraýardy. Şonuň üçinem, iň bolmanda kabul-a eder-dä, diýip, ýene-de Bilim ministrliginiň kabulhanasynda häzir boldum. Şol bir kömekçi ýigit şol bir hereketlerini, şol bir sözlerini ýene-de edil öňküsi ýaly, birin-birin gaýtalady. Hatda, telefonly mesele-de gyly gyrylman gaýtalandy. Sekretar gyzyň sesem edil öňküsi ýaly naýynjar çykdy: «Wagtym ýok diýýä, trubkany goýýa...» Şondan soň men: «Her niçigem bolsa öz ugrumyzdyr, gel-aý, şuňa-da baryp göreýin-le diýdim-de, Medeniýet ministrligine bardym. Elbetde, Medeniýet ministriniň ýanyna girmek meniň aňyşyma görä Bilim ministriniň ýanyna giren ýaly gaty bir çylşyrymly bolmaly däldi. Kabul edýän günini bilip-barybilseň girip bolmalydy. Ýöne, ýagdaý hemme ýerde-de deň üýtgän ekeni. Indi jaýlaryň içi-daşam, gapylaram, içindäki mebeller, kürsüler, stoldyr-stullaram öňki däl. Bar zat owadan, gymmatbahaly, ýöne, sowuk. Mähirsiz. Ähli zat ýönekeý adamlar bilen wezipeli adamlaryň arasyna diwar çekmek üçin, ýolbaşçylary halkdan daşlaşdyrmak üçin ýörite edilen ýaly. Islendik edara barsaň, daşky gapydan giren ýeriňde oturan aýal ýa erkek seniň öňüňden çykýarda, «nirä barýaň», diýip alpetiňden alýar. «Pylanynyň ýanyna» diýeniňdenem: «Çagyryldyňmy», diýip soraýar. «Ýok» jogaby eşidenden soň bolsa oturan ýerinden eger-de seniň diýen adamyň wezipesi gaty bir uly bolmasa-ha özüne, uly bolsa-da onuň sekretaryna ýa kömekçisine jaň edýär. Kömekçiden nädip geçilýänini ýolsa men ýokarda gürrüň berdim. Şeýle-de bolsa «atylan ok daşdan gaýtmaz» diýenlerini etdim-de, Medeniýet ministrliginiň gapysyndan bardym. Indi kimiň ýanyna barjakdygymy kesgitlemelidim. Ministriň özünden-ä dogrusy tamam azdy. Sebäbi , ol birwagtky: «Sen Prezidentiň suraty asylan jaýa girmeýärmişiň», diýip, meni Ministrler Kabinetine çagyran, gazet sahypasyndan düşürilen makalam barada gep gozganymda: «Men makal düşüemok, redaktorlar bilenem senzorlar bilenem özüňiz oňuşyň» diýip, soň Prezident bilen bolan duşuşyk wagtam: «...Şol makalany syýasata garşy bolandygy üçin çykarmadyk, Sapar Ataýewiç», diýip, «ziňkildäp» oturan Oraz Aýdogdyýewdi. Ondan maňa hatda asmanam ýakyndy. Şeýle-de bolsa, soňky gün: gelmediň, ýagdaýlaryňy aýtmadyň diýmezleri ýaly, men baraýmaly gapylarymyň ählisini kakyp çykmaklygy ýüregime düwüpdim. Ýöne, men barybir ministriň ýanyna barmadym-da, şol ýerde bireýýäm ýapylan döredijilik soýuzlaryna derek açylan, ýöne, hiç hili bitirýän goşy ýok, «Döredijiler bilen işleşmek baradaky» bölüme bardym. Ýöne, meniň derdi-hallarym Prezidentiň döreden altyn zamanasy barada ýazan goşgulary üçin golaýda altyn zynjyra we müň dollara mynasyp bolan, hut şonuň üçinem şol bölüme getirdilip oturdylan orta boýly, gözleri birneme bitaýrak, ýüzi çaňjaryp duran, sary giden çalymtyl köýneginiň gyralary gyrlyp giden, ýakasyna düýn-öňňinlikde, howul-hara satyn alnandygy bildirip duran ak gülli gyzyl galstuk dakynan, alyn-dişleriniň bir-ä gemmik, ýene birem demirden, özem birwagtlar salnan bolsa gerk, poslap giden, biziň çagalarymyz bilen deň-duşrak ýaş ýigidiň gulagyna-da ilmedi. Bir oturyp, bir turup, daşymda perwaz urup ýörşüne ol bölümiň işiniň bütinleý diýen ýaly ýatyp galan ekendigi, indi ony özüniň galdyrmaly boljakdygy hut şonuň üçinem özüniň şu ýere getirilendigi barada buýsanyp aýdýardy. Şeýle derejä mynasyp bolandygyna guwanýandygyny şeýdip üsti subut etmekçi bolýan ýaly, melewş reňkli ýalpyldawuk we mähnet stolunyň üstüni aýalary bilen öwran-öwran süpürip goýberýärdi. Soň ol ýerine geçdi-de, özüniň nädip şa serpaýyna mynasyp bolşy barada gürrüň bermäge, döwlet baştutanyny öwmäge, baýraga mynasyp bolan goşgylaryny okamaga başlady. Birdenem meniň üstümden düşdi. – Kine edip ýörmeli däl, sizem ýazmaly, şolar ýaly zatlary, Watana gullyk etmeli, şeýtseňiz işem bererler, zatlaryňyzam çykararlar. Men onuň ýanyndan basymrak garamy saýlaýanymy kem görmedim. Çykyşym ýalam ikinji gata mündüm-de, Medeniýet ministriniň birinji orunbasarynyň ýanyna bardym. Iň bolmanda garawulçylygam bolsa iş tapyp bermeklerini haýyş etdim. Täret edilýän, bokurdakly mis kündüge meňzeş, uly hem ýumşak kürsüniň üstünde zömmerilip aşak bakyp oturan hor, burunlak, kakçekge, kellesi ullakan, kelläniň içinden köwsarlap çykýan ýuwaşdan gelen güňleç sesli, adamkärçiligi gowy, köňli ýumşak, bölüm müdiri ýaly juda ýaş bolmasa-da, bize görä birneme ýaş görünýän şeýle-de oňa görä has agras, öňdenem az-kem tanyşrak orunbasar arzymy diňläp bolandan soň ullakan, gara kürsüsiniň üstünde oýkanjyrady, onuň ýumşaklygyndan, «wassyk-wussuk» edişinden lezzet alyp gözlerini süzdi, ardynjyrady. Soňam meniň özünden öňki baran gapylarymdan eşide-eşide bizar bolan şol bir tanyş sözlerimi birin-birin gaýtalady. – Bor, bor, hökman kömek ederis. Iş taparys. Gürrüňi bolmaz. Telefon nomeriňizi goýup gidiň, üýtgeşiklik boldugy özümiz jaň ederis. «Özümiz jaň ederis» diýdikleri tamaňy tala daňaýmalydygyny meň öz tejribäm boýunça gaty gowy bilýärdim. Ol söz meniň soňky döwürlerde iň köp eşidýän sözlerimdi. Gepiň keltesi gün geçdi, hepde geçdi, aý geçdi «passyldawuk» kürsiniň üstünde oýkanjyrap oturan orunbasardan habar bolmady. Özüm jaň edibem belli jogap alybilmedim. «Ine gözleýäs, ine taparys, arkaýyn bolaý, howlukma...» diýen ýaly sözlerden ýaňa bizar boldum. Ahyram özüm ýadap özüm goýdum. Işsizlik, harçsyzlyk ýene-de basmarlap başlady. Ýöne, Alla hor etmejek bolsa hor bolmarsyň» diýleni, dadyma ýene-de Daňatar Berdiýew ýetişdi. Ol öýe jaň etdi-de: «Tebigaty goramak ministrliginde BMG-niň tabşyrygy boýunça, daşky, tebigy gurşawy goramak barada kitap taýýarlanylýar. Şonuň orsça tekstini türkmençä geçirmeli, şol işi maňa tabşyrdylar elin, işim köp, maşgalam ýarawsyzrak elim degenok. Şonuň üçinem, şolara seni salgy berdim» diýdi. Ministrlikdäki degişli adamlaryň telefon belgilerini berdi. Men minsitrlik bilen jaňlaşdym. Bardym. Gürleşdim. Iş uludy. Wagt bolsa azdy. Ýagny, kompýuterde çap edilen iki ýüz elli sahypany bir aýyň içinde terjime etmelidim. Bu mümkin däldi. Şonuň üçinem men olara: – Gyssanýanyňyz çyn bolsa, şol iki ýüz elli sahypaňyzam taýýar bolsa, getiriň, men sizi ýagdaýdaý alyp çykaýyn, ýetişdireýin – diýdim. Olar ýerli-ýerden boýunlaryny süýndürişdiler. – Nädip? – Bäş adamdan ybarat topar döretjek, hersine-de elli sahypadan paýlajak. Günde bäş sahypa terjime edenlerinde-de on günde bolýalar. Galan ýigrimi gününem özüm üstünde oturjak-da, kitabyň dürli öwüsmezi ýaly tekstleri bir ülňä getirjek, – diýdim. – Be-e... bolaýjagam ekeni özä-ä... – diýşip uludan demlerini aldylar. Emma iki ýüz elli sahypany däl, hatda elli sahypanam «me» diýäge-de, lükgeligi bilen elime tutduryp bilmediler. Bäşden, üçden, ondan, on bäşden bölek-bölek berdiler durdylar. Hatda, iki ýa bir sahypa beren gezeklerem boldy. Şonuň üçin menem başga adam gözlemelem bolmadym. Berenjelerini terjime edip yzyna tabşyrdym oturdym. Ýüz ýigrimi bäş sahypa ýetende-de, galanyny başga birine berdilermi ýa goýbolsun etdilermi, ýa Howpsuzlyk komitetiniň agenti hökmünde tanalýan, haýsy edara barsam yzymdan sokjarylyp gelýän, ýeke gözli, döwüň çagasyna meňzäp duran edebiýatçylaryň birini «şol kitabyň redaktory şu» diýip orta sokdular-da şonuň täsiri ýetdimi ony men bilemok, ýöne şondan soň: «Yzy taýyn däl», «Bolanda aýdarys» diýen ýaly dürli bahanalar bilen maňa tekst bermelerini bes etdiler. Ýöne, meniň ýagdaýymdaky adama öňki berenjelerem ýeterlikdi. Men bir meýdan giň howa çykan ýaly boldum. Nijembir wagt bäri gysyk duran eginlerim ýazyldy, özümi erkin, bagtyýar duýdum. Çünki, olaryň töleýişleri gowudy. Şonuň üçinem, men şindi-şindilerem aňryujy ýagdaý bolsa şol ministrligiň gapysyndan geçmegi, geçip barýarkam bir pursat säginip onuň işiklerine, äpişgelerine, ýazgylaryna söýgi hem minnetdarlyk bilen seredip durmaklygy gowy görýän. Edil şol wagtam Hudožnikler soýuzynyň Ýolöten köçesindäki ussahanalary ýykyldy. Kime Graždanskiý köçesinde ýerleşýän «Üçünji parkyň» ýanyndan, kime bolsa ondanam has illeräkde ýerleşýän 8-nji hammamyň ýanyndan, kime bolsa «Sowetskiý sokolow» köçesinden ussahana berildi. «Sowetskih sokolow» köçesinde öňem çeperçilik fondunyň «Heýkel» kombinaty ýerleşýärdi we ol esasan heýkelçiler üçin amatlydy. Özem abatdy. Ýöne, ol ussahanalaryň ählisi diýen ýaly eýelidi. Beýleki iki jaý boş, emma ýagdaýy gözgyny. 8-nji hammamyň ýanyndaky iki gatly jaý öň çagalar bagy bolupdyr we howply ýagdaýda bolany üçin boşadylypdyr, çagalar bagy başga ýere göçürlipdir. Onuň teýzeminleri suwdan ýaňa püre-pür bolup dur. Çuňlugy adam boýundanam ýokary. Howlusy welin giň, o-da heýkelçiler üçin amatly. «Graždanskaýa» köçesindäki dört gatdan ybarat jaý öň «Milisiýa mekdebi» bolupdyr we o-da howply ýagdaýa düşendigi, ýagny, gyçaryp çat açandygy üçin göçürilipdir. Telim ýyl bärem boş ýatan ekeni-de, sözüň doly manysynda haraba öwrülipdir. Jaýyň daşyndan seredeniňde tutuş gyşyklygy, ýan berendigi bildirýär. Ýöne, diwarlarynyň jaýryk atan ýeri görnenok. Töwerek-daşdaky ýajaşjylaryň aýtmaklaryna görä başda jaýryklaram bildirýän ekeni-de, bir sebäp bilen ol jaýryklar suwalypdyr, bitelipdir, bildirmez ýaly edilipdir. Ne gapy, ne äpişge dört diwardan başga hiç zat ýok. Diwarlaryňam köne suwagyny aýyrmaly, täzeden suwamaly, agartmaly, äpişge, gapy goýmaly, eýwanyny çarçuwalamaly, aýnalamaly, reňklemeli. Togy suwy hem özümiz çekmeli, hajathana gurmaly. Bizi Hudožnikler soýuzyna ýygnap: «Alsaňyz-a şol jaýlar, bolmasa-da başga zat ýok. Prezidente ýazarys, diýipsiňiz, o-da şäher häkimi Berdimyradowyň gulagyna ýetipdir, olam: «Ýazsalar onam bermen, datlaryny nirä ýetirseler şoňa ýetirsinler», diýýä, gowusy siz meseläni çuňlaşdyrmaň-da, berilenjesini alyň, äpişgäňize, gapyňyza kömek ederis, heriňizden birdir-ikidir iş satyn alarys, ýa iş tapyp bereris, garaz, hemaýat ederis», diýdiler. Prezidente arza ýazmak barada aýdylanlar dogrudy. Şolar ýaly ýykyk-ýumruk, howply ýagdaýdadygy üçin öň bir gezek içindäkiler çykarylan, zyňyndy, aşagy zeý suwundan ýaňa garkaba jaýlara dykyljak boluşlaryna hudožnikleriň gaharlary gelýärdi, gaty görýärdiler. Emma agyzlary birikmeýärdi, Prezidentiň adyna ýazylan haýyşnama biri gol çekse beýlekisi çekmeýärdi we biz ýaly hat üçin hysyrdanyp ýören adamlar bolsa edara ýolbaşçylarynyň, şäher häkiminiň gözüne başbozarlar bolup görünýärdiler. Şonuň üçin bizem: «Aý, ýeke bize gerekmi-aý, şol ussahana» diýdik-de, hereketimizi goýbolsun etdik oturyberdik. Ýygnakda-da: «Ýagşy biziň başga alajymyz ýok, biz şol jaýlara gireli, bejereli, ýöne, häkimlikde şol jaýlaryň howply ýagdaýdygy barada resminama bar bolmagy we ertirki gün biziň şol resminama esasynda jaýdan çykmagymyzyň talap edilmegi mümkin», diýdik. «Ýok, beýle resminama häkimlikde ýok, hiç kim, hiç haçan size azar bermez», diýdiler. Garaz, şeýdip, biz şol jaýlara razy bolduk. Jaý bölünşik bolanda, haýyşnama gol çekmediksireýän hudožnikleriň hemmeden beter öňe sürünişleri, güpürdeşip, gatdan-gata ýüwürşip, göwünlerine ýaran jaýlarynyň diwarlaryna hek bilen öz atlaryny ýazyşyp ýörüşleri bizi geň galdyrdy. Biziň Ýolöten köçesindäki ýykylan ussahanalarymyzyň sany gaty birkän däldi, şonuň üçinem, şol, ýykyk jaýlarda çeperçilik uçilişşesinde, çeperçilik akademiýasynda mugallymçylyk edip, başga edaralarda işleşip ýörenlerem, hatda bir mahallar kakasy ýa ejesi hudožnik bolup, özi hudožnik dällerem, döredijilik bilen düýbünden meşgullanmaýanlaram aldylar. O-da hiç, ýöne, alahasyrdy bolşup, edara ýolbaşçylarynyň ýa şol jaýy adalatly bölmek üçin ýörite döredilen toparyň goltuklaryna girişip, obadaşsyraşyp ýa işdeşsireşip, olaryň köpüsi öňürti ýerleşmeli, ýagny, Ýolöten köçesindäki ussahanalary ýykylan adamlardanam öňe düşüşip, aşaky gatlary has giňräk, has amatlyrak jaýlary eýelediler. Menem üçünji gata düşüripdirler. Men soýuzyň başlygyny we toparyň agzalaryny görmek bilen olaryň düýn-öňňünki ýynakda: «Öňi bilen Ýolöten köçesindäki ussahanalary ýykylan ýaşuly hudožnikleri ýerleşdireris, ondan ýokarsyny çetden gelenlere, ýaş-ýuşlara bereris», diýen sözlerini ýatlatdym. Şeýdip, ikinji gata düşdüm. Birinji gat edara jaýlary, sergi zaly we salon üçin niýetlenendi. Ýöne, assa-ýuwaş onam eli uzynraklar eýeleşip ugradylar. Öňi bilenem, ozaldanam ussahanasy ýetikdigine garamazdan, soýuzyň başlygy we şoňa meňzeşler eýelediler. Meniň Tebigaty goraýyş ministrliginden terjime edip pul gazanan döwrümem ana, hut şoňa gabat geldi we bolşuna görä, çalak-çulak abatlandyryş işlerini etmäge we kartinalarymy, goş-golamlarymy içine dykmaga mümkinçilik döredi. Üstesine saglygymy dikeltmek üçin deňze gidip gelmäge-de ýetdi. Ýeri, onsoň men nädip, ötenimde-geçenimde Tebigaty goramak ministrliginiň binasyna uly söýgi bilen, durup-durup garamaýyn? Ondan başga-da käbir täze açylýan hususy kärhanalaryň «Düzgünnamalary» bolýardy, okuw jaýlarynyň, mugallymlarynyň leksiýalary, okuwçylarynyň kurs işleri bolýardy, garaz, Alla hor etmeýärdi, ara-çola terjime eder ýaly işjagaz tapdyryp durýardy, ýöne, o zatlar yzygiderli däldi, aýlap-ýyllap hiç zat tapdyrmaýan mahallaram bolýardy. Her niçik hem bolsa, şol döwür kiçiräk gazetleriň biriniň baş redaktory hem maňa «gizlinlik» bilen kömek etdi, ýagny, ýarym iş haky bilen tas iki ýyl gowrak dagy işletdi. Ýöne, başga at bilen işletdi. Elbetde, haky ujypsyzdy, ýöne, ygtybarlydy, wagtly-wagtynda berlip durulýardy, derman, sanjymlyk ukol almaga awtobusa münmäge bolýardy. Adam şekilli, ine-gana ýaşamaga geýim-gejim almaga öýe kömek etmäge, ýagşy-ýamana gatnaşmaga surat çekmek üçin zerur bolan serişdeleri satyn almaga welin ýetmeýärdi. Şonuň üçinem radioda, telewideniýede, gazet-žurnallarda entegem redaktor, redaktoryň orunbasary, bölüm müdiri bolup işläp ýören köne tanyşlarymyň, dostlarymyň ýanyna ýene-de, ýeke-ýeke gatnap başladym. Iň bolmanda ýarym iş hakylyk bir ýerjagaz tapyp bermeklerini haýyş etdim. Ýene-de şol bir sözler: «Bor, bor, boldugy aýdarys, jaň ederis». Heýjanelekçilere Bir dostum bardy, özüniň hususy neşirýatyny açdy we diňe Prezidentiň kitaplaryny çykarýardy, şonuň üçinem, hususy neşirýatlaryň ählisi ýapylanda-da onuňky ýapylman galypdy, bitiren hyzmatlary üçin Prezident ony ol işiniň daşyndan bir gazetiň redaktorylygy wezipesine-de belläpdi. Gapyçynyň ýedi gapydan soň ýüzi açylar», diýlişi ýaly, gapy-gapy syryp ýörşüme men bir gün şonuňam gapysynda peýda boldum. Özem, şonda bir boş ornuň bardygyny eşidip bardym. Ýöne, barybir ondanam işim bitmedi. O-da şol bir eşidýän sözlerimi gaýtalap ellerini serdi. – Ýer ýok! – Azajyk pikir edip oturandan soňam, ýerinden turup seýfini açdy-da, ýüz müň manat çykaryp elime tutdurdy. – Juda horlanýan bolsaň me, şuny bir al, başga edibiljek kömegim ýok, ýöne, karz däl, gaýtarjak bolup azara galma. Şol döwrüň milliondan gowrak aýlygy bilen deňeşdireniňde onuň maňa bereni köp pul däldi, Berdimuhamedowyň döwründe şol pul ýigrimi manat boldy, ýöne ol wagt mende şo-da ýokdy, şonuň üçinem aldym. Işe almandygy üçin welin gaty görmedim. Çünki, ol wagt meniň ýolum ýapykdy, meni işe almak bolmaýardy. Şeýdip dokuz aý geçdi. Işsiz geçen şol dokuz aýyňky ýaly mätäçligi men bu ömrümde göremok. Käte derman ýa ýene bir zat üçin zerur bolup ýüz müň, elli müň manat gözleýän. Onuň üçinem öňürt-ä gijesi bilen ýatman, kimden sorajakdygyň barada pikir etmeli. Öňki gezek ondan aldym, ondan öňki gezek mundan aldym, pylanyň-a özem işsiz, onda pul ýokdur, pylanyda bardyr welin, onuň berjegi-bermejegi näbelli, pylany ondanam gysganç, pylany bolsa gepçi, «pylany görenden pul sorap ýör welin neşe-seşe edýän bolaýmasa», diýer, ile salar, diýip, tanyş-bilişleriň barysyny aňyňda aýlap çykýaň. Ilçilik, ahyry biriniň üstünde saklanýaň. Agşamsy jaňlaşyp ertesi ýanyna barýaň. Özümi merdana tutjak bolup, halys zerurlygymy bildirmejek bolup öňküdenem beter kyn güne galýaň. Ýüzüňi-gözüňi gamaşdyryp, deriňi çalyp durşuma: «Aý, gyssagly derman almaly bolaýdy, ýogsam-a bardam welin...», diýip, sypaýysyraýaň. Bu golaýda gaýtaryp beribilmejekdigiňe gözüň ýetip duranam bolsa, basym gaýdyp berjekdigiňi aýdyp ýesersireýäň. Ynandymyka ýa ynanmadymyka, diýip assyrynlyk bilen ýüzüne seredýäň. Dogrudanam neşekeşdir öýdäýmesin, diýip aljyraýan. Sagat görünjek bolup, öz-özüň basga galýaň. Çünki, şol döwürde neşekeş köpelipdi-de, olar alan karzlaryny dolap bermeýärdiler. Bäş-alty ýylyň daýhançylygyndan, syrkawçylygyndan soň mazaly horlanypdymam-da, öň etli-ganly, garynlak adamyň birden-kä gamçy ýaly bolup galaýmagy bolsa islebdik adamda şübhe döredip biljekdi. Pulsuzlykdan beter bir gaýgymam ana şoldy. Şonuň üçinem, özümiň soňky döwürlerdäki şahsy ahwalatlarymdan gaty bir habardar däl adamyň ýanyna aňsat-aňsat karz sorap barmaýardym. Baram bolsa bermeýän adamlardan gaty görmeýärdim. Çünki, ol onuň öz zady. Berse-de, bermese-de haky bar. Özüniň gara güni üçin ýygnan zadyny maňa berip goýbermäge borçly däl. Her niçik hem bolsa, şol döwür meniň bölek-büçek, ondan-mundan karz alan pullarymyň jemi iki milliona golaýlady. Bu, şol wagtky nyrhdan hasap edeniňde tas, ýüz dollara, ýagny iki aýlyga barabardy. Köpler üçin ol pul hiç zatdy, meniň üçin bolsa ummasyzdy. Gaýdyp bermek mümkinçiligi bolsa golaýlanokdy. Iň ýamany indi karz beräýjek adamlaryň sanawam sabaşyberipdi. Pula bolan zerurlyk bolsa häli-şindi döreýärdi. Dogry, käbir dostlarym ikinji, üçünji gezegem berýärdiler, ýöne, juda kynlyk bilen, köp sözüň başyny agyrdyp, ýa ýüzlerini çytyp berýärdiler. Beýtmäýenlerinde-de birsyhly belli bir adamlara daýanyp ýaşamak mümkin däldi. Student döwürlerimiz köp tirkeşen etrapdaş dostumyň ýanyna barşym hiç haçan ýadymdan çykmaz. Şygyr sungatyny gowy görýändigi üçin biz onuň bilen has ir, altmyşynjy ýyllaryň ortalarynda dostlaşypdyk. Ikimizem Ýazyjylar soýuzynda geçirilýän, ýaş ýazyjylaryň edebiýat birleşmesine gatnaşýardyk. Sowatlydy. Bütündünýä, rus edebiýatyndan gowy habarlydy. Edebiýat birleşmelerinde biz ýaly bir çetde ýygrylyp oturmaýardy-da, ýerinden turup, kükregini gaýşardyp, ýumruklaryny hereketlendirip çykyşam ediberýärdi, okalýan goşgular, hekaýalar barada öz pikirini aýdýardy, soň özüniňkini okaýardy. Dogry, ol soň şahyr ýa ýazyjy boldy diýsem ýalançy. Ilki mugallym bolup etrabymyza gitdi, soň Aşgabada göçüp geldi. Şol wagtlaram onuň şygryýete bolan yşgy sowamandy, ýöne, ine, SSSR dargansoň welin, özem üýtgedi, gepi-sözem üýtgedi. Köpler ýaly söwda baş goşdy, baýady. Baýabilmeýändigimiz üçin gören ýerinde: «Siz samsyk, siz hiç zady başaraňyzok. Duraklar!» diýiň, bize käýemäni çykardy. Edebiýatdan, sungatdan özem daşlaşdy, gepi-sözem daşlaşdy. Mendenem daşlaşdy. Häli-şindi käýinç eşidip ýörmezlik üçin menem ondan daşlaşaýanymy kem görmedim. Mätäçlik meni bir gün ine, şonuň gapysyndan eltdi. Men girenimde ol her gulagynda bir telefonyň trubkasyny tutup, arkasyna ullakan el halysy gerilgi, üstüne-de şolar ýaly halynyň biri atylan goňras diwanyň üstünde arkan gaýşyp, aýaklaryny biri-biriniň üstüne atyp, hem Pakystan, hem Gazagystan bilen bilelikde gepleşip otyrdy. Men iç işikde garaşdym. Gepleşip bolansoň ol gelip meniň bilen görüşdi, golumdan tutup töre geçirdi, hal-ahwal soraşdy. Çaý-nahar goýjak boldy, men gyssanýandygymy, habaramy alsa basymrak gaýtjakdygymy aýtdym. «Gyssagly iki ýüz müň manat gerek boldy...» diýip başlanymdanam näme üçindir öňküleri ýaly käýemedi-de ýumşaklyk bilen: – Wah, ýok-da! Pylanyda dört müň dollar ýaly algym bar, şol şony beräýse-hä bolaýjagam ekeni-dä! Bary-ýogy iki ýüz müň manat bolsa köpem däl ekeni-dä... – diýip, birhili meniň pul sorap baranyma begenýän ýaly, kükregini hyjuwdan dolduryp gürledi. Daş işige çenli ugradybam hoşlaşdy. – Bor, onda! Gaty görme! Döwlet söwdasy ugrundan derňewçi bolup işleýän başga bir obadaşymyz bardy, bir gün ir bilen ana, şoňa jaň etdim. Şondan bäş-on gün öň bir oturlyşykda ol özüniň näçe maşyn alaýyn diýse-de pulunyň bardygyny, ýöne, alasynyň gelmeýändigini, sebäbi süresiniň gelmeýändigini, ogly ýetişen güni şoňa alyp bermek niýetiniň bardygyny, indi onuňam ýetişip gelýändigini, indiki aýyň başyna on bäş ýaşynyň dolýandygyny aýdyp öwnüpdi. Ýöne, telefonda maňa beren jogaby welin düýbünden başgaça boldy. Özem näme üçindir ýokarky agzan dostumyňka juda meňzeş boldy. – Wah, iki ýüz manat dagy kän zadam däl welin, ýok-da! Aýlyklaram wagtynda berläýenok-da! – Bor onda, bagyşla , – diýdim-de, trubkany goýdum. Şeýlelikde, işsiz gezip ýörenime dokuz aý boldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |