07:18 Türkmenbaşy döwri -28: Men garawul | |
28. MEN GARAWUL
Publisistika
Howwa, işsizlik dogry dokuz aýa çekdi. Şol wagtam Prezident bilen bir döwürde Leningradda okap gelen dostlarymyň biri, etrapdaşym Annamuhammet Prezidentiň hut özi tarapyndan, sungat ugurly ýokary okuw jaýlarynyň birine rektor bellendi. Men ur-tut onuň ýanyna ylgadym. Iş bermegini haýyş etdim. «Garawulçylyk bolsa-da bolýa», diýdim. «Bor, bir alajyny ederis», diýdi. Aýdyşy ýalam etdi. Şondan bir hepde geçenden soň, ýagny, 2003-nji ýylyň 4-nji mart güni men eýýäm şol ýerde garawul bolup işe başladym. Elbetde, garawulçylygam köpleriň pikir edişi ýaly ýöne, ýatyp gaýdybermeli aňsat iş däl. Birinjiden-ä jogapkärçiligi uly. Öýlän sagat bäşden tä, ertir ir sagat sekize çenli institutyň ähli garamaty seniň boýnuňda. Gije arkaýyn ýatyp ýa bir ýerde ynjalyp oturyp bolanok. Binanyň daş-töweregine, içki howlusyna aýlanyp durmaly. Ýangyn howply ýagdaýyň öňüni almak üçin her gatdaky çyralara, tok şitlerine esewan bolmaly. Howply ýagdaý welin ýüze çykmanam duranok. Bir gije daňdan sagat üçlerde garawul jaýymyň penjiresinden daşary seredip otyrkam, köçe tarapdaky bezeg çyralarynyň barysy birden öçdi. Men ylgap daş çykdym. Çyra sütünjagazlaryna gelýän tokly kabel ekinli peljagazlaryň içinden geçýärdi we käte ekinler suwarylan wagty çyg çekip tok bilen suw çaknyşýardy. Çyralary öçürýärdi. Kemçiligiň şol ýerdedigini «şat-şat» edip kabellerden çykýan uçgunlardan bilmek bolýardy. Men derhal şol tarapa ylgadym. Görsem ümsümlik. Şondan soň men kürsäp jaýyň içine girdim-de, ikinji gatyň gündogar çüňkünde ýerleşýän şitlere tarap eňdim. Köçedäki çyralar şol ýerden öçürilip ýakylýardy. Barsam koridory gara tüsse gaplapdyr. Şitiň içinde bolsa ýylpyldy görünýär. Diýmek, kabel ýaňy ýanyp ugrapdyr. Ýalyn demir şitiň daşyna çykdygam tutuş instituty ot aljak. Çünki, daş-töwerek ýüzüne surat, şygar ýelmenen tagtalardan doly. Umumanam, koridoryň şol burçy institutyň taryh muzeýidi. Arheologiki tapyndylardan, ýadygärlikleriň maketlerinden, suratlaryndan, gadymy kitaplaryň nusgalaryndan, köne şaý-seplerden, şeýle-de geýim-gejimlerden, gadymy saz, iş, öý gurallaryndan, senetçilik serişdelerinden doludy. Men ylgap aşak düşdüm-de, ýangyn söndürijilere jaň etdim. Olar basym geldiler. Ýalyn şitiň içinden çykmanka, çäge sepip söndürdiler. Togy kesdiler. Ähli işi boldum edenlerinden soňam ilkinji sowallary şu boldy: – Agam, bi, daňdanara, ukynyň iň süýji wagty, ikinji gatda dörän ýangyny nädip bildiň? Men bar zady bolşy ýaly gürrüň berdim. Bir gezegem Firýuz aga diýen başga bir ýoldaşymyzyň gezeginde howlunyň içinde çet ýerde ýerleşýän, agzam tüýs ogrular üçin ýörite edilen ýaly aňryk bakyp duran jaýy – hojalyk bölüminiň kabinetini urdular. Bir telewizor, iki haly, iki sany telefon apparaty ogurlandy. Şol zatlaryň barsyny Firýuz aga öz jübüsinden tölemeli boldy. Men bu zatlary garawulçylygyňam aňsat iş däl ekendigini nygtamak üçin aýdýan. Daşyndan seretseň welin, aňsat ýaly. Üç günden bir gije durýaň. Ertesi irdenem gaýdýaň. Emma şol üç günüň bir gün-ä garawulçylykdan baran günüň. Ol gün sen başga derde ýaraňok. Bulamak. Ýatmaly, ukyňy almaly, özüňe gelmeli. Işe gaýtjak günüňem başga işe eliňi urup bileňok. Ine, gitmelidigiň beýniňde köwsarlap dur. Ortada ýekeje gün galýar, onam janserek bolup geçirýäň. Garaz, şony üç günden az etseň çydamak mümkinem däl ekeni. Ýaman ýerem wagtynda ýatyp, wagtynda turmasaň beýiň gan aýlanyşygy bozulýar. Çünki, gündiziň ukusy gijäniň ukusynyň ornuny tutmaýar. Şeýle alanyňda welin, aýlygy azrak diýäýmeseň işi kyn däl. Bir-ä agşamaralar köçe tarapdaky bezeg çyralary we howlunyň içindäki çyralary ýakmaly, irdenem howa ýagtylan badyna öçürmeli, birem telefonyň başyndan aýrylman oturmaly. Birsyhly gelýän jaňlara jogap bemeli. Bir agyr düşýän ýeri rektor ýa prorektor maşynly howla girenlerinde we çykanlarynda ylgap baryp demir derwezäni açmaly we ýapmaly. Howlynyň iki derwezesi bar. Biri günbatar tarapynda, beýlekisi gündogarynda. Günbatar tarapky derwezäniň açyp-ýapmasy aňsat. Ýeňil. Gündogar tarapdakysy welin agyr, mähnet. Ol bir wagtlar tok bilen, açyp-ýapmak üçin iýetlenen, aşagy-ýokarsy demir ýoljagazyň içinden ýöreýän tigirçekli ullakan derweze. Ony iki bolup zordan açyp ýapmak bolýar. Bir adama eýgertmeýär. Şonuň üçinem men olardan gündogar tarapky derwezeden girip çykmaklaryny haýyş edýärdim. Rektoram, rektoryň sürüjisem meniň haýşyma gulak asýardylar. Emma, prorektoryň welin piňine-de däldi. Ol diňe şol agyr derwezeden girip çykýardy. Nämemişin şol derweze ol öýünden gelende-de, gidende-de ýol ugrumyşyn. Şonuň üçinem, men her gezek mugallymlaryň ýa okuwçylaryň birki sanysyndan derwezäni açyşmaklaryny, ýapyşmaklaryny haýyş etmeli bolýardym. Ötermenlerden haýyş edýän gezeklerimem bolýardy. Institutyň mugallymlary bilen öwrenişmek maňa kyn düşmedi. Sebäbi, sungat işgärleri bolansoňlar olaryň köpüsi maňa öňden tanyşdy. Ählisi diýen ýaly ir bilen gelenlerinde ýanyma sowlup salamlaşýardylar, garawulhana girip aýak üstünden hal-ahwal soraşýardylar gümür-ýamyr edişýärdiler. Gidenlerinde-de şeýle. Ýeke bir mugallymlaryň däl, kanselýariýa, buhgalteriýa işgärleriniňem, hojalyk bölümindäkileriňem maňa bolan garaýyşlary gowudy. Talyplaryňam oglan-gyz, salam bermän gelýäni ýa hoşlaşman gidýäni azdy. Institut boýunça duşuňdan salamsyz geçýän, çykanda hoşlaşman gidýän, pete-pet geläýende-de gaty bir salam berip barmaýan ýekeje adam bardy, o-da institutyň prorektory. Teatr fakultetiniň režisýorlyk bölüminde okaýan Ata atly boýy pesräk, ýüzüniň şekili üç burç, kellesi göwresine görä ulurak, garaýagyz, gygyryp, halys janyndan syzdyryp gürlemäni gowy görýän badyhowa bir talyp ýigit ýazyp bozýanymy bileninden soň, meniň bilen hasam ysnyşdy. Garawulçylyk çekýän günlerim gijäniň bir wagtyna çenli ol meniň ýanymda sungat, edebiýat, režissura we dramaturgiýa barada gürleşip oturýardy. Ertesem okuw başlamazyndan kän ir gelýärdi-de, şol gürrüňlerini dowam etdirip oturýardy. Bir aýagyny beýleki aýagynyň üstüne atyp, diň-gögüne garap oturşyna başyny ýaýkalap, ellerini hereketlendirip, hamala Moskwanyň uly teatrynyň garamaty öz boýnuna düşen ýaly: «Režisseýorlyk eýle bolmaly, artist beýle bolmaly biziň bu bolşumyz bolanok, bar zada sowuk-sala çemeleşýäs, janymyzy orta goýup bilemizok», diýip, jibrinýärdi. Kiçijik ýumruklaryny düwüp, aýaklary bilen ýer depýärdi. Ulyili bilen gygyrýärdy. Şol zatlaryň barysyna göýä men günäkär ýaly ýerinden turup üstüme sürünýän, sesini has güýçlendirýän gezeklerem bolýardy. Käte-de «pyssaryp» ýumruk bolýardy-da uludan demini alyp: «Ýok, men birnäçe ýyllap Hindistanda okap gelmesem bolmyýa», diýýärdi. Haýsydyr bir hindi aktýorynyň adyny agzap: «Şoňa hat ýazjak, kömek et diýjek, şol maňa hökman kömek eder...» diýýärdi. Onuň şol badyhowalygy, hyjuwlylygy meniň hoşuma gelýärdi, ýaşlygymy, alyslarda galan studentlik ýyllarymy ýada salýardy. Şonuň üçinem, şolar ýaly beýniňe zor salýan, güýjüňi kemeldip ysgyn-mydaryňy alýan göçgünli gürrüňleriň zyýandan başga peýdasynyň ýokdugyna öz durmuş tejribňm boýunça göz ýetirendigimi aýdyp, onuw badyny aljagam bolmaýardym. Ýaş režissýor meniň çapdan çykan kitaplarymam, golýazmalarymam okap çykdy. Pýesa ýazyp bermegimi haýyş etdi. Şol wagt ol okuwynyň ikinji ýylyny tamamlap ýördi. Üçünji ýyla geçende men oňa we onuň Röwşen atly kursdaşyna kurs işi üçin bir perdeli sahna ýazyp berdim. Olar ony okuw tejribesini geçýän ýerlerinde – Ýaş tomaşaçylar teatrynyň sahnasynda goýdular. Şondan soň institutyň rektory maňa 0,25 sagatlyk möçberinde sapagam berdi we teatr bölümini dürli sahnajyklar we pýesalar bilen üpjün edip durmaklygymy tabşyrdy. Şol ýyl men institutyň teatr bölüminiň režissýorlyk fakultetini tamamlaýan bir oglana hem diplom işi üçin, «Syrnyhlar» atly hekaýamyň esasynda «Soň hasaplaşarys» atly uly göwrümli kamediýa ýazyp berdim. Bu meniň pýesamyň ilkinji gezek sahnada goýulşydy. Şonuň üçinem, men oňa edil Baş drama teatrynda goýlan dek begendim. Asylam, teatr bölümini režissýorçylyk hünäri boýunça tamamlaýanlaryňam, aktýorçylyk bölümini tamamlaýanlaryňam diplom işleri Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet Baş drama teatrynyň bazasynda, şonuň aktýorlarynyň gatnaşmagynda, teatryň baş režissýorynyň ýolbaşçylygy astynda goýulýardy we talyplaryň şowly çykan diplom işleri teatryň repertuaryna goşulýardy. Kabul edilşik bolanda teatryň baş režissýory meniň pýesam babatda hem şony aýtdy. «Hökmany suratda repertuara goşarys, bu iňňän gyzykly hem möhüm tema» diýdi. Men muňa-da az begenmedim. Ýöne, begenjim uzaga çekmedi. Şondan iki aý geçenden soň, ýagny, 2004-nji ýylyň 1-nji sentýabr güni institutyň rektory, dostum Annamuhammet ýaraman işden gitdi. Şondan soň hemmes-ä diýmäýin welin, köp adamyň maňa bolan garaýyşam üýtgedi. Öň ötüp barýarkalar ýanyma sowlup salamlaşýan bolsalar, indi geçip baryşlaryna howlukmaçlyk bilen ellerini bulaýlaşyp, soň çalarak baş atyp geçmägebaşladylar, assa-ýuwaş onam goýdular-da, gös-göni geçiberdiler. Men bu geň hadysany sözüm alyşýan mugallymlaryň biriniň ýanynda gürrüň etdim. Ol «loh-loh» güldi-de: «Entek gözüň näme görýä, kontraktyň dolan güni öňki rektoryň guýrugy, diýip işdenem kowarlar, diýdi. Şondan soň Ata bilen Röwşeniň diplom işleri üçin ýazyp ýören pýesalarymam ýatyryldy. 0,25 möçberdäki sapagymam elimden aldylar. Mahlasy, haýsydyr bir göze görünmeýän gara güýç meni institutyň döredijilik dünýäsinden barha we barha daşlaşdyrýardy. Men welin garawulçylygymdan aýyrmasalar, işsiz galmasam galan zatlaryna kaýyldym. Ýöne, ahyry oňa-da gezek geldi. Rektoryň işden gidenine dört aý diýlende Prezidentiň permany bilen, onuň ornuna Medeniýet ministri bolup işläp ýören bir zenan maşgala bellendi. Ol hem-ä ministrligini dowam etdirmelidi, hemem institutyň işini alyp barmalydy. Bilşiňiz ýaly, täze bellenen islendik ýolbaşçy öz işine öňi bilen özünden öňki başlygyň işe alan adamlaryny boşatmakdan, iş kabinetini abatlamakdan başlaýar. Ýöne, ol gelin kabinetin-ä bir remont etdirmedi, işe başlanyndan soňam iki aýlap dagy hiç kime hiç zat diýmedi, soň görüp otursam onuň sebäbi, entek öňki rektor döwründe baglaşylan «kontraktlar» dolman ekeni. Kontraktymyň dolan güni, ýagny, 2004-nji ýylyň 28-nji fewral güni, agşamaralar prorektor ýigit köşegini aldyran düýe ýaly «loňk-loňk» edip geldi-de, aşak bakyp oýurganyp durşuna endigine görä ýuwaşlyk bilen, üzlem-saplamraga-da: «Rektor siziň bilen kontrak baglaşmak islemeýär, ol siziň sanawdaky adyňyzyň yzyna ptiçka goýupdyr» diýdi. «Bor inim, häziriň özünde arza ýazaýaryn», diýdim. Aýdyşym ýalam etdim. Ertir irden işimi tabşyryp, arzamam kanselýariýa berdim-de, goş-golamjyklarymy paketjagazyma salyp daş çykdym. Gapynyň agzynda duş gelen tanyş-bilişler bilen hoşlaşdym. Ýola düşdüm. Ulaga münmedim. Münesim gelmedi. Paketimiň içinden bolsa her ädimimde şol bir tanyş owaz birsydyrgyn eşidildi durdy: «Şykyrt-şykyrt, şykyrt-şykyrt..» Şol gün 2005-nji ýylyň 1-nji marty, dünýeden ir giden merhum oglum Atamerdanyň doglan günüdi. 9-njy mart ýogalan güni, 11-nji mart bolsa jaýlanan günüdi. Şonuň üçinem mart aýy golaýladygy ajy aýralygyň, gam-gussanyň agyr labyry gerdenimden basmarlap başlaýardy, ruhumy öçürýärdi, süňňümi lerzana getirýärdi. Umuman men şol aýdan basylýardym, adyny eşitdigim ýaýdanyberýärdim.Soň-soňlaram şeýle boldy durdy. Häzirem şeýle. Şol gezek welin o zatlaryň üstesine işsizligem urna boldy. Meniň bilen birlikde, şol gezek rektoryň «guýrugy» hökmünde mugallymlardanam ýalňyşmaýan bolsam otuza golaý adam dagy işinden boşadyldy. Şondan soň ol insititutyň täze ýolbaşçysy hem rektor, hem medeniýet ministri hökmünde ňhli medeniýet edaralarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere ýygnap ýygnak geçirdi we ýolbaşçy işgärlere ýüzlenip: «Meniň işden kowan adamlarymy işe alanyňyzy eşidäýsem özüňizi işden aýyraryn» diýdi. Neitjede, medeniýet ulgamynyň ähli gapylary meniň öňümde ymykly ýapyldy. Şol döwür dostlarymyň biri Puşkin adyndaky rus drama teatryndaky garawullaryň biriniň işden gidendigini jaň üsti nilen habar berdi. Teatryň ýolbaşçysy artist oglanlaryň biridi. Daýanykly, saçyndan ýaňy bir ak girip ugran ol ýigit bilen meniň şahsy tanyşlygym ýokdy. Şonuň üçinem men köne dostum, artist hem kinorežissýor Oramet Gummadowdan direktoryň ýanyna bile barmaklygy, meniň üçin şol işi sorap bermegini haýyş etdim. Oramet meniň haýyşymy höwes bilen ýerine ýetirdi. Ýöne, netije bolmady. Birnäçe gezek boş sözler bilen gatnadandan soň biz direktordan: «Näçe kömek edesim gelýä welin, ýöne, medeniýet ministrligi şol ýere başga birini teklip etdi, şonuň üçinem siziň haýyşyňyzy bitirip biljek däl, gaty görmäň» diýen jogaby aldyk. Şondan birnäçe wagt geçip, özem, işden aýrylandan soň, ol ýigit bir ýerde Oramede gabat gelip: «Şol gezek men : Ministrlikden birini höürlediler, diýip, ýalan sözlemeli boldum, hakykatda welin: Juma agany almak bolanok diýdiler», diýipdir. Şol gezek teatra işe alynmadygym üçin men iki taraplaýyn gynandym. Birinjiden-ä işsiz galandygym üçin, ikinjidenem teatryň howlusyna girilýän derwezäniň sag tarapynda ýerleşýän garawulhana diýseň gowudy. Çaklaňja amatlyja jaýdy. Tomsuna-ha salkyndy, kondisioner işläp durdy, gyşyna-da ýyladyş ulgamyna çatylan abatja batereýalary bardy. Beýle üpjünçilik garawulhanalarda aňsat-aňsat bolup durmaýar. Onsoňam, garawulhana şeýle gowy bolsa, ýazuw işleriňi ýöretmek üçinem amatly bolýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |